17.07.12
Birki günlükde
köpden bäri görüşmedik ýoldaşlarymyza duşduk. Näme üçin, nähili boldy bilmedim,
hamala, öz erkimde däl ýagdaýda adamyň özüne berilen ukyby sebäpli Allaň öňünde
jogapkärdigi, bize-de Alla ýazmak ukybyny berendigi üçin jogapkärdigimizi
aýtdym. Birneme mortarak, gödegräk boldy. Soň öýe gelip eden gürrüňime
gynandym. Sebäbi bu sözlerden olaryň peýdalanjakdyklaryna ynamym az. Gury
ýene-de maňa ulumsy diýendirler. Gowsy öýden çykmazlyk, çykaýsaňam görüşjek
adamlaryňy gowy seljermek. Ýöne munam edip bolanok. Zat ýok ýerden bir atlar
tapjak bolýana meňzeýän, zadyň bar ýerine-de seredemok. Biriniň gürrüňini
etdik. Men boldu-da, jaý aldyň, zynjyr aldyň, indi çynyň bilen işlemeli,
wagtyňy boş işlerde geçirmeli däl diýen ýaly gürrüň etdim. Ol “Indi halk
ýazyjysy bolmaly” diýdi. Şu düşünje biziň köpümizde bar. Dünýe oýnawaçlaryna
aldanyp, esasy maksadymyzy, ýola düşemizde barjak diýen ýerimizi ýatdan
çykarýarys. Durmuşyň akymyna görä akyp, ownuk maksatlara aldanyp ýörüs. Käbir
ýoldaşlarym bilen görüşmek isllegim, olara bir zatlar aýtjak bolmagymam şol
ownuk maksatlaryň biri. Ony şeýtan şeýle bir owadan gapyrjaga, gutujyga salyp
getirýär welin, men akmaklyk bilen oňa işdämen ýapyşýan, hamala, maksadymam
edebiýata hyzmat etmek. Käşgä olar meniň janygyp aýanlarymy bilmeýän bolsalar. Hatda
janygmagyma çenli şeýtanyň oýunlary. Şu şeýtandan ýadadym. Ol memniň ýakamy
goýbereli däl, gaýta, garradygymça beter ýapyşýar. Dagy alajyny tapmasa
ukladýar, oýandygymam telewizory açdyrýar. Emma, bir zat maňa güýç berýär – ol
meniň ýakamdan berk ýapyşmaga çalyşýan bolsa, diýmek men oňa garşylyk
görkezýändirin, içini ýakýandyryn. Iki sany bokçýor mysaly, çala eliňi aşak
goýberseň ol urýar. Öz urgularymam höwes bilen sanaýjak welin, beýle etsem,
ýene urularyn öýdüp gorkýan. Özümiň urulýanymy (nädeýin, ertesi gün bolsa-da) duýmagymam,
ony urdugym. Umytsyzlyga düşemok. Şeýtanyň şerinden Alla sygynýaryn. Allaň özi
meni ondan gorasyn.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.