13.06.12 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

13.06.12

Iýul 13, 2012 | 0 teswir | 1002 okalan

Gowy habar geldi – “Heserli” ssenarisi komissiýadan gecipdir. Täze ýylyň planyna goşupdyrlar. Aslynda, geçjekdigine ynanýardymam welin, oturyp-oturyp haýranam galýan. Birden ssenariçi bolduk durberdik. Ýadyma düşýär 76-njy ýyllarda bir ssenariý eltipdim kinostudiýa. O döwürler Döwlet Komissiýasy diýlen zat ýokdy. Kinostudiýaň red. kollegiýasy çözýärdi. Setdar Garaja diýip baş redaktory bardy. Okady. Käbir ýerlerini göni kamera alyp baryp kino düşüribermeli diýip öwdi, ýöne kabul etmedi. Şondan soň, ýalňyşmasam, 79-80-nji ýyllar bolaýmasa, Moskwadan ssenariçiler geldiler. Ahmet Gurbannepes “Ynam” powestini Bulat Mansurowa (olam myhmanlaryň arasyndady) okatdy. Menem şoňa gatnaşdyrdylar. Mitko diýen ýaly bir ssenariçi hekaýalarymy (5-6sany) okady. Hekaýalary öwdi. Hersinden bir gysga metražly kino alyp boljak diýdi. Emma, hemmesi kagyzda galdy. Şondan soň men ssenariý ýazmak pikirimi goýupdym. Kinossenariý geçirmek üçin aralarynda işlemeli, işleýişlerini öwrenmeli, režissýorlar bilen gatnaşykda bolmaly diýen pikire gelipdim. Kinoçylar meniň üçin özbaşyna topar, kasta ýaly görünipdi. Aslynda, 1975-nji ýyldan başlap kino bilen gyzygyp başlapdym. Hatda WGIK-e girmek üçin dokumentlerimem tabşyrypdym. Gelem diýdiler, ýöne öýlenen bolanym üçin kakam dagy göwnemedi. Şeýdibem galdy. Bu günem, 36 ýyl soň yzly-yzyna iki ýyl ssenariý geçýär. Wagty gelýändir-dä. Kimdir biri gaty gijem görüp biler. Kim bilýär. Ir bolmasa bolýar diýsemmikäm.

Kinoda edip boljak, edilmegi zerur zatlar gaty kän. Türkmen kinosynyň çürbaşy “Şükür bagşy” (1963 ý.) bilen “Gelin”. Arada gaty kän ýyllaryň boşlugy ýatyr. Eger kinony halky terbiýelemekde bir usul hasaplasak (onuň adamlara täsiriniň kitapdanam häs güýçlidigine ynanýan) onda ençeme ýyllar bäri bu guýy, zerur derman suwly guýy, çeşme gömülgi ýatyr. Türkmenler onuň-munuň “çeşmesinden”, “guýusyndan” suw içýär. Hindi kinolarynyň getiren zyýanyny (Rajyň kinolaryndan beýlekileri) juda uly. Gyzlarymyz, oglanlarymyz şol kinolaryň gahrymanlaryna öýkündi. Terbiýe derejesinde-de o kinolardan alara zat ýokdugyny bilýänsiňiz. SSSR döwri ýene 5-3 kino çykardy, o diýen bolmasa-da çeşmejikden dam-dam suw akýardy. Belki, men reňkleri has goýaldýandyryn. Indi kino üns berilip başlandy. (Belki, muňa 36 ýyldan soň ssenarimiziň gowy görülip kabul edilmegem kiçijik mysaldyr).

Indi soňky ýyl üçin işlemeli. Ýylda bir kino ssenariý ýazyp bolsa, onam halk halasa biz garyp üçin, belki, gaty bir azam däldir. Ýagşy dilegde boluň. “Atym ganatym meniň” ssenarimizem Myrat Oraz (rež) aňyrsy bir aýdan gutaryp, seslerini ýazyp başlajak diýdi. Onsoň, ssenarini saýtda goýaryn. Aslyndan näme galanam belli däl, has gowlanan bolmagam mümkin. Garaz, Myradyň özi almak isledi, şonuň üçin bizem biedeplik edip, sokuljyrap ýörmäli diýdik. Ýalňyşan däldiris, inşaalla.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.