09.09.12
“Ekizler2.comy” başardygymyzdan hepdelik edebiýat saýtyna öwürmek pikirini kän bir goldamadyňyz öýdýän. Ylýasam muňa sowgurak garapdyr. Emma, köplesek, her kim bir azajyk işini boýun alsa, bu işiň hötdesinden kän bir horlanman geljekdigimize ynanýaryn. Munuň üçin, ilki bilen saýtyň bölümlerini kesgitlemeli. Mysal üçin:
1. Daşary ýurt edebiýaty. (Internetden bir daşary ýurt ýazyjysynyň eserinden bölek, hekaýa we ş.m. gysgajyk eserler terjime edip berip bolar. Daşary ýurt ýazyjyllarynyň çykyşlary, edebiýat hakynda aýdanlary bolup biler. Munda bize “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň peýdasy deger.)
2. Türkmen edebiýaty: Klassyk (nusgawy) şahyrlarymyzyň goşgulary, kyssalary, öwüt-nesihatlary, olar barada pikir alyşmak bolup biler.
3. Häzirki zaman türkmen edebiýaty. Munda SSSR döwrüniň ýazyjylary we soňky döwürde çykan zatlar berilip biliner. Olar hakynda pikir alyşyp bolar.
4. Ýaşlaryň döredijiligi. Goşgular, hekaýalar (goý, hili pesiräk bolsun, hiç kimiň enesiniň içinde öwrenmändir) berip bolar. Olar hakda pikirler, maslahatlar.
5. Edep-terbiýe. Dünýä edebi, türkmen edebi. Däp-dessurlar. Toýlarymyz, sadakalarymyz, yrymlarymyz, olara düşünşimiz.
6. Sowat, ylym, tehnologiýa. Mundaky ösüşler. Sowat näme? Ylym näme? Bu barada akyldarlaryň aýdan zatlary. Çagalar bagy, mekdepler , mugallymlar, maşgala terbiýesi, sowat berilşi. Dünýäde çagalara näçe ýaşdan,nämeler öwredilýär. Olardan bize peýdasy degjekleri, mugallymyň güýji, derejesi hakynda pikir alşyp bolar. Bulary edebiýat, kitap, sungat (kino, teatr, suratkeşlik) bilen baglanyşdyryp bolar.
Ýene-de, pikir alyşyp, bölümler açyp bileris. Ýokarda sananlarymam ýöne kelläme gelenler. Bulary üýtgedip, kämilleşdirip, aýryp-goýup bileris. Bu bölümleriň hersini bir adam boýun almaly, gerek bolsa iküç adam bileleşip etmeli. Her hepde bölüme degişli 1-2 kagyzlyk materialy taýýarlap merkeze iberseňiz, merkezdäkilerem olara bolýa diýip, dizaýnçylara iberse, olaram owal taýýar edilen sahypalara materiallary ýerleşdirse, gerek bolsa birki sany surat goýsa... Şeýde-şeýde ýuwaş-ýuwaşdan bir zatlar boluberer. Ilkibada gowşragrak bolar, kynyrak düşer, soň wagtyň özi işimizi timarlar, kebşirlär, kämilleşdirer. Esasy zat biziň bu iş üçin günümizden 15-20 minut aýyrmagymyza bagly. Bu işi esasan internediň üsti bilen etmeli. Şonuň üçin, internede arkaýyn, aňsat girip bilýän oglanlar bize uly kömek edip biler. Esasy zat, başga birine peýdaly bolmak. Wagt diýlen näme etseňem, ýöne ýatsaňam, top depseňem.... geçer. Men bu iş üçin wagtymy gysganamok, ýöne internete girip çykmak, gözlemek, skaçat etmek kynrak. Emma, hepdede bir gün internedi gowy ulanyp bilýän ýerlere gidip işläp bilerin diýip umyt edýän. Garaz, hany ýene bir azajyk oýlanalyň. Başarmarys diýmek aňsat. Başarmak, başararys diýmegem kyn. Kyn işiň gadyram, bahasam başga bolýar. Iki dünýämiz abat bolsun.Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Goldaýan... başlangyç üçin hepdelik kyn boljak bolsa aýlyk edip bolar.