17.06.12 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

17.06.12

Iýun 17, 2012 | 0 teswir | 969 okalan

Bir wagtlar, 70-nji ýyllarda “Adam pahyr hor bolmajak bolup, hor bolup ýör” diýen bir söz oýnatmasy ýoň bolupdy. Bu sözi häli-şindi, aýdara söz tapmadyk, dymyp otrasam gelmeýän aýdar goýbererdi. Munuň agzyň ugruna, gep owadanlanyp aýdylan sözdügine düşünsemem, bu barada köp pikir ederdim. “Nähili beýle bolýarka? Tersine bolaýjak ýaly. “Adam rahat ýaşajak bolýany üçin rahat ýaşaýar” diýilse, laýyk görýardim. Emma, dogrusy, şol ýyllarda rahat ýaşajak bolmagyň nämediginem bilmeýärdim. Bir zatlar etmek, bitirmek üçin ýaşaýandygyma ynanýardym. Emma, näme etmeldigimem, näme bitirmelidigimem bilmeýärdim. Bary bir gysgajyk hekaýa ýazmakda ýa-da telegepleşik etmekde jemlenýärdi. 1976-1979-njy ýyllar TW-de işleýärdim, özem öler-galarymy bilmän, horlugyň, rahatlygyň nämedigine-de düşünmän haýdaýardym. Geň ýeri häzirem rahat ýaşamagyň nämedigine düşünşimden rahat ölmegiň nämedigine düşünşim has giňiräk ýaly. Emma, bir zady welin, bilýädim – bir sagat ýatsaň (artykmaç) şol sagadyň yzyndan kowalap ýetmeli, ýagny ertirmi-birgünmi ukyňdan bir sagat kemmelidi. Şeýle dargursakdym. Bir zadymy ýitirsem, tapjak bolup, öler ýaly gözleýärdim.Birine pylançada bararyn diýsem, hökman baraýmalydyryn, ýogsa gök ýykylaýjak ýalydy. Başga biriniň arkaýynlygyna, giňligine düşünip bilmeýärdim. Olara gaharymyň gelýän wagtlaram bolardy. Şeýle häsiýetli bolanym üçin – ynanjaňdym. Köplenjem öz-özümi şeýle aldaýan ekenim welin, onuň (ýalanyň) hakykatdygyna özüm çynym bilen ynanýadym. Muňa gögelelik diýjegimem, akylsyzlyk diýjegimem bilemok. Ýöne, häzirki “akylymy” şol gögeleligime höwes bilen çalşardym. Sebäbi ynanýan zadyma ynanjym güýçlidi, ýürekdendi. Magtymgulyň “Ýigit sada gerek, türkana ýagşy” diýen sözlerinde şeýle manam bar eken. Häzir ne özümi aldap bilýän, ne-de ynanjymdan ýaňa ýüregim joşýar. “Aldamaga oglan ýagşy, Hudaý ursun garryny” diýilýäni. Emma, bir zady aýdyp biljek – özümi aldap ýa-da joşup däl, akyl ýetirip käbir zatlary edýän, ýüregimde bir kanagatlylyk, rahatlyk döreýär. Bu bir at çapyp barýan wagtyňdaky ýaly gyzykly, joşduryjy däl, ýöne pyýada bolsaňam ýol alýandygyňa şükür etmek.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.