17.11.12 | Gündelik | Hydyr Amangeldi

17.11.12

Noýabr 17, 2012 | 0 teswir | 899 okalan

Alla şükür, bir zada begenýän, ýolumdaky çarkandaklar azaldy. Düýn deň-duşlar bilen Halmämmet Kakabaýyň agtyk toýunyň sadakasyna bardyk. Ýanymyzdakylaryň birinden içgiň ysy alyp barýar, beýlekisine-de aldygyna bir aýal “gel, ýolda durun” diýip jaň edýär. Ýaşam altmyş. Öz halyňa begenýäň, ýöne ýoldaşlarymyzyň şol 20-25 ýaşly düşünjelerinde göýdügipgalanlaryna gynanýaň. Ýalňyş diýseňem, “her kimiň öz ýoly bar” diýip jogap berýär. Gaharyma “Ýol nirede, ýodamyzam ýok, biziň” diýenimi duýman galypdyryn. Näme diýseň ýakanok, hernä käýişmän aýrylyşdyk. Käşgä şeýle dindar bolsak, ýok, islendik saçynyň agy garasyndan köp, akyly ýerindäki adamyň “Indi besdir, şu dünýä yzynda kowalaşma kemimiz galmady” geljek düşünjesi. Şahyrmyşlar, edebiýata hyzmat edýärmişler... Gurbannazar “Öz derdine ýaramadyk ýigidiň il derdine ýarajagna ynanma” diýýär. Özlerine nepi degmeýän akyl bilen nädip milletlerine peýdaly boljakkalar? Alla towfyk bersin.

Gündeligime seredýän welin, göwün açyjy zat ýazamok. Ýogsa, tutulyp, iki bükülip, dert çekip oturanam däl welin, aglamak, nalamagam endigime öwrülipdir öýdýän, aýplaşmaň. Mydama edýän dilegim “Eden işlerimiň iň haýyrlysy soňky edenlerim” bolsun diýen dileg. Bu Ebu Bekir Syddykyň dilegi. Ýaşymyň soňuna geldim, edýän işlerim haýyrlymy dälmi bilemok, ýöne halanmajak işleri az edýänimi-hä duýýan, belki, şeýtan meni aldaýan däldir. Niçigem bolsa, ýaşyma laýyk ýaşamaga çalyşýan. Alla ýalkanlaryndan etsin.

Teswirler (0 sany)

Teswir ýazmak üçin içeri girmegiňizi haýyşt edýäris.