Näme üçin?
Anyk bilemok haçandan, ýöne köpden bäri bu sowaly, soragy unutdym. Ne özüme, ne başga birine ýa-da töwergimde bolup geçýän hadysalara, wakalara “Näme üçin?” diýemok. Gynansamam, begensemem ýa-da başga biri aglap oturanam bolsa “Näme üçin?” diýemok. Aglaýana elimden gelen kömegi etjek bolýan, edip bilmesem oň halyna gyýylýan – “Bu näme üçin beýle?” diýen sowal akylyma gelenok. Bu bilgiçlikden däl. ... dowamy
Ok (hekaýa) dowamy
Sowatsyz adamlar-da. Eýläňe-beýläňe seretmäňkäň geçip barýan ömürde ömürden gymmat zat ýok – şony bilýän. Hawa, senem öljegiňi bildiň, menem. Muny öňünden bilmek uly jogapkärçilik, agyr ýük. Ýöne sen «ýazgyt», «kysmat» diýip, onuň çözgüdini Allaň boýnuna atdyň. Şoň üçinem rahat, parahat öldüň, men welin, ony öz boýnuma aldym. Ahyram uruna-uruna diri galdym. Tüýkürse tüýküribersin Sylap ýüzüme. Ynanmasyn. Kim oňa gaçgak halyňa öldüriljek göle ýaly yzyma ... dowamy
Ok (hekaýa)
Ellinji ýyllaryň başlarydy. Şäheriň milisiýasynda işe başlan ilki günümdi. Baýmyrat Sähedow diýilýän kapitan bilen gije nobatçylyk etmelidim. Emma Baýmyradyň dişi agryp, güp ýaly çişipdir, onsoň Rejep Ataýew diýilýän bilen onuň ýerini çalyşdylar. Rejep Ataýewiň bir ganhory tutandygy, şonuň üçin medal bilen sylaglanyny naçalnigiň kabulhanasynda diwardan asylan «Hormat tagtasyndan» okapdym. Şo ýerde egnindäki formasy ýüzüne gelşip duran at ýüzli ýigidiň suratam bardy. Şonuň üçin ... dowamy
Maksat
Merdanlar ilkije bäbeklerine, onda-da ogul bäbege ... dowamy
Başarjaňlyk
Bir zat anyk belli - biz hemmämiz çagalarymyzyň saýlama çaga, saýyrdyň ýigit, göreni höwes etdirýän, elýetmez gyz bolup ýetişenini isleýäs. Bolmalysam şeýle. Dokuz aýlap göwrede göterip, dünýä indirip, suw diýse süýt berip, süýt diýse gaýmak berip ulaldan çagaň üýtgeşik gowy bolmagyny islemegiň tebigy bir zat. Ýöne soňky döwür, “Adaty görünýän bu isleg dogrumyka?” diýýän. Biz çagamyzyň beýleki çagalardan ir emedekläp ... dowamy
Maslahat
Öňler bir işi bitirmejek bolsaň maslahatlaşmaly ... dowamy
Gaýnata
1941-45 urşuna alynyp, gaýdyp gelmedik Baýly kakamyň aýaly Orazjemal gelnejem bizde bolardy. Baýly kakam oňa “Maňa bir zat bolaýsa, Amangeldilere bargyn” diýip uruşdan ýazypdyr. Ýeke gyzy bilen ýeke galan gelnejem bizde-de dünýeden ötdi. Meni gelnejeme ogullyk beripdirler. Ýöne Orazjemal gelnejem bizde ýaşansoň, men ejeme “eje” diýýädim, gelnejeme bolsa “Öweje”, hatda gelnejemdiginem bilmeýärdim. Bütin ömrüni ... dowamy
Özbekleriň ýurduna syýahat
Nesibämiz çekip özbekleň ýurduna gitdik, Ylýas bilen, gezelenje. Buhara, Taşkent, Samarkand şäherlerinde bolduk. Buharada diňe Nagyşbendä zyýarat edip bildik hem şo ýerde juma namazyny okadyk. Ýolda bizi haýran galdyran zat — diňe halaýan häsiýetlerimizdäki adamlar ýoldaş boldy. Halamadyk, keýpimizi gaçyran hiç zat bolmady.Aslynda menem, Ylýasam 1976–77 ýyllarda Taşkende iki gezek gelip görüpdik. Men TW-de işlämsoň iki aýlyk kurs powyşeniýä iki ... dowamy
Ak sakally režisýorlar (soňy)
Aslynda, bu gürrüň beýle uzaga çeker öýtmändim. Ýogsa başardygymdan gepi köpeltmejek, kä bir zatlary ýazmasam gowy, ters düşünäýmesinlerem diýibem geçdim. Belki, indi antireklama diýen ýaly ýalňyşan ýerlerimiz hakda ýazsam laýyk bolar. Iň uly ýalňyşlygymyz, (eger ýalňyşlyk bolsa), biz tomaşaçy hakda az pikirlenipdiris. Beý diýsem göwnüňize almaň, ýöne öwrenşilen zat köplenç normal kabul edilýär öwrenişmedik zadyňy bir bada kabul etmek kyn. Biziň ... dowamy
Ak sakally režissýorlar (dowamy)
Bu kinoň ssenarisiniň esasynda bir bolan wakajyk bar. Inilerimiziň ogullarynyň biri oglanjykka goňşularynyň towuk keteginden ýelek getirip, mellekleriniň bir gyrasyna ekin eken ýaly edip sanjyp çykýar. Soňam ejesine “Ýelek ekdim, jüýje çykar ýaly” diýýä. Öýdäkiler muňa gülüşýäler welin, “Oýun etdim-laý” diýen bolýar. Soň muny geňje zat diýip, ilki hekaýa, soň kinossenariý edip ýazdym. Biraz ... dowamy
Ak sakally režissýorlar
Sakally diýýänim hakyky türkmen sakally – bäş wagtyny sypdyrman okaýan, “namazly-täretli” diýilýän sakally ýaşululaň kino režissýorlugy hakda. Dogrusy, başdalar birhili bolýadym, kärimiz edebiýat, sungat bolsa, sakal goýbertmek nämämize gerekdi diýýädim. Diňe türkmende ýok bolaýmasa, “sakalyny sallap” her dürli kärde işleýänler beýleki milletlerde kän, musulmanlaryň arasynda-da şeýlemikä diýýän. Ýeke-ýeke milletleri sanap, içinde sakally režissýory bolmadyk ... dowamy
Gussamerk
Soňky döwür geň keseller hakda ýazgylar, gürrüňler köpelen ýaly – stress, depressiýa, alssgeýmer... Birhili adamlar juda köpelip, olara öýleri darlyk edýäne meňzeýär. Dargursaklyk, howsalaçyllyk adamda daşyndan görünýän, göze dürtülýän ýagdaýlar. Ýöne göwnüme, synçy göz bolaýmasa kän bildirmeýän, dert bar – gussa. Häzirki döwürde göwün gussasy has artan ýaly. Belki, informasiýa, kompýuter, el telefonlary, internet... köpelendigindendir, bilmedim. “Jahan çyrşygy ... dowamy
Täze ýurt
Öňräkden bäri pikirini edip ýördüm Ekizler2-iň könelendigi hakynda. Ilki nägile bolýan zadym surat goýup bolmaýandygydy. Köne suratlar hakynda birnäçe ýazgy ýazdym, ýöne suratlary ýanynda goýup bilmedim. Garaz, biderek başyňyzy agyrtmaýyn, Medium. com diýip saýt bar eken şonda öz adyň bilen ýazgylaryňy goýup bolýan eken. Menem ýuwaş-ýuwaş şo saýta geçmekçi bolýan. Häzir birki sany ýazgy goýdum. Biri köne 1990-njy ýyllarda ýazylan geroin belasy hakynda, birem ekizlerde öň ... dowamy
Remezanyň goşgulary
Remezan diýip bir ýigitden goşgularyny aldym. Siziň bilen paýlaşaýyn diýdim. Okasaňyz pikiriňiz aýtsaňyz. Aslynda biz ekizler2-de diňe Ylýas ikimiziň ýazgylaryny goýmakçydyk. Şu gezek kadadan çykdym. Ýöne indi başga biriniň goşgularyny ýa-da ýazgylaryny saýtymyzda goýmak niýetimiz ýok. Şu gezek kadamyzy bozanym üçin, Ylýasdanam, hemmäňizdenem ötünç soraýan. Remezanyň goşgulary eserler bölüminde. Eger pikiriňizi aýtsaňyz menem begenerin Remezan-a hasam begener. ... dowamy
Adam tanamak
Adamyň kimdigi nähili ýagdaýda has gowy bildirýäkä? Birki gün bäri şuň pikirini edýän. Aslynda, birini tanajak bolmak, ýa biri bilen gatnaşyk açjak bolmak derdimem ýok. Birden ýöne kelläme geldi-de. Has dogrusy, kimdigiňi bilmek başga biriniň kimdigini bilmekdenem has möhüm bolmagam mümkin. Käte-de adamyň özüne özünden belet zadam ýok, ýöne bilmediksirän bolýaram diýýän. Birhili özüňe beletdigiňi özüňe aýtsaň, ýaşamak has kynlaşaýjak ýaly. Käte-de hakykatdanam, özüni tanamaýanlara-da duş ... dowamy
Giç gelen setirler
Sapargeldi Han,
Saňa nesihatym.
Ýolma guşuň ganatyn!
Ýolsaň guşuň ganatyn
Allagulydyr Bapba
Bolmazmy garym-gatym?!
Bir ýerden ... dowamy
Her gün
diýen ýaly ekizler2-ä girýän. Söhbetdeşligem açýan. Ýazýanja zatlarymy azam bolsa okaýan bardygyna begenýän. “Asylam, toý-sadaka bolaýmasa, köpçüligiň üýşüberenini türkmen halabam baranok” diýip özümi köşeşdirýän. Dogrusy, hakykatdanam birgiden boş okyjylaryň, tanyş-bilişleriň bolanyndan az sanly ýöne çyny bilen saňa düşünýän, pikirdeş adamlaryň bolanyny isleýän. Ekizler saýtyny açamyzda-da köp adam sanyny ýygnnamak pikirimizde ýokdy. Ýazanjalarymyzy goýarys, okasy gelen okar diýipdik. Şonuň üçin, saýta girenleriň sanyna kän ... dowamy
Ulema hem ogry
Ýakynda Biri diýip biri söhbetdeşlige şeýle rowaýat goýupdyr:
Biri: Bir ulamany köpçüligi ýygnap edýän wagyzlaryñ biziñ syýasatymyza dogry gelmeyä diyip türmä basypdyrlar. Türmede ol ogry bilen bir yere düşüpdir. Tussaglary bir ýere çagyryp gowy edip ýençýän ekenler. Ogry bilen ulamany çagyryp gowy edip urupdyrlar. Olar urlanson ogry: "Ursa, urup gecsinler. Daşaryk cyksam barybir ýene şol kärime dowam edyän. Siz nähili pikirde?" diyipdir. Ulama ... dowamy
Muşmula
Stambula gelip özümi geň galdyran bir zada duşdum. Orslarda “muşmula” diýip bir agaç, (gyrymsy agaç diýseňem bolýar) bar. Men oňa güldür öýderdim. Düýn şol sözi türkçä terjime et diýsem, internnet muşmula diýip gaýtalaýar. Soň gözleşdirdim welin, bu sözi orslar türklerden alan eken. Bu söz nämäme gerek boldy, ony düşündireýin.
O wagtlar ... dowamy
Şahyryň öý muzeýi
Stambula gelip henize çenli bir ýazyjynyň ýa-da şahyryň öý-muzeýini görmeýänime gynanyp ýördüm. Nesibeli güni bar eken, ýakynda dostum Hüdaýy Jan bilen Tewfik Hikmetiňkä gitdik. Muzeý gaty owadan ýerde ýerleşýän eken. Bosfor bogazynda. Beýikde, barmagam aňsat düşmedi, ýöne ýadanyma, birnäçe gün aýaklarymyň agyranyna degdi. Dogrusy, 1867-1915 ýyllar arasynda ýaşap geçen bu şahyr hakda hiç zat bilemokdym. Onuň Aşiýan (höwürtge) adyny ... dowamy
Biziň kinossenariý ýazyşymyz-2 (dowamy)
Megerem, kinossenariý ýazmak işine garaýşyň, iň esasy zatmyka diýýän. Eger şol işe telegepleşik taýýarlan ýaly seretseň, (diýjek bolýanym, has ýeňil iş hasaplasaň) netijesem şoň ýaly bolýar. Tarkowskiý ýaly, meşhur režissýorlar oňa mukaddes zat hökmünde seredipdirler. Pul gazanmak, şöhrat gazanmak, başga-da ş.m. "gazançlar" hakynda pikir etmändirler. Käte duş gelýär, oglanyň şeýle bir kino alasy gelýär, ähli zada döz ... dowamy
Biziň kinossenariý ýazyşymyz
Aslynda, üýtgeşik däl. Ýöne arada kinostudiýada bir ýygnakmy ýa-da bir maslahatlaşmamy, sorag-jogap görnüşinde bir çäre geçipdir. Ylýasam maňa dözmän oňa ýeke özi gatnaşypdyr. Gürrüň "Kinossenariýini nädip ýazmaly?", "Kinossenariý bilen pýesanyň arasynda näme tapawut bar?" diýen ýaly sowallardan başlanypdyr. Ylýasam çykyş edipdir. Garaz meň gep nokatlap oturanym, köpçülikde ssenariý ýazmak isleýänleriň kändigi, onuň ýazylşy bilen gyzylanýanlaryňam sanynyň eslije bar ekendigi. Diňe şonuň üçin, Ylýas ikimiziň bileleşip ssenariý ýazyşymyzy aýdasym ... dowamy
Rokfellerleriň çagalary
Bilmedim, ýaşymyzyň soňunda Ylýasam, menem futbol oýnuny görmäge gyzygdyk. Sebäpkärem Gurban Berdi. Biz "Rubiniň" oýunlaryny sypdyrman görüp başladyk. Ýakynda-da Kümmethowuzly türkmen Serdar Azmunyň dünýä derejesinde iň ökde oýunçylarynyň 32 oýunçydan ybarat sanawyna goşulandygyny okadym. Ol 32-iň içinde Messem, Ronaldu dagam bar, şolaň hatarynda türkmen oglanam bar. Gurban Berdiňem trenerlikde derejesiniň gaty ýokarydygyny ýazýalar. Dogrusy, men futbol bilermeni ... dowamy
Gürleme
Gürleme!
Diliňe alma!
Sözde ýalan bar.
Gepiň içine salma
Garma saman-sepile
Sygdyrma dile
Gürleme!
Gürrüňde kölege,
Şelaýynlyk, haýýarlyk.
Haramlyk, haýynlyk
Näme diýseň bar
Sözde.
Gürleme.
Gögüň gümmürdisi,
Asmandan daman damja...
Ejemiň gözleri,
Çytyk gaşlary kakamyň...
Çagamyň boýnundaky düwmäň
Şyňňyrdysy.
Çüýi gowşan gapymyň
Çalaja iňňildisi.
Dagdan iýnen dury çeşmäň
Şildirdisi...
Ýüregmi üzere getiren dutaryň
Tirňildisi...
Gürleseň gürle, şulaň dilinde,
Dilin-de...
Ýogsa, gürleme!
Dileseň Hakdan dile
Diliň bile däl.
Gözden akýan ýaşyň bile
Biri kem ýetmişe ýeten
Ýaşyň bile... ... dowamy
Garry gaýrat
Stanislaw Lýubşin diýip orslaň gowy artisti bar. Meň ýaşymdakylar gowy bilýändir "Şit i meç" diýip razwedçikler hakynda kinoda baş roly (Iogan Waýs) oýnap meşhur boldy. Teatrda-da belli artistleň biri diýýädiler. Özem birki sany kino-da aldy. Garaz, şol şu wagt 88 ýaşynda eken. Düýn-öňňunlykda orslaň TW-sinden habar berdiler - ol teatr sahnasynda oýnap durka bijaý ýykylypdyr. Keselhana äkidipdirler. Çehowyň ... dowamy
Bir zatlar
Bir zatlar ýazaýdym, okap görseňiz. Gündeliklerde goýsam, öňki ýazgyň üstüne goýulýar, onsoň goşgular bölümde goýdum. Kapiýasy ýok, bogun sany ýok. Kapiýa saljak bolsam, "hindi kinosyna" meňzäp barýa. Onsoň üýtgedip bilmedim, kän. Bellikleriňize garaşýan.
ÝagtyAla-garaňky zyndan,
Kiçijik penjire dilik-dilik.
Ýagty düşýä diliklerden
Dilik-dilik
Sesi özünden eýmenç demir gapy
Gaharly.
Tomsuň tüp yssysy,
Radýoň gowry,
Iýýulyň howry,
Urulýa oň demrine
Ahmyrly.
Içindäki bendäň derdi
Bu zatlarda däl,
Elinde galam.
Gaýta-gaýta ýazýany
"Maşgalam..."
Dörtýanyn gurşan beton galany
Ýyksam ... dowamy
hiç kim maňa erbet adam diýmedi
Arada, ýene bir sadakada geň galdyran gürrüň eşitdim. Geň diýýän welin, köpümiziň-ä geňem görmezligimiz mümkin. Gepiň gysgasy, özüm deň-duş ýaşuly, ömrüni şofýorçylyk edip, "başlyk" çekip geçirenini aýtdy. "Köp başlyk çekdim. Herhilisi bardy. Gyňyrrak, gaharjaňrak başlyk bolsa çekinerdik. Ýuwaş, mylaýym, kän gatyrganmany bilmeýän, gowy başlyklaram gowy görerdik, ýöne erbet başlyk 8-de gel diýse, 15 minut öňünden baryp durardyk. ... dowamy
Hal ýa-da üçünji dünýe
Oglanlykdan, düşünsek, düşünmesek bize (ekizlere) Magtymgulyny köp okatdylar. Garagollyk edibersek "Hany, gel, maňa Magtymgulyny okap ber" diýdiler. Ýene bir düzgün bardy - özüňden uly bir zat diýse, "etjek däl" diýmek bolmaýardy. Anyk ýadyma düşýä - oglanlyk ýaşymdan Magtymgulyda iň haýran galdyran "Ten kapasdyr, jan bir guş" diýen setir.
Özümden uly ... dowamy
"Biz entek diri ahyry"
Tebigatyň gözelligini synlamagy her kim gowy görýär. Sebäbi, ol durkuňy arassalaýar. Ýöne onam synlaýyn-la diýip synlap bolanok. Ýogsa synlanam bolýaň, owadan-owadan ýerlere ýörite-de gidýäň, emma durkuň arassalanmagynyň ýerine, ýüregiňe gussa gelýär. Bu dünýäde wagtalaýyndygyňa, gözleriňi gandyryp bolmaýan ajaýyp görnüşiň bolsa, bakydygyna düşünýäň-de ýüregiňi gyýýan gussa batýaň. Adamyň ýaradylşy şeýle, oňa gözelligi mydama synlap, gözlerini gandyryň bilmän ýörmek ... dowamy
Bir çukura tüýkürmek
Meň ýaly bagty getiren ýokdur - ýazasym gelen wagty ýazýan, ýazasym gelmeýän zady ýazamok. Ýöne ýazasymyň gelmesi kynlaşýar. Birgiden sebäpler oňa böwet bolýa. Böwet boldugyça-da onuň azary artýa. Özüm öz halymdan ýadaýan. Öňküler ýaly, ýigitlikdäki ýaly, ýazasymam gelenok - höwesim joşup duranok. Ýöne kellämde şol bir zat - ýazamok, ýazmaly, ertirmi, bir aýdanmy, haçan ýazjak? Söýünhan sakal ... dowamy
Köne-küşül
Dogrusy, näme ýazjagymy bilmedim. Onsoň "Öňki, köne-küşüllerimi göreýin" diýdim. Şeýdibem şolara dümtünip galypdyryn. Bulara "geçen asyrdan galan diýseňem bolýa. 1990-2000-nji ýyllarda ýazylan bolmaly. Ilki tapanja goşgularymdan başlaýaýyn. Bularyň köpüsi çap edilmedi.
Köp azaşdym bu ýollarda
Ýollaryň günäsi ne?
Meň ýaly bagty getiren ýokdur - ýazasym gelen wagty ýazýan, ýazasym gelmeýän zady ýazamok. Ýöne ýazasymyň gelmesi kynlaşýar. Birgiden sebäpler oňa böwet bolýa. Böwet boldugyça-da onuň ... dowamy
Düşnükli zada düşünmek
Sadakalara barylýar, üýşmeleňlerde oturylýar. Käte gürrüňe gyzylýar. Birhili özüňi tanatmasaň, düşünjäňi görkezmeseň, bilimiňi bildirmeseň kiçeldiläýjek, pes görüläýjek ýalam bolýaň. Janygyp, tolgunyp, gezek bermän, garşyňdakyny diňlemän diýen ýaly öz pikiriňi öňe sürýäň, arkasyny alýaň, goraýaň. Pikiriň dogrudygyny subut etmäge, garşyňdakyň aýdýanlarynyň ýalňyşyny çykarmaga dyrjaşýaň. Bu ýagdaýy biraz has dartgynlyrak ýazdym welin, edil şoňa golaýlaýar. Käte öýkeleşäýmäň bäri ýanyna-da ... dowamy
Boýnumda şeýtan ýa-da Baýezid Bestamy
Ýakynda bir geň rowaýat eşitdim. Baýezid Bestamy hakynda. Sopuçylykda ýokary derejelere ýeten Bestamy Käbä zyýarata gelipdir. Görse, bir gyrada şeýtanam durmyş. Bestamy muňa haýran galypdyr. "Bu ýerlerde näme işleýäň?" diýip ondan sorapdyr. Şeýtanam "Käbir toruma salmaly adamlarym bar. Şolara garaşýan" diýipdir. Baýezid saklanyp bilmän "Menem toruňa salyp bilermiň?" diýip soraýar. Şeýtan arkaýyn: "Seni awlamak üçin toram hökman ... dowamy
Ýazmak keseli
Hakylatdanam bu bir kesel eken. Ýöne ajalyň ýetmese, keselden gutulyp bolýa - mundan gutuljak gümanyň ýok. Özem ýokuşmasy aňsat bir dert. Ýazan zadyň gowymy ýa gowşakmy, ulurakmy ýa iki setirmi tapawudy ýok, gazýetleň birinde çap edildimi - onsoň boldy, sen eýýäm özüňi ykrar edilen, ýazyp bilýän hasaplaýaň. Seň aladaň indiki ýazjak zadyň. Hawa, şeýle, ýöne näme üçin ... dowamy
Täze ýylyň ýigriminji güni
Günortan telewizordan "Türkmen owazyny" görüp otyryn welin, Bäşim Lallak pahyr ýadyma düşýär. 14-15 ýaşlarymdakam "Piýonerler köşgüne" dutar öwrenmäge gatnaýardym, Bäşim aga-da mugallymymyzdy. Pahyr gyzlaryň dutar öwrenip bilmeýänine gynanardy. Ýörite öwretjek bolup, birki sanysyny iş edinenini, ýöne öwredip bilmänini gürrüň bererdi. "Dutar çalmak haly dokandan kyn däl ahyryn" diýerdi. Elbetde, ol kružokda öwrenýän, çalýan sazlarymyzy göz öňünde tutandyr. ... dowamy
Gutarmajak ýatlama
Bir aý töweregi geçendir, talypalar bilen duşuşyga çagyrdylar. Duşuşygy Gurbannazar Ezizowa bagyşlap gurnapdyrlar. Her ýyl birnäçe ýerde, bir näçe gezek geçirilýän bu ýatlama duşuşyklara öwrenşibem barýas hem her gezek haýran galýas şahyryň ýaşlaň arasynda hasam hormatynyň uludygyna. Beý diýdigim ulularyň arasynda bu hormat pesräk diýdigim däl. Edil bilen ýaly diýýäs, özüne ölenden soň uly hormat goýuljagyny oraşan ... dowamy
Düýn, şu gün, ertir...
Her kimde-de bardyr - haýsydyr bir zady aýratyn gowy görmek. Kim naharlardan birini, kim söhbeti, kim diline hiç sözi alman, dymyşyp gürleşmäni, kim haýsydyr bir sazy, kim aýdymy...
Ýokarda sananlarymyň arasynda başga-da gowy görýänim bar, ýöne "Göroglyň at oýnadyşyny, onda-da Pürli agaň çalyşyny aýratyn gowy görýän. ("Gowy görýän", "halaýan", ... dowamy
"Kimse haýryň zary, kim şeriň zary..."
Birki gün bäri Gurbannazaryň şu setiri kellämde aýlanyp dur: "Kimse haýryň zary, kim şeriň zary..." Haýryň zary nähili adamka? Şeriň zaram barmyka? O nähili adamka? Gurbannazar diri bolsady, sorardym. Indi özüm jogap gözleýän. Täsin sesi bilen, janyndan syzdyryp: "Ýagşylygy bolsa az etdim juda"diýýäni şu wagtam göz öňümde. Adatça ýagşylyk etmek diýilende horlanana maddy, ruhy kömek etmek diýip ... dowamy
Garrylyk
Düýn bir üýşmeleňde bolduk, goňşy obada. Garrylary, "rahat bolsun" diýipmi, (kime rahat bolsun diýlenini anyk bilemok, megerem, garrylara, ýaşululara rahat bolsun diýendirler), özbaşdak, aýratynyrak oturtdylar. Garrylar, gartaşan adamlar üýşse-de, adatça gürrüň dyz agryry, bil agyry, az hereket, garaz, garrylyk hakda bolýar. Hökmanam, Magtymgulyň "Dert ýamany garrylykdyr, ýaranlar" diýen setirini oturanlardan biri aýdýar. Dogrusy, şo setiriň Magtymgulyňkydygyna-da ynanyp ... dowamy
Basgançak
"Ýalňyşma söýgüm" diýip, Ylýasyň entek öýlenmänkä ýazan bir goşgusy bar. O wagtlar Gurbannazaryňam bar wagty. Ol Ylýasyň goşgusyny gowy görüp arasyna şu küpledem goşup goýberýär.
