22.08.12
Her kimiň bir häsiýeti bar. Ýöne olaryň köpüsini bir häsiýet birikdirýär. Olar ýanlarynda ýok adam bilen, mysal üçin, bir wagt dünýeden öten kakasy, daş ýurda okuwa diýip giden ogly, hatda Çingiz Aýtmatyň “Hoş gal, Gülsary” powestiniň gahrymany, garry aty Gülsary bilen tutuş powestiň dowamynda gürleşýär. Beýle gürrüňdeşligi, köplenç bir taraply içdökmegi, onuň eýesinden başga hiç kim bilmeýär. Uly ilde bolşy ýaly, mende-de şu häsiýet bar. Käte uzakly güne uzap gidýän şeýle gürleşmek dünýewi ýaşaýşyňa hiç hili päsgel bermeýär, belki, daşyndan görene biraz oýa batan ýalyrak görünseň görünýänsiň. Durmuşy işleriň bilen meşgullanyp ýörkäň, gürrüňiň arasyny kesip, soň ýene dowam etdiribem geziberýäň. Dogrusy, ýaňy uzakly güne çekýär diýdim welin, meniň gürrdeşligim indi otuz ýedi ýyl bäri dowam edip gelýär. Otuz ýedi ýyl mundan öň bolsa, şu aýyň ahyrynda şahyr Gurbannazar Ezizow dünýeden ötdi.
Bilmedim, onuň bilen özýanymdan, ýüregim küýsäp, ony göresim gelip gürleşip ýörşümi kagyza geçirjek bolmak gerekmi? Aslynda, bu maňa başartmazam. Ýöne şu gün, mümkin güýzüň täsiridir, kagyzy araçy edinip, Gurbannazar bilen Gurbannazar hakynda gürleşesim geldi.
Aklymda köp aýlanýan bir sowal bar – seniň şahyrlygyň nämede? Näme üçin goşgy ýazýan kän-de...
Ýok, men seni arşa çykarjak, öwjek bolamok. Seniň muny halamaýanyňy bilýän, ýöne syryňy açsaň.
Belki, sen şahyrçylyk dünýäsiniň altyn gapysynyň nirededigini bilýänsiň? “Belki” diýýän welin, şol gapynyň açaram jübüňde ýaly.
Sen gysganç däldiň, göribem däldiň. Gowy görýän zadyň paýlaşmakdy.
Hawa, ol syryň, şol açaryň goşgularyňdadygyny bilýän. Şahyryň özi şygyr dünýäsiniň altyn gapysy, açaram onuň kitaplary, şygyrlary...
Goşgularyň içinde ilkinji gowy gören goşgymy ýatlajak bolýan, men o wagtlar 13 ýaşlarymdadym. Sen öýe gelerdiň, goşgy okardyň, agalarymam magnitofona ýazdyrardylar. Onsoň, sen her gün gör, näçe gezek, öz owadan sesiň, täsin okaýşyň bilen bize goşgularyňy okardyň. “Demir kapasada gaplaň ýatyrdy...” diýşiň şu wagtam gulagyma gelip dur. Ýa-da “Gazaply kazy deý, mydam başymda, sagat çot kakyp dur şyk, şyk, şyk...” diýeniňde “Gazaply kazynyň” nämediginem kän bir bilmezdim, ýaşlyk nire, gazaply kazy nire – baglanyşdyrybam bilmeýärdim. Ýöne “Eneler jomartdyr, giňdir eneler...” diýip başlanyp, soňunda-da “Eneň soňky demde günäňi öter, ýöne oň ötdügi saňa jezadyr” diýip jemlenýän goşgyňy okanyňda “jeza” sözünden endamymyň tikenekläp gideni ýadymda.
Bir derwüş köçeden barşyna öňünden çykandan “Ýüregiň barmy?” diýip soraýarmyş. Her kim onuň sowalyny geň görüpdir – “Derwüş! Sen söýgüni sora, akyly, ylymy sora, ýürek nireden ýadyňa düşýär?” diýipdir. Derwüş muňa jogap bermän deňlerinden geçiberipdir.
Hakyna seredeniňde, sende ýürek bolmasa, söýgüň nirede ýerleşsin? Köp kişi bilýändir, öýňüzde açylyp oturan bägüli biri ýolup alyp ysganda “Ony ýolman, egilip ysgan bolsaň, has gowy bolardy” diýeniňi. Ýüreksiz söýgi güli ýolar, ýürekli onuň öňünde egiler. Ýüreksiz ylymdan, akyldanam Alla gorasyn. Ýüreksiz akyl dalmi Hirosimaň üstüne atom bombasyny taşlan?..
Eneň soňky demde günäňi ötende begenç duýgusynyň ýerine jeza berleniň duýgusyny ýaşamak üçin, elbetde, ýürek gerek. Ezraýylyň başyny sypap, oňa nebsiň agyrmagy, deňziň “köpürjikden dörän ýalyny” sypalap, köşeşdirmek üçin ýürekde üýtgeşik duýgurlyk bolmaly.
