29.05.12; 02.06.12
Bir azajyk janlandym. Ssenariň (Heserli) Minkulturada ýitdi diýilýän protokolyny tapdyk. Şu gün prtokoly bilen iki ekz. Edip ssenarini kinostudiýa äkitdim. Häzirki döwür, oba durmuşy, gullukdan gelen oglanyň söýgüsi, öýlenişi diýen ýaly zatlary ýaz-da getir, derrew tizleşdireli diýýärler. Talap şeýlemiş. Menem “Heserliň” gowy kino bolup biljegini, olaryň isleýän zadynyň wagtlaýyn zatdygyny düşündirjek bolýan. Olar muňa mendenem gowy düşünýärler. Getiriber, arasynda “Heserlinem” bereris diýýärler. Garaz bolýalaşyp, “Heserlini” goýup gaýtdym. Indi Ylýas bilen islenýän ssenarini ýazmaly. Onam öz isleýşiňe ýakyn edip ýazyp bolar. Oba oglany, onuň düşünjesi, söýgä, öýlenmäge garaýşyny... garaz, ýazyp başarsaň ýazara zat kän. Ýöne şu söýgi temasyndan ýadamaýyşlaryna men haýran. Hamala, dünýe gyz-oglan söýgüsinde jemlenen ýaly, dünýäň ähli manysy şonda ýaly. Atlar hakyndaky ssenarimiziem Myrat Oraz alyp ýör. Asly bolansoň, erbet bolmaz diýen umyt bar. Ýarragyny alandyr. Ýene 1-2 aýdan gutarar. Gutaransoň bizi çagyryp görkezer, “Nähili?” diýer. Senem boljak iş bolansoň, indi düzedip bolmajak zady bialaç öwmeli bolarsyň. Häzir çagyryp sorasy gelenok, pikirimi garjadyrarlar diýip pikir edýär. Ýogsa, pikiriniň şeýle-de garyşykdygyndan habary ýok ýa-da hasam bulaşaryn öýdýär. Garaz, döredijilik diýen işiň başyna baran özüň bolma. Niçigem bolsa, köpüň erbet görmejek filmini eder diýip ynanýan. Dünýä festiwalyna gatnaşjak derdimiz şeýle-de ýok. Ssenariň özem ortarak zat. Häzirlikçe şular. Ýagşy dilegde boluň. Sizňem işleriňizi Alla ugruna etsin. Elbetde, Allaň halajak işleri ugruna bolsun.
02.06.12
Gündelikleri ýazmaýanymyz üçin biraz igenç eşitdik. Ylýasam “Diňe gündelikleri okaýaňyz. Beýleki goýýan zatlarymyzy okaňyzok” diýdi. Okamak-ýazmak-okamak – bu bir zynjyr. Biri birini döredýär. Biri üzülse gutarýar. Sen kim bolsaň bolaý. Edil mamontlaryň ýitip gidişi ýaly, ýazyjysy ýitip gidýär. Häzir Hajy Ysmaýylow, Amandurdy Alamyşow we ýene-de birnäçe ýazyjylary okan adamlar azalyp barýandyr. Çary Aşyr, Aman Kekil, Ata Gowşut, Beki Seýtek, Hydyr Derýa we ýene-de ençeme ýazyjylaryň okyjylary häzir birneme baram bolsa, olaryňam ýitip gitjegi bildirýän ýaly. Belki, göwnümedir. Ýitmeýän zat barmy? Belen daglar belentligiňe buýsanma diýýär Magtymguly. Ine, ýitmejek dag. Gurbannazaram şeýle. Arada oglaň biri “Magtymguly barada ssenariý ýazjak boldum” diýdi. Menem “Entek Gurbannazar hakynda ýazyp bilsegem bolýar” diýdim. Olam “Gurbannazar hakynda ýazmak Magtymguly barada ýazandan kyn” diýdi. Soňam sözüni esaslandyrjak bolýan ýaly “Gurbannazar Magtymgulydanam çylşyrymly” diýdi. Elbetde, gürrüňiň soňy genileri deňeşdirmeli däldiginde, Gurbannazar bilen Magtymgulyny deňeşdirmegiňem ýalňyşdygynda jemlendi. Şeýdip boş gürrüň etdik. Soňa-baka bu gürrüňlerden ýadap başladym. Akyllylyk bilen gürrüň etdik. Mysallar getirdik. Ýazyjy halkynda, ilki bilen özümde “menlik” gaty ösen bolýar-da. Näme üçindir ýazyjylygyň birinji şerti hökmünde beýlekilere göwniýetmezçilik etmek düşünjesi ganymyza ornap giden ýaly. “Menden başga şu ýazýan zatlarymy ýazyp biljek ýok, menden gowy ýazjagam ýok” diýmelimiş. Zähmet, talant, Allaň bermegi, näme ýazmalydygy, ýazýan zadyň üçin jogap berjekdigiň hakynda pikir edýänem ýok ýaly. Ilki bilen orginallygy, hiç kime meňzemezligi gözleýäris. Emma, Adam atadan bäri rowaýatdyr, ertekilerden başlap, hekaýalar, esseler, romanlar, dessanlar... san-sajaksyz zatlar ýazylypdyr. Magtymgulyda Ýunus Emräni, Gurbannazarda Lermontowy, Puşkini hatda Tarkowskiň kinolarynda-da Kur’any, Injili, Magtymgulyny görüp bolýar. Biz bolsak ýok orginallygyň gözleginde. Aslynda, belki, hiç zadyň gözleginde-de däldiris. Mümkin, şöhraty, beýikligi, gonarary gözleýändiris. “Edebiýatymyz pese gaçdy. Edebiýatymyzy gömdüler. Diňe biz galdyk, sanaýmaly adam. Bizden soňam gelýän görnenok. Biz ýazmaly...” ine, gürrüňler. Muňa garşy gidäýseňem sen ulumsy bolýaň. Şeýdip, ýadap öýe geldim. Öýde-de tok bolmady, hiç zat edip bilmedim. Diňe kino baradaky kitaby okadym. Zahmet çeken adamlaryň kitabam, aýdýan zadam başga. Olar näme ýazmalydygyny bilýärler. Orginallygyň nämedigine-de düşünýärler. Pul gerek bolsa nähili kino almalydygynam bilýärler. Ýöne esasy zat zähmet. Bir aýda ýazyljak 40-50 sahypalyk ssenariý üçin 1-1,5 ýyl taýýarlanmaly diýýär. Ýazýan ssenariň dünýäsiniň “hudaýy” bolmaly diýýär. Seniň şol dünýäňde bir guşjagaz şahadan-şaha gonsa-da sen bilmeli. Hatda wakaň haýsy aýda, haýsy günde, haýsy kşçede bolup geçýändigine çenli bilmeli diýýär. Biz bolsak, Magtymguly hakynda ssenariý ýazjak. Garaz şeýleräk.
Gündeligi indi ýygjamrak ýazjak bolaryn. Belki, biraz, seresaplygymy ýitirsem, bilmän gaty gitsem giderin, şu günkim ýaly, aýyplaşmaň. Özümi aklamak üçin diňe “niýetimiň gowudygyny” aýdyp bilerin.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.