Söhbetdeşlik | Hydyr Amangeldi

Söhbetdeşlik

Gyzyklanýan soraglaryňyzy aşakdaky form arkaly iberip bilersiňiz. Jogaplanandan soňra saýdymyzda çap ediler.

Adyňyz:
Sorag:

Perhat Sabirovv: Salamalaýkum agam25 Awgust, 2024

Waleýkimsalam

Biri: "Femeý ýagmel myskale zerretin haýrel ýara, we mey ýagmel myskale zerretin şerreý ýara." Bu ayatmy? Manysy nämekä?03 Awgust, 2024

Kur'any Kerimiň Zilzal süresiniň soňky aýatlary. Özümçe mealy manysy türkmençe şeýleräk bolýar: Kim zerre ýaly haýyr iş etse, sogabyny alar Kim zerre ýaly erbetlik etse, onuň jezasyny çeker "Zerre" günüň şöhlesinde görünýän owunjak tozanjyklar. Gaty kiçijik manyda geçýär.

msbrtk: Songky hekayangyzy haladym, sag bolung24 Iýul, 2024

Senem okanyňa, hoş sözüňe sag bol

Perhat Sabirovv: Stambulda tüweleme, dynç alyşdamy26 Iýun, 2024

Aý, şoňa meňzeşiräk. Ýüregimiň ugry ýogurak, dogtora seretdirýän. Howasam salkyn, gowy ýaraýa.

Perhat Sabirovv: Salam Hydyr aga, geçip giden Gurban baýramlaryňyzam gutly bolsun Allahym. Saýt ýapyk eken şol sebäpli giç gutlap durun21 Iýun, 2024

Sag bol, siziňkem mübärek bolsun. Hawa, ekizleriň açylmagam Mediuma girmegem kynlaşan ýaly. Özüm Stambulda bolamsoň anyk bilemok welin, şeýle ýaly görünýä. Bähbit bolsun. Alla ýeneki gurbanlyklara ýetirsin hemmämizi.

Satlyk: Salawmmaleykum agam gowmy yagdaylarnyz islerniz oy icerler agam mana maslahat berayin men internetde bir gyz bln yazysyadyn ol makaladada bar Belki diyip duran ol agdan men dzdan basda tansyp yazsanmyzdan men ony haladym gurleseli diydim olam so sen dz men ag gurlessekdal diydi garaz bahana tapyada name etsem gowy bolarka 29 Maý, 2024

Oglum, meň ýaşym ýetmişden geçdi. Indi maňa söýýýän gyzyňa eý diý, beý diýip öwretmek kyn.

Serdar : Amin14 Aprel, 2024

saglygyň

Serdar : https://yazyjy.ucoz.net/blog/basarjanlyk/2024-04-14-239 gündelik bölümde makala azlygy sebäpli siziň gündelik ýazgylaryňyzy paýlaşdym. Ine şu salgyda... Hataly ýerleri bar bolsa duýduraweriň, kyn görmeseňiz...14 Aprel, 2024

Saýtyňyz gutly bolsun, abraýly, okyjysy köp bolsun.

Serdar... : Ýok-la estafuralla 14 Aprel, 2024

Göwnüňe alma. Seň öň ýanyň birem zatlaryňy goýaýyn diýip ýazdy. Nirä goýjak diýsem, gyz-oglan tanyşylýan saýt eken. Şol göwnüme geldi.

Serdar: Essalowmaleýkim Hydyr aga, gündelik bölümindäki ýazgylaryňyzy başga saýtda siziň öz awtorlyk hukugyňyz bilen paýlaşsam bolarmy?14 Aprel, 2024

Öz adyňdan goýmasaň bor

¶: Salam Hydyr aga! Ýagdaýlaryňyz gowymy? Siziň gmail addressiňize ugratdym. Okap öz pikiriňizi aýtsaňyz Sizden hoşal bolardym. Giçikdirenim üçin ötünç soraýan!13 Aprel, 2024

OK.

Shatlyk: Yurekdesh.ru talyplar.com ozuma yurekdeshe giryan02 Aprel, 2024

Aý, gör-dä. Meň ýazgylarym o saýtda (ýürekdeş) okalmazmyka diýýän. Goýasyň gelse goý.

Satlyk : Olaram sularyaly saytlar sizin 02 Aprel, 2024

Atlary bardyr-a? Meňem şo saýtlary göresim, okasym gelýä

Shatlyk: Salawmaleykum hydyr agam gowmy yagdaylarnyz janynyz sagmy otyrsynyzmy sagaman sizden haysdym bardy sizin makalalarnyzy oz terjime hakynyzy basga saytlarda goysam bolarmy rugsat berseniz men sizin yazan goyyan zatlarnyzy uly howes blen okayan gerek yerinde sizden maslahat alyan sagbolun sagaman otyryn jogabynyza garasyan 01 Aprel, 2024

Men garşy däl, ýöne başga saýtlar diýýäniň haýsylar?

¶: Salam Hydyr aga! "Garry molla" ulyrak bir zatdan alynan bölek diýipsiňiz. Ýalňyşmasam dowamyny indi ýazylmaly. Onda men bişmedik miwäni dadyp, hany süýjüsi diýen ýaly bolupdyryn. "Garry molla" hekaýasam edil "Ok" hekaýasyndaky ýaly jemlenmesinde oýuňdaky bulutlary çym-pytrak etjege meňzeýär. Galamyňyzyň ujy ýiti bolsun, nesip bolsa doly görnüşini bizem okars. Sabyrsyzlyk bilen garaşýan. Täzeçillikler, täze ýoňlar, täze saýtlar hakynda şu wagt şu ýere ýazdymam ýöne ýene ugratmankam pozdum. Aslynda saýtlarda paýlaşylýanlaryň içinde has gowylary, gaýta-gaýta okatýanlaram bar ýöne... Hydyr aga, olar hakyndaky pikirimi köpçüligiň okaýan ýerine ýazmaklyk göwne degijilik bolar. (Ýogsa edebiýatdaky iň uly ýalňyşlyk ýüz görmekligem bolsa). "Garry molla" hakyndaky ilki beren synymy siziň gmail addressiňize ugratsam bolarmy, meniňem ýazan hekaýama halypa hökmünde okap bärden gaýtýan ýerlerini görkezseňiz Sizden minnetdar bolardym.30 Mart, 2024

Iber, iber. h.amangeldi@gmail.com

¶: Dogry aýtýaňyz Hydyr aga! Edebiýat, munuň özi kalbadan çykyp kalba barýar. Ol örän çuň hem-de MANYLY bolaýmaly. Diňe eşidesiň ýa-da eşidip öwrenşmedik delje sözlerden ybarat bolmaly dälmikä diýýän. Dogry belläpsiňiz, tanktlamagam oňarmak gerek. Ol men ýaly gögeleleriň işi däl. Soňky ýoň soňky saýtlar hakynda gaharyma ýazan sözlerim üçin bagyslaň! Ýöne Siziň "Garry molla" hekaýaňyz mende oňaýly täsir galdyrmady. Söz düzüş stiliňiz öňküde bolsa, öňden gelýän many alarlyk mazmunyňyzy saklamansyňyz.(Täzeçilligiňem garşysyna gitmek islämmok ýöne öňde duran basganjakdan yza düşmekligiňem tarapdary däl) Muny diňe bir okaýjynyň pikiri hökmünde kabul ediň! Sag boluň Hydyr aga! Size sylagym uly, pikirimi göni ýazanym üçinem ötünç soraýan! 30 Mart, 2024

Ötünç sorara zat ýok. Her zat her kime birhili täsir edýär. Garaja molla-da şoň ýaly. Ýöne muny täzeçillik, ýoň diýen ýaly zatlar bilen garyşdyrmagyňyza düşünmedim. Manysy gowşak bolup biler, muňa täzeçilligiň hiç hili dahyly ýok. Many alarlyk mazmun diýeniňize-de gowy düşünmedim. Bu bir bolan waka. Her kim o wakadan özüçe many çykarýar. Aslynda bu ulurak bir zatdan alynan bölek. Bilmedim şondandyr, gowşak görünýäni. Siz meň göwnüme degmejek bolup özüňizi kösemäň, pikiriňizi näçe düşnükli, açyk ýazsaňyz şonça begenerin. Onsoňam kimdigiňizi aýdaňyzok, arkaýyn ýazyberiň. Siz onuň niresinde basgançakdan yza gaýtmak ýa-da manysyzlyk gördüňiz? Garaja mollany entegem giňeltmek pikirim bar. Şonuň üçin siziň pikiriňiz maňa peýdaly bolup biler. Uly hormat bilen Hydyr.

¶: Salam Hydar aga! Soňky "ýoňda" ýazylýan "hekaýalardyr" "goşgulary" okap mende edebiýat diňe ruhy lezzet bermelimi ýa terbiýe, ýagşylyk etmek höwesinem ýatdan çykarmaly dälmi diýen sorag ýüze çykýar. Soňky saýtlarda ýazylýan "eserlere" siziň garaýşyňyz nähili?30 Mart, 2024

Kän düşünmedim. Soňky saýtlar diýip haýsy saýtlary, soňky ýoňlar diýýäniňem biraz gümürtik. Ýöne esasy düşünen zadym edebiýat diňe lezzet bermelimi ýa-da terbiýe-de bermelimi diýlen sowal. Edebiýatyň diňe lezzet üçin ýazylan wagtlary bolupdyr. Mysal üçin fransuzlarda öýde işsiz oturýan aýallar üçin göz ýaşardyjy romanlary kän ýazypdyrlar. Olar şol aýallaryň arasynda gowy görülip okalypdyr. Bu hindi seriallaryna-da meňzeýär. Men-ä muny halamok. Edebiýatyň nämedigine başgaça düşünýänlerem halaýandyr öýdemok. Bu belli bir zat. Adamlary güýmeýänler şahyr däl diýýär-ä Gurbannazaram. Ýöne döwre görä edebiýadam üýtgeýär. Bu üýtgemeden yza galmajak bolup ýörite üýtgeşik bir zatlar ýazjak bolmagam dogry däl bolaýmasa. Bu gaty jedelli hem göwne degiji mesele.

Merjen: Kop sagbolun Hydyr aga bilyan rus dilini hokman okap gormekçi29 Mart, 2024

Rusça bilýäniňe begendim

Merjen: Salam hydyr aga men gyzykly hekayaly kitap okamak isleyan haysy kitaby maslahat beryaniz gynançly hekayalary halayan welin siz bilyansinizdir diyip sorayyn diydim .Sagboluň27 Mart, 2024

Şukşiniň hekaýalaryny, Çehowyň, Tolstoýyň hekaýalaryny, Akutagawaň (umuman ýapon hekaýalaryny) gowy görüp okaýadym. Ýöne olary rus dilinde okadym. Sizem rusça bilýän bolsaňyz, okasaňyz ökünmersiňiz.

Gerçeknazar Amannazarow: Hydyr aga salawmaleýkim , gowymy ýagdaýlaryňyz ?! Gymmatly wagtyňyzy alanym üçin bagyşlarsyňyz. Siziň pikiriňizçe iň gowy goşgy nähili döreýär ? Gowy goşgular ýazmak üçin esasy nämeler etmek zerur ? Şygyr ýazmak barada gymmatly maslahatlarňyzy paýlaşaýyň.25 Mart, 2024

Waleýkimsalam, Gerçeknazar. Men kän goşgy ýazamok diýen ýaly, şonuň üçin ony ýazmagyň tärlerini, usullaryny bilemok. Ýöne şahyrçylygam bagşyçylyk ýaly bir zatmyka diýýän, Alla ses bermese bagşam bolup bolanok. Hekaýa zat ýazmak nähilem bolsa ýazyp bolar, eger gowja, gyzyklyja waka bolsa, ýöne goşgy başga bir zat. Alla bermäni üçin, men-ä kän goşgy ýazjagam bolamok. Döredijiligiňde Alla zehiniňi hasam açsyn. Dogrusy, şü ýazmak ýaly kyn hem düşnüksiz iş görmedim. Kerpiç örseň, görnüp dur seň nähili örýäniň emma ýazyjy-şahyra her kim bir zat diýýä, hemmesem dogry ýaly. Ýazýana welin, aşa öwselerem, ýamanlap tnnkytlaberselerem ýaranok. Garaz, gaty agyr iş. Oňarsaň başyna barmanyňdan gowsy ýokmuka diýýän. Esasanam öz ýazan zadyňdan hiç wagt doly razy bolup bolanok.

Perhat Sabirovv: Üç söz bilen aýdyp bilýärkam bäş söziñ näme geregi bar. Maýakowskiý filosow Men pikirimi 1 söz bilen aýtýarkam, Ol ýerde 3 sözüň geregi näme? G.Ezizow16 Mart, 2024

Beýle meňzeşlikler köp şahyrda, (Magtymguly bilen Ýunus Emrede-de) duş gelýär. Olar gbiri-birinden göçürenok, ýöne belki bir döwür okap ýadynda galýar ýa-da olam şeýle pikire gelýär, beýleki biriniň bu pikiri aýdanyndanam habary ýok. Bu asla mümkinem däl. Göçürýänleriňki gaty göz-görtele bolýar. Olar biraz göçürendiklerini bildirmejek bolup üýtgeden bolýalar hem ş.m. Ýöne pişigiň ýyndamlygy samanhana çenli bolýar. Magtymguly - Ýunus Emre meselesinde megerem Magtymguly Ýunus Emräni has ösdürýär, ony tanadýar. Sebäbi Magtymguly Ýunus Emräni okapdyr, okap bilýär. Onsoň terjimä meňzeşiräk edip onuň setirlerini ulanýar, paýlaşýar. Olaryň ikisiniňem bir manyda, bir meňzeş formada ýazylan şygyrlary Kur'any Kerimiň aýatlar, hadyslar. Olar Kur'any Kerimi. hadyslary halkyň ýadynda aňsat galjak, düşnükli dilde halka ýaýratmak isläpdirler.

¶ : Salam Hydyr aga, Siziň saglygyňyzy dileýän! Begençgeldi Orazowyň goşgularyny haýsy saýtda okap bolarka? Galamdaş ýapylanyndan soň hiç bir ýerde Orazowyň goşgularyna duş gelmedim. Häzir hem goşgy ýazýarmyka, ýazýan bolsa gyzyklanyp okardyk.11 Mart, 2024

Edebeiýat kafesi diýip saýt bar. Şonda seýregräk görünýär öýdýän. Şondan gözläp gör

Perhat Sabirovv: Siz bilen gürrüňdeş bolmak juda ýakymly14 Fewral, 2024

sag bol

Perhat Sabirovv: Öýlenmänkäň dörän söýgi näme 10 Fewral, 2024

Öýlenmänkäň kelläňde köplenç öýlenmek, söýüşmek diýen ýaly seni parahat pikirlenmäge, edýän hereketleriňe öz akylyň bilen baha bermäge mümkünçiligiň bolmaýar. Gyssanmaç bir agyr meseläni çözmeli bolaňdaky ýalyrak, ýaşlyk ýelgini kelläňi göçürýä, duýgy akylyňdan öňe düşýär. Meň göwnüme-hä şeýle. Ýöne ynsanyň iň gowy güýmenjesimikä diýýän söýgi diýlen zada. Hakyky söýgi Alla bolan söýgi, ýöne ol köp kişä ýetdirenok. Ýetäýseňem juda az wagtlyk ýetýäň. Alla söýgüsine ýeteňde, megerem hemme zatlar gutaryp, düýbünden täze zatlar başlaýan bolaýmasa. Zatlar diýýänim duýgy, pikir, düşünje.

Perhat Sabirovv: Gelinejemizi söýüp aldyňyzmy ýada eje kakaňyz alyp berdimi? Bir ýaşlygyňyzy ýada salaýyn09 Fewral, 2024

Aý, gowsy köne saman dörmäli. Saňa gyzyklydyr ýogsa. Ikisem şo bir zat. Tapawudy ýok. Hakyky söýgi öýlenip bile ýaşap başlanyňdan soň döremelimikä diýýän

Perhat Sabirovv: Söýgi derdine uçrap gördüňizmi Hydyr aga?07 Fewral, 2024

Hawa, ähli adamlarda bolşy ýaly. Ýöne söýgi diýlen zat köplenç ýaşlyk ýelginine meňzeýär. Belki, elmydam, hemme kişide beýle-de däldir.

Rigel: Salam. Hydyr aga men häzir Rejep aýyna agzymy bekledim. Bir güni irden ýatyp galypdyryn. Ejemem hiç wagt aç beklemegime rugsat berenokdy günä diýip. Men tursam eýýäm 2 minut agyz beklenilýän wagtdan geçipdir. Men wagt geçen bolsada çöregimi iýip onsaň bekledim ýöne men näme beýle samsyk hereket edýäkäm diýip uzak gün pikirlenip açmaly diýen karara geldim. Indi soragym bir iki minut agyz beklemäge gijä galsaň günämi? Ýa aç bekläýmelimi? 06 Fewral, 2024

Selälige turup bilmeseň aç beklenýänini bilýän. Ýöne başga inçeliklerini mesjitdäki ymamlardan soraýmasaň. Esasy zat Alla kabul etsin. Düzgüne laýyk amal etseň gowy, ýöne käte säwlik bolaýanda-da hiç amal etmän ýörenden kän gowudygy belli. Bilip bilgeşleýin düzgünleri bozmak, äsgermezçilik etmek ýa-da düzgünlere ýeňil, ýöntem, ýüzleý seretmek dogry dälmikä diýýän.

Perhat Sabirovv: Şükür Allaha, siz gowmysyňyz? Işsizlikden kösenýän28 Ýanwar, 2024

Gaýrat et-dä diýäýmesem, inim.

Perhat Sabirovv: Salam Hydyr aga26 Ýanwar, 2024

Waleýkim salam, Perhat. Gowymy ýagdaýlar? Näme bilen güýmenýäň bu günler?

Perhat Sabirovv: Hydyr aga sizi hem saýt agzalaryny täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn31 Dekabr, 2023

Sag bol! Menem seni, hemme dost-ýarlaňňy, ene-ata, dogan-garyndaşlaryňy gutlaýan. Täze ýylymyz, düşümli, toýly ýyl bolsun!

Perhat Sabirovv: Ýatlap gutlanyňyz üçin minnetdar @Adalat19 we Hydyr aga.22 Dekabr, 2023

Bizem minnetdar

Adalat19: Hydyr aga çap edäýiňde21 Dekabr, 2023

bagyşla men gijiräk gördüm

Adalat19: Pursatdan peýdalanyp saýt agzasy Perhat Sabirovv atly jigimiziň (22.12.2002ý) doglan güni bilen gutlaýaryn. Ýene 22gezek 21 ýaşa Jigimjan ýaşyň uzak bolsun, görjegiň gowluk bolsun. @Söýgüli ýazyjyň21 Dekabr, 2023

Menem gutlaýan. Dilegler kabul bolsun. Alla uzak hem bereketli, haýyrly ömür bersin.

...: Meni bir zat gyzyklandyrdy Hydyr aga.Dogrusyny özüňiz bilýäňiz ýöne "Ejem hakynda"hekaýaňyz siziňkimi ýa Ylýas agaňkymy?21 Dekabr, 2023

Ylýasyňky. Nädip meň adyma gidipdir bilemok. Ilki ýürek ölýär diýip bir powestem Ylýasyňky. Onam ýalňyşlyk bn meň adyma goýupdyrlar. Aý, bolaýýa-da.

¶: Sag boluň Hydyr aga, "Ok" hekaýasynyň dowamy hem çeper ýazylypdyr. Gahrymanyň (Rejebiň) gapma-garşylykly pikirleri onuň duýgulary bilen sazlaşykly akymda beýan edilip, okaýja (maňa) gahrymanyň ýagdaýyna düşünmäge ýardam berýär. Hekaýanyň ahyryna "Agyrynyň diş agyrysyndan has agyr ýaradandygynam bilenok. Bilmänem jan berdi." diýen setirleri okanymda " ol agyr agyry haýsy ýaradanka?" diýip oýlandym belki wyždan ýarasyndandyr ýa düýbünden başga zatdyr, ýöne men çaklamadan aňry geçip bilmedim. Aslynda men siziň ýazan "Ok" hekaýaňyz ýaly soňunda pikirlendirýän eserleri gowy görýän. Bir wagtlar bize mugallym ilki soragy özüňizden soraň soňra jogabyny özüňiz tapjak boluň şeýle etseňiz ýadyňyzda gowy galar diýerdi. Belki şeýledirem, ýöne Hydyr aga, şu setirleri özüňiz düşündirseňiz has-da ýerine düşjek ýaly ýogsa meniň öz "tapan" jogaplarym ýaňky belleýşim ýaly diňe çaklamadan aňry geçmeýär.19 Dekabr, 2023

Düşündirmäni kyn göremok, ýöne okaýan adamyň düşünşini daraldasym gelenok. Okaýan adam ýazýandanam kän giň düşünip bilýär. Sebäbi onda dünýägaraýyş, duýgurlyk, okumyşlyk has giň bolup bilýär. Ýazýan adam käte, özi bilmänem ýazyberýä. Özümde şoň ýaly ýagdaý kän boldy. Käbir okan adamlaryň, mysal üçin "Atgulaksyz tabyt" hekaýamy başga biriniň düşündirşini haýran galyp okadym. Aýdylýan zatlaram dogry, ýöne men olary bilip edemok, ýazýaň, gahrymanyň biri ýaly bolup gidýäň, soň başgalar aýdan-da geň galyp gaýtadan okaýaň. Okda diş agyrysyndan agyr azap beren zat bir adamyň ölümine sebäp bolup diri galjak bolşy. Bu agyr zat, başga birini bilip ölüme iteklemek. Şoň agramyny aýdasym, bildiresim geldi. Gönüläp ýazmagam kän halamok, okaýanyň özi düşünse gowy, düşüniljegine-de ynanýan. Okyjylar köp olaryň arasynda menden kän güýçlileriň, çuň düşünýänleriň bardygyna ynanýan.

¶: Dogry belläpsiňiz, ýöne ýene-de "däliniň" durup akyly synlamagy biraz oýa batyrýar. Ýalňyşmasam hekaýada "däli" "däldirän" manysynda däl-de "edermenlik" manysynda getirilen bolmaly (edil dessanlardaky ýaly)19 Dekabr, 2023

ha-ha.molodes diýsem rusça bolýa. Berekella diýeýin. Şu wagta çenli sen birinji adam bolaýmasaň, şo däliň adaty bir däli däl-de, mejnun, gaýduwsyzlygyň, edermenligiň ýöne ýene-de dälisidigine düşünen. Pikirlenip okaýanyň üçin sag bol.

¶: Salam Hydyr aga, jogaplanyňyza sag boluň! Dogry belläpsiňiz, ýazgydy kabul etmek esasy zat we ýene-de her kimiň öz düşünjesi bar. Ähli duş gelinýän kynçylyklary ýazgyt diýip kabul etmän, gerek ýerinde kynçylyklara düz gelmegem essay zatmyka diýýän (tebigat ähli ýaradylanlardan ýaşaýyşy dowam etmek üçin şuny talap etýän ýaly) iň bolmanda dem alan howaňy ödemek üçin.19 Dekabr, 2023

Dagy näme?! Ýazgyt ýazgyda öwrülýännçä kynçylyk. Berekella!

