22.08.12
Özümde bir ýaramaz häsiýetiň ösendigini duýdum. Bir adam hakynda başga biriniň pikirini bilmen, başga birinden şo barada maglumat aljak bolmak, başga biriniň üsti bilen bir adamy tanajak bolmak, oňa baha bermek ýaly bir häsiýet. Muny şeýtanyň başyna-da atyp bilerin, köp kişide duş gelýän häsiýet diýip, özümi aklajak bolubam bilerin. Emma, bolgusyz häsiýetdigini boýun alman bilemok. Bir döwürler şu häsiýetime üns berip, ondan dynaňkyrlanym ýadyma düşýär. Başarsaň, adamlar hakynda pikiriňi daşyna çykarmajak bolmaly, elbetde, adamyň ejiz tarapy hakynda aýdýan. Başarsaň, hiç kimiň ejiz tarapyny, edil onuň uýat ýerini görmejek bolşuň ýaly, belki, ondanam beter görmejek bolmaly. Sebäbi başga biriniň, dostuň, tirkeşýäniň, tanyşyň, iş salyşýanyň ejiz tarapyny görmek, görjek bolmak sende men-menligi oýarýar, seni gedem edýär. Başga birini gürledip, beýlekiň kemini biljek bolmag-a hasam pis duýgulary oýarýar. Hamala, sen öz ýanyňdan habraly, biri hakynda maglumatly ýaly bolýaň, emma, hakyna seredeňde welin, sen bir içala, gep gözläp ýörene, gep gezdirýäne meňzeýäň. Bu häsiýet sendäki erkekligi, mertligi, gaýratlylygy, üstünde odun goýup boljak kişiligiňi peseldýär. “Göni gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýok”, “Ody özüňe bas, ötmese kesekä” diýen ýaly kriteriler, ölçegler goýýan ajaýyp nakyllarymyz, ýörelge edinäýmeli pähimlerimiz barka, saman astyndan suw goýberip, bir zatlar biljek bolýan. Bu özüňe ýigrenji, özüňden göwnüň geçmegi döredýär. Owalam sussypes halyňa hasam depäňden basýar. Şu bolşuma-da bir zatlar ýazjak bolan bolýan, sen içkiden içki jaýa geçip, toba edip aglap daňyňy atyrmaly adam diýdirýär. Emma, ne aglap bilýän, ne-de gülüp. Iki jahan owarrasy.
Niçigem bolsa, ýarany görmek ony bejermegä bolan islegiň alamaty. Bu häsiýet üns berseň, ýuwaş-ýuwaşdan bejerip bolýan bir pis häsiýet. Esasy zat ýüregiňde dörän badyna “Hä, geldiňmi? Hany, yzyňy ýel çalmanka, göteril!” diýmegi başarmaly, şeýle etmegi unutmaly däl. Aldaýçy keýpine özüňi oýnatdyrmaly däl.
Käbir iýýän zatlaryňam häsiýetiňe täsir edýänini billýän. Edil şonuň ýaly, käbir häsiýetlerem seniň tutuş ýaşaýyş ölçegleriňe, ömrüňe täsir edýär. Kiçijik bir zat ýaly, emma, onuň seniň dünýäňi gurçuk ýaly gemirýär, ony daraldýar. Şu ýazgyny ýazmaga başlamankamam dünýäm gapyşyp durdy. Hudaýa şükür, häzir giňedim. Gurbannazar “Mydam özümizi ýonup ýörmeli” diýmeýärmi...Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.