01.02.12. | Gündelik | Hydyr Amangeldi

01.02.12.

Fewral 01, 2012 | 0 teswir | 929 okalan


Aslynda hekaýa, goşgy ýazaryn diýen pikir, oňa höwesimem ýokdy. Gurbannazary ölemen diňlesemem, ýazyjylyk-şahyrlyk kärine bihepbäň pişesi diýip düşünýärdim. Munuň sebäbini düşündirjek bolaýyn. Megerem, Magtymguly ýa-da Dostoýewskiý ýaly ýazmak asla her kime ýetdirjek bir zat däl, şonuň üçin biderek salgyma kowalaşan ýaly, biri ýazypdyr, ýazýar diýip ýazjak bolup, özüňi kösäp ýörmegi bihepbelik hasaplan bolaýmasam. Emma, birden özümem şol “bihepbelerden” boldum oturberdim. Ekiz taýym Ylýas mekdepde okaýarka-da goşgy ýazýardy. Meniň kellämde esasan at bolansoň, onuň bu pişesine ünsem beremokdym. Ýöne bir gezek mekdepde okaýarkak Ylýasyň Şekspirden eden (sonetler) terjimelerini alyp Gurbannazarlara gidipdim. O-da ýöne ýoldaş. Gurbannazaryň Ylýasyň terjimelerini öwmegem mende “Menem ýazaýyn-la” diýen pikiri döretmändi. O wagtlar goşgy setirlerini sanan ýaly içimden seýisleriň, çapyksuwarlaryň, atlaryň atlaryny sanaýanymy bilýän. Muny hiç kime bildiremokdym, içimden welin, gaýtalar ýörerdim. Soň selhozy gutardyk. Ylýas gazetemi, žurnalamy işe girdi. Korrektor bolup. Hawa, “Tokmak” žurnalyna giripdi. Menem ilki komsomla (3 aý işledim) soňam tohumçylyk stansiýasyna işe girdim. Ol stansiýada-da 6-7 aýdan köp işlemedim. Şol döwürler öýlendim. Ylýas her gün gelip žurnalda bolýan zatlar hakynda gürrüň berýärdi. Men şol döwürler şeýle bir gyzygyp Şukşini okaýardym. Megerem, Şukşiniň täsirinden bolsa gerek, Ylýasa birki hekaýaň wakasyny gürrüň berip ýazsana gazýete diýdim. Olam etmedi. Näme üçin bilemok. Hä, bir gürrüň beren zadymy “Pioner” gazýetinde hekaýa edip çykarypdy. Ýöne meniň gürrüňimden, Ylýasyň ýazanlaryndan derek goýman, üýtgedişdirip çykarypdyrlar. Men bir itini atýan adam hakynda bir waka düzüp gürrüň berdim. Garaz bir urşa gidip gelenn ýaşuly garrap, bugün-erte öljek  itini azapdan dyndarmak üçin atýar. Şonda-da, “dostumy okuň aşagyndan alyp çykypdym, emma seni ajaldan gutaryp bilemok, bagyşla” diýen manyda bir zatlar aýdyp soňam itini atýar. Ylýas muny ýazmady. Meň welin hiç akylymdan çykmady. Oglankak bir gowy türkmen itimiz bardy, gaty gowy görýärdik. Soň garrap öldi. Megerem, şoňa gynanjym ýadymdan çykan däldir. Şeýdip muny ýazdym. Başly-barat bir zat boldy. Hatda şony (ömrümde ýekeje gezek) Çary aşyra-da görkezipdik. Kim muny etdi, megerem Baýramguly agam bolaýmasa. O-da gaty gowy gidýär-de bulaşdyraýýar soňuny diýipdir. Men özüm-ä barmandym. Barjak däl diýmedim, ýöne mümkinçilik bolan däldir-dä. Bu hekaýany Ahmet Gurbannepesem okapdy. Soň Çary Aşyryň başdan gowy başlaýar diýmesinden göterildimmi ýa-da soňuny bulaşdyrýar diýeni çetime degdimi ýene bir hekaýa ýazdym. Muny Ahmet Gurbannepes gowy gördi. Bu-da “Edebiýat we sungatda” çykdy. Şu wagt indi näme üçin ýaz-poza başyňy goşduň diýseler anyk bir zat aýdyp biljek däl. Ýöne hekaýalar akylyma gelenden soň, hiç unudyp bilmeýärdim. Şukşini, Pasputini, Astafýewi okadygymça-da şolaryňka çalymdaş hekaýalar akylyma gelýärdi. Bir akylyma gelen pikiri bolmadyk zatlry düzüşdirip aýdyp bermäge, ýazmaga başarnygym azda-kände bardy. Emma, o ýazyjylardan göçürmeýärdim, meňzetjegem bolamokdym. Megerem meňzeýän bolsa-da äheňi meňzeýärdi. Dogrusy, gepe çeperlik, wakany owadanlap gürrüň bermek ussatlygy kakamda bardy. Kakam gürrüňçil adamdy. Gürrüň berende edil ýanynda ýaly, özem wakaň içindäki adamlariň hersine meňzedip gürläp, öýkünip gürrüň berýärdi. Edil teatr ýaly edýärdi. Uly-kiçi kakamyň gürrüňlerinden aýrylyp bilmeýärdi. Bir gezek oglanjykkam 5-6 ýaşlarymda kakam bilen bir ýaşula Göroglyny okap berip otyrdym. Şonda kakam “Görogludaky” “gamyş kimin galdyrap, simap kimin sandyrap” diýýän ýerini okamda. “Bäý edäýşini” diýip, ýoldaşyna muny gaýtalapdy. Meňem muňa haýran galanym ýadymda. Şondan soň okamak bilen okamagyň, okaýan bilen okaýan, diňleýän bilen diňleýäniň arsynda parhyň kändigi barada, belki, ilki gezek pikir edendirin. Bu zatlaryň meniň üçin edebiýat sapagy ekendigini näbileýin. Indi edebiýat hakynda. Edebiýata düşünşim. Ondan kimiňki, özümki bolsa-da edýän talaplarym hakynda aýdaýyn. Ýöne ertir.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.