20.05.12 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

20.05.12

Maý 20,05. 2012 | 2 teswir | 907 okalan

Öten agşam ýaş oglanlar bilen oturdyk. Öz ýaşlygymyz bilen deňeşdirenimi duýman galdym. Ýok, biz üýtgeşik däldik. Ylymymyz bu oglanlaryňkydan pesdi. Bularyň gören ýurtlaram kän, gözýetimlerem giň. Biz SSSRi-iň kommunistik ideologiýasynyň çäginde daşy gabalyp saklanan düşünjelerimiz, pikirlerimiz bilen ulalypdyk. Tarkowskiý, Dostoýewskiý, Tolstoý, Kobo Abe ýaly iki-ýeke ýazyjylar bolaýmasa, galany Şukşin, Astafýew, Rasputin, Bondarçuk derejesinde dünýämiz bardy. Ruh älemi, ahyret, o dünýe düşünjelerini biz ümür-dumanyň aňyrsynda görmeýärdik. Bir zatlar görkezmeýändiklerini, bizden ýygşyrýandyklaryny duýýardyk, ýöne ol Alladyr diýip pikir etmändiris.

Ýöne bu oglanlardan ýygşyrylýan zat ýogam bolsa, olaryň ruhy dünýäsiniň köp bölegini gazanç, jaý, maşyn, gelin, esasanam pul tutýan ýaly göründi. Elbetde, bu olaryň arasyndaky täze öýlenenlere degişli. Emma, olardaky bu düşünjäniňem wagtlaýyndygy bildirýär. Megerem, köpüsi sähelçe ýyldan, 30 ýaşa ýetip-ýetmän durmuşyň, diriligiň manysy barada gaýtadan pikir edip başlarlar.

Biz ýaşkak puluň pikirini etmeýärdik. Ýa-da beýle pikir etmeýän diňe Ylýas ikimizmidik? Bilmedim. Sungat, döredijilik biziň dünýämiziň tas 90%-ini tutýardy. Soň wezipe, soň aýlyk, soň iýmek-içmek, soň egin-eşik gelýärdi. Öýlenenimizden soňam bu yzygiderlilik kän pozulmady. Soň birden 40 ýaşa ýetdim. Näme üçindir öňküm ýaly berk ýapyşyp bilmedim, indi-hä kän bir ýapyşasyňam gelip baranok. Dünýä myhmançylyga gelen ýaly. Beýleki adamlar meni myhman alýan ýaly. “Olar näme üçin beýle?” diýip bir geň galýan. “Özüm näme üçin beýle?” diýip ýene geň galýan. “Entek güýjüm bar, Alla 70 ýaşa ýetirse-de ýene 10 bar. 10 ýyllap myhman ýaly bolup ýörjekmi?” diýýän. 10 ýyllaryň juda çalt geçýäninem bilýän. Adam juda gysga ömür ýaşaýar. Onuň 20 ýylynam “Entek ulalaýyn” diýip geçirýär. Ýene 20 ýylynam “Ulaldymmykam-aý?” diýip geçirýär. Görse, 40 ýetip gelýär. “40-dan soňam pyrk” diýýär. Soňam meň ýaly nalap başlaýar. Soňam ökünç geläýmese. Gurbannazar bolsa 35 ýaşynda elinden gelenini edip gitdi. Eliňden gelýäni edip bilmezlik gaty agyr ýük. Başda eliňden näme gelýänini bilip bileňok, bileňsoňam...

Näme-de bolsa, ýaş oglaň arasynda biraz göwnüm açyldy. Gowja oglanlar garrylyga dözer ýaly däl. Ýüzleri nurly, pikirleri dury, islegleri päk. Alla olara uzak ömür bersin, maksatlaryna ýetirsin.

Teswirler (2 sany)

Ýusup:
26 Maý, 2012

Salawmaleýkim Hydyr aga!

Siz dogry belläp geçdiňiz. Dogrudanam, häzirki döwrüň ýaşlary üçin mümkinçilikler kän. Ýöne gynansagam, bu mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp bilýän ýaşlar welin az. Näme üçin beýledigini bolsa bularyň özleri biläýmese, men-ä bilmedim. Häzirki döwrüň ýaşlary nämüçindir edebiýat, çeper eser bilen gyzyklananoklar. Meselem, Hydyr aga, siziň döwrüňizde edebiýat gülläp ösüpdir diýýärler. Muňa şol döwrüň ýaşlarynyň ägirt goşantlarynyň bardygy belli. Emma häzirki döwrüň ýaşlarynyň arasynda çeper eser okamaýanlaryň azlygy üçin, olaryň käbiriniň dürs ýazuwynyň düzgünlerini düzüwli ulanyp bilmeýänleri hem ýok däl.

Begmyrat :
01 Iýul, 2012

Yusup dogry bellapsing welin hazirki dowurde okar yaly ceper eser yog-a!

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.