31.01.12. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

31.01.12.

Ýanwar 31, 2012 | 2 teswir | 1009 okalan

Şu gün täze ýylyň birinji aýynyň iň soňky güni. Diýemk, ýylyň tutuş bir aýy geçip gitdi. Öňem bary ýogy 12 sanjak aýdy, indi şo-da ýok. Gynandym. Şu ýyl 60 ýaşaýarys, Ylýas bilen. Alla nesip etdirse. Şonuň üçin birazajyk gussalyrakdygymy geň görmäň. Şo ýaşa ýetmeseň, o ýyllaryň agramyny duýup bolmaýar. Ştangaçy 120 kg. göterende daşyndan näçe haýran galsaňam, bile içiňden çygynsaňam, ol agramy göterýäniň duýgusyny ýaşap bolmaýar. Onuň damarlarynyň kiriş ýaly dartylyşyny, düwüm-düwüm dübülşini başyňdan geçirmek bir aýry, gözöňüňe getirmek bir aýry. Altmyş ýaşap barýan, agram göterýän diýip öwünjek bolýana-da meňzeýän welin, şol gadymkyja on dört ýaşymy getirip berseler, şu öwünmek ýaly görünýän duýgularymy, sözlerimi... baryny gumy-topragy bilen berjek. On dört ýaşymda at bilen dutara gyzygypdym. Daňa çenli dutar tyňňyldadyp oturanymy bilmän galýan wagtlarym bolýardy. Ejem pahyr gürrüň bererdi. Ol meniň her gün daň atmanka gije sagat dörtde turup, welosipedli aýlawa gidýänime dömän, başujumdaky sagadymyň jyňňyrdawygyny basýar eken. Men welin, sagat oýatmasa-da, oýanyp gidýän ekenim. O wagtlar Gurbannazaryň aýdyşy ýaly sagady özüm oýarýan ekenim. At çapjak, seýis boljak diýip oba hojalyk institudyna zootehniklik bölümine okuwa girdim. Bäş ýyl okadym. Soňam okuwymy gutaryp 5-6 aý öz ugrumdan işläp gazýete (Ýaş kommunist) işe girdim. Bilmedim, size gyzyklymy dälmi, özümi edebiýat bilen baglaýşym ýadyma düşýär. Belki, ilki kitapdan başlamalydyr. Kitap okamagy haçan öwrenenimi bilemok. Megerem, bäş ýaşlarymdadyryn gazeti arkaýyn okaýardym. Aýal doganlarym, ejem dagy “Göroglyny” okadýardylar. Özlerem tikin tikerdiler. Kitabyň başynda Göroglyň ejesiniň burgusynyň tutuşy, soňam Görogly dünýä inmänkä ýaş üstünde ýogalyşyny okap beremde. Şol “burguly” ýerlerini ejemiň “o taýyny okama-da geçäý” diýýäni ýadymda. Näme üçin o taýyny okamaly däldigime o wagtlar düşünmeýärdim. Okaýan zadyma-da düşünip baramamsoň, ejemiň aýdyşy ýaly okaan geçýärdim. Meniň gowy görýän ýerim, Göroglynyň görden çykyp at eýerinie münüp oýnaýşy, soňam eýere ýelmeşip galyşydy. Soň Magtymgulyny, dessanlary okadýarylar. Häzirki zaman ýazyjylarynyň hiç biriniňem kitabyny okap berenim ýadyma düşenok. Ýogsa, Çary Aşyr biziň daýymyz bolýar. “Gamly saka-da” şol wagtlar meşhurdy. Emma okatmandyrlar. “Ganly sakany” soň, mekdebe gidip ugramdan soň okadym. Mekdep ýaşymda, 8-nji klasa çenli, ýene şol 14 ýaşa gelýär, men türkmen ýazyjylarynyň kitaplaryny okadym. Ata Gowşut, Hajy Ysmaýyl, Nurmyrat saryhan, Çary Aşyr, Aman Kekil we beýlekileriň kitaplaryny gowy görüp okapdym. Bir günem elime Hydyr Derýäň “Ykbalynyň” iki tomlugy düşdi. Iki kitaby birleşdirensoňlar galyň kitapdy. Men onuň galyňlygy ýukalygy barada pikirem etmän okap başladym. Azaldyberipdim, bir günem doganym Baýram guly “Näme okaýaň?” diýip elimdäki kitabyň daşyna seretdi. Soňam kitaby yzyna gaýtaryp bermedi-de “Muňa wagtyňy ýitirýänçäň şuny oka” diýip, “Ykbal” bilen deňeşdireniňde gaty ýukajyk kitaby uzatdy. O kitap Dostoýewskiniň “Unižennyýe i oskorblýonnyýe” diýen kitabydy. Şundan soň men türkmen ýazyjylarynyň kitabyny okamadym diýen ýaly. Dostoýewskiý olaryň barynyň ýerini tutdy. Şu wagtam “Besy” diýen kitabyny okap ýörün. “Idioty”, “Bratýa Karamazowyny” iki gezek okap çykdym. Ýene-de okasym gelýär. Soň Puşkiniň prozasy, (goşgy ugrundan diňe Gurbannazary okaýardym has dogrusy, diňleýärdim), soň Lermontow, Tolstoý, Astafýew, Raputin, Şukşin, Aýtmatow, Hemingueý, Ekzýuperi, Akutagawa... we beýlekileri elimden düşürmedim. Garaz, Beki Seýtege, Hydyr Derýa, Nargylyç Hojageldä... we beýlekilere ýer galmady. Islegimem bolmady. Indi hekaýam. Onuň “Edebiýat we sungatda” çap edilişi barada ertir ýazaýyn. Görýän welin, bu gürrüň uzaga gitjek.

Teswirler (2 sany)

Agajan Hezretkuliyev:
03 Fewral, 2012

Ýokarda sanan kitaplaryňyzyň, ýazyjylaryňyzyň kitaplaryny menem okaşdyrdym özä. Çary Aşyryň "Garry serdar" diýen romanyny okapdym ilkinji, şuwagtky ýaly ýadymda.

Ata Gowşudyň ähli eserlerini okadym. Nurmyrat Saryhanowyň hem köp prozalaryny okadym, "Ýagtylyga çykanlar" diýen kitapda. Siziň ýokarda agzaýan "Ykbal" romanyňyzy hem okadym.

Indem siziňki ýaly Dostoýewski okaýyn diýip bilemok, wagtynda, çagalykda rus kitaplaryny okamamsoň, orsça birzatlar okamak kyn. Näçe okasam hem. Çehowyň türkmen diline terjime edilen bir kitap düşüpdi öňler, ony hem okadym.

Garaz meň üçin, türkmen dilindäki ýazylan zatlar, hemme zada seredeňde has peýdaly. Siz hem terjimeleriňizi PDF görnüşde, ýa-da DOK görnüşde saýdyňyza goýsaňyz meň ýalylara okara zat bolardy.

Namam:
03 Fewral, 2012

Shonyali munkinchilik bolsa bizem peydalanars.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.