04.10.12
Ýakynda jaýymyň daşyny suwadylar. Içiniňem suwagy gopan ýerlerini bejerip, täzeden reňklediler. Täze jaý ýaly boldy. 12 ýyl mundan owal, ýykylýan jaýlaryň arzan materiallaryndan, arzan sementdir, çagylyň hasabyna gurulan iki gat jaýym indi tanar ýaly bolmady. Mergen ikinji gatda öňi tutuş penjireli, uly eýwanly boldy. Goňşularyň biri degişip: “Gowy bolaýýardy, bärini salgy beremmizde, iki gat daşy suwalmadyk jaý bardyr, şondan saga ýa çepe” diýip näbelede salgyberýärdik” diýýär. Hakykatdanam, suwag eden wagtlary kerpiçleriň arasyndan bir ýylan çykdy. Ýarganatlaryň ol jaýryklarda höwürtge edinendiklerini-hä açygam bilýärdim. Öýdäkiler “Jaýymyz jaýa meňzedi” diýýärler. Emma, iki gat, beýik jaý görenimizde biziň akylymyza ilki bilen haram gazanç gelýär. “Il nähili pikir etse edibersin, sen Allany bil” diýip özüme teselli berýän. Hawa, ahyret hasabynyň bardygam gowy zat. Emma, ahyrete çenli nähili ýaşamaly? Bu jaýyň materiallarynyň köpüsiniň Bekrewäň ýolundaky, ýykylan öňki dälihanaň materiallaryndan salynandygyny nädip her geçene aýdaýyn, nädip muňa ynandyraýyn. Indi düşünýän Pygamberimiziň näme üçin gaty boýrada ýatyp-turandygynyň sebäbine. “Islemezmisiň, eý, Omar, ahyret biziňki bolsun, dünýä olaryňky!” Başaryp bildigiňçe ýönekeý ýaşajak bolmaly. Hawa, ynsan seni eşigiňe görä garşylaýar, ýöne ugradanda... Bu meselede deňagramlylygy saklamak juda kyn. Alla bize kömek etsin. Halal gazanç bilen, bäş wagt namazly, çagasyny ekleýän, gurply ýaşaýanlar köpelýär. Inşalla, bahym bizem gymmat bahaly maşynly adamy görenimizde ol hakynda ters pikirler etmegimizi doly taşlarys. Dogrusy, meniň jaýymdan has kaşaň jaýlar töweregimizde köp, beýle bir göze-de ilýän däldir, emma, şonda-da göwnüme geldi-de ýazaýdym.
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Şu mesele meni gaty köp oýlandyrýar. Pygamberimiziň (s.a.w.) we Hz.Ebu Bekriň, Hz.Omaryň, Hz.Alynyň (r.anhum) ýaşan durmuşlary belli. Hz.Omara şeýle rahat bir durmuş teklip edilende, her gezek, meni dostlarymdan (Pygamberimiz we Hz.Ebu Bekr) aýyrmak isleýäňizmi?! diýýän eken. Çaryýaryň içinde diňe Hz.Osmanyň r.a. täjirçilik bilen meşgul bolup şol tarapyndan göze düşen biri. Aslynda Pygamberimiziň we Çaryýarlaryň, hemmesi täjirçilik işinde gaty ýaş wagtlaryndan ökdedigi belli. Mekgede hormat görýän bir maşgala bolýalar. Ýöne Yslamyýetiň gelmegi bilen, bütin barlyklaryny şol ýolda sarp edipdirler. Ondan soňam "zahyd" durmuşy ýaşapdyrlar. Ýagny dünýäni ýüreklerinden çykaryp taşlapdyrlar. Dünýä garşy öýkelek bir durmuş. Durmuşyň daşynda, emma aslynda merkezinde bir durmuş. Hz.Osmanyň onça baýlyklary bolsa-da özi üçin däl-de ýene-de Yslamyň ýolunda ulanmak üçin üýşirendigi hem belli. Sebäbi 500 düýesini ýükleri bilen bile bu ýola beripdir. Öz ýaşaýşy bolsa, sadaja. Garaz, Pygamberimiz we Çaryýarlaryň hemmesi sada bir durmuşy öz erkleri bilen saýlap ýaşapdyrlar. Ölenden soňam miras hökmünde köşg ýa-da başga bir zat goýmandyrlar. Bolsady şuwagt musulmanlary ol köşgleri aýap saklardylar. Emma ýok. Ymamy Agzam Ebu Hanypanyň, Abdulkadyr Geýlani hezretleriniň hem täjirçilikde gaty başarjaň ekeni, uly kerwanlary, gämileri bardygy belli. Ýöne weli ýaşaýyşlary gaty sada. Indi, biz kimi mysal almaly? Aslynda bu soragyň jogaby hem belli... Ýöne nebs nebs bolýar, oýlanýar, köp oýlanýar...