07.11.12 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

07.11.12

Noýabr 07, 2012 | 0 teswir | 990 okalan

Arada kinorežissýor Halmämmet Kakabaýew bilen barýas welin, “Indiki ýaşlar oturan ýerlerinden Amerikadan maşyn satyn alýarlar. Oň reňki, ýasalan ýyly, markasy... – ähli zadyny saýlaýarlar. Biziň döwrümizde maşyn alynanda nähili uly işdi, seremoniýady. Döwür, dünýe şeýle bir üýtgäpdir” diýýär. Ýetmişden geçen ýaşulyň biziň döwrümiz diýýänem 30 ýyl töweregi mundan öň bolmaly. Diňe Türkmenistan däl, tutuş dünýä şeýle güýçli templerde üýtgeýär – gowlugamy ýa-da tersine – bilmedim. Gowluga üýtgeýär diýesim gelýär. Birgiden gowy mysallar akylyma gelýär. Mesjitler, ony dolduryp duran ýaşlar... Başga bir tarapdanam dünýedäki gyrgynçylyklar, sil, Ýer titremesi ýaly belalaryň köpelmegi...

Ýa-da diňe gabygy üýtgeýär-de maňzy şol gadymkylygymyka? Gowsy, özümden söz açaýyn. Adam garradygyça ganyň goýalyşy ýaly, akylam goýalýar diýýäler. Emma, özümiň bir çaşka kofe içip oglan ýaly bolýanymy duýýan. Goýulykdan nyşanam galanok. Hawa, öň telim gezek ýanan meselelerim öňümden çyksa, sakga durýan, diňlejeklere-de duruň diýýäň. Bar goýulygym şol bolaýmasa. Emma, adam bir zada ýakynlaşdygyça ony has aýyl-saýyl görmeli dälmi? Duralga ýakynlaşýar, emma, çala duýsam duýýandyryn, aýyl-saýyl görýän diýip biljek däl. Bir gowy gürrüň eşitdim: Adama bir ýalňyş, ters işi bir zat şol “et!” diýip dürtgeläp duran bolsa, bu nebsiň işidir. Eger, bir ters iş kä wagt akylyňza gelýän bolsa, bu şeýtanyň işidir. Sebäbi şeýtan nebis ýaly yzygiderli dürtgeläp bilmeýär, çeňňegini oklaýar, ilişseň ilýäň ýogsa-da, sen halas. Emma, nebis welin, mydama böwrüňe dürtüp durýar.

Ine, adamyň ýasalşy-ýaradylyşy nähili öwrenilipdir. Ony kämilleşdirmegiň, ösdürmegiň ýollary gözlenipdir. Menem, bir wagtlar, studentkäm kitaphana gatnap, adamyň psihologiýasyna degişli kitaplary ürç edip okaýardym. Adamyň ýüz gurluşy bilen häsiýetiniň arasyndaky baglanşygy biljek bolýardym. Tanamaýan adamlarymyň suratlaryny ýygnap, olaryň daş sypatyna seredip häsiýetlerini ýazjak bolardym. Käsi gaty dogram bolardy. Emma, nirä tarap ösmeli? Nireligene kämilleşmeli? – bu zatlary asla, bilmeýän ekenim. Ýogsa, ajal hakynda köp pikir ederdim. Garrylyk, ömrüň manysy, ölüm hakynda hekaýjyklaram ýazýardym. Emma, ne dowzahy bilýärdim, ne jenneti. Magtymgulyň “Kepene çolan köňlüm” diýýän setirine aklym haýran bolardy, ýöne kelläme taýak degen ýaly bolmazdy, seňselemezdim. Dogrusy, oňa düşünmezdim. Häzirem düşünýän diýsem, aýp bolar, belki, öňkümden sähelçe gowrak düşünjek bolýandyryn. Bu näme üçin beýle?

Oglankam dutar çalmaga höwesli boldum. Gowam çalýardym, deň-duşlarymdan kän ukyplydym, emma, halypa derekli gatnamadym. Halypasyz bu iş asla eýgertmejek bir zat eken. Megerem, çynym bilen ýapyşan däldirin, mümkin höwesimiň ýüzüne urulandyr, bilmedim, ýöne dutary diňe özümi aldarlyk öwrendim. Indi özümem aldap bilemok. Durmuşda-da şeýle eken. Ömrüňi dogry ýaşamak, özüňi aldarlyk ýaşamazlyk üçinem halypa hökman gerek eken. Mende şol halypa bolmady. Kämilleşdirýän, ýol salgy berýän, gerek ýerinde saklaýan... – halypam bolmady. Dogrusy, halypa edinip bilmedim. Psihologiýany iliň psihologiýasyny öwrenmek üçin däl, öz psihologiýaňy öwrenmek, ony ösdürmek, dogry ýola salmak üçin okamalydygyny bilmändirin. Munuň üçin hiç kimi günäkärläsim gelenok. Günäkärläňde näme peýda? Indi, diňe “Bolýar, galanja ömrümi bir dogry ýaşajak bolaýyn, halypalara şägirt bolup bilmesemem, diňleýji bir bolaýyn, bir gyrajykda sesimi çykarman olary diňläp oturaýyn, elimden gelenjänem edeýin” diýäýmesem. Aglasym gelýär. “Aglasamam aýp ýaly...”

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.