16.10.12 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

16.10.12

Oktýabr 16, 2012 | 0 teswir | 980 okalan

Öýde Muhammetden galan bir gowy surat bar – Pürli agaň garransoň, ölmeziniň öň ýanlary alynan suraty, dutaryny dik tutup, sapyna ýapyşyp otyr. Gaty gowy surat. Seredişi başga. Nämedir bir zada özüni bagş eden, şol işinde-de ýokary mertebelere ýeten adamyň bakyşy başga bolýar. Ýarym-ýalta, manysyz, boş... däl. Wepadarlyk – bu uly zat, belki, gahrymanlykdyr. Gahryman sözüni halamasamam başga söz tapmadym. Özüm 4-5 ýyl edebiýatdan daşlaşdym, oňa biwepalyk etdim, çöregimi başga zatdan gözlejek boldum, dogrusy, ondan ýüz öwürdim welin, häzirem şol ýyllaryň yzyndan ýetip bilemok. Woznesenskiniň “Otwernis, uznat ý tebýa žaždu...” (Aňryňa bak, tanasym gelýär seni...) diýip bir setiri bar. Belki, menem ondan ýüzümi öwrüp, özümi tanandyryn? Häý, özümi tanasam adam bolaýmajakmy? Niçigem bolsa, edebiýatsyz ýaşap bilmejegimi bildim. Şolam köp zat eken, özüňi tanamagyň ýarsy bolmagam mümkin. Alla şükür. Öňler edebiýat meniň üçin maksatdy. Indi maksadyma ýetmek üçin basgançak. 

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.