Sen şol goşgyňda “Agaç ata müner zemine gider. Diňe özi gitmez, beren jebriňi, sütemiňi ýany bilen äkider” diýýäň. SSSR-iň “gülläp, ösen” döwründe, agaç at, diňe günä-sogabyňy ýanyň bilen alyp gidilýändigi nireden ýadyňa düşdi. Enelere berilýän jebir-sütemleriň agyrsyny şeýle çuň duýup bilen adam ýönekeý, ýöntem köp gaýtalanýan sözler bilen däl-de, zemine gitmek, ýanyň bilen äkitmek ýaly depe saçyňy düýrükdirýän mysallary getirer. Muny kesmäge SSSR-iň litiniňem (Döwlet syrlaryny goraýan edara, senzura) eli barmaýar. Seniň ony okaýanyň depe saçyny düýrükdirmek üçin getirmändigiňe-de düşünýän. Sen enäň soňky demde günäňi ötmegini başgaça düşündirip bileňok. Bu bir hal. Ol hala akyl bilen ýetip bolmaýar, muny diňe ýürek duýýar.
Akyl hakynda Möwlana Jelaletdin Rumynyň “Mesnewilerinde” aýdan bir ajaýyp sözi bar: “Akyl batga batanda, ýene ýürek ony batgadan çykardy” diýýär. Ýeseninem bir gezek Maýakowskä “Sen bir zat üçin şahyr, men bir zat sebäpli” diýipdir.
Ýene bir zada haýran galdym. Bir jaýda dutar çalynýan bolsa, oturan ýigrimi adamdan bäşisi ony hakykatdanam diňleýär, bäşisi diňe başyny yraýar, bäşisi çalynýan sazyň adyny bilmegiň derdinde, bäşisiniň bolsa gulagynyň (ýüreginiň) nirededigem belli däl.
“Eneler jomartdyr, giňdir eneler...” Eneler hakynda goşgy ýazylanda “mähribanym”, “şirin janym”, “ak süýt berip emdiren” diýen ýaly sözler ulanylýar. Jomartlyk – baýlyk bilen, baý bilen baglanyşýan söz ahyryn. Emma şol setirdäki “jomart” sözüni islendik başga bir söz bilen çalyşjak bolup görýän – gelşenok. Gaýta ýadyma Magtymguly Pyragyň “Kyýamat güni jomarda dowzahdan zyýan ýetmezmiş” diýen setirleri düşýär. Seni Magtymguly bilen deňeşdirjek bolmaýanymy, deňeşdirjek bolsalaram halamaýanymy bilýänsiň. Emma, bu iki şahyryň arasynda gaty çuňdan gaýdýan sazlaşygyň bardygyny duýýan. Ýa-da “çuň” diýýänim, derwüşiň soraýan ýüregimikä?
“Ýürek saz çalanok, ýürekde joş ýok” hem diýýäň. Bu seniň, düşünene, “Goşgularym ýüregimiň sazy” diýdigiňmi? Aslynda, ýüregiň sazy salynmadyk setire goşgy setiri diýmäge diliň bararmy?!
Bir gezek Tokar Tugurowyň ussahanasynda otyrkak Tokar: “Näme üçin Gurbannazaryň setirleri hiç sebäpsiz, ýöne birden diliňe geläýýerkä? Ony içiňden gaýtalanyňam duýman galýaň. Başga şahyrlaryňka beýle däl. Ýogsa, Halyl Kulynam, Italmaz Nurynam... beýleki şahyrlarymyzyň goşgularynam gowy görüp okaýan” diýip sorady. Muňa öz aramyzda “Gurbannazar – şahs, şahsyýet” diýip jogap berdik. Şonuň bilenem ikimizem kanagatlandyk. Bu gün munuň sebäbini ýürek bilen baglanyşdyrasym gelýär. Men ýürek diňe her kimiň öz bedenine dirilik berýärmikä öýderdim, emma, ol özüniňkiden beter iline dirilik berýän eken. Seniň nury töweregi ýagtyldyp duran ýüzüňi görmänime otuz ýedi ýyl geçipdir, ýüregiň urgusyny, dogrusy, sazyny, owazyny welin, häzirem eşdip durun. “Ýöne az ýalňyşsyn menden soňkular” diýýäň-ä, menem saňa öýkünip “menden soňkularam seniň ýüregiň sazyny eşder durar” diýäýeýin?! Yzyndan “Bu akym bir durmasyn” hem diýesim gelýär. Dogrusy, seniň diliňde gürläsim gelýär.