"Algy-bergi üçin söýüp-söýülip,
Dünýeden nijeler bigam ötdüler.
dowamy
Wä sabirine wä sadykyn
Sabyr we sadyklyk. Has dogrusy hem sabyr, hem sadyklyk. Bir döwürler derwüşler biri-birinden şeýle sözler eşdenlerinde, onuň çuňlugyndan özünden gidýän eken. Ýaňy-ýaňy "polutorka" diýilýän maşynlar obalarymyza gelip başlanda, atam Hangeldini agtygy Saparguly (uly agamyz) şol maşynda sadaka alyp gidýär. Öňem ýazypdym, ýene ýazaýýan (okamadygyňyz bardyr), gaýdyşyn gelýärkälerem olaryň maşyny ýolda öçýär. Sapaguly kakam 16-17 ýaşly oglan, garader, ... dowamy
Bilýän bilen bilmeýän
Bilýän bilýänini bilmez eken. Bilmeýän bilmeýänini bilmese, geňem göremizok. Aslynda bilýäniň bilýänini bilmezligi has geň galdyrýar. Bilýänleriň içinde özüniň bilýändigini bilýän adama seýrek duşýaň. Aslynda, beýle adamlar saýlama adamlaryň hatarynda. Bilýänini bilmeýänlerem bilmeýänleriň hataryna goşulyp gidýär. Bilýäniňi bilmezlik näme? Megerem, bilýäniniň gadyr-gymmatyny bilmeýän adam saýlama adam, il-gününe has peýdaly bolup biljekkä, köpçülige garyşyp gidýär. Muňa gynanýan. Ömür ... dowamy
Bolary bolmaz oýlama
Bolary bolmaz oýlama
Mätäji.
Bary-ýogy üç söz. Belki bir romanda-da muny doly aýdaýjak bolsaň... Ilki aklyňa gelýänem ölüm, ahyret, hasap güni, kyýamat... "Köne" diýýän ... dowamy
ynsan
Ynsan bir zat tapýa, başga bir zat ýitirýär. Şeýdibem ýaşap ýörşüne ahyry özem bilmän gözleýän esasy zadyny - ölümini tapýar, dünýänem ýitirýär.
... dowamy88
Käte 88 ýaşly ýalam bolýan, käte oglan ýaly begenýän. Aýtjak bolýanym, adamyň ýaşy köp derejede özüne bagly. Uzak gije oýun oýnap, ertesem günortan nahara zordan turup gününi geçirýänlere näçe ýaşly diýjek? Meçnikow diýip bir ors alymynyň "Adamyň ýaşy 120 bolmaly. Orta ýaşam 60. Altmyş ýaşaýança maşgalasy, öýi. Altmyşdan soň özi üçin işlemeli, ýaşamaly" diýip ýazanyny okapdym. "Etýudy ... dowamy
Altmyş sekiz
Bu gün 68 ýaşadym. Ynanar ýalam däl. Çynymy aýtsam ynanamogam. Ynanamok, bolany. Hawa, paportam ak sakgalam, käte bil agyrmasam, erbet ýürekgysma-da... başga-da köp, hemmesi munuň şeýledigini ýagny 68-iň hakykatdygyny aýdýa. Ýöne men ynanamok. Men ynanmasamam galan zatlaryň aýdany biderek.
... dowamyEkizler2-em açyldy
Ekizler2-em açyldy. Töleg meselesidir öýdüp arkaýyn bolupdyryn. Programmada bir näsazlyk bolan eken. Oglanlar derrew düzedip berdiler. Belki, ara düşen şunça "dymyşlykdandyr" azara goýup açdyrdym, indem näme ýazjagymy bilmän ýörün. Saýtyň işlemän başlanyna 7-8 aý bolupdyr, şol aýlar hakynda ýadymda galanlary ýazaýmasam. Uly aladam saglygym boldy. Ýagny, eljireýän zenan ýaly, "Niräm agyrýarka?", "Agyrmaz ýaly näme etmelikä?" diýen ýaly ... dowamy
Näme üçin ýazasym gelýär?
Bu ýazjaklarymy ýazasy gelýänleriň okanyny isleýän. Diňe şolara niýetläbem ýazýan.
Ýaňyja Sapargeldi Annasähet Iner oglynyň “Keltegoňur kyssasy” powestini okadym. Indem hiç etmeýän işim biriniň ýazan zady hakynda pikirimi ýazaýyn diýdim.
Sapargeldi agany birnäçe gezek gördüm. Hatda bir gezek öýünde oturmak nesibämem ... dowamy
Mysala
Bu söz gepleşikden galyberdi. Biz oglankak ýaşulular “Mysalasy nähilaýt?”, aýallaram “Mysalaň gursun” diýerdiler. Häzir oň ýerine “görnüşi”, “sypaty”, daş keşbi” diýen ýaly sözler ulanylýar. Ýöne sözüň gürrüňini edesim gelenok. “Bizde, türkmende mysalamyza, daş sypatymyza üns bermek häsiýeti nähilikä?” diýjek bolýan. Bezemen geýinmek, moda diýen ýaly zatlar däl, o meselä ýewropalylar has üns berýär. Modalar daşary ýurtdan gelýär. ... dowamy
Tenden üzülen göwünler
1
Çagajygyň lopuşja aýajygyndan gaçyp galan gyzylja çepejik awtobusyň içinde goňurja bagjygyndan dardan asylan deý sallanyp durdy. Mähnet maşyn çala çaýkansa çaga çepejigi “Gel, eýäm gel” diýip hallan atýardy. Onuň eýesi näler geljek, gelip bilenok. Ejesem manat ýarymlyk çepegi gözläp ýörmez. Çaga aýajygynyň ysyna mydama maýyl burny deşijek çepejik bolsa, hallan atar ... dowamy
Ýadymdan çykmaýan praktikant mugallym
Köpden bari hiç zat ýazmanym üçin ötünç soraýan. Birgiden bahanalar sanap, özümi aklajak bolmaýyn, ýöne… Garaz, aýyplaşmaň.
Garry adamlaň ýazýan zady köplenç “Öňler, biz oglankak…” diýen ýaly sözler bilen başlaýar. Menem şolaryň biri.
Öňler “kolhoz” diýip bir zat bardy. Ýok, keýpiňizi ... dowamy
Aýallar öňdemi ýa-da erkekler yzda? Ýa-da bu bir boş gürrüňmi?
Bu ýagdaý her maşgalada birhili bolaýmasyn? Kä içerde erkek kişiň gepi geçýändir… Eýýäm gepbazyň biri “Aýaly şol gepi agzyna salyp berensoňmy?” diýýän ýaly eşdilýär.
Bir zada haýran galýan hem sebäbine düşünip bilemok. Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda telewideniýede sanaýmaly redaktor aýal ... dowamy
Sakgal
Gürrüňini edeniňe-de degip duran zat däl welin, ýaşyň gaýdyşansoň sähel zadam uly alada bolsa bolaýýar eken. Gepiň gysgasy Bäşim aga sakgal goýbertsem diýen karara geldi. Dogrusy, altmyşyň ýarsyndan aşansoň, üstesine-de oba arasynda gezýän ýaşuly, her iküç günden eňegini gazap ýörmekden bizar boldy. Deň-duşlaram kileň sakgally. Diline buýrup bilmeýänlerden “Haçana çenli eňegiňi ýilpardyp ýörjek?” diýýänem tapylýar.
Aslynda, “Sakal geçide-de ... dowamy
Üzlem-saplam, başly barat, ugur-utgasyz pikirler
Köp wagt geçipdir, ekizlere bir zatlar goýmaýanyma. Birhili bergili ýaly bolup durun. Arasynda üzlem-saplam ýazaýsam diýýän zatlarymam bolýar. Ýöne başyny jemläp bilmän goýýan. Ýazmaga başlasam-a bir zada elterdimem welin, bir ssenarinem işledik, Ylýas bilen. Garaz, wagt-da, suw ýaly akyp dur. Bizem kä bile ýüzýäs, kä durýas. Käte wagtyň özi akdyryp äkidýär… Şol üzlem-saplam diýýänlerimden ýadyma düşenlerini agzap ... dowamy
Agyry
Täze ýylyň öň ýanynda her kim gowy arzuwlar edýärkä, täze ýylyň gelýäninie begenýärkä, agyry hakynda gürrüň edýänimi geň görmäň. Kelle-de el, aýak ýaly bir agza, etme diýeniňi etmänem bilýär. Ýöne şonda-da… Garaz, gep uzaldyp oturmaýyn, bir ýagdaýa geň galdym. Üns berensiňiz, bir ýeriň agyrysyny aýyrjak bolsaň, käte tutuş bedeni awundyrmaly bolýar. Barmagyňa tiken çümse-de ony aýyrjak bolsaň ... dowamy
“Azajyk, ýene azajyk…”
Ýyl geçdigiçe wagt azalýandyr öýdýärdim. Oglankam entek ýyllar öňümde, wagtym köpdür diýip düşünerdim. Bu gün haýran galýan, hakykatda ýaşkaň wagtyň az, garraňsoň, tersine, köpelýän eken. Kä günleri geçirmegiň özi uly alada. Özümden sähelçe kiçi inimem küşt oýnamagy gowy görýär. Sebäbi birki döw küşt oýnasaň, günüň ýarsy geçýär.
Öňler “azajyk”, ... dowamy
Ýukajyk perde hem dartyş güýji
Mekdepde “Astranomiýa” diýip sapagymyz bardy. Astranomiýany taryhdan, çyzuwdan kän gowy görerdim, gyzyklydy. Niçigem bolsa, kompasyň diliniň näme üçin elmydam demirgazy görkezýändigini öwrenipdirin. Häzirki okuwçylaryň arasynda muny bilmeýänleriň bardygyny göremde bilip galdym. Ýene bir öwrenen zadym: dartyş güýjüniň täsiri bilen Ýer öz okunyň daşynda, Aý öz okunda, Ömrüzaýa öz ýolunda üýtgewsiz aýlanyp dur. Edil dört tarapyndan dartylyp dikilen ... dowamy
Dert ýamany
Böwrümi diňläp otyryn. Köp zatlar ýadyma düşýär. Görüşen, tirkeşen, oturyp-turuşan, käte tutluşan, ýürekden gowy gören, itden beter ýigrenen… adamlarym ýadyma düşýär. Ýatlasam häzirem ýylgyrdýan, göwnümi göterýän, birhili özümi özümden razy edýän, şu wagtam utanjyma daşymdan “häk” diýdirýän, gynandyrýan, ökündirýän, sanja öwrülen, ýüzi kesmeklemeýän ýara bolup duran wakalar ýadyma düşýär. Garradygyňça öz ömrüň özüňe gyzykly kino öwrülip gidäýýän ... dowamy
Baş maksadyň açary
Arada Amerikadaky alymymyz Kakajan Kömürowyň beren interwýusyny gördüm. Gürrüňdeşligiň soňunda Kakajanyň ýaşlara maslahat hökmünde aýdanlary maňa güýçli täsir etdi diýsem… o-da däl, onuň sözleri näme üçindir mende ünji döretdi. Ol baş maksadyň bolmalydygy, şonuňam saňa uly goltgy berýändigi hakynda aýtdy. Aslynda eşdilmedik pikir däl, ýöne men birden içimden “Birden baş maksadyň başa barmasa, başa barmajagyna-da gözüň ýetse, ... dowamy
Ümsümligiň sesi
Orslarda bir güýçli kinorežissýor bar, Sokurow diýýäler. Aslynda Türkmenistandan giden. “Faust” diýip bir kinosy uly baýraklar aldy. Umuman özboluşly işleýän adam. Tarkowskiň okuwçylaryndan. Ine, şol adam “Men Hudaýyň öňüne barsam, ilki bilen “Sen näme üçin dymdyň?” diýip sorajak” diýýär.
Bu aýylgaanç bir sorag. Bapba Gökleňem “Alla bar bolsa adalatsyzlyklara ... dowamy
Ylymyň aňyrsyna çykan
Owal her kim gyradeň ýaşaýardy. Baý adamam baýlygyny töwereginden gizleýärdi. Şol döwürler (SSSR zamany) bir zawmagyň işine welosipedli gatnaýandygyny, hatda maşyn almaga-da gorkýandygyny gürrüň bererdiler. Geň galýan, o wagt baý bolaňda-da baryp gymmat baha zat aljak gümanyň ýok ýa-da kaşaň jaý sadyrýan, daşary ýurtlara gezelenje gidýän ýok. Onsoň baýlyk ol adamlaryň nämesine gerek bolduka diýýäň. Çagaňy okuwa ... dowamy
Sen gerekmi?
“Her kim özüçe akylyndan azaşýar” diýýändirler, meňkem şoň ýaly boldy. Altmyş alty ýaşa ýetip barýarkam, dil öwrenmäge başladym. Iňlis dili kyn dilem däl diýdiler. Hakykatdanam, başda kynam görünmedi. Ýöne gitdigiçe kynlaşýar, sözleri ýadymda saklap bilemok, çalt ýadaýan, garaz, höwesim gaçyp başlady. Esasy agram salýanam “Altmyşdan soň dutar öwrenip, görüňde çaljakmy?” diýen sowal. Üstesine oglumam: “Gerek bolsa öwrenersiň” ... dowamy
Köp keseliň gözbaşy
Öňem çagalygymyz, oglanlygymyz hakda ýazanam bolsam, ýene-de şondan başlasym gelýär. Hakykatdanam ynsan, Ekzýuperiň aýdyşy ýaly, “çagalygynyň dünýesinden gelýär”. Biz (Ylýas ikimiz) çaga ýaly görülip ulalmadyk. Bize asla oýnawajam alyp bermediler. O döwürler, mümkin, oýnawaç gyt bolandyr, bilemok. Ýöne başlygyň ekizleri üçin, gyt bolmanam bilerdi. Gyt bolsa-da tapyljak bolunsa tapylardy. Emma hiç tapjak bolmandyrlar. Köp çagalaryň güýmenjesi aşykdy. Ylýas ikimiziň aşyk bilenem serimiz ýokdy. Bize derrew okamagy öwredipdirler. Uly adam ýaly görüpdirler. Ejemiň ... dowamy
Abraýyňy goramalymy?
Ilki bilen - abraý näme? Ar-namysam – abraý. Abraýly wezipe-de diýýäs. Biabraý bolmagam bar. Mertebe-de abraýyň bir görnüşi ýaly. Näçe gündir şular ýaly pikirler, sowallar ýanymdan aýrylmaýar. Belki oglanlygymdan iň köp eşden sözümem “abraý” ýaly bolup dur. Kakam pahyr her nahardan soň töwür galdyranda “Şu dünýede abraý, ahyretde iman ber” diýip dileg ederdi. Kakam köp ýyl kolhoz başlygy bolandanmy, biziň içerimize-de abraýly içeri diýýärdiler. Bizem gözümiziň göreji ýaly goramaly zadymyz, ilki ... dowamy
Biziň ýüzümiz
Oglanlar instagram diýip bir zada goşdular. Ýogsa bu pikirleri etmesemem etmezdim, onda-da täze ýylyň öň ýanynda. Ilki gyzykdym, geň gördüm. Gaty gowy suratlar, suratçylar bar eken. Özüm iki-ýeke surat goýdum. Beýlekileriň maňa goýýan laýklaryny sanadym. Soňam… bir ýagdaý gözüme ildi. Instagramda köp kişi öz suratyny goýýan eken. Dostlary bilen, ýeke özi, şatlykly, gussaly, çagalary bilen… Belki, bolmalysam şeýledir. Her kim özüni tanadýar, tanyşýar. Gatnaşyk gurýandyrlar. Ýöne bir zada üns berdiňizmi? Biçak ýüz ... dowamy
Ýyl täzelenýärmi ýa-da könelýärmi?
Ylýas bilen şeýleräk bir gürrüň gitdi. Ýylyň dowamynda köp zatlar bolup geçýär. Ýyl täzelenýär welin, sahypa agdarylan ýaly, bolup geçen zatlar tutuşlygyna geçen zamana öwrülip gidäýenok. Käbir zatlar ýeke ýylam däl, ýyllar boýy ýanyňdan galman gelýär. Sen ony her näçe taryha öwürjek boluber – peýdasy yok. Çagalygyňda gowy gören oýnawajyň. Ejeň, kakaň ýüz keşbi. Käbir aýdan zatlary. Käýýän ýerleri… Sanasaň sanap oturmaly. Olaryň içinde ýakymlysam bar, böwrüňe sanjylyp duranam bar. Biz ... dowamy
mesele pikire düşünmekde
Aşgabat:
07 Dekabr, 2017
Agam, meňem kelläme biderek pikirler köp gelýär. Mysal üçin, bir döwürler tire-taýpa dawasyny döretmek üçin ýörite iş edinipdirler. Şol işi edenler indi türkmenleriň ... dowamy
Peýda
Peýdaly bir zat ýazasym gelýär. Saýta girýänler özlerine peýdasy degjek ýazgyny, pikiri gözleýändir. Öňem bir kele “Dermanym bolsady, başyma çyrşardym” diýdirýäler. Meňkem şoňa meňzeş. Özüm ýer ýesir özüme peýdasy degjek akyly gözleýän. Onsoň bärik girip akyl satan bolup oturmak, iň bärkisi, özüňi gülkünç ýagdaýa salmak ýaly bolýar. Şonuň üçin, başdan boýun alanym ýagşy – adama akyl berere ýagdaýym ýok. Ýöne diýýär-ä “Her närsäni bir köý bilen ýakarsyň, Deräni gün bilen dagy ... dowamy
Ylýas Haida
Hydyr aga salowmaleýkim. Siziň maşgala agzalaryňyz hakynda kakaňyz, ataňyz,agalaryňyz hakynda ýazanlaryňyzy uly gyzyklanma bilen okadym. Emma näme üçindir öz ekiztaýyňyz hakynda kän ýazmaýarsyňyz. Şol ýazgylar has gyzykly hem gymmatly bolarmyka diýýän. Bu siziň iniňiziň heniz ýaşap ýöreni sebäpli bolsa, onda ýalňyşýaňyz diýjek bolýan. Garaz, gönüjämi aýtsam, siziň Ylýas aganyň döredijiligi hakynda pikirleriňizi bilmek isleýän. Siziň ... dowamy
Güýç
Köpden bäri şu saýt üçin hiç zat ýazmadym. Dogrusy,
ýazarynam öýdemokdym. “Her bir başlangyjy bolan zat, ahyry bir gün tamam
bolýar. Ekizler2-ňem tamamlanmaly wagty gelendir” diýip pikir edýärdim. Ýöne
nämäň haçan tamamlanjagynam, elbetde, haçan başlanjagynam Alla bilýär. Niçigem
bolsa, boş gürrňi uzaltmaýyn.
Soňky döwürde aklyma köp gelip geçýän zat güýç hakda boldy. Ynsan durmuşynda köp kynçylyklary, islese-islemese başyndan geçirýär. Kynçylyklaryň ululygy, kiçiligi, agyrlygy, ýeňilligi her kimiň özüne bagly. Ýöne oňa garşy durmak ... dowamy
Öten agşamky düýşüm
Düýn
Tokaryň gürrüňini etdik. Tokar Tugur – suratkeş. Moskwada Gündogaryň
suratkeşleriniň sergisi açylypdyr. Şonda-da Tokaryň işlerem goýulypdyr diýip
eşitdim. Begendim.
Belki şondandyr şo gije Tokar düşüme giripdir. Çal giren saçlary egnine düşüp dur. Özem hemişekisi ýaly, mähirli ýylgyrýar. Dogrusy, ömrüniň soňky ýyllary bu ýylgyrmasy azalypdy. Ýene-de birki oglan-a bar. Şamuhammetmi… Şamuhammet Myradow şeýle ýumşak, inçe medeniýetli oglandy. Otuz ýaş töwereklerinde ganyna rak düşüp gitdi… Ortada gramplastinka aýtdyrylýan. Onda Woznesenskiý goşgy okaýar. Dogrusy «Ya Goý-ýa!» ... dowamy
Kino kameranyň gözi
Gumuň jümmüşine gitdik. Dört sagatlyk ýol, maşynyň gowy bolanda. Indi bäş ýyl bäri sypdyrman gidýän ýerimize bu gezek kino surata düşürmäge gitdik. Ssenarini Ylýas ikimiz ýazamyzsoň, hem o ýerlere belet adamalr bolanymyz üçin filmiň rejissýoram (Wepa Işangulyýew) biziň gitmegimize garşy bolmady. Belki has giňişleýin ýazsam has gowy bolsa bolardy ýöne häzir surata düşürilýän wagtlary kelläme gelen zatlary ýazyp çäklenesim gelýär. Galanyny ýazmakdan gybatyň ysy gelýändigindenem beter, göwnüme pikre batyran zatlar has esasy, ... dowamy
Döredijiligiň syry
Gurbannazar Ezizowyň şahyrlygynyň syry nämedekä? Näme üçin häzirki şahyrlar beýlede dursun, Kerim Gurbannesem onuň ýanynda bärden gaýdýan şahyr bolaýýarka?
Birbada samsyk sowal ýaly göörünýän bu mesele meni köpden bäri horlaýar. Düşünýän «Gurbannazar Hudaý tarapyn şahyrlyk berlen adam» diýersiňiz. Men muňa ýok diýemok. Onuň rus dilini juda gowy bilmegi, dünýä edebiýatyny, aýratynam, Puşkini, Lermontowy şeýle jikme-jik öwrenendigi bilenem muny düşündirýärler. Bir gezek Tokar Tugur «Näme üçin Gurbannazaryň goşgulary başga bolaýýar? Ýöne gezip ... dowamy
Armanyň agramy
Käteler bir zat eşitseň ýa-da kelläňe bir pikir gelse, derrew ýazasyň gelýär. Indi garrylykdanmy bilmedim, eşden täsin gürrüňlerimem, kä wagt oýanan ýaly bolýan pikire meňzeş zatlarymam özümde göterip gezýän. Gysgançlyk edýän diýsem ýalançy, ýöne näme üçindir ýazmasamam ullakan gynanyp gezemok. Okyja göwnieýetmezçilik edemok, ýöne, meger ýaltalykdyr.
Başga bir wagt bolsa her birini aýratyn, giňişleýin ýazardym diýen zatlarymyň käbirini agzap bir geçeýin diýýän. Şonam etmesem aýp bolaýjak ýaly. ... dowamy
Üme düşmek
Belki, geregem däldir, şonda-da ýatladaýyn «üm» diýilende, bir zady doly aýtman, hereket, yşarat bilen ýa-da kakdyryp, gümürtügräk edip aýtmaga düşünilýär. «Gümürtigräk» diýenimde-de ýalňyşan bolmagym mümkin. Munda aýby ýaşyrjak ýa-da dogryňy aýtmajak bolup gümürtik gürlemegi göz öňünde tutlmadym. Beýlekiniň göwnüne degäýmeäýin, ýalňyş düşünäýmesin, ynjydaýmaýyn diýen niýet bilen, çekinilip gürlemegi aýtmak isledim.
Käte beýle etmegi halamaýarys, «Anyk aýtsana» diýiberýäris. Göräýmäge aç-açan, aýdyň, äşgär gürlemäge degjek zadam ýok ýaly. «Dogrusyny aýdan uýalmaz» diýen ýaly nakylam ... dowamy
Datsadyk, çal başymyzy ugrunda pida etsedik…
Arada gürrüň agzybirlik hakynda boldy. Her kim agzybirligiň tarapdary, her kim agzybir bolunanyny isleýär. Birden iňkise gitdim. Agzybirligiň nämesi gowy? Agzybir boljak bolup diýjegiiňi diýip bolanok, isläniňi edip bolanok, alasyň gelenini alyp bileňok. Ulyny sylamaly, ula gulak asmaly. Uly diýýäniň seň üçin jany agyrsa-da agyrýandyr welin, ilki bilen öz bähbidine agyrýandygy, onsoň saňa gezek gelýänem belli. Şeýle bolmasa kim ulusyny diňlejek däl?! Hezil, özüňden ulyň diýenini ... dowamy
Gurban Berdiýew hem türkmeniň iki häsiýeti
Kim bilýär, kim meniň bu gürrüňime nähili garar? «Nähili garalanda näme? Men kim?» diýýän, ýöne şonda-da her bir zada garamak meselesi gaty düýpli bir zat ýaly görünýär. Her bir zada garaýşymyz biziň ýolumyzy haýsam bolsa bir tarapa ugrukdyrýan, käte ýolumyz kesgitleýänem ýaly.
Meniň bir gyzygýan zadym bar. Soňky birki ýyldyr sypdyrman futbol treneri Gurban Berdiýewiň özi, komandasy bilen gyzygýan. Hawa, türkmen bolany üçin. Özümiňem türkmen bolanym üçin.