¶: Hydyr aga, "Däliň akyl bilen duşuşygy" hekaýaňyzda "bazar" sözüni ulanypsyňyz, "bazar" sözi göçme manydaky meňzetmemi,eger şeýle bolsa, ol nämäni aňladýar? We sowadyň daşary ýurtda syýahata gitmegi nämäni aňlatýar?18 Dekabr, 2023

Bazar - dünýe, ýurt diýen ýaly manyda. Sowadyň bolmazlygam wagtlaýyn bir zatmyka diýýän. Sowadam geler, sowatly adamlaram dörär. Onsoň nadanlyk durmaz. Belki, göwnüm isleýändir.

¶: Salam Hydyr aga, "Ok" hekaýaňyz gyzykly ýazylypdyr, sag boluň! Oýlandyrýan hekaýa bolupdyr. Siziň pikiriňizçe, ýazgyda boýun bolmak belli ber derejede adamzadyň özünede baglymy?18 Dekabr, 2023

Ýazgydyň ýazgytdygyny düşünip kabul etmek esasy zatmyka diýýän. Bu mertebäň peselmegi däl. Adamyň görmeýän, bilmeýän zadyny boýun almagy mertebesini peseldenok ahyry. Ýok ýazgydy kabul edemok diýmegi özüňden Hudaý ýasan ýaly bir zat ýaly görýän. Onsoňam bu zatlara her kimiň öz düşünşi bolýa.

Dünýä dursun parahat: Garamurty öň okapdyryn, gaýtadan okadym şu wagt. Gowy ýazypsyňyz. Agyr hekaýa ekeni. Bolan waka esaslanýarmy? Hem-de näme üçin Garamurty okamagy salgy berdiňiz?16 Dekabr, 2023

Hawa, bolan wakalar. Murty kesilen bir aýry, adam atýan başga kişi, men ikisini birleşdirdim. Maslahat berenim, okarsyň diýip aýtdym. Sag bol okanyňa. Çynymy aýtsam okaýan adamlar azalyp barýan ýaly. Ýene bir maslahat bereýin Atamyň penjegi diýip bir gysga metr film aldyk. Ýutubede bardyr, ýöne atamyn penjegi (ň) harpy ýerine n) goýup ýazssaň çykar. Uruş-sögüş ýok, tersine. Biraz taryham bar. Olam bolan waka. Görenem bolmagyň mümkin. Gören bolsaň pikiriňi ýazsaň begenerin.

Perhat Sabirovv: Namazy 1 (bir) wagtyna okamak günä diýip eşitdim welin çynmykä agam?15 Dekabr, 2023

Namazyňam günäsi bolarmy? DIňe niýet etseňem sogaby bar. Ýöne dereje-dereje. Bäş wagtyna okaýanyňky bilen diňe ertirini okaýanyňky deň bolmajagy bellidir.

Perhat Sabirovv: Bitaraplyk baýramyňyz gutly müberek bolsun saýt okyjylary we Hydyr aga! Asmanymyz asuda, yurdumuz parahat, maşgalalaryňyz abat, durmuşyňyz bagtyýar, kalplaryňyz söýgi biLen dolsun! Ýenede Bitaraplyk baýramyňyz gutly bolsyn. Gutlamak bilen saýt agzasy - Perhat Sabirovv12 Dekabr, 2023

Sag bol, Perhat. Aýdanyň gelsin! Seňem baýramyň gutly bolsun. Ýeneki baýramlara Alla ýetirsin.

Dünýä dursun parahat: Gyzyklyja hekaýa-beýleki ýokmy, goýsaňyzlaň bir zatlar okara. Özüňize ýakyn temalardan ýazan-pozan bir zatlaryňyz bardyr ahyry.05 Dekabr, 2023

Ulurak bir zady öňräkden bari ýazjak bolýan, şol iş berýä. Başga zada ýerem goýanok. Ekizlerde Garamurt diýip bir hekaýa bardyr. Okamadyk bolsaň şony göräý. Oky öň okamadyk bolsaň, Garamurtam okan dälsiň. Gynanýan täze zadymyň ýokdugyna. Uly zatdan bölek-büçek goýsaňam boljak däl. Bagyşla.

Dünýä dursun parahat: "Ok" hekaýaňyz doly görnenok-la?!29 Noýabr, 2023

Sygmandyrmy nämemi. Dowamy diýip goýdum yzyny.

Biri: Asalet Ve Terbiye Firavun'un kahinleri, saltanatı yıkacak çocuğun dünyaya geldiğini kendisine haber verdiler. Firavun ölmemek için öldürmek sevdasına kapıldı. O sene dünyaya gelen erkek çocuklarını, kılıçtan geçirtmeye başladı. Cellatlar; sokak sokak, ev ev dehşet ve ölüm saçıyorlardı. Kadının biri, doğum sancıları başlayınca, mağaraya vardı ve çocuğunu orada dünyaya getirdi. Çocuğunun, gözünün önünde öldürülmesinden korktuğu için orada bırakarak evine döndü. Mukadderatı ile başbaşa kalan çocuğu, Cenab-ı Hakk'ın emriyle, Hz.Cebrail besleyip büyüttü. İlk fırsatta mağaraya koşan kadın, çocuğunu hayatta bulunca sevindi, onu emzirip doyurdu ve tekrar evine döndü. Günler böylece geçerek küçük büyüdü ve sonunda Hz.Musa'nın kavmini, altından buzağıya taptıran kimse bu çocuk oldu. Adı Musa. Samira kabilesine mensup bulunduğu için, kendisine Samiri lakabı verilmiştir. Asalet olmayınca, Cebrail aleyhiselamın verdiği gıdaya ihanet etti. Diğer bir Musa da Allah'ın Kelimi, Peygamberi ve Firavun'un helakinin zahir planda sebebi oldu. Cenab-ı Hakk, onu Firavun'un sarayında ve kucağında büyüttürdü. Hz.Musa'nın annesi, kalbine gelen bir ilhamla oğlunu bir sandık içine koyarak Nil'in akıntısına bıraktı. Nil'in kıyısında yapılmış sarayının balkonunda, karısı Asiye ile birlikte oturmakta bulunan Firavun, nehirden gelmekte olan sandığı yakalatıp açtırdı. Derhal, içinden çıkan küçük Hz. Musa'yı öldürtmek için emir verdiyse de Asiye buna mani olarak: - Benim için de, senin için de bir göz bebeği! Onu öldürmeyin. Olur ki, bize faidesi dokunur, yahut onu evlat ediniriz, dedi. Netice itibariyle Firavun'un büyüttüğü Musa; Peygamber oldu ve Firavun'un saltanatını yıktı. Bir Arab şairi, aslet olmayınca terbiyenin fayda vermeyeceğini dile getiriken: Fe Musa'llezi rabbahü Cibrilü kafirün Ve Musa'llezi rabbahü Fir'avnü mürselü demiştir. Yani: (Asalet olmadığı için) Cebrail'in büyüttüğü Musa kafir oldu ve (asil bir soya sahip olduğu için) Firavun'un beslediği Musa ise Peygamberdir Internetde şuña gabat geldim. Kän ylalaşyp bilmedim. Musa pygamberiñ wakasynyñ hakykatdygyny bilyan, yone Jebraýylyñ sereden cagasy Hakyky bolan zatmyka ya rowayatmyka?! Siz nähili pikirde18 Noýabr, 2023

Menem bu ikinji Musa hakynda birinji gezek eşidýän. Bilmedim, menem bir ugurdan öwrenip, yzarlap ýören adam däl. Ýöne men başga bir düşünjäni eşitdim. Şeýtanyň ýoly diýen bir zat ýok. Diňe Allanyň ýoly bar. biziň şeýtany ýol diýýänimiz ýolsuzlyk. Mysal üçin gije diýlen zat ýok, diňe gündiziň dürli derejeleri bar, has ýagty, has körek diýen ýaly. Alla absolýut. Absolýutyň ýanynda absolýutdan başga zat ýok, diňe oňa ýakynlyk, daşlyk derejesi bar. Şu pikiri birhili makul gördüm. Şeýtan bize duşman, Alla duşman bolup bilmeýä.

Perhat Sabirovv: 100 manada kaşilýok alyp içini boş goýanyňdan, 10manada kaşilýok alyp 90 manady içinde saklanyň gowydyr. Baý görünjek bolup garry ýaşama. Wagt geçip hemmezat gowy diýýärler, emma sen hereket etmeseň wagtyň geçişi hiçzat üýtgetmeýär.16 Noýabr, 2023

Hawa, şeýle.

Perhat Sabirovv: Dädem maňa aýtdy; maňa görkezenlerňi çagalaryňdan çekersiň. Menem aýtdym; Dädeňe görkezmesediň, mendenem çekmezdiň Şu aýdylanlar bilen ylalaşýaňyzmy15 Noýabr, 2023

ýok. Edeniň gaýtargysy bardyr. Ýöne näme etdik, näme gaýtargysy oňa düşünmek, aýyl-saýyl etmek kyn. Ähli zat biri-biriniň içinden geçýärmikä diýýän. Ýalňyşýan bolmagymam mümkin. Şu wagt ogullarymyň maňa edýänini men kakama edip bilmedim. Mesele has çylşyrymly bolaýmasa.

Perhat Sabirovv: Garaşmagy gowy görýäňizmi ýada garaşdyrmagy?15 Noýabr, 2023

ikisinem halamok

Dežawu: Dežawu diyilyar şoňa13 Noýabr, 2023

Perhat Sabirovv: Düýşünizde gören zatlaryňyz günler aýlar geçip hyýalyňyzda bolanyny gördüňizmi?12 Noýabr, 2023

Hawa, ýöne gaty seýrek. Beýle ýagdaý 15 ýaşlarymda bolýady. Bolan bir wakany öňem gören ýaly bolýadym. Gaýtalanýan ýaly bolýady. Soň galdy.

Perhat Sabirovv: Ýakyn ynsanyňdan "Haramzada" sözüni eşideniňden soň ol ynsanyň bilen nähili gatnaşykda bolsaň bolar?07 Noýabr, 2023

Aý, sözdür-dä, dil öl ýere biten zat, kän üns bermän öňki bolşuňa bolubersene. Dogrusy, men näme, niçik hiç ýagdaýyňyzdan habarymam ýok.

Biri: "Oʻlik_umidlardan_tirik_umidlarga...". Abdukarimiñ şu videosyny görüñ gaty wawwaly meseläni gozgapdyr.06 Noýabr, 2023

Inşalla, sag bol.

Perhat Sabirovv: Diňe şowsuzlyklar hem haýyrlysyna degişlimikä05 Noýabr, 2023

Hassa suw soraýar, oňa-da suw içmek bolmaýar. Hassa närazy bolýa. Sebäbi ol özüne haýyrlysyny bilmeýär. Ynsanam özüne haýyrlydyr öýden zadyndan zyýan çekýär, zyýanlydyr öýdenindenem haýyr görýär.

Dünýä dursun parahat: Nähak ölüm ýokmy, siziň pikiriňizçe?05 Noýabr, 2023

Ýok. Adamyň akyly çäkli, ölüm çäksizlik. Göz gözýetiminden aňrysyny görmeýär, ýöne onuň görmeýändigi gözýetimden aňyrda zat ýokdugyny subut etmeýär.

Dünýä dursun parahat: Alla hemişe haýyrlysyny edýärmikä...04 Noýabr, 2023

Hawa. Men muny kän gördüm

Perhat Sabirovv: Salam, Hydyr aga? Gowmy ýagdaýlaryňyz03 Noýabr, 2023

Waleýkimsalam. Allaha şükür, gowy

Dünýä dursun parahat: Essalawmaleýkim, Hydyr aga. Dünýäde bolup geçýän wakalar mende alada döredýär.02 Noýabr, 2023

Alla haýyrlysyny etsin.

Okyjy: Esasy zadam Hydyr aga, birmahallar ýaşulylar nirede kim bilen gabatlaşsalar, toý-ýasda, ýol-yzda, adam köp bolsun, az bolsun, ýeke bolsun, hemişe öten-geçenler, öz başlaryndan geçen, tejribe edinäýmeli wakalar barada gyzykdyryp gürrüň ederdiler. Jahylkam ýaşulylaň gürrüňlerini hezil edip diňlesem-de: "Baý halky ýaňra bor, garry öwünjeň" diýen sözlerini ýatlap, daşymdan syr bermesem-de kinaýalyja gülümsirän bolardym... Äý, jahyllyk bir özüň heniz hiç zadyň alnyndan dälkäň, öz ýanyňdan özüňe nämedir bir zatdyryn öýden bolup ýörülýän tapgyr-da. Gurbannazar neresse diýýär-ä: "Oturşymyz bilen, turşumyz bilen, gurşumyz bilen, ine şu ýaşlar ylalaşmazlar...". Şo bolýa hemme zamanlarda-da hemme ýaşlaryňky... Indi düşünýän. Ýaşulular, özleri muňa doly aň ýetirip ýa-da Allatagalanyň owalybeletde ynsanyň zannyna guýan emrine eýerip, näme edýändiklerine doly düşünmänem, özlerinem, özlerinden öňki hakydanam özlerinden soňkulara bahymrak geçirmäge, miras goýmaga howlugýan ekenler. Sebäbi her bir ynsanyň jemagatyň öňündäkem, yzyndan gelýänleň öňündäkem borjy - özüne miras berleninem, öz toplanynam özi bilen ýitip gitmez ýaly galdyrmaga ýetişmek. Gepleşik-tymsal bardymy? -Aýdasym gelýä... -Aýt! -Söz baýlygym ýok, ukybym ýetmiýä... -Aýt! -Uýat edýän, üstümden gülerler... -Aýt! -Bilýän, oňarmaryn... -Aýt!... 20 Oktýabr, 2023

Hawa, ýöne öňki ýaşululaň başyndan geçýän wakalar känmi, wakalaň kän bolýan döwrüünde ýaşapdyrlarmy ýa-da arkaýyn aýdaslary gelenini aýdypdyrlarmy gowy gürrüňler ederdiler. Indi ýaşulular howaň, ekinniň gürrüňini edýäler, tema gutarýa durberýä. Öňler beýle däldi diýseňem, aý, o ýaşulular başgady diýäýýäler.

Okyjy: Hökman ýazmaly, Hydyr aga. Bolmanda üzlem-saplam garalama hökmünde galmaly ýa-da "aňsadyna bakyp", bulam-bujarragam bolsa gündelik görnüşinde galdyrmaly welin, galdyrmalymyka diýýän. Soňky döwürde ruslarda bir düşünje ulanylýar: "Выросло целое поколение "Иванов Непомнящих родства""... Öňküler kim, nähili bolupdyrlar, näme edipdirler, nädip edipdirler... "Ýazaňda näme, barybir okanoklar-a. Şo bir smartfon, hihi-haha, TikTokdaky "diňki-diňki"" diýýänem kän. Ýöne, pikir edýän, okarlar. Jahyllyk - eýläňe-beýläňe bakmankaň zymdyrylyp geçip gidýän ýelkelleliligiň bir görnüşi - ol geçensoňam "hihi-haha-da" ýadadýar, öňküsi ýaly göwnüňe ýakanok. Onsoň "öňküler" hakda pikirlerem döräberýär. Kino düşürmek işine bolsa kembaha sözüňizi men-ä goldamadym, ýaşuly. "Atamyň penjegini" başga-da birki sany deň-duşuma maslahat berdim. Gördüler. Pikirlerini aýtdylar. Pikirimi soradylar. Gerekmi şeýle film, jemagata? Gerek. Diýmek, zähmetiňiz bihuda däl. Islendik zähmetde bolsa esasy şert onuň bihuda dälligi bolaýmasa. "Özünden kän ýaş uly adamlara akyl satan bolup dur-aý" diýip düşünmäň. Web-söhbetdeşligiň gowy tarapam munda kän durmuşy gatnaşyklarda eýerilýän köp kadalar, dessurlar kän bir ulanylyp barylmaýar. 20 Oktýabr, 2023

Ýok, men kino kembaha seredemok. Biraz ýaşyrak wagtyň edilmeli iş eken kino. Hysyrdysy kän, köp adamlar gatnaşýa. Atamyň penjegini geçen orazada almaly boldy. Kä günler dilim çişip, agzyma sygman, gürläp bilmän öýe gelen gezeklerimiz boldy. Onam kän dilime alyp ýöremok. Şu wagt saňa düşündirjek bolup aýdaýdym. Atamyň penjeginiň öň ýany Ynjytma diýip bir kinoň ssenarisini ýazdyk. Ylýas-a sýomkasyna-da gatnaşdy. Men o wagt ýüregim agyryp Stambuldadym. Ynjytmany birki sapar TW-de-de görkezdiler. Mümkin görensiňem. Osman Güjüm bilen şägirdi Kerim diýip bir Ýaňgalaly oglan baş rollarda oýnadylar. Görmedik bolsaň ýutubda bardyr. Kärizem bir gezek seň diýşiň ýaly garalamarak görnüşde ýazdym. Indi şony arassalap, giňeldip, aýyryp gutarnykly ýazmaly. Inşalla ýazaryn. Saňa-da okamaga bererin. Ýok meň halamaýan zadym adamyň içini gizleýemek häsiýeti. Hiç gaty görmen, arkaýyn aýdyber. Kakam gürrüňçil adamdy. Käriz gazylşy, oba bolunşy hakda, öz başlyklyk eden döwründe bolan wakalary kän gürrüň bererdi. Bizem özümiz o wagt ýaşdyk, gowy ýadymyzda galypdyr. Unudan ýerlerimi agalarymdan oba ýaşulularyndan soradym. Kino edibermeli wakalar bolup geçipdir. Inşalla, ýagşy dilegde boluň. Okalar-okalmaz diýilýän zat ýazan zadyňa bagly. Ýazyp oňarmasaň okalmaz. Oňarsaň okalýar.

Okyjy: Hydyr aga, salawmaleýkim. Düýn ulurak jogap ýazypdym welin, internetde näsazlyk bolup gitmedik bolaýmasa. Hawa, Osman agany tanaýan. "Atamyň penjegi" filminde dutar ussasynyň keşbini janlandyrýar. Gördüm. Begendim.Tanyş ýüzler ekranda üýtgeşik görünýär. Guldurdy aganam (Guldurdy Sähetdurdyýewi) gowy tanaýan. Şahyr, dramaturg, ýazyjy, publisist. Guwanç aga pahyram çagalykda kän görerdik. Meýdanda işleýärkäk, kolhoz hasyl toý berende, ýylyň ahyrynda kanturda "dohod" paýlananda kakamyzyň yzyna düşüp, keýpine şärik giderdik, "pul göterişmäge". Guwanç aga pahyram siziň kakaňyz Amangeldi aga ýaly "halka çörek beren" diýilýän adamlaryň hilinden eken. Togsanynjy ýyllaryň başy-ahyry, ikimüňünjileriňem başy, tä 2007-nji ýyla çenli halk üçin agyr döwür boldy, neşekeşlik adamlary igletdi. Soň-soňlar, şo döwürler ile-güne-de, maşgalasyna-da ot ýakdyrmadyk süpükler, neşesi goýdurylyp, "adam edilenden" soň, o döwre ýaman ajy ýaňsy bilen "puront döwri" (front döwri) diýýärler. Ine şol "front döwründe-de", toýda-ýasda oturan ýaşulylar zeýrenişerdiler: -Guwanç agaň ýeke özüniň ilata baş bolup, 10-15 ýylda gije-gündiz selpäp, gurup-dikip, ýola goýup giden zatlaryny, indi biz süpük üflis çagalarymyz bilen aýagaldygyna daşap, satyp soňuna çykyp ýetişemzok... Siziň kakaňyz Amangeldi aga pahyr barada kitapçy.ru saýtynda şahyr, publisist Allaýar aga (Allaýar Çüriýew) "Gündelikde galanlar" atly, dürli kişileriň ýatlamalaryndan ybarat essesinde şu wakany goýupdyr: 12.07.2003. Sapar Begliýew: – 1952-nji ýylda Aşgabat etrabyna üsti çadyrly “Pobeda” maşyny berildi. Raýkompartiýaň býurosynda o maşyny “Ýalkym” kolhozynyň başlygy, soň Zähmet Gahrymany Amangeldi aga bermeli edildi. Kolhoz hojalyklarynyň gülläp ösüşi hakdaky tekst bilen radioda çykyş edilmeli. Tekst býuroda tassyk edildi. Ol çykyş pars dilinde bolmaly -- goňşy ýurt üçindi. Men raýkomkomsomolyň I sekretary. Motorym bar. O motoram umumy puldan alypdym. Şoň üçin meni tasdan işden çykarypdylar. Jeren Mämmedowa dadyma ýetişäýdi. “Özi üçin almandyr. Umumy bähbit üçin” diýdi. Hawa, onsoň meni Amangeldi agaň ýanyna ugratdylar. Bardym. Näme ýumuş bilen gelenligimi aýtdym. “Men o maşyny alyp biljek däl. Haçanda oba adamlary münmek üçin eşekleri ýokka men nädip maşyn müneýin? Adamlar näme diýer?” diýip, almady. Raýkomyň birinji sekteraryna Hoşgeldiýew diýerdiler. Ol-da “Magtym Gaýybyň ýanyna git” diýdi. Olam başlyk. Gahryman. Olam edil şeýle jogap berdi. Ýene bir Gahryman kolhoz başlygynyň ýanyna ugratdylar. Olam şeýle diýdi. Gelip Hoşgeldiýewe aýtsam, stoluny ýumruklap “Iş oňaraňok” diýdi. “Wagt ýok. Agşam şo tekst bilen radioda habar gitmeli. Çagyryň Amangeldi agany” diýdi. Şeýdip zor bilen şo maşyny Amangeldi aga berdiler. 20 Oktýabr, 2023

Hawa, kakam pahyr Pobedany kän hapalansyňyz diýip gülerdi. Biziň dünýä inen ýylymyz berilipdir, şol maşyn. Agamyz Sapargulyň ýanynda durup düşen suraty bar. Ýöne kakam 57-nji ýylda geroý bolýa. Osman gowy ýigit. Hoşgylaw, ulumsy däl. Öýe kän gelýär, hezil berýär, hakyky sazanda. Nazar Gulla pahyryň öýünde bir gije ýatypdyk. Guldyrdy, Ahmet Halmyrat, Çary suwçy diýilýän meşhur sazanda (Osmanyň halypasy), Ümür Esen, Ylýas, garaz köplük bolup daňa çenli oturdyk. Goşgy diňledik, saz diňledik, Ümür agany diňledik. Nazar Gulla hakyky alym, medeniýetli adamdy. Biz selhozy gutamyzsoň, oň leksiýalaryny diňlemek nesip etmedi. Şadurdy (Hojam aga) bilen bir ýerde işledik. Ol pioner jurnalynda men edebiýat sungata. Iki redaksiýada bir ýerdedi. Sirkiň ýanyndaky tüneliň ýanynda Gagarin bilen Swobodaň çatyrygynda. Gaýra tarapdady. Gowydy. Guldurdyny ýöne seýrek görýän. Ol birneme biznese gyzdy. Allaýar Çüriň ýatlamasy ýadymdan çykyp gidipdir. Ýogsa okanymy bilýän. Gowy ýatlatdyň, sag bol. Hawa, öňki ýaşulular azap üçin, jepa üçin ýaradylan ýaly. Gije-gündizleri ýokdy. Indi olaň guran kolhozam galmady. Şo döwür hakda, käriz gazylyp, Ýalkym (o wagt Käriz) obasynyň döreýşi hakda ulurak bir zat ýazasym gelýär. Garramajak bolýas welin, öňki işeňňirlik ýok, höwes bar, hal ýok. Ýöne şükür gün-güzeran gowja, çagalar käýidenoklar welin, gezip ýörüs. Syrtymyzy tanaman kino zada-da ýapyşyberýäs. Alla kuwwat bersin-dä.

