10.06.12 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

10.06.12

Iýun 10, 2012 | 0 teswir | 877 okalan

Yssydan basyljak bolvan. Kondissioneriň aşagyndan çykamok diýen ýaly welin, oňam howasy ýakanok. Oglanlykda ýagyrnymyzy derledip mellekde pil işledişimiz ýadyma düşýär. Allaha şükür, ýaşlykda ýaşlygyň mazasyny alypdyrys. Şol ýaşy kondissioneriň aşagynda, bolgusyz pişelerde, derlemän geçirmändiris. Hatda, şeýle bir ýaşaýşa höwesem etmändirin. Asla durmuşa höwes edenim ýadyma düşenok. Kurortlar, sanatoriler, restoranlar, dynç alyşlar... hijisinem etmän ulaldyk. Oňa höwesem etmelidir öýtmändiris. Haýran galýan, obada islänini edip ýaşamaga birinde mümkinçilik bolan bolsa, bizde (Ylýas ikimizde) boldy. Emma, puly ýeter-ýetmeziräk, mugallymyňmy, inženeriňmi, baýlyk ýadyna düşmeýän, okuw-sowatdan başga zady bilmeýän maşgalada ulalan ýaly ulaldyk. Öýden gaçmadyk, kakamyz guşak alyp ýençmedi. Çökder garagollyk etmedik. Dünýede keýp diýilen zat bardyram ňýtmändiris. Diňe okamaly, öwrenmeli, gyzyklanmaly, bilmeli diýen düşünjede ulaldyk. Men bu mysaly näme üçin aýdýan? Aýtjak bolýan zadym, biz baýlykdan gorkýarys. Gorkmalydyram, meslik belasynyň garyplykdan has agyr beladygyny aýdypdyrlar. Emma, ol gorky baýlykdan gaçmak bolmaly däl. Içeriniň, ilki bilenem maşgalabaşynyň we onuň aýalynyň nadan bolmagyndan gorkmaly. Nadan içeri baýam bolsa aýylganç, garybam bolsa nebsagyrdyjy. Bolup biler, biz wagtynda okadylmadyk, terbiýe görmedik. Kakamyz, ejemiz bu meselede gapyl galan bolmagy mümkin. Emma, biz çagalarymyzy nadan ulaltman bileris. Olardan hiç zadymyzy gysganmaýarys. Biz beýleki milletlerden (mysal üçin ýewropalydan) has hamrak, çagaçyl, ene-ataçyl. Emma, bu häsiýetimiz çagamyz hiç zatda kemsinmesin, kösenmesin. Şonuň üçin elimden gelenini, hatda elinden gelmejek işi, ýalany, ýaranjaňlygy, ogurlygy hem etdirse, kösenjiň içinden çykyp bilmeris. Biziň baş, birinji maksadymyz baý, gurply ýaşamak bolsa, onda bärden gaýdýarys. Baýlyk gazanmakdan has kyn iş bar – çagalarymyza sowatly, edepli, manyly-maksatly ýaşamagy öwretmeli. Özümiz muny bilmeýän bolsak, biljek bolmaly hem muny bilýän ýerlerde çagalarymyzy okatmaly. “Ejeň-bajyň” içinde ulalan çaga, ýene-de şeýdip ulaljak çagalary dünýä indirer. Onsoň biz ýewropa edebi (edepsizligi) ýaly zatlary bilmeýän, ol hakynda pikirem etmeýän nesli ýetişdireris. Biz häzir haýsydyr bir milletiň futbol oýnundan soň, köçä çykyp biri-biriniň ganyna galýandygyny eşdenimizde haýran galýarys. Futbol üçinem şeýdişip ýörülermi diýýäris. Menem ýaş ýigitkäm Taşkentde ýüzüne reňk çalmadyk ýekeje gyza-da duşmadym diýip haýran galypdym, 76-njy ýyllar. Indi häzir Aşgabatda-da şeýledigine geň galamyzok. “Gyzym dar eşik geýýär, saçyny boýaýar, ýüzüne çalyp bilenini çalýar” diýip gaharlanýan kakany ejesi “Bor-la, senem gyzyň bilen deň bolýaň. Ine, çykar gider, çaga basar, reňk ýadyna düşmez” diýip köşeşdirýär. Emma, mesele reňkde ýa-da dar köýnekde däl. Mesele çagamyzyň dünýäniň many-maksadyna, özüniň ýaşaýşynyň manysyna düşünmeýändiginde. Çaga (23-25 ýaşly) irden turýar, töwereginde näme görse, şony etmelidir öýdýär. Onda pikirlenmek ukyby ýok diýen ýaly. Elindäki telefony özünden akylly.

Adam ýagyş ýagjagyny duýsa, daşarda eziljek zadyny ýygnaýar, şement beýlekisi bar bolsa, öl bolmaz ýaly üstüni ýapýar.  Biz welin, gaty arkaýyn, ýa-da derdimiz başga zatda ýaly. Baýlyk, pul hemme zady çözer öýdýäris. Ýagyşdan diňe penalanyp goralyp bolýar. Başga zatdan peýda ýok. Sowadyň, bilimiň gorajak zadyny başga bir zat çalşyp bilmeýär. Jübüň pully bolmagy seni halas etmeýär. Kynam bolsa,  elimize kitap almaly. Kitabam saýlap almaly. Telewizory, oturlyşygy azsalym soňa goýmaly. Kitap ukyňy tutdyrýar, şonuň üçin ýekeje sahypadan okap başlaýyn, ertir 3, birgün 5...

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.