05.05.12
Gürrüňiň kyn ýerine geldik. Kakam bize din terbiýesini berdim? Hawa, biz nahardan soň hökman töwür galdyrardyk. Kulhuallany haçan öwrenenimi bilemok. Bu köp türkmen içersinde-de şeýledir. Emma ondan aňryk gitmedik. Kakam ýurdy hemişe orsuň sorajagyna, SSSR-iň ýykylmajak döwletdigine ynanýardy. Ýykylaýanda-da dine rugsat berjek, mesjit saldyrjak, müftüli boljak hökümet geler diýip asla pikir etmeýärdi. Biri şeýle bolar diýse-de ynanmazdy. Şonuň üçin, bu dünýede diňe zzyýany degjek, bolmanda peýdasy degmejek zady hemişe uly tama eden ogullaryna öwretjek bolup jan etmäni, elbetde, tebigy zat. Emma, kakamyň kyn güne düşen adamyň halyny öz haly ýaly duýup bilişini, hemişe-de kömek etjek bolup jan çekişini hudaýhon adamlarda-da (musulman musulmana dogandyr diýselerem) az gördüm. Bir pişigiň suwsuzlygyny gandyrany üçin ýaramaz häsiýetli aýaly ýalkan Alla kakamam ýalkandyr diýip umyt edýän. Kakam nebisjeň adam däldi. Şol häsiýet bizde-de bardy. Belki, üýtgeşik geýindirmänleri, üýtgeşik ýaşatmanlary, özleriniň adaty ýaşaýşa kaýyl, kanagatly ýaşanlary üçin bizde-de harsydünýälik oýaran däldir. Diýjek bolýanym, Alla iman etmek üçin esasy terbiýäni kakam bize beripdir. Esasanam ylyma, kitaba höwesi oýarypdyr. Bizi hemişe kitap okamaga iteklärdiler. Kakamam, agalarymam, ejem, gelnejelerim, aýal doganlarymam. Biz hudaýhon, molla çagasy bolup ulalmaga şertlerimiz taýýardy. Sähelçe elimizden tutan bolsalar... Emma, munuň üçin kakamy günäkärläp bilemok. Onuň ýaşlygy SSSR-iň döwründen başlaýar. Kakam 1909-njy ýylda doglan. Onsoň seniň aňryň işan, öwlat ýa-da şoňa meňzeş bolaýmasa, din ýada düşmändir. Emma, kakam ilden utanardy. Artykmaç ýaşamaga-da, hakyny iýmäge-de, adalatsyzlyk etmäge-de utanardy. Bu duýgyny kakama salan Alla. Şonuň üçinem Alla kakamy ýalkar diýip umyt edýän. Ejem namazyny sypdyrmazdy. Agzynam beklärdi. Kakam “Ýaramasaň agzyňy açaý” diýse-de etmezdi. Bizem diňe ejeler namaz okamalydyr öýderdik. Näme üçindir “Kakam bizden kimi etmek islän bolsa, biz şony etdik” diýesim gelýär. Kem-käs bärden gaýdan bolsak, şol okan kitaplarymyz, öýden az çykarlanymyz sebäpli bolandyr. Ertir gidip, agşam biz ýatamyzsoň öýe gelýän, kolhozdan başga zat gözüne görünmeýän kakam, birhili usulyny tapyp bizi terbiýeläpdir. Agalarym hakynda birzat diýip biljek däl, bizä şeýle terbiýelendik. Terbiýe bermek isleginiň bolandygam ol döwürler üçin uly zat. Sebäbi her kim işe gidýärdi, çagalaram okuwa. Diňe şonuň üçinem kakamdan, agalarymdan razydyryn. Men olaryň tamasyny ödäp bilmedim, bu başga mesele.
Köp zatlar ýazdym. Kakam bilen aramyzdaky durmuşymy düşündiresim geldi. Entegem köp zatlar aýdyp bilerdim, ýöne memuara, kakam hakyndaky ýatlama öwrülip barýar. Men terbiýe bermek meselesini gozgajak boldum. Bu meselede, kakam, ejem dagy bilen gatnaşyklarymyz barada soraglar dörese, ýazyň, başardygymdan jogap berjek bolaýyn.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.