Dogrusy, ... dowamy
Ömür howuzy
Ömri «çagalyk», «oglanlyk», «ýigitlik», «garrylyk» diýip böleklere bölýäler. «Dünýä inmek» hem «dünýeden gitmek» diýibem ýene iki sany bölegi bar. Soňky ikiniň her biri, ýokarky dördüň dördüsinem birden öz içine ýerleşdirip bilýän giňlige-de, çuňluga-da eýe ýaly…
Men ýaňam kakamy beýle gowy göremokdym – ýanymda otur diýýädi, men bildirmesemem (heýem kakaň bilmezmi?!) oturmagy kyn görýädim. Käteler käýýär diýip görünmejek bolardym. Elmydam kakamyň meni, meniň kakamy gowy görşünden has kän ... dowamy
Dert
Awgustam geldi. Kim üçin adaty aýlaryň biri, kim üçin… Biziňkileriň köpüsiniň toýy sentýabra gabat gelýär. Ýakynda-da biri öýlenmeli. Oňa degşip «Arada «awgust» diýip bir bolgusyz aý bar. Ýogsa bu wagt eýýäm toý etmeli» diýip degişýäs. Onda-da otuz bire çekýän awgust. Meň üçin welin, bu aý ýylyň ömrüniň dowamynda iň gaýnap joşýan iň soňky aýy. Soň güýz düşer, aňyrsam «gazaply gyş…»
Hemişe öýde oturanymdanmy, okaýan zadymam az. Az ... dowamy
Saryýa
Näme üçin derde galyp ýörün?! Meň bilýän zatlarymy kakam bilenokdy. Menem ogullarymyň bilýänini bilemok. Agtyklarymyň başarýan zatlaram ogullarymy geň galdyrar. Dünýäň akyşy şeýle. Akýan zat bir ýerlere barýar, ýöne köp zatlaryňam deňinden geçýär. Gidip barşyňa ýanyň bilen alyp gidip bolmaýan zatlaram, gynansagam bar. Şu wagt tutuş ýer togalagy eline jübi telefonlaryny alyp ber-başagaý bolup ýören ýaly. Her kim her kim bilen gürleşýär. Ne arada menzil bar, ne wagt. Ýekeje düwmä basýaň sesiň ... dowamy
Daglaryň syry
Käte
hemmämizde-de bolýandyr, kelläňe bir aýdymyň heňi ýa-da bir goşgy setiri
girer-de – hiç çykmaz. Şu günler meňem Sahy bagşyň «kararly» sözüni birhili
owazlandyryp «Mydam bir kara-arly daglar» diýişi aňymdan aýrylanok, gulagyma
gelip dur.
«Karar» sözi öwrenşen sözümiz. Biz muňa köplenç döwlediň, hökümediň bir mesele bilen baglanşykly çykaran karary hökmünde düşünýäris. Emma Sahy agaň «kararly» diýen manydaky sözi kän bir ýörgünli däl. Setanda-seýranda bolmasa, «Pylany bir kararly adam» diýmeýäris. Gaýta, ... dowamy
Häsiýet gözelligi
Gar eräp, ýere ýyly gidende, meýdan ýuwaşjadan, hiç kime görünmän, ýaşyl lybasyny geýýär. Soň güle bürenýär. Tebigatyň gözelliginden gözüňi aýyrasyň gelenok. Şonda özüňde-de şeýdip gözelleşmek ukyby dörän ýaly bolýar. Otagyň dört diwaryna sygaňok. Ýüregiň meýdan küýseýär. Ýagyş ýagyp gök gürlese terje kömelekler ýadyňa düşýar. Egin-eşik satýan dükançam «Ýaz çykdy. Indi meniň söwdam ýörär» diýip, baharyň gelenine başgaça bir nazar bilen seredip begenýär. Ýazyň ýakymly howasyndan kükregini dolduryp ýylgyrýar. Hakykatdanam ... dowamy
Dünýaniň diregi
Dünýäň diregi ýagşylykdyr öýdýärdim. Adamlary biri-birine baglaýanyň, gatnaşdyrýanyň, uly bir jemgyýeti döredýäniň ýagşylykdygyna ynanýardym. Ynsanda şu täsin duýgy – birek-birege ýagşylyk etmek, kömek goluny uzatmak, büdräni galdyrmak, aglaýanyň başyny sypamak, ýylgyrýanyň ýüzüne ýylgyryp bakmak bolmasady adamzat dünýäsi pytrap gider diýýärdim. Bir günem…
Gowsy bu pikirimiň üýtgemegine sebäp bolan wakany, belki-de wakalary gürrüň bermäýin. Şeýle-de özümi tamakinçilik zynjyryna bagly ýaly duýýaryn.
Emma käte birinden jany ýanan biriniň «Men saňa ... dowamy
Nirä?
Ekzýuperi «Çagalygymyň dünýesinden gelýän» diýýär. Çagalygyň dünýäsinden ululygyň dünýäsine. Ynsan «Ömür» diýilýän ýoluň bir duralgasyndan başga duralga, bir dünýesinden başga bir dünýä – ýetginjeklige gelýär.
Mekdep tamamlandy, indi nirä? Okuwamy? Gullugamy? Bu sowalyň saňa berlen güni çagalygyň bilen hoşlaşanyňy syzarsyň. Edil düýnem beýle sowal akylyňa-da gelip bilmejek ýalydy. Bu gün welin, näme jogap berjegiňi bilmän dursuň. Onuň garaşman durkaň, duýdansyz gelendigini, näme jogap berjegiňi bilmän durşuňam ... dowamy
Reňkler hakda
Reňkler hakynda bir ýazgyny okanymdan soň, birhili olar aklymdan gitmedi. Ýöne mende reňk adaty reňk däl-de abstrakt many aldy. Mysal üçin:
Ýalanyň reňki – ak gara ýaly, gara ak ýaly, ýaşyl sarymyka diýdirýär, sary ýene başga bir reňke çalymdaş. Bu duýgy ýalany eşdeňde, belki ýalan sözläňde-de bolýandyr.
Söýgüň reňki – hiç gandyrmaýar. Akdanam doýup bileňok, mawudanam, gyrmyzydanam, sarydanam, ýaşyldanam… ýene müň dürli reňk bar bolsa hemmesini özüňe siňdiresiň ... dowamy
Biz nähili adam?!
Birhilem bolsa balýandyr, soňky döwür, özümi geň galdyran, oýlandyran bir zady görsem ýa-da eşitsem siziň bilen paýlaşasym gelýär. Belki, bu-da garrylygyň bir alamatydyr.
Ilki bilen başdaky «biz» diýen sözüm üçin ötünç soraýan. Aslynda, näçe islesemem, ony başga söz bilen çalşyp bilmedim. Indi eşden zadym hakynda.
Arada öýe dost oglanlar, daýy-ýegenler geldi. Olaryň içinde birem «Adamlar nähili bolupdyr. Telewizordan «Watany» görýärler-de «Aý, gyzykly bolmady. Hiç kim işinden aýrylmadam, basylmadam» ... dowamy
Erkekleriň aýallaşyp, aýallaryň erkekleşmek döwri
Üns berdiňizmi – bilmedim, ýöne göwnüme häzir erkekleriň aýallaşyp, aýallaryň erkekleşmek döwri geläýen ýaly. Ýok, men muny erkekleriň ýa-da aýallaryň üstünden düşmek üçin aýdamok. Indi ýigitleriň ata çykyp, gylyç syryp, ýaý çekip, peýkam atyp duşman bilen söweş guran döwri geçdi. Indi ýigitler öz gelinleri bilen birmeňzeş wagtda işe gidip, çagalaryny çagalar bagyna taşbşyryp, işden çykanda-da olary öýe alyp gelýär. Hatda aýalyň matematika kafedrasynyň müdiri, ýigidiň bolsa ... dowamy
60-da biljegiňi 25-de bilip bolarmy?
«Plan görnüşdäki gyza öýlenmeli, pylança-da çagaň bolmaly» ýa-da «Üç çagadan artyk çaga edinmek ýalňyş» diýen ýaly düşünjelere berk, şübhesiz ynanýanlar bar. Bir gezek Büzmeýin tarapa barýardyk. Maşyndaky ýoldaşlarym şuňa meňzeş gürrüň etdiler, biri-birine gezek bermän diýen ýaly goldadylar. Birdenem aralarynda sesini çykarman barýan biri morta «Bäş oglum bar. Alla ýene şolar ýaly oguldan 25 sanysyny berse, gerek däl diýmezdim» diýdi welin, beýlekiler näme diýjeklerini bilmediler.
Aslynda planlaşdyryp, ... dowamy
Geň galdyran bir pikir
Geň galdyran bir pikir eşitdim: «Bir adam Hudaýlaşdyrylsa, halk haýwanlaşýar» diýýär (Kozinsew, kino rej.). Ýadyma Pygamberimiziň «Men gul pygamber boljak» diýip abdylygy, gullugy saýlany düşdi. Men Pygamberimiziň bu saýlamasyny özi üçin, ýagny, özi Alla gul bolasy gelýäni, gul diýip duýýany, Alla hasam ýakynlaşmak niýeti bilen diýen ýaly pikir edipdim. Aslynda, pikir etseň ol saýlanan ynsan, islese «Men Süleýmän ýaly soltan pygamber bolaýyn. Ymmatymam soltana tabynlykda ikirjinlenmez» ... dowamy
Her kim çagasyna at dakýar
Her kim çagasy, agtygy dünýä inende begenip oňa bütin ömri göterjek adyny gözleýär. Käte maslahatlaşylyp, kätä maslahatlaşylmanam bir at goýulýar. Muny hemmämiz bilýäs. Ýöne adamyň howply ýagdaýa düşende batyrdygynyň ýa-da gorkakdygynyň bildirşi ýaly, çaga at dakylanda-da ene-atanyň içki dünýäsi, höwesi, islegi – umuman asyl kimdiginiň gyrasy açylýýana meňzeýär. Nirede gizlese-de şu ýerde ol dünýägaraýşynyň nä derejededigini açaýýan ýaly. Dogry, ogluna Resul, Hajymyrat dakýanlaryňam dinden daş ýagdaýlaram ... dowamy
Köp gürrüňi edilýän tema
Göwnüme bolmasa şeýle ýaly. Ýöne meselä has giňiräk, has çuňurak seredesim, asyl sebäbini bilesim, oňa düşünesim gelýär.
Ýaňy ýanyma biri geldi – ogul öýerjek, restoran üçin bir maşynyň bahasyny bermeli. Onam karz-kowal bilen» diýip nalaýar. «Ogluma-da gep düşündirip bilemok. Käşgä gürlesedi, şzünkiň dogrudygyny subut etsedi, diňkesini bir burça dikýär-de, sesini çykarman otyr. Senem janygýaň, gürleýäň, ahyram gury janyňy ýakanyňa gaharyň gelip goýýaň. Olam turup gidýär» diýip jibrinýär. ... dowamy
Bagyşlaň, "ekizlere" girip bilmedim. Açylman dur. Şonuň üçin şunça wagtyň içinde jemlenenjeleriň ählisini bir günde goýmaly boldum. Belki, Agajan şu saýtjagazam oňaryp goýbereýin-le, ýaşuly horlanmasym diýer. ... dowamy
Ýitirmek – tapmak
Siziň ýaşlyk hakynda okasyňyz gelýändir, men bolsa garrylyk diýip tutdyryp otyryn. Biz ömrümizi çagalyk, ýetginjeklik, ýaşlyk, ýigitlik, garrylyk… diýen ýaly toparlara bölýäsem welin, göwnüme bilar syk dokalan, biri-biriniň içinden nähili geçýänini bilip bolmajak derejede syk örülen mata – ömür matasyna meňzedýän. Aslynda bir ömür bar ýaly, ýaşlygam ýok, garrylygam. Bu hakkynda jedel edip, garşy gidip bilersiňiz. Emma, bir zady açyk bilýän ýaş ýigitkäň garry adamyň pikirlerini, ... dowamy
Tämizlige hyýanat
Bir zadyň pikirini etdim, täze zadam däl – hemmämiziň bilýän zadymyz. Adam garradygyça ýaşlara syn edegen bolýan eken. Menem, seredýän, synlaýan, öz oglanlygymyz bilen deňeşdirýän. Isleseň-islemeseň akylyňa dürli pikirler gelýär. Ýok, men igenmek ýa-da käýinmek islämok. Ýok, şeýtsem okamarsyňyz, ýapyp goberersiňiz diýip däl, başardygymdan dury, adalatly, dürs pikirlrnmek üçin igenji, käýinji beýläk zyňýan.
Bir zady hemmäňiz bilýänsiňiz häzirki ýaşlaryň bilýän zadyny biz garrylar garranymyzdan soň öwrendik. Internet, ... dowamy
«Otuza ser uran günüm…»
«…Ahyr bildim göwündigiň.» Gurbannazaryň bu setirlerini şahyryň öz dilinden diňläp, soňam ýetmiş gezek okanam bolsam, altmyşdan geçenimden soň manysyna düşünjek bolýan. Ilki badalar «göwündigiň» sözüni «öwündigim» diýen söze kapýa üçin ýazylaýan bir zat hasaplapdym. Görüň, nähili gopbanmdygymy! Öz kemeter pikirlenşimi şahyryň boýnuna atyşymy neneň görýäňiz?! Soň unutdym. Bu setiriň çuňlugyna çümjegem bolmadym. Meni hasam aldan zat goşgynyň jemlemesindäki «Watan» sözi boldy. Goşgyny «syýasat» üçinmi, kitabyň başynda ... dowamy
Türkmeniň türkmenligi
Ýene-de suratlar… Kakam, ejem… Kakamyň dostlary… Öz ýanymdan ýadamadyňmam diýýän. Belki, sen ýadamarsyň, ýöne okaýany ýadadýan bolaýma-da diýýän. Emma ýüregimdäkini basyp saklabam bilemok.
Adam garaňkyda ýol ýörejek bolsa, oňa hökman bir yşyk gerek. Dagy bolmanda şeýle uzakdaky ýyldyzlar, altyn çaýylan nokatjyklar ýaly ýylpyldasyn welin, bir ýylpyldy gerek. Durmuş diýlenem ýola meňzedýärler. Munda, megerem, üç sany ýagty berip biljek zat bar – biri geçmişiň, beýlekisi geljegiň, ýene birem ... dowamy
Şeýh hem onuň şägirdi (hekaýa)
Şeýh hem onuň şägirdi
(hekaýa)
Şeýh birinji gezek hüjresiniň darlygyny duýýardy. Ýogsa onuň bu hylwat jaýynda iki adam bolup, egin-egne diräp namaza dursaň, (Alladan hem perişdelerden başga) üçünji birine ýer ýokdy. Ölügsije ýanýan kiçijik şemiň tüssesiniň hüjräniň diwarlaryny garaldan ýeri bardy. Emma, ol şonda-da, henize çenli bu mekanyny dar görmändi.
Ýok, Şeýh terkidünýä, dagyň kert gaýasynda ýerleşýän gowaga giren ýaly, ähli zatdan ýüz öwrüp ýaşaýan, zikr çekip, mynajat edip, ... dowamy
Çagaňy gowy görseň…
«…ýazgylarda» Kakam hakynda ähli bilýänjelerimi aýtdymmykam öýdýärdim, emma bäş ýaşlarymyzdaky kellämiz ýaglyk bilen saralan suratymyzy görüp, onuň käbir häsiýeti ýadyma düşüp gitdi. Paýlaşaýyn diýdim, belki, peýdasy deger.
Kakam hemişe çagalaryň kellesiniň ýaglykly bolmagyny öýdäkilere tabşyrardy. Sebäbine «çaga ýykylsa kellesi ýere gaty degmez» diýip düşündirerdi. Şol sebäpden, köp ýerde howlyny betonlamak ýoň bolanda, kakam muny etdirmändi. «Ýere ýykylanyň bilen daşa ýykylanyň deň bolarmy?» diýerdi. Aýallaram howly arassa bolýar ... dowamy
Türkmeniň türkmenligi
Ýene-de suratlar… Kakam, ejem… Kakamyň dostlary… Öz ýanymdan ýadamadyňmam diýýän. Belki, sen ýadamarsyň, ýöne okaýany ýadadýan bolaýma-da diýýän. Emma ýüregimdäkini basyp saklabam bilemok.
Adam garaňkyda ýol ýörejek bolsa, oňa hökman bir yşyk gerek. Dagy bolmanda şeýle uzakdaky ýyldyzlar, altyn çaýylan nokatjyklar ýaly ýylpyldasyn welin, bir ýylpyldy gerek. Durmuş diýlenem ýola meňzedýärler. Munda, megerem, üç sany ýagty berip biljek zat bar – biri geçmişiň, beýlekisi geljegiň, ýene birem ... dowamy
Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk
Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk,
Ine, şoň üçinem geçdik şonça ýol.
Şat günlerim az boldy diýip gynanma,
Kakamda käte göwnündäkini çekinmän aýdyp goýbermek häsiýeti bardy. Ýogsa, aslynda ol «çemeçil» diýilýän adamdy. Kesä çekilmez ýaly «çemeçil» sözüne berýän manymy biraz açygrak aýtjak bolaýyn. Kakam jaýdar geplemegi oňarýardy. «Men näme diýýän, dutarym näme diýýär» diýilýän ýagdaý onda bolmazdy. Gürrüňdeşini diňlär, aýtjak bolýan, isleýän zadyny duýardy, köplenjem onuň garşysyna gitmän ugruna kowup gürlemäni başarardy. Onsoň diňleýän üçin kakamyň aýdýanlary jüňk bolardy. Kakamdan anyk, ýüregindäki sözi eşitjek ... dowamy
"Amangeldiýew bolsa – gitmez!"
Bu sözleri şol wagtky (1961 ý.) Ministrler Sowetiniň (häzirki Ministrler Kabineti) başlygynyň orunbasary Atanepesowa diýilýän aýal aýdypdyr diýýärler. Iberilmejek bolunýan ýerem Moskwanyň energetika instituty (MGU-nyň energetika bölümem bolsa bilemok). Baýramguly kakam mekdebi tamamlandan soň Moskwa gitmek üçin ekzamenleri tabşyrýar. Soňam Taşkente tigir ýaryşa gidýär. Şol ýyl ol mekdep okuwçylarynyň arasynda welosiped sporty boýunça Türkmenistanyň çempiony bolýar. Taşkentden gelenlerinden soňam Atanepesowanyň familýasynyň üstüni çyzandygyny hem ýokardaky zözleri ... dowamy
«Gözleriň bilen meniň sesimi eşdermiň?»
Hemmäňiz bilýänsiňiz, Rumyda şeýle meşhur setirler bar. Ony her ýerde gaýtalaýarlar köp ýatlaýarlar.
Bolşuň ýaly görün ýa-da görnüşiň ýaly bol!
Şu ýa-dadan öňki ýa-da soňky aýdylanlar biri birini gaýtalanokmy? Olaryň haýsam bolsa birini aýyrsaň, näme ýitýär? Rumy köp sözlülik edipmi? Ýa-da men kemakyllyk bilen olaryň tapawudyna düşünemokmy?
Ýene-de hemmäňiz bilýänsiňiz Gurbannazarda
Eneler jomartdyr, giňdir eneler
diýip setir bar. Bu setirdäki juda güýçli jomartdan soň gelýän, hasam ejiz görünýän «giňdir» gerekimi? Gurbannazar ... dowamy
Raýkom - häzirki dilde etrap häkimi bolýar
Köne suratlaryň içinden Baýramguly kakamyň iň ýaş, oglanjyk wagty düşürilen şu suraty çykdy. Egnini ýygyryp dur. Biziň tohumymzda egniňi ýygyrmak häsiýeti bar. Hatda agtyklarymda-da bar.
- Mamamyň ogly bolmandyr. Iki gyzy bolupdyr, kiçisem ejem. Onsoň babam Meret aga dünýeden ötensoň ol bizde bolýardy. Mamam haltajyk tikip beripdi. Ýer yranmazyndan öň, köne ýurtda ýaşaýardyk. O döwrüň tamlarynyň äpişgesi pessejik bolardy. Ýatan ýeriňden daşaryny görüp oturmalydyr. Men mamamyň ... dowamy
Ýüregimizde näziklik gülüni oturdan agam
Kakamyň eken tudunda Baýramguly kakama degişli şaha, Saparguly kakamyňkydan birneme gönüräkdi, hamala kyn günleri has az gören ýalydy. Belki, bu hakykatdanam şeýledir. Saparguly kakam uruş döwrüniň 10 ýaşlaryndaky oglany. Açlyk näme, horluk näme – gören. Baýramguly kakam urşuň turan ýyly dünýä inipdir. Ejemiň howsaladan, gorkudan, aladadan, ýatman geçirýän gijelerinden emip ulalypdyr. Bilmedim şondanmy, Baýramguly kakam biziň aramyzda iň näzigimiz, iň duýgurymyz bolaýmasa. Çünki onuň dostlary duýgurdy, ... dowamy
Bir gezekde hem çaý, hem çal, hem suw
Pöwrizede, mähnet çynarlaň aşagynda «Şelebiýa» aýdýan ýyllarymyz geçip gitdi. Amanjahan gelnejemden başga-da gelneje bolup biljekdigini bilmän ýörkäk, ikinji gelnejeli, Orazsoltan gelnejeli bolduk. Onda-da gelnejem az salymdan «Daşhowuz 11-e» göçüp geldi. Belki, Baýramguly kakam hakda gürrüň bermezden owal «ikinji gelnejemi» ýatlasam dogry bolar. Baýramguly kakamyň soňky durmuşyna-da gaty uly täsir ýetiren gelnejem dört gyzdan soň, garaşyp-garaşyp ýekeje ogully bolandan soň, uzak ýaşaman dünýeden ötdi. Pahyr gözüni açyp ... dowamy
Şeýdip täze durmuş başlandy…
Agtyklarym, menden soň dünýä injek çowluklarym, häzir Kuala Lumpur şäherinden 2014-nji ýylyň 13-nji feýralyndan size ýüzlenýän. Siziň näçinji ýyllarda, nirelerde gezip ýöreniňizi, hatda ýagylarymy eliňize aljagyňyzam bilemok. Emma, okanyňyzy islärdim. Özüm, özümiň ýatlanmagym üçin däl. Bu zatlar ýyllar geçip manysyny ýitirer. Menem ýitip giderin, emma dünýe dursa, Amangeldi aganyň nesli dowam eder. Ony tanamagam siziň üçin örän möhümdir. Meniň munuň möhüligini özümde duýýanym üçin size-de degişli ... dowamy
Dilim ejiz – agam ýokarda
"Köne suratlara ýazgylarymy" Malaýziýaň merkezi, Kualalumpurdan ýazýan. Bu şähere gelip, ilki ýazymy agam Saparguy kakamdan başlasym gelýär. 03.02.2014.
Saparguly kakam, özaramyzda diýişimiz ýaly Apby kakam, ýatlamalarymam, edil köne suratlarymyz ýaly ýene seni aýlap-dolap alyp gelýär. Agalarymyň biz ekizler üçin edenlerini ýatlaýan welin, sen ep-epesli öňde bolaýýaň. Baýramguly kakam bizi Gurbannazar şahyr bilen tanyşdyrdy, oňa çaý demläp bermek bagtyna ýetirdi. Soltanmyrat kakam elimden tutup Pionerler köşgüne, dutar krujogyna ... dowamy
Adam satmak, ýaranjaňlyk
Mysal üçin, men bir haýyr iş bilen meşgul. Meniň başlygymam bu haýra päsgel berýär. Mende başlygymyň ýokarsynda oturan has wezipeli adam bilenem aram-aram duşuşýan wagtym bolýar. Şonda men arkaýyn başlygymyň ýagdaýyny has uly başlyga aýdyp biljek, ýagny owadanlaman aýtsak, satyp biljek. Netijede, meniň haýyrly işim has giň ýol aljak. Bu dogrumy? Ýok, şahsy bähbidim üçin däl, diňe haýyrly işimiň hatyrasyna şeýle etsem bolýarmy?
Ýaranjaňlygam edil şonuň ýaly. ... dowamy
Kur'an okaýşym
Kur'any ilkinji gezek megerem, studentkäm Ylymlar Akademiýasynyň kitaphanasynda, Kraçkowskiniň terjimesinde gördüm. Onda-da elime alyp däl, aýnaň aşagynda durdy. Şonda oňa adaty kitap diýilýän zada bakyşymdan başgaça göz bilen seredenim ýadyma düşýär. O wagtlar akylym dinden daşda, hatda yslam dini hakynda düşünjämiňem ýok diýerlik derejedäki wagty. Şonda-da ol maňa Tolstoýyň, Dostoýewskiniň kitaplary ýaly, adaty kitap görnüşinde görünmändi. Ol belki, meniň üçin bir syrdy ýa-da gaty açylmajak, gulpy ... dowamy
Ýamanlyk, şer...
