02.09.12
Ýazyjy okyjysy hakynda pikir etse, ony göz öňüne getirse, ýazanda-da şol hyýalyndaky okyjysyna ýüzlenip ýazsa... – bu tebigy. Ýöne okyjam ýazyjyny öz ýanyndan, hyýalynda janlandyrýarmyka? Ýa-da kimi endigine görä, kimi eli boş bolansoň wagt geçirmek üçin, kimi muňa ruhy mätäçlik duýup, haýsy-da bolsa bir kitaby alyp okaberýärmikä? Megerem, gyzyklanaýsa-da, okajak kitabynyň näme hakyndadygy biljek bolar, emma onuň üçin ýazyjy kim bolanda näme? Ýazypdyr – boldy, indi galany okyjynyň işimikä?
Haçan harp öwrenip, okamaga başlanymy, hatda kimiň okamagy öwredeninem bilemok. Şeýle kiçi ýaşdan başlap, kitap bilen höwrügip gidemsoň, özüme “menem bir okyjy” diýmäge hukugym bardyr diýip ýokardaky sowallaryma düşünşimi ýazasym gelýär. Köplenç ýazyjy halky özüni okyjysyndan üstün duýýän ýaly gördüm. Sebäbi ol ýazýar, beýlekem sabr edip, öz islegi bilen onuň ýazanlaryny okaýar. Edil ulyny kiçiniň diňleýşi ýaly, onuň aýdýanlaryndan many, nesihat gözleýär. Emma, hakyktda welin, ýazyjy okkyjynyň ýesiri. Ol özünde bary-ýoguny orta goýup, onuň çykarjak hökümüne baglanýar. “Ýalkasa – ýaz, gargasa – gyş” diýileni ýaly, okyjy halasa, ýazyjynyň guşy uçýar, halamasa-da... Okyjy ilki bilen eseri ýazanyň adyny, familiýasyny okaýar. Dagy näme? Tutuş kitaby okanyňdan diňe ýazanyň adyny okamak has ýeňil. Owlam bir ýazan zadyny okap halan bolsa, onda bu kitabyňam okalmagy mümkin. Awtor nätanyş bolsa, başdan birki sözlem, ortrakdan ýene bäşüç, soňundanam ýarym sahypa okap görýär-de, okyjy diňşirgenýär.
Belki, şu sebäpdendir, ömürlerini ýazyjylyga, şahyrlyga bagyş eden admlaryň arasynda otyrkam olaryň hersi özüçe bir pikir aýtdy. Birinjisi: “Men çeperçilik diýilen zada ähmiýet berýän. “Çeper” diýen sözde “şeker” diýen sözem bar ýaly bolup dur. Eser çeper ýazylan bolsa, “şeker” ýaly süýji oklaýar” diýdi. Beýlekisi: “Men-ä gyzyklylyk möhümmikä diýýän. Eser gyzykly bolmasa, ol durşuna akyldan dos-dolam bolsa, okalanok” diýdi. Menem saklanyp bilmedim Dostum, hudožnik Tokar Tugurowyň: “Eser awtoryň derdi-azary, ýarasy bolmaly. Şol dert näçe gowy görünse, näçe gowy açylsa, eser şonça güýçli bolýar” diýenini aýtdym. Eger sen derdiňi doly açmagyň aladasynda bolsaň, öz-özi aýdýanyň çeperleşýär. “Çeper” diýilende akgynly, büdüremän okalmagy, eşdilmedik owadan ýa-da gadymylaşyp ugran sözleri ulanyp ýazmak däl, okyjyny ýazýan zadyň içinde gezip ýören ýaly edip bilmegi göz öňünde tutýan. “Eser gyzykly bolmaly” diýýäniňem dogry” diýdim. Emma bu taýda esasy mesele şol “dertde”, “ýarada” durýar. Dertsiz adam-a ýok. Dertsiz, ýarasyz ýazyjy- şahyram ýok. Ýöne ýeser ýeri dertler dürli-dürli – biri dagyň daşyndanam agyr, biri ýelekdenem ýeňiljek. Biri janyňy alyp barýan hakyky dert, beýlekisi ýasama. Magtymgulyň “Her närsäni bir köý bilen ýakar sen / Deräni Gün bilen, dagy gar bilen” diýişi ýaly, her ýazyjam bir dert bilen ýanýar. Kim öz derdi bilen, kim iliniň, milletiniň derdi bilen ýanýar. Gurbannazar “Derdiňi men götärin, / Sen göter il derdini” diýende, diňe owadan sözüň hatyrasyna aýtmany belli. Kyn ýeri derdi götereýin diýip göterip bolanok. Alla her kime öz göterip biljek derdini berýär. “Kyn ýeri” diýdim welin, belki, gowy ýeri diýmek has laýykdyr.Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.