02.11.12 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

02.11.12

Noýabr 02, 2012 | 1 teswir | 1069 okalan

Düýn ilki noýabryň 1-i diýip ýazyp başladym, soň, görsem, komýuterim 31-ini görkezýär. Öýläne ýakyn, hakykatdanam, düýn aýyň 1-i ekendigini bildim. Günlerim biri-biriniň aýagyna çolaşýar, bitirýän goşumam ýok diýen ýaly. Ylýas düýn ssenarini (welsepidçiler) kinostudiýa eltip beripdir. Derrew okamak üçin paýlaşdylar diýýär. Kinistudiýadan çykanda Myrat Orazy görüpdir. Onuň keýpi kök diýýär. Maksadyna ýeten adamyň elbetde, keýpi kök bolar. Ylýasdan indiki elten ssenarisi hakynda gyzyklanypdyr. Ylýas “Welsopedçiler hakynda” diýse, “Baý, tapýaňyz-aý” diýipdir.

Ýene-de Gurbannazar ýadyma düşýär. Suratlaryny açmadym. Açsam köp wagtymy alýar. Näme üçindir “Şeýdip çüýrük merdiwana çykarlar” diýen setiri köp aňymda gaýtalanýar. Mümkin, men Gurbannazary kultlaşdyrýandyryn, emma dirikä has gowy görenimi, onuň öýmüze gelerine hemişe garaşyp gezenimi aýdyp bilerin. Häzir ol şol gapymyzyň öňünde dur, ne girýär, ne gidýär. Ne men onuň gapymyzyň agzyndadygyna begenýän, ne-de onuň içerik ýylgyryp girip bilmeýänine gynanýaryn. Birhili Gurbannazarly wagt doňup duran ýaly. Näme üçindir kitabyny gaýtadan elime alamok, ýogsa ýakynda “Saýlanan eserler” kitabyna kitaplarymyň arasynda duşdum. Men owal özümde onuň ýekeje kitabam galan däldir öýdýärdim. Onuň tötänlikden öňümden çykmagy, tötänlik däl. Ony okamaly, ruhuna girmeli. Şeýtmesem ýaltalyk, islegsizlik, wagty boş geçirmek şeýtanlary daşyma geçýär. Ömrümde şeýle gowy gören adamymyň bardygyna, hawa, bardygyna begenýän. Şeýle adamlar biziň ýolumyzyň çyrasy, ýogsa tümlük bolardy. Alla ynsana pygamber iberip nähili ýagşylyk edýär. Olaryň yzy kesilmesin diýibem nusgalyk adamlary iberýär. Olaryň ýagtysy biziň ýolumyzy ýagtyldaýar. Olaryň ýagtysy has ýagtylara eltýär, ýüregiňde iman, many, maksat, ideal ýaly tapylgysyz gymmatlyklary döredýär. Şeýle baýlygy bolmadyklar köşkde otursalaram garybyň garybydyr, mätäjiň mätäjidir, erbet ýerem munuň şeýledigini olaryň özleri bilmeýärler, çüýrük merdiwana çykýarlar, boş, ýitip gitjek wagtlaýyn salgymça-da bolmadyk zatlara maksatdyr, manydyr öýdýärler.

Teswirler (1 sany)

Nazar:
03 Noýabr, 2012

Çyndanam bu günler hemme kişi Gurbannazar diýip ýatyr. Ol mynasypdyr ony halk çözýär. Kultlaşdyrmagam oňaramzokmyka diýýän. Çyndanam oň işleýiş ýa-da ýazuw stilini ýa-da pelsepesini öwrenjek bolup ýatan ýok. Bir tarapdanam şahyrlykdan çykyp moda öwrülip gitmese ýagşy. Birinjiden-ä diňe belli goşgulary okyjylaň arasynda ýaýraýar. Gurbannazar agada (Maňa seniň gözleriňden gitme ýok), Kerim agada (Meniň ýigit wagtym seniň gyz wagtyň) ýa-da Myhmançylykda aýdylan tost diýen ýaly şady-horramlykda aýdylmaly hasap edilýän goşgulara üns berilýär. Umuman beýleki goşgulary kän bilýän ýok.

Komediýa zadam ýazsaňyz gyzykly bolardy. Ssenariý ýazmak işinde örän gowy kompýuter programmalar bardyr. Şolardan peýdalanýaňyzmy? Siziň işleriňizi örän aňsatlaşdyrar diýip pikir edýärin. Celtx we Final Editor atly programmalar bar eken.

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.