27.06.12 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

27.06.12

Iýun 27, 2012 | 2 teswir | 961 okalan

Ýene-de meşhurlyk hakynda pikir etdim. Niçeme şahyr-ýazyjylar onuň ýesiri, aşygy bolup, magşuklaryna ýetip bilmän geçdiler. Ýetenlerem köňül rahatlygyny alan däldirler, ondan eden tamalary çykmansoň ahmyrly gidendirler. Balzagyň altyndan nyşanly hasasy, kaşaň faetony, adynyň arasyna “de” goşulmasynyň goşulmagy üçin eden yhlaslary ýadyma düşýär. Deň-duşlarymyň arasynda meşhurlygyň arzuwynda hiç zatdan çekinmejekleriniň bardygy göz öňüme gelýär. Özümiňem bir döwürler meşhurlyga, tanymallyga, özümi öňde goýmaga çalyşan ýyllarymyň bolandygyny utanç bilen boýun alýan. Häzir näme? Häzirem bu keselden doly saplanandyryn öýdemok. Käbir sözler gulagyma hoş ýakaýjak ýaly. Mysal üçin: “Edebiýatda uly yz galdyrdy. Edebiýatymyzyň ösüşine uly täsir etdi, basgançak boldy” diýen ýaly sözler näme üçin ýaramasyn. Bu ynsanyň ýaradylyşy. Nebsiň emri, şeýtanyň oýny-aly. Ruhy dünýämiň darlygy, pesligi, aň-düşünjämiň kemterligem olaryň oýnatgysy. Özüňi näçe pes tutsaň, kiçidigiňe akyl ýetirseň, niýetiň arassalanyp, maksadyňa ýetip, esasy tutan dogry ýoluňa düşjekdigiňe düşünip bilmezlikden iýmitlenýän kesel. Arada bir gowy meňzetme eşitdim, hiç akylymdan çykanok: “Boýy uzyn adam penjireden görünmek üçin aşak egiler, boýy gysga aýagynyň burnuna galar, duran ýerinde ýokaryk böklejekläp derde galar” diýýär. Belki, oglanlykda, 25-35 ýaş aralygynda bökjeklense bökjeklenendir. Soň edebiýaty taşlamak kararyna gelinen ýyllaryň täsiri bilen, elbetde, ýaşyňam ellä girmeginden “meşhurlyk”, “şöhrat” höwesi peseldi. Emma, “Meşhurlyk getirmejek bolsa, ýazjak bolup gözüň, beýniň köküni gyrjak bolup ýörmek nämä gerek?” diýjek ýazyjy-şahyrlaryň köpdügi göz öňüme gelýär-de ýüzüm sallanýar, ýüregim gyýylýar. “Näme üçi ýazsaň ýaz, ýöne şöhrat üçin ýazma!” diýip bolanok. Diýseňem, ol kişi saňa düşünmez. “Uly gürleýär-aý. Şöhrata kowalaşma diýmekdenem şöhraty gözleýär” diýer. Nätjek, onuň bar derdi penjireden görünmek. “Gabrystana bar-da otur, pikir eýle” diýlen setiriň aňyrysynda nähili uly pikiriň bardygyny bilmek bir başga, duýmak bir başga, ony ýaşamak asla başga bir zat. Kiçelmek, ýaranjaňlyk etmek bir zat, kiçelmezlik düýbünden başga zat. Kiçelmezlik asla, şöhratly, meşhur, beýik bolmak däl eken.

Teswirler (2 sany)

Dowlet:
28 Iýun, 2012

Egosentrizm diýp bir söz bar eken. Özüňi dünýäniň merkezi hasap etmek duýgysy. Meşhur bolmak duýgysy hem egosentrizmiň körügi bolup biler. Üýtgeşik bolmak, üýtgeşik görünmek, üýtgeşik sözler aýtmak. Elbetde galpçylyk hem durmuşy öldürýän sebäplerden biri, ýöne munyň dermany üýtgeşik bolmaklyk, egosentrizm däldir. Üýtgeşik bolmak üçin dyrjaşmak adamy üýtgeşik dälde ýigrenji eder. Şeýlede her bir adam ýaradylanda tebigy üýtgeşikdir. Hiç kimiň ýüzi eli, ýöreýşi häsiýeti, içki dünýäsi deň däl. Meňzeş ýöne deň däl. Döwrümizde adamlar wyjdanyny, kalbyny içindäki sesi eşitmegi ýatdan çykarandygy sebäpli, diňe daşardaky seslere bagly bir durmuş ýaşaýar. Ýagny, öz şahsyýetini diňe daşky atmosfera we daşardan gelýän seslere görä gurnaýar. Şonuň üçinem başgalaryndan üýtgeşik boljak bolmak häsiýeti gaty rowaçda. Netijede meşhur bolmak, egosentrizm ýaýran keselliklerden. Üýtgeşik bir ses çykarmak islesek, her kimiň öz içindäki sesi aýtmagy ýetikdir.

Begmyrat :
01 Iýul, 2012

Shohrat zaherli bir baldyr.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.