22.07.12 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

22.07.12

Iýul 22, 2012 | 0 teswir | 834 okalan

Oraza-da geldi. Geçen ýyl ýaraman tutup bilmedim. Bu ýylam gorka-gorka başladym. Hernä Alla şükür, häzir-ä gowy. Gaýta özümi ýeňil duýýan. Aşgazanyma-da açlyk gowy ýaraýan ýaly. Ýöne köp uklaýan. Uklaýmasaň onça sagat gutarmajak ýaly. Biraz öwrenişsem, ukynam azaltjak bolaryn-da. Gijelerine daşarda ýatýan. Daşaryň howasyny çalyşjak zat ýok. Soň öýe giresiň gelenok. Bäş-üç gün bäri bir hekaýa ýazjak bolýan – teý, eýgerdenok. Birhili gybata meňzejek bolup dur. Gorkak bolupdyryn. Owal gözsüz batyr ekenim. Esasy zat ýazmak, nähilidigi hakynda pikirem etmeýän ekenim. Sokurowyň “Faustyny” getirip berdiler. Hezil edip gördüm. Agyr, ýöne gowy iş. Oraza geçse, ýene birki gezek görmeli. Gýoteden, Şekspirden, Dostoýewskiden, Tolstoýdan gaýdýan, has dogrusy Kur’andan gaýdýan, ynsanyň ömürlik problemasy. Şeýtan-nebis-wyždan-iman – şularyň söweşi. Käte-käte şeýle bir ölesim, o dünýäni göresim gelýär. Ýöne bilmedim beýle diýmegem, islemegem günä bolup biler. Dogulyp başga bir zada öwrülişiň ýaly, ölübem başga bir zada öwrülmek gaty özüne çekýär. Käteler özümiň uçup ýörüşimi gňz öňüme getirýän, käte-de utanjymdan garadere batyşymy. Alla meni kemsitmek üçin ýaradan däldir. O dünýäde-de kemsidilmerin diýip umyt edýän. Ýaradan ýalkanlaryndan etsin. Ýöne şu dünýäň ownuk problemalaryndan sypba-sypyrylasym gelýär. Dünýe göwnüme kerep ýaly, ölümem meni şol kerepden halas etjek ýaly. Bu ýazýanlarymy okap göwnüçökgün diýmäň. Ruhybelentligem ýok bolsa ýokdur welin, özümi sussypes, göwnüçökgünem duýamok. Muňa ullakan esasam ýok, Allaha şükür. 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.