02.08.12
Şu wagta çenli görşen, oturyp-turşan, daşyndan synlan, gatnaşan, bile işleşen... garaz, sähelçe-de bolsa, tanyşan adamlarymy akylymda dört topara bölenimi duýman galdym. “Duýman galdym” diýýänim, men muny etjek bolup, adamlaryň depesinden garap baha bermek niýeti bilen, ýörite iş edinip etmedim – birden aklyma geläýdi. Ine, olar:
1. Gepini, düşünjesini gögertjek bolýanlar. Düşünjelerini gaty gowy görýänler, goraýanlar, töweregine ornaşdyrmaga çalyşýanlar, hatda ogul-gyzy şoňa görä ýaşamasa, gaharlanýan, öýkeleýän, käte, gygyryşmadanam gaýtmaýan adamlar.
2. Tersine, gepini, düşünjesini gögertjek, diňletjek bolup derde-de galmaýanlar. Biparh diýen ýaly. Hatda öz ýakynlaryna-da düşünjelerini düşündirjek bolup janygmaýarlar. Özleri öz düşünjelerine görä ýaşaýarlarmy – bolany.
3. Kimdiň biriniň düşünjesine uýýanlar. Soň wagt geçse, başga biriniň aýdanyna görä, düýbünden tersine ýaşamagam hiç zatça bilmeýänler. Iň köp duş gelenlerimem şeýle adamlar boldy.
4. Hiç kimiň düşünjesini, hatda öz düşünjelerinem diňlemeýän adamlar. Bularyň nämä uýup, nämä görä ýaşaýandyklaryna hiç düşünip bilmedim. Mysal üçin, şu wagtyň ýaş oglanlary şorty geýmäni çykarypdyrlar. Baldyrlarynyň tüýüni bir tutam edişip, ene-atasynyň ýanynda-da, köçede-de gezişip ýörler, namaza-da şol eşikleri bilen duruberýärler. Olar muny yssydan däl, ösen düşünjedir öýdüp edýärler. Bu eşigiň uýat ýeriňi ýapmaldygyna akyly ýetip ugran ilkidurmuş adamlarynyň ilkinji geýen eşigidigine düşünenoklar, düşünmegem islänoklar. Göwünlerine ýaraýarmy – boldy, şu wagta çenli alan edeplerine gelişýärmi-gelşenokmy, bildirýän ýeri ýok.
Bularyň haýsysynyňkyň dogrudygynam aýdyp biljek däl. Özüm olaryň haýsysyna degişli – onam anyk bilemok. Sebäbi, ömrümiň dowamynda bu toparlaryň ählisine-de degişli bolup ýaşadym. Gepimi gögertjegem boldum – başarmadym. Iliňkä görä-de gidip gördüm – bu-da belli bir döwre çenli boldy. Hiç kimi, özümem diňlemän, kelläme taýak degen ýaly ýaşan ýyllarymam ýadymda. Özbaşyma düňderlip, töweregime biparh ýalam ýaşadym. Ýöne köpçülik diýýänim, kimdir birine, nämädir bir zada uýýanlar, özlerini pes tutýanlar, ýumuş oglany ýaly görýänler kän halanmasa-da, maňa ýarady. Bularda sadalyk, ýönekeýlik bar. Ýöne ýekeje bolmaýan ýeri şemalyň ugruna diýen ýaly, agyp-dönüp durmalaryny halamadym.
Gepini gögertjek bolýanlar, düşünjelerini goraýanlar belki, gözüňize gowy ýaly bolup görünýändir. Ýöne olaryň niýetleri, maksatlary özz düşünjelerini goramak bolany üçin, hiç ýalňyşýan bolaýmaýyn diýip pikir etmeýärler. Köplenjem ýalňyşýarlar. Näme üçindir beýle adamlaň ýanynda durasyň gelmeýär.
Ýene bir topar bar, ýöne olara topar diýip bilemok. Sebäbi olara gaty az duşdum, barmak basyp sanardanam az. Olar birhili nurly ýaly, töwerege ýagty saçyp durlar. Olary göresiň gelýär, diňläsiň gelýär. Olara duşaňda öz-özüňden utanýaň. Mysal üçin, Magtymguly ýaly adamlar. Hawa, men Magtymgulyny görmedim. Onuň burny tüňňümi, gözleri mawumy, garamy, ýüzi saryýagyzmy ýa-da bugdaýreňk – bu zatlary bilemok, ýöne eli bilen ýazan setirlerini, aýdan sözlerini okadym, başga biri okap berende haýran galyp diňledim. Gurbannazaram meniň üçin şeýle adamdy. Pygamberimiz... Kur’any-kerim...
Bäşinji topar däl diýdim, gaty azlyk diýdim welin,edil beýle-de däl eken. Mesele olary görmeýänimde eken.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.