10.06.12 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

10.06.12

Iýul 10, 2012 | 0 teswir | 1024 okalan

10 gün Türkiýede bolduk. Şonuň üçin gündelige-de ara bermeli boldy. On günüň içinede her bir adamda bolşy ýaly, köp pikirler gelip geçdi. Bu pikirleriň iň esasynda-da utulmazlyk durýar. Dünýe bilen oýun gurap utdurmazlyk. Emma Magtymguly şahyr aýtmyşlaýyn dünýe “utup durupdyr”. Bu tebigy zat. Eger şeýle bolmasa, akylsyzlyk bolardy. Utuljagyňy bilseňem utjak bolmak dogry. Iň soňky demiňe çenli umytda bolmak dogry. Her bir oýunda bolşy ýaly, garşydaşyň oýunlaryna akyl ýetirmek, oňa nädip garşy durup boljakdygyna düşünmek sende umyt döredýär. Adam ölýäni üçin özüni utulýandyryn öýdýär. “Öýdýär” emma, muňa hakykata, gözi bilen gňren hakykatyna ynanan ýaly ynanýar. Biri ölse gynanýar, özem ölmejek bolýar. Egerde, her kim hökman ölmeli, isle-isleme gabra giräýmeli bolmasady, onda göwnüme her kim begene-begene ölüme tarap gidäýjek ýaly. Mejburylyk bada-bat islegsizligi döredýär. Birine bir zady etdirmejek bolsaň, ony şol işe mejbur etdirmek ýeterlik. Balam zor bilen iýdirjek bolsaň, adam isllänok – özüm iýerin diýýär. Hawa, özlümden gorkýanlara, ony islemeýänlere akylsyzlyk diýip bolşy ýaly, höwes bilen ölümi kabul edýänlerem aldananlar ýaly görmek adama mahsus. Özüňi ňldürmeg-ä uly günä. Alla adama şu darajayk dünýäde, gysgajyk ömür berip, onda-da uly isleg, höwes bilen ýaşamak düşünjesini guýupdyr. Adam azajyk lezzete aldanyp, baky lezzete gitmejek bolýar. Emma, şol azajyk lezzetiň baky lezzetden alynan azajyk bölejikdigine düşünsek, şol kiçijik bölejigi bütewi lezzet bilen birleşdirip bilsek, onda bu dünýe bilen o dünýäň arasynda diňe adaty gapy galýar. Adam hatda şol gapydan girip gideninem duýmajak ýaly. Megerem, şol azajyk bölegi bütewilik bilen birleşdirip bilenler welilerdir, pygamberlerdir.

Biz özümiziň ýaradylandygymyzy unudýarys. Özümizi ýaradyjy ýaly duýýarys. Ýaratmak höwesinde ýaşaýarys. Öý, maşgala, çagalar, maşyn, düşünjämiz, dünýewi maksatjyklarymyz we ş.m.-leri özümiziň ýaradan zatlarymyzdygyna ynanýarys. Bize bolsa diňe bu dünýäň ýalançygyna, geçip barýandygyna, synag edilýändigimize akyl ýetirmek gerek. Hatda iň erbet adamyň gowlanmagy üçinem diňe şuňa şeýle bir çuň, ýülükleri bilen düşünmegi ýeterlik. Emma, düşünesimiz gelmeýär. Çaga ýaly bir höwes eden, aldanan zadymyza ýapyşyp, şony elden gidermejek bolup aglap otyrys. Çaga ulalýar, adam welin, segsen ýaşasa-da ulalman ölüp gidýär.

Biziň bir goňşymyz bardy. Ömrüniň soňky ýyllaryny (belki, 5-6 ýylyny) üzüm çöpi, tuduň töňňesi diýen ýaly zatlary eşekli, arabaly, arkasyna alyp – daşap geçirdi. Onuň getiren çöplerinden depe döredi. Olar telim gyşy başdan geçirensoňlar garalyp gitdi. O bende o çöpleri tamdyr odunlyk diýip daşaýardy. Soňam öldi gitdi. Gaz geldi. Tamdyrda çörek bişirýänem azaldy. O çöplerem çüýräni çüýräp ýer siňdi, ýakylany ýakyldy. Meniň göz öňümde welin o bendäň çöp çyzan, jepakeş elleri. Adam şeýdip, çöpe aldanybam ölüp bilýär. Dünýäň ýalançydygyna, aldawçydygyna kejirlik bilen ynanmadyk adam.    

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.