30.01.12.
Hakyky mü’min özüni hiç kim hasaplamaly. Ýasama däl, wagtlaýyn däl, ýeri gelende däl – elmydam, çyn ýürekden hiç kim hasaplamaly.
Bir döwürler teatrda edebi bölümiň müdüri bolup işledim. Teatrda sahnalaşdyrylýan eserleri, pýesalary okaýardym. Şolara jogapkärdim. Bir gün täze goýlan spektaklyň ara alyp maslahatlaşmasy boldy. Maňa-da gezek berdiler. Men: “Teatr ugrundan okuw gutaran adam däl, size bellik edere, sizi tankytlara ýagdaýym ýok. Ýöne “şeýle bolaýsa näder?” diýen ýaly maslahatlarym bar diýip gürläp başladym. Garaz ýygnak gutardy, soň teatryň direktory meni ýanyna çagyryp, hiç wagt meň bilýän zadym ýok diýen manyda sözi agzyňdan sypdyrmagyn. Beýle etseň adamlar, artistler seni sylamaz” diýen manyda maslahatlar berdi. “Bolýa” diýsemem, içimden razy bolmadym. Sebäbi men muny ilýüzüne, artistleriň arasynda kiçigöwünli görünjek bolup diýmändim. Dogrymy, pikir edişimi aýtdym. Olaryň arasynda hormatlanýan biri boljak bolmak pikirini etmeý ärdim. Emma, özüňi görkezip bilmek, forma görkezmegi başarmak diýen bir zadam bar. Adamlar seni eşigiňe görä garşylaýarlar. Ýöne, bir zady aýdyp biljek, teatryň iň ýaşuly artisti, hakyky artist Hajy Annamämmedow soň başga bir spektaklyň ara alynyp maslahaty edilende ýanyma gelip, “Sen bir zat aýtsana, meniň oýnaýşym hakynda seň pikiriňi bilesim gelýär” diýeni ýadymdan çykanok. Şol wagtky ýaş oglan üçin bu uly abraýdy. Hajy agaň bu sözi hiç ýadymdan çykanok. Diýmek kiçigöwünli bolanyň üçin hiç zat ýitirmeýän ekeniň. Emma käte özüňi diňletmek üçin derejäňi saklamaly bolýar. “Men muny gowy bilýänem” diýmeli bolýar. Bilmedim, megerem şunam diýmeli däldir. Pikiriňi aýdyp bolar. Pikiriňde berk durubam bolar, emma muny kiçigöwünlilik bilenem etse bolýan bolmaly. Ýöne käte haýbatyň, haýbatly görünmegiň, “derejäňi saklamagyň” bitirýän işini dil bilenem, akylyň bilenem, kiçigöwünliligiň bilenem bitiriň bolmaýar diýen ynanjym bar. Bu ynanjymyň dogrudygyna welin, subutnamam ýok. Sebäbi men hakyky, çyn ýürekden kiçigöwünli bolmagy doly başaryp bilemok. Hasam, “sen-sen” etseler, pylan aga diýseler, kiçigöwünlisirän bolan bolýaň. Käte bu ýasamalygyňy özüňem duýaňok. Gurbannazar “Dagy görüp kiçiligme agladym” diýýär. Allanyň beýikligini görüp bilmesek, dagy bolmanda dagyň beýikligini bir görüp bilsedik, belki, ýasamalyk ýele ýanymdanam geçmezdi. Artistlige, ýasamalyga, haýbatlylyga, “derejäňi saklmaklyga” gark bolup barýanyň samana ýapyşyşy ýaly ýapyşan. Şeýtanyň alyna gidip, onuň oýunjagyna “artistine” öwrülýän...
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.