Adam adama ýamanlyk edýär, duşman bolýar. Beýle ýagdaýa her birimiz dürli derejelerde bolsa-da, durmuşymyzda duş gelendiris. Ilki-ilkiler "Näme üçin maňa duşman bolsunlar? Meniň hiç kime ýamanlygym ýok, ýamanlygam edemok. Meniň duşmanym ýok, maňa kast edip ýamanlyk etjek bolýanam ýok" diýip düşünýärdim. Häzirem munuň uly derejede, mysal üçin, "Şulam öläýse. Şuny öldürsem" diýen ýaly, maňa garşy has öte duşmançylykdaky adam ýokdur. Ýöne "Tigrime taýak sokulan" ýerleri boldy. ... dowamy
Şelebiýa ýa-da biziň tas bagşy boluşymyz
Daşhowuz köçesi bilen baglanşykly ýene bir waka ýadyma düşýär. Elbetde, munuňam aňyrsynda biziň, Amangeldi aganyň çagalarynyň ýaşaýşy azda-kände görünýär. Biz entek mekdebe gidip başlamandyk, şonuň üçin Saparguly kakamlara, Daşhowuz köçesiniň 11-nji jaýyndaky howla seýrek gelerdik. Bir gezegem biz (Ylýas ikimizi) şol howla "garawul goýup gitdiler. Megerem, 1-2 sagatlyk bolaýmasa. Sebäbi o wagt biziň özümize garawul gerekdi. Garaz, iki bolup galdyk, giden howluda. Hiç kim edýäniň näme ... dowamy
Sütün
Ýene bir ýyl geçdi ýa-da ýene bir ýyl geldi diýseňem bolýar. Inşalla, täze ýyl Pygamber ýaşyna ýetýäris (Ylýas bilen). Men özümiň Pygamber ýaşyna ýetjekdigimi ýa-da ýakynlajakdygymy akylyma sygdyryp bilmeýärdim. Adam segsenem ýaşap biler, emma Pygamber ýaşynyň begenjini ýaşamak oňa nesip etmän biler. Dünýede gör, nije kişi namazyň nämedigini bilmän ölüp gidýär. Aslynda, men munuň gürrüňini etmek islemändim. "Altmyş ikinji ýaşa ýetip barýaň, nämä düşündiň?" diýip öz-özümden ... dowamy
Ýalan bilen çyn
Bu mesele meni elmydama bimaza edýär, kellämden çykanok. Hamala, adam bu meseläni çözse köp meselelerini çözäýjek ýaly. Bizi esasy ýalňyşdyrýan zat ýalan bilen çyny aýyl-saýyl edibilmeýänimiz ýaly görünýär.
Ahmet Gurbannepes diýip bir ýazyjy, dürli dinler bilen gyzyklanýan adam, bir wagtlar bir gürrüň edipdi, ýalňyşmasam bu hakynda bir poema-da ýazypdy öýdýän. Ol "Kä bir ýalanlara degmäň, ýagny olaryň ýalandygyny aýan etmäň, goý, adamlar olara çyndyr öýütsinler. Bu diňe ... dowamy
Ömrüň manysy
Ýene bir çaga dünýä inýär. Ol ene-atasynyň ýüregine şatlyk, obasyna begenç getirer. Her kim bäbejigi ýüzüne sylyp: «Оl, dünýä ýük bolmaz, dünýäň derdini gerdenine göterer» diýip umyt eder. Umyt bolsa ynsanyň kalbynyň nury dälmi näme? Biziň ömrümizi dünýä inen çaga bolan umudymyz ýagtyldýan bolsa, täze dogýan Gün mysaly bu ümmülmez äleme-de ýagtylyk getirýän şol umytdyr. Çaga dünýä indi, älemde ýene bir ýyldyz peýda boldy. Biziň umydymyz artdy, älemiň nury köpeldi. ... dowamy
"Käriz" obasynyň düýbüniň tutulşy
Ara eslije gün düşdi. Köne suratlary biraz soňa goýmaly boldy. Kinossenariý diýdiler, soň ony terjime etmeli, soň "Heserli", soň täze ýyl bilen baglanyşdyryp ýene telessenariý, garaz, öz ýaltalygymam üstüne goşsam "köne suratlara ýazgylary" näme üçin şunça wagtlap ellemändigim düşnükli bolar. Ýöne has dogrusy, bu ýazgylary çuňlaşdyrasym gelýär, olaryň yzygiderliligini ýitiresim gelýär. Suratlar albomda ýyllara görä yzygiderli durmaýar ahyryn… Garaz şu işiň hötdesinden gelmek maňa kynyrak düşýär. ... dowamy
Iň aýylganç ýalňyş
Biz hemişe ýalňyşlarymyzdan kösenýäris. Gör, näçe wagtlap ökünip gezýäris. Käbir ýalňyşlarymyzy ömürboýy unutmarys, olar bize tä ölýänçäk yza berer.
Emma ýalňyşman ýaşamak mümkimi? Bilmedim. Illeň, töwergiň, geçenleriň ýalňyşlaryndan sapak almaly diýýärler, hatda öz ýalňyşlaryňdanam öwrenmeli diýýärler. Diýilýän zat köp, emma ýalňyş ýaşaýar, bilmän, garaşman otyrkak başymyza gelýär.
Belki, diýilýän zatlardanam peýda bardyr. Ýöne anyk bir zat aýtmak kynam welin, bir zada göz ýetirdim – ýalňyşmazlyk üçin ertir nämäň ... dowamy
Orginallyk
Göwnüme bolmasa, köp zehinli adamlaryň derdi orginallyk ýaly bolup dur. Töweregiňize serediň, kim orginal geýinsem diýýär, kim orginal gürlesem diýýär, kim orginal ýazssam diýýr, kim "Maňa orginal adam diýsediler" diýýär. Ortarak adam bolsamam razy diýýän adam az ýaly. Eýsem, bu ýaramaz ymtylyşmyka? "Il ýaly" bolmak gowumy aý-da erbet?
Dogrumy aýtsam, 20-25 ýaşlarymda meňem ilden saýlanasym gelýärdi. Hat-da bir hepde ýaly murtumy ösdüribem gezdim. Ýazýan hekaýalarymam okaýan hekaýalaryma ... dowamy
Dostlugyň gyşy-güýzi, pasyly-möwsümi bolmaýar…
Sary aga… Sary Ýolly… Kakamyň iň ýakyn, dost bolup gatnaşan sanaýmaly adamlarynyň iň öňde durýany, megerem, Sary agadyr.
Sary aga Garrygalaly, döwlet edaralarynda, Aşgabatda işlän, şol döwürlerem kakam bilen dostlaşan, soň ýene Garrygala dolanyp baran, gökleň tiresinden, sylanýan ýaşulularyň biridi. Meniň özümi ilki gezek uly adam hasabynda duýup başlamagyma Sary aga sebäp boldy. Sebäbi "Hydyr jan" diýse-de, maňa, 14 ýaşlaryndaky ogalana, uly adama sereden ýaly seredýärdi. Meniň ... dowamy
“Gidemden soň gidenligim duýulsun…”
Gurbannazaryň şu setirem, bir ýerden gelinendigini aňladýan, “gitmek” diýlen zadyňam bardygyny, onda-da diňe bir gitmegem däl, “gideniňden soňy” barada-da oýlanmalydygy barada asla ýazamag-a beýle-de dursun, pikirinem etmeýän türkmen-sowet şahyrlarynyň arasynda ýoň bolan setirleriň biri bolupdy. Edil “Il günüň derdini ýüregne jemläp, soňra ýürek agyrsyndan ölýärler” diýen setirlerden soň ýazýanlaryň arasynda ýüregi “sanjaýanlaryň” köpelişi ýaly. Elbetde, Gurbannazary Gurbannazar eden zat onuň adaty çäkleriň daşynda pikirlenip, ýaşap ... dowamy
Çyn dost
Biz duşmançylygy halamyzok, dostlugy gowy görýäs. Duşmanymyzyň bolmanyny dostumyzyň bolanyny, onda-da köp bolanyny isleýäs. Gurbannazaram "Ýeke bir çyn dostuň bitiren işi / Müňde bir ýoldaşyň golundan gelmez" diýýär. Muny hemmämizem bilýäs, emma, şonda-da çyn dostumyz ýok ýa-da isleýşimizden juda az. Näme üçin beýlekä? Bir döwürler 1976-80-nji ýyllar Tokar bilen şeýle dost bolupdym. Iýeinim aýra gitmändi. Hatda bazardan diri balyk satyn alyp gelsemem, Tokaryň öýlerine gidip, alyp ... dowamy
Mal üçin adamy maşyna süýredip bolarmy?
Hawa, limon ekilişi, oňa başlanylyşy özbaşyna bir gürrüň. Ýöne häzir başga bir gürrüň has öňe düşýän ýaly. "Saparguly kakamdaky ahlaklylyk, il-gün üçin ýaşamak, kakamyň dili bilen aýtsam "Illik dogan" (il üçin doglan) bolmak häsiýeti, ondanam beýleki çagalaryna geçen ýörelge nireden gelýär?" diýen mesele. Dagy näme? Kakamdan.
Bir gezek öýmüze bir garry ýal bilen saçyna ak giren erkek adam geldi. Biz olary tanaýardyk. Saglyk-amanlykdan soň olar kakamyň öňünde ... dowamy
Ýukaýüreklilik gowumy ýa-da doňýüreklik?
Eşidensiňiz, şeýle bir rowaýat bar: Alla iki gezek ýylgyrypdyr. Sebäbinem şeýle düşündiripdir: "Men biriniň mertebesini beýgeldýän, ryzkyny artdyrýan, adamlar bolsa, aýagyndan asylyp ony aşak çekýärler. Ikinjisi bolsa, Men biriniň depesinden basýan, adamlar bolsa, onuň elinden çekip ýokaryk galdyrjak bolýarlar. Meniň peseldenimi kim beýgeldip biler?"
Bu rowaýatda many kän, ýöne men bir tarapy hakynda pikir edýän. Adama nä derejede kömek etmeli? Kömek etmegiň çägi barmy?
Oglankam, özümden uly doganym ... dowamy
Kartoşkadan soň ary hem limon
Agamyň ary saklany ýadyma düşýär. Dostlarynyň biri "Siňekden sähel uly möjejigiň yzyna düşüp çaga ekeledermikä?" diýipdir agama. Saparguly kakam welin, bir küý edinen, höwes eden zadyny aňsat-aňsat etmän goýmazdy. Belki, başlygyň çagalarydygymzdandyr, bu häsiýet biziň ählimizde-de azda-kände bar. Biz birbada başa barmajak ýaly görünýän zatlary arzuw edip, şony boldurjak bolmagyň keýpine düşegen. Elbetde, Saparguly kakamyň maslahatlaşýan, goldaýan ary saklaýan dostlaram bar eken. Men olary soň tanadym. ... dowamy
Sen kim üçin doguldyň?!
Toýlarda, sadakalarda köp görýänsiňiz, otuz ýaşlaryndaky pyýada oguljygynyň elinden tutup geler, saçagyň başynda oturar. Onuň bar aladasy dogmasydyr, şony iýdirjek bolar, içirjek bolar. Olam hyk-çok eder.
Şular ýaly görnüşi synlap näme diýjegimi bilemok. Hawa, çagaňy gowy görmeli, çagasyny ýigrenýänem ýokdur, ýöne munda çäk bolmalymy ýa-da söýgüde çäk ýokmy? "Lälik çaga" şol aşa söýgüniň netijesimi? Çagany aşa berk tutmak bilen läliksiretmegiň araçägi nirede? Kakam bizi bir gezejik gujagyna ... dowamy
"Şuny açyp bolýan bolsa…"
Saparguly kakamyň "Pobeda" maşynyna ýaplanyp, oglanjyk ýaly ýylgyryp duran suratyny elimden düşürip bilemok. Goýýanam-da ýene elime alýan. Ol düýbünden bize meňzänok. Kakama-da kän meňzemändir. Gür gaşlary kakamyňky. Kakam entek 18-em ýaşapmy-ýaşamanmy ony kolhozyň Saşka diýen injeneri bilen Orsýede maşyn getirmäge ugradýar. Maşyny sürüp gelmeli, ýol uzak. Olar biraz eglenýärler welin, töwereginden "Ýumruk ýaly çagany, dünýäň puly bilen, bir orsa goşup goýberdiň" diýip, igenip başlaýarlar. Kakam şonda ... dowamy
"Paltalap" kartoşka
Kartoşkamyz orsýediňki bişip ýetişmänkä ýetişýärdi. Maýyň başy, 9-njy maý töweregi täzeje kartoşkany bazara çykarýardyk. Ors halkynyňam öler jany kartoşka. Dogrusy, türkmenem onuň tagamyny alyp ugrapdy. Ýöne ors aýallar saýlap-saýlap alýardylar. Gutarsa nobata durýardylar. Kartoşkaň bir kilosy 2-1,5 rubldy. Nurjemal ejem (kakamyň aýal dogany) pahyr "poltora" diýip bilmän "paltala" diýýärdi. Şeýdip, "paltalap" kartoşka satdyk. Dört-bäş terezi bilen Aşgabadyň bir ýerde bazary bar bolsa, äkitdik. Bir günde her ... dowamy
Saparguly kakam geň adamdy
Saparguly kakam geň adamdy. Ol 1965-nji ýylda kakamyň ýerine kolhoz başlygy boldy. 1972-nji ýylda-da başlyklykdan aýryldy. Ol ýyllar men oglan. Känbir jikme-jigi bilen bilýän zadym ýok. Ýöne Saparguly kakamam edil kakam ýaly kolhoz üçin janyndan, içersinden geçen adam. Şonuň üçin kolhozam erbet däldi. Saparguly kakamdan soň her iki ýyldan başlyk çalşyldy, kolhoz dargady. 1968-nji ýylyň sowgy Saparguly kakamyň başlyklyk edýän döwrüne düşdi. Mekdepde okuw ýokdy. Biz ... dowamy
"Ýympaşam" ýokdy, adamlaryň düşünjesem başgady.
Saparguly kakam ömrüni motorsyz, maşynsyz geçiren däldir. Köplenjem bäş doganyň içinde ýeke özi ulagly bolardy. Ylýas ikimiziň-ä asla demir bilen ugrumyz bolmady. Men bir az salym maşyn alynan boldum, Ylýas asla-da ruluň başyna geçip şähere-de çykan däldir. Beýleki agalarymda ulag kä bolardy, kä bolmazdy. Bolan wagtam köplenç döwükdir ýa şoňa meňzeş. Şonuň üçin, bäş doganyň, üstesine, Ejegül ejemiň ogullary - ýegenleriň, goňşy-golamlaryňam maşyn bilen bagly ýumuşy ... dowamy
Ýer yrananda
Ýer yrananda Apby kakam awtotransport tehnikumynyň umumy ýaşaýyş jaýynda ýatan eken. Saparguly kakam umumy ýaşaýyş jaýyň penjireleriniň iň çetkisinden şakyrdap, aýnalarynyň döwülip başlanyny, erbet sesiň soň ýuwaş-ýuwaş yakynlaşyp gelendigini aýdardy. Şol wagt ol 16 ýaşlaryndaky oglan bolmaly. Ylgaşyp daşaryk çykypdyrlar. Agama hiç zat bolmandyr. Aslynda, jaýam känbir ýykylmandyr. Ýeri geldi, Ýer yranma betbagtçylygyny biziň içerimiziň nähili geçirendigini ýazaýyn. Ýer yranmadan öň obamyz häzirki ýerinden kyblarakda, "Gökje" ... dowamy
Aşgabadyň Daşhowuz köçesi
Aşgabadyň Daşhowuz köçesinde ýerleşýän kiçiräk howlyny (megerem, eýlesi-beýlesi 20metr çaklarynda) kakam 1955-57-nji ýyllar satyn alýar. Bu howla uly agamyz Saparguly maşgalasy bilen göçüp gelýär. Şäherden howly alynmagynyň maksady - kakamyň oba mekdebine göwni ýetmeýär we çagalaryny şäher mekdebinde okatmak isleýär. Munuň aňyrsynda şol, hak gidermezlik meselesi durýar. Hakykatdanam, Amangeldi aganyň nesliniň köpüsi şol howluda bolup, 29-njy mekdepde-de okady. Biz (Ylýas ikimiz) hepdäň 5,5 gününi şäherde geçirýärdik, ... dowamy
Başly baradyrak
Başly baradyrak bolsa-da bolýandyr, ýöne Ylýas ikimiziň meňzeşligimiz barada dowam edäýeýin. Ylýas hakykatdanam maňa görä agrasdy. Ikimizde basdaşlyk bardy. Ýöne megerem, bizi biri-birimiz bilen oňuşdyrmak üçin paýlaşmak, oňuşyklyk, bile oýnamak, bile gitmek diýen ýaly duýgulary terbiýeländirler diýip hasaplaýan.Sebäbi asdaşlykdan beter elmydam biri-birimizi küýsärdik. Aslynda bizi biri-birimizden aýyrmazdylar. Biziň terbiýämizde esasy ýeri aýal doganym Annajemal ejem hemem edil aýaldoganym ýaly bolup ýaşan Nabat ejem tutupdyr. Olar ... dowamy
Katulin
Katulin diýilýän orsy Kalininiňki ýaly çokga sakgallyja, kiçijik adam keşbinde göz öňüme getirýärin. Ýogsa men ony ýatda saklajak ýaşlarymda görmedim. Kakamyň gürrüň berşine ol Ak patyşaň (Nikolaý 2-nji) lukmany bolupdyr. Soň bolşewik gelende-de gaçyp, Türkmenistanda ýerleşipdir. Ol döwürler keselhana diňe Köşi obasynda bolardy. Ýalkymda diňe Çärjewden göçüp gelen, perzentsiz, ýeke ýaşaýan Nargül eje diýip medsestra aýal ýaşaýardy. Ol diňe sanjym ederdi. Her kim Köşä dogtora ... dowamy
Biz dünýä inenimizde
Biz dünýä inenimizde Ylýas ikimiziň göbek enemiz aýry bolupdyr. Bilmedim, bolmalysam şeýle bolsa. Meniň göbek eneme Akjagül eje diýýärdiler. Ýognas, dogumly aýaldy. Jahangir, Nepes kaka dagyň ejesi. Törelerden, ýagny biziň tirämizden. Ylýasyň göbek enesi Annagözel eje. Tiresini bilemok. Horja, ýuwaşja, şeýle ýakymly aýaldy. Ol bizden soňky çagalaryňam, tä meniň çagalaryma çenli 1976-nji ýyldan öň dünýä inen ähli Amangeldi agaň nesliniň göbek enesi bolsa gerek. "Çaga göbek ... dowamy
Garry däli
Garry däli ejemiň atasy, babam Meret däliň kakasy bolmaly. Onuň haçan dünýä inip, haçan ýogalanyny bilemok, ýöne bolşewigi, kolhozy görüpdir. Bolup geçen waka bolsa şeýle. Muny maňa ejem gürrüň beripdi.
Garry däli garrandan soň oňa kolhozyň ... dowamy
Şu gün ýüregime bir gorky geldi
Şu gün ýüregime bir gorky geldi. "Näme üçin men bu zatlary ýazýan? Kime gerek?" diýip agyr pikir etdim. Howa, Amangeldi agalar üçin bu gyzykly. Amangeldi agaň nesli bu zatlary bilmeli. Bilse zyýan däl. Mundan her kim gerejigini, alyp bilenini alar. Men bilýänjämi aýdaryn, soň neslimizden zehini ýiti biri mundan has çuň manylar çykarar. Şeýle pikirler etdim. Şu netije meselesi beýniň içine düşen gurçuk ýaly. Bagyşlaň, bu ... dowamy
Atam bilen kakam
Atam bilen kakamyň gatnaşyklary hakynda köp oýlanýan. Biri çilim beýlede dursun, çaýam neşesi bar diýip halamaýan adam, beýlekisiniň etmedik neşesi azdyr. Gapma-garşy adamlar. Emma kakam çagalaryna çilimem çekdirmändir. Şu wagt agalarymdan bir Baýramguly çekýär. Baýarmguly kakamyňam ýaş wagty düşen suraty bar. Ýeri geler ol agam hakynda-da bilýänjelerimi, başardygymdan ýalan sözlemän ýazjak bolaryn. Ýöne häzir atam hakynda.
Ilki kakamyň nasy taşlaýşy hakynda ýazaýyn. Kakam bir döwür, ... dowamy
Hangeldi atamyň oglanlyk ýyllary
Hangeldi atamyň oglanlyk ýyllary bilen baglanşykly bir wakany ýazaýyn. Bu diňe bir biziň atamyzy, garry atamyzy tanadýan waka-da däl, tutuş türkmeniň keşbini çekýän ýaly.
Hangeldi atamyň kakasy Çaryýar atam gaty daýaw bitniklli adam eken. Gökdepe galasy beýgeldilende, mähnet pilini palçykdan dolduryp, arada durup aşakdan äberilýän, palçygy ýokaryk oklaýan adamyňam üstünden aşyryp, diňiň ... dowamy
Atam, Çaryýaryň ogly Hangeldi
Atam, Çaryýaryň ogly Hangeldi, biz bir ýarym ýaşymyzdakak 1954-nji ýyl, 83 ýaşynda dünýeden ötüpdir. Ol bizi gujagyna alyp: "Alla meni ýalkajakdyr, ýaşymyň soňunda ekiz agtyk berdi" diýer eken. Bilmedim, biz onuň ýalkanmagynyň alamatymy, ýöne özümiň kyrk ýaşymda, entek ors ýykylmanka, namaza başlamagyma diňe atamyň dilegi diýip düşünýän. Belki, ejem pahyram dileg eden bolsa edendir. Atam bizi (Ylýas ikimizi) dyzynyň ... dowamy
12.06.13
Şu gün Kombojadan Wetnama geldim. Pnompende inilerimiziň ogullaryndan biri okaýardy, şony görmäge gitdik, Kemal bilen. Komboja Wetnamdan yza galan ýurt eken. Köçeleri dar, Pnompenem Ho Çi Min bilen deňeşdireňde hem kiçi, hem tertipsiz. Ýöne bu ýerde maşyn köp, motor azyrak eken. Milleti hasam garyp ýaşaýar. Koçede ýatyp turup ýaşaýan, öýsüz-öwzarsyz adamlara duş geldim. Munuň sebäbini Pol Potuň rejimi bilen düşündirdiler. Ýogsa Komboja owal has ösen ... dowamy
Kakamyň aýdyp beren bir wakasy
Kakamyň aýdyp beren bir wakasyny gürrüň bereýin. Ol uruş ýyllary (41-45) kolhozda başlygyň orunbasary bolupdyr. Başlygam Gurtly obasyndan biri. Ol ýyllar açlyk bolansoň çörek kartoçka bilen berilýän eken. Adamlar ajyndan ölýän eken. Garrap, keselläp ölýän bar. Ölenleriňem kartoçkasy yzyna tabşyrymaly. Şonda kakam kartoçkalary tabşyrmandyr. Çagasy köp, işe ýaraýany az, hor ýaşaýanlara ölenleriň kartoçkasyny beripdir. Kolhozyň başlygy gorkup, "Jogapkärçiligi seň boýnuňa" diýip guma çopanlaryň ýanyna komandirowka ... dowamy
Men hakda sahypaň dowamy
"Men hakda" diýýän sahypa ýekeje ýazyp bolýan eken. Indi dowamyny gündeliklerde goýaýmasam. Ýöne çynymy aýtsam Google+ has göwnüme ýarady. Bu saýtyň (ekizler2) çytdy-pytdysy meni ýykdy. Suratam Google+dan göräýmeseňiz. https://plus.google.com/u/0/112583609879174941962/posts
Indi kakamyň bize terbiýe berişi "Ors türsükli gezse sizem türsükli, ýalaňaç gezse, ýalaňaç geziň, ýöne hakyňyzy gidermäň" diýişi barada.
Kakamyň bu sözi diliniň ugruna, hakyny gidermezlik üçin aýtmaýan ekendigine indi has gowy düşünýän. ... dowamy
08.06.13.
Öňräkden bäri köne suratlarymy saýtda goýmak hyýalym bardy, gapdalynda-da koment ýazmakçydym. Şu gün şony başladym. Nähili boljagynam bilemok. Ýöne meni ýatlamalara, geçen, ýaşalan döwürlere, ýyllara, günlere, pursatlara alyp gidensoň gyzygdym. Olary "Men barada" diýen bölümden okap bilersiňiz. ... dowamy
05.06.13.
Döwlet, kinolarymyz, umuman sungatymyz hakykatdanam gaty yzda galdy. Munuň "Kyrk sebäbi bar, esasanam top ýok" diýen ýaly, ne ýazýan bar, ne ýazylanyny alýan bar. Kinostudiýaň ýagdaýyny it görse gözi agarar. Indi üç-dört ýyl bäri kinostudiýa bilen gatnaşyp ýöremsoň göz ýetirdim. Gürrüňini etsem gybat boljak, düzeljek zadam ýok. Şu wagt bir ssenarimizi ("Heserli") bölek-bölek edip ýör biri. Türkmençe zordan gürleýän, ... dowamy
04.06.13.
Düýn ýene "Wuň tau" diýilýän şähere gitdik. Agtyjaklara deňzi görkezeli diýdik. Hem geçen gezek birhili gyssag baryp gaýtdyk. Bu gezek bir gije aňyrda ýatdyk. Ýöne baran günüm (ikindin bardyk) erbet kelläm agyrdy. Belki, 10-12 ýyldan bäri beýle agyranokdy. Owal kän bolardy. Garaz, ertire çenli zada ýaramadym. Ýogsa, agtyklara kän bildirmejek bolup deňze-de girdim welin, olam gaýta has erbet etdi. ... dowamy
01.06.13
Öýden Wetnama diýip çykyp gaýadnyma ýarym aý bolup barýar. Öýde bolsam o günleriň nähili geçenini bilmezdim. Ençeme ýerler gördüm, birgiden adamlar bilen tanyş boldum. Öz-özümi diňledim, deňäp gördüm. Adam hemişe özüni tanajak bolýar. Aýnaň öňünde ýa-da suratyma serdip köp oturýan wagtlarym (oglankam) bolardy. Emma, adamlar bilen gatnaşygyňda, olar bilen gürleşişiňde, seni gyzykdyrýän, gyzykdyrmaýan, halaýan, halamaýan zatlaryň bilen duşuşaňda özüňi ... dowamy
29.05.13.
