29.10.12
Gurbanlygam geçdi. Barça musulmanyňky, içinde biziňkem kabul
bolsun! Şular ýaly baýramlar seniň adam däl-de adamzatdygyňy has ýiti
duýdurýar. Özüňi adamzat diýip duýmak uly zat. Belki, agyrdyr, belki, kyndyr,
belki, “Ýeke özüň söýüp ýörseň kyn düşjek ekeni...” diýdirýän ýeke-täk
duýgudyr?! Emma, mesele onda däl, mesele şol duýgynyň her bir adamda
bolmalydygynda. Muny her kim özüne görä (kimi bir pursat, kimi ömürlik)
göterýär.
Ylýas
bilen welosipedçiler hakynda ssenariý ýazýas. Bir wagtlar beýle temalary ownuk,
kiçijik hasaplardym, emma, suwam uly ýap bolýança ilki kiçijik aryk, soň ýap,
soň derýa bolýar. Bu öz-özi bolmaly zat, sen yhlasyň bilen bu zatlaryň pikirini
edere-de eliň degmeli däl welin, nätjek eline galam alan özüne geniý diýip
başlaýar-da. Gurbannazaryň “Pioner” žurnalynda çykan ilkije goşgularyny okap,
onuň “Säher tutrup syl ýüzüňe dünýäni” diýjek şahyrdygyny bilip bilmersiň, muny
belki, onuň özem şol wagtlar bilen däldir. Esasy zat, ruhuňa ikilik etmeli däl,
mynapyklyk etmeli däl. Ýüregiň bir zat diýip durka, eliň başga zat diýse, soňa baka,belki,
ýürek diňlenmänsoň diýmesini goýýandyr. Beýle ýazyjylaryň, şahyrlaryň, kompozitorlaryň,
hudožnikleriň döreýändiginiň sebäbem olarda maksadyň ýoklugy bolsa gerek. Sebäbi
kiçijik, wagtlaýyn maksatlara maksat diýip bolmaýan eken, olar salgym eken. Salgyma
kowalaşsaňam – gutardygyň, saklanyp bolmaýar.
Her
gün güündeligi açýan bardyr, kä ýarym 2-3 günden açýanam bolsalar, hiç zat täzelenmändigini
görüp, “Nädýär-aý, bular?” diýip käýinýän bardyr. Gowsy, aýda bir açyň, şonda birki
sany täze zat gerersiňiz diýip umyt edýän. Başda “gündelik” diýmän, “Aýdalyk” diýmeli
eken. Bizem özümizi tanamyzok-da. “Bizem” diýýän welin, Ylýasam ýazyp gönendirmeýän
ýaly. Bagyşlarsyňyz-da. Boş durmasyn diýip, boş zatlar ýazmajak bolýaň, her günem
(doly diýmäýin ýarpyň ýarsam çykanok) eýgerdenok. Gurbannazar hakda ýazanjamyň yzyny
ýazasym gelýär. Kelämde suduram bar welin, başyna baryp bilmän ýörün. Saglygam bir
ýanymdan alyp ýatýar. Garaz, garraňsoň, bahana köpelip, iş azalýar eken. Tolstoý,
Dostoýewskiý nädip işläpdir – men haýran. Şonuň üçinem olar hakykatdan geniler,
biziň ýaly zoraýakdan ýasama ýazýançylar däl-dä.
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Hepdelik diýseňizem bolar. Aýda dört gezek bolýar. Ne saňa, ne maňa, aralyk bolýar.
Arasynda girip okaýarys. Saýty hem indiki gireniňizde barlap görseňiz belki işlär. Käwagt şeýdýär ol.