Okyjy: Garadaşaýak "TSSR-iň 40 ýyllygy" kolhozydy. Kerim agaň kolhozy (Kerim Ahmetýarow).19 Oktýabr, 2023

Hä, Ýasmansalyk sosializm bolýar-ow. Garadaşaýak 40 ýylllyk, dogry. Kerim aga-da zor adamdy. Aýaly ermenidi, biziň mugallymyzdy selhozda. Aý, köneler gözüňe eziz bolup dur-da.

Okyjy: "Sosializm" kolhozy, diýsem has düşnükli bolaýmasa, Hydyr aga. 19 Oktýabr, 2023

Hä, Akdaşaýak, Garadaşaýak. Osman Güjüm diýip bir sazanda bilen gowy gatnaşýas. Owal Guldurdy Sähetdurdy bilen gowy gatnaşýadyk. Soňky döwür görüşip bolanok. Guwanç agany gowy tanaýadym. Pahyr aýlawa at görmäge (daruwa) gelerdi. Menem at münen bolardym, oglankam. Gaty gowy adamdy. Bolubilýä. Ýazýan-pozýan zadyň bolsa iber. (h.amangeldi@gmail.com) poçta adresim.

Okyjy: Hydyr aga, salawmaleýkim! “Atamyň penjegi” atly filmi gördüm. Göwnüňi ýaz ýagşyna ýuwlan ýaly edýän, gaty mähirli kinofilm ekeni. “Ýunusjyk” atly Ýunusjyk juda ýerine düşen keşp. Içimtap, içi hümmüldili oglanjyk tüýs öz-özi bolup keşbi janlandyrypdyr. Filmiň hilinem gowy gördüm. Muny nämeden diýýän: soňky düşürilýän türkmen filmlerinde wideonyň hili şeýlebir ýiti, şeýlebir arassa welin, ol tomaşaçyda (belki, diňe mendedir), birhili, ýiti real dällik, “spektakl” duýgusyny oýarýar. Bilemok, bu duýgy, belki, köne, bulaşygrak formatdaky sowet kinofilmlerinde önüp-ösen biziň neslimiz üçin şeýledir-de, indem bu ýokary formatly hilde düşürilen filmlere biziň gözümizem, göwnümizem öwrenişip bilýän däldir. Ýöne, bu real dällik duýgusy näme üçindir, “Atamyň penjegi” filmini görenimde döremedi. Kinofilme: “mähirli” diýenimiň sebäbi, tüýs adaty, oba durmuşy, türkmen maşgalasy görkezilýär. Elbetde, sungatyň bu žanryna mahsuslykda, real durmuş birneme “ýumşadylýar, gülpäpelenýär”. Ýöne men-ä bu “ýumşatmagy” haladym. Sebäbi erbetlikden, wagşylykdan, azgynlykdan dolup barýan dünýäde şunuň ýaly, adama adamdygyny, adamyň baş maksadynyň haýwanlykdan ynsanlyga tarap ýoldugyny ýatladýan mähriban eserler gerek. Filmdäki keşpleriň geýimleri, eşikleri, özlerini alyp baryşlary ýerine düşüpdir. Göze dürtülip duran we filmden sowadýan ýasamalyk ýok diýip hasapladym. Ýene bir şowly çykan keşp: Ýunusjygyň Sülgün gelnejesi. Hasam elinde iküç sany aşygy saklap, doňup galýan epizodyndaky ýüz-keşbi ussatlarça janlandyrylypdyr. Ýelek ekilip jüýje çykarylýan epizodyň hakyky durmuşdan alnandygyn-a Hydyr aga, siz özüňiz “Aksakgally režissýorlar” oçerkinde-de ýazýarsyňyz. Şowly çykan epizod. Indi, “bir kemsiz gözel bolmaz” diýlişi ýaly, käbir belliklerim: Filmiň saz bezegi. Şadyýana sahnalarda-da gamgyna ýakyn saz goýlupdyr. Mysal üçin: iki doganyň maşgalasynyň üýşüp kofe içýän ýeri. Näme üçinkä? Filmiň başyndaky gujagy owlakly ýaşuly bilen dutar ussasynyň eşigi birmeňzeş. Tahýa, gök kletka köýnek, gyýma balak. Dutar ussasy çalsaç, uly ýaşly adam. Ýunusjygyň ejesi ýaş gelin. Ikisi goňşy. Ussa tamdyrda gapak bişirmäge gelende, gelin ýaşynman, arkaýyn gürleşip dur. Eger-de şo taýy, gelniň oglanjygyň üsti bilen gepleşýän edilen bolaýsa, tüýs jüpüne düşäýjek ekeni. Umuman, filmi gowy gördüm. Şu günki türkmen maşgalasynyň öz çagasynyň üstünde gereginden artygam bolsa kökenek bolşuny şekillendirmegi başarypdyr. Näme üçin häzirki zaman maşgalasy çagaň üstünde şol derejede kökenekkä? Öňki maşgalalarda 8-10 çaga bolup, indikilerde adatça 2-3 çaga barlygyndanmy? Ýa, maddy-hal ýagdaý gowulanyp, her çaga aýratynlykda has köp üns bermäge mümkinçiligiň günsaýyn artýandygydanmy? Ejesiniň Ýunusjygyň yzyndan heläk bolup, ony gözleýän epizody. Özümiz ýadyma düşdi. Gara daň bilen kolhozyň meýdanlaryna işlemäge çykyp gaýdardyk. Gyş, ýaz, tomus, güýz, gar, ýagyş, ýel, sowuk, epgek... tapawudy nol. Gün ýaşanda lütüň çykyp öýe gelersiň, eşik çalyşdy ýok, beýle tämizçilik, bezegli otaglar ýok. Içki jaýda özüňiz ýatsaňyz, daşky, penjiresiz-gapysyz, diňe üsti ýapyk eýwanda sowukda göleli-sygyr saklanýandyr. Bit, büre nä? Heh. Olaram bir Hudaýyň ýaradan janawerleridir-dä. Soňam gijäň birwagtyna çenli oýnamaga gidiler. Ýaşyňam bolaýsa 7-8-dir. Ejeň bolsa seni alada etmäge elem degmez. Sebäbi senden aşakdaky iküç sanysyna-da ýetişjek bolsa musallatdyr... Umuman, ýene-de bir gezek nygtaýyn, mähirli-mähriban eser, durmuşy.18 Oktýabr, 2023

Waleýkimsalam. Kinony iş edip tapyp göreniňe, hoş sözleriňe sag bol. Ussa bilen erik garawulynyň köýnekleri bir meňzeş däldir. Ýöne ikisiniňkem kletka köýnek. Ussa b-n sazanda gelni ýaşyndyrmak kellä gelmändir. Oba ýerem bolsa, garyndaş bolmasa kän ýaşynylýandyram öýtmändiris. Меň gynanan zadym, tamdyrda gapak ýapýarka, oglanjygy ussaň aýagyna çolaşdyrmandyrys. Gapagyň bişip gapak bolýanyny görkezmek üçin, adamam bişmeli diýmek üçin şu epizody alypdyk. Aý, biraz öwrenjelik eden ýerimiz boldy-da. Bolýa sag bol. Seň özüň haýsy obadan? Oglanlygyň biziňkä ýakyn eken. Şondan soraýdym.

Okyjy: Hydyr aga, salawmaleýkim. Ýaşuly, sizem, siziň bu saýtyňyza girýänlerem dogry düşüner diýip umyt edýän: birneme gödegrägem bolsa, hiç kim hiç kimiňkini "göterjek" bolup, ölüp ýatanok. Munuň bähbidem ýok, zerurlygam. Ýöne, öz edýän işiňiz, esasanam, halap, ýagşy iş edýändigiňize ynanyp edýän işiňiz hakda ýazan "Aksakgally režissýorlar" atly oçerkiňizi okap, tüýs ýürekden taňryýalkasyn aýdasym geldi. Düşüren filmiňiz üçin däl. Sebäbi ony gözletsem-de, inetden tapmadym. Şonuň üçinem heniz görmedim. Ruhubelentligiňiz üçin, täzelige, täze pişä jany-teniňiz bilen ýapyşyp bilýändigiňiz üçin adaty bir ynsanyň ynsana minnetdarlygyny bildirmek isledim. Ynsanyň özüniň göwnüçökgünlikden püre-pürlän dünýäsinde ýaşuly adamlaryň ruhubelentlik bilen täze hünäri özleşdirmäge, onuň bilen meşgullanmaga ymtylyşy juda seýrek duş gelýän hadysa - şonuň üçinem şeýle wakalar nusgalyk bolmaga mynasyp. Aslynda, dünýäň özüni Keremli Hak ýaradanda juda ruhubelent, hemişe geljege umydygär edip ýaradypdyr diýip hasap edýän. Hatda ölümem bir hereketiň (diriligiň), hereketiň başga bir görnüşine geçmegi däl-de, näme eýse? Belki, şol setirleri ýazanda, indi biziň ýaşymyzdan seretseň, öte gögele bolup görünýän ýaşyndaky Gurbannazar neresse-de: "Ölüm näme? Tebigata garylmak, Bahara gül bolup getirmek şöhrat, Daň-säherler pyntyk bolup ýarylmak" diýmek bilen dünýäniň hut şu häsiýetini, üznüksiz hereketde aňladylan baky diriligini göz öňünde tutandyr. Umuman, Hydyr aga, siziňem, Ylýas agaňam, janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun. Tüweleme. Siziň ýaşyňyzda dünýä ruhubelent garamak bize-de nesip etsin!17 Oktýabr, 2023

Ämin, aýdanyň gelsin, oglum. Garramak aňsat, ýaşkaňam garry adam ýaly ýaşap bolýar. Şeýle ýaşaýanlary, onda-da şeýle ýaşamak dogrudyr öýdýänlere gynanýan. Eliňden gelýänje ýagşylygy, başardygyňça edibermeli. Adamy ruhybelent edýänem şol. Diňe maňa bolsun, her kim maňa hyzmat etsin diýýän adam ýaşanok, oňa parazit diýilýär. Kinomyzy görseň pikiriňi ýazssaň begenerdim. Eger ýutuba girip bilýän bolsaň Atamyn penjegi (atamyň däl-de atamyn ýazmaly) diýip ýazsaň çykýar. Başga-da saýtlarda bar. Eger bolmasa, Ylýasa ýazsaň o saňa flejka göçürip berer. O häzir Ýalkymda. Ekizlere Ylýasyň tarapyna girip habarlaşyp bilersiň. Ýene bir gezek sag bol

Gulalek : Salamälik10 Oktýabr, 2023

Aleýksalam

Perhat Sabirovv: Hatyra gününde berlen ähli beren sadakalarymyz Allah dergähinde kabul bolsun05 Oktýabr, 2023

Ämin

Perhat Sabirovv: Iňlis dilinden Özbek dili aňsatmykä diýýän02 Oktýabr, 2023

Dagy näme, biziň üçin. Düşündim 70-80% Abdylkerime. Gaty gowy gördüm. Çyny bilen, ýürekdeş gürleşýä.

Kerbela: Özbek diline düşünýäñizmi? Eger düşünyän bolsañyz,Abdukarim Mirzayev'iñ videolaryny görmegi maslahat beryän. Belki size yarar diyip umyt edyan. Youtube'da bardyr.01 Oktýabr, 2023

Özbekçe biraz kynyrak. Ýöne iş edinsem çalarak düşünýän. Sag bol maslahatyňa. Şu wagt iňlis dilini öwrenjek bolýan. Köp wagtymy alýa.Näme üçindir iňlisçe bilmeýänime kemsinýän. Onda-da girip görerin, inşalla Gördüm, bir ýazgysyny, gowy gürrüňler edýä. Tanyşdyranyňa sag bol

¶: "Ýer elenýär" eserde 78 ýaşly ýaşlunyň (Söýünhan) ýaňy bir ýaşan agtygynyň (Soltanmyrat) bolmagy geň zat.21 Sentýabr, 2023

Soltanmyradyň kakasy şol wagt 38-39 ýaşlarynda eken.

türkmençe: "Atamyn penjegi" görkezildimi?! youtubeden tapmadym. Yorite kinozalda zatda görkezilsi bolyamy agam?! 17 Sentýabr, 2023

ýok, entek TW efire gidenok. Ýotube zada soň gaýaýmasalar.

Perhat Sabirovv: Öýlenensoň gelniň bilen ejeň uruşsa onsoň ejeňki nädogry bolsa näme etmegi maslahat berersiňiz?!14 Sentýabr, 2023

Hiçisiniňem arkasyny almazdym. Gelin üçinem aýp, eje üçinem aýp. Uruşsalar ikisem günnäkär. Biri paýhaslyrak bolsa, uruş, galmagallaşyp ýörülmeýär.

: Daşary yurda okap gelen mugalymlar üçin jemgiyet dersinden näli soraglar bolya 14 Sentýabr, 2023

bilmedim

¶: Salam Hydyr aga, Söýünhan baradaky ýazgylaryňyzy okadym. Mende bir sorag ýüze çykdy. Söýünhan ýaşuly "ýer elenýär" ýazgyda näçe ýaşlarynda bolmaly?14 Sentýabr, 2023

Söýünhan 1948-nji ýylda 78 ýaşlarynda bolýar. 1881-de Gökdepe galasy ýarylanda ol 10 ýaşlarynda eken.

Hyýalkeş: Şu wagt internet gowy işläp, ýüklendi.13 Sentýabr, 2023

ok.

Hyýalkeş: Dogry. Köp minnetdar wagt aýryp okap, maslahat bereniñize. Hökman göz öñünde tutaryn."Gören kim görünen kimi" okap başladym saýtyñyzdan. Ýöne mollañ öýüne barýan ýerinden soñy goýulmandyr. Kitabam ýüklenmedi.Dowamyny saýta goýup bilmersiñizmi?13 Sentýabr, 2023

Minnetdar okaýanyňyza. Bellikleriňizi ýazyň, okaýarkaňyz.

: Ilki maslahat sorap, soñam jedelleşip oturmagam birhilidir welin, onda-da... Meniñ Mamajandan başgasynyñ obrazyny açmak maksadym ýokdy.Olar meñ üçin häki bir kömekçi serişdeler ýalydy Mamajanyñ wakasyny beýan etmekde.Ýazyjy hemme hereket edýän gahrymanyñ obrazyny açmaga borçlumyka? 13 Sentýabr, 2023

Eger eseriňdäki her gahrymany näçe gowy açyp bilseň, baş gahrymany has gowy açmaga kömegi degýär. Baş gahrymany saýlamakda-da pikir etseň gowy bolýar. Mysal üçin, Mamajan ogluny gowy görýär, öýeresi gelýär, öýerýär, ýöne rak keselindenem ölýär. Şu gahrymannda entegem dürli häsiýetler, gowy bolsun, kemterräk bolsun, seýrek duş gelýän bolsun häsiýetler bolsa has eser güýçli, köp taraply bolýar. Eser okyjyny ýa-da tomaşaçyny aglatmmak, gynandyrmak, ýüregini gyýmak bilen gutarsa, maksadam şol bolsa, biraz gowşagrak bolýar.

: Gazet dilinde we teleýaýlymdaky alypbaryjylaryñ lenç edilen sözleri diýipsiñiz. Şol ulanýan ýerlerime mysallar getiräýiñ has gowy düşünerim ýaly. Gahrymanlary açmak diýibem Mamajandan beýlekileriñ kän obrazyny açyp görkezmänligime aýdýañyzmy? Ýa Mamajanam açyp görkezip bilmändirinmi?12 Sentýabr, 2023

Dogry, muny gyzyñ özüne-de aýtsa bolardy welin, ilki Aýnabadyñ özi hakdaky pikirlerini bilmek isledi. Ýakup mekdebi gutaran badyna uniwersitetiñ talyby bolmak bagtyna eýe bolupdy. Eýsem, öwüp-öwüp arşa çykaryp, mukaddes törüne geçirjek bolup ýören gyzynyñ barypýatan bihaýa bolup çykandygyny boýun alaýmak ýeñil-ýelpaý işmidir? Şeýle-de bolsa, ýagdaýdan gaçyp-gutulyp boljak däldi. Bu gün bolmasa ertir hakykat ýüze çykjakdy. Ýene bir gün işdeşleriniñ adatylaşan sowalyny ýüregi bilen jogaplady Mamajan. Mamajanyñ çagalar bagynda zähmet çekip ýörenine dokuz-on ýyl boluberendir.Mamajan Aýnabada gaýybana haýbat atdy. Ynha, käbir mysallar. Bilmek isledi, bagtyna eýe bolupdy, ýeňil-ýelpaý işmidir, jogaplady, zzähmet çekip ýörenninne - adaty gepleşikde aýdylanda ýeňil aýdylýar. Zähmet çekip ýörenine däl-de işleýännine diýseň kän ýeňil bolýar. Muny gepleşik diline üns berseň, türkmençe eserleri okasaň bilersiň. Mamajan gowy açylypdyr, ýöne ogly, iki söýüşýän gyzy açylmandyr. Diliň üstünde gowja işlemeli. Ynha diliň üstünde işlemeli diýdim - şu türkmençe däl. Belki, beýan edişiňi kämilleşdirmeli, sözlem düzüşiňi sadalaşdyrmaly diýsem has türkmençe bolar. Bu iş inçe iş. Düşündirmegem kyn. Sada, düşnnükli, resmi däl dilde ýazjak bolmaly-da. Jogaplady diýýäň - şu sözüň türkmençe däldigini, üns berseň görüp duransyň. Garaz, öwretmek aňsat, ýazmak kyn.

Hyýalkeş: Salam.Täzelikde bir proza synanyşygym boldy welin,halypa ýazyjy hökmünde oñaýly oñaýsyz taraplaryny aýdyp, tankytlap beräýiñ.https://biz.islenen.ru/25313-bagtyn-betbagtlygy-tutulygyna.html12 Sentýabr, 2023

Salam, gyzym. Okadym. Käbir gazet dilinnde gürleýän ýerleri bar diýmeseň, gyzykly ýazypsyň, berekella. Ýöne meni şol gaçyp, soň aýrylyşyp gelen gyz has gyzyklandyrdy. Keselbent, ýürekawadyjy zatlar kän ýakanok. Belki, hindi kinolaryny halamaýanymdandyr. Düýpli zatlary, düýpli çaprazlyklary, düýpli pikirleri okasam has begenýän. Seň suratyny çekýän ýagdaýyňam ýeňil ýagdaý däl, ýöne okyja az zat berýär. Eger, hakykatdanam mmaslahatymydiňleseň, sen ýazyp biljek adama meňzeýäň. Temaňy saýlamaga üns ber, hemem türkmeniň sada dilinde ýazjak bol. Mysal üçin, däliň belläni diýen gepi ýerinde, dogry ulanmansyň. Teleýaýlymlardaky alypbaryjylaryň lenç eden sözlerindenem gaça dur. Howlukma, bir zzady aýdyp bilmeseň, aňsat ýoluny gözleme, biraz oýlansaň taparsyň. Üstünlikler arzuw edýän. Gowy gören zadym, wakalary gowy gurýaň, suratlanndyrşyňam erbet däl. Ýöne biraz uzaga çekdirýäň, süýndirýäň. Gahrymanlary doly açaňok. Ýöne bu zatalary ýazyp, okap öwrenip bolýar.

Perhat Sabirovv: Bize hem durmuş gülüp bakarmyka, tur indi bar kynçylyklar gutardy şuwagtdan şeýläk ähli zat seniň eliňde diýip11 Sentýabr, 2023

Inim, beýle darykma. Dünýe diýilýän ak bilen garaň garyşygydyr.

Perhat Sabirovv: Salam agam. Serediñ Türkmençilikde ejeň erkek doganynyň gyzyny alsaň bolýamy?!10 Sentýabr, 2023

Waleýkimsalam, inim türkmençilikde ondanam gany ýakyn adamlaryň gyz alyp-berişeni bar. Ýöne özüm munny makullamok. Ganlar daş bolsa gowy. Dogtorçylykda-da şeýle diýýäler. Alla gowsuny ýazan bolsun.

Juma: Es-salam aleýkim Hydyr aga! Saglygyňyz oňatmy? Eger mümkin bolsa elektron poçtaňyzy ýazaýsaňyz? Bir hat ugratmak hyýalym bar. 06 Sentýabr, 2023

Walevkimsalam. h.amangeldi@gmail.com

Hyýalkeş: Haýsy kinoñyzka ol? Elbetde sorap görerin nesibäm çekip ýene edebiýat agşamyna barsam. Wagt diýdiñiz welin, wagtymy degerli zada sarplap bilmezlikden kösenýän soñky döwür. Goşgy hemişe ýazlyp durýan zat däl, proza diýseñ ugrum däl, senarýa işi bilenem gyzyklanýan ýöne ugrygyberenok. Surata düşüriljegine çürt-kesik ynanmasam yhlasymy siñdirmegi töwekgelçilik saýýan. Bir-iki aý mundan öñ online iş soradym ýazanlarymyñ yzygider çap edilýän gazetinden. Olam häzir boş ornunyñ ýokdugyny aýtdy. Elgaraz, wagt meselesini çözüp bilmedim.26 Awgust, 2023

Gysga göwrümli ýakynda aldyk. Görseň, bellikleriň bolsa bildirseň begenerdik. Wagt diýýäniňem bizzde-de iň kyn mesele. Okajak bolýaň, kino görjek bolýaň, ýazjak bolýaň, derrewem ýadaýaň. Ssenarini alynjagyny hiç kimem anyk aýdyp bilmez. Ssenariň hiline bagly. Umuman kyn iş. Häzir powest diýen ýalyrak ulurak zada başladym, hezil isleýşim ýaly ýazýan. Alynarmy, alynmazmy, rejissýor näme diýer diýen ýaly derdim ýok. Kino köpçülik bolup edilýän iş-dä. Işiňi üýtgetjek bolýaň ýaly. Ugruna bolsun.

