17.05.12 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

17.05.12

Maý 17, 2012 | 0 teswir | 1005 okalan

Bäh, günleň çalt geçäýşiini. Ömür welin haýal ýöreýän ýaly. Tutuş dünýe ömrem şeýle geçýändir. Näme üçindir men ýigitligimi bilemok diýen ýaly, garrylygam entek doly, elime hasa alyp, bir gyrasyndan girip göremok. Mydam oglanlygymda ýaly. Şol 17-18 ýaş menden gidenok. Birdenem, o ýaşyň gidenini duýýän-da ýalňyz galýan. Hamala, şu ömürde ýekeje dostumam, wepadarymam şol ýaly. Alla duýgusy, Onuň bardygyny, Oňa barýandygyňy, hemme zadyň Onuň elindedigini duýmak ýüregiňi şeýle bir giňeldýär. Düýn kinoçular çagyrdy. Aýlawda sýomka etdiler. Özümi olaryň arsynda ýok ýaly, hamala, men bir wagt ölüp, indem adamlaryň hysyrdylaryna, derde galmalaryna ýokardanmy, gapdaldanmy seredip duran ýaly. Hemme zat öz akymyna akyp barýar. Senem gyrada. Oglanlygymy kino düşürýäler. Ogalanjyklara gözüm gidýär. Aýlaw... atlar... Hemme zat şol oglanlygymdaky ýaly. Ýöne indi atlary aýlawda sagadyň diline görä işledýärler, seýisleýärler. Öň tersinedi. Indi çarşenbe güni daruw edýärler. Öň anna günüdi. Athanalaryň daşy suwalypdyr. Owadanlaşypdyr. Ýaşuly seýisler ýok. Men oglankam belki ýaňy ýörjen bolanlar indi seýis bolupdyrlar. Geň. Menem bu zatlary gyradan synlap durun. Ne goşulyp bilýen, ne-de aýrylyp gidip. Ýöne uzak gün ýadawlyk duýdum. Gijede oýanyp, aýlaw ýadyma düşüp, sýomkalaryny göz öňüme getirip ýatyp bilmedim. Häzirem kelläme taýak degen ýaly. Gaýdyp altmyşa dolanyp gelýänçäň eslije gün gerek bolar, eslije ýolam bar, uçup geçiläýjek ýaly welin, geçip bolanok. Ýuwaş-ýuwaşdan şu günlere dolanmaly.

Umuman kino erbet bolmajak ýaly. Ugry başga, edilşi başga, ýöne “Bu näm-aý?” diýdirjege meňzänok. Birhili süýjiň owadan daşy görkeziljek bolunýan ýaly, meň welin, içini göresim gelýär. Içem bardyr. Her bir zat seredişiňe görä görünýär. Elbetde, meň o kino gussaly seretjegim, gussaly görjegim belli. Her bir bolşuňy, hereketiňi, işiňi Allaň razylygy bilen ölçemeli, derňemeli. Ýöne kinony şeýdip derňejek bolýan başaramok. Has möhüm işler barka, bärkije iş bilen meşgullanýan ýaly, elimi salgap deňindenem geçip bilemok. Niýetim gowy, birinji basgançak diýip özümi köşeşdirýän. Garaz, Alla ýalkanlarynyň arasyna goşsun. Özüm-ä ak bilen garanam saýlap bilemok. Isle bu boýun alma bigaýratlyk diý, isle tersine.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.