26.04.12.
Gündeligi ýazmaýanyma 3 gün bolupdyr. Ýazýan zatlarym şol bir aýlawda aýlanyp duran ýaly. Gündelik diýsem gündelik däl, däl diýsemem, onda başga bu ýazýanlarymyň nämedigini bilemok. Özümi kitap okan ýaly okasym gelýär, okaýan wagtymam ýazsam okanlarymy diýýän. Emma eýgerdenok. Bir hili arada perde bar ýaly. Uzakdan aýlap düşnükli bolar ýaly edeýin diýsem uzak ýazgy boljak, gysgajyk ýazaýyn diýsem, ters manylar çykaýjak ýaly. Bolşy ýaly ýazsamam başymdan geçýän zatlar şahslar bilen baglanşykly, kim bilýär olaryň göwnüne degerin. Garaz, şu ýazgylarymdan özümiň-ä göwnüm suw içenok. Taşlaýyn diýsemem ýoluny tapamok. Okaýan, girýän adamlaryň sanyna seretsemem köp kişi gündeliklere girýär. Hekaýalar, esseler az adamy gyzyklandyrýar. Mollaň gündeligini ýekeje adam göçürip alan eken. Munuň sebäbine-de düşünemok. Bar, hekaýalar uzak eken, esselerem gündelik ýaly gysga. Ýa-da olar öň internetde, onda-munda çykansoň her kim okapdyr?
Ýari bolýar, başaranjamy ýazaýyn, esasan gep owadanlamagyň, “bäh” diýdirmegiň yşkyna düşüp ýalan zatlar bir ýazmaýyn. “Özi edebiýat bolar-da, içinde ýalan bolmazmy?” diýseňizem hakyňyz bar. Ýöne ýalanyň ýyndamlygy samanhana çenli bolýar, edebiýat welin, belki, adam döräpdir o-da bar, dowam edip gelýär. Ömri samanhana çenli bolan eserler, megerem, edebiýat däldir-de ýalan-ýaşryk, gep owadanlamadyr. Dile geldi bile geldi, gürrüň edebiýat barada gitdi. Şonuň üçin aýdaýyn, sizem dogry düşüniň. Düýn “Heserliň” gonoraryny aldym. Gowja pul berdiler. Garaşanymdan has kän. Begendim. Ýöne birdenem, diňe ýazyjylyk edip çaga eklejek bolsaň, daşyndan gazanjyň ýok bolsa, 3-4 aý iş bolan powestiň bir aýyň adaty aýlygynyň ýarysyna-da ýetmeýäni üçin gaty kyn boljak. Aýtjak bolýanym “Ýazyjy bolaryn-da köp pul alaryn” diýip pikir edýän bolsaňyz gaty ýalňyşýaňyz. Beýle hyýal bilen bir zatlar ýazjak bolmaň. Asla-da söz satyp çaga eklejek bolandan, sogan satyp ekläniň has gowy, has aňsat, has ygtybarly.Şeýle bolmalymy, bolmaly dälmi – ony bilmedim.
Bir tanyş oglan ümrä gidip-gelen eken, ýörite öýe gelip zemzem suwundan, arabyň hurmasyndan getirip gitdi. Oturdyk. Köp surat alypdyr. Gepiň arasynda-da “Käbä özi çagyrmasa gidip bolmaýar” diýdi. Gaty erbet boldum. Öňki ýyl gitjek bolupdym, hassalyk sebäpli gidip bilmedim, bu ýylam, entek gowy gutulşaýyn diýip galdym. Täze ýyl hyýalym bar, eger Käbe meni çagyrýan bolsa. Şu çakylyk üçin näme etmeli bolsa, etjek bolmalydygym aýan, ýöne edip bilermikäm? Gara nebsim bilen şeýtanyň oýunjagyna öwrülip, ýene çagyrlanlaryň arasyna goşulman galaýarmykam?
Teswirler (4 sany)
Hydyr aga, yhlas bilen ýazýaňyz diýp pikir etýän dowam ediberiň, siz ýazyň okamasak biz utanaly. Powest we hekaýalary hem. Ýazgy ýazmagyň özi aslynda maňa gyzykly görünýän tarapy, eger Allahy ýatlatjak we hakykaty ýatladyp durjak ýazgy ýazyp bilsedim. Ölenimden soňam menden miras galsady. Okalmana dowam etse, maňa sogap gazandyryp dursa. Gowulykda we erbetlikde, bir herketiň sebäpkerleri hem paýyny alýan ekenler. Meselem birileri gowulyk etse we munda siziň bir sözüňiz ýada ýazgyňyz ylham bolsa, sebäp bolsa şol gowy işden sizede sogap ýazylýan eken. Beýle bir hazyna hemmä nesip etmez elbetde. Aňsat ýetip bolmaz beýle hazyna. Allah islänine öz isledigiçe nesip etýär. Menem şondan nesibe almak üçin ýazyjy bolmak islärdim. Aýlygyň we gazanjyň pikirini hem edip durmazdym. Bolýada, iň bolmanda okap bir sogap gazanaly. Ýöne onam doly başaramyzok.