Gerçeknazar : Hydyr aga salawmaleýkim ! Hökman habarlaşaly , ine telefon belgim +99365228952. Araky ýazjak diýenimem ýazyp başladym. Telefonym döwüldi şonuň üçin biraz gijä galdym. Okap , gymmatly maslahatlaryňyzy ýazsaňyz hasam begenerdim . Ine aşakdaky salga giriň okaýyň. https://biz.islenen.ru/25134-edebiyat-agamy.html 25 Awgust, 2023

Waleýkimsalam, Gerçeknazar. Okadym ýazanlaryňy, goşgy görnnüüşinnde ýazypsyň, özem köpüsi öwgi. Biz özümizi öwdürjek bolup barmanndygymyza düşünýänsiň, sen özüňi pikirlenndiren, täzeden açan zatlaryň bar bolsa şolary paýlaşsaň okaýanlara peýdaly bolardymyka diýýän. Öwmek asla gerek däl. Bizem Ylýas bilen bir täze zady başlajak bolýas. Kyn düşýä. Garrylykdanmy nämemi bahym ýadaýas. Saňa-da, bize-de Alla kuwwat bersin. Oglanlara, sorana köp salam aýt. Telefon diýilen zadam men ulanamok, halamok.

Hyýalkeş: Siziñem doglan günüñiz gutly bolsun. Bagtly, sagdyn, uzak we manyly ömrüñiz bolsun!24 Awgust, 2023

Sag bol, gyzym! Aşyra bir kinomyzy beripdik, wagtyň bolsa alyp göräý.

Hyýalkeş: Minnetdar gymmatly maslahatlaryñyza. Bu gün meniñ doglan günüm!24 Awgust, 2023

O! Gutlaýan! Biziňkem 19 awgust. Görjegiňiz gowy bolsun, bagtly boluň! Gowy günleriň size garaşýandygyna ynanýan.

Hyýalkeş: Dogrusy, maýyplyk, aýrylyşmak ýaly zatlary türkmen kinosynda görkezmejeklerini bilýän. Muny kino düşürmek niýeti bilenem däl-de özümi synap, käbir adamlara senarýamy görkezmek niýeti bilen ýazypdym.Özümem kemçilikleriñ bardygyny duýýan. Olary giñişleýin düşündirseñiz begenerin. Sebäbi, epizodlarymyñ gysgalygyndan başga kemçiligi görüp bilmedim gynansamam. Aýtsañyz, hökman düşünerin. Bu senarýany ýazmakam Nobatguly aganyñ senarýalaryny okadym. Hiç hili senarýa okaman ýazmak mümkin däl elbetde.Düýn siziñ "Gül açan mirasyñyzy" hemem "Heserlini" okadym.Başga okamaga nusga tapmadym gynansamam. Özüm babatda ikiçäk tanyşdyranymy kem görmezdim welin poçtam işlänok :( Şu ýerde ýazmakdan başga alaç ýok ýaly. Adym Mahym. Familiýam Nurgeldiýewa. 25 ýaşymda.Gökdepe etrabynda ýaşaýan. (Doglanymdan bäri görüşmeýän kakam siz obadan) Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebini gutardym. Häzir terbiýeçi bolup işleýän. Ýokarda-da aýdyşym ýaly senarýa babatda giñişleýin maslahatlaryñyza garaşýaryn. 22 Awgust, 2023

Belliklerimi ýazaýyn başardygymdan. Başlanşy gowy. kino dilinde. Soň kamera beýle görkezýä zat diýip ýazma. Menem ilki şeýle ýazylýamyka öýdüpdim. Ssenariý diýilýän zat rejissýor üçin ýazylýar, kamera meselesi eýýäm şoň işi. Oňa düşünersiň. Soň gahrymanlaryňda özboluşly häsiýet bolmaly. Islendik artisti alyp oýnadyberip bolmajak häsiýetleri bolmaly. Seň baş gahrymanyňda-da, hat gatnadýan oglanda-da, gyzda-da şol aýratynlyklar az. Oglan dostunyň goşgusyny ilki mugalyma görkezýär. Eger mugallyma görkezmese, soň ikinji hatyny gyza äkidip bilmän mugallyma äkitse gowy bolaýjak ýaly gördüm. Sebäbi maýyp oglan ony gyza ber diýip berýär. Maýyplygym üçin maňa göwnemedi diýmegi gerek däl dälmi? Sebäbi ol şeýle-de bildirýär. Soň gelnaljyň yzyndan aglaşyp seredip galýarlar. Has göze dürtmek bolýar. Käbir zatlary çala görkezseň kinoda täsirli bolýar. Tomaşaçyň özi seň görkezmedik zatlaryňy görýär. Gözüne dürtseň gaýta ters täsir edýär. Dialoglary näçe az hem ýönekeý, gysga etseň şonça gowy bolýar. Ssenariň pýesadan esasy tapawudy teatrda artist gürläp özüni açýar, kinoda gürlemän hereketleriň üsti bilen tanalýar. Belki, gyz maýyp oglany gowy görübem biler, oňa durmuşa çykmaga-da garşy däldir, ýöne ejesi, kakasy muňa ýol bermän bilerler. Onam gaty düşnüklije edip. "Sen erkek oglan bolsaň, bir maýyp gyzy aljak diýseň garşy bolmazdyk, emma sen aýal maşgala sen çagalaryňa seretjekmi, maýyp ýoldaşyňa?" diýen ýaly düşündirişler bilen gerek bolsa "Bizi gynandyrma, ýakma!" diýip ýalbarybam bilerler. Soň hat gatnadýan oglan göçüp gidýär, kino üçin göçýär, awtoryň islegi bilen göçýär. Soňam näçe wagtlap habarlaşmaýar. Bulam awtoryň islegi. Şulam kinony gowşadýar. Ýasalan zat bolmadygyça has gowy bolýarmyka diýýän. Garaz, men kän başyňy agyrtmaýyn. Eger rusça bilýän bolsaň ssenariý ýazmagyň tärlerini öwredýän kitaplar bar, şolary salgy berip bilerin. Ýöne Nobatgulam, biz ekizlerem kinossenariçilikde okamadyk. Şonuň üçin, bizden öwrenjek zadyň azdyr. Häzir bizde ssenarini nähili ýazmalydygyny öwredip biljek adam gaty az. Olaram garry adamlar. Belki indi okap gutaranlar bardyr. Kinostudiýada Maksat diýip bir oglan bar, rusça-da gowy bilýär, iş edinip öwrenipdir ssenariý ýazmagy. Belki, şol öwredip biler, ýöne olam häzir bir kino alyp ýör eli degjekmi, degmejekmi. Bu işi hat üsti bilen etmek kyn bolar. Belki, nesibe çekse, görüşsek. Ýöne sen ýazyber. Bolmanda planlaryny çyz. Başarsaň, maýyplardan, agladýan hindi kinolaryndan daş temalarda ýazjak bol. Bolýa ýadatmaýyn, takalam okadym bagyşla, öte geçen bolsap aýplaşma.

Hyýalkeş: Hydyr aga, salam. Gowmy ýagdaýlaryñyz? Meni tanamagyñyz mümkin. Dynç güni gatnaşan edebiýat agşamyñyzda size senarýa hakda sorag beripdim. Meniñ bir gysga metražly kino senarýam bar. Dogrusy, epizodlaryny gysgaldybrak ýazdym. Şeýle-de bolsa görüp, baha berip bilmezmisiñiz? Siziñ bu babatdaky pikriñiz meñ üçin möhüm. Senarýa şu salgyda. Okanyñyzdan soñ jogap ýazsañyz begenerin. https://biz.islenen.ru/25106-saher-yyldyzy-gysga-metrazly-kinosenarya.html22 Awgust, 2023

Gyzym, ssenariňi okadym. Erbet däl, gowja melodrama bolupdyr. Birinji ssenariň bolansoň käbir tehnikada ýalňyşlyklar bar. Olam düýpli zat däl. Ýöne bizde inwalidlik, maşgalasyndan aýrylyşmak diýen zatlary kän halanoklarmyka diýýän. Mesele onda däl. Esasy zat ssenariý ýazyp biljekdigiňi aňyp bolýar. Kämilleşdirmek, öwrenmek, ökdelemek zähmete bagly. Gyzym, men seň nirede okaýanyňy, rus dilini ýa-da iňls dilini bilýäniňi, bilmeýäniňi bilemok. Şoň üçin, pylan kitaby oka diýmäge ýaýdanýan. Ýöne bizde häzir gowy ssenariý ýazyp bilýänler gaty az. Ssennariý ýazmak hekaýa ýa-da powest, pýesa ýazan ýaly däl. Munuň öz tehnikasy bar. Şony hökman öwrenmeli. Onam öwrenip bolýar, beýle çylşyrymly däl. Seň islegiňe bagly. Belki bu zatlary arkaýynçylykda oturyp gürleşmek gerekdir. Köpräk kinolaryň ssenarilerini okamaly. Olam türkmençe däl. Belki, medeniýet insitutyna okuwa girersiň. Men häzir çen atyp otyryn. Maňa özüň hakda giňiräk maglumat ber. Nirede okaýaň? Näme ýazýaň? Maşgala ýagdaýyň we ş.m. Onsoň arkaýynnçylykda gürleşeli.

Gerçeknazar Amannazarow: Hydyr aga salawmaleýkim ! Gowymy ýagdaýlaryňyz ?! Ilki özüm bilen tanyşdyrsam , Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy Gerçeknazar Amannazarow (Hemme saýtlara-da "Gerçeknazar" niki bilen girýän) . Çagalygymdan edebiýat bilen gyzyklanyp , goşgy , hekaýa , gündelik... ýazmagy halaýan. Sizi köpden bäri görmegi we maslahatlarňyzy diňlemegiňizi arzuwlap ýördüm. Geçen gezekki edebiýat agşamy şol arzuwyma ýetirdi. Kerim Gurbannepesowyň "Olaryň her demi bize sapakdy" diýip aýdyşy ýaly , siz ýaly halypalaryň her demi biziň üçin uly sapak bolup durýar . Siziň şol gymmatly maslahatyňyzdan täsirlenip , edebiýat agşamyndaky wakalardan gysgajyk hekaýa ýazmak isleýän. Siziň özüňizdenem soraýaýyn diýdim. Allajan elmydama janyňyz sag , maşgalaňyz abadan bolsun. Sag boluň . 21 Awgust, 2023

Waleýkimsalam, Gerçeknazar! Sag bol, hoş sözleriň üçin. azajygam bolsa peýdamyz degen bolsa bolýar. Ýazjak diýýäniňi ýazyber, meň garşylygym ýok. Belki, gowy eser bolsun. Habarlaşyp duraly.

däli türkmen: salawmalikim atam ýaşyñyzda bolanyñyz uçin atam diyp yuzlenmekçi (eger mumkin bolsa) hormatly atam...köne sözleri ulanyp eser yazmak geçmişi täzeden ýaşlara öwretmek uçin gowy zatmy ýada yaşlaryñ pikiriçe diñe täzeçillik bolmalymy...ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR ÝYLYNDA ýaş neslimiz atalaryñ babalaryñ pendini ulanyp çykaran netijesine görä hereket etmeli hut şonuñ üçin soraýan eger mumkin bolsa doly jogaplaýyñ...21 Awgust, 2023

Waleýkimsalam, oglum! Köne sözleri ulanyp geçmişi täzeden ýaşlara öwretmek diýýäniňe kän düşünmesemem düşünşime görä, aýtsam, geçmişi, taryhymyzy öwrennmegem, başarsaň öwretmegem ýalňyş dälmikä diýýän. Diňe täzeçillik bolmalymy diýýäň, oňa-da gowy düşünmedim. Meň bilişimçe täzzeçillik gaty gowy zat, täzeçillik bolmasa ösüş bolmaýar. Şonuň üçin, könänem, täzännem ýazybermeli. Nädip ýazmaly, ol başga mesele. megerem, okar ýaly, täsiri deger ýaly ýazmalydyr.

Dayanc: Ogulsenem Taññyýewa barada maglumat bilýäñizmi?10 Awgust, 2023

Ýok, gynansamam bilemok

Perhat Sabirovv: Salam Hydyr aga. Başga planetalylar diýip eşidip gördüňizmi07 Awgust, 2023

Düşünmedim.

Perhat Sabirovv: Hydyr aga näme üçin Ogulsenem Taňňyýewa hiç gazetde, žurnalda ýada telewidenýada görünmedikä03 Iýul, 2023

Bilmedim.

Perhat Sabirovv: Ýagşyny görmek jennetdir. Hany siz bilen hem bir çaý başynda gürrüň edip bolsa:-)01 Iýul, 2023

Biziň bilenn görüşmek uly mesele däl. Ýaşaýan ýerimiz (Ylýasam, menem) Ýalkym obasy. Aşgabadyň golaýynda. Obada bizi Amangeldi agalar, ekizler diýip tanaýalar. Ylýas köne obaň ileri başynda, birinji syrgynda günbatar çetinde ýaşaýar, men täze obada, gaýra başyrakda (bizden gaýrada iki köçe bar) ýoluň gündogar tarapynda. Men telefon göteremok, ýöne Ylýasda bar. Habarlaşyp geliber, biz mydam öýde diýen ýaly, pensiýa çykan garry adamlar.

Perhat Sabirovv: Gurban baýramlaryňyz gutly bolsun agam28 Iýun, 2023

Ämin, siziňkem, oglum.

Perhat Sabirovv: Agam soragy hem birhili görýän ýöne siz bizden näçe tamdyr bolsa hem çörek köp iýen, serediň türkmençilikde adaglanan gyza sawçy ibermek aýyp görülýämi?!23 Iýun, 2023

Adaglanmak hakda eşitsemem, oňa hiç duşmadym. Şonuň üçin bu işiň düzgünlerinem kän bilemok. Ýöne sawçy sawçydyr, bagtyny synap görer, göwnedip bilse-de, başarmasa-da. Men-ä bir ullakan aýp zat göremok. Gyz durmuşa çykanok, şonuň üçin nny diläp gelinmegi aýp zat däl ýaly bolup görünýär.

Perhat Sabirovv: Fantastik powest hekaýalary okamany niçik görýäňiz21 Iýun, 2023

Aý, kän gyzygamok. Ýöne Çapegiň, Lemiň, Strugasskileriň kitaplaryny okadym, gowam gördüm. Fantastik kinolaram kän göremok. Ýöne Stalkeri, Solýarisi, Grawitasiýany, ýene birki kinony gowy görüp, halap gördüm.

Perhat Sabirovv: Islendik birzady bilseñ gowy bolarmy ýada ynansañ17 Iýun, 2023

Islendik diýmegiň soragyňy bulaşdyrýa. Islendik zada ynanyp ýörseň, aňkawlygyň alamaty bolaýmasa? Näme sorajak bolanyňa düşünmedim.

MERJEN : Salam dayy yany myhman depderini okadym wln biri gyzyl kurte filmi çykdy zat diyip yazypdyr sizem kino çykaryanyz dami gyzyl kurte filmini siz çykardynyzmy hakyky bolan waka yaman gyzykly gynançly kino onler gyzlary oglanyn telpegi bn nikalayalar eken su kinoda birinji gezek gordum seydilyanini13 Iýun, 2023

Ýok gyzyl kürte biziň kinomyz däl. Hawa, telpege nika gyýylýan wagty bolupdyr. Gynançly kino.

Perhat Sabirovv: Ýaramaz endiklerden nädip daşlaşyp bolar mysal üçin çilim çekmekden?! 11 Iýun, 2023

Bilmedim, öz başymdan geçirmedim. Ýöne islenndik endigi başga bir gowy endik bilen çalşyp bolarmyka diýýän. Mysal üçin çilimiň ýerine günde belli bir wagt ýöremek diýen ýaly. Günde ýatmankaň ýa-da irden turan badyňa ilki 15 min. başlap, soň ýuwaş-ýuwaş köpeldip, bolmanda bir sagat ýöremek gaty gowy endik. Menem şony endik edindim, ýöne şu günler ýöräp bilemok. Kino başagaýlygy bilen elim degmedi, indi täzeden ýöräp başlamaly. Ýaramaz endigiňe ýigrenç diýlen zadam barmyka diýýän, şol ýigrenjem güýç berse gerek.

Perhat Sabirovv: Agam, hemmezady hem sabr bilen ýeňip bolar öýdýäňizmi kynçylykly günleri09 Iýun, 2023

Hawa.

MERJEN : wirtualda söýgi dörali bari diyip gosgyny siz yazdynyzmy gulkunç bolupdyr haladym07 Iýun, 2023

Ýok, men kän goşgy ýazamok diýen ýaly. Söýgi hakda-ha hasam.

MERJEN : yoook dayy men giryan kä wagt 07 Iýun, 2023

Sag bol.

Perhat Sabirovv: Menem watan öňümdäki gulluk borjymy dynyp geldim agam, nähili kino aýdyp berseňiz06 Iýun, 2023

Tüweleme, gözüň aýdyň sag aman gulluk eden bolsaň.Indi öýlenäýmek galypdyr. Olam bolar inşalla. Kinomyzam üýtgeşik bir kino däl. gysga metrajly (47 min.) bir 8 ýaşly oglanjyk hakda. Inşalla bahym TW-de goýbererler, soň internetde goýlar, görersiň, nesip bolsa. Gürrüň berjek bolsaň uzak hem kyn düşjek.

Perhat Sabirovv: Uzak arakesmeden soñ ýene-de salowmaleýkim, Hydyr aga gowmy ýagdaýlaryňyz sagaman işläp ýörsüñizmi?!02 Iýun, 2023

Waleýkimsalam. Allaha şükür gowulyk. Saglygam ýagşy. Özüň-ä ýitdiň, eýgilikdir hernä. Menem kino aladalary bilen ekizlere hiç zat ýazyp bilemok, ýazmadygymça-da sowaýan. Megerem, köp kişi indi bu saýta girmesinem goýandyr.

Pattie: Hi owner of ekizler2.com If you are familiar with how TikTok works, we are interested in hiring you. We have a number of positions available relating to this social platform and need to fill them urgently. This is work that can be done from your country. Click here to complete your application if you are interested: https://www.gobanklogin.com/writingjobs . Roles: This position involves writing short video scripts for TikTok influencers. You will be given a framework to follow and guidelines for the product involved. Then you simply write a short script that showcases the product. The influencers will use this as a guide when making their own videos. Contract length: No fixed term Rate: $38 per hour (Depending on the type of job and experience) Skills/background needed: To qualify to apply, you must: - Have access to a phone or laptop - Be able to work independently - Read and write English at least a basic level - Be ready to follow provided steps and instructions - Want to work at least 5 hours per week - Have a reliable internet connection Hours per week: Flexible Location: You can work online from your country. We are currently expanding the number of remote workers for these positions significantly. If you can start right away please apply below. Click here to complete your application now: https://www.gobanklogin.com/writingjobs . Looking out for you, Pattie (The relationship between Gobanklogin and Paidonlinewritingjobs is a partnership, we are two separate companies.) UNSUBSCRIBE: https://www.gobanklogin.com/unsubscribe08 Mart, 2023

beýle bir islegim ýok, bagyşlaň welin.

Jomart: Siziñ iñ halan çeper eseriñiz?07 Mart, 2023

Köp. Iň halanym diýip birini aýtsambeýlekisi öýkelejek ýaly. Dostoýewskiň Doganlar Karamazowlary, Tolstoýyň Uruş we parahatçylygy, Bulgakowyň Master i Margaritasy, Borhesiň Alefi, elbetde, Magtymguly, Görogly, dessanlarymyz, Ekzýuperiň Kiçijik şazadasy, Kobe Abe "Ženşina w peskah (ady anyk ýadyma düşenok), Hemingueý, Jek Lonndon... köp, hemmesinem gowy görýän Käsini iki gezek, üç gezek okadym, ýene okasym gelýär.

Kamar: Salam Hydyr aga, taplaryňyz ýagşymy? Käbir höwesjeň ýaşlar haýyr işe baş goşaly diýip makalam.com atly saýt döredipdirler, sizem çagyrmak isledim, gelseňiz, paýlaşsaňyz, goldaw berseňiz şeýle begenerdim:) minnetdar! Ps: Ýazgylarňyzy aklymyň poslaşan tünellerini açmaga ýardam berýär, pikirlendirýär) Galamyňyz ýiti bolsun agam!03 Mart, 2023

Waleýkimsalam. Saýtyňyz gutly bolsun, hakykatdannam haýyrly işlere sebäp bolsun. Iki elläp kömek ederdim, ýöne şu ekizler 2-däki zatlardan alyp goýaýmasaňyz. Häzir-ä kino diýip bir derde ulaşdyk,hiç zada elimizi ýetirenok.

: Esslalamualeykum size bir soragym bar kyn gormeseniz jogap berayseniz. Allahu tagala alemgosary name ucin yaradypdyr02 Mart, 2023

Bilmedim. Meň üçin-ä özümiň näme üçin ýaradylandygyma düşünmek has möhüm ýaly.

Kerim: Essalamu aleykum sizden bir soragym boljak kyn gormesiniz eger bilyan bolsanyz Allahu tagala alemgosary name un yaradypdyr aydyp berayseniz!!!02 Mart, 2023

Bilmedim.

: Gyza nähili göwnüni göterip biljek sözleri aýtmaly23 Fewral, 2023

Bilmedim. Öň-ä bilýädim welin, häzir huş galmanndyr.

n.: Salam, yakynda makalam.com diyip sayt doredilipdir, medium.com yaly, halarsynyz. 20 Fewral, 2023

Inşalla, girip görjek.

Babyr: Mediuma ýyly tazeräk telefondan girip gordim, girýän ekeni. 20 Fewral, 2023

Bolaýypdyr.

Merjen: Salam daýy MEN SÖÝERMEN GÖWNUM ÜÇIN hekaýasyny siz ýazdyňyzmy ýa ekiziňiz ýazdy şeýle bir gyzykly hekaýa eken hakyky söýgi hakynda by döwürde galdymykan maýyby söýýän ýok bolaýmasa seni söýýän diýenlerem iň kyn güniňde taşlap gitýäler menä söýgä ynamym gaçdy adamlara ynamymam gaçdy hiç kime ynanyp bilemok ynanasymam gelenok hakyky söýgi diňe hekaýalarda bolansoň hekaýa okamany gaty gowy görýään adamlaryň nähili kynçylyklardan geçendiklerini görkezýäär men ediýat kitaplarynda diňe söýgi hekaýalaryny gyzyklanyp okaýan meselem urş döwründe ýazylan hekaýalar bara oglan urşa gitýa gyz hem oňa garaşýa ýöne oglan urşdan maýyp bolup gelýa gyz şondada söýgisiniň arkasynda durýa ejesi gyzy bermejegem bolýa ýöne gyz şondada toý etýä oglana men söýerem göwnüm üçin hekaýasam şuňa meňzeşräk eken 13 Fewral, 2023

Ýok, Ylýasyň hekaýasy. Hawa, söýmegem, ynanmagam gitdigiçe kynlaşýar. Adamlarda bir-birege ynam azaldy. Elbet, wagty gelýändir-dä.

Mahri: "Miwesiz agaja daş atma" nakylyň manysy13 Fewral, 2023

Miweli agaja kesek atylar diýen ýaly bir nakyl-a bar. Miwesini gaçyryp, iýmek üçin, kesek atylýar. Miwesiz agaja daş atylýanyny bilemok.

Asd: Nämedir bir zat wagtlaýyn bolsa gowumy ýa baky bolsa? Wagtlaýynlykmy ýa bakylyk?02 Fewral, 2023

Zada bagly.

