11.06.12
Türk dilinde “pidakärlik” diýip bir söz bar – bir haýyr iş üçin, malyňy, yhlasyňy, wagtyňy, garaz, özüňde näme gymmatly, peýdaly zat bar bolsa, hiç bir gaýtargysyna hantama bolman pida etmek, bermek, bagyş etmek. Bu sözi türkmen diliniň sözlüginden, başga-da bolaýjak, bilinäýjek ýerlerden gözledim – tapmadym. Ahyry pidagärlik diýmek dogry ýaly göründi. Näme üçin biziň sözlük sostawymyzda bu sözüň ýokdugyna haýran galdym. Ýogsa, türkmende pidagärlik häsiýeti ýokmy? Bir milletde bar häsiýet (gowy-erbet) hemmesi diýen ýaly bizde-de bar bolsa gerek. Ýogam bolsa, geler, dörär. Onda-da geň gördüm. Özümde pidagärlik häsiýeti barmyka? Belki, bar bolsun-da. Ýöne hantamaçylykdan azdygyny-ha anyk bilýän. Aslynda, pidagärlik nämekä? Sadaka bermekmi, pul karyz berip, soňam bereniňi talap etmän, geçmekmi? Başga biriniň bähbidi üçin öz bähbidiňden geçmekmi? Mysal üçin, saňa uly firma uly aýlyk bilen iş teklip edýär, senem, “Ýok men mekdepde mugallym boljak. Obamyň çagalaryna sowat öwretjek” diýmegiň pidagärlikmi? Aňsat hötdesinden gelip bolýan zat bolsa “pida” sözi ulanylmazdy. Başga birinň haýryna özüňdäki nebsiň höwesini öldürmekmikä?
Bir daşary ýurtly bolsa gerek “Türkmenler gaty praktiçnyý” diýipdi. “Praktiçnyý” diýen sözüňem anyk türkmeçesini tapamok. “Ederini bilýän”, “müti”, “çemeçil” diýen ýaly sözler akylyma gelýär. Özümiň praktiçnyý däldigimi-hä anyk bilýän. Sebäbi men nire ederini bilmek nire, akmaklygymdan, gögeleligimden köp aldandym, ýalňyşdym. “Aý, bolýa. Men ýitireýin, sen gazan” diýen ýerlerimem bolupdy. Emma bularyň näçerägini Allanyň ryzasy üçin etdimkäm? Onda Allanyň razylygy üçin gerek bolsa bar zadyňy pida etmäge taýýar bolmak pidagärlikmi? “Bar zadyňy” diýip terkidünýäligi gözöňünde tutýanmy? Ýok, halamaýan zadym terkidünýälik. Ýöne terki terk diýip bir zat eşitdim – başaryp bolaýsa diýdim. Bu sopuçylykda bir dereje. Dogrusy, anyk kesgitlemesinem bilemok. Emma, pidagärligem her bir haýyrly iş ýaly, ilki azajykdan başlap, soň durmuşyň aýrylmaz bölegine, häsiýetiňe öwrülýän bir zat bolaýjak ýaly görünýär. Meselem, Allaň ryzasy üçin wagtyňdan (24 sagatdan) 15-20 min. aýyrmak. Biz namaza parz bolany üçin wagt aýyrýas, edil şonuň ýaly, ýene bir haýyrly, ahyretiňe peýdasy degjek bir iş üçin wagtyňdan aýyrmagyň hötdesinden gelmek. Megerem, bu-da pidagärlik bolsa gerek.
Kelläňizi agyrtdym, bagyşlaň. Özüm baş agyrdamsoň, gyzygypdyryn. Muny ýazmaga başladan zat “pidagärlik” sözüniň bizde ýokdugyna utanjym boldy. Söz bolsa hiç, ýerine bir termin tapylar, asyl özi bar bolsa bolýar.
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
"Bir milletde bar häsiýet (gowy-erbet) hemmesi diýen ýaly bizde-de bar bolsa gerek. Ýogam bolsa, geler, dörär." Shu sozleri haladym... Hamana bir zadyng boljagyny ongunden habar beryan yaly duydum..! SAgbolung, galamyngyza saglyk..! Yogsa-da 'galamyngyza saglyk' sozi turkmen dilinde barmyka?