Bu gün şol 90 millionly halkyň ýene bir şäherine gitdik. 1,5 sagat töweregi, megerem Saýgon derýasynyň üsti bilen gämide barylýan şäher. Ady "G" harpdan başlaýar. "Guantano" diýen ýaly birhili ýatda galmaýan, biri-biri bilen oňuşmaýan harplardan düzülen ady bar. Bu wetnamlylar şeýle oňuşykly, ýuwaş halk bolansoň, oňuşmajak harplara çenli oňuşdyryp, gaty täsin sesler ... dowamy
28.05.13.
Wetnam urşunyň bolan ýerlerinden taryha alnyp galynan bir künjegine gitdik. Eýlesi-beýlesi 15-20 kilometrlik ýeriň aşagynda üç gatda ýerleşýän, giden jeňňeliň aşagyndaky oba. Öz keselhanasy, naharhanasy, eşik tikimçisi… garaz durmuşda näme zerur bolsa hemmesi ýeriň aşagynda. Alakanyň hini ýaly müň deşigi ähli tarapa ýaýrap gidýär. Girelgelerine adaty göwresi (gabariti) bolan adam sygmaýar, meň ýaly hor, inçe adamlar girip bilýär. Jeňňelikde ... dowamy
26.05.13.
Dogrusy, wagtyň nähili geçýänini duýamok. Işlerime zordan ýetişýän. Üstesine-de internet gowy işlänsoň, kino baryny göçürip alýan. Gaty gowy kinolar. Günde birini görmäge çalyşýan. Owal kitaby gowy görerdim, ýöne indi kitap okamak kyn düşýär, bahym ýadaýan.
Wetnam (muny Wýetnam, Wietnam diýip ýazmalymy bilemok, men aňsadyna bakýaryn, siz dogry okarsyňyz diýen umyt bilen) maňa geň ... dowamy
23.0513
Hudaýberdi diýip bir dostumyz bellikler edip ýazgy iberen eken. Adresinem goýupdyr. Menem jogap ýazdym welin, poçtasynda ýer ýok diýip, hatym yzyna gelýär. Belki, bir kemjagaz bardyr-da. ... dowamy
23.05.13
Wetnamda günlerim täsirlerden doly geçýär. Dostlarymyzdan biri “Wetnam hakynda maglumatlar şu ýerde-de bardyr” diýip bir adres beripdir, entek oňa girip göremok, giirerin, inşalla. Geçenki ýazanlarymy başardygymdan dowam etjek bolaýyn. Köp kişini gyzyklandyraýjak zat belki, naharlarydyr. Naharlary juda yslydygy, hatda tagamyndanam öte geçýän ysy bilen burnuňa urýar. Özümä aşarak duhi sepinselerem halamaýanlardan bolamsoň, mende bu yslar ýakymly, işdäňi açýan duýgular oýarmady. Üstesine-de bu ýerleriň halklary item, çekirtge-de, gurbaga-da iýýär diýensoňlar ... dowamy
21.05.13
Gündeligiň dowamyny Wýetnamdan ýazýaryn. O ýerlere nädip düşüp ýörsüň
diýmäň, bärde oglum Kemal işleýär. Elbetde, agtyklarymam ýanynda. Şolaryň
ýanyna myhmançylyga geldim. Belki, howa üýtgemegi saglygyma-da gowy ýarar diýen
umydym bar.
Bu ýurduň geň howasy bar eken. Çygly, yssy. Köp ýagyş ýagýar. Ýagyşdan soň howasy gaty gowy bolýar. Aslynda yssy bilen öwrenşen bolamyzsoň, biz yssysy bildirenok. Mende gaýta, öz ýurduma elen ýaly duýgy döredi. Türklerdäki ... dowamy
07.05.13.
Başardygymdan ýazjak bolýan. Bir zatlara meňzejegem ýaly. Şeýle bir wagt aralyklary bolýandyr, biri 15-20 minutdan gelmelidir, senem garaşýansyň, gelip-gitsin diýip, hiç işe başlaman oturýaň. Menem häzir birhili şeýle ýaly. Bir minudam boş oturmaýyn diýip bilemok. Şeýtan bahana barynam salgy berýär. Mergen Mäne baba bilen baglanşykly bir gowy wakany gürrüň berdi. Mäne baba mesjitde wagyz etmeli eken. Adam bary ýygnanypdyr, ýer-jaý ýok. Mäne baba-da halkyň öňüne wagyz bermek üçin çykýar. Şol wagt ... dowamy
03.05.13
27.04.13
Hakykatdanam, näçe wagtdan bäri hiç zat ýazamok. “Heserliň” ssenarisini bir salym (iki hepde töweregi) iş edindik, Ylýas bilen – bolany. “Çöl, çomuç...” dur. Dogrusy, ýazmamsoň, pikirinem etmämsoň eräp barýar. Höwesim ýok. Kitap okanymy, ybadatymy artdyranymy gowy görýän. Birhili hiç kime gerek däl diýen duýgy içimdäki höwesimi gaçyrýar. Bir döwürler hekaýa ýaryşmasy bar diýip haýdap ýazardyk, Hudaýy Jana terjime etdirjek bolardyk, dogrusy onuň ýüregine düşerdik. Edebiýatyň gürrüňini ederdik. Türkler kitap edip ... dowamy
23.04.13
A.Taganyň powestiniň esasynda “Ahlamonuň” alynanyny eşdipdim, ýöne şu okanymdyr öýtmändim. Dogrusy, filmde powestden hiç zat ýok diýseňem bolýar. Güjükçiň aýaly powestdäkä meňzeýär, birem onuň özüniň urşa gitmezinden öňki häsiýetini ýatladýar. Başga bilmedim, mümkin itiň gaplaň bilen urşup ölýän ýerem filmde bar öýdýän. Meň göwnüme, film powestden kän güýçli bolupdyr. Aslynda SSSR döwrüniň ýazyjylary (meň bilýänlerim, görenlerim) sowet ideologiýasyna ýugrulan, başgaça ýazmagy akylyna-da getirmeýän adamlardy. Ata Gowşudyň ... dowamy
11.04.13
Atajan Taganyň “Aýylganç baharyň jybarly güni” diýen powestini okap çykdym. Wakasy geň. Bir iti şeýle gowy görýän awçy urşa gidýär. Şol ýerde-de owal şeýle gowy görýän it diýlen janaweriň faşistlere hyzmat edýänini, Aşot diýip bir ermeni dostunyň ejir çekmegine sebäp bolşuny görüp itleri ýigrenýär. Şeýle bir ýigrenýär welin, ol “Diňe itleri biri-biri bilen urşduryp olardan aryňy alyp bolar” diýen düşünjä gelýär. Şeýdibem işi it uruşdyrmak bolýar. Ýogsa ony uruşdan öň ... dowamy
29.03.13
Ilkinji gezek iki tekerli tigre münüp, ony süürmäni öwrenenimde, meni geň galdyran zat, tigir ýörese ýykylmaýandygy, dursaňam derrew bir gapdala agýandygy boldy. Ýykylmjaka bolsaň hereket etmelidi, ýogsa, duran zat ýykylman duraýjak ýaly. Daşy suwuň ýüzini gyrdyryp kim daşa zyňmaşak oýnansyňyz. Şonda-da daşyň bady ýatsa, şobada sywa gaçýar. Kakam pahyram hereketli adamdy. Segsenden geçse-de, ýörände aýak sesi düňküldäp eşdilerdi. Bir gije-de oýanypdyr, çyrany ýakjak bolupdyr, düwmäni gözläpdir. Tapmansoňam gaharyna özüni ýatýan krowatyndadyryn ... dowamy
28.03.13
Arada şäher içinde ulagda barýardyk, biri ýogalan eken, deňinden geçip gitdik. Adatça iman baýlygyny dilänimizden soň, gürrüň ölüm hem dirilik hakynda gitdi. Içimizden biri: “Ölmekden dogulmak kyn” diýdi. Hakykatdanam adamyň demi sogrulýar-da, ölýär durberýär. Dünýä injek bolsa, dokuz aý enäň garnynda ösmeli, wagty dolmaly. Ýoldaşym bir çaganyň dünýä inmegi üçin iki millioondanam köp tohumyň ýatga gidýändigini, olaryň ýekejesinden galanynyň ýolda heläk bolýandygyny aýdyp, entek tohumlanmagyňam kyn bir ýolagçylykdygyny gürrüň berdi. Haýran ... dowamy
22.03.13.
“Heserlinem” Saşa Jallyýew alaýjak ýaly. Moskwany (WGIK) täze gutaryp gelen daşhowuzly ýaş oglanam (adyna Muhammet diýýärler) operatory boljak. Nohura gidipdirler. Kino düşüriljek ýeri gözleýärler. Ýaş oglanyň Moskwany gutaryp gelenine begendik. Dogrusy, kinostudiýada operatoram sanaýmaly. Medeniýet institudynda-da okadylýar welin, olaram entek işe girişiberenoklar ýaly. Muhammediň höwes-ä bar, görmeli-dä, Saşa-da höwesli. Ýöne ýeser ýeri kinoň dutar, saz baradadygy. Sazam, onda-da biziň sazymyz düşünmesi kynyrak-da. Bulat Mansur tatar bolup, biziň türkmen dutarymyz hakynda “Şükür ... dowamy
20.03.13.
Ahmet Halmyradyň “Ýeňiş” diýip bir hekaýasyny “E-S-dan” okadym.
Hiç hili dartgynly wakasyz, keýpine ýazylan hekaýa. Bir ýaş weterinar çölde bir
çopanyň guşlarynyň arasynda iki sany delje ýumurtany soraman alýar, soňam olar
atdanlykda, penjeginiň jübsünde döwülýär. Gaýdyşyn ol penjegini kanala zyňýar.
Özüni ýeňýär. Ýogsa, ol ýumurtgalary alandygyny, olaryň nämäň ýumurtgasydygyny
sormakçydy, emma soramanka olar döwülýär. Hekaýa öz-özüňi ýeňmek, öz-özüňi
bagyşlamak duýgularyna jemlenip gutarýar.
Köpden bäri ýazman ýören Ahmediň soňky golaý ... dowamy
17.03.13.
Indi näçe gündir başymy ýassykdan galdyryp bilmedim. Dümew degdimi ýa-da howanyň üýtgemesinden boldumy, hiç zada elimi uzadasym gelmedi. Indi başardygymdan yzyny ýazjak bolaýyn. Hawa, aňansyňyz, nesibäm çekip, ilki Medinä, soňam Mekgä bardym. Hakykatdanam, başga bir dünýä düşdüm. Şu ýaşyma çenli köp ýurtlary gördüm, emma barsyny jemleseň, Medinäň ýeke gününe degmez. Dünýe aladalary, (hatda şol ýeriň dükanlaryna-da az gitdim) daşlaşyp, diňe ruhuň bilen ýaşaýaň. Ruhuňy ynjatjak zat ýok diýerlik. Gybatlar, boş ... dowamy
13.03.13.
Ep-esli wagt boldy, “Gündeliklere” hiç zat ýazyp bilmedim. Iki hepde töweregi
daş ýola gimeli boldum. Kompýuterimem öýde galdy. Niçigem bolsa, men ol
günleriň, ýolagçylygyň oýaran duýgy-düşünjelerini azam bolsa, kem-käsem bolsa,
ýazjak bolaýyn.
Aslynda ynsan dünýä inmänkä, entek enesiniň göwresindekä – ýolagçy. Ol hemişe bir ýerden gelýär, bir ýere barýar. Şonuň üçin, bu jähtden seretseň, bu ýolagçylygymam – şolaryň dowamy. Ýöne men köpden bäri bu ýolagçylygyň arzuwyndadym, hyýalymda ony köp ... dowamy
10.02.13
Mus, mus diýme-de Mustapa diý-de gutar-da, Hydyr! Ýasyña, tejribäñe gelsenok. Ýazgylaryñy edebiýatyñ howlusyna salasyñ gelenok. Hany realist pikirler gutardymy? Edebiýatymyz haçan syýasatyñ we diniñ zäherinden saplanarka? Aýagyñy ýerden üzmeli däl. Sen bizi, ýagny okyjylaryñy nirä çagyrýañ? Setirleriñde tanys ys bar, okap baslanyñdan burnuña haplap urýar-da, erbet ýüregiñi bulaýar. Hormat bilen ýas tankytçyñ begmyratkaka
Hydyr, gaty gaharymy getirdiñ. Eýle-de bir beýle bolarmaý?! Sakaldan aýryp murtda goýanyñ näme haýry ... dowamy
09.02.13.
Köpden bäri ýazyp bilmedim. Belki, iň ýazylmaly günler geçip gitdi. Ýene-de kino almak meselesi başlandy. “Heserlini” şu ýylyň planyna goşupdyrlar. Ýöne gysga metražly film diýipdirler. Režissýor meslesem öňki ýaly, näbelli. Niçigem bolsa, biz (Ylýas bilen) el çekemizok, inşaalla “Heserliden” gowy kino bolmasa-da, utanman dost-ýaryňa görmäge diskini paýlap boljak kino bolar diýen tamamyz bar. Häzir hemme zat suwuň ýüzünde, anyk belli bolmansoň, anyk zat ýazasym gelenok. Gynanýan zadym, ýaş oglanlardan kino ugrundan daşary ... dowamy
22.01.13
Dümewläp ik gün ullakan eden işim bolmady. Sokurowyň (“Moloh”) filmni gördüm. Owal bir başlap, soňuna çenli görmän goýupdym. Ýürekgysdyrjy, emma, özünden Hudaý ýasajak bolýanlaryň ýa-da özlerini pygambermikäm öýdýänleriň aýylganç ýaşaýyşlaryny gaty gowy açyp görkezýar. Häzir (“Solnse”) filminiňem birinji bölümini gördüm. “Moloh” Gitler hakynda, “Solnse” Leniniň ölmeziniň öň ýanyndaky eden pikirleri, ýaşajak bolup, ölmejek bolup dyrjaşyşy, umuman ýene şol men-menlige, dünýäni diňe özüňküdir, “Munuň eýesem özüm, soltanam” diýen düşünjäniň getirýän aýylganç tamamlanşy ... dowamy
14.01.13.
Bir wagtlar, Çingiz Aýtmat “Ak gämisini”, Şukşin hekaýalaryny ýazýan wagtlary “Näme üçin türkmeniň Çingiz Aýtmaty ýok?” diýip pikir ederdim. Hatda käbir adamlaryň ýanynda munuň gürrüňinem ederdim. Soň bu sowalym maňa şeýle bir “gögele” göründi. “Aýtmatyň ogly “Jemile”, “Hoş gal, Gülsary”, “Ak gämi” we beýleki eserlerini ýazandan soň, diňe Aýtmatyň ogly bolmakdan tutuş adamzadyň ogly boldy. Hatda ony gyrgyz halkyna degişli etmegem ýalňyş” diýen pikire geldim. Hemingueýem, Kobo Abenem, Ekzýuperinem... milletine üns ... dowamy
13.01.13 adam bolmak kyn
Adam bolmak kyn bolany ücin agaç bolasym geldimi? Hawa. Älem-jahan Allany tanadýar, bu onuň wezipesi, ynsanam, ýagny, menem şeýle bolmaly. Ýöne başaramok. Bu etiňi iýip barýar. Ýene-de sabyr diýlen gowy derman bar. Allany tanasadym, onuň emrine laýyk ýaşasadym, edil, agaçlar ýaly diýýän. Ýöne "pedr bize miras goýmuş bu derdi..."
(Göni sahypada ýazyp bilmedim. Parolymy ýadymdan çykarypdyryn, bagyşlaň.)
... dowamy09.01.13.
Öten agşam Bapba Gökleňi düýşümde görüpdirin. Egni täzeje lowurdap duran garamtyl ýaşyl kostýumly, buýra saçlary ondanam beter lowurdaýar, ýüzi nurly, şol owadan ýylgyrşy bilen ýylgyrýar. Menem bir edarada (oba hojalyk edarasymy, redaksiýamy) başlykmyşym. Ýüzüm aladaly, çytyk. Bapba-da meniň bolşuma ýylgyýar, ýaňsa alýan ýaly, kakdyrybrak, seresap bir zat diýýär. Menem “Maňa hiç kimçe ýokdugymy diňe sen aýtdyň. Sen hakyky erkek oglan” diýýän. Içimden “Seniň aýaklaryňa ýykylyp, aýagyňy ogşasym gelýär, ýöne gelşiksiz ... dowamy
07.01.13
“Gündelikleri” başlanymyza bahym bir ýyl bolýar. Duýman galdym. 100 sahypa doldurypdyryn. Belki, 5 sahypasy derde ýarar. Sebäbi barada oýlandygymça, bu gündeliklerde özümi tanatmagy has öňde goýup, biriniň dert-aladasyna ýardam etmegi yzda galdyranymdan görýän. Dert-aladaly diýemde, hamala, uly il dertli-de, diňe men sagdyn ýaly bolýar. Gurbannazar “Öz göwnümem ahy-zarda” diýýär. Dertliniň iň dertlisi özüm, ýöne men özüme derman bolmagam başaramok. Şekspir aýtmyşlaýyn “Kör körleri idýär...” Seniň 100 sahypadan aşan boş ýazgylaryňy ... dowamy
04.01.13
Bu günem aýazly gün boldy. Juma namazyna gidenimizde ýoluň gyrasyndaky arçalaryň tiken-tiken ýapraklary gyrawlapdyr. Olar sowuga döz gelip otyrlar. Agaç bolasym gelip gitdi. Olar hiç hili hereket etmän Allany tanadyp, Allany gürrüň berip otyrlar, baldaklary, şahalary, ýapraklary, gülleri, miweleri... bilen Allany tanadýarlar. Maňa welin, dilim çolaşýan ýaly, büdreýän. Maňa “Görsene, Allaň gudratyny” diýip, ösüp oturan agaçlary görkezmekden başga alaç galmaýar.
... dowamy31.12.12.
Täze ýylam geldi, Allaha şükür. Ýeneki ýyllara-da baş-esen Alla ýetirsin.
“Halk” bilen “ahlak” sözüniüň köküniň birdigini eşdip haýran galdym. Bularyň diňe bir sözde däl, ähli tarapdan köki bir ýaly gördüm. Halky halk edýän onuň ahlagy dalmi näme? Ahlagyny ýitiren halka kim halk diýer? Biz özümizi başga bir milletdendir öýdüp “Sen türkmenmi?” diýip soralsak – halamarys. Hatda başga bir millete meňzedilsegem ynjaýarys. Emma ahlagymyz meselesinde-de şeýlemikäk? Türkmene mahsus ahlaga, ... dowamy
22.12.12.
Biziň köpümizde bir häsiýet bar. Biz töwergimizdäki, hat-da saý-sebäp bilen duşan adam hakynda-da beýlekilerden soraýarys, gyzyklanýarys. “Nähili adam? Kim?” diýen ýaly soraglar bilen maglumat toplaýarys. Bu endige öwrülip giden häsiýetimiz bilen her birimiz soraşdyrmak arkaly özbaşymyza bir KGB ýaly edarajyga öwrülýäris. Elbetde, bizde ýaramaz bir niýet ýok. Bu KGB-de-de, her bir adamda-da ýagşy niýet bilen edilýändir diýip umyt edýärin. Mesele niýetde däl, mesele bir adam hakynda beýlekiden sorap, gyzyklanyp, beýleki adamy ... dowamy
20.12.12.
Kitap dükanyndan Bulgakowyň 5 tomlugyny satyn aldym, bäşisini 40 (200) manada berdiler. Arada pulsuzam bolsam sowulamda görüpdim, bu gün Alla islegimi kabul etdi, pulumam bardy, mümkinçiligem boldy. Ýogsa, howa-da sowukdy. Alan kitaplarymy dörüşdirip otyrkam öň bilmeýän zadyma duşdum. Bulgakow Stalin barada “Batum” diýip pýesa ýazan eken, ömrüniň soňunda. MHAT-da goýulmaly eken, Stalin gadagan edipdir. “Pýesa gowy eser, ýöne sahnalaşdyrmak bolmaýar” diýipdir. Bulgakow Stalin hakynda iki ýyl (36-njy ýyl) öň ýazmak ... dowamy
20.12.12.
Kitap dükanyndan Bulgakowyň 5 tomlugyny satyn aldym, bäşisini 40 (200) manada berdiler. Arada pulsuzam bolsam sowulamda görüpdim, bu gün Alla islegimi kabul etdi, pulumam bardy, mümkinçiligem boldy. Ýogsa, howa-da sowukdy. Alan kitaplarymy dörüşdirip otyrkam öň bilmeýän zadyma duşdum. Bulgakow Stalin barada “Batum” diýip pýesa ýazan eken, ömrüniň soňunda. MHAT-da goýulmaly eken, Stalin gadagan edipdir. “Pýesa gowy eser, ýöne sahnalaşdyrmak bolmaýar” diýipdir. Bulgakow Stalin hakynda iki ýyl (36-njy ýyl) öň ýazmak ... dowamy
15.12.12.
Dünki ýazanlarym hakynda pikir etdim. Hakykatdanam, nirä çekseň, nähili düşünseň düşünip oturmaly. Hamala, men şeýle gowy hekaýa ýazypdyryn-da, indem onuň şhratyndan, men-menlikden goranmagyň aladasyny edýän ýaly düşünseňem düşünip oturmaly. Mysal hökmünde hekaýany almaly däl ekenim. Aslynda derdimem şöhratdan goranmak däldi. Islendik gowy işi etseňem ony özüm etdim diýseň ýalňyş netijelere getirýär diýjek boldum. Bizi horlaýan zat ýalňyşlarymyz däl, islendik üstünliklerimiz ýa-da üstünlikdir öýdýän zatlarymyz. Ýalňyşlary sebäpli kösenýän adam Allany bahym tapýar, ... dowamy
14.12.12
Esli gün
boldy – gündeligiň sahypasynam açasym gelmedi. Açsam ýene beýnime hapa ys geläýjek,
hapa ýokaýjak ýaly boldy durdy.
Bu gün “men” hakynda pikir etdim. Bilýänsiňiz, sopuçylykda, asyl yslam dinimizde “men” halanmaýar. Magtymguly “Akyl adam söz başlamaz “men” bilen” diýýär. Emma, käbir ýagdaýlarda “men” diýmezlik kyn. Eger birden säwlik bilen bir gowy işi etseň, “Öz-özi bolaýdy” diýilýär. Özüňi, meniňi ikinji derejä düşürýäň, ýöne, mysal üçin, hekaýa ýazýaň. Munuň üçin ... dowamy
02.12.12
Düýn
wagtynda iň güýçli ýazyjylarymyzdan biri hasaplanan biriniň bir powestini
okadym. Belki, bu dogry däldir, emma, ilki bilen akylyňa gelýän soraglar
powestiň baş temasy, esasy aýdyljak bolýan pikir, ýazyjynyň kimiň
tarapyndadygy, halkyň, milletiň, öz ogul-gyzyň şuny okandan soň gowy tarapa
üýtgejekmi ýa-da ýok.
Baş temasy – uruş. Uruş sebäpli bir gelin (gaty ýaş gelin, adamsy bilen belki, bäş günjik ýaşan gelin) dul galýar. Aýal adama, onda-da ýaş gelne ýekelik agyr ... dowamy
29.11.12
“Kim aýdypdyr pany diýip bakyga,
Ýaşanyňa juda degýär bu dünýe.”
Gurbannazaryň bu setirlerini bilýänsiňiz. Ýöne kim aýdypdyr pany diýip? Magtymguly. “Senden daşlaşýanmy, barýanmy saňa?”, “Ýekeje setirim, bir sözüm bilen / Harlamaweräýin Pyragyň kärin” diýen Gurbannazar Magtymgula garşy gidýärmi?