Witamin: Salam, Hydyr aga.Medium .com sayta nadip girip bolyanyny owredayin.Haysy browserdan giryaniz we agza bolman , myhman bolup hem okap bolyarmy? MEn girip gordum welin tirkmence yazga , tirkmen bloggerlaryna dushmadym.Olary we olaryn yazgylaryny nadip tapmaly?26 Ýanwar, 2023

Atgulaksyz tabyt. (hekaýa) | by Hydyr Amangeldi | Jan, 2023 | Medium https://medium.com/@h.amangeldi/atgulaksyz-tabyt-1c52c7d4f074?source=user_profile---------0---------------------------- Şeýle bir ssylkany göçürdim, bir ýazgymdan. medium.com@h.amangeldi ýazsaňam girmelimikä diýýän. myhman bolup okap bolýar. Beýleki türkmenleriň ýazgylaryna-da meň (follow)yzarlaýanlaryma girseň olaram açylýar. Garaz şeýdip zynjyr ýaly girip bolýar. Gözle (Searçh) etseň, atlaryny ýazyp girip bolýar. Girjek bol gowy ýazgylar bar. Edebiýat kafesi https://edebiyat.clan.su girseň mediumdan alynan material bolsa aşagynda ssylkasyny goýýarlar. Şondanam girip bilersiň.

Gülnar: Salam ylyas aga menem mekdepde okayan wagytlam gosgylar, oylanmalar yazyadym hat-da radyoda byrnaçe hekayalam yaylyma gidipdi inni durmysa cçykdym hudaya sukur cagalam baa garaz yazmagymy tasladym Yone Kaa wagyt seyle bye yuregim gysya welin yene mana ylham gelyamika diyip elime ddepderdir galamy alyan Yone hic zat yazyp bilemokk garaz sizden sorajak soragym giden ylham yzyna gelermi??25 Ýanwar, 2023

Ony bilmedim. Megerem gowy ýazgylary okasaň, seňem ýazasyň gelse, bolup biler. Ýöne ýazanyňdan okanyň has gowymyka diýýän. Ýazmagyň juda güzaplydygyny aýtjak bolýan.

Polat: Dini hakda bilyanizmi..bilyan bolsangyz.rejep ayynda agyz yaparda we agyz acharda haysy dogalar okalyar25 Ýanwar, 2023

Bilmedim. Özüm ýarawsuz bolamsoň, oraza aýy agyz bekläp bilermikäm diýip uly alada-da. Howa salkyn, gün uzyn däl, inşalla, Alla kuwwat bersin-dä. Dogalaram bilseň öwrenseň gowy zat, ýöne men-ä türkmençe ýüregimdäkijäni dileg edäýýän, bilýän kemter bolýanyny.

Juma: Medium com saytyna girip 20-nji dekabrda hal barada ýazan ýazgyňyzy okadym, edil şol wagt okanymy az görüp gaýtadan okasym geldi, ýöne göçürip almagy başarmadym. Gowy ýazgy, okamaly, oýlanmaly20 Ýanwar, 2023

Ekizler2-de-debardyr. Sag. bol hoş sözleriňe.

: Aklym barda pulum yok kimin sozleri 19 Ýanwar, 2023

Bilmedim. Ýöne akyl pul gazanmak üçin berilmedik bolaýmasa. Pulsuz akylly adamlara köp duşdum, edil şoň ýaly pully akylsyzlaram kän gabat gelýär. Ýogsa akyl bilen puluň, gazanjyň arasynda baglanşyk bolaýmaly ýaly.

Myrat: Saýta düşünmedim!14 Ýanwar, 2023

Saýtyň içindäki ýazgylara düşünmediňmi? Aslynda, saýtda hiç hili uly maksatlar ýok. Ylýas ikimiz başardygymyzdan ýazýanja zatlarymyzy goýýas. Bolany.

: Duýş08 Ýanwar, 2023

bir gowy düýşüň gürrüňini etjek bolýaň welin... enteg-ä bize ýetenok.

Babyr: Täze ýurt gutly-düşimli ýurt bolsun. Mende-hä hiç hili açylmady. Gowy ýer bolanyna ynanýan. Ýöne, şu ýeriñ özem, köne jaýjagazymyz ýaly gözümme yssy görünýändigini aýdasym gelýär.29 Dekabr, 2022

Sag bol, aýdanyň gelsin. Bilmedim Ylýas dagy ugruny bilýändir-dä açýalar, girýäler. Senem ugruny tapyp mediuma girip bilseň, o ýerde başga-da meň ýaly ýazgylaryny goýýan türkmenler bar. Gowy ýazgylar. Saňa köne jaý yssydyr, janyň sag bolsun, täze ýurtda bir täze ýazgy goýdum, ony bärde-de goýaryn. Umuman köne ýurduň gapysyny gulplap gidemok entejikler ýykmak pikirimem ýok. Ýöne ýaňky diýenim başga-da gowy pikirler bar mediumda. Çynyňy etseň senem giriersiň. Men seň gireniňem, ýazgylar ýazanyňam isleýän. Türkmen bir az sanly balada, akyllysy ondanam az, şoň üçin "Täk seň üçin dogmanyma düşün ahyry" diýmeli, girmeli, öwrenmeli, ösmeli. Ýogsa gaty yza galarys. ("Gussamerk" mediumda goýan täze ýazgym.)

Ogulgözel : "Leýli mejnun" sýužeti esasında eser ýazan awtorlar kimler?24 Dekabr, 2022

Bilmedim. Kolhozlaň gülleýän döwri sahnada dessanlar kän goýulypdyr. Operasam, dramasam. Halkam ýörite obalardan maşyn-maşyn bolup gelýän kenleer. Alty Garly, Maýa Kulyýewa dagyň tanymal ýyllary. Kinosy bizde ýok öýdýän. Zöhre Tahyry Baba Annan alyp başlady ýöne ýogaldy pahyr. Soň ogly Kerim gutardy. Haýsysynyň näçesini alanyny bilemok. Kän reklama etmediler, menem görmedim. Pul üçinräk edilen işmikä diýip göwnüme gelýär. Orslarda belli res. Parajanow Şasenem Garyby alypdyr. Gaty reňkli, owadan kino bolupdyr. Bizde biraz dessany yzarlamak, gaýtalajak bolmak bar. Parajanow kino edipdir.

: Love20 Dekabr, 2022

menem

Okyjy: Öz döwründe biri pars, biri arap, biri türk, biri rumly dört sany ýoldaş bar eken. Ellerine düşen pula näme ederini bilmändirler. Pars aýdypdyr: «Hany, engur alalyň»; arap: «O diýýäniň näm-aý, geregi ýok, gowusy, ineb alalyň» diýipdir; türk bolsa: «Üzüm, üzüm» diýip, tükezzibana tutduryp otyr diýýär. Ony diýseň, rumly hem ýer depip durmuş: «Goýuň o diýýänleriňizi, ingabilden gowusy bolmaz, şony alalyň» diýýärmiş. Köp wagt geçmänkä, olar gohlaşyp, ýakalaşyp başlapdyrlar. Ahyry olar dördüsiniň hem şol bir zat isleýändiklerine düşünipdirler. Ýöne indi olaryň arasynda täze bir çekeleşik döräpdir. Her kim öz üzümini halaýarmyş. Biri gara, biri ýaşyl, biri sary, biri goňras üzüm salkymyny tutýarmyş. Her kim öz üzümini ýerde-gökde goýmandyr. Hernä şol ýerden köňülleriň dilmajy bir sopy geçip barýar eken. Olaryň gohlaşyp duranyny görüp, dört satyjynyň hersinden bir salkym üzüm alypdyr-da bir gaba salyp, üzümleri mynjyradypdyr. Üzümiň suwuny sykyp alypdyrda, gabygyny aýryp taşlapdyr. Sebäbi esasy zat miwäniň gabygy däl-de, asly-özeni bolmaly. Hristian, ýehudy, musulman... bu üç dine ynanýanlar ýaňky dört ýoldaş ýalydyr. Daşky görnüş babatda düşünişip bilmeseler-de, ýollary mazmun taýdan meňzeşdir, birdir. Sopy daşky gabyk bilen gyzyklanýan däldir. Ol özendäki jöwheriň ugrundadyr. Şemsi Töwrüzli17 Dekabr, 2022

Hawa, gowy rowaýat. Her din öz ýoly bilen Alla barýar. Ýöne hemme ýollardan birden ýöräp bolmaýar. Seniň maksadyň Alla bolsa, haýsam bolsa bir ýoly saýlamalysyň. Hersinden özüme geregini alýan diýseň ýalňyşarsyň. Sebäbi geregiňi sen bilmersiň, Alla biler. Ol seň kalbyňa haýsysyny salsa şoňa berk ýapyş, ýogsa bu garakçydan doly ýollarda azaşmak gaty aňsat, özüňem duýmarsyň.

Towşan: Sag boluň! Geljek 2023-nji ýylda nämeleriň bolaryny isleýärsiňiz. Nämeleri niýet edinýärsiňiz. Wagty yza dolamak, ýaşlyk ýyllaryňyza dolanmak isleýärmisiňiz?08 Dekabr, 2022

Nähak gan dökülmese, ejize zulum edilmese, kyn günlerimiz uzak başymyzy alyp durman, geçip gitse, günbe-gün, ýylba-ýyl arassalansak, päklensek, kämilleşsek, Eýämizi has gowy tanasak, sabrymyz artsa, tobamyz köpelse, ýaman niýetli pälinden gaýtsa, dost ýüzi gülüp dursa... şular ýaly gowy dileglerim bar. 2023 üçinem şeýle. Niýetimi gowy tutmak, azda-kände ile-güne peýdaly bolmak diýen ýaly niýetler. Ýaşlyk ýyllaryna dolanasy gelmeýän barmyka? Meň-ä ýaşlygym Allaha şükür gowy geçdi. Zada zar bolmadym, hor-hassa bolmadym, oňarsam köp okajak boldum. Ykmandalygy az etdimmikäm diýýän. Şonuň üçin ýaşlygymdan kän närza-da däl, olam menden razy bolsun. Hyýalymda, düýşümde ýaşlygyma kän dolanýan. Ökünjüm az, Allaha şükür. DIňe Gurbannazary görenim, oňam bizi gowy göreni, jigsi ýaly saýany üçinem ýaşlygymdan nadyl däl.

Towşan: Salam. Towşan ýyly nähili ýyl bolar.07 Dekabr, 2022

Meň kän ýyl hasabyndan baş çykaramok. Kän bir ynanybam baramok. Sebäbi towşan ýylynda doglanlaryň häsiýeti birmeňzeşiräk bolsa, ýolbars ýylynda doglanlaram özbaşyna başga häsiýetli bolsa, onda ýaşaýşymyzda-da muy ulanardyk. Mysal üçin ýolbars ýylynda doglanlara hyzmat ugrunda işlemek kyn bolardy. Ýa-da towşan ýylynda doglanlara mysal üçin ýolbars ýylynda doglanlara durmuşa çykmak ýa-da öýlenmek bolanok diýerdiler, munam kanunlaşdyrardylar. Palçylar, ýene kimler muny maslahat berýäler, ýa-da şu aýda, şu ýylda doglanlar pylan işi etmesinler diýýäler.Ýöne diňe maslahat derejesinde. Sebäbi olaryň bu aýdýanlary bolubam bilýär bolmanam. Şonuň üçin, men-ä kän ähmiýet beremok. Goroskoplara-da üns beremok. Student ýyllarym gyzygypdym, dogry ýalam görüpdim. Soň durmuşda her hili ýagdaýlaryň bolýanyny görüp üns bermäni goýdum. 15-16 ýaşlarymda ňzümden 5 ýaş uly doganyndan yrymlar hakda sorapdym. Şonda men hajja agajyň aşagyndan geçseň işiň ugruna bolanok diýip eşitdim. Muny barlap görmek üçin ýörite hajja agajyň aşagyndan geçdim. Şol günüme-de üns berdim. Hiç hili üýtgeşik şowsuzlygam bolmady. Birnäçe gezegem barlap gördüm. Şonuň üçin men-ä ons beremok diýdi. Dogrusy men-ä özümde beýle barlaglar etmekden çekinýän. Mysal üçin çarşenbe güni dyrnak alamok. Alamda näme bolar-aý diýip pitjiň atasymam gelenok. Ýöne gara pişik. hajja eilip dikilen agaç we şoňa meňzeş zatlara üns beremok. Ýa-da eliň dyrnagyny alaňda aýagyň dyrnagyny almaly dälmiş. men muňa ynanamok. Ýöne Pygamberimiz (saw) öýe sag aýagyňdan girmeli diýipdir, muny etmäge çalyşýan. Garaz, maňa düşünensiň diýip tama edýän. Towşan ýylynyňam beýleki ýyllardan tapawutlylykda nähili bolýanyny bilemok.

Biri: "Igdirli Hasan" barada okap ya-da eşidip görüpmidiñiz?05 Dekabr, 2022

Ýok, eşitmedim. Bilýänleriň ýazsaň hem men okaryn, hem beýleki girýänler.

Ata däli: Wagt ýaman çalt geçýär. Ýanwar ýaňy ýalydy, eýýäm dekabr.04 Dekabr, 2022

Ýaňy 1972-nji ýyl ýalydy...

Atabaý tyrpan: Wagt baradaky düşünjeleriňiz.29 Noýabr, 2022

Wagt hakda öňem ýazypdym, gidenden soň gideni bildirýan, saňa juda gymmatly bir zat. O dünýede wagtyň bolmajakdygyna düşünsemem akylyma sygdyryp bilemok. Ýogsa gije gündiz, şu gün ertir hemmesi şertli bir zatlar. Wagtyňy ýitireňde diňe wagty däl kän zatlary ýitirýäň. Gynançly ýeri ony ýitirmezlik mümkin däl. Ol geçmese, gitmese, ýitmese bolmaýar. Ol gitmek üçin gelýär.

Babyr: Diýjek bolýanyñyza düşindim öýdýän. "Adam özüniň kimdigini bagyşlap başarşynda aýdýar, bildirýär diýen ýaly bir pikir." Bagyşlamak siziñ pikiriñizçe gowy zatmy. Adamlañ bilmän edeninden başlap bilip edenlernem bagyşlanýan pursatlar bolýar, şonda kä wagt öziñi oýnatgy-dereksiz ýalam duýýañ. Töweregiñem hamana seni oýnatgy-samsygyñ ornunda goýýan ýaly. Şû geçirýärow dp öte geçesleri gelýan ýaly29 Noýabr, 2022

Hawa, hakyky adamkärçilik iliň name diýjegine, name etjegine garamazdan edilýärnikä diýýän. Ysa pygamber bir ýaňagyňa ursalar beýlekiňi tut diýýär-ä. Bu jedelli, çylşyrymly mesele. Käbir adamlary müň gezek aldasaňam, üstünden gülseňem ýene müň birinji gezegem seni bagyşlaýar. Bilýän beýle adamlar gaty az, mümkin häzirki döwürde ýokduram. Alla geçirimlidir, rehimdardyr, ýöne gazabyndan gorkam diýilipdir. Gurbannazar "Emma oň ötdügi saňa jezadyram" diýýär. Ýogsa eneň saňa jeza bolsun diýip seni bagyşlamaýar.

Babyr: Dide girýan, syna birýan, akyl haýran bihabar" gulagada köñlede ýakymly setirler eken agam. Adam tanamak barada gaşyndan gözünden bolmasa-da pisindiñ oturmanam tanap bolýa hasaplaýan men-ä. Köplenjem çakym dogry bolýa. Syzgyrlyk-duýgurlyk-üşüklilik... we.ş.m elleşip salamlaşaga-da 10-15 minut ýönekeý dünýä gürriñini edibem garşyñdakyñ nähilidigini añsa bolýar. Ýone adam diýlen çig süýt emen, aldanylýan wagtam bolýar. Meñ kakam synçy adam. "Pylany pylan" we.ş.m diýsem: "aý, pylandyr nämedir" diýip görüp duran ýaly gürläp soñundanam: "diýýänlemiñ dogrydygyny bilip, maña weli diýmegin ýöne" dp ýylgyraýmasy bar. Menä duýgurlyk hem üşüklilikden hasaplaýan. hemem tejribe.29 Noýabr, 2022

Bürýan sözi harp ýalňyşlygyndan birýan gidipdir. Bürýän etiň tamdyrlama ýaly edilip bişirilşi. Adam tanamakda Amaşa çeni diýilýän bir çen atmak bar. Munam gaty paýhasly adamar başarýar. Adam çykýan ýerlerdir diýibem bir söz bar eşdensiň şular ýaly aýdylan sözler başgada bardyr. Ýöne men o taýda adamy bagyşlamagyň gaty kyn zatdygyny aýtjak boldum. Galany aýdasym gelen zady gönüläp morta aýtmazlyk üçin üstüniň örtügi, hem bezegi diýseňem bolýar. Adam özüniň kimdigini bagyşlap başarşynda aýdýar, bildirýär diýen ýaly bir pikir.

Witamin: Hydyr aga, soňky sözlemiňize şeýle düşündim.Ýagny Alla namazyňy okamadyň diýip gahar edip biler , ýöne pişige palow berdiň diýip gaharlanmaz şeýlemi?27 Noýabr, 2022

Ýok, Allaň näme etjegini Alla biler. Ýöne men haýsy günä hakda has köpräk oýlanmaly şony seljermek dogrymyka diýdim.

Witamin: Size soragym bar.Ýagny şeýle :Tüwüli naharlary ( palow, şüle we ş.m) güjük bilen pişige iýdirmek günämi?Ýažy 70- den geçen bir daýza çyny bilen gahar edýädä şu naharlaryň galndysny it pişige berseň.Diňe goýün, sygyr, towuk towşan ýaly mallara bermeli diýýär.27 Noýabr, 2022

Waleýkimsalam. Anyk bilemok, ýöne özüm-ä şoň ýaly zady gaty ýöntem görýän. Günä-sogabyň ululary hakda pikirlenmek dogry bolaýmasa. Alla pişige palaw berdiň diýermikä mysal üçin eger namazyňy okamaýan bolsaň

mango: edebiyat.clan.su adresde täze saýt işläp başlapdyr. Gyzyklansaňyz baryp görüň, agza boluň, paýlaşyň Hydyr aga. edebiyat.clan.su23 Noýabr, 2022

Sag bol, häzir görerin. Girdim welin, kän düşünmedim, türkmen saýtymy?

Kim: Futbol dunya cempionatyny goryanizmi? Haysy yurda jankoyerlik edyaniz?22 Noýabr, 2022

Serdar Azmuna janköýerlik edýän diýsem öteräk bolar, ýöne görjek bolýan. Gurban Berdiň komandalarynyň oýunlaryny görýädim. Umuman komanda däl-de oýunça seredýän. M Bapbaň, Messiň oýnunlaryny hezil edip görýän, gabat gelsem. Ýöne bar işiňi şol edip bolanok-da. Serdar oýnaýarka Zenidiň oýunlaryny görýädim, indi gyzygy ýok. Şoň ýalyrak-da. Harlamow dagy oýnaýarka hokkeýem sypdyrman diýen ýaly görýädim.

Aýna : Salam Hydyr aga Ata mäneli hakda näme bilýäniz 20 Noýabr, 2022

Ata Mäneli hakynda Nurnazar agaň (familiasyny ýatlap bilemok) gaty gowy kitaby bar. Okamadyk bolsaňyz okap görüň. Ata Mäneli Nurnazar aga bilen obadaş diýen ýaly ýaşuly Duşakdan, mergenem Mäneden. Gürrüň berjek bolsam kän boljak. Kitaby nirden tapıp bolar bilemok. Internetde bar bolmagam mümkin.

Bayramberdii: Salawmalikim Hydyr aga, siziñ su ekizler2.com saýtyñyzda reklama ýoklugam biz okyjylary begendirýär. Ýogsam beýleki saýtlarda reklama çykyp bizar edýär. Halypa size bir sowal bermekçi su gün kitapy.ru -da Aýallar pygamber bolubilermi diýip makala çykypdyr. Dogrudanam, gaty geñ pikirler bilen baslanýam makala ogusýa. Hakykatdanam, geçmisde aýallar pygamber bolupdurlarmy, ýa bolmadymyka? Su sowalyma giñisleýin jogap beräýiñ. Eger wagtyñyz bolsa kitapcy.ru daky so makalanam okap görseñiz meniñ berjek sowalyma has giñisleýin düsünmegiñizem. Berjek jogabyñyza sabyrsyzlyk bilen garasýan... ynha-da sol makalañ adresi http://kitapcy.ru/news/2022-11-15-2412717 Noýabr, 2022

Waleýkimsalam Baýramberdi. Men-aý şu pygamberli gürrüňe näme diýjegimi bilmedim. Bolupmy bolmanmy şu mesele meni hiç gyzyklandyranok, Indi pygamberiň gelmejegem belli. Şonuň üçin meni bagyşla.

mango: Hydyr aga we Remezan. (:) iki nokady meniň bilen bulaşdyrypsyňyz. Ol men däl.17 Noýabr, 2022

Aý, çyn adyňyzy ýazaňyzda-da boljak welin, şeýtseň gyzyklydyr-da. Bagyşla.

Remezan : Hydyr aga wagt tapyp jogaplanyñyza minnetdar! Mango sizede sagboluñ! Meniñ ýaşymy sorapsyñyz 38 ýaşadym.17 Noýabr, 2022

Türkler aýtmyşlaýyn bir şeý degil

Remezan : Öñüm tümlük, Ýöne umytlam ýagty, Çümüp barýan, çäksiz Arzuw-hyýala, Hasaply ömüriñ, bihasap wagty, Lezzetini duýýar, göwün-pyýala, Şekim ýok, şübhäm ýok, ajy hakykat, Geleninde garşy aljak şat bolup, Bir pursatlyk gülkä beren ömrümi, Uzak wagtlyk ýaşar ýaly ýatlanyp, Güý:z geldi, Barha gysgaldy ömür, Habaryn ýetirýär sowujak şemal, Bag:t gözläp, gussa batan gözümden, Akýan gözýaşlaryñ lezzetini al. Ýylgyrýan haçanda deñimden geçse, Sabyrsyz ýigitler, nowjuwan gyzlar. Düýn beren sowalym, Ertire garap, Jogabyny görýär, görmejek gözler. Remezan Mämetgurbanow 02.11.2022ý Bu goşgymada baha berseñiz kem bar ýerini açyk aýtsañyz, minnetdar jogaplanyñyz üçin 16 Noýabr, 2022

Menden bellik sorama. Gowy. soňky goşgular has gowy. Adresim ýazdym habarlaşaly.