Alp Arslan dostum, pikiriňi çynym bilen makullaýan. Kolonna diýen ýaly zatlary açmagy oglanlardan haýyş ederin. Gündeligi temalara bagyşlamak pikiriňem haladym. Inşallah.
Haja gitmegim hakynda-da doga ediň,Alla hemmämize nesip etdirsin.
Döwlet dosum, ynsan her işden sogap gazanyň biler. Onuň derejelerem edýän işine bagly däl bolaýmasa. Megerem, ony Allaň özi kesgitleýär. Emma,ýazyjylyk, hakykatdanam özüne çekiji bir zat. Ýyl-ýyldan kyn düşýär, ýöne taşlap bolanok. Eger, seniň ýazýan-pozýan zatlaryň bar bolsa, Alla kömek etsin. Maňa-da iberip bilersiň, elimden gelen kömegi etjek bolaryn.
Aslynda, öň utanyp aýdyp bilmän ýördüm. Alp Arslan aýdypdyr, eger çyndanam agzalara da bir bölek ýer aýrylyp ýazgylaryny paýlaşsalar gowy bolar. Hem Jurnala meňzeş bir saýt bolar, Ekizleriň tejribesinden, tankytlaryndan peýdalanylyp, ýaş ýazyjylar üçin bir mekdep bolup biler. Bir ekol.
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Хакыкатдан хем гүнделик язмак, онда-да оны язан гүнүң чап этмек кын меселе. Шонуң үчин хетдими ашып бир маслахат бересим гелйәр. Гүнделиклерде шу гүне ченли гаты әхмиетли темаларың башы агырдылыпдыр. Йөне, ады «гүнделик» болансоң бирхили шол гүн геченден соң олар әхмиетини йитирен ялы гөрүнйәр. Иң азындан тайяр маглумата өвренишен шу гүнүмизиң несиллери үчин...
Шонуң үчин сайтда темалар ачылса, Сиз өз ойланмаларыңызы, пелсепелеринизи, эсерлериңизи язсаңыз ве темаларына гөрә улгамлашдырсаңыз, хер ким өз гызыкланян темасына гирип пейдаланмага хас оңайлы болмагы мүмкин. Арадан йыллар гечсе-де, сайта тәзе гирен адам белли бир тема барада аудиторияның пикир умманындан гайнап жошмаларың жемини бир ерде тапып билер.
Ене бир беллемек ислейән меселәм, экизлериң икисиниң хем маглуматларына бир сахыпаң усти билен етип болса говы болжак.
Мундан башга-да, гүнде тәзе эсерлер билен аудитория йүзленмек кын болса герек. Йөне, сайта гирйән адамлар гүнде тәзе эсерлер билен танышмак ислейәр. Хер гиренинде тәзе эсер тапмаса юваш-ювашдан узаклашяр. Шонуң үчин сизиң оңайлаян адамларыңыза өз атларындан язмага колонна берсеңиз хем ишиңиз еңләр хем окайжы көпелер диен пикирим бар.
Кәбе барада айтсам, Аллаху Теала Хезрети Ыбрайым алехиссалама «Эбу Кубейс депесине чыкда адамлары Хажа чагыр» дийип буюряр. Мениң сесим нирә етер дийип икиржиңленен Халылына Әлемлериң Рабби «Чагырмак сениң билен, етирмек мениң билен...» дийипдир. Мүминиң ниети амалындан хайырлыдыр. Эжем пахыр шол йыл ниетлиди Хажа гитмәге, хатда диллешипдик Какам гитмесе-де икимиз гидерис дийип, йөне ниетине 10 гүн галанда өмри вепа бермеди. Иншаллах онуң пәк рухуны магшарда Хажылар зүмресинде-де гөрерис. Аллахым Сизи дүнйе гөзи билен Кәбесинде мыхман алып ниетиңизе етирсин иншалла...
Шу гүнделик аркалы сөзлейән сөзлеримизиң хаклыгының мөхүмдигиче, диңлейәниң нәхили дүшүнжекдигини назара алмагың хем дең әхмиетлидигине ене бир гезек гөз етирдим.