23.04.12
Gündeligimi günde ýazyp bilemok. Ýazyp bilemok. Bolýan zatlar kän, ýazsam ýalňyş boljak. Dogry düşünjek bolýan, kyn düşýär. Adamlar gaty geň. Öňem bilýärdim, emma, häzir gözlerim kör, gulaklarym ker ýaly. Göresim gelenok, ynanasym gelenok. Beýle diýsem uly bir tragediýa bardyr öýtmäň. Gowy habarlar, gowy ösüşler öňküsinden has köp. Körpe oguly (araplar magtymam diýýän eken) öýermegiň ugrunda. Alla ýazan bolsun, şeýle gowy gyz. Oglumdan has gowudyr diýäýesim gelýär welin, “deň etmän duş etmen” diýdirýärler. Oglumyňam ýüreginiň saplygy, sadalygy her zada degýär. Megerem, gowy, bagtly maşgala bolar. Öýde pionino bar, bir döwür gerek bolupdy, alypdym. Häzir boş dur. Mergene gyzlaryňa mugallym tut saz sapagyny alsynlar diýdim. Mergenem makullady “Iň bärkisi, ýuwan, dereksiz aýdym bilen Bethoweniň “Lunnaýa sonatasyny” tapawutlandyryp bilerler” diýdi. Gyzlar dutar çalsa kän halamok, dogrusy, ýöne pionino gelişýär. Kinonam Myrat Oraz “Özüm alaýyn. Soň seslendirenimde köp etseňiz bolýar” diýdi. Aslynda maňa-da kyn düşýärdi. Agyr iş, saglygymyň näçe çydajagy belli däldi. Ýöne o kino meniň oglanlygym, Myrat Oraz üçin bolsa oçerednoý kino. Şoňa biraz gynandym. Ol oňa meniň üçinem adaty ssenariýdir öýdýär. Näbilsin?! Şonuň üçin gynanmalam däl. Alla näme islese şony edýär, maňa düşeni doga etmek, elimden gelenimi gaýgyrmazlyk.
Şöhrat gaty erbet zat. Ol seniň kelläňe gelmejek zatlary etdirip bilýär. “Şükür bagşydaky” Mämmetýar hanyň: “Onuň elinden şöhraty alynýar ahyryn” diýýän ýeri hiç akylymdan gidenok. Oglanlygym geçdi gitdi, indi ony kino bilen yzyna getirjek bolmak – öz-özüňi aldamak bolýar. Myrat Oraza-da Alla kömek etsin. Birküç gün bäri işledik bile, erbet bolmaz inşaalla. Alla maňa “Has zerurrak işleriň bilen bol!” diýýän ýaly. Emma, men ejiz. Bir goşgujygym bardy şo ýadyma düşüp gitdi. Şonda “Güç ber guluň bolmaga...” diýip bir setir bardy.
Teswirler (4 sany)
Kino at capýan 17 ýaşlaryndaky oglanlar hakynda. Dostluk, wepalylyk, ata söýgi, birazajygam ilkinji söýgi çala görünýär. Biraz wagt geçsin, ssenarini dolulygyna sahypada goýmakçy. Häzir gelşiksizräk ýaly.
Birazajyk temadan daşrak welin. Şu atçylyk barada mydama bilesim gelen zat. Näme üçin türkmen at at diýip ýaşaýar welin, Aşgabatdan başga ýerde men-ä at görmedim. Indi-indi tüweleme her welaýatda aýlaw zat açyp ýene bir atçylyk ösýär. Şu atçylyga garşy ýörite bir zat edilipdirmi sowet döwründe bolmasa nädip beýle at az bolup bilýär? Ýa aslynda-da türkmeniň aty kän bolmadykmy?
At meselesi hakykatdanam biraz birhili. SSSR döwründe atlaryň ete berlen ýyllary boldy. Ata gyzygylan, edil futbola giden ýaly, belki ondanam köp gyzygylan wagty boldy. Aslynda, owal hojalyklarda at saklamak gadagandy. Soň rugsat berildi. Emma häzirem at saklamak, köpeltmek kyn. Sebäbi atdan girdeji ýok diýen ýaly. Şonuň üçin, biraz bu mesele geň ýagdaýda. Emma, atyň yşgyna düşen ondan aýrylyp bilenok. Bilmeýän üçinem atam bir, ýabam, eşegem diýen ýaly. Teswiriňi wagtynda okap, jogap berip bilmänim üçin bagyşla.Öň görmändirin.
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Bu kino barada biraz gürrüň berseňiz, näme barada? Ýada öň ýazan bolsaňyz men okamadyk bolup bilerin. Ýöne gündelikleriň içinde gabat gelmedim. Ogluňyzyň toýy gutly bolsun, agtyklaryňyzyň toýlaryny hem görmegi Allah nesip etsin.