28.09.12 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

28.09.12

Sentýabr 28, 2012 | 0 teswir | 873 okalan

Düýn Myrat Orazyň kinosyny gördük. Ssenariniň biziňkidigini ýazypdyrlar. Kinoň adyna çenli üýtgedipdirler. Biziň ssenarimizden galan zat gaty az. Myradyň özi gaty köp zatlary goşupdyr, köp zatlary aýrypdyr.  Beýdilmegi bilen kino gowy çykypdyrmy, ýokmy – ony tomaşaçy çözmeli. Ýöne ýeser ýeri niresi Myradyňky, niresi biziňki – muny diňe ssenarini okanlar biler. Operatoryň işini gaty gowy gördüm. Baş gahryman (ssenara görä, kinoda ikinji gahryman) Baýramy oýnaýan oglanam erbet däl. Umuman, kino hakynda biziň pikirimiz köpleri gyzyklandyrýar. Sebäbi bu ýerden oduň, öýke-kinäň, duşmançylygyň ysy gelýär. Bu-da köp kişi üçin kinodan gyzykly. Emma, bir kino nähili bolanda-da beýle edeniňe degýärmi? Enteg-ä kino umuman beýle erbet bomandyr. Garaşanymyzdan kän gowy. Ýöne Myrat Orazyň öz aýdyşy ýaly “Her kim öz kryşasyna çenli bökýär. Ondan ýokaryk böküp bolanok.” Sen onsoň bir adam elinde baryny edip, iň soňky “kryşasyna” çenli bňkenden soň, oňa dodak çöwürip, at dakmak ýalňyş. Ol başaranyny edipdir. Ýekeje gynandyrýan ýeri, biziň bilen maslahatlaşybrak işlän bolsa, ýitiren zady bolmazdy. Olam näme, bizi tananok, belki, özdiýenli, hötjet adamlardyr öýdendir. Biz şolara meňzemänäm duramyzok. Niçigem bolsa, ssenarini nternetde goýasym gelýär, munuň üçin hiç kim öýke-kine eder öýdemok. Ssenari nähili bolýar, kino nähili bolýar – bolmanda, şony öwrenip bolar.

S. Lem bilen Tarkowskiniň “Solýaris” kinosynyň üstünde öýkeleşendiklerini bir wagt okapdym. Ssenariý “Solýaris” däl, biz Lem däl, Myradam Tarkowskiý däl, şonuň üçin öýke-kine edişmek akmaklyk. Indi kinolaryň aladasyny etmeli. Bile işleşmegiň ýollaryny gözlemeli. Ssenaride goýberilen ýalňyşlyklar, kemter gaýdýan ýerleri barada pikirlenmeli. Bu işem öz ýerinde, özünden edilen “talaby” ödär. Talap biraz ýöntemräk bolupdyr, oňam zyýany ýok. Kinony gürrüň beresim gelenok. Bahym efire bererler, görersiňiz. Gyzyklanýanlar üçin ssenarini “ekizler2-iň” “Kitaplar” bölüminde faýl şekilinde goýýan.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.