10.11.12.
“E-S” “Çomujy” çykarypdyr. Orginaly 20
sahypady çykany 7-8 sahypa töweregi. Emma, erbet bolmandyr. Nähili beýle? Men
gerekmejek, artykmaç zatlar, bolsa-da-bolmasa-da kän bildirmejek ownuk
detallaryň keýpine düşäýýärmikäm? Häzirem ony 40 sahypa töweregi boljak powest
edip otyryn. Megerem, beýle däl bolsa gerek. Mysal üçin, tutuş başyňdan aýagyňa
çenli alynan suratam surat, biliňden ýokarsy alynan suratam surat. Hersiniň öz
+ hem – taraplary bar. Uly romanlary gysgaldyp, sesli görnüşde taýýarlanan
diski bolýar. Elbetde, bu roman däl, ýöne esasy ýerlerem bar. Hekaýa-da şeýle
bolupdyr. Gazet ony 20 sahypa edip berip bilmeýär. Öz ölçegine görä
gysgaldypdyr. Ýöne gowja ýerlerini kän kesmändirler.
Düýn birden özüme başga biriniň gözi bilen sereden ýaly boldum. Mysal üçin
ata, futbola ýa-da welosipede gyzygýan adamlar bar. Gije ýatman boks görýänler
bar. Olar şeýle gyzygýarlar, gyzygynam bilýärler, ondan lezzetem alýarlar.
Menem hekaýamyň gazetde çap edilmegine gyzygýan, ondan lezzetem alýan,
begenýänem. Meň bilen bir boksa gyzygýanyň tapawudy näme? Ýok, meň işim hekaýa
ýazmak däl. Men ol hekaýany ýazmanam bilýän – ol meniň gazanjym, eklenjim däl.
Bu ýerde bir tapawut bar. Meniň işim adama, ýekeje adama bolsa-da hyzmat etmek.
Onuň ruhy dünýesine täsir etmek. Başardygymdan ony ösdürjek bolmak. (Hamala,
özümi ösen saýýanym üçin däl. Bu ýerde başga bir mesele bar. Haýsydyr bir zat
içiňden, ýadyňdan çykmaýar, ony paýlaşýaň, belki, başga birine peýdasy deger
diýýäň). Eger, şu ýok bolsa? Mysal üçin, öz adymyň çykanyny islemek, “Bäh,
ýazypdyr-aý” diýdirmek, umuman şöhrat, tanymallyk bolsa? Onda, men boksa
gyzygýança-da bolamok. Sebäbi boksy gowy görýäniň üçin tanymal bolup bolmaýar.
Ýogsa, mundanam tanymallyk gözleýänler bar bolsa bardyr. Emma, hekaýaň gazetde
çykmagynda az-u köp şöhrat bar. Hekaýa ýazaňda derdiň baýrak ýa-da şöhrat bolsa
– ýazybam oturma. Sebäbi ýazyjylyk, şahyrçylyk şöhraty hemişe isleýäne däl-de, islemeýäne
berýär. Bilmedim, muňa adalatsyzlyk diýip bolarmy? Emma şeýle. Gurbannazaryň özünden
iň köp soraýan, talap edýän zady “Ilimi, milletimi söýýänmi?”, “Il-günüň derdini
çekýänmi?” Şu söýgi, şu dert bolmasa, şu sowallar seniň ýazýan zatlaryň esasynda
ýok bolsa, onda hekaýam çykdy diýip begenip oturma – bir gün muňa gaty gynanaýmagyň
mümkin.
Teswirler (0 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.