15.06.12
Gün bizi turuzýarmy ýa-da biz Güni “turuzýarysmy” – bilmedim. Megerem, ynsanyň gaty köp bölegi Gün dogany üçin turýan bolsa gerek. Gün dogansoň ýatan adamy kakam pahyr halamazdy. Atamam şeýle eken. Gün dogup naýza boýy galandan soň, guşluk namazyny okar eken. Kakam galdaw adamdy. Elmydam bir zatlar etjek bolardy, ederdi. Höwessiz wagtyny az gördüm. Özümde ondaky höwesiň 10-dan birinem göremok. Men-ä men, belki, doguşymdyr, emma töweregimdäkilerem, birhili, nälajy ýaşap ýören ýaly. Muny eýdeliň, beýdeliň sözüni az eşidýän. Ýöne ogullarym, tüweleme, biri-birlerini itekleşip, “eýdeliň-beýdeliň” diýişýärler. Aýaklaryndan ot çykyp duran dogumlary bolmasa-da akyllary bar, Hudaýa şükür. Bolmanda, az ýalňyşjak bolýarlar. Alla niýetlerini hemişe haýyra ugrukdyrsyn. Niýetiň her bir işiň fundamentidigine, kä halatlarda diwarydygynam köp gezek gördüm. Gurbannazaryň ýekeje pýesasy bar “Nesiller poemasy” diýip. Şonda Baýram aga diýip bir ýaşuly (şahyryň kakasy) “Her gün irden kime ýagşylyk etdim?” diýip oýanmaly” diýýär. (Sözme-söz ýadyma düşmedi.) Adamlara ýagşylyk etjek, haýyr etjek bolup, şeýle niýet bilen ýaşamak – gaty uly zat. Mundan uly diňe Allaň razylygy üçin ýaşamak bar. Bular biri-birine gaty ýakyn düşünjeler. Bendesini ynjytmaýandan Alla-da ynjamajak ýaly.
Ýene bir ogul agtyjagym dünýä indi, şu gün dogtardan çykyp öýe gelýärler. Şondanmy-nämemi öz bäbekligimi ýanynda duran ýaly görýän. Şol wagt beýlekileriň biz ekizlere gözigidişindenem beter, häzir özümiň bäbekligime gözüm gidýär. Edil ýaňy dogan bäbek ýaly, gül ysly ýaşulularam bolýar eken. Köp däl ýöne olaram gördüm. Ýanlaryndan turasym gelmezdi. Şeýdip garrap bolsady. Hamala, ýaşamadyk ýaly. Şol bäbekligindäki gözelligini ýitirmedik, soldurmadyk ýaly. Edil şolar ýaly, ak gyňaçlyja eneler bolardy. Elmydam, olaryň bir ýerlerinde, gyňaçlarynyň ujundamy ýa-da ýanlaryndan aýyrmaýan düwünçeklerindemi gant, nabat, süýjüjik bolardy. Hökmanam bererdiler. Ýatlasaň ýatlap oturmaly, bir daýza bardy, bizi gördügi tutup ogşardy, bizem halamazdyk, gaçardyk.
Kä wagt çagalygyňy ýatlamagam gowy zat – birhili ýüregiň ýumşan, höwesiň artan ýaly bolýar. Elbetde, urulyp-ýenjilip, hor-homsy geçmedik bolsa. Alla jan beýle zady çaga başa düşürmesin. Horluk gňrmän bolmaz, ýöne 25-den soň, 50-denem öň görkezmäwersin. Bolýa. Agtyklarymyň biri geldi, ýazdyranok.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.