16.08.12 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

16.08.12

Awgust 16, 2012 | 0 teswir | 878 okalan

 Gözigidijilik, görüplik, basdaşlyk hakynda pikir etdim. Ekiz taýy bolanymdan soň, maňa mydama gözüm gidere, basdaşlyk edere adam çagalykdan ýanymda boldy. Emma, ekiz taýyma basdaşlyk, gözigidijilik etsem edendirin, göriplik etmedim. Gözüm gidende-de mende erbet duýgular oýanmandy, ýöne basdaşlyk köp horlady. Ýaşyň köneldigiçe bu duýgularyň oglan oýunjagydygyna düşünýäň. Indi meni bu duýgular horlamaýar. Bir döwürler ýoly aýrylyşmajak ekizlerdigime ynanan bolsam, indi ýollarymyzyň, hasaplarymyzyň, ýatjak ýerimiziň aýrydygyna akylym ýetdi. Alla jennetde biri-birimizden aýyrmasyn. Ekiz bolup dogulmak uly bagt. Edil şonuň ýaly iki dogan, bäş dogan (biz bäş erkek dogan) bolup dogulmagyňam uly bagtdygyna düşünýän. Aslynda bu bagta men ýigit çykyp-çykmankam düşündüm. Muňa begendim. Ýekelik derdini çekmedim diýen ýaly. Ömrümiň az ýyllaryny özümi ýeke, ýalňyz ýaly duýup ýaşadym.  Näme üçin, haýsy ýyllar? – bu barada ýazasym gelenok. Ýara dörjelemek diňe ýarany beterleşdirýär. Erbediň, ýyllar bolsa-da üstüni örtmek, olary unutmak ýagşy. Emma, herne başymdan geçen bolsa, öz ýaramazlygymdan, öz günäm sebäpli geçdi. Muny beýele däldir öýtmek, töweregiňi günäkärlemek hasam erbet, seni hasam ýalňyzlygyň çukuruna itekleýär. Ýigit çykdym hemişe Allany gözledim. Krişnaçylaram, hristianlaram gördüm, aralaryna-da goşuldym. Munda niýetim gowy bolany üçin, Alla meni bagyşlar diýip umyt edýän. Alla diýip, namaza başlan günümden soň, men horluk diýlen zady gaty az gördüm, hemişe elimden çekilýän ýaly duýgyny, beýle gowy durmuşa mynasyp däl ýaly duýgyny, munuň diňe Allanyň keremdigine ynanmak duýgusyny duýup gezýän. Maddy ýagdaýym pesräk bolan ýyllarym, hemişe şükür ederdim, bu ýagdaýyň gowlanjakdygyna ynanardym. Hatda bir gün geler teke bazardan ananasy kilolap satyn alaryn diýenimem ýadyma düşýär. Sabrym bardy, ynamym bardy. Emma häzir “Alla näme üçin meni maddy taýdan horlamaýarka? Islegiň şu, şonam berýän” diýýärmikä?” diýip alada galýan. Şeýle bolmasyn-da. Çynym bilen şü dünýäni däl, ahyreti isleýän, şonda ýalkananymy isleýän. Ejem-kakam, enem-atam, babam-mamam, çagalarym, beýleki ýakyn garyndaşlarym, dost-ýarlarym bilen birlikde ýalkananymy isleýän, tutuş türkmeniň ýalkananyn isleýän. Alla dilegimi kabul etsin. Sizem doga ediň.

Gurbannazaryň “Bu zatlaryň bary bi-i-de-rek!” diýip janygmasy bardy. Hakykatdanam, galan zatlaryň bary biderek. Göriplik edeniňe-de, basdaşlyk edeniňe-de, gözigidijilik edeniňe-de degenok.  

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.