12.08.12 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

12.08.12

Awgust 12, 2012 | 0 teswir | 898 okalan

Düýn isleg hakynda pikir etdim. Näme isleýän? Birgiden zatlar aklymdan geçdi, iň soňunda-da hiç kimiň göwnüne degmezligi, hiç kimiňem meň göwnüme degmezligini isledim. Garaz, adamlar biri-birini öýkeletmeseler. Dogrusy, göwnüme degýänem ýok. Göwne degilmegem indi, ýaşyň könelşensoň başgarak, täzeräk bolýan eken. Oglankaň oýnawajymy elimden alsalar, ýetginjekkäm nähak ýere, bigünäkäm käýýeseler, ýigit çykamsoň, göriplik edip badak atjak bolsalar, gybatymy etseler göwnüme alardym. Indi has näzik, ynjyk bolupdyryn, sähel zada-da erbet bolýan, ýöne aňsat-aňsat bildiremok. Bu käte ogullardan, käte dost diýýänlerimden, käte aga-inilerden düşünişmezlik sebäpli bolýar. Aslynda, meniň ejem pahyr gaty öýkelekdi. Içine salardy-da, soň birki aý geçirip, gowy köşeşensoň, öz bolşuna gülüp gürrüň bererdi – şonda şeý diýidiň, şeýtdiň welin, öýkeledim – diýerdi. Biziň köplenç habarymyzam ýok. Menem ejeme çekendirin-dä, ýöne men birki aýdan öz üstümden gülüp, samsyklygymy boýun alyp, gürrüň berip bilemok. Şonuň üçin, köp kişi maňa öýkelekdirem öýdenok. Yslamda musulmanyň öýkesi üç gün diýilýär. Belki, şondandyr, öýkämi içimde göterip gezemok, bahym ýadymdan çykarýan. Doly ýadymdan çykmasa-da, men oňa buýrup bilýän. Garaz, içi kütüwli gezemok. Ýöne, ynsan-da, köplenç öz göwnümiň aladasyny, pikirini edýän. Başga birini “öýkeledäýmäýin, menden närza bolaýmasyn” diýen pikir kelläme gelenok. Özüm welin, nerme-näzik. Gurbannazaryň dünýäsine haýran galýan. Ol hemişe iliň göwnüni öz göwnünden ileri tutardy. Etjek bolubam däl, ýaradylyşy, oglanlykdan alan terbiýesi şeýle boldugy-da. Bir göräýmäge ýönekeýje bir zat ýaly welin, ýaranjaňlyga, mertebäňi peseltmege çenli aşak düşmän, hem öz derejäňi saklap, hem beýlekileri ynjytman ýaşamak –gaty kyn iş. Bu her kimiň elinden geljek zat däl. Özüm-ä başaramok. Iliň göwnüne degip ýörenem däl bolsam däldirin, ýöne “Göwnüne degäýmäýin” diýip, seresaplyk edýän ýerimem az, gaty az. Alladan çynym bilen dileýän, şeýle häsiýeti ýaşymyň soňunda maňa-da nesip etdirsin-dä. Göwün awlamakdan geçdim, ynjytmasam bolýar. “Gören kim...-däki” Allaýar eşekçi ýaly ýaşap bilsedim.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.