08.06.12
Ýalňyşýan bolmagymam mümkin, ýöne türkmende başga milletlerde (esasanam Ýewropa milletlerinde) bolmaýan, bolaýsa-da geň görülýän bir häsiýet bar. Türkmen oturan ýerinden her kime baha kesmegi, “Hä, o dämi? Aý, ol şeýledir-beýledir. Pylan zat çykar. Pylan işi başarmaz. Eýle eder, beýle eder” diýip öz ýanyndan çen atmagy gowy görýär. Yowrapaly öz kwartirasyna girer çykar, goňşysy beýle-de dursun, dostunyň durmuşy bilenem işi ýokdur, onuň başaryp-başarmajak, edip-etmejek işi bilenem işi ýokdur. Hatda kakam pahyr “Amaşa çeni diýip bir çenem bardyr” diýerdi. Megerem amaşa (türkmeniň giň ýaýran uly tire-taýpalaryndan biri) çen atmaga ökde bolarly. Bir tarapdan seretseň, bu gowy, gerek häsiýetem ýaly. Bir adama bir ýumuşy tabşyrmankaň onuň bu işiň hötdesinden gelip-gelmejegini bilmek, biljek bolmak peýdaly bir zat. Mysal üçin, biri bir bolgusyz işi edipdir diýseler, “Ol şol işi etmez” diýip bilmek, belki, paýhasdan nyşan. Onsoňam, bu özüne çekiji, şöhrat getiriji bir zat. “Men size öňünden aýtmadymmy?” diýmegiöem lezzeti bardyr. Seresaplyk taýyndanam munuň peýdasy kändir. Emma, geliň, munuň ters, zyýanly taraplary barada-da oýlanyp göreliň. Adamyň nebsi hemişe ony men-menlige itekleýär. Onuň özüni beýlekilerden tapawutly hasaplaýar. Munuň iň uly gamçylaýjysam başga birine kem baha bermek, şeýdibem göwnüňe özüňi ondan ýokary görkezmek. “Aý, gowy oglan, dogumly, ýöne dodagy ýukarak, ýüpüniň üstünde odun goýmak kyn bolaýmasa” diýen ýaly bahalary köp eşidensiňiz. Ol adam. Käte dodagy ýuka bolany üçin däl-de, başga-da köp sebäplere görä, ýüpüniň üstündäki oduny gaçyrjagam boluberýär, ýüpüniň üzüläýdigem bolýar. Onsoň çençi pyýadaň göhi gelýär “Men aýtmadymmy?” diýýär. Beýle çen atmalar, çen bilen baha bermeler bizdäki birek-birege bil baglamak, agzybirlik ýaly hökmany häsiýetlerimizi öldürýändirem öýdemizok. Akylymdan doganlary göz öňüne getirýän. Türkmen öýlerinde dogan-dogan bilen dogan ýaly ýaşaýany azalyp barýan ýaly. Iki dogan duldegşir ýaşaýandyr – arasynda-da haýat bardyr. “Bu näme?” diýseň, “Gapy bar-a” diýer. Haýatyň çetinde goýlan kiçijik gapyny, geçelgäni görkezer. Ýadyňa wiza düzgüni, serhet geçelgesi düşüp gider. Ol bolsa “Bu haýat aýallaryň arasynda (has dogrusy, doganlaryň arasynda) döräp biläýjek goh-galmagalyň öňüni almaga peýdaly” diýip düşündirýär. Munuň şeýle bolmagynda biziň başga birine çen atyp, öňünden berýän bahamyz sebäpkär bolaýmasyn? Belki, başga birine oturan ýerinden çen atyp “pylandyr” diýýän, soň köplenç şonuň diýşi ýaly bolup çykýan ýaşulular ilki bilen özlerine baha berýän bolsalar gerek. Özüni gaty gowy tanaýan, bigaýratlaýjak, mert durup biljek, ýalan sözläýmegi mümkin, ganygyzmalygam edip biljek... ýerlerini gaty gowy bilýändir. Öz eleginden, öz häsiýetiniň eleginden geçirenden soň başga birine baha kesip bilýändir. Başga biri bolsa oňa öýkünip, agzynyň ugruna “Aý, pylany dälmi?” diýip goýberýändir. Sebäbi, çen paýhas bilen, synçylyk bilen baglanşykly bir agyr işleriň biri bolsa gerek. Munda agzyň ugruna aýdyp goýbermek bolmaýan bolaýmasa. Hatda içiňde “Pylana baha berere özüm kim? Özümde şoňa ýeterlik paýhas barmyka?” diýen sowal bolmaly bolsa gerek. Ýogsa, gözüňi ýumup gylyç aýlaýan, tüpeň atýan adamdan seniň näme tapawudyň bar? Gözi daňylgy adam elindäki tüpeňiň mäşesini, gözündäki daňyny aýyrman gysyp bilermi? Ýene-de bir akylly adam “Biri hakynda erbet pikir edip günä galnyňdan, gowy pikir edip ýalňyşanyň gowudyr” diýipdir. Menem, häzir “biz türkmenlerde şeýle häsiýet bar” diýip, çen atan ýaly bir zat edäýdim welin, bagyşlaň, menem türkmen-dä, gitjek ýerim ýok. Ile mahsus häsiýet mende-de bar. Ýöne oýun, oýun bilen, bu mesele pikir edeniňe degýän mesele ýaly görünýär.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.