19.05.12.
Şu günler özümi ýeňil duýýan. Eden işim önüp barýan, haýyrly ýaly, Allaha şükür. Nähilem bolsa, azajygam bolsa, ruhuňda ösüş düýmak bedeniňe-de känbir erbet täsir etmeýän ýaly. Ýöne bedeniňi ösdürjek bolup, ruhyň äsgermezçilik ediberseň, örtenmegiň mümkin. Birhili gapma-garşylyk, hatda paradoks diýseňem bolýar – ruhuň razylygy, kanagatlanmagy bedeniňe-de rahatlyk berýär. Oraza tutan wagtyň bedeniň horlanýar diýýäler welin, sen hezil edip, ruhuň bilen duýup agyz beklemeýäniňden bolaýmasa. Geçen ýyl oraza tutup bilmedim, bu ýylam nätjegimi bilemok. All kuwwat bersin-dä. Meniň ýagdaýymda kesel ara düşýär. Belki, bu beden bilen ruhuň aragatnaşygynyň bozulmagydyr? Bilmedim. Emma, bekläsim gelýär. Doga ediň! Ikinji gün (sişenbe) Rejep aýynyň 1-i diýidiler, synanyşsam eýgertmezmikä? Täze ýyl, nesip bolsa, umre niýetim bar. Şonuň üçin, biraz özümi (bedenimi) aýasym, ruhumy ösdüresim gelýär. Şol mukaddes ýerlere Stambula ýa-da Moskwa gidip gelen ýaly, gidip-gelmekden gorkýan. Bolmanda, utanyp bir gitsem...
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.