14.11.12
Howa sowaýar. TW-de Gurbannazaryň “Güýzüni” okadylar. Göwnüme sonetlerdäki
köp söz, has köp manyny göterýän ýaly. Diňe “güýz” diýende-de diňe pasylyň
ýa-da ömrüň güýzüniň gürrüňidir öýdýärdim. Ol “güýz” diýende “ölüm” hakynda
aýdýandyr öýtmeýärdim. Diňläp, TW seredip otyryn. Saralan ýapraklary, uçup
barýan durnalary we ş.m.-leri görkezýärler. Meniň göz öňümde welin, ajal, ölüm.
Ýok gorkunç däl, gorkara zat ýok, ýöne boşluk, köp zatlaryň eýesiz galmasy,
manysyny ýitirmesi, edip biläýjek, ediläýmeli hasaplan işleriň edilmän galmagy
– gynandyrýar. Bir owadan küýze döwüler – gynanarsyň, atyň aýlawda ozaýmayka
ikinji geler – gynanarsyň, birem ediläýmeli işleriň edilmän, içeriň boşap galar
– gynanarsyň. Soňky gynanja düşünmek kyn. Agyr bolany üçin däl, manysynyň juda
çuň bolany üçin, düýbüne ýetip bolmaýany üçin – kyn. “Meni tohum kimin ýygnar
bu toprak” diýýär. “Tohum” kimin, jeset, “ýaprak”, “gül” kimin däl. Tohum kimin
ýygnalmagyny isleýär – gögermek üçin. Alla her birimizi Gurbannazar ýaly, “tohum
kimin” ýygnasyn...
Teswirler (1 sany)
Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.
Şol goşgy gaty ýerine düşüpdir. Beýlekilerem gowy welin, şu goşgy has hem saýlanyp dur.