31.10.12 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

31.10.12

Oktýabr 31, 2012 | 1 teswir | 967 okalan

Eý, günleň geçäýşini!!! Bu günler meni bir ýerlere alyp barýar. Onda-da elimden çekip, howlukdyryp, ylgadyp. Ýagşylygadyr inşalla. Çünki, aýak diräp, gitmejek bolamok. Geçýämi, begenýän. Ajalyma bolsa-da, Mekge-Medinä bolsa-da – begenýän. Nejip Fazyl “Her gapyda müň aglap/ Soň gapyda ýylgyrsam” diýýär-ä. Şu dileg gaty gowy dileg. Birem hezreti Ebu Bekiriň dilegi bardyr: “Eden işlerimiň iň haýyrlysy soňky edenlerim bolsun, iň gowy günüm Saňa gowşan günüm eýle!”

Bu günüm Gurbannazaryň suratlaryny görmek bilen başlandy. Düýn Ylýas alyp geldi. Agşam iki bolubam gördük welin, bu gün irdenem kompýuterimi açsam, suraty ýalpyldap dur, özem ýylgyrýar. Mekdepde gutardyş ekzamenleriniň öň ýanlary alynan bolarly. Mekdebimiziň sport zalynyň öňünde alynypdyr. Olaryň duran ýerine çenli gözöňüme gelýär. Öten agşam Kemalyň öýüne baryp gaýtdym, gaýdyşyn mekdebimiziň deňinden geçmeli boldy. Ýagyş ýagýar, alagaraňky, ýykylan mekdebimiziň ýerinde bir zatlar saljaklar... Gynanara zat ýok. Dünýäň gurluşy şeýle – “Ýykylmak üçin gur, ölmek üçin dogul!” diýlip gargalan ynsan biz. Allanyň gazabyny!!! Gorkýan. Gazabyna duçar etmesin...

Teswirler (1 sany)

Dowlet:
01 Noýabr, 2012

Ýaşlykda gorky umytdan bir ädim öňde bolmaly, garralykda umyt gorkydan bir ädim öňe geçmeli. Hz. Ymam Gazaly

Ölüm wagtynda bolsa dolylygyna umyda baglanyp gitmeli...

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.