15.10.12.
“Gündeligiň” ady gündelik bolup barýar. Näme üçin?
Öwrenişdikmi? Ýa-da günler birsydyrgyn, üýtgewsiz, “gyzyksyzmy?” Bilmedim. Ýöne
esasy sebäp ýaltalyk bolaýmasa. Adam bir sagatda sarp edýän güýjüni dört
sagatda yzyna gaýtaryp alyp bilýärmiş. Diýmek, bir sagat işleseň, dört sagat
ýaltalygyň “hözürini” görmeli. Bu gaty elpe-şelpelik bolýar. Meniň ýaly baryp
ýatan ýalta-da muňa razy bolmasa gerek. Ýöne 15 min. işlesem kelläm ýadaýar.
Azyndan 15 min. dynç almaly bolýan. Onsoň, ýarym gün işläp bilsem zor boldugym.
Bahana-da welin, saglygymam öňküsi ýaly däl. Niçigem bolsa, gaýrat etmeli.
Dogrusy şu ýyl bir ssenariý alyndy, beýlekisi täze ýyl alynjak. “Çomuçyň...”
yzyny ýazyp başladym. Öý-içeri aladalary, ogul öýermek – bularam üstüne.
Niçigem bolsa, beýle ruhdan düşere esas ýok. Elbetde, birazajyk köpräk
kompýuteriň başynda oturyp bolsady. “Rubine” gyzygmakdan öňräkden bari sowap
ýörün. Diňe ukudan basylýan hemem TW biraz alyp ýatýar. “Çužoýo lissony” okaýan
welin, olam agyr täsir edýär. Megerem, yzyny okaman taşlaýmasam. Öňem iki gezek
okapdym welin, beýle agyr täsir etmändi. Dünýämi daraldýar. Bar zat manysyny
ýitirip barýar. Emma, okamadyk adama bir gezegem bolsa okamagy maslahat
bererdim. Az okaýas, bahym ýadaýas, hiç zada hyjuwly höwesimiz ýok,
başlaýas-taşlaýas – bular diňe meň kemçiligim däl, köp kişiňki ýaly bolup dur.
Aý, beýle-de däldir. Öz ruhy halyň nähili bolsa, dünýä-de şol göz bilen bakýaň,
şol göz bilen görýäň. Meniň ýaly bir bolmaň, “joşguňyzy” ýitirmejek bolaweriň.
Ortada ýatan daşy ýoluň gyrasyna geçireliň welin, Allaň ýaradan dünýesine,
adamlaryna, ahyretine peýdaly iş etjek bolalyň. Goý, dört sagat dynç almaly
bolsa alalyň, ýöne bir sagat erkek ýaly işläliň.
P.S.
Arman internete girip bilmedim, pulum gutarypdyr ýa-da men gysganç
bolupdyryn...
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.