Sen gitdiň, bizem oglanlykdan saýlandyk. Doglan günüň bilen baglanşykly dabaralara, duşuşyklara çagyryp başladylar. Sen: “Urşy ýatlamak kyn, ýatlamazlyk kyn” diýýärdiň. Maňa-da sensiz sen hakyndaky duşuşyklara gitmek kyndy, gitmezlik ondanam kyn. Her gezegimde diýen ýaly, seniň kimdigiňi, nähili adamdygyňy düşündirjek, suratlandyrjak bolup: “Gurbannazar öýe girende, içerde elektrik çyrasy ýanan ýaly bolardy. Onda şeýle nur bardy” diýýän. Bu owadan meňzetme däl – hut öz başymdan geçiren duýgym. Sen näçe gezek bize gelen bolsaň, şonça gezegem içerde çyra ýanan ýaly bolýanyny duýupdym. O wagtlar oglandym, yşyga, nura duýgur ýaşymdadym, arassa ýaşymdadym. “Arassa diňe arassany görer” diýýändirler.
Ýok, Gurbannazary ot ýaly dogumly ýigit görnüşde göz öňüme getirip bilemok. Ýogsa “siňegini gorap bilmän oturan myllyk” diýilýändenem däldi. Ot bolanda ýalyn bar, ýakmak, ýandyrmak bar. Nur welin, başga. Onda oduň ýagtysy ýalam däl, başga bir ýagty görünýär. Ýaşy togsana ýetip barýan, garryja, nurana enelerde ýa-da iküç aýlyjak bäbek ýylgyranda ýa-da bedew at täsin ýöriş bilen ýola sygman oýnap gelýärkä şol nur has aýyl-saýyl görünýändir. Ol ýagty gözüňi gamaşdyrmaz, gaýta, birhili daşyňa dolanan ýaly bolar. Ýürekden çykyp, göni ýürege barýan nur. Onuň öňünem hiç zat bekläp bilmeýär. Bu nuruň gözbaşyna ýetesim, oňa düşünesim gelýär.
Maddy zat barada ýazylan şol maddy zadyň könelmegi bilen könelýär, ýitmegi bilen ýitip gidýär. Mysal üçin, öňler “işçiler, kolhozçylar” temasyndan şygyrlar, romanlar ýazylardy. Indi ol zatlar ýitip gitdi, olar özleri hakynda ýazylan “eserelerem” ýanlary bilen äkitdiler. Emma, Magtymgulyny rus diline iň şowly geçiren hasaplanýan şahyr Arseniý Tarkowskiniň ogly Andreý Tarkowskiniň ynsanyň ruhy dünýäsi barada çuň oýlanmalara salýan, Magtymgulynyň goşgularynyň sesi eşdilip duran filmleri dünýä meşhur. (Haýran galaýmaly, olam “Adam ölýär, ölensoňam çüýräp gidýär. Ruham adamyň oýlap tapan toslamasy” diýen ideologiýanyň “pajarlaýan” döwründe ýaşap geçdi.)
“Otlar olaň aýagyna çyrmaşar, “Saklan diýýän ýaly, mähriban adam...” diýen setirleriň ýadyma düşýär. Halnabat gelneje gürrüň beripdir: “Onuň ýatan ýerine gitdim, üstüni-töweregini arassalaşdyrdyp, guran ot-çöpleri aýyryşdyrdym. Öýe gelsem üstüme şol ot-çöpler ýapyşyp gelipdir. Olary ýeke-ýeke aýyryşdyryp oturşyma “Saklan diýýän ýaly, mähriban adam” diýýän setirlerini içimden gaýtalanymy bilmän galypdyryn...” Sen bu setirleriňi mähriban adamyň, ýanýoldaşyň gelip guburyňy ot-çöplerden arassalajagyny bilip, otlaryňam oňa çyrmaşyp, yzyndan galmajagyny duýup ýazdyňmy? Bu setirler adamyň ruhundan ruhuna, ýüreginden ýüregine barýan nura meňzeýär. Bu setirlerde dünýä bolan garaýyş, ynsan ömrüne serediliş başga. Bu adaty şahyranalyk, gepe çeperlik, söz ussatlygy däl. Özüňi dünýäniň daragtynyň ýapragy diýip duýmasaň “Men – dünýäniň daragtynyň ýapragy” diýip ýazyp bolmaýar. Söz owadanlap bolar, gepeçeperlik görkezip, söz ussady diýdirip bolar, emma, “Bir seň bilen bakylyk bardyr hem şoňa düşünýän şahyr ýüregim” diýip bolmaýar. Munuň üçin, megerem, şol derwüşiň gözleýän ýüregi gerek bolaýmasa.
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Bäh, Gurbannazar Ezizowa öňdenem haýranlygym bar, tanamak islärdim, iň bolmanda ony gowy düşinýän sizleri tanaýandygymyza begenäýmesek. Ýogsam ondaky ol ruh, ol ýürek hemme ýerde tapdyranogam. Ony diňe öz dertdeşleri düşinäýmese...