2005-nji ýyl, talyp wagtym: Ýürek kimdir birin gözleýän ýaly, Göýä galyp barýan dünýeden yza, Durmuş bagt paýym gizleýän ýaly, Köňül berme diýip öňýeten gyza.16 Noýabr, 2022

Bu-da gowy. Ýöne gyzda jemlenmesi gowşadaýýan ýaly. Mümkin beýle-de däldir

2005-nji ýyl, talyp wagtym: Şu "goşgy" nähili: Bu durmuşyň uzyn-uzyn ýolundan, Gidip barýan köwşümiň burnna seredip, Käte bolsa galstugymy düzedip, Gidip barýan durmuş hakda pikir ýöredip. Käte aşak inýän, kä depä çykýan, Depä çyksaň pellehana görünýär, Şonda bir delmurup yzyma bakýan, Oturyp bir ştuk "Golliwud" çekýän. Şondan soň bat alyp gaýdýan eňaşak, Ylgawmyň badyna düşdüm başaşak, Indiki depä çen diňe hezillik, Depeleriň arasynda bozuldyk. Depelerem gitdigiçe beýgelýär, çukurlaram gitdigiçe çuňalýar, Başarsaň dyrmaşgyn beýik daglara, Depeden inmäni her kim oňarýar.16 Noýabr, 2022

Gowy, Gaty gowy. h.amangeldi@gmail.com ponta adresim. Iber Adres berýänim özüň hakda has giňiräk bilesim gelýär hem söhbetdeşlikde goşgy kän syganok

: Remezan, goşgyňyzy haladym! Siz näçe ýaşyňyzda?16 Noýabr, 2022

Mangodan bolaýmasa.

Remezan : Gyzym! Seni Unudandyr öýtmegin, Ýanyňa gelerin, aýda ýa ýylda. Asyl, eneň bilen ir säher, agşam Belki, hasaby ýok, ýatlaýas günde. Sen bolaňda begenipdim, Çägi ýok. Bu barada aýtsam ýüregim para. Elbetde, Ol günler gaýdyp gelenok. Gaýtaryp getirsem tapardym çäre. Ah, Gyzym, Ah, gyzym, naçarym meniň, Sypardym, ogşardym seniň başyňdan... Şeý, diýdi-de, ýüregini agladyp, Ata turdy, bir mazaryň başyndan... Remezan Mämetgurbanow. 06.10.2022ý Şu goşgymy soñ ýene goýaryn 16 Noýabr, 2022

Goşgyňy okadym. Sag bol ibereniňe. Näme kemçiligi bar, niresi gowy oňa men bir zat diýmäýin. ýöne hindi kinolaryny mekdep ýaşlarymda gowy görýärdim. Olaň ýörite aglatjak boluşlaryny, agladyşlaryny, gynandyryşlaryny. Soň halaman başladym, ýüregim gysdy. Seň bu goşgyňam gynançly eken. Durmuşda her hili ýagdaý bolýar.

mango: Iki nokadyň soragy bar eken: “ Ýolbars ýogyn açyk meýdanda daýhan çagalary üçin mekdep gurupdyr. Hany şuny orsça terjime ediň :) “ Şoň terjimesi şu bolýa öýdýän. “Лев Толстой в Ясной поляне построил школу для крестьянских детей”16 Noýabr, 2022

Edil özi.

Okyjy 3: Salawmaleýkim! Siz ýumory, satirany halaýaňyzmy15 Noýabr, 2022

Halaýan ýöne özüm oňaramok şol ugurlarda ýazmagy

Remezan : Salam halypam menem boldugyndan goşgy ýazan bolýan, gazet źurnala çapa iberemok, umuman ibermägede gorkýan ýaly bolýan14 Noýabr, 2022

Waleýkimsalam. Goşgyňy okap göresim gelýär, ýöne men özüm kän goşgy ýazmamsoň, baha berip, gowşak ýa-da gowy taraplaryny derňemegi oňaramok. Niçigem bolsa iberesiň gelse, iberäý, iň bärkisi kän tankytlab-a durman.

: Onda, yslam ykdysadyýeti barada hem bilýänjeleriňizi ýazmaly bolýarsyňyz, ýaşuly.13 Noýabr, 2022

Aý, bu ugurdan, yslam ykdysadyýetini düşünndirerden meň sowadym pes, inim, bagyşla welin. Bilýänlerden soraýmasaň.

: Tolstoý barada ýazanlaryňyz oýlandyrdy. Sag boluň! Ýolbars ýogyn açyk meýdanda daýhan çagalary üçin mekdep gurupdyr. Hany şuny orsça terjime ediň :)13 Noýabr, 2022

Aý, terjime ederden kyn. Tolstoý çagalar üçin ýörite harplygam ýazýar.

Mämmet göle: Hawa, bizem atam mündük. Eşeklije goýunam bakdyk. Ýöne soň okuw okap, at bilen eşegiň aňyrsynyn birdigini subut edip berdiler. Nädeli, adam özüne kimdirin öýdýär. Beýleki jandarlary özi üçin ýaradylan nygmat hasaplaýar. Özüniň hem şolar ýaly bir jandardygyny kabul edesi gelenok.13 Noýabr, 2022

Haýwan käte adamdanam düşbi, akylly ýaly görünýär. Men özümem bir döwürler şeýle pikirdedim. Häzirem maňa haýwanlaryň köp ýerde adamdan has ýokary görünýän ýerleri bar. Ýöne adama baha bermek üçin adamdan kämil bir zat bolmaly. Olam Alla, pygamberimiz. Olaram adam has kämil mahlukat diýýärler. Ynsanyň ýokary taraplary gaty kändir, ýöne erbet tarapy azam bolsa, şolaň birjigem adamdan göwnüňi geçirdýär. Hakykatda welin, adam başga. Magtymgulyň ýeke setirini okaňda nädýär. Sende haýran galmakdanam aňyrda bir giden duýgular oýarýar. Haýwan welin, käte-käte seni haýran edýär. Bar haýwan adamdan ýokary bolsun diýeli, meň dereje dawam ýok, onda-da haýwanat bilen. Ýöne adam haýwançada ýok diýip, şoňa-da berk ynanyp, adam özüniň pes hereketlerini ýaramaz häsiýetlerini aklajak bolsa şol erbet. Haýwança ýok bolsaň, gowy boljak bol. Ýogsa bu jedeliň adama berýän, gazandyrýan zady ýok, pes diýeňde-de, beýik diýeňde-de. Adam kämilleşmeli, haýwanlaşmaly dälmikä diýýän.

Mämmet göle: At bilen eşegiň aňyrsynyň birdigini bilýärmisiňiz? Bu fakty kabul edip bilýärmisiňiz?12 Noýabr, 2022

Adam bilen maýmynyň aňyrsam bir diýýäler. Hawa hemmesini ýaradan Alla, ýöne eşek ulalyp-ulalyp, akyllanyp at bolupdyr diýseler ynanyp bilemok, kabulam edemok. Kesirlikden däl, özüm at münüp ulalamsoň, eşek bilen atyň tapawudyny gaty gowy bilýän.

: Kapitalizm gowumy sosializm? Ýa siz bu zatlardan gaty daşdamy? Diňe edebiýat bilenmi? Ony diýseňem, men selhozy gutaran diýýärsiňiz.12 Noýabr, 2022

Aý, bu syýasat däl. Sosializmi utopýa hasaplaýan. Sebäbi Alla ynsany dürli ýaradypdyr, olary des-deň ýaşadyp bolmaýar. Biri işeňňir biri ýalta, biri ýiti zehinli beýlekisi kütek, biri akyldar ýene biri alasamsyk. Olary nädip deň ýaşatjak? Beýle düzgün uzak gitmeýär. Kapitalistem maňzyma batmaýar. Ol-a miliarder, millionerem däl, beýlekem iýmäge çöregini zordan tapýar. Ýöne, mysal üçin Tolstoý. Daýhanlary bilen bile işläpdir, başardygyndan garyplara zat paýlapdyr. Harsydünýä bolmandyr. Aýaly bilen maňa bir dürli nahar bişir diýip oňuşman ýaşapdyr. At münüp, akyl satyp ýör diýip gybatynyň edilýänini eşdip, at münmesinem goýupdyr. Ýogsa, aty men saryn almadym, sowgat berdilerem diýip ýazýar. Ol adam kapitalistem däl, sosializmiň tarapdaram däl. Bize nähili ýaşamalydygymyzy yslam aýdýar, şoňa görä ýaşabermelimikä diýýän.

Müjerret: Golaýda bir tanşymyz ogluna guda boldy. Gyzy oglanyň ozi tapypdyr. Salnan galyňy eşdip, haýýatym göçdi! Heý beýle-de bir zat bolarmy? Emma toý etjekler barly ýer. Piňine-de däl olaryň. Arkaýyn kabul edip aldylar galyňy. Şu wagtky döwrüň galyňyna näme diýip näme aýdarsyňyz, ýaşuly.12 Noýabr, 2022

Galyňly mesele öňden bar zat. Ynsaba görä edilmeli, ýöredilmeli däp. Hawa, özüm öýlenemde-de bergi edipdik. Ýöne pul tapylýar. Belki, biraz kösenýäň, ýöne şol kösenjem terbiýeleýär. Galyňam her içeriň çekip biljegine ýakyn bolýarmyka diýýän köplenç. Eger gyzyny bermejek bolup gaty agyr diýmeseler. Şonuň üçin, hemmämize Alla ynsap bersin diýäýmesem. Aslynda, uzagyndan bu däpler ýiter-gider, gaýtarma düzgüniniň ýitişi ýaly. Bu gowymy-erbetmi ýitende biläýmesek.

Atabaý sagja: Aşgabat ýer titremesi barada siziň öz ýatlamalaryňyz barada sorapdym, ýaşuly. Gazet-žurnaldakylary bizem okaýas.12 Noýabr, 2022

Ýer titremesi hakynda näme aýtjagymy bilemok. Alla tarapyn gelýän betbagtçylyk-da. Üýtgeşik bir pikirimem, garaýşymam ýok.

Muhammet seňse: Agam, şü Bapba Gökleň diýýäniňiz kim bolan? Biraz tanadaýyň bize-de.12 Noýabr, 2022

Bapba Gökleň hakda ýörite ýatlama ýazmaly welin, gaýratym çatanok. Şahyrdy, ýöne az ýazýardy. Biziň gowy görüşip gatnaşýan dostumyzdy. Mertdi, gaýratlydy, dosta wepalydy. Hakyky erkek kişidi.

Re: Ölüm baradaky pikirleriň biynjalyk edýändigi baradaky teswirime beren jogabyňyzy okasaň, hamala siz "o dünýäni" görüp gelen ýaly... Nädip beýle berk ynanyp bolýarka bir zada, bize-de öwrediň.12 Noýabr, 2022

Şuny maňa aýdanlaram boldy. Ýöne bilemok, Alla ýa bar ýa daşetsin ýok diýersiň. Iki arada hem bar hem ýok bolmaýar. Muny nädip öwredip boljagynam bilemok.

Re: Siz hakykaty nädip tapdyňyz?12 Noýabr, 2022

Aslynda 12-13 ýaşlamdan bäri Alla barada oýlanyp gezerdim. Her hili düşünjelere gidip gördüm. Krişnaidem boldum. Iň soňunda-da 40 ýaşa giremde ymykly namaza başladym. O wagt ýaňy mesjitler salynyp başlapdy. Onsoňam Alla ýüzüňi kybla öwürmese, seň özüň öwrülip bilmersiň diýen manyda hadys bar. Hadys sözme-söz ýadyma düşenok. Ýöne Alla namaza duruzanda duraryn diýip gezip ýörmeli däldigi her birimize düşnüklidir.

Tejen Hydyr: Agam, siz "gitýän", "haýyşt" ýaly ýalňyş ýazylan sözleriň gürrüňini edipsiňiz. Siz tmcars.info diýen bildirişler saýtyna girip görüň! Şu wagtky "türkmenleriň" ýazýan bildirişlerini görüp, agzyňyzy açyp galarsyňyz! Heý, beýle-de bir sowatsyzlyk bolarmy??12 Noýabr, 2022

Şeýle-dä, inim. Gorkut ata-da türkmen, Alp Arslanam türkmen, Rumam türkmen diýip döşümize kaksak boldugymyka diýýäs. Şoň ýaly aňryň bar bolsa, seň bu bisowatlygyň gaty aýp dälmi?!

Hatyja: Gurbannazaryn Kerim agan goşgularyny näce okasamam okasym gelýär 11 Noýabr, 2022

Şahyr-da ikisem.

Hatyja: Salam Hydyr aga saglygyntz ýagşymy Men cagalykdan kitap okamany halaýan her hili ýagdaýdada kitap men maslahatcym kitap mana Alladan gorkmagy kici göwünliligi wyjdanly bolmany gecirimliligi garaz gowy häsietleri özümde terbiýelemegi öwretdi häzirem elliden gecsemem kitapsyz ýaşap bilemok köp adamlara gecirimli kicigöwünli bolsan birhili samsyk hasapkaýalarmy äsgermejek bolýalarmy şol adamlar bn gyzyklanýan welin ömrüne ceper eser okamadyk bolup cykýar sizin pikiriniz10 Noýabr, 2022

Waleýkimsalam. Allaha şükür, ýagşy. Kitap okamaýan, okamadyk adamyň düşünjesi köplenç pes bolýar. Olar diňe durmuşda başdan geçirenlerinniň üsti bilen bir zatlara düşünýäler. Ýogsa olaram ýamandan ejir çekýäler, gowydan haýyr tapýalar, ýöne gelýän netijeleri köplennç ýöntem bolýar. Biri saňa görüpçilik etdimi, sen iki esse görip bolmaly, biri ýamannlyk etse-de şoň ýaly. Ýagşylygam begenip kabul edýär käte özem gabat gelse, kän kyn düşmese ýagşylyk edýär. Bolany. Oýlanmak, dogry many çykarmak olara kyn düşýär. Kitap diýilen bir akyldar adama duşup şoň gürrüňlerini diňlän ýaly, ol seň pikir edişiňi, dünýägaraýşyňy giňeldýär, öň şol bir zady bir tarapyndan görýän bolsaň, soň dört tarapyndanam görüp başlaýaň. Muňa hemmämizem düşünýändiris. Ýöne mesele kitap saýlmakda-da bar. Çem gelen kitaby okasaň, saňa zyýanam edip bilýär. Kitabam adam ýaly, herhilisi bar. Kim bilen oturýanyňy bilmeli bolşuň ýaly, kimi okaýanyňam bilseň dogry. Bu ýagdaýa, kitap okamaly ekendigine adam akyly goýalansoň düşünýär, okajagam bolýar, okaýaram. Ýöne kiçilikden pikir etmek endigi bolmansoň, eýýäm ulalyp damarlary gatan beýni kitaby kabul etmegi, asla pikir etmegem halamaýar. Şeýdibem haýwanyň öňüni dolan adam bolýar. Atamyz köp diýer eken: "Dilbilmeze gep düşündürjek bolanyňdan arkaň bilen dagyň daşyny daşanyň aňsat." Şeýdip adam dilbilmeze öwrülýär. Oňa bir zatlar düşündirmegem kyn bolýa. Şonuň üçin çagalaryňyza kiçilikden kitap okamak endigini öwrediň. Ýene bir ýagdaý, kitaby başardygyňça öz ýazylan dilinde okajak bolmaly, dagy bolmasa, rus, iňlis dilleri ýaly has giň ýaýran dillerde okamaga çalyşmaly. Haýsy hem bolsa bir daşary ýurt dilini bilmegiň peýdasy çäksiz bolýar. Elbetde, öz ene diliňi bilmän diňe daşary ýurt dillerini bilseňem dogry bolmaýar. Bir dostumyz bardy "Ot swoiýih otoşel, do russkogo ne doşel" diýerdi. Hiç wagt Magtymgulyny ýa-da Gurbannazary başga bir dile bolşy ýaly geçirip bolmaýar. Ýa-da dutaryň owazyny başga bir daşary ýurt saz guraly berip bilmeýär. Başarsa meňzedýär, ýöne köplenç onam başarmaýar. Maňa ýazýanlaryň arasynda käbiri, mysal üçin, "gidýän" diýip ýazjak bolanda "gitýän" ýa-da "edýän" diýjek bolsa "etýän" diýip ýazýar. Ýa-da "haýyş" sözüniň yzyna "t" harpyny goýýar, "haýyşt" diýip ýazýar. Gaty ýakymsyz eşdilýär. Oňa türkmen diýjegiňem bileňok, däl diýjegiňem bileňok. Ýogsa mekdepde dikdant ýazdyranlarynda şolar ýaly grammatika kadalaryny öwredýäler ahyryn. Garaz, uzagragam ýazaýdym welin, aýplaşmaň.

Re: Hakykat barmy? Siz hakykaty tapdyňyzmy?10 Noýabr, 2022

Hakykat bar. Allaň barlygy hakykat. Başga hakykat maňa-ra geregem däl.

Re: Özümiň öljekdigim, ýakynlarymyň öljekdigi baradaky pikirler meni günüme goýanok, ýaşaýyşa bolan höwesimi gaçyrýar. Hemme zadyň manysy ýitýär. Asla ölümi unudyp bilemok. Beýle ýagdaýda näme etseň ynjalyp bolarka? (Ölmekden gorkýandyr öýtmäň ýöne)10 Noýabr, 2022

Öljekdigiňi bilip ýaşan günleň, ölerinem öýtmän, edil baky gelen ýaly ýaşan günleriňden kän manylydyr, dürsdür. Men öz ömrüme seredýän welin, şeýle. Şonuň üçin, men ölüme, oň bardygna begenýän. Diri galanlar gynanýar, ýöne olara-da ýakynlarynyň ölmegi bir zatlar düşündirýär. Ölen üçinem ölüm onuň ömrüne many berýär. Hemmämiziň öljekdigimizem bu aýraçylygyň wagtlaýyndygyny düşündirýär. Şonuň üçin ölümi gowy görýän. Ýöne ýaş ölüm agyr degýär.Nätjek onsuzam bolanok.

serik: hmmm dogry sagbol agamjan sagam otyr isinde ustunlik arzuw etyan09 Noýabr, 2022

Senem sag bol. Bir zada akyl ýetirdim, bir adamy halaman bolar emma planylar diýip tutuş tiräni-taýpany halamazlyk, oňa göwniýetmezçilik etmek gaty öte akylsyzlyk.

serik: sagbol agam agamjan meni birzat gyzyklandyrya gokdepe sowesinde guljemal han komege geldimi su soragma jogap berseniz minnetdar bolardym sizden 09 Noýabr, 2022

Gökdepe urşuna marylylar kömege gelýär, şehidem bolýalar. Marylylar bilen ahalyň arasyny bozmak üçin, hamala marylylar gelmändir diýýäler ýöne bu ýalan.

serik: salawmaleykum hydyr aga gowmy yagdaylarnyz amangeldi agada gowmy men ikinizede hormatym uly sayt gaty gowy sagbolun cynar name soyguni aydyp bilenokmy soyyan adamyna aslynda sen dalde ol oglan aytmaly sana 08 Noýabr, 2022

Waleýkimsalam, inim. Allaha şükür ýagşy. Hoş sözleriň üçin sag bol. Çynarly gürrüňi goýaly-la, edebiýatyň sungatyň gürrüňini edeli. Söýgi gürrüňini şu saýtda gozgasym gelenok, bagyşla welin.

çynar: söýän adamyňa nädip säýäniňi aýdamaly08 Noýabr, 2022

Her kim öz aýdyşynda, öz dilinde, öz ýüreginden çykyşy ýaly aýtmaly bolaýmasa. Ýetmiş ýaşdan geçen garry adamdan söýgi hakda soramanyňdan gowsy ýok bolaýmasa. Döwürem üýtgedi, adamlaram, söýgem.

Okyjy: Türkmen diline rus dilinden geçen sözler rus dilinde aýdylyşy (ýazylyşy) ýaly edilip geçirilipdir. Şol şeýdilmän, eýsem türkmen dilinde aýdylyşy ýaly edilip geçirilen bolsa gowy bolmazmydy. Meselem, stansiýa-assansyýa, Moskwa-Meskew, Stambul-Yssambyl, Ataýew-Ataýyf, sosializm-sassalyzm, býujet-bütjet, konstitusiýa-kanystusýa, buhgalter-bugaltyr, prokuror-pyrkyror, doktor-dogtor, institut-instut, matematika-matymatka, wokzal-wagzal, traktor-traktyr, zawod-zawut, rus-ors, gruzin-gürji, bank-baňk, awtomat-aftamat, komitet-kamytet we ş.m. Siz nähili pikir edýärsiňiz.07 Noýabr, 2022

Bolup biler. Türkler iňlisçeden ulananlarynda ýazylşynam bolmalysy ýaly ulanýarlar, okanlarynnda türkçe okaýalar, türkçe aýdýarlar. Ruslar nähili diýýän bolsalar daşary ýurt sözlerini diýişleri ýaly alýarlar, şoň ýalam ýazýarlar. Biraz kyn mesele. Dogtor sözi mysal üçin marylylarda dugtur diýilýär ahalda dogtor diýilýär. Haýsysyny ulanmaly? Jedelliräk ýagdaý. Men-ä ors sözüni ulanýan, rus diýemok, ýazamogam, ýöne traktor diýip ýazýan, traktr ulanamok.Wedro sözüni ähli ýerde bedre diýip ulanýalar. Bu meselede alym dilçiler bir karara gelmeli, gurultaý geçirilmeli, derňelmeli. Her söz aýratynlykda işlenmeli, ýörite kitap çykarylmaly. Şonda göwnüňe gelşi ýaly däl-de, esasly üýtgetmeler bolup biler.

umyt: 06 Noýabr, 2022

Umyt, ýazgyň gelmedi

Sebap: Biz de vaktiyle güzel yiyeceklerdik Halîfe Hârûn Reşîd bir gün Behlül-i Dânâ ile sohbet ederken; -Ey Behlül! Sana sarayımda bir oda ve hizmetçiler vereyim. Yeter ki bu eski elbiselerden kurtul. Yenilerini giy. İnsanlar arasına karış, dedi. Bunun üzerine hazret-i Behlül; -Müsâde ederseniz bir danışayım, dedi. Halîfe; -Kime danışacaksın, kimsen yok ki? diye cevap verdi. Behlül de; -Ben danışacağım yeri biliyorum, dedi ve oradan ayrıldı. Hârûn Reşîd arkasından adamlar salıp danışacağı yeri öğrenmek istedi. Behlül gide gide şehir dışında bir mezbeleliğe gitti. Başını eğip bir şeyler dinlermiş gibi yaptı. Bir şeyler söylendi. Daha sonra oradan ayrıldı. Saraya yöneldi. Sultanın adamları ondan önce saraya dönüp hâdiseyi halîfeye bildirmişlerdi. Behlül huzûra girince, halîfe Hârûn Reşîd ona; -Ey Behlül! Söyle bakalım vereceğin cevâbı, dedi. Behlül; -Danıştım efendim. Lâkin insanlar arasına karışmam mümkün değil, dedi. Halîfe heybetle; -Ey Behlül! Sen gidip çöplere danışmışsın, haberim oldu, dedi. Behlül de; -Doğru söylüyorsun ben de onlara danıştım. Onlar bana cevap verdiler ve; -Ey Behlül! Biz de vaktiyle en güzel ve nefis yiyecekler idik. Bütün güzellikler bizde idi. Sevgi ve itibarımız çoktu. Ne zaman ki insanlar arasına karıştık. İşte bu hâle geldik. Çöpe atıldık. Sen de sakın insanların arasına karışma,dediler. Bu sözlerdeki ince mânâları anlayan Hârûn Reşîd: Haklısın. deyip düşüncelere daldı.02 Noýabr, 2022

Hawa. Ötenleň ýaşaýşy, düşünjeleri başga. Meň göwnüme indiki 20-25 ýaşlylar biziň döwrümiziňkiden düýbünden başga. Haýsy dogry, haýsy gowy ony bilemok, ýöne başga adamlardygyny anyk aýdyp biljek. Gyzyklanýan zatlaram, isleglerem, mätäçliklerem, arzuwlaram, gadyr goýýan zatlaram başga. Häzir Behlul ýaly ýaşamak asla mümkin däl. Belki, dogram däldir. Gowakda ýaşap bolar, ýöne manysy bolmaz. Gowaga gömülmegiň, özüňi şeýdip gorajak bolmagyň manysyzdygyna bahym düşünersiň. Ýöne ruhy tämizligiňi, imanyňy şu halkyň arasynda goramak, özüňi bir nusga etmek gerekmikä diýýän. Terkidünýä boljak bolmak ýa-da men terkidüünýä däl diýip özüňi horlamak ýalňyşmyka diýýän. Her zady öz ornunda goýjak bolýan özüm-ä. Bu işde-de iň dogry maslahatçy Alla, yslam, Pygamberimiz (s.a.w.).

