03.05.12 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

03.05.12

Maý 03, 2012 | 0 teswir | 895 okalan

Biri kakasyndan razy boljak bolsa, şol razylaryň biri men. Kakam şu wagtam düýşüme köp girýär. Köplenjem içimde bir howsala, ünji bar wagty. Düýşümde maňa maslahat berýär (türk seriallaryndaky ýaly) diýsem ýalançy bolaryn, ýöne ýüregime birhili rahatlyk gelýär, birhili dünýä derdi ownap gidýär. Bahym menem kakamyň ýanyna bararyn, eger bardyrsalar diýip pikir edýän. Garaz, biraz masştablyrak pikir edýän.

Kakamyň özi ejeden ir galyp (megerem 7-8 ýaşlarynda) atamyň elinde ulalan adam. Atam ony ir öýeripdir (12 ýaşynda). Ejemem 12 ýaşynda eken ilki gelin bolup gelende. Kakaň bilen aşyk oýnardyk diýip gürrüň berýärdi. Kürtäm ýere deger durardy diýerdi. Soň gaýtarýarlar. Ejem gaýtarmalykda 16 ýaşlarynda dolanyp gelýär. Atam hudaýhon adam bolupdyr, ömrüniň soňky iki ýylyny namazlykdan turman geçiripdir. Kakam welin, şol ýyllarda türsükli welosiped sürüp, ýaryşlara gatnaşýar eken. Moskwada-da ýaryşa gatnaşypdyr öýdýän. Welosipedi gowy sürýär eken. Gymmat baýraklar (goşa nilli aw tüpeňi) alar eken. Diýjek bolýanym, ol kakasyna bagly ýaşamandyr. Gaçak-sapak edip öz düşünjesine görä ýaşapdyr. Umuman kakam oglanlykdan dogumly, näme etse garaşaýmaly diýilýänlerden bolupdyr. Okuwa-da gidipdir, Baýramala. Onam okaman gaçyp gaýdypdyr. Kakamda okuw okajak, ylym öwrenjek adamyň sypaty asla ýokdy. Ogullary welin, molla çagasy ýalydy diýsem-ä öte geçerin welin, özüne görä, has ýuwaş. Hasam, iň uly agamyz hemem Ylýas ikimiz şeýle. Bularyň haýsy dogry, haýsy gowy biler, düşüner ýaly däl. Kakam Hakdan öňürti halky has söýerdi. Halk üçin, garyp-pukara üçin elinden gelenini edip, ömrüniň manysyny adamlara ýagşylyk etmek, ejize hossar çykmak diýip düşünen bolsa gerek. Ömrüniň soňunda birsalym namazam okady. Elbetde, oglanlykda okandyr. Ýöne täret saklamak kyn bolýar diýip goýdy. Hakykatdanam, kakam ýaşynyň soňunda aýak ýoluna köp giderdi.

Edenliligi, işbitirenligi üçin belki, kakamyň ýetim ulalandygy, köp horluklar görendigi, il bilen deň ýatyp turandygy uly täsir edendir. Bizi welin, kakam iliň arasyna kowmady. Hatda oýnamaga-da duldegşir goňşyň gapysyndan daşa goýbermeýärdiler. Kakam bizi köpçüligiň hapasyndan goraýan eken. Hawa, hakykatdanam, biz köp zatdan daşda ulaldyk. Kakamyzyň her aýdanyny kanun hasapladyk. “Muny edip ýitirdiňmi, gazandyňmy?” diýseler, megerem, gazandym diýerin. Ýöne şahsy bähbidim, öz rahatlygym, öz dünýämiň abatlygy üçin gazandym. Iliň derdi,  iliň ýaşaýşy, durmuşy diýlen düşünje mende giç oýandy. Ýok, diňe özüni, özüniň rahatlygyny bilýän adam däldim, ýöne il horlanýandyr diýip, mätäçlik çekýändir diýip az pikir ederdim. Birden şeýle ýagdaýdaky adamy görsem, elimden gelen kömegimi gaýgyramokdym, ýöne elimden gelýän zat juda azdy. Şol azlygam maňa, öz-özüme “Otdan kül dogan” diýdirýärdi. Zähmet bilen terbiýelemek meselesinde, bizi kakam esasan kitap bilen terbiýelejek bolana meňzeýär. Obaň oglanlary kolhozda işleseler, biz şäher mekdebine gatnap, agamyzyň öýünde, şäherde ýaşap okadyk. Kanikulam oýnap, kitap okap geçirerdik. Kän oba oglanlaryny tanamazdyk. Gözümize olar gödek, edepsiz görnerdi. Sebäbi olar köplenç sögünip geplärdiler, ene-atalaram olara mydama  gygyrardylar. Hakykatdanam, biz (biz diýýänim Ylýas ikimiz) kän okumyşdyk. Orsçanam gowy bilýärdik, emma, ors oglanlardan dostlarymyz ýokdy. Biz ors dilini esasan kitabyň, kinolaryň üsti bilen öwrendik. Indi oturyp oýlanýan kakam bizi özüne meňzedesi gelipmi? Gelendir, ýöne munuň üçin şertler döredipdirmi? Megerem, ol bizi has ýokary derejedäki adamlar edip ýetişdirmek isländir. Mysal üçin, ýokary wezipeli hökümet işgäri edesi gelendir. Emma, munda-da okan kitaplaryňdan has köp durmuş praktikasy gerek. O-da bizde ýokdy. Akyl bar, bilim bar, düşünje bar, emma, tejribämiz ýokdy. Belki, obada birki ýyl öz kärimizden işlän bolsak, o-da bolardy. Emma, biz kagyz-galamy saýladyk. Kakam muny başda kän halamady. Ol bir halta towuk iými sorap gelýän “žurnalistleri”, “fotosuratçylary” kän tanaýardy. Şeýle-de bolsa, ýanyna çagyryp, munyňyz bolanok diýmedi. Näme üçin? Bilmedim. Diýäýen bolsa, belki, men diňlesem diňlärdim. Biziň instituty tamamlan ýylymyz (1974ý.) içerimizde düzgünler düýpgöter üýtgäpdi. Hawa, tas, ýadymdan çykan eken, zähmet terbiýesi. Kolhoza işe gitmesegem gapyda mellekde kartoşka, hyýar, pomidor, kelem ekerdik. Bazara äkidibem satardyk. 20-25 ýaşlarymyzda elimizden pil düşürmän mellekde işledik, kartoşka satyp 3-4 hojalygy eklejek pul gazandyk. Bir uly bergini üzdük, agamyz maşyn alyndy. Bir günde 1000 manat (aýlyk ortaça 125manat töweregidi) öýe gelen günlerem boldy. Zähmetde bişdik diýip bilerin. Durmuş mejbur etdi. Emma, hor-zar bolmadyk. Zähmediň nämedigini bildik, terbiýesinem aldyk.

Galany soň.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.