Bu pikiri eşden badyma özümi saklap bilmedigem bolsam, soň pikir etdim. Gurbannazar gönüden-göni aýdyp dur bu dünýe baky diýip, onsoň ylymy nukdaýnazar bilen şahyry we onuň ýaşan ... dowamy
24.11.12
Birki günlükde “Indi Gurbannazar ýaly şahyr dörärmi? Dörese, haçan dörärkä?” diýip bir gürrüň çykdy. Aslynda, bu gürrüň öňräkden bäri bar. Köp kişi, esasanam, ýazyjy-şahyrlar muňa “Dörär. Haçan dörejegini bilemizok, ýöne gaty köp garaşmalam bolmaz” diýýärler. Muny esaslandyrmak üçinem “Gurbannazary näçe öwsegem, gowy görsegem, şeýle elýetmez derejede däl” diýip, şahyry peseltmek arkaly, indiki, Gurbannazardanam güýçli şahyry getirjek bolýarlar. “Gurbannazarda çuň pikir, fiosofiýa az. “Ölüm näme tebigata garylmak” pelsepesi. Ýöne “Synlap ýapraklaryň ýüzünde derin...” ... dowamy
17.11.12
Alla şükür, bir zada begenýän, ýolumdaky çarkandaklar azaldy. Düýn deň-duşlar bilen Halmämmet Kakabaýyň agtyk toýunyň sadakasyna bardyk. Ýanymyzdakylaryň birinden içgiň ysy alyp barýar, beýlekisine-de aldygyna bir aýal “gel, ýolda durun” diýip jaň edýär. Ýaşam altmyş. Öz halyňa begenýäň, ýöne ýoldaşlarymyzyň şol 20-25 ýaşly düşünjelerinde göýdügipgalanlaryna gynanýaň. Ýalňyş diýseňem, “her kimiň öz ýoly bar” diýip jogap berýär. Gaharyma “Ýol nirede, ýodamyzam ýok, biziň” diýenimi duýman galypdyryn. Näme diýseň ýakanok, hernä käýişmän aýrylyşdyk. ... dowamy
14.11.12
Howa sowaýar. TW-de Gurbannazaryň “Güýzüni” okadylar. Göwnüme sonetlerdäki köp söz, has köp manyny göterýän ýaly. Diňe “güýz” diýende-de diňe pasylyň ýa-da ömrüň güýzüniň gürrüňidir öýdýärdim. Ol “güýz” diýende “ölüm” hakynda aýdýandyr öýtmeýärdim. Diňläp, TW seredip otyryn. Saralan ýapraklary, uçup barýan durnalary we ş.m.-leri görkezýärler. Meniň göz öňümde welin, ajal, ölüm. Ýok gorkunç däl, gorkara zat ýok, ýöne boşluk, köp zatlaryň eýesiz galmasy, manysyny ýitirmesi, edip biläýjek, ediläýmeli hasaplan işleriň edilmän ... dowamy
10.11.12.
“E-S” “Çomujy” çykarypdyr. Orginaly 20 sahypady çykany 7-8 sahypa töweregi. Emma, erbet bolmandyr. Nähili beýle? Men gerekmejek, artykmaç zatlar, bolsa-da-bolmasa-da kän bildirmejek ownuk detallaryň keýpine düşäýýärmikäm? Häzirem ony 40 sahypa töweregi boljak powest edip otyryn. Megerem, beýle däl bolsa gerek. Mysal üçin, tutuş başyňdan aýagyňa çenli alynan suratam surat, biliňden ýokarsy alynan suratam surat. Hersiniň öz + hem – taraplary bar. Uly romanlary gysgaldyp, sesli görnüşde taýýarlanan diski bolýar. Elbetde, bu ... dowamy
07.11.12
Arada kinorežissýor Halmämmet Kakabaýew bilen barýas welin, “Indiki ýaşlar oturan ýerlerinden Amerikadan maşyn satyn alýarlar. Oň reňki, ýasalan ýyly, markasy... – ähli zadyny saýlaýarlar. Biziň döwrümizde maşyn alynanda nähili uly işdi, seremoniýady. Döwür, dünýe şeýle bir üýtgäpdir” diýýär. Ýetmişden geçen ýaşulyň biziň döwrümiz diýýänem 30 ýyl töweregi mundan öň bolmaly. Diňe Türkmenistan däl, tutuş dünýä şeýle güýçli templerde üýtgeýär – gowlugamy ýa-da tersine – bilmedim. Gowluga üýtgeýär diýesim gelýär. Birgiden ... dowamy
05.11.12
Bu gün kinoň gonorarynyň awansyny berdiler. Ogullar, iniler bolup bäş kişi hezil edip dynç aldyk. Arak ýok, emma, şeýle hezil boldy. Birtopar kemyrsgallara-da “ýörüň” diýdik, etmediler. Tokary, Gurbannazary, Babpany küýsedim. Olar seniň begenjiňi hezil edip paýlaşyp bilýän oglanlardy. Begenjiňi paýlaşmak, seniň bilen deň begenmek, gynanjy paýlaşandanam kyn iş eken, her kimiň elinden geljek zat däl eken. Gynanaňda, näme, öz ölüleriňi ýatlabam ýüzüňi sortdursaň bolýar. Begenmeli bolanda nätjek? Muňa-da “artistler” bardyr welin, Bapba ... dowamy
02.11.12
Düýn
ilki noýabryň 1-i diýip ýazyp başladym, soň, görsem, komýuterim 31-ini
görkezýär. Öýläne ýakyn, hakykatdanam, düýn aýyň 1-i ekendigini bildim.
Günlerim biri-biriniň aýagyna çolaşýar, bitirýän goşumam ýok diýen ýaly. Ylýas
düýn ssenarini (welsepidçiler) kinostudiýa eltip beripdir. Derrew okamak üçin
paýlaşdylar diýýär. Kinistudiýadan çykanda Myrat Orazy görüpdir. Onuň keýpi kök
diýýär. Maksadyna ýeten adamyň elbetde, keýpi kök bolar. Ylýasdan indiki elten
ssenarisi hakynda gyzyklanypdyr. Ylýas “Welsopedçiler hakynda” diýse, “Baý,
tapýaňyz-aý” diýipdir.
Ýene-de Gurbannazar ýadyma düşýär. ... dowamy
31.10.12
Eý, günleň geçäýşini!!! Bu günler meni bir ýerlere alyp
barýar. Onda-da elimden çekip, howlukdyryp, ylgadyp. Ýagşylygadyr inşalla.
Çünki, aýak diräp, gitmejek bolamok. Geçýämi, begenýän. Ajalyma bolsa-da,
Mekge-Medinä bolsa-da – begenýän. Nejip Fazyl “Her gapyda müň aglap/ Soň gapyda
ýylgyrsam” diýýär-ä. Şu dileg gaty gowy dileg. Birem hezreti Ebu Bekiriň dilegi
bardyr: “Eden işlerimiň iň haýyrlysy soňky edenlerim bolsun, iň gowy günüm Saňa
gowşan günüm eýle!”
Bu günüm Gurbannazaryň suratlaryny görmek bilen başlandy. ... dowamy
29.10.12
Gurbanlygam geçdi. Barça musulmanyňky, içinde biziňkem kabul
bolsun! Şular ýaly baýramlar seniň adam däl-de adamzatdygyňy has ýiti
duýdurýar. Özüňi adamzat diýip duýmak uly zat. Belki, agyrdyr, belki, kyndyr,
belki, “Ýeke özüň söýüp ýörseň kyn düşjek ekeni...” diýdirýän ýeke-täk
duýgudyr?! Emma, mesele onda däl, mesele şol duýgynyň her bir adamda
bolmalydygynda. Muny her kim özüne görä (kimi bir pursat, kimi ömürlik)
göterýär.
Ylýas bilen welosipedçiler hakynda ssenariý ýazýas. Bir wagtlar beýle temalary ownuk, kiçijik ... dowamy
16.10.12
Öýde Muhammetden galan bir gowy surat bar – Pürli agaň garransoň, ölmeziniň öň ýanlary alynan suraty, dutaryny dik tutup, sapyna ýapyşyp otyr. Gaty gowy surat. Seredişi başga. Nämedir bir zada özüni bagş eden, şol işinde-de ýokary mertebelere ýeten adamyň bakyşy başga bolýar. Ýarym-ýalta, manysyz, boş... däl. Wepadarlyk – bu uly zat, belki, gahrymanlykdyr. Gahryman sözüni halamasamam başga söz tapmadym. Özüm 4-5 ýyl edebiýatdan daşlaşdym, oňa biwepalyk etdim, çöregimi başga zatdan gözlejek boldum, ... dowamy
15.10.12.
“Gündeligiň” ady gündelik bolup barýar. Näme üçin? Öwrenişdikmi? Ýa-da günler birsydyrgyn, üýtgewsiz, “gyzyksyzmy?” Bilmedim. Ýöne esasy sebäp ýaltalyk bolaýmasa. Adam bir sagatda sarp edýän güýjüni dört sagatda yzyna gaýtaryp alyp bilýärmiş. Diýmek, bir sagat işleseň, dört sagat ýaltalygyň “hözürini” görmeli. Bu gaty elpe-şelpelik bolýar. Meniň ýaly baryp ýatan ýalta-da muňa razy bolmasa gerek. Ýöne 15 min. işlesem kelläm ýadaýar. Azyndan 15 min. dynç almaly bolýan. Onsoň, ýarym gün işläp bilsem zor ... dowamy
06.10.12
“Çomuç...” hekaýamy doly okap bilmedim, hemmesi çykmandyr” diýdiler. Şonuň üçin dowamyny goýmaly boldum. “Kitaplar” bölüminden, faýl görnüşinde-de telefonda alyp bolanok eken. Umuman, saýtymyzy biraz kämilleşdirmeli welin, dostlarymyzyňam işi köp öýdýän. Ýogsa, gowja, geň suratlar bar, şolary skan edip goýsaň, gapdalyna-da ýazgylar berip bolardy. Inşalla, bu-da wagty geler, bolar.
Nazar dost, saňa-da jogap ýazyp bilemok, bagyşla. Bahym beren saýtyňa girip görerin. Habarlaşarys.
... dowamy04.10.12
Ýakynda jaýymyň daşyny suwadylar. Içiniňem suwagy gopan ýerlerini bejerip, täzeden reňklediler. Täze jaý ýaly boldy. 12 ýyl mundan owal, ýykylýan jaýlaryň arzan materiallaryndan, arzan sementdir, çagylyň hasabyna gurulan iki gat jaýym indi tanar ýaly bolmady. Mergen ikinji gatda öňi tutuş penjireli, uly eýwanly boldy. Goňşularyň biri degişip: “Gowy bolaýýardy, bärini salgy beremmizde, iki gat daşy suwalmadyk jaý bardyr, şondan saga ýa çepe” diýip näbelede salgyberýärdik” diýýär. Hakykatdanam, suwag eden wagtlary kerpiçleriň arasyndan ... dowamy
03.10.12
Ýylam gutaryp barýar. Täsin ýyl boldy. Janly geçdi. Öňki edenlerimiň açylan ýyly diýsemem boljak. Muhammet (Oglan bagşy) ýanymdan gitdi. Üç töweregi bizde ýaşady. Ýene bir ýyly galanda-da gitdi. Indem yzyna gelesi gelýär, menem islämok. Gelin edindik, öý daraldy. Boş otag ýok diýsemem boljak, emma, şonda-da sygyşyp bolardy. Häsiýet köp zady çözýär. Ahyretde-de çözjekdigine ynanýaryn. Alla şol oglan sebäpli meni günäkär etmesin.
Kino meselesinde-de ýüregim düşüşdi. Birhili Alla ýörite bize Myrady režissýor ... dowamy
28.09.12
Düýn Myrat Orazyň kinosyny gördük. Ssenariniň biziňkidigini ýazypdyrlar. Kinoň adyna çenli üýtgedipdirler. Biziň ssenarimizden galan zat gaty az. Myradyň özi gaty köp zatlary goşupdyr, köp zatlary aýrypdyr. Beýdilmegi bilen kino gowy çykypdyrmy, ýokmy – ony tomaşaçy çözmeli. Ýöne ýeser ýeri niresi Myradyňky, niresi biziňki – muny diňe ssenarini okanlar biler. Operatoryň işini gaty gowy gördüm. Baş gahryman (ssenara görä, kinoda ikinji gahryman) Baýramy oýnaýan oglanam erbet däl. Umuman, kino hakynda biziň pikirimiz ... dowamy
22.08.12
Her kimiň bir häsiýeti bar. Ýöne olaryň köpüsini bir häsiýet birikdirýär. Olar ýanlarynda ýok adam bilen, mysal üçin, bir wagt dünýeden öten kakasy, daş ýurda okuwa diýip giden ogly, hatda Çingiz Aýtmatyň “Hoş gal, Gülsary” powestiniň gahrymany, garry aty Gülsary bilen tutuş powestiň dowamynda gürleşýär. Beýle gürrüňdeşligi, köplenç bir taraply içdökmegi, onuň eýesinden başga hiç kim bilmeýär. Uly ilde bolşy ýaly, mende-de şu häsiýet bar. Käte uzakly güne uzap ... dowamy
09.09.12
“Ekizler2.comy” başardygymyzdan hepdelik edebiýat saýtyna öwürmek pikirini kän bir goldamadyňyz öýdýän. Ylýasam muňa sowgurak garapdyr. Emma, köplesek, her kim bir azajyk işini boýun alsa, bu işiň hötdesinden kän bir horlanman geljekdigimize ynanýaryn. Munuň üçin, ilki bilen saýtyň bölümlerini kesgitlemeli. Mysal üçin:
1. Daşary ýurt edebiýaty. (Internetden bir daşary ýurt ýazyjysynyň eserinden bölek, hekaýa we ş.m. gysgajyk eserler terjime edip berip bolar. Daşary ýurt ýazyjyllarynyň çykyşlary, edebiýat ... dowamy
02.09.12
Ýazyjy okyjysy hakynda pikir etse, ony göz öňüne getirse, ýazanda-da şol hyýalyndaky okyjysyna ýüzlenip ýazsa... – bu tebigy. Ýöne okyjam ýazyjyny öz ýanyndan, hyýalynda janlandyrýarmyka? Ýa-da kimi endigine görä, kimi eli boş bolansoň wagt geçirmek üçin, kimi muňa ruhy mätäçlik duýup, haýsy-da bolsa bir kitaby alyp okaberýärmikä? Megerem, gyzyklanaýsa-da, okajak kitabynyň näme hakyndadygy biljek bolar, emma onuň üçin ýazyjy kim bolanda näme? Ýazypdyr – boldy, indi galany okyjynyň işimikä?
dowamy
26.08.12
Gündeliklerimi sahypaladym welin, jemi 79 sahypa bolupdyr. Bilnedim, nä derejede derekli bir sahypalar? Garaz, göwün aldadymmy, bir zatlar-a etdim. Ýalan sözlemedim. Ýüregimdäkijeleri ýazdym. Başgaça bolmagyny göz öňüme-de getirip bilemok. Ýöne, Alp Arslan, Dowlet dostlarym bir teklip etdiler. Olar bu saýtyň içinde daşyndan girýänler üçinem bölüm açmagy, munuň örüsüni giňeltmegi maslahat berýärler. Menem bu saýtyň edebi žurnal ýaly bir zat bolanyny isleýän. Menem, Ylýasam dürli gazet-žurnallarda işledik, ... dowamy
22.08.12
Özümde bir ýaramaz häsiýetiň ösendigini duýdum. Bir adam hakynda başga biriniň pikirini bilmen, başga birinden şo barada maglumat aljak bolmak, başga biriniň üsti bilen bir adamy tanajak bolmak, oňa baha bermek ýaly bir häsiýet. Muny şeýtanyň başyna-da atyp bilerin, köp kişide duş gelýän häsiýet diýip, özümi aklajak bolubam bilerin. Emma, bolgusyz häsiýetdigini boýun alman bilemok. Bir döwürler şu häsiýetime üns berip, ondan dynaňkyrlanym ýadyma düşýär. Başarsaň, adamlar hakynda pikiriňi ... dowamy
16.08.12
Gözigidijilik, görüplik, basdaşlyk hakynda pikir etdim. Ekiz taýy bolanymdan soň, maňa mydama gözüm gidere, basdaşlyk edere adam çagalykdan ýanymda boldy. Emma, ekiz taýyma basdaşlyk, gözigidijilik etsem edendirin, göriplik etmedim. Gözüm gidende-de mende erbet duýgular oýanmandy, ýöne basdaşlyk köp horlady. Ýaşyň köneldigiçe bu duýgularyň oglan oýunjagydygyna düşünýäň. Indi meni bu duýgular horlamaýar. Bir döwürler ýoly aýrylyşmajak ekizlerdigime ynanan bolsam, indi ýollarymyzyň, hasaplarymyzyň, ýatjak ýerimiziň aýrydygyna akylym ýetdi. Alla jennetde biri-birimizden aýyrmasyn. Ekiz ... dowamy
12.08.12
Düýn isleg hakynda pikir etdim. Näme isleýän? Birgiden zatlar aklymdan geçdi, iň soňunda-da hiç kimiň göwnüne degmezligi, hiç kimiňem meň göwnüme degmezligini isledim. Garaz, adamlar biri-birini öýkeletmeseler. Dogrusy, göwnüme degýänem ýok. Göwne degilmegem indi, ýaşyň könelşensoň başgarak, täzeräk bolýan eken. Oglankaň oýnawajymy elimden alsalar, ýetginjekkäm nähak ýere, bigünäkäm käýýeseler, ýigit çykamsoň, göriplik edip badak atjak bolsalar, gybatymy etseler göwnüme alardym. Indi has näzik, ynjyk bolupdyryn, sähel zada-da erbet bolýan, ýöne aňsat-aňsat bildiremok. Bu käte ... dowamy
10.08.12.
Düýn kinomyzyň galan dosýomkasyna aýlawa gitdim. Gören zadymam bolmady. Bäşde bardyk, Myrat iki sagatlap başga bir zady aldy, tribunaň öňüne gidip. Bizem athanada garaşdyk. Ahyry geldi. Atlary almaga başlajak bolanda-da, men gaýtdym – agyzaçar golaýlady, özümiňem agzym gurap, ýüregim saz urman başlady. Ýone baş gahryman Baýramyň roluny oýnaýan oglan – Begenji öýlerine, Gämä düşürdik. Gowja oglan eken. Oňam agzy bekli eken. Men bekleýändir öýtmändim. Ýolda sýomkadan gürrüň etdik. Myrat ssenarini gowuja üýtgedäýen ýaly. ... dowamy
02.08.12
Şu wagta çenli görşen, oturyp-turşan, daşyndan synlan, gatnaşan, bile işleşen... garaz, sähelçe-de bolsa, tanyşan adamlarymy akylymda dört topara bölenimi duýman galdym. “Duýman galdym” diýýänim, men muny etjek bolup, adamlaryň depesinden garap baha bermek niýeti bilen, ýörite iş edinip etmedim – birden aklyma geläýdi. Ine, olar:
1. Gepini, düşünjesini gögertjek bolýanlar. Düşünjelerini gaty gowy görýänler, goraýanlar, töweregine ornaşdyrmaga çalyşýanlar, hatda ogul-gyzy şoňa görä ýaşamasa, gaharlanýan, öýkeleýän, käte, gygyryşmadanam gaýtmaýan adamlar.
Anna güni agyz bekläp, indem ertir namazynyň azanyna garaşyp oturşyma “Gel, boş oturandan” diýip, gündelikleri elime aldym. Esli zadam bolupdyr. Belki, gowy et üweýän maşyndan geçirseň, birki sahypa gowja zadam çyksa çykar.
Öten agşam ejem bilen uly agamyň belli gününi etdik. Biziňkileriň bary üýşüpdir. Küşt oýnadylar. Men-ä barmadym. Özüne çekmedi. Telewizoram indi öňküler ýaly özüne çekenok. Ýöne orazadanmy, özümi oglanjyk ýaly ýeňil duýýan, janly duýýan. Ýogsa, dümew degipdir, burnum iş bolýa, ... dowamy
22.07.12
Oraza-da geldi. Geçen ýyl ýaraman tutup bilmedim. Bu ýylam gorka-gorka başladym. Hernä Alla şükür, häzir-ä gowy. Gaýta özümi ýeňil duýýan. Aşgazanyma-da açlyk gowy ýaraýan ýaly. Ýöne köp uklaýan. Uklaýmasaň onça sagat gutarmajak ýaly. Biraz öwrenişsem, ukynam azaltjak bolaryn-da. Gijelerine daşarda ýatýan. Daşaryň howasyny çalyşjak zat ýok. Soň öýe giresiň gelenok. Bäş-üç gün bäri bir hekaýa ýazjak bolýan – teý, eýgerdenok. Birhili gybata meňzejek bolup dur. Gorkak bolupdyryn. Owal gözsüz batyr ekenim. Esasy ... dowamy
17.07.12
Birki günlükde köpden bäri görüşmedik ýoldaşlarymyza duşduk. Näme üçin, nähili boldy bilmedim, hamala, öz erkimde däl ýagdaýda adamyň özüne berilen ukyby sebäpli Allaň öňünde jogapkärdigi, bize-de Alla ýazmak ukybyny berendigi üçin jogapkärdigimizi aýtdym. Birneme mortarak, gödegräk boldy. Soň öýe gelip eden gürrüňime gynandym. Sebäbi bu sözlerden olaryň peýdalanjakdyklaryna ynamym az. Gury ýene-de maňa ulumsy diýendirler. Gowsy öýden çykmazlyk, çykaýsaňam görüşjek adamlaryňy gowy seljermek. Ýöne munam edip bolanok. Zat ýok ýerden bir ... dowamy
13.06.12
Gowy habar geldi – “Heserli” ssenarisi komissiýadan gecipdir. Täze ýylyň planyna goşupdyrlar. Aslynda, geçjekdigine ynanýardymam welin, oturyp-oturyp haýranam galýan. Birden ssenariçi bolduk durberdik. Ýadyma düşýär 76-njy ýyllarda bir ssenariý eltipdim kinostudiýa. O döwürler Döwlet Komissiýasy diýlen zat ýokdy. Kinostudiýaň red. kollegiýasy çözýärdi. Setdar Garaja diýip baş redaktory bardy. Okady. Käbir ýerlerini göni kamera alyp baryp kino düşüribermeli diýip öwdi, ýöne kabul etmedi. Şondan soň, ýalňyşmasam, 79-80-nji ýyllar bolaýmasa, Moskwadan ssenariçiler geldiler. Ahmet ... dowamy
10.06.12
10 gün Türkiýede bolduk. Şonuň üçin gündelige-de ara bermeli boldy. On günüň içinede her bir adamda bolşy ýaly, köp pikirler gelip geçdi. Bu pikirleriň iň esasynda-da utulmazlyk durýar. Dünýe bilen oýun gurap utdurmazlyk. Emma Magtymguly şahyr aýtmyşlaýyn dünýe “utup durupdyr”. Bu tebigy zat. Eger şeýle bolmasa, akylsyzlyk bolardy. Utuljagyňy bilseňem utjak bolmak dogry. Iň soňky demiňe çenli umytda bolmak dogry. Her bir oýunda bolşy ýaly, garşydaşyň oýunlaryna akyl ýetirmek, oňa nädip garşy ... dowamy
27.06.12
Ýene-de meşhurlyk hakynda pikir etdim. Niçeme şahyr-ýazyjylar onuň ýesiri, aşygy bolup, magşuklaryna ýetip bilmän geçdiler. Ýetenlerem köňül rahatlygyny alan däldirler, ondan eden tamalary çykmansoň ahmyrly gidendirler. Balzagyň altyndan nyşanly hasasy, kaşaň faetony, adynyň arasyna “de” goşulmasynyň goşulmagy üçin eden yhlaslary ýadyma düşýär. Deň-duşlarymyň arasynda meşhurlygyň arzuwynda hiç zatdan çekinmejekleriniň bardygy göz öňüme gelýär. Özümiňem bir döwürler meşhurlyga, tanymallyga, özümi öňde goýmaga çalyşan ýyllarymyň bolandygyny utanç bilen boýun alýan. Häzir näme? Häzirem bu keselden doly ... dowamy
24.06.12
Geň pikir eşitdim. Gurbannazar boljak bolmaly däl, Gurbannazary bolduranlar boljak bolmaly. Bu ýerde Gurbannazardan gowşak, döwürdeş şahyr-ýazyjylary göz öňünde tutulýar. “Biz bärkiler bolalyň. Sebäbi bärkiler bolmasa Gurbannazar ýaly şahyr döremeýär” diýýär.
Bir tarapdan dogry pikir. Garşy gitmek mmümkin däl. Sebäbi Halyl Kuly, Italmaz Nury, hatda Gara Seýitli, Mämmet Seýit, Kerim Gurbannepes... hemmesi güýçli şahyrlar. Şolaryň bady, joşguny Gurbannazar ýaly şahyryň döremegine şert döredýär. Bu dogry. Ýöne özüm hiç wagt iň güýçliň ... dowamy
17.06.12
Bir wagtlar, 70-nji ýyllarda “Adam pahyr hor bolmajak bolup, hor bolup ýör” diýen bir söz oýnatmasy ýoň bolupdy. Bu sözi häli-şindi, aýdara söz tapmadyk, dymyp otrasam gelmeýän aýdar goýbererdi. Munuň agzyň ugruna, gep owadanlanyp aýdylan sözdügine düşünsemem, bu barada köp pikir ederdim. “Nähili beýle bolýarka? Tersine bolaýjak ýaly. “Adam rahat ýaşajak bolýany üçin rahat ýaşaýar” diýilse, laýyk görýardim. Emma, dogrusy, şol ýyllarda rahat ýaşajak bolmagyň nämediginem bilmeýärdim. Bir zatlar etmek, bitirmek üçin ... dowamy
15.06.12
Gün bizi turuzýarmy ýa-da biz Güni “turuzýarysmy” – bilmedim. Megerem, ynsanyň gaty köp bölegi Gün dogany üçin turýan bolsa gerek. Gün dogansoň ýatan adamy kakam pahyr halamazdy. Atamam şeýle eken. Gün dogup naýza boýy galandan soň, guşluk namazyny okar eken. Kakam galdaw adamdy. Elmydam bir zatlar etjek bolardy, ederdi. Höwessiz wagtyny az gördüm. Özümde ondaky höwesiň 10-dan birinem göremok. Men-ä men, belki, doguşymdyr, emma töweregimdäkilerem, birhili, nälajy ýaşap ýören ýaly. Muny eýdeliň, ... dowamy
11.06.12
Türk dilinde “pidakärlik” diýip bir söz bar – bir haýyr iş üçin, malyňy, yhlasyňy, wagtyňy, garaz, özüňde näme gymmatly, peýdaly zat bar bolsa, hiç bir gaýtargysyna hantama bolman pida etmek, bermek, bagyş etmek. Bu sözi türkmen diliniň sözlüginden, başga-da bolaýjak, bilinäýjek ýerlerden gözledim – tapmadym. Ahyry pidagärlik diýmek dogry ýaly göründi. Näme üçin biziň sözlük sostawymyzda bu sözüň ýokdugyna haýran galdym. Ýogsa, türkmende pidagärlik häsiýeti ýokmy? Bir milletde bar häsiýet (gowy-erbet) hemmesi ... dowamy
10.06.12
Yssydan basyljak bolvan. Kondissioneriň aşagyndan çykamok diýen ýaly welin, oňam howasy ýakanok. Oglanlykda ýagyrnymyzy derledip mellekde pil işledişimiz ýadyma düşýär. Allaha şükür, ýaşlykda ýaşlygyň mazasyny alypdyrys. Şol ýaşy kondissioneriň aşagynda, bolgusyz pişelerde, derlemän geçirmändiris. Hatda, şeýle bir ýaşaýşa höwesem etmändirin. Asla durmuşa höwes edenim ýadyma düşenok. Kurortlar, sanatoriler, restoranlar, dynç alyşlar... hijisinem etmän ulaldyk. Oňa höwesem etmelidir öýtmändiris. Haýran galýan, obada islänini edip ýaşamaga birinde mümkinçilik bolan bolsa, bizde (Ylýas ikimizde) boldy. Emma, puly ... dowamy
08.06.12
Ýalňyşýan bolmagymam mümkin, ýöne türkmende başga milletlerde (esasanam Ýewropa milletlerinde) bolmaýan, bolaýsa-da geň görülýän bir häsiýet bar. Türkmen oturan ýerinden her kime baha kesmegi, “Hä, o dämi? Aý, ol şeýledir-beýledir. Pylan zat çykar. Pylan işi başarmaz. Eýle eder, beýle eder” diýip öz ýanyndan çen atmagy gowy görýär. Yowrapaly öz kwartirasyna girer çykar, goňşysy beýle-de dursun, dostunyň durmuşy bilenem işi ýokdur, onuň başaryp-başarmajak, edip-etmejek işi bilenem işi ýokdur. Hatda kakam pahyr “Amaşa çeni diýip ... dowamy
04.06.12
Döredijilikde esasan iki ýagdaý bolýar: biri ylham, ikinjisi tabşyryk. Ylham – düşnüklidir. Ýazasyň gelýär, joşýaň, pikiriň hemişe şonuň bilen meşgul bolýar, garaz, biygtyýar diýen ýaly ýazylýar. Bu ýagdaýyň döremegi üçin döredijilik adamy garaşyp gezýär. Köplenç öňki ýazylan eserleri okaýar, suratkeş bolsa görýär. Ýuwaşlyk bilen özüni şol hala salmaga çalyşýar. Käbirleri her gün ylham gelse-gelmese bir zatlar etmäge çalyşýar hem bu özüňi kösemegiň netijesinde birden ylham gelýär. Bu ýagdaý esasan ýaňy ýazmaga başlan ... dowamy
29.05.12; 02.06.12
Bir azajyk janlandym. Ssenariň (Heserli) Minkulturada ýitdi diýilýän protokolyny tapdyk. Şu gün prtokoly bilen iki ekz. Edip ssenarini kinostudiýa äkitdim. Häzirki döwür, oba durmuşy, gullukdan gelen oglanyň söýgüsi, öýlenişi diýen ýaly zatlary ýaz-da getir, derrew tizleşdireli diýýärler. Talap şeýlemiş. Menem “Heserliň” gowy kino bolup biljegini, olaryň isleýän zadynyň wagtlaýyn zatdygyny düşündirjek bolýan. Olar muňa mendenem gowy düşünýärler. Getiriber, arasynda “Heserlinem” bereris diýýärler. Garaz bolýalaşyp, “Heserlini” goýup gaýtdym. Indi Ylýas bilen islenýän ssenarini ýazmaly. Onam ... dowamy
24.05.12
4-5 aý owal ýazyp goýan ssenarimi okap gördüm. Oturyp işlemeli. Ýöne elim baranok. Höweslendirýän hiç zat ýok. Haçan kabul ediljek? Kim ondan kino etjek? Hakyky isleýşiň ýaly ýazyp bolanok. “Näme ýazýaň? Okaşaly-la” diýýänem ýok. Ýekeje zada bil baglamaly, o-da “Wagty geler, gerek bolar. Şonda-da ýazypdyr, Alla ýalkasyn” diýmekleri mümkin. Emma bu “asmandaky durna” meňzeýär. Wagt gelýänçä geçip gitmegem mümkin. O ýyllarda has güýçli ssenariler ýazylar. Döwür üýtgär, talap üýtgär. Hakyna seredeňde ... dowamy
20.05.12
Öten agşam ýaş oglanlar bilen oturdyk. Öz ýaşlygymyz bilen deňeşdirenimi duýman galdym. Ýok, biz üýtgeşik däldik. Ylymymyz bu oglanlaryňkydan pesdi. Bularyň gören ýurtlaram kän, gözýetimlerem giň. Biz SSSRi-iň kommunistik ideologiýasynyň çäginde daşy gabalyp saklanan düşünjelerimiz, pikirlerimiz bilen ulalypdyk. Tarkowskiý, Dostoýewskiý, Tolstoý, Kobo Abe ýaly iki-ýeke ýazyjylar bolaýmasa, galany Şukşin, Astafýew, Rasputin, Bondarçuk derejesinde dünýämiz bardy. Ruh älemi, ahyret, o dünýe düşünjelerini biz ümür-dumanyň aňyrsynda görmeýärdik. Bir zatlar görkezmeýändiklerini, bizden ýygşyrýandyklaryny duýýardyk, ýöne ol Alladyr ... dowamy
19.05.12.
Şu günler özümi ýeňil duýýan. Eden işim önüp barýan, haýyrly ýaly, Allaha şükür. Nähilem bolsa, azajygam bolsa, ruhuňda ösüş düýmak bedeniňe-de känbir erbet täsir etmeýän ýaly. Ýöne bedeniňi ösdürjek bolup, ruhyň äsgermezçilik ediberseň, örtenmegiň mümkin. Birhili gapma-garşylyk, hatda paradoks diýseňem bolýar – ruhuň razylygy, kanagatlanmagy bedeniňe-de rahatlyk berýär. Oraza tutan wagtyň bedeniň horlanýar diýýäler welin, sen hezil edip, ruhuň bilen duýup agyz beklemeýäniňden bolaýmasa. Geçen ýyl oraza tutup bilmedim, bu ýylam nätjegimi ... dowamy
17.05.12
Bäh, günleň çalt geçäýşiini. Ömür welin haýal ýöreýän ýaly. Tutuş dünýe ömrem şeýle geçýändir. Näme üçindir men ýigitligimi bilemok diýen ýaly, garrylygam entek doly, elime hasa alyp, bir gyrasyndan girip göremok. Mydam oglanlygymda ýaly. Şol 17-18 ýaş menden gidenok. Birdenem, o ýaşyň gidenini duýýän-da ýalňyz galýan. Hamala, şu ömürde ýekeje dostumam, wepadarymam şol ýaly. Alla duýgusy, Onuň bardygyny, Oňa barýandygyňy, hemme zadyň Onuň elindedigini duýmak ýüregiňi şeýle bir giňeldýär. Düýn kinoçular çagyrdy. ... dowamy
11.05.12
Gurban Berdi orsuň çempiony boldy. Boljagam bellidi. Sebäbi çyn yhlas boş howa gitmeýär. Adam yhlasy aýagynyň aşagyna düşelen daşlar ýaly, oňa özboluşly ýol bolýar. Nirä ýeten bolsam, yhlasym bilen ýetdim. Ýetip bilmediklerimiň köpüsine-de yhlasymyň azlygy sebäp boldy. Emma, käbir zatlar bar yhlas edip bolanok. Etjegem bolýaň, töweregiňdäkilerem gollaýar, seniň welin aňryň çekenok. Bir döwürler, 1974-75-nji ýyllar men komsomolda işledim. 3-4 aý tehnikumda komsomolyň sekretary boldum. Çydamadym. Many görmedim. Bar aladalary wznos ýygnamak ... dowamy
05.05.12
Gürrüňiň kyn ýerine geldik. Kakam bize din terbiýesini berdim? Hawa, biz nahardan soň hökman töwür galdyrardyk. Kulhuallany haçan öwrenenimi bilemok. Bu köp türkmen içersinde-de şeýledir. Emma ondan aňryk gitmedik. Kakam ýurdy hemişe orsuň sorajagyna, SSSR-iň ýykylmajak döwletdigine ynanýardy. Ýykylaýanda-da dine rugsat berjek, mesjit saldyrjak, müftüli boljak hökümet geler diýip asla pikir etmeýärdi. Biri şeýle bolar diýse-de ynanmazdy. Şonuň üçin, bu dünýede diňe zzyýany degjek, bolmanda peýdasy degmejek zady hemişe uly tama eden ... dowamy
30.04.12, 02.05.12
Geň maglumat eşitdim. Alymlar bihaýarak, wyždansyzrak, namyssyzrak we ş.m. häsiýetli adamlar haýalyrak, wyždanlyrak, namyslyrak, merdiräk we ş.m. häsiýetli adamlardan maddy taýdan gowy ýaşaýar eken. Olar ýokary wezipelere-de, baýlyga-da, şöhrata-da we ş.m. dünýewi maksatlara has bahym, has aňsat ýetýär ekenler. Aslynda, men munuň şeýledigine TW-de işleýän ýyllarym, entek ýaňy 24-25 ýaşlarymda göz ýetiripdim. Biri bardy haýýar heleýiňki ýaly häsiýetlidi. Her kim şoňa galmagyny eşitmejek bolup, ondan gaça durýardy, onuň bilen razylaşýardy. Hiç kimiň ... dowamy
03.05.12
Biri kakasyndan razy boljak bolsa, şol razylaryň biri men. Kakam şu wagtam düýşüme köp girýär. Köplenjem içimde bir howsala, ünji bar wagty. Düýşümde maňa maslahat berýär (türk seriallaryndaky ýaly) diýsem ýalançy bolaryn, ýöne ýüregime birhili rahatlyk gelýär, birhili dünýä derdi ownap gidýär. Bahym menem kakamyň ýanyna bararyn, eger bardyrsalar diýip pikir edýän. Garaz, biraz masştablyrak pikir edýän.
Kakamyň özi ejeden ir galyp (megerem 7-8 ýaşlarynda) atamyň elinde ulalan adam. Atam ony ... dowamy
26.04.12.
Gündeligi ýazmaýanyma 3 gün bolupdyr. Ýazýan zatlarym şol bir aýlawda aýlanyp duran ýaly. Gündelik diýsem gündelik däl, däl diýsemem, onda başga bu ýazýanlarymyň nämedigini bilemok. Özümi kitap okan ýaly okasym gelýär, okaýan wagtymam ýazsam okanlarymy diýýän. Emma eýgerdenok. Bir hili arada perde bar ýaly. Uzakdan aýlap düşnükli bolar ýaly edeýin diýsem uzak ýazgy boljak, gysgajyk ýazaýyn diýsem, ters manylar çykaýjak ýaly. Bolşy ýaly ýazsamam başymdan geçýän zatlar şahslar bilen baglanşykly, kim bilýär ... dowamy
23.04.12
Gündeligimi günde ýazyp bilemok. Ýazyp bilemok. Bolýan zatlar kän, ýazsam ýalňyş boljak. Dogry düşünjek bolýan, kyn düşýär. Adamlar gaty geň. Öňem bilýärdim, emma, häzir gözlerim kör, gulaklarym ker ýaly. Göresim gelenok, ynanasym gelenok. Beýle diýsem uly bir tragediýa bardyr öýtmäň. Gowy habarlar, gowy ösüşler öňküsinden has köp. Körpe oguly (araplar magtymam diýýän eken) öýermegiň ugrunda. Alla ýazan bolsun, şeýle gowy gyz. Oglumdan has gowudyr diýäýesim gelýär welin, “deň etmän duş etmen” diýdirýärler. ... dowamy
18.04.12
Şu gün kinony alyp başladyk. Daňdan sagat 6-da kinostudiýadan athana bir awtobus bolup gitdik. Taýjagalary, süri baýtallary, dym-gyzyl gülälekli baýryň gerişlerini, üç sany ata aşyk oglanlary(kinomyzyň gahrymanlaryny) surata düşürdik. Garaz, isleýşimiz ýaly bolmasa-da, gowja zatlary aldyk. Režissýor Myrat Orazow. Men maslahatçy. Ylýas işli bolansoň gidip bilmedi. Sagat ikilere yzymyza dolanyp geldik. Bu-da bir döredijilik. Munda-da hiç wagt öz eden işiňden doly razy bolup bolanok, entegem gowy edesiň gelýär. Akylymyzyň, gözýetimimiziň, eşdişimiziň çäkil ... dowamy
15.04.12
Gumdan düýn geldik. Ömrümiň iň gowy günlerini çölde goýup gaýtdyk. Elbetde, täze ýyl ýene seni görmäge geleris diýdik. Çöl – türkmeniň özi. Giň, parahat, ümsüm, ýakymly, mähirli. Asla darykmaýan çöl – türkmeniň özi. Göwnüme çyn türkmen ähli gowy häsiýetlerini çölden öwrenen ýaly. Onda-da ýazyň gününiň çöli. Bir kese ýurtly çöleden bakylygyň sesi gelýär diýipdir. Diňe bir bakylygyň däl, eý, kese ýurtly, ondan türkmeniň sesi gelýär, sen muny duýduňmy, duýmadyňmy bilmedim. Gaty taryp ... dowamy
05.04.12.
Birinden eşdipdim, adamyň işleri üç topara bölünýär:
1. Gyssagly işler
2. Zerur , ähmiýetli işler
3. Ownuk-uşak, derekli-dereksiz işler.
Eger, adam diňe gyssagly işlerini etse, zerur, ähmiýetli işleri yza galýar. Eger, iň zerur, ähmiýetli, emma gyssagly bolmadyk işlerini edip ýörse, gyssaglylar ýuwaş-ýuwaş azalýar, işler tertibe münýär. Eger, ownuk işlere gümra bolunsa, onda hemişe ýetişiksiz günde, bitirýän işiňem bolmaýar. Men munuň dogrudygyny görýän. Dogrusy, iň ähmiýetli işlerimi etmäge çalyşýan, gyssagly diýlen meseläni aýyrjak ... dowamy
03.04.12.
Hakykatdanam “Gün ýörär aýlar görüner...”
Gündeligi ýazmadygymça ýazmaga ýaltanýan. Şu günler hem işim köpeldi , hem daşyndan täsirler. Her bir hadysa diýen ýaly. Üstesine, muny ýazjagam bolsaň has kyn görünýär. Belki, ömraümde näçe gezek ”şeýtan” diýendirin, emma şu günler ony has ýakyndan duýmaga başladym. Gönüden-göni uruşýan diýsemem ulaldygym bolmajak ýaly. Otursam-tursam, agzymy açyp ýeke söz diýsemem şeýtan bularyň arasynda. Durmuşyň özem şeýtanyň tarapdary ýaly. Emma, Hudaýa şükür barmajak ýerlerime aýaklarym meni ... dowamy
28.03.12
Düýnki, öňunki stresslerden soň, özümi gowy duýýan. Stresler hakda ýazmaýanym üçin bagyşlaň. Eger, çeper edebiýat bolan bolsa, mysallar, yşaratlar, kakdyrmalar bilen ýazardym, emma, gündelikde olary açyk aýdasym gelenok. Näme üçin? Watan üçin. Ýadyňyza düşýändir Tolstoýyň gündeliklerini hiçç kime okatmajak bolup derde galyşy. Şol derde galasym gelenok. Mollaň gündeliginde-de bardyr “Olary ahyr bir gün ýyrtaryn” diýýändir. Edil şonuň ýaly. Käbir günler bolýar ynsanyň aýyp ýerlerindenem aýyply, onsoň olary açyp görkezene bihaýa diýiler.
dowamy
25.03.12.
Cöle çykdyk. Dünýä ýap-ýaşyl. Täsin howa. Gadymy ýadygärlikler. Öten welilerimiziň guburlary. Bize nätanyş, emma şeýle ýürekdeş adamlary gördüm. Şeýle bir tämizlenmegi, ruhumyň ýokary göterilişini duýdum, dil bilen düşündirer ýaly däl. Belki, iň soňkuja düşünip ugran bir düşünje barada ýazsam, azajygam bolsa nämeleri başymdan geçirendigimi aňarsyňyz.
Owalam köp eşiderdim: özüňi ýok saýmaly, hiç zatdygyňa akyl ýetirmeli diýip. Bu düşünje sopularyň, Jelaleddin Rumy dagynyň gelen netijeleri. Bu düşünje meniň üçin elýetmez, hiç haçan başaratmaz diýip ... dowamy23.03.12.
Ot örgüni diýilýän wagtam geldi. Hemme zat üýtgeýär. Meň welin üýtgäsim gelenok. Ösesim gelýär, çuňlaşasym gelýär, berk ýapyşasym gelýär, düşünesim gelýär, emma, üýtgäsim gelenok. Üýtgemek diýilýän zada her kim birhili düşünip biler, men üýtgemegi doly üýtgemek, täzeden başlamak diýen ýaly düşünýän. Gyş ýaza geçýär. Howa üýtgeýär, agaçlar gülleýär, hemme zat täzeden başlaýar diýen ýaly. Belki, ýalňyşýandyryn, agaç gurap täzeden güllänok, belki, ol çuňlaşýandyr. Ýöne käbir döwürler täzeden başlamagy gowy görýärdim. Bir edarada ... dowamy
19.03.12.
Bize ýazýanlaň arasynda özlerini uly tutýanlar hasaplaýarlar. Ulumsy däl, gopbam däl, emma özlerini uly tutýän, ýagny beýlekileri kiçi görýän diýýärler. Şol bir wagtda biziň erbet ýazmaýandygymyzam kabul edýärler, dine ýykgyn edýärler diýip, yza galak hasaplaýanlaram bar.
Şu gürrüňleriň hemmesi ýalňyş, biz beýle däl diýip bilemok. Hakykatdanam, beýlekileri gowşak hasaplamak (gowy zatlaryna gowy diýsegem, muňa begensegem, bahylçylyk etmesegem) bizde, has dogrusy, mende bar. Munuň esasy sebäbinem, özümiziň selhozy gutaryp edebiýatçylaryň arasyna goşulanymyzdan, soňam ... dowamy
18.03.12.
Ýaňy-ýaňam nowruz gelse diýip howlugýardym. Nowruza çenli hemme zat belli bolmalydy. Howa-da açylmalydy. Hemme zat diýýänim kino bilen baglanşykly. Hawa, kino meselesi çözüldi. Emma, onuň meselesi indi başlaýan eken. Ýene 3-4 aý geçse, kinoň nähili bolup çykjagam belli bolsa diýip howlugyp bilerin. Ýöne hiç zat üýtgänok. Gol çekilse-de, kinoň netijesi belli bolsa-da ullakan üýtgän zat bolmaz. Bu dünýe garaşmalar dünýesi. Ol gelýär, beýlekä garaşýaň. Gelenleriň hiç birem garaşanyňy getirenok ýaly görünýär. ... dowamy
14.03.12.
Biz dünýä inenimizde atam: “Alla meni ýalkajakdyr, ömrümiň soňunda ekiz agtyk berdi” diýipdir.
Bu sözüň manysyna indi-indi düşünjek bolýan. Owal “Garry adamdyr, ölüminiň ýakyn geleni belli, her zady gowluga ýorýandyr” diýip pikir ederdim. Bu aýdylan sözüň birinji, göze dürtülip duran manysy. Häzir özüm altmyşa ýetdim welin, atamyň has çuň bir zady aýdanyny duýýan.
Adam nesli dowam edýär – ogul, agtyk, çowluk. Bizde “Alla jan, çagalarymyň ýamanlygyny görkezme!” diýip dileg etmek ädehedi ... dowamy
12.03.12.
Alty gün geçipdir, hiç zat ýazyp bilmedim. Kompýuterimi täzeledim. Bir günde bitäýmeli iş ýaly welin, şunça güne çekdi, haýyrlysy, bähbitlisi bolsun diýäýmesek...
Şu gün irden düşekeden turmankam, niredendir bir ýerden Berdi Kerbaba hakynda pikirler kelläme geldi. Dogrusy, men ol adamy dirikä görenim ýadymadüşenok. Belki,bir gezek, ýarym gezek görsem görendirin, mesele onda däl. Berdi aga türkem sowet edebiýatynyň aksakgaly diýen ady alan adam. Gurbannazaryňam özi hakynda ýörite şygyr ýazmasyna mynasyp bolan Berdi aga ... dowamy
06.03.12.
Näme üçin adam şol ýalňyşlaryň arasynda derde galyp, ökünip, gaharlanyp, kösenip ýörkä? Ýogsa, matematikadan bir formula öwrenseň ýa-da kömürturşy gazynyň ýazylşyny bir öwrenensoň, şol meselede gaýdyp ýalňyşmaýaň. Durmuşda welin, beýle däl. Edil şol bir ýalňyşlar bolmasa-da köki, gelip çykyşy bir meňzeş ýalňyşlary edýärin. Soňam başymy tutup oturýan. Gurbannazar “Durmuşy kitap däl-de, ýalňyş bilen öwrendim” diýýär. Men welin şonam başarmok. Başga biriniň ýalňyşyndan öwrenmek dagy, beýlede dursun. ... dowamy
05.03.12.
Bu gün eýýäm bäşi. Ýarawsyzlyk bilen günlerimiň nähili geçeninem duýmadym. Zwýaginsewiň “Izgnaniýesini” ikinji gezek gňrsem diýdim. Ýarsyny gördüm. Uly zat. Ara bir iş düşdi. Yzyny soň görerin diýibem görmedim. Sebäbem agyr kino. Kelläňe taýak degen ýaly edýär. Ikinji gezek režissýoryň kadrlaryna üns berip gördüm. Ullakan effektli kadrlaram ýok. Tekstem az. Emma, bir adamyň başyna düşýän wakalar juda agyr. Beýle agyr etseňem gowy däl-ow, diýsemem, dünýäňi dik-başaşak ... dowamy
01.03.12.
Gurbannazaryň doglan güni. Agşam tebäärek çykdyk, ýatlaşdyk. Edebiýatçy-da, umuman sungat adamsynda azajygam bolsa şöhrat höwesi bolýar. Gurbannazar ony ýenjişini goşga geçiripdir. Studentkäm Ýangibarow diýip, dünýä belli pantomimoçynyň interwýusyny okapdyp. Şonda ol “Meni kämilleşdirýän şöhraty gowy görýän” diýýär. Hawa, şöhrata höwes adamy käilleşdirýär. Ýöne şöhrata ýetensoň, şol adamyň kämilligi gutarýar, käte yzyna-da gaýdyp bilýär. Käte şöhrata höwes ony azaşdyrýar. Gurbannazarda “şol ýokdy” diýsem, “Näbilýäň?” diýseler jogap tapyp ... dowamy
29.02.12.
Dostum düýşüme giripdir. Aslynda, dost meselesini oglankam alada ederdim. Dost bolmak islärdim. Dostlarymy gowy görerdim, özüme olara wepaly bolmaly diýerdim. Kakamdan ilki eşiden nakylymam, megerem, “Ýigidi dostundan tana” diýlen nakyl bolmaly. Her kimde-de bolşy ýaly mende-de oglankam, soň ýigit çykylansoň, tä belki 40-dan geçýänçäm dostlarym kän boldy. Köp gatnaşdym. Emma birinji gezek 17 ýaşlarymda bir gyza gije ýatman hat ýazdym, onam iň gowy görýän dostuma (ol ... dowamy
28.02.12.
Ýaramadym. Uzak gün diýen ýaly ýatyp geçirdim. Soňam kitap, agşamam kitaby okadym. Ýarsyndan geçdim. Teoriýany şeýle gowy öwredýär welin, teoriýa diýlen zadyň ýokdugyna çenli düşündirýär. Emma, goşgy ýazylanda küpletleriň, kapiýalaryň, setir sanynyň saklamalydygy ýaly saklanylmaly kanunlaryň bardygyny aýdýar. Ýeke-ýeke durup geçýär. Giden bir ylym. Kinostudiýadan henizem habar ýok. Entek golam çekilenok. “Ýa sabur!” diýmekden başga etjek alajymam ýok. Ahyry haýyr bolsun!
... dowamy
27.02.12.
Düýnki güni ýatlap otyryn. Bolmadyk ýaly. Etmeli, edýänje işlerimi etdim. Üýtgeşik täsir galdyran zadam bolmady. Biri bilen “aşa yhlasyň, aşa islemegiň” gürrüňini etdik. Her bir zadyňam aşa geçeni gowy däl. Balam aşa köp iýseň adama zäher bolup bilýär. Emma, gowluk, arassalyk, ýagşylyk dürslük, dogruçyllyk, ýene-de şular ýaly ynsany bezeýän zatlarda-da aşa islemek, aşa boldurjak bolmak dogrymyka? “Gören kim...-de” Marlaen mugallym Alla ynanmagam belli bir derejede diýýär. ... dowamy
26.02.12.
Gurbannazaryň ejesini görmäge gitdik. Öz ejem ýadyma düşüp gitdi. 90 ýaşapdyr. Ejemem 91 ýaşapdy. Ejemem sessiz aýaldy.
Dogumly erkekleriň aýallary ýuwaş bolýarmyka? Aý, ýaradylyşy bolaýmasa. Ýuwaşamajagy ýuwaşadyp bolmaýan bolaýmasa. Aýal erkekgi ýeňjek bolmawersin, bu söweşde ýeňiji bolmaýar. Erkek kişi ýeňiji bolaýanda-da ol ýeňiş üçin söweşmeýäni üçin ýeňiji bolmaýar. Şonuň üçin aýallara ynsap bersin.
Är-aýal dawasy bu ýerde nireden çykdy, özümem düşünmedim. Eziz aga bilen Gülnabat daýzaň gaty ... dowamy
25.02.12.
Zwýaginsewiň “Izgnaniýe” diýip kinosyny gördüm. Arada “Ýelena” diýip “Altyn aýyny” alan kinosyny görüpdim. Öň, zamanda işleýärkämem, “Wozwraşşeniýe” diýip birinji kinosyny görüpdim. Gaty güýçli režissýor. Bir meseläni iň soňky nokadyna çenli ösdürmegi başarýar. Ýogsa, meseleleri adaty durmuşy meseleler. Hiç hili effektler ýok, emma çuň pikir edýär. Kinoň dilinde aýdyp bolmaz diýiljek wakalary şeýle gowy aýtmagy, ini tikenekletjek derejede aýtmagy başarýar. Hakykaty aýtmakdan gorkmaýar. Ýalan sözlänok, ýasanok. Syýasat, ... dowamy
24.02.12.
Ýene bir gün geldi-geçdi. Iş, kitap, juma bilen günüň nähili geçeninem bilmedim. Öýde-de kitap. Göräýmäge şeýle işli ýaly, hakykatda welin, gaýygyň üstünde ýüzüp barýana meňzeýän. Özüň ýüzmek bir başga gaýykda oturmak bir başga. Kürek işledýän bolsaň ýene ýagşy. Geçilen ýol, aralyk, täze kenar hamala, seni iş bitiren ýaly edýär. Derdiň çuňlugyna welin çümüp bilemok.
Jaýam kerpiç-kerpiç örülip salynýar. Belki, men birden bina galdyraýjak bolýandyryn? Her niçigem ... dowamy
23.02.12.
Oglanlar bu günem kinostudiýa barypdyrlar, suratçy bolmany üçin bir sagat garaşdyryp, ugradypdyrlar. Şeýle. Bu entek başlangyjy. Bu işi, edil şonuň ýaly ähli işem Alla tabşyryp edäýmeseň, sabryňam, akylyňam çydajak däl. Her bir zadyň çeni-çägi bar, Alladan başga. Menem çenden aşa kino höwesimiň-islegimiň bolmagy gowy alamat däl. Her ugruna şol kinoň (eger Alla islese) boljagy, häzirki döwürde bolup biljek derejede gowy boljagy belli. Gaýta, meň beýle oda ... dowamy
22.02.12
Oglanlar kinostudiýa geldiler. Saçlary ösüpdir. Kinostudiýany tapman, kinoteatra barypdyrlar, stadionyň daşyndan bir aýlaw edipdirler. Özlerem şäher oglanlary. Kinostudiýada teke bazaryň gaýrasynda. Öýlerem kupalkaň ýanynda. Hemmesi bir ýerräkde diýen ýaly. Emma, tapmandyrlar. Gowşak, lellim çagalaram däl. Atlaň arasyna barsalar suwa gaçan balyk ýaly, dogumly, edenli. Türkler çagalaryny mekdebe gidýänçä başyna goýberip terbiýeleýän ekenler. Soň ulalansoň çekinjeň bolmaz ýaly. Ýöne, dünýe gözsüz batyrlardan, özdiýenlilerden, kejirlerden, talapkärlerden... doluka, çekinjeňlik, ... dowamy
21.02.12.
Kinostudiýadan jaň geldi. Ertir at çapýan oglanlar kinoproba üçin kinostudiýa gelmeli diýdiler. Atajana jaň etdim. Bararys diýdiler. Soň S.Jalla özüm jaň etdim. Bile işlesek gowy bolar, päsgel bermen, gerek bolsa podskazka ederin, atyň öz spessiwikasy bar diýdim. Hawa,hawa, bileje işläris, bolmalysam şeýle diýdi. Garaz, indi kellämde diňe kino diýen ýaly. Bir kyn zat bar, menem, S. Jallam, ikinji režissýorlaram hemmämiz özümizi kinodan akademik, Oskar alan ýaly ... dowamy
20.02.12.
Düýn kino görmedim. Diňe kitap, şol bir kitaby (400 sah) okadym. Gowy zatlary aýdýaar. Arman, 10 ýyl mundan öň şol kitap elime düşen bolsady. Kim bilýär, häzir düşmegi has gowudyr. Wagtym az. Ýetişdirmeli, ýazmaly. “Ýazyp bilermikäm bir?” diýibem pikir edýän. Ýöne ýazaýmaly, ikirjinlenseň, özüňe ynamyň bolmasa bolmaýar. Bu her işde-de, edebiýatda-da şeýle. Alla diýip ýapyşmaly. Alla-da kömek eder. Esasy zat sen ýazýan zadyň gerekdigini, onuňam sendedigini ... dowamy
19.02.12.
Dogrusy, bu gün 21-i. Iki gün gündelikleň başyna barmadym. Kino, kinossenäriý ýazmak aladalary bilen hiç zada elim degmedi. Amerk. “Potomki”, “Boýewoý kon” diýip kinolaryny gördüm. Sokurowyň “Moloh” diýip bir kinosynyňam başyny gördüm. Esasy kinossenariý ýazylyşy baradaky kitaby okadym. Gowy kitap. Nota bilýän, pionino çalyp bilýän diýip, saz ýazjak bolsaň başarmarsyň diýýär. Teoriýany bilmeli diýýär. Teoriýany bilmän iki ssenarini kinostudiýa tabşyrdym, ikisinem gowy gördüler. Diýmek, teoriýa hökmanam ... dowamy
18.02.12.
Onda ýazmaly dälmi? Alla her kime bir ukyp berýär. Gurban Berdiýew trener, Ata Ilew çapyksuwar, Nurberdi han türkmeniň hany, Magtymguly türkmeniň akyldar şahyry. Bularyň hiç birem Alla bermese, özleri “Men boldum” diýip bilmez. Daýhanam ýeri sürüp ýörendir, tohum taşlar, suw berer, otar, bejerer iň soňunda-da “halysyly Alla berdi” diýer. Sebäbi, diňe suw bilenem, tohum bilenem, bejergi bilenem, Alla bermese, bolmaýandygyny o daýhan göre-göre geýär. Indi sen ... dowamy
17.02.12.
Bizden 7-8 ýaş uly, ilki hekaýam gazetde çykanda eýýäm gowy ýazyjy-şahyrlaryň hataryna girýän, Gurbannazar dagyň yz ýanyndaky nesil Ahmet Gurbannepesow soň ýazmasyny goýdy. “Ynam” diýip gowy powesti, gaty gowy powesti bardy. Şahyr adam, emma, soň, belki, ellem ýaşamanka ýazamasyny taşlady. Iň soňky ýazanlary pýesalary bolmaly. Taşlamagynyň sebäbem “Edebiýat kime gerek? Okaýan barmy? Gonarar tölenýärmi? Kitabyň çykarylýarmy?” diýen sowallar. Hakykatdanam, bir döwür ne ýazanyňa hak tölendi, ne-de ... dowamy
16.02.12.
Bir zada geň galardym. “Sözlem düzüp bilýän, akyly ýerindäki, durmuş tejribesi bar, yhlasyny gaýgyrmaýan adam näme üçin gowy hekaýa ýazyp bilmeýärkä?” diýip pikir ederdim. Munda birhili hondan bärsiligem, “Hamala özüň gowy ýazýamyşyňda iliň aladasy galdy” diýen ýaly pikirlerem görünýär. Ýöne hakykatdanam biz näme üçin gowşak ýazýanymyzy bilsek, elbetde, ony düzetjek bolarys. Elimizden gelýän bolsa, düzederisem. Näme üçin bir adam ýazýar welin, gowy hekaýa bolýar? Başga biri ... dowamy
15.02.12
Agşam düýşüme Hüdaýi hojam giripdir. Daňa golaý. Üýtgeşik bolan zadam bolmady, nämäň-nämedigine-de doly düşünip bilmedim. Sagat jyňňyrdady. Oýandym. Namaz wagty bolupdyr. Ýöne oýananymdan soňam Hüdaýi begiň ýüzi göz öňümden gitmedi. Göresim gelýän bolarly. “Türkiýede durşuna gar, Hüdaýi beg nädýärkä?” diýibem pikir edýänimden giren bolmagy mümkin. Aslynda, adamyň öz isleýän işinde işläp bilmegi uly bagt. Hojamy bir gowy žurnala redaktor etseň. Ol edebiýat adamy. Şol bir duýgyny ... dowamy
14.02.12.
Rubinem utuldy. Gynandym. Hemem beýle gyzygmagym dogry däl diýip pikir etdim. Gurban Berdä meň etjek kömegim ýok, Alla kömek etsin. Gury janymy ýakýan. Içimde gowy duýgular oýanmaýar. Utsa heşelle kakýan, utulsa gynanýan. Öz türkmenim, ýöne ara daş bolýar, onsoň, netije-de ýok. Elbetde, gyzygman bolmaz, ýöne uzak gün şoň pikirini edip diýen ýaly gezmegimem dogry däl. Oglanlygymy gowam görýän welin, kä wagt oňa “Indi git, ikindi bolup ... dowamy
13.02.12.
Ertir “Rubin” grekler bilen oýnamaly. Howa sowuk bolany üçin gününiň, wagtynyň üýtgemegi mümkin diýip int.-den okadym. Esli wagt iş edinip ahyry bildim, wagtyny 6-00-a geçiripdirler.
60-a ýeten adam futbola gyzygyp ýör diýip geň görmäň. Dogrusy, özümem 1-2 ýyl mundan öň “Sen şeýle bolelşşik bolarsyň” diýseler, ynanmazdym, geňlärdim. Emma, Kurban Berdini ýekesiremekleri, utsa-da ýamanlap, utulsa-da çetine degip, onuň tesbisiniň üstünden güljek bolup ýörmekleri (beýik milletiň) meni onuň ... dowamy
12.02.12.
Öten agşam Kerwen sazandany, Osman sazandany, Kerwen Ýowbasar bagşyny diňledik. Köpden bäri aýdym-saz edilip oturylmansoň, göwnüm açyldy. Ýöne ýadapdyryn, gije ýaralarym agyryp, gowy ýatyp bilmedim. Adamyň jany elinden gidäýjegini bilse, pikirleriň, häsiýetiň düýpli üýtgeýär. Elmydam şu duýgyny göterip ýaşap bolsady. Näzikleşýäň, ýumşaýaň, geçirimli bolýaň, ýüregiň ýukalýar... hemmesem biri-birinden gowy häsiýetler. Kerwen bagşy Görogly dessanyndan bölek aýdyp berdi. Degişip, gülüşdirip gidip oturan dessan birden çuň gussa tarap ... dowamy
11.02.12
“Garagum” žurnalynyň şu ýylky birinji sanynda Baba Annanowyň Nury Halmämmedi ýatlap ýazan ýazgysy bar eken. Gaty gowy ýazypdyr. Nurynyň ýüz hereketlerine çenli suratlandyrýar welin, Nuryny gören ýaly bolýaň. Baba Annan ýazyjy bolubam biljek eken diýdim içimden. Aslynda, ýazyjy welin, artistliginiň derejesini göz öňünde tutup aýdýan. Gaty ýürekden ýazylan zat. Kä ýerlerinde bokurdagym doldy. Pikirlendirdi. Hasam Nuryň “Tazeden ýaşasadym” diýýän ýeri bar. Baba aga ony özüçe düşündiripdir, ... dowamy
10.02.12.
Biri “Ýazaňda okyjyny, okaýan adamy gözöňüňe getirýärmiň?” diýip sorady. Oňa gysgajyk jogap berdim welin, häzir has giňişleýinräk bu ýagdaý barada ýazasym gelýär.
Gazetde işleýärkäm her hepde bir sütün (1,5-2 sahypa) ýazgy taýýarlamaly bolýardym. Hepde diýeniňem gelip dur. Şeýdip 40-dan gowrak dürli temada ýazgylar ýadym. Häzir şolary az-azdan esseler diýip şu sahypada goýýaryn. Gazýet diýleni degirmene deňeýärler. Oňa näme berseň üwäp geçirip dur ertir ýene täzesini taýýarlamaly. ... dowamy
09.02.12.
Adam pahyr akymyň ugruna ýüzüp ýaşaýar. Tersine ýüzmeg-ä däl, sähel akyşlarymyň bady gowşasa-da darygyp başlaýan. Emma, ägirtler akymy öz islän taraplaryna akdyrypdyrlar. Şu gün ýatýaň ertir plan, plan zatlary ederin diýen bolýaň. Şu aý muny, ýylyň ahyrynda şulary ederin diýmek edähedimizem bar. Iň soňunda-da günler, aýlar, ýyllar seniň diýeniňi däl, seň olaryň diýenini edip ýaşanyňy bilip galýaň. Derwüşleriň çilehanalardan çykman çile çekmekleriniň esasy sebäpleriniň birem şu ... dowamy
09.02.12.
Adam pahyr akymyň ugruna ýüzüp ýaşaýar. Tersine ýüzmeg-ä däl, sähel akyşlarymyň bady gowşasa-da darygyp başlaýan. Emma, ägirtler akymy öz islän taraplaryna akdyrypdyrlar. Şu gün ýatýaň ertir plan, plan zatlary ederin diýen bolýaň. Şu aý muny, ýylyň ahyrynda şulary ederin diýmek edähedimizem bar. Iň soňunda-da günler, aýlar, ýyllar seniň diýeniňi däl, seň olaryň diýenini edip ýaşanyňy bilip galýaň. Derwüşleriň çilehanalardan çykman çile çekmekleriniň esasy sebäpleriniň birem şu ... dowamy
08.02.12.
Beý diýsem, inwalidler, Alla tarapyn kemli adamlar edebiýatda gahryman bolmaly däl diýdigim diýip düşünmäň. Eýran kinoçylary Mejid Mejidiniň (“Allanyň reňkleri”), Mahbalbafyň (“Ümsümlik”) kinolarynyň baş gahrymanlary kör oglanjyk. Iki kinoda gaty gowy çykypdyr. Ol kemli çagajyklar, onki süňňi abat adamlardan has ruhy taýdan sagdyn, has sapak beriji.
Ilki ýazmaga başlan döwrüňde töweregiňdäkiler, deň-duşlaryň näme ýazýar – şoňa uly üns berýäň. Şol ýyllarda bir azajyk ejizleseň şolara öýkünmegem ... dowamy
07.02.12.
Düýnki ýazanymy okadym-da “Bäh, uly gürläpsiň welin, yzynda durup biljekmiň?” diýip pikir edenimi duýman galdym.
Gurbannazarda (bu şahyra has köp ýüzlenýänimi geň görmäň)
“Il-günüň derdini ýüregne jemläp, / Soňra ýürek agyrsyndan ölýärler” diýip hakyky şahyr barada aýdan setirleri bar. “Şu setirler gazetde çap edilenden soň, şahyrlaryň arasynda “Ýüregim agyrýar” diýmek moda boldy” diýip gülüşdirýärdiler. Her kim hak şahyr boljak-da. Emma, mesele ýüregiň agyrmagynda, ony diýmekde däl, ... dowamy
06.02.12.
Günler geçip dur. Ynsanyň bu günler bilen öwrenişmegindenmi ýa-da biparhlygyndanmy şeýtanyň täsiri bilen döwür üýtgeýär. Göwnüme bolmasa Gökdepe urşundan öň ýa-da serhetler açylyp, dollarlar gelip başlamazyndan öň ýaş ýigitler söýgi hakda az gürrüň edýän ýaly bolup dur. Onuň ýerine biriniň batyrlygy, edermenligi, halalhonlygy, lebizliligi barada haýran galyp özara gürrüň edip, dilden-dile geçirip gelen ýaly. Häzir welin, belki özümiň garranlygymdandyr söýgi, söýüşmek (durmuş gurmak, maşgala gurmak, agzybir ... dowamy
05.02.12.
Halmämmet aganyň kitabydan soň, S.Gerasimowyň “Uroki kinorežussury” diýen kitabyna başladym. Bu kitabam Halmämmet agadan aldym. Indi 2009-njy ýyldan bäri täzeden kino keseline ýolukdym. Şol ýylyň ýanwar aýy kinostudiýa “Pellehana” (häzirki ady “Atym ganatym meniň”) diýip bir kinosenariý eltdim. Ony ýazmagyma-da gazetde işleýäkäm, çagalar gazetini açmakçy şoňa ýetginjekler, çagalar hakynda hekaýa gerek diýdiler, şonuň üçin oglankam at çapýarkam başymdan geçenje bir wakajygy (bir ýaryşda ozaýmalykam ikinji boluşym ... dowamy
04.02.12.
Ýazýan zadyň ynandyrjyly juda möhüm. Belki, bu seniň aýdýan waklaryň ýalan bolsa-da ýa-da ýalan goşulan bolsa-da çyna ýakyndygyny, hatda çynyňam çynydygyny görkeýän zat. Mysal üçin, mollaň 12-13 ýaşly oguljygynyň bir toýda içip, kakasyna sendenem kaka bolarmy diýýän ýeri – çyn. Emma, bu mollaň başyndan geçmedi. Dogrusy, näçe aýdasym gelmese-de, muny öz başymdan geçirdim. Durşuna ýalandan düşülýän, fantastiki eserleri kän halamok. Olary juda az okadym. Ýöne okanlarymy ... dowamy
03.02.12.
Halmmämmet agaň kitabyny okap çykdym. Kinorežissorlyga degişli türkmen dilinde turkmen kinorežissýorynyň ilkinji kitaby bolsa gerek. Men-ä henize çenli şeýle kitaby türkmen dilinde, türkmeniň ýazanyny okap görmedim, duşam gelmedim, gürrüňinem eşitmedim. Bolaýan bolsa, gaty gowy bolardy. Mysal üçin Alty Garlyňky, Hoja Narlyňky... Halmämmet agaň kitabyny hezil edip okadym. Gowy gördüm. Kinorežissyorçylygyň syrlary, başyndan geçen zatlar, hasam bir gyzjagazy kadrda aglatmak üçin ýedi günläp özüniň aglaýşy hakda okamda ... dowamy
02.02.12.
Dogrusy, düýn, türkmeniň belli kinorežissýorlarynyň biri ......... baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk artisti Halmämmet Kakabaýew bilen telefonda gürleşdim. Täze kitap ýazypdyr, özüniň WGIK-de, kino surata düşrende öwrenen, alan tejribelerini kitaba geçiripdir. Ýüz gowrak sahypa, ady “Kinorežissýor”. Agşam kitabyň ýarsyny okadym. Kitapda Halmammet aganyň kino bolan söýgüsi, yşky şeýle bir gowy görünýär. Adamyň işine şeýle söýgüsi, garaýşy bolan wagty ol hökman gowy netijeler, has dogrusy, özüniň islän, maksat ... dowamy
01.02.12.
Aslynda hekaýa, goşgy ýazaryn diýen pikir, oňa höwesimem ýokdy. Gurbannazary ölemen diňlesemem, ýazyjylyk-şahyrlyk kärine bihepbäň pişesi diýip düşünýärdim. Munuň sebäbini düşündirjek bolaýyn. Megerem, Magtymguly ýa-da Dostoýewskiý ýaly ýazmak asla her kime ýetdirjek bir zat däl, şonuň üçin biderek salgyma kowalaşan ýaly, biri ýazypdyr, ýazýar diýip ýazjak bolup, özüňi kösäp ýörmegi bihepbelik hasaplan bolaýmasam. Emma, birden özümem şol “bihepbelerden” boldum oturberdim. Ekiz taýym Ylýas mekdepde okaýarka-da goşgy ... dowamy
31.01.12.
Şu gün täze ýylyň birinji aýynyň iň soňky güni. Diýemk, ýylyň tutuş bir aýy geçip gitdi. Öňem bary ýogy 12 sanjak aýdy, indi şo-da ýok. Gynandym. Şu ýyl 60 ýaşaýarys, Ylýas bilen. Alla nesip etdirse. Şonuň üçin birazajyk gussalyrakdygymy geň görmäň. Şo ýaşa ýetmeseň, o ýyllaryň agramyny duýup bolmaýar. Ştangaçy 120 kg. göterende daşyndan näçe haýran galsaňam, bile içiňden çygynsaňam, ol agramy göterýäniň duýgusyny ýaşap bolmaýar. ... dowamy
30.01.12.
Hakyky mü’min özüni hiç kim hasaplamaly. Ýasama däl, wagtlaýyn däl, ýeri gelende däl – elmydam, çyn ýürekden hiç kim hasaplamaly.
Bir döwürler teatrda edebi bölümiň müdüri bolup işledim. Teatrda sahnalaşdyrylýan eserleri, pýesalary okaýardym. Şolara jogapkärdim. Bir gün täze goýlan spektaklyň ara alyp maslahatlaşmasy boldy. Maňa-da gezek berdiler. Men: “Teatr ugrundan okuw gutaran adam däl, size bellik edere, sizi tankytlara ýagdaýym ýok. Ýöne “şeýle bolaýsa näder?” diýen ... dowamy
29.01.12
Bu gün özümi ýeňil duýýän. Ýeňillik ýüküňi düşüreňde has gowy duýulýar. Bir döwürler wagondan ýük düşürüpdim. Egnim ýüküň agramyna gyzaryp ýagyr bolupdy. Bu gün şol günleriň başymdan geçenine begenýän. Ýogsa, ýük näme, ýüki düşürmek näme bilmezdim. “Akmak öz ýalňyşyndan öwrener, akylly iliň ýalňyşyndan” diýen gep bar. Ýöne başga biriniň ýalňyşyny özüňki ýaly duýmagam edil onuň agyrysyny, derdini özüňki ýaly duýmaga meňzeş bir zat. Bu-da juda kyn. ... dowamy
28.01.12.
Her gün birhili gelýär. Birazajyk dümewem degjek bolupdyr, başymy ýassykdan galdyrasym gelenok. Birsydyrgynlyk basýar. “Täze gün”, “Täze ýyl” diýýäler, “düýn”, “ertir” diýýäler. Hakyna seredňde welin, Günden köne zat barmy? 25-nji sagat bolmansoň, Günem bir dogup ýaşansoň, gaýtadan dogup gelýäne “täze” diýip kabul edipdirler. Bizem täzedir öýdýäris, ondan täze zatlara garaşýarys. Soňa-baka garaşýanymyz çykmansoň, ýaşam könelip ugransoň, garaşmany goýup, birsydyrgynlyga öwrenişmäge başlaýarys. Käte “Şu gün aýyň näçesi? ... dowamy
27.01.12
“Her kimiň öz kyblasy bardyr”. Kelläme taýak degen ýaly etdi. “Her kimiň öz namazy bar” diýýärdim. Sebäbi her kim öz başarşyna, ýeten derejesine görä Alla ybadat edýär, ýöne her kimiň öz kyblasynyňam bardygy...
Aslynda her kimiň öz butam bar bolsa gerek, ýagny, gulluk edýän, çokunýan, sygynýan, ýetsem diýip höwes edýän, ýalbarýan, egilýän, ýaranjaňlyk edýän, ýaranasy gelýän – öz buty. Meniň maksadym näme bolsa, Allamam şodur. Mysal ... dowamy
26.01.12
Gurbannazarda:
Aglama eje jan, bes et ahyňy,
Täk seň üçin dogulmanma düşün ahyry
diýen setirler bar. Adamyň iňe özi üçin, ene-atasy, ogul-gyzy, öýi-içerisi üçin dogulmaýandygyny ýazasym gelýär. Towugyň psihologiýasy – diňe ketegiňi bilmek, uçmak, asmandan Ýere seretmek, öňüňde uly maksatlar goýmak ýaly zatlara badyhowalyk diýip düşünmek gaty erbet zat. Islendik erbetligiň aňsat bolşy ýaly, “towuk düşünjesem” aňsat, özüne imrindiriji, hemem ýokanç kesel. Ýöne asmanda ganat ýaýýan guş towugyň ganatlary ... dowamy
25.01.12
Aslynda “Gündelik” diýilse, adamyň gündelik başyndan geçirenlerini diňe bir özi bilen paýlaşyp ýazan ýazgylary gözöňüňe gelýär. Adatça, ol ýazan adam dünýeden ötenden soň, hossarlary göwnese, halk köpçüligi üçin neşir edilýär. Biziň (ekizleriň) “Gündeligi” bu talaplaryň hiç birine-de gabat gelmeýär. Şonuň üçin, muňa gündelik – her günki aç-açan pikir alyşmak, oýlanmak diýip bolar. Emma munuň nä derejede okyjy üçin peýdaly, gyzykly, oýlandyryjy boljagyny bilmesem-de, özümiz üçin peýdaly ... dowamy