27.07.12
Anna güni agyz bekläp, indem ertir namazynyň azanyna garaşyp oturşyma “Gel, boş oturandan” diýip, gündelikleri elime aldym. Esli zadam bolupdyr. Belki, gowy et üweýän maşyndan geçirseň, birki sahypa gowja zadam çyksa çykar.
Öten agşam ejem bilen uly agamyň belli gününi etdik. Biziňkileriň bary üýşüpdir. Küşt oýnadylar. Men-ä barmadym. Özüne çekmedi. Telewizoram indi öňküler ýaly özüne çekenok. Ýöne orazadanmy, özümi oglanjyk ýaly ýeňil duýýan, janly duýýan. Ýogsa, dümew degipdir, burnum iş bolýa, brki gün bäri. Şonda-da gözlerimiň ýitidigini duýýän. Oturanlaryň gürrüňlerine janly goşulýan. Altmyş ýaşly diýmersiň, edil 18 ýaşly ýaly. Aslynda, altmyş-altmyş diýibem altmyşy ýagyr edýän öýdýän. Ýyldyr-da, edil gün ýaly biri geçýär, ýerine başga biri gelýär. Hawa beden gowşaýar, emma, ruhuň garranok, göwnüň şol bir bolşy ahryryn. Altmyş, ýetmiş diýip biz ruhumyzam garratjak bolýas öýdýän. Altmyş bolsa, goý, altmyş bolsun – ýüregim basgançaga böküp münýär dälmi – boldugydyr-da. Ana, azanam aýdýar. Körpe magtym ýatyr. Men turuzmasam, arkaýyn namazyny geçirer. Öläýsem welin, geçirmese gerek. Şol garaşyp ýatandyr, haçan kakam gygyrar, menem turaryn diýip. Biraz ýatsyn, 10-15 minutdan turuzaryn-da. Adam pahyr jogapkärçiligi başga birine ýükläp bilse, hezil edýär. Ýüklenenem gaýrat etmeli bolýar.
3-4 gün bäri bir hekaýa ýazýan, çöle çomuja gidişimiz hakda. Her gün bir sahypada ýazyp bilemok. Ýazmak kynalypdyr. Ýogsa öňüni-soňuny görüp durunam welin, ýazylyberenok. Ahyry ýazyp gutarsamam razy. “Heserliň” galam hakyny aldym. Owal ýarsyny alypdym. Düýnem ýarsyny aldym. Ep-eslije goýupdyrlar. Hezil bolaýdy. Birgiden zat aldyk. 100$ bergim bardy – ony berdim. Garaz, şeýdip ýaşap ýörün. Aslynda, bu zatlaryň siziň üçin gyzygam ýokdur, ýöne özüm üçin ýazaýýan. Soň okasam, birhili ýatlama bolýar. Şu günüň ýadyňa düşýär. Aladalaň, pikirleň, bergileň, söwdalaň. Yssyda, oglum Mergeniň maşynynda gitdik. Mergen bilen bile-de söwda etdik. Nämeler alanymyzy ýazyp oturmaýyn. Gülüp hezil edersiňiz. Gözigitjegem tapylar, “Mende-de, şu Hydyryňky ýaly aldalar bolsady” diýersiňiz, gowusy ýazmaýyn. Gurbannazar aýtmyşlaýyn “Ýaşanyňa juda degýär, bu dünýe.”
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.