26.08.12
Gündeliklerimi sahypaladym welin, jemi 79 sahypa bolupdyr. Bilnedim, nä derejede derekli bir sahypalar? Garaz, göwün aldadymmy, bir zatlar-a etdim. Ýalan sözlemedim. Ýüregimdäkijeleri ýazdym. Başgaça bolmagyny göz öňüme-de getirip bilemok. Ýöne, Alp Arslan, Dowlet dostlarym bir teklip etdiler. Olar bu saýtyň içinde daşyndan girýänler üçinem bölüm açmagy, munuň örüsüni giňeltmegi maslahat berýärler. Menem bu saýtyň edebi žurnal ýaly bir zat bolanyny isleýän. Menem, Ylýasam dürli gazet-žurnallarda işledik, özbaşymyza gazetem çykardyk, aýtjak bolýanym, biziň bu işde azu-kän tejribäbmiz bar. Ýyl geçdigiçe edebiýat bilen gyzyklanýan oglanlaryň, gyzlaryň köpelýäninem görüp durus. Eger, bu işe çynlakaý ýapyşsak, internetde edebi žurnaly hekaýa, powest, roman, şygyr, poema, tankyt, ýazyjylar bilen söhbetdeşlik... diýen ýaly bölümler açyp ýöredip bolardy. Hawa, bu diňe Ylýas ikimize eýgertmez. Emma, jemlenişsek, herimiz bir bölüme jogapkär bolsak... Köpleseň bitmejek iş ýok. Esasy zat, bu işiň halkymyzyň, milletimiziň edebiýata düşünşini, garaýşyny ösdürsek, sowat derejesiniň hasam giňemegine kömegimiz degse. Bir döwürler “Edebiýat we sungat” gazetine nobata durýardylar. Gara Seýtli dagynyň zähmeti bilen Gurbannazar, Halyl, Ytalmaz... ýaly şahyrlar, Berdinazar, Atajan Tagan ýaly ýazyjylar ýetişdi. Häzir dünýä dillerini bilýän ýaşlarymyz kän. Terjime edip biljekler. “Dünýä edebiýaty” žurnalynda gowy zatlary terjime edip berýärler. Internet özüniň gysgalygy, ýeňilligi, örüsiniň juda giňligi bilen adaty žurnallardan, gazetlerden has amatly. Munuň geljegi uly. Geliň synanşyp göreliň. Bolmanda, has başarjaň oglanlaň böwrüni gyjyklarys. Olar has gowy saýtlar açarlar. Bu işi etmek üçin näçe adam gerek boljak? Nähili işleri başarýanlar gerek boljak? Esasy makçady, niýeti näme bolmaly? Ýene-de şuňa meňzeş meseleleri maslahatlaşayň. Ýogsa, ýeke meň gündeligimi okap bizar bolansyňyz, bolmadyk bolsaňyzam bahym bolarsyňyz. Her gün ýarym sagat şu işiň başynda otursak, bir zatlara meňzetjekdigimizi bilýän. “Göz gorkak, el batyr” diýen bir zat bar. Munyň şeýledigini “Zaman” gazetinde işlämde gördüm. Geliň, başlalyň. Teklipleriňizi, edip biljek işleriňizi, gyzyklandyrýan zatlary, isleg-arzuwlaryňyzy ýazyň. Bu işe Agaja Hezretgulyýewiň, Agajan Amangeldiýewiň, Döwlediň (özüni tanamaok, ýöne ýazgylaryndan çen tutýan) Alp Arslan Türkmeniň we beýleki oglanlaryň peýdasynyň degjekdigine ynanýan.
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Menä goldaýan... Bu gowy bolar diýjek däl, bu gerekli zat diýjek. Gerekli, gowy bolardan has möhümdir. Talap bar, isleg bar, gyzyklanyş bar. Diýmek edibermeli.