11.05.12
Gurban Berdi orsuň çempiony boldy. Boljagam bellidi. Sebäbi çyn yhlas boş howa gitmeýär. Adam yhlasy aýagynyň aşagyna düşelen daşlar ýaly, oňa özboluşly ýol bolýar. Nirä ýeten bolsam, yhlasym bilen ýetdim. Ýetip bilmediklerimiň köpüsine-de yhlasymyň azlygy sebäp boldy. Emma, käbir zatlar bar yhlas edip bolanok. Etjegem bolýaň, töweregiňdäkilerem gollaýar, seniň welin aňryň çekenok. Bir döwürler, 1974-75-nji ýyllar men komsomolda işledim. 3-4 aý tehnikumda komsomolyň sekretary boldum. Çydamadym. Many görmedim. Bar aladalary wznos ýygnamak (2 köpükden) soňam keýpi-sapa, geljekde-de haz uly wezipelere ýetmek (sekr. SK). Kakam, agalarym, özümem şol uly wezipä höwes etdim, ýagny, ýetesim geldi. Ýöne men ol işleriň nähili işdigini bilmeýärdim. Ol işleriň diňe daş gabygyny görýän ekenim. Girişip başlan günümden boş howa gidýän işlerimden ýadadym, soňam taşladym. Belki, hakykatda beýle-de däldir. Uly wezipelerdäki adamlar uly işleri bitirip bilýär, ýöne o wagt syýasat başgady. Başdan aýaga ýalanyň üstündedi. Her kimem muňa ökdeläpdi. Diňe iki ýeke meň ýalylar ýalan-çyn diýen ýaly, komsomol öz döwrüni geçirdi diýen ýaly pikirler edýärdi. Hany, onsoň, döwrüni ýitiren zada nädip yhlas etjek, etjegem bolsaň bolanok. Arassa zada hapa ýokuşdyryp bolýar diýýärler, emma, arassaňam kabul etmezlik häsiýeti bar eken. Diňe muňa bir azajyk üns beräýmeli eken. Käbir adamlaryň eline pil berseň, nätjegini bilmän durşy ýaly, ýalan sözläp çörek iý diýseň käbir adamlaram aç öläýjek eken, belki, ölmese-de hor-homsy ýaşajak eken. Allaň goramasy şumuka? Bilmedim. Käbir başyma düşen kynçylyklary, ýitiren zatlarymy ýatlaýan-da “Alla gorapdyr” diýýän. Sähel dowam edip giden bolsa, kim bilýär nirelerden çykardym. Gündelik ýazmasaň ýazman bilersiň, az ýasaňam belki, bolar, ýöne, gündelik özüň hakynda, zandyň, eliňden gelýän-gelmeýän, başarjak-başarmajak işleriň barada pikirlenmeli eken. Has beterem gowy adamlar. Erbetligiň saňa azar bolýan wagty, päliňden gaýtmaly, wyždanyň kabul edýän işini etmelidigine düşünmeli. Gaty bir kyndyram öýtmäň, şofýora uzak gün maşyndan düşme diýseň, düşmän işlär ýörer, at seýisleýän oglan at münmekden bizar bolmaýar. Arassa adamam arassa ýaşamakdan hopugmaýar. Kyn bolup biler, biraz ýetde-gütdeligem bolmagy mümkin, emma, edýäniňe hopugmarsyň. Azlyk-köplük, bolluk-ýetmezçilik diýilýän zadam gaty otnositel bir zat. Sen geregiňden artygyny isleme – bolany. Hatda şu ýaşaýşyňam gereginden artygrak ýaly hasapla. Ebu Bekiriňki ýaly yzyňda aýlygyňdan artdyran pullaryňy atýan küýzäň bolsun. Dört Çaryýarlaryň ulusy ony dünýeden ötenimden soň döwletiň hasabyna geçiriň diýipdir. Alla bize gaýrat beripdir, wyždan beripdir, ýigrenç, gahar-gazap beripdir bularyň hemmesi haýwan ählinden bolup ýaşaýanlara geregem däl. Saňa gerek bolsa, diýmek, ulanmalydyr. Ulansaň iş bitirýändir. Ýogsa, haýwan bolarsyň.
Alla hasap sorajak bolsa, diýmek, biz günäkärdiris. Iň uly günämizem Allaň beren ynsan häsiýetlerini ulanmaýanlygymyzdyr. Altmyşa ýetip akyl satýa diýmäň, men bu zatlary diňe özüm üçin ýazdym. Diňe haýwan bolmak däl, adam bolmagam gaty bir başartmajak zat däldigini özüme aýdasym geldi. Siziň kelläňizi agyrdan bolsam, aýyplaşmaň.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.