05.11.12
Bu
gün kinoň gonorarynyň awansyny berdiler. Ogullar, iniler bolup bäş kişi hezil
edip dynç aldyk. Arak ýok, emma, şeýle hezil boldy. Birtopar kemyrsgallara-da
“ýörüň” diýdik, etmediler. Tokary, Gurbannazary, Babpany küýsedim. Olar seniň
begenjiňi hezil edip paýlaşyp bilýän oglanlardy. Begenjiňi paýlaşmak, seniň
bilen deň begenmek, gynanjy paýlaşandanam kyn iş eken, her kimiň elinden geljek
zat däl eken. Gynanaňda, näme, öz ölüleriňi ýatlabam ýüzüňi sortdursaň bolýar.
Begenmeli bolanda nätjek? Muňa-da “artistler” bardyr welin, Bapba dagyň
gadyryny biler ýaly bularam gerekdir-dä. Ömür geçip barýar, özem juda gysga hem
gymmatly ömür. Senem ony oturgyja, galstuga çalşyp ölseň žalko.
Ýaşamak
üçin günleriň geçýändigini, duralgaňam uzakda däldigini duýmak ullakan zat. Bu
duýgy adamy adam edýär, samana ýapyşdyrmaýar, salgyma kowalaşdyrmaýar. Emma,
köp kişi ölmejek ýaly. Köp zatlar ýazasym gelýär-de, dogry düşünilmejek ýaly
bolup dur. Sebäbi giňişleýin ýazmasaň bu meselele (panylyk, bakylyk meselesi)
aýdanlaryňy kesä çekmek aňsat ýaly. “Sözlerimi kesä çekmän, söýüň siz” diýýär-ä
Gurbannazar. Aýdanlarynyň kesä çekilmeginden o neresse-de kösenipdir, biz dagy
muny dilimize almalam däl. Döredijilikde “ýaz-da goýuber, wagty geler”
diýýärler. Ýazyp goýuberer ýaly, ynsan demirden ýasalan dokma stonogymy?
Tarkowskiý bary-ýogy 7 sany kino alypdyr. “Men 40 (kyrk) sany kino aldym” diýip
öwünýän režissýorlaram bar. Ýylda bir kino alsaň, 25 ýaşda-da başlan bolsaň, 65
ýaşyňda eýýäm kinoň sany kyrka baraýýar. Ondan Tarkowskiý 20 sanjak kino alan
bolsa nähili bolardy. Şukşiniň kinolarynam sanaýan welin 5-6 kinodan köp däl
ýaly. Bolmanda “Stepan Razin” hakyndakysyny bir alaýan bolsa...
Emma,
gynanybam oturmaly däl, Tarkowskiňem, Şukşiniňem bir kinosy beýlekileriň 40
kinosyndan gowudyr. Sen şolary 40 gezek göräý, şonda-da ýadamarsyň. Görüp
otursaň, hasaby içinde. Türkmeniň “Müňem bir şagal bormy?” diýen gepem ýöne
ýere aýdylan däldir. 40 sany “Stalker” ýa-da “Kalina krasnaýa” ýaly kinony bir
adamdan garaşmagam dogry däldir. Tolstoý, Balzak, Dostoýewskiý ýaly 10 tom, 20
tom, 30 tom kitap ýazýan ýazyjylar juda seýrek. Men Gurbannazara näme üçin
ýekeje “Serpaýy” ýazdyň diýip igenip biljek däl, gynansam gynanaryn azdygyna.
Ondan “Serpaýy” köpräk okasaň her goşgudan bäş serpaý alsaň bolýar, onda-da her
kimiň “...elinden gelmejek serpaý” – bu näme azmy?
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.