Kadyr kömelek: Sag-aman gutulyň! Geçdigi bolsun! Sag-aman ojagyňyza gaýdyp geliň! "Iýen-içeniň özüňki, gören-eşideniňden habar ber" diýlişi ýaly, ýagdaýy boldugyndan täze ýazgylary paýlaşyp durmagyňyza garaşýarys.02 Noýabr, 2022

Inşalla. Aýdanyň gelsin. Ýazjaga bolýan, ýazasym gelýä. Ýöne Gurbannazar aýtmyşlaýyn gitidiçe kyn düşýär.

Noky päk: Ganyňyz iň seýrek gruppa ekeni! Eşidişime görä, gany dördünji gruppa bolan adamlardan alymlar köp çykýar! Şu tema bilen gyzyklanyp görmegiňizi çyndan maslahat berýärin.02 Noýabr, 2022

Aý, ýaňy çalarak seretdim welin, 3 gruppa has gowy eken. Ýöne ýaponlaň açyşy däl, umumy bilinýän zatlar. Allaň berenine şükür.

Mekan Padniman: Babyr, sen ýaly beýik oglan başga hiç ýerde ýokdur. Sen bir Hudaýyň adamzada beren peşgeşi. Seň başyňa düşenleri entek adam ogly gören däl bolsa gerek. Seniň kimin mert ogul indi eneden dogmaz. Seniň her bir sözüňi doga edinip boýnuňdan asyp gezseňem azdyr.01 Noýabr, 2022

Babyr, saňa ýazylan ýazgy. Ýazgyny okap begendim. Sylaşyk gaty gowy zat.

Nedir: Ejeñ seniñ aýalyñy halamasa. Bilimsiz(yokary okuw jayyny gutarmadyk) biri bilen durmuş gurduñ diyip gelniñi kemsitse, aýyrmak ucin her durli yollary barlap gorse, hatda molladanmy birinden doga alyp ogrynca jayyma tashlasa(name ucin doga edilenina bilmedim welin, dogany ozum tapyp akar suwa akdyryp goyberdim, ejemin habary yok doganyn tapylanyndan), kop adamlaryñ yanynda gelnini yamanlabilenini yamanlasa nametmeli. Ejeñi taşlap gitmek dogry bolarmy, ejem gelnim bilen ysnyşar,aralary gowy bolar diyip şunca sabyr edyan bolanok. Ejemi tashlaman bile yashajak bolsam, gelnime jebir bolsa... ejemi tashlap gitsem ejemin hakyny odap bilmerin diyip gorkyan garaz iki oduñ arasynda name etjegimi bilman sizden maslahat sorayyn diydim.01 Noýabr, 2022

Oglum, beýle ýagdaýlarda maslahat bermek kyn. Özüň içinde bolmasaň, daşyndanam bir zatlar maslahat berseň gaty ýalňyşdyrmagym mümkin. Agalaryň, ýakynlaryň bilen bir maslahat edip oňuşjak boluň. Eje-de kä wagt ogluny gelninden gabannarmyş diýýäler, ýöne ejede-de, gelinde-de ýamanlyk ýokdur. Ownuk zatlary çişirmek häsiýetimizem bar. Saňa hiç hili maslahatymyňam, kömegimiňem degmeýäninne gynanýan.

Noky pak: Siziň ganyňyz haýsy gruppa? Akylly halk bolan ýaponlar adamyň häsiýetini bilmekde onuň ganynyň haýsy topara degişlidigine-de üns berýän ekenler diýip eşitdim. Çynmy, ýalanmy biljek däl.01 Noýabr, 2022

Aý, bilmedim. Ganym-a 4-nji gruppa.

Kadyr kömelek: Agam, Yssambyla gezmäge gitdiňizmi? O ýeri nähili ýurt eken?01 Noýabr, 2022

Ýok ýüregime seretdirdim. Häzir gowy. Stambulyň howasy salkyn. gowy ýurt. Owadan ýerleri kän. Deňiz Bosfor bogazy hasam üýtgeşik. Türkmenem kän. Işlemäge gelen bar, okaýan bar. Gowy. Meň gören ýerlerim-dä horluk ýok. ýöne her hili ýagdaýlar bolýa diýip gürrüň berýäler.

Babyr: Bolýa, nesip bolsa.01 Noýabr, 2022

Innşalla. Ýakynda bir goşga duş geldim. Köne Ýunus Emre dagyň döwürdeşiniň ýazany. Şonda şu setir hasam ýadymda galdy. Birki günläp gaýtalap gezdim: Dide girýan, syna birýan, akyl haýran bihabar

Babyr: Men maşgalada iñ uly. Öý işik däl. Bir tarapdan dogry. Men iñ uly bolamsoñ, kakamyñ iñ kyn günlerinde ýanyndadym. Ejemem kakama mençe düşinen däldir. Howwa edil 8-9 ýyl ozalky has pukara bolan maña ýüzlenişleri ýaly ýüzlenibilenok doganlam.(bu wagtam gurply bolmasagmam, garaz ene-atamyza komek boljak bolýas, iliñ içinde "şoñ bn tirkeş, şoñ bn dost bol" diydiryamişik) Soñky 1 ýyllykda elime bir mumkinçilik geçdi. Birwagtlar üssimden gaýgyrman gülen, edibilse ile peçan etjek bolan doganlamdan başlap, köp kişi adymyñ yzyny "jan"syz tutmady. Birentek nätanyşlar bn tanyşdym. Tanyşlar has ýakynlaşdy. Her gün bir bahanajyklar tapyp elime jañ edip, hal-ýagdaýmy soraýanlar köpeldi. Ojuk-bujuk hödür keremler, doglan günler we.s.m çagyrylmalar has kopeldi.Şo mumkinçiligiñ men ýaly ýaşlara gelişýändigni, meñ diñe gowy zatlara mynasypdygmy aýdýardylar. Ýöne men il daşyndan belet bolsa içinden beletdim ýagdaýa. Ýagdaýyñ maña-bize görä däldigini bilýärdim. Hemme kişini haýran galdyryp, "pursat" diýilýan zady elimiñ tersi bn itdim. Aslynda men muny hiç hili pursadam hasap edemokdym. Ine şondan soñ, jañlar kesildi. Adym ýönekeý, samsyk-egoist derejesine ýetirildi. Aslynda bulañ hiçisiniñ meñ üçin däl, meñki bolmasy mümkin bolan, maddy zatlar üçindigne aklym ýetende, dünýeden doýdym. Her gün knopkaly telefonjygmyñ knopkalarny şakyrdadyşdyryp, gündeki gelýän jañlary küýseýädim. Ýazsam gaty uzak boljak. Şo wagtky ruhy ýagdaýymy. Ýaşaýn ýeriñ bir öý bolsa gapysyny eliñ tersi urup ýapyp gitseñ diýýadim. Uzak-uzak Köpdaga seredip oturýadym. Ýene dañdanky guşlañ sesi. 4-5sany äpişgämiñ öñünde mydam durýan kitaplar gaharymy-öýkämi ýatyşdyrýady... Edhemlik bn Agzamlygyñ arasynda sepil bolmagma sebäp kän zat bar, atam. Hemmesini bärde ýazyp boljak däl. Ýone çagalykdan Edhemlige-terkidünýälige howes etsemem, ýañy ýañylar, oñarmajakdygymy, oñarmagyñ mümkinsizdigne aklym ýetip ugrady. Onsañam hiç bir ene-ata çagasynyñ Edhem bolmagny islemez. Şony bir döwür süýjüdip gürrüñ beren kakamam garşydy pikirlerme. Olam Ymam Agzamy gürrüñ ederdi soñabaka. Gazanjam gowy zat, ilden tamakin bolmaýañ. Birem eliñ uzynrak bolsa: "Beren el alan elden üstündir"-e girmek añsat bolýar. (şu gürriñlerden soñam, biraz giñedim, ýaşyñyz uzak bolsun) Dile geldi bile geldi, arada, işlap ýormekden iremde, bizar şu işlemekden diýemde öñümden bir hadys çykdy: "Hiç kim eli bn gazananyndan has gowy lukma iýmez" diýen manyda. Ruhypes ýagdaýda bu goltgy boldy dp gowlanyp barýakamam bu ćykdy: Kemlik ýa artyklyk derwüşe iş däl, Saña kelläñ ýeke gyly bagyş däl. Hem diniñ hem dünýäñ yzynda sepil, Dowzahda da Jennetde de Derwüş däl. (Umuman öñimden şuña meñzeş zatlaram elmydam gapma garşy çykýar-da)01 Noýabr, 2022

Owalda ahyrda bir Alla bilen özüň bar. Ene-ata-da gidýär, ogul-gyzam ulaldygyça daşlaşýar. Doslaram garraňsoň, dost diýip gelmelerini azaldýalar. Megerem, olaňam öz derdi özlerine ýetik bolara çemeli. Şonuň üçin, il-gün, çakylyklar, telefonlar - bary gara şaýa degenok. Şolar üçin asla ýaşajagam bolmaly däl. Perzent, göwnüňi razy etjek, jynazaňa durup, saňa ýagşy dileg etjek, soňam doga-dilegde ýatlajak perzent ýetişdirmek, özüň şolar ýaly perzent bolmagyň durmuşyň esasy manysy ýaly bolup dur maňa şu günler. Ahyret hasabyň ýeňiliräk bolmagyny diläp, Allany çagyryp ýaşamak iň dogrusy. Göwnüňi giň tut, biz özümize nämäň haýyrlydygyny bilmeris, Alla bize haýyrlysyny etsin, edýändirem diýip düşünýän. Inşalla, Türkmenistanna barsam, gaty daşda ýaşamaýan bolsaň, öýe gel, saňa bir kofejik taýýarlap bereýin.

Babyr: Aý, iş-güýç. Käte uzakly gün ýadasamam gijeler ýatyp bilmän ýüregim gysýar. "Men indi ymykly pulyñ yşgyna düşdümow, soñrak "Men saña gül ýaly abraýly-sagdyn, özem parahat ýurtda ýaşlyk berdim, hany nämä sarp etdiñ?!" Diýilse, ynha dp görkezere zadym ýoklugy içimi has gysdyrýar. Hasam töwerekde iş bn bagly gatnaşýanlarm, şady horram-şama-şaýyrdy adamlar. Düýn agşam: "Sen bize goşulsañam biz ýaly bolubileñok, biziñki ýaly arkaýyn otagy ýañlandyryp gùlibileñok, dünýeden doýan garry ýaly bolup ýorsüñ" diýýä. Olañ otur-turşy, äheñi, erinlerni şapbylladyp iýip-içişleri, gybatlary ýüregmi bulaýar. Soñ ýene özüme gaharym gelýär. 1ni tapsañ 10 isleýäñ. Nokia tapsañ iPhone dp. Şu tetelliler bn işländen Edhem ýaly taşlada git diýýän. Olam her kişiñ çaky dal. Men olara daşymdan juda bagtly görünýän. Yrym edip gapydan demir we ş.m odur-budur sorap alýalar. Ýöne bilemok, (bu näşükürlik däl) ruhumda bir boşluk bar. onam nädip doldurmaly bilemok. Biz diñe deñli derejeli iýip geýmek, pylan pismydan diýdirmek üçin ýaradylan daldirsä... Kakama bu hakda çala ýañzydamda, mes bolýañ diýen ýaly etdi. Ýogsam olañ ýaşlygyndan has gowy ýaşaýanam bolsam, öz deñ-duşlarma garanda, menem jepa çekibem, minnet çekibem gördüm.(içimidökübildim öýdýän)01 Noýabr, 2022

Inim, pulam gerek zatdyr. Puluň bolmasa, gaty kyn bolýar. Doganyňam äsgermejek boluberýän eken. Ýöne pul bilen ýakynlygyňy, daşlygyňy saklap bilmek gerek. Oň öz ýeri bar, öz ýerinde-de saklajak bolmaly. Dilde aňsat ýöne, günä pulda däl. Haramy goşmaly däl, halalam aňsat däl. Biri diýdi, ýadyma düşenok kimdigi, ýurtda diňe sud garaşsyz, adalatly bolsa bolýar diýýä. Öýlendiňmi? Pul öýleneňsoň has zerurdyr. Kakaň şoň üçin mes bolma diýýändir. Olaň seň gazanjyňdan arkaýyn bolaslary gelýär. Sen bar zada dogry seretjek bol, arkaýyn, parahat seret. Men şeýle, men beýle diýip dünýäňi daraltma. Pula gul bolma, pul seň ygtyýaryňda bolsun, saňa hyzmat etsin. Ymam Agzam ýaly baý bolmaly, şoň ýalam pula parahat seredip bilmeli. Ýoldaş-dost diýlenem bardyr, duşup bilýän dälsiň. Adamlaň arasynda birhili ynam gitdi. Senem şeýlesiň, ynanyp bilýän dälsiň, dostam onsoň tapdyrmaýar. Bu zatlary ýazmak aňsat, ýöne gaýrat etseň, oýlanşykly bolsaň ýaşabam bilersiň. Köp zat maňlaýyňa-da, nesibäňe-de bagly. Bolmaly zat bolýar, esasy zat seň şol bolmaly zatda özüňi alyp baryşyň. Alla kuwwat, paýhas, giňlik bersin.

Babyr: Bor agam, sag-aman geliñ. Gidibilmesem, 3-4 aýdan nesip bolsa habarlaşaryn.31 Oktýabr, 2022

Bolar. Bu günler näme iş bilen meşgul? Näme aladalaryň bar? Gürrüňem bereňok.

Babyr: Tokar Tugur diýýäñiz.. men ömrümde bir gezek surat sergisine gidip göremok. Şeýle sergileñ haçan bolýandygynam bilemok. Bir gatnaşýanlarmyñ menden 1 ýaş kiçisi çeperçilikde okaýardy. Şoñ çeken 3-5 suratyny gördüm. Ýagty reñkler has kop ulanylypdyr. Birhili añrym almady. Menem bir döwürler surat çekerdim.Yone galamlar bn. Ulyiliñka meñzeş. Ýeke tapawudy beýlekilerden takyk hem ýitiligidi. Indi birhili suwlyboýaglar bn nätakyk suratlar çekesim gelip käwagt ýuregm ýarylara gelýär. Ýazarlañ içinde orta mekdebem doly okaman, ozbasdak okap zehinini ýiteldenker bar. Çeperçilik ugrunda okamanam hudožnik bolanlar barmyka?! Men girdejisi uçin dal, içime sygdyrybilmediklerimi çekesim gelýar.31 Oktýabr, 2022

Aslynda SSSR döwri sergiler kän bolýady. Häzirem bolýandyr. Öň-ä ors bazaryň ilersinde sergi zaly, hudožnikler birleşmesi bolardy. häzirem bardyr. Sergileň afişasy goýlardy şo taýda. Suratkeşlik Alladan berilmeli zat, ýöne okuwam gerekmikä diýýän. Çekersiň, gowam çekersiň, şonda-da okuwy gutaranyňky ýaly bolmazmyka diýýän. Okamak, öwrenmek hökman gerek. Tokaryň şol ussahanasyny ogluna beripdiler. Uly ogly, Maksat skulptor. Gowy oglan. Häzirem Suratkeşleň birleşigine baryp sorasaň, Maksat Tugurow bolmaly, nirede işleýänini aýdarlar. Tapyp, tanyşyp, suratkeşlik hakda-da gürleşip bilersiň. Hydyr-Ylýaslar salgy berdi diý-de baraý. Men özüm häzir Stambulda, ýogsa bile gidibem bilerdik. Ylýasyňam eli degmezmikä diýýän. Olam kino sýomka bilen başagaý, guma gidip kino düşürýäler. Men 3-4 aýdan bararmykam diýýän, şonda gitsegem bolar. Iň gowsy özüň barsaň, aňsat bolar. Hiç çekinip oturma. Gaty mylakatly, ýumşakgyr Maksat. Bahana bilen kakaň suratlaryna görüp bolsa, eliň degen wagty diýseň begener. Meň Maksady görmänime-de eslije ýyl bolandyr. Garrasaň, zerur bolaýmasa çykylanogam-da. Bir gowy dost edinip bilersiň. Ýöne ýaşy senden ulurak bolmagy mümkin. Eger gitseň, görüşseň köp salam aýt.

Mekan Jolly: "Mollalar öwerler ol kyýamaty, Goýsalar, bu ýagty jahan ýagşydyr". Şu setirler baradaky pikirleriňiz. 23 Oktýabr, 2022

Aý, men-ä mollasyna baglymyka, aýdýana baglymyka diýýän. Eger şu dünýe bilen o dünýäni deňeşdirýän bolsa, soňam şeýle netijä gelen bolsa, mümkin ol adam üçin şu dünýe gowudyr. Hiç kimiň ölesi gelenok, ýöne bu ölmegiň ölýän adam üçin erbetdigini subut etmeýär. Biz jenneti görmedik, Awazany gördük. Awaza gaty gowy ýer bolup biler, ýöne jennet bilen deňeşdirip bolarmy? Bu-da her kimiň öz akylyna, paýhasyna bagly.

Kerim tat: Internetden maglumat tapjagymy bilyan. Mana sizing pikirleriniz gyzyklydy.23 Oktýabr, 2022

Men bir döwür, SSSR döwründe sopuçylyk bilen gyzyklanypdym, bilesim gelýädi. Ýöne o wagtlar maglumat ýokdy ýa-da içine ýalan goşýadylar. Soň Jelaletddin Rumy bilen Şems Töwriziň arasyndaky dostluk, Şemsiň ýitip gitmegi meni gaty haýran galdyrypdy. Olaň giden kitaplary suwa oklaýyşlary, Şemsiň saňa bu kitaplar gerek däl diýmegine kän wagt düüşüünmän gezipdim. Häzirem doly düşünemok. Soň türkler bilen gatnaşyk açylansoň birneme okadym. Mansur asylanda Ymam Şibliň gül zyňmasyna ah çekişi hiç ýadymdan çykanok. Daş zyňylyp urulaňda ah çekmediň diýseler, meni dostum gül bilen urdy şoňa ah çekýän diýişi hiç hakydamdan gidenok. Sopuçylyk ruhy hal. Her kime ýetdirmeýär. Olar diňe dünýäni terk etmeýäler, terkem terk edýäler. Olara öz derejelerine golaýlamasaň düşünip bolmaýar. Magtymgulyňam käbir goşgularyna düşüünip bolanok. Dogrusy, käbirem däl, köp goşgusyna düşünmek kyn. Sowatly adamlaň gürrüňine sowatly adamlar düşünýär. Olaryň dabanyndan soýulmagyna, asylmagyna hiç razylaşyp bolanok. Bu wagşylyk. Ýöne ynsanyňam wagşy haýwandanam wagşy bolýan ýerleri bar. Öňem bolupdyr, häzirem şeýle dowam edýär. Dünýe-dä. Çingiz hanyň edenini adam ogly edermi, ýa Gitleriň, Staliniň edenini adam ogly edermi? Orslaň bir kinosynda Gitler hakda bir ors, dogrusy ermeni soldaty Gitler hakda "Senem bir enäni emip ulaldyňmykaň?" diýýär. Bagyşla men seni Nesimi gyzyklandyrýandyr öýtdüm, meň düşünjäm hiç kimiňkiden üýtgeşik däl. Ýöne Nesimiň dabanyndan soýulmagyna yslam dini, din günäkär däl. Bu zatlary garyşdyrmajak bolmaly.

Kerim tat: Nesimini hakykatdanam dabanyndan soýan bolsalar, näme üçin beýdipdirler. Siziň pikiriniz.23 Oktýabr, 2022

Ýörite Nesimini öwrendim diýsem ýalançy, ýöne meň bilişimçe şol döwürde sopuçylyk (sufizm) gaty ösýär. Nesimem şolaryň iň öňde baranlarynyň biri. Ol Men Hudaý, Hudaý mende diýen manyda bir söz aýdýar. Munam diniň beýleki akymy halamaýar. Megerem, döwledem halamaýan akymy goldaýar. Netijede Nesimini tutýalar. Olam şol bir diýenini gaýtalaýar. Şonuň üçin şeýdip jezalandyrýarlar. Internetden gözleseň has giňişleýin maglumatam tapyp bilersiň. Türkmençe tapmasaň türkçe, orsça çeşmeler bardyr. Gaty çylşyrymly döwür.

Ayly pil: Gurbannazar shahyryn kop gosgulary gowy, kop gosgulary gowshak.12 Oktýabr, 2022

Dagy näme. Goşgy diýilýän saz ýaly bir zat bolýar. Dutar sazlarynyň arasynda-da "Göroglyň at oýnadyşy" ýaly sazlaram bar, "Çoh derde goýan ýarym" ýaly sazlaram bar. Bu diýdigim ikinji saz gowşak diýdigim däl, hersiniň öz derejesi bar. "Bu jennetdiriň" öz ýeri bar, "Burnaşagyň", "Humaralaň" öz ýeri bar. Dogry aýdýaň Gurbannazaryň hemme goşgusy "Ýene howa garalyp" ýa-da "Seniň adyňda" ýa-da "Daň säher ak baýtal görünýärdi al" diýip başlanýan goşgularynyň derejesinde däl, ýöne ýaňky ýüzugra mysal getiren üç goşgymam gaty täsin goşgular. Diňe şol üç goşgyny ýazmak üçinem nähili şahyr bolmaly. Mämmet Seýit Gurbannazara "Gelniň ýuwar köýnegňi, men dolagňy ýuwaryn" diýen setirleriňi ber, men ähli ýazanlarymy bereýin" diýipdir. Bu elbetde, goşgy söwdasy däl, ýöne Mämmet aga şol iki setiriň öz ýazanlarynyň ählisine degýändigini aýtjak bolýar. O ýaşuly goşgyň nämedigini,setiriň nämedigini gaty gowy bilýärdi. Aý, entegem aýdasym gelýän zat kän-de, ýadatmaýyn.

