04.06.12 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

04.06.12

Iýun 04, 2012 | 1 teswir | 882 okalan

Döredijilikde esasan iki ýagdaý bolýar: biri ylham, ikinjisi tabşyryk. Ylham – düşnüklidir. Ýazasyň gelýär, joşýaň, pikiriň hemişe şonuň bilen meşgul bolýar, garaz, biygtyýar diýen ýaly ýazylýar. Bu ýagdaýyň döremegi üçin döredijilik adamy garaşyp gezýär. Köplenç öňki ýazylan eserleri okaýar, suratkeş bolsa görýär. Ýuwaşlyk bilen özüni şol hala salmaga çalyşýar. Käbirleri her gün ylham gelse-gelmese bir zatlar etmäge çalyşýar hem bu özüňi kösemegiň netijesinde birden ylham gelýär. Bu ýagdaý esasan ýaňy ýazmaga başlan ýyllaryňda güýçli bolup, soň-soňlar könelişýär, azalýar. Adamda boşan ýaly duýgy döreýär. Käte ylhamyň ýüzüne urulýar, mysal üçin, eseriň çap edilmeýär, tankytlanýar, düşünilmeýär, kabul edilmeýär. Ýöne ýaş wagtyň bu ýagdaýdan nalamak, beýle ýagdaý ýogam bolsa, köp kişä mahsus bolýar. Şol döwürde tabşyryga (zakaza) görä işlemegi haltura, käriňe biwepalyk hasaplaýaň. Muny edýänleri halaňok ýa-da olara “geçirimlilik” edýäň. Men bu ýaşdan geçenim üçin tabşyryga işlemek meselesine geçesim gelýär.

Tabşyryga işlemek, mysal üçin, öňler Lenine bagyşlap, rewolýusiýa bagyşlap ýazardylar. Islendik şahyryň (Gurbannazaryňam) kitabynyň başynda şeýle goşgulardan, eserlerden biki sanysy bolýardy. Ýöne, elbetde, Gurbannazaryň “Rewolýusiýasy” has gowy bolup çykýardy. Emma, şonda-da beýle eserlere köplenç göz ýumup geçýärdiler. Häzir nähili? Umumy döredijilik äleminde, beýlekileriň ýagdaýyny bilemok, dogrusy, bilesimem gelip baranok. Ýöne öz ýagdaýym barada aýtsam, tabşyryga görä ýazmagyň başga bir gowy tarapam bar eken. Mysal üçin, sen ylhamyňa görä ýazan wagtyň tema saýlamak üçin kelle döwmeýäň, seniň esasy meseläň özüňde döredijilik ylhamyny oýarmak bolýar. Emma, ylham “tabşyryk” bolmasa, bulam-bujar bolýar. Sen haýsydyr bir temany saýlap şol barada sistemalaýyn pikir etmeýärsiň. Şonuň üçin, ýaş wagtyň tema dürlügi bolsa-da, tema çuňlugy ýalpak bolýar. Sende hemme taraplaýyn seretmek ýok diýen ýaly. Emma, “tabşyryk” (elbetde, bu haýsydyr bir redaksiýanyň mysal üçin aýallar gününe bagyşlap bir zatlar ýazyp getir diýen tabşyrygy däl) seni oýlandyrýar. Sen ylhamdan beter şol tema barada köp pikir edýäň. Şonuň üçin, bu ýerde “tabşyrygyň” nireden gelýändigine üns bermeli bolýar. Diňe redaksiýa däl, şöhratyň, gonararyň, zerurlygyň, köpçüligiň isleginiň, seni derde goýýan meseleleriň we şuňa meňzeş birgiden zatlaryň tabşyrygy sende döräp bilýär. Diýmek, seniň “tabşyrygyň” nähili bolsa, eseriňem şol kesgitleýär. Belki, seniň nähili döreidijilik adamydygyňam şol kesgitleýändir.

Indi pikir edýän welin, bu ýagdaý diňe döredijilik adamlaryna mahsus ýagdaýmyka? Biz ýaş, ýetginjek wagtymyz birhili “ylhama” görä ýaşaýarys. Soň garradygymyzça ýaşaýşymyz içimizdäki “tabşyryga” görä bolup barýana meňzeýär.

Teswirler (1 sany)

Dowlet:
04 Iýun, 2012

Bir pikir adamynyň aýdan sözlerine parallel pikirler. Her bir adamyň, her bir medeniýetiň, her bir jemgyýetiň 3 etapy bardyr. Ilkinjisi, yşk,ynam ýagny ylham bilen hereket edilýän döwrü. Kän tejribe ýok, ylham bilen joşup ýazylar, gürlär, ýöne näme diýýänini özü hem doly düşinmän biler. Ikinjisi sabyr döwrü. Bu döwürde belki ýazylýan ýazgylar kän halanmaz, köp böwetler çykar. Kabul edilmez, synag ediler, özünden we ylhamlaryndan şübhelenip başlar. Üçinji etap durnuklylyk döwrü. Bu döwürde eýýäm diňe ylham bilen gelen pikirler däl, islendik bir mowzukda pikir ýöretmek ukyby we tejribesi bolar. Ruhy taýdanam, akyl we aň düşinje taýdanam kämil derejä ýetilen döwürdir. Her bir beýik şahsyýetiň durmuşyna seredenimizde şu etaplary görmek mümkindir. Ilki üns bermezler, soň garşy çykarlar, soňynda kabul ederler. Şuňa meňzeş ýazyjylyk tejribeleriňizi paýlaşyp duryň Hydyr aga.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.