03.10.12
Ýylam gutaryp barýar. Täsin ýyl boldy. Janly geçdi. Öňki edenlerimiň açylan ýyly diýsemem boljak. Muhammet (Oglan bagşy) ýanymdan gitdi. Üç töweregi bizde ýaşady. Ýene bir ýyly galanda-da gitdi. Indem yzyna gelesi gelýär, menem islämok. Gelin edindik, öý daraldy. Boş otag ýok diýsemem boljak, emma, şonda-da sygyşyp bolardy. Häsiýet köp zady çözýär. Ahyretde-de çözjekdigine ynanýaryn. Alla şol oglan sebäpli meni günäkär etmesin.
Kino meselesinde-de ýüregim düşüşdi. Birhili Alla ýörite bize Myrady režissýor eden ýaly görüp başladym. Başga biri onuň edenini edip bilmezdi. Kinostudiýaň kuratory Toýlynyň dili bilen aýtsam, “Ol döwrüň pulsuny tutup bilipdir.” Mundan gelip çykýan many, bize bir basgançak berildi, öňküdenem yhlasly işlemeli. Etseň netije çykýar. Ýaltalyk etmeli däl.
Şu günler özümi gowy duýýan, ýüregim giňedi. Töwergim ýagtylyp, reňkler köpelen ýaly. Ruhumyň dar dünýeden daşyna çykasy gelýär. Belki, şahyrçylyk eden bolsam, gowja goşgular ýazardym. Öň her bir zady, her hereketi mejburylyk saýýardym, özüme dert hasaplaýardym. Belki, bu “E-S-yň” Gurbannazar hakda ýazanjalarymy çap edenindendir. Bilmedim. Edil diňe şondanam däldir. Niçigem bolsa, Allaha şükür. Alla adama oglanka oglanyň göterip biljek ýüküni urýandygyna, garransoňam garrynyň hötde gelip gelip biljek ýüküni urýandygyna ynanýaryn. Şonuň üçinem, eger ýükden ýegşerilsem, öz bigaýratlygym.Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.