Yusup: Salowmaleýkim Hydyr aga. Kitapçy saýtynda Gurbannazar Ezizow hakda şu sözler ýazylypdyr. Kitapçydan kopiyalap alyp bolmansoň goçurip ugradyan, siz Gurbannazar bilen dost bolaňyzsoň: Görogludan "garrydy, garrydy, göwün garrydy" diýen gazala Nury agaň (Nury Hudaýgulyýewiň) aýdymy bar ekeni. Ýöne meň özüm-ä Nury agaň iň gowy aýdymy, Gurbannazaryň «Gözleriň seniň» goşgusyna aýdym diýip hasaplaýan. Gözleriň seniň Gara saçlaň dökülip, örteninde ýüzüňi, Men saçlaryň üstünden öpdüm ala gözüňi. Ýöne ara ýol düşdi. Gijeler aýym meniň, Galdy, uzakda galdy, gara gözleriň seniň. Ukla, gülüm, gal, gülüm, otur, gülüm, gez, gülüm Şahadaky al alma ýaňagyň etsin çalym, Ýöne nirde ýansa-da, nirde doňsa-da tenim, Mydam maňa garasyn gara gözleriň seniň. Şatlygy, gamy bilen aýlanyp dur goja Şar, Onuň özüne ýetik aladasy-derdi bar. Bir maksadym: ýeňletmek agyr derdini onuň, Güýç bersin şu işimde gara gözleriň seniň. 1965. Meň Gurbannazarda nämä haýranym hekgerýändigini bilýäňizmi?! Ol islendik temany, jinnek ýalam ýasamalyga, lenji çykanlyga, suwjuklyga ýol bermän, şeýlebir belent pafosyň derejesine çykaryp bilýär. Okanam oň şo pafosynyň ýüreginden-ä däl, bagryndan ezip-ezip, janyndan syzdyryp çykarylýandygyna ýüzüniň ugruna ynanýar. Ine şu-da şonda aňk edýär. Biz — ýalançy dünýäň ýalançylary - hemişe pafosyň ýasamalygyna halys endik giden siniklerdir skeptikler, öz-özümizem, illerem aldamaga-da, aldanmaga-da halys endik edip gidipdiris. Ol bolsa Panyň däl-de BARLYGYŇ hemişe JUWAN bolup taryhda-da, ýüreklerde-de, hakyda-da orun almagy başaran TÜKENEN ROMANTIGI! Belki, şoň üçindir, oňa panyda uzak orun bolman, GAÝYBA öteýdeni... 11 Oktýabr, 2022

Hawa, Gurbannazarda diňe hakykat, dogruçyllykdan aňyrda-da Allaň beren duýguçyllygy, zatlaryň göze görünýäninden daşgary, adaty göze görünmeýän taraplarynam görmek ukyby bardy. Dogrusy, biz oň bilen dost däl, bile içişmedik, bile duşuşyga gitmedik. Ol bizden 12 ýaş uly. Ol bizi (biz diýýänim Ylýas ikimiz) öz jigileri ýaly görerdi. Hatda Halnabat gelnejäň ýanynnda "Şolar ýaly jigilerim bolsadam" diýipdir. Biz bir bagty getiren ýanynda oturyp goşgularyny diňledik, magnitofona ýazdyk. Magnitofanam aýtdyra-aýtdyra goşgularyny ýat tutup gitdik.

Babyr: E-e näme indi Ylýas agañ agasy saña aga dp ýüzlenilýãn boldy-da ondan takmynan ýarym sagat kiçi kišem Ylýas boldy duruberdile. Birem maña netläp ýazan hatyña düşmedim. Hatlara jogap berip bermezlik, çap edip etmezlik barada bolsa, Ylýas agany goldaýan. Bolar bolgusyz içi güjükli haýsy bir haty paýlaşjak. Aslynda şu ýazyp duranymam kadadan çykma, iliñ öýüni hapalap kesekleşme ýaly bir zat görýän wln. Bagyşlañ ýaşuly, ýazjak däldim, ýazdym. Bir gezek, indi gürriñ diñe edebýat barada bolar dpdiñiz, menem ýazmasamam öz ýanymdan baş atyp makullapdym, soñky döwurki içi gujiklimidir ýa ýene bir zatly teswirlere de zat diýman ozimi zordan saklaýadym wln, bolmady...10 Oktýabr, 2022

Babyryň jogaby.

Okyjy: Indi bilen bolsan ayt turkmen edebiyatynda kimleri hakyky yazyjy hasaplayan oz pikirince. Yone yazyjy hasaplayanlarynyn hemmesini yaz. Son menem oz pikirlerimi yazjak. Yone gepi aylaman goni jogap beray. Senin yazyjy diyanlerini name sebapden hakyky yazyjy diyyaninem ayday.08 Oktýabr, 2022

Meň ýazyjy diýýänlerim Tolstoý, Ekzýuperi, Kobe Abe, Paulo Koelo (şu ýazyjyň adyny türkmençe nähili dogry ýazylýanyny bilemok) Andre Žid, Dostoýewskiý, Akutagawa, Borhes, Çingiz Aýtmatow... Tüürkmen ýazyjylaryndan gowy görýänim Nurmyrat Saryhanowyň Şükür bagşysy, Gurbannazar Ezizowyň Tabyt hekaýasy, Hudaýberdi Hallyň Gurjak hekaýasy, Ahmet Halnyradyň hekaýalary, Kömek Kulyýewiň hekaýalary... ýöne bulary ýokardakylara deňäbem bolmaz. Olaň ýanynda ýazyjy diýesimem gelenok. Ýazyjylyk, proza bize ýaňy gelipdir, geleni bilenem kommunistik ideologiýasyna gulluk edipdir. Belki, Çingiz ýaly Oljas Süleýmen ýaly dörerese-de döräp bilerdi, ýöne döremändir. Men şu kitaby oka diýsemem, şy kitaby okama diýen adam däl. Goroglam çagalykdan telim gezek okap ulanan kitabym, dessanlarymyzam gowy görýän.

G: Babyr gayrat et kakdyrmak gerek dal. Bilmeyan zady ssoralanda adam bilyanleri salgy berip ya sypayycylyk bilen sol meselede oz garaysyny aydybam bilyara. Dine bilim dal tejribe bilen oz garaysyny bildirsenem bolya. Yene bir zat adam saylamak, ozini owyanlerin hatlaryna jogap berip seni tankytlayanlara, uns bermek bar bu yerde. Ile ozini beyik edip gorkezmek bolya dalmi bu yagday? Eger hic kemsidiji ya hapa sozler bolmasa haty jogap berip, eger yazylanlar dogry dal bolsa dogry daldigini dusundirip bolara? Yetisip bolmaz diyip bahana edilyan bolsada olam dogry dal. Bu yer gaty meshur sayt dal gunde 3/4 adamdan basga hat yazyan yokdur. Hydyr aga bu hat Babyra niyettlendi. Size aytjak zadym Ylyas menin hatyma jogap berenok son ucin sizinkide yazyan. Hacanam bolsa bir gun olam siz yaly adam saylamazlygy owrenmegini isleyan. Sizin hemme hata jogap berisinizden gorelde alsyn diyyan.08 Oktýabr, 2022

Men-ä düşünýän däldirin. Her kimiň päli ýoldaşy bolsun. Babyr hatam saňa.

Gurban Çyrşak: Sosial ulgamlarda paýlaşylýan maglumatlardan çen tutsaň, ýaşlaryň gaty köp bölegi çöňňe ýaly.07 Oktýabr, 2022

Kän beletçiligim ýok. Ilçilikdir her hilisi bardyr. Magtymguly "Müşgül işdir sözleşende deň bolar" diýýärä.

Okyjy: Kimin yazyjydygyny, kimin ulumsylygyny ozim gowy bilyan. Samsyk bos gurrun etmesene. Yazyja haywan diyyan yok.07 Oktýabr, 2022

Kimiň ýazyjydygyny kimiň däldigini özümä 50 ýyl bäri ýazyp ýörsegem ýaňy-ýaňy bildim. Öň kitap çykarana ýazyjymyka diýerdim.

Okyjy: Agam men G atly sorag yazyany gollayan. Yazyjylaryn kopisinde ulumsulyk bar. Ylyas agadada bar yaly.07 Oktýabr, 2022

Biz-ä entek ýazyjy däl. Ýöne ýazyjam özümiz ýaly adam, perişde däl. Her adamyň bärden gaýdýan tarapy bolup biler, artykmaç tarapam kändir. Sanaýmaly halkymyz bar, şonda-da biri-birimize at dakyp bilsek armanymyz ýok. Gowy taraplarymyzy göreliň, şondan peýdalanalyň. Her kim hasabyny Allaň öňünde berýär ahyryn. Esasy zat özümiz ulumsy bolmalyň. Pylany pylanydan ulumsy diýenimiz bilen bize näme bähbit bar?

Babyr: "Bapbaňky ýaly, özüne gaharyna ýeňsesini diwara urmag-a beýlede dursun, käbiri şu bilýännimem bolýar, ýeterlik diýýär." Wah, şony(islendik mesele bolanda da) bilemok, bilmedim diýseñ, pespällik ediberseñ, pes nazar bn garaýalar. Şoñ üçin ýa boýun almalarñy içiñde saklamaly ýa da töwerege göräräk bolmaly bolýar. Bu ýagdaýdan ozalky sadalygy saklamak uly ruhly adamlara başardýamyka diýýän menä.07 Oktýabr, 2022

Bilmeýäniňi uzak gizläp bolmaýar. Bilýän kişi bolýaň ilki, her kimem saňa bilýändir öýdýär, soňam hakykatdanam bilýändirin diýip özüňi aldaýaň. Esasy zadam sende ösüş bolmaýar. Bilmeýäniňi soralmasa aýtman bilersiň, ýöne özüň uly il bilýän ýaly özüň utanmaly. Bapbaňky ýaly ýeňsäňi diwara urmasaňam bolýar, gep öwrenmekde, ösmekde.

G: Agam men yalnysypdyryn. Ylyas entek aakyllanmandyr. Bagyslan yone yuregimdakini aytyan Ylyas sizin bokunyzcada yok. Sypayycylyk bilen kop yazyp dusundirjek boldum dusunmedi. Sylasyga sycan adam diyerler ona. Sylagy bilmeyan bolsa bizem sylamayarys indi guskelle Ylyasy. Adam bolsa menin yazanymy cykarardy, jogap yazardy. Siz gayrat edin Ylyas yaly uytgeman. Ylyasa dine yaranjanlyk etyanler gerek. Ey Ylyas bolmanda Hydyr agadan gorelde al. Ey Ylyas indi ulumsylygy goy.07 Oktýabr, 2022

Aý, inim, men-ä şu gürrüňleri halamok. Ylýas bilen näme paýlaşyp bilmeýän zadyň bolsa özüň düşüniş, meni iki daşyň arasyna sokma. Saýt gytmy, girme, kelläňem agyrtma. Meň üçin-ä tapawudy ýok, ýazarsyň goýarsyň. Öz janyňy biderek ýakma. Kimiiň-kimdiginem bir Alla biler. Onsoňam birine ulumsy diýmek üçinem özüňde-de bir azajyk ulumsylyk bolmalymyka diýýän. Sen arkaýyn, okuwyň. işiň bilen boluber. Ylýasyň ýazýan zatlaryny gowy görüp okaýan gaty kän, menem şolaryň biri. Ikimiziň aramyzda düşünişmezlik bardyr öýdýän bolsaň, onda ýalňyşýaň. Biz ekiz, gyzyklanýan zadymyz bir, pikirlenşimizem düýpli tapawut edenok. Ylýasy halaman, meni halaýan adama men geň galýan. Bolýa saglygyň. Bäş gün dünýede birek biregiň ýüregini bulamaly.

Bayramberdii: Salawmalikim, Hydyr aga! Damylla size seýleräk sowalym bar:söýgi ýasa seredýärmikä?. Dogry bu sowala kyn düsermika öýdýän. Sebäbi siz ýasuly adamlaryñ hatarynda. Sonda-da su soragyma jogap beraýiñ?! Dogry ýazyñ-güýzüñ sahyry hasaplanýan G. Ezizow özünden on ýas kiçi gyzy alypdyr. Bu o diýen bir geñ görülenok. Dasary ýurtlarda-da özünden ep-esli kiçi ýaslu masgala öýlenip ýörenler az däl. Meniñ esasy sowalym özüñden 10-15 ýas ula öýlenmek barada-bu 1 sowalym. Ikinji sowalym bir bakysda söýgi döräp bilermi? Kerim Gurbannepesowyñ bir gosgusynda söýgi toýdan soñ baslanýar diýip aýdyp geçipdir. Onda bir bakysda döreýän söýgi däl-de bir-birege isleg bolýarmyka. Üçünji sowalym G. Ezizowyñ bir gosgusynda: Örän aýdyñ hem çuñ bir hakykat bar: Diriler ölüpdir diriler ölýär. Ýöne sol ölenler müñ ýyllar ötüp Basga biri bolup inýär bu dünýä (gosgyny ýadyma düsüsine görä ýazdym harp ýalñys goýberen bolsam bagyslañ) diýip aýdyp geçipdir. Bu hakykatdanam seýlemikä. Su üç sowalyma giñisleýinräk beýan etseñiz men hosal bolardym halypa!06 Oktýabr, 2022

Waleýkimsalam, damyllaga entek irdir-laý. Aý, şü söýgi diýilýäne men-ä düşünip baramok. Şoň üçin kän ynanybam bilemok. Söýgi diýilýän zady gaty az adam başyndan geçirýän bolaýmasa. Leýli-Mejnun, Şasenem-Garyp ýaly. Özüňden uly gyza öýlenmek hakda soraýaň, soraýan bolsaň, özüňe ynamyň ýok, özüňe ynanymyň ýok bolsa, näme etjek başyňy agyrdyp. Her kim deň-duşuragyna barsa gowydyr-la. Gurbannazaryň başga biri bolup dogulýaň diýýäni hindi butparazlarynda bar, reinkarnassiýa diýýäler. Hindiler muňa ynanýar. Yslamda oň ýaly zat ýok, dogry hasabam edenoklar. Şol döwürler hindi ýoga, krişna diýen ýaly dini akymlary ýoň bolupdy. Her kim okaýardy, maşk edýärdi, et iýmeýänem kändi. Soň Hudaýa şüküür sowulyp gitdi. Gurbannazaryň bu setirem, pikirem şoň täsirinden, wagtlaýyn bir hal.

Anna Pürsi: Hudaýa ynanmaýanlary halamok diýipsiňiz. Sebäbi nämekä.06 Oktýabr, 2022

Paýhassyz adamy halamak kyn. Görnüp duran zada men göremok, şonuň üçinem ýok diýýäni nädip halajak.

Atabaý sagja: Aşgabat ýer titremesi barada ýatlamalar barmy.06 Oktýabr, 2022

Gazet-žurnallarda känndir.

G: Agam soragym bardy siz nace yasamagy arzuw edyaniz? Ekiz cagaly bolmaaagam tohum yzarlaya diyyaler. Garyndaslaryn iciinde basgada ekiz barmy?04 Oktýabr, 2022

Allaň berenini ýaşarsyň-da, dünýeden doýan barmy? Ýöne kän bir hapama bulaşyp ýörmän, wagtyragynda gidenimi kem-ä göremok. Ýok edil ýakynlardan ekiz çagalysy ýok. Özümde-de, agtyklarda-da ekizi ýok, nesil yzarlaýa diýýäler welin.

G: Gowulyyk gorsek hos soz aydarys, yone erbetlik gorsegem sessiz oturmarys. Jan saglygam gul yaly. Ylyasa bilemok yone sana gep yok agamjan. Islan wagtyn yuway name gowninden cykarsan basyber.03 Oktýabr, 2022

ok

G: ohow men nameler gorryan. Sayt biraz duzelipdyr. Yaranjanlar, mana gargayanlar yok bolupdyr. Azyragam bolsa komek sorayana komek berilip baslapdyr. Samsyklyga salynyp godek jogap bermek azalayjak yaly. Godek geplesyan Ylyas ulumsada azyrak ynsap gelipdir yada wagtlayynca akyllysyrap otyr. Yone nace akyllysyrasada Ylyas siz yaly gurlesip onaranok. Garaz sahelce gowluga tarap ozgerislik bar yaly. Agam menin aydyanlarym barada nahili pikirde. Oz yagdaylaryn nahili? Saytdaky gowulyga uytgemeleri yuwmasana bolmaz agam.02 Oktýabr, 2022

Sag bol, inim. şeýdip arasynda goldaw berip, hoş söz aýdyp dursaňyz, bizem inşalla düzeljek bolarys. Janyň sag bolsun, ýuwmagam biziň bilen. Haçan eliň degse, guk diýäý. Ýagşy dilegde bol.

Perhat Sabirovv: Salam Hydyr aga30 Sentýabr, 2022

Waleýkim salam, Perhat inim.

Anna Pürsi: Söhbetdeşligi dünýä dinleri baradaky gürrüň bilen dowam etseňiz. Öz düşünjeleriňizi paýlaşsaňyz.30 Sentýabr, 2022

Aý, dünýä dinleri hakda gürrüň ederden bilimim az, ýok diýsemem bolýa. Ýöne hiç bir dine göwniýetmezçilik edip bilemok. Magtymguly "Butparazlar butdan tapsa myradyn" diýýä. Men ateistleri, asla Hudaýa ynanmaýanlary halamok. Dine adamlary asuda ýaşatmak üçin oýlanyp tapylan zat diýýänlerem halamok. Men adamlaryňam, edil haýwanlar ýaly mümkinçilikleriniň çäklidigini görýän. Käte haýwanlar has düşünjelem diýýän (elbetde adamsyna görä). Umuman gözüň daňylgy bir zady tapjak bolýan adama meňzedýän özümi din barada bir zat aýtjak bolsam. Alla adam akyly ýeterden kän aňyrda. Muňa kiçelip, kemsinip oturmagam akylsyzlyk. Biz itden has pes ys alýandygymyz üçin ite gaharlanamyzok ahyryn. Näme üçin Alla bar bolsa oň dünýesinnde adalat ýok diýýäler. Ilki bilen adalatyň nämedigini bilerden biziň aňymyz ejiz. Narkozdan soň adam gaty suwsaýan eken. Suw dileseňem berenoklar. Sebäbi şol wagt suw içseň ýene narkoz urulan ýaly bolýan ekeniň. Muňa düşünmeseň, sen adalatsyz diýip suw bermeýän adama käýiner, sögüner ýatarsyň. Edil şoň ýaly adalatlylyk meselesem. Bir gezek bir şahyr "Näme üçin Gurbannazar ýok, pylanam gezip ýör diýip samsyklajak boldy. Şoňa bir Mämmet Seýit käýýedi, henizem göz öňümden gidenok. Men o wagt 23 ýaşly ýaňy öýlenen oglandym. Ýöne din hakda pikirlenmeli, düüşüünip biljek derejäňe çenli düşünjek bolmaly. Fanatlyk ýalňyş. Sen näçe Allany tanasaň şonça Oňa yhlasly gulluk edersiň.

Biri: Bilmedim-dä, yörite ulama pes görkeziljek bolnan däldir. Yöne adam bilen adamyñ tapawudy bolşy ýaly, ulama bilen ulamanyñ tapawudam bar-da. 30 Sentýabr, 2022

Dagy näme? Ýer bilen gök ýaly tapawudy bar.

Anna Pürsiýan: Golaýda Gazagystanda dünýä dinleriniň wekilleriniň gurultaýy agzybirlikde geçirildi. Din bir ynam-ygtykat meselesi, özem ynjyk mesele. Dinlere adamzadyň maddy däl medeni mirasy (ata-babalarymyzdan galan miras) diýseňem bolman durmaz. Köp adam üçin bolsa özüniň uýýan dini onuň adaty bir ýaşaýyş obrazydyr.29 Sentýabr, 2022

Din çuň zat. Bilmedim, oňa ata-babalardan galan miras hökmünde seredip bolarmy?! Her kimiň dine düşünşi bar-da.

Biri: Hydyr aga, ýazgyñyzy okadym, pikiriñize, garaýşyñyza hormat goýýan. Siz tymsaly okap, şo zatlara düşünipsiñiz. Indi menem tymsala garaýşymy aýdaýyn. Ogrynyñ işi-käri ogrulyk, ulamanyñ käri halka wagyz etmek. Ogry adam, erbet ýoldaky adam nähili kynçylyga duşsa-da ogrulygyny goýmaýan bolsa, biz hak ýol diyip bilyän ugrumyzda kyncylyklara duşup yolumyzdan yza gaydyan bolsak diymek biziñ entek gaty çigligimiz bolaymasa. Ogrudan erbet maksada bolan güyçli ymtylyşy däl-de, maksada bolan ymtylyşy nusga almalymyka diyyan. Ogry ozuniñ işini nahili kyncylyga duşsa-da dowam edip bilyan bolsa, gowy niyetli adam hem ozuniñ gowy maksadyna yetmek ugrunda nahili kyncylyklara duşsada öz yoluny dowam etmegi başaryp biler meniñ pikirimçe. Yöne ony başarmak ucinem käriñe yhlasly baglanmak gerek, bişmek gerek bolaymasa. 29 Sentýabr, 2022

Gaty dogry aýdýaň. Men bu meselede seň tarapyňda. Biwepalyk meňem iň halamaýan zadym. ýöne pikirlen näme üçin ulema ogry bilen deňeşdirilýär hem ogry zor, maksadyna okgynly, ulema bolsa biwepa ýaly edilýär. Şo ýeri bilen razylaşmadym. Elbetde, seňem din adamsyny ýazgarmak, aýyplajak bolmak niýetiň ýokdur.

Biri: Ulamañ agyrysy diyip ony tussag etmelerimi yada bashga zatmy? Tymsalda nähili kyn yagday bilen garşylaşsañyzam öz dogry ýoluñdan dänme diyiljek bolyamyka diyyan. 26 Sentýabr, 2022

Hawa, hawa. Razylaşýan. Ýöne ogry bn bäsleşip däl.

Biri: Bir ulamany köpçüligi ýygnap edýän wagyzlaryñ biziñ syýasatymyza dogry gelmeyä diyip türmä basypdyrlar. Türmede ol ogry bilen bir yere düşüpdir. Tussaglary bir ýere çagyryp gowy edip ýençýän ekenler. Ogry bilen ulamany çagyryp gowy edip urupdyrlar. Olar urlanson ogry: "Ursa, urup gecsinler. Daşaryk cyksam barybir ýene şol kärime dowam edyän. Siz nähili pikirde?" diyipdir. Ulama hem pikirlenip: "Men-ä dowam edip bilmesem gerek" diyip,gorkuly gürläpdir. Şonda ogry : " Men erbet iş ücin-ogurlyk ücin tayak iymage tayyar. Siz dogry iş ücin, Allanyñ razylygy ücin tayak iymekden gorkyanyzmy? " diyipdir. Gowy goren tymsalymy siziñ bilen paylaşaýyn diydim.25 Sentýabr, 2022

Sag bol, hakykatdanam gowy tymