10.08.12. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

10.08.12.

Awgust 10, 2012 | 0 teswir | 896 okalan

Düýn kinomyzyň galan dosýomkasyna aýlawa gitdim. Gören zadymam bolmady. Bäşde bardyk, Myrat iki sagatlap başga bir zady aldy, tribunaň öňüne gidip. Bizem athanada garaşdyk. Ahyry geldi. Atlary almaga başlajak bolanda-da, men gaýtdym – agyzaçar golaýlady, özümiňem agzym gurap, ýüregim saz urman başlady. Ýone baş gahryman Baýramyň roluny oýnaýan oglan – Begenji öýlerine, Gämä düşürdik. Gowja oglan eken. Oňam agzy bekli eken. Men bekleýändir öýtmändim. Ýolda sýomkadan gürrüň etdik. Myrat ssenarini gowuja üýtgedäýen ýaly. Belki, gowlugadyr. Ýöne käbir epizodlary asla almandyr, şoňa gynandym. Oglanjygyň taýa münüş öwredýän ýerini, soň, Baýramyň okuwa girýän ýerini almandyr. Bolup ýören zatlara aklym haýran. Eýle diýerin, beýle diýerin diýip gitdim, aýlawa barýançak ýanaşyk oturdyk – hiç zat diýmedim. Olam umumy güürňler etdi, menem. Gowy bolar, inşaalla diýişdik. Niçigem bolsa, ssenarini saýtda doly goýasym gelýär. Ýa-da biri-biriň aýbyny açjak bolan ýaly bolaýarmyka? Bu işe şeýle möhüm waka ýaly seredýän, başgaça seredip bilmeýänime gynanýan. Ýogsa, bu kinossenariň şeýle uly zat däldiginem bilýän, ýaşlara niýetlenen, ykjamja, gaty pikir, häsiýet çuňluklaryna gitmeýän, ýagtyja ssenariý. Muny Myrat nähili üýtgedende-de, zaýalaýanda-da (ýöne edil zaýalandyr-a öýdemok) ullakan ýitgi däl. Belki, “Heserli” bolsa, ýene, janyňy gynanyma degerdi. Ýeri, bolýar, sýomkalary gutardy, montažynam gutarypdyr ýaly. Aňrysy, iküç günden çagyrybam görkezer, ýöne, etjegini edensoň görkezende-de, näme diýjek. Bolşuna görä, adam zähmet çekipdir, onda-da 10-15 adam kösenip işledi – öwmeli, “sag bol” aýtmaly bolar. Durmuş şeýle geň zat. Bir döwürler, neneň-niçik boldy 5-10 sany goşgy ýazdym. Bir bölegi “Ýaşkomda” çykdam, galanynam başga bir redaksiýa alyp bardym. Poýeziýa bölüminde oturyp, goşgulary geçirýän bilen az salym gürleşip oturdym-da, jübümdäki goşgularymy görkezman alyp gaýtdym. Görkezmäge dözmedim. Elledesimem gelmedi. Soňam goşgy diýlen zady ýazmadym. Ýazylaýjak bolanda-da ýazmadym. Ol bölüm müdiri sebäpli däl, ýöne onuňam az-owlak paýy bar bolmagy mümkin. Kinossenariý meselesinde-de şeýle bolaryndan gorkýan. Bile işleşseň-dä, öýkeleşip, gerek bolsa, gyyryşyp – ertesi ýene bir pikire gelip kino alyp işleşseň. Ýöne beýle režissýory gňrmedim – hemmesiniň akyl käsesi dos-doly. “Gaby bilen berseň alaýyn” diýşip durlar. Ýene naladym. Siz muny nalamak hökmünde kabul etmäň – men diňe düşen ýagdaýymy, içimden-daşymdan eden pikirlerimiň mazmunyny ýazdym. Gynandym diýsemem, gözüme ýaş aýlap, keýpim gaçyp, lapykeç bolup oturamok. Bu fakt. Ondan sowlup geçip bolanok, üýtgedip bolanok – onsoň ýagdaýa görä bolubermeli. Niçigem bolsa, bir ztjagazlar bolandyr. Inaşaala erbet kino bolar öýdemok. Göwün isleýşiň ýaly bolmaz, göwün isleýşim ýaly durmuşym boldumy, kino üçin dünýäni gapyşdyrar ýaly. “Ulurak toýdanam kowulyp gördük” diýýärmi? Men-ä bir bolgusyzja ssenariý üçin müň gepiň başyny agyrdyp otyryn, hakyky döredijilik adamlarynyň çekýän horlugy, kelleagyrysy, gör, nähili bolandyr. Gurbannazary, Nuryny göz öňüme getirýän.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.