24.06.12 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

24.06.12

Iýun 24, 2012 | 0 teswir | 919 okalan

Geň pikir eşitdim. Gurbannazar boljak bolmaly däl, Gurbannazary bolduranlar boljak bolmaly. Bu ýerde Gurbannazardan gowşak, döwürdeş şahyr-ýazyjylary göz öňünde tutulýar. “Biz bärkiler bolalyň. Sebäbi bärkiler bolmasa Gurbannazar ýaly şahyr döremeýär” diýýär.

Bir tarapdan dogry pikir. Garşy gitmek mmümkin däl. Sebäbi Halyl Kuly, Italmaz Nury, hatda Gara Seýitli, Mämmet Seýit, Kerim Gurbannepes... hemmesi güýçli şahyrlar. Şolaryň bady, joşguny Gurbannazar ýaly şahyryň döremegine şert döredýär. Bu dogry. Ýöne özüm hiç wagt iň güýçliň aşak ýanyndaky biri boljak bolmandym. Men-menlikmi, özüňden hoşallykmy – bilmedim. Megerem, şeýle. Ýöne bu içimdäki men-menlik, daşymdanam gşrünse görünýändir, ýöne çalaja. Bu men-menligim töweregimdäkileri özümden iten bolmagam mümkin. Ýöne özüňden talap diýilen zadam bar. Men başaranjama kaýyl bolup ýörsem öserinmi? “Sen özüňden näçe näräzy bolsaň / Ilem senden şonça razydyr, razy” diýende Gurbannazar “närazyly” diýip özüňden has uly zat talap etmegi aýdanokmy?

Talap gowy zat, ýöne ol saňa az ýazdyrýar. Seniň az ýazanyňam az adam kabul edýär. Sebäbi sen has ýokardaky talaplara görä ýazýaň. Gurbannazaram kabul edilmezlik derdini ýaşapdy. Gurbannazaryň döwri oňa az ýazmaga (ýogsa azam däl) az kabul edilmäge mümkinçilik berýärdi.

Häzir Tarkowskiň kinolaryny kino ugrundaky institutda, ýörite kurslarda öwrenýärler. Studentlere öwredýärler. Döwründe-de tomaşaçam gelenokdy. 5-6 adam bolup “Zerkalosyny” görenimiz ýadyma düşýär. Onam kinomehanik adam az diýip görkezmejek bolupdy. Soň ony ýurdundan çykardylar. Daşary ýurtda öldi. Dogrumy? Tarkowskiý üçin dogry. Emma, Şukşin, Bondarçuk ýaly režissýorlar bolmadyk bolsa, Tarkowskiý bolarmydy?

Näçe özüme “Öz talabyňa görä däl, halka geregine, halkyň talabyna görä ýazmaly” diýip ynandyrjak bolsamam – kyn düşýär. Emma, bu hakykat. Häzir isleseň-islemeseň zerurlyga görä işlemeli. Halkyň özüne zerur hasaplaýanyny senem zerur hasaplamaly. Mysal üçin, edep, ene-ata hormat, dosta wepalylyk, halalhonluk... ýaly, bir wagtky “baýramçylyklara” bagyşlanan temasy öňünden belli ýaly görünýän zatlary ýazmaly. Emma, derejesini pes etmeli däl, ýasamaly däl. Biziň hemmämiziň şeýle zatlary okasymyzam gelýär, ýazasymyzam. Diňe akmak ýazyjylar okyjysyndan öýkeläp biler. Eger seniň ýazyjylygyň çyn bolsa, oňa geregini, kabul edip biljek hilinde, ýokary derejede ýaz. Gurbannazarlar biziň arkamyza basyp, ýokaryk çyksynlar.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.