24.05.12
4-5 aý owal ýazyp goýan ssenarimi okap gördüm. Oturyp işlemeli. Ýöne elim baranok. Höweslendirýän hiç zat ýok. Haçan kabul ediljek? Kim ondan kino etjek? Hakyky isleýşiň ýaly ýazyp bolanok. “Näme ýazýaň? Okaşaly-la” diýýänem ýok. Ýekeje zada bil baglamaly, o-da “Wagty geler, gerek bolar. Şonda-da ýazypdyr, Alla ýalkasyn” diýmekleri mümkin. Emma bu “asmandaky durna” meňzeýär. Wagt gelýänçä geçip gitmegem mümkin. O ýyllarda has güýçli ssenariler ýazylar. Döwür üýtgär, talap üýtgär. Hakyna seredeňde welin, ýazmaly, ýazanyňam eliňe alyp, gapy-gapy aýlanmaly. Bar işiňi şol etmeli. Meniň isleýänim bolsa, “Ýazdyňmy agam?” diýip, režissýorlaryň gelip ýazanyňy alyp gitmegi. Beýle bolmandyr, bolmazam. Her bir haýyrly işiň öňünde böwet bolýar. Men şol böwetden basylýan. Günümiň bolmanda ýarysyny ýazmaga aýyrmaly welin, gysganýan. Garaz, bahana köp. Bolmanda “Heserliň” aladasyny bir etmeli. Kim režissýory bolsa, şol bolsun.
Pikirim dagaýar. Birhili, ýerimden turýan-da näme üçin turanymy bilemok. Öten agşam Magtymgulyň “Dünýe diýip ýüwirsen, başyňda müň gam bardyr / Doýmaz gözüň dolmaga bir goşawuç gum bardyr” diýen setirleri hiç akylymdan gitmedi. Dünýeden ötenleri, häzir gezip ýörenleri bir-bir ýatladym. Hemmesem Magtymgulyň setirleriniň içinde. Bir Gurbannazar, Tokar daşynda galdy. Özüm näme? Häzir-ä dünýäň gymmaty meň üçin bir goşawuç gumça ýok. Mergen jaýyny gowlady. Döwlet täzesini başlady. Maňa welin düýş ýaly täsir edýär. Geň görünmejek bolup begenenlerden bolýan. Begenýänem, ýöne 30-35 ýaşlarymdaky akylym bolan bolsa, has gaty begenerdim. Ussalaram turup salam berýäler. Içlerinden “Tutuk ýaşul-aý” diýýändirler diýip pikir edýän. Ýanlarynda oturyp, ondan-mundan gürleşesim gelýär. Emma onam edemok. Ýüregimem gysanok. Närza zadymam ýok. Keýpimem erbet däl. Ýöne, ýadawlykmy, höwessizlikmi – bir zada daşymy alan ýaly. Hudaýa şükür gündelik bahanasy bilen azajygam bolsa özümi kesesinden synlaýan, peýdasy deger inşaalla. Bir zady anyk bilýän özüňi näçe ýaşlydyryn diýseň, şol ýaşa gelýäň. Hemme zat seredişiňe bagly. Ruh şeýle. Bedenem ruhuň yzyny näçe eýgerip bilse şonça eýgerer, onuň kän bir ähmiýetem ýok. Meniň üçin esasy zat ruhumyň 35 ýaşa gelmegi. Indi at çapmak aladam ýok. Arada at münmäge gitjekdim, o-da başa barmady. Birazajyk hekgermesem-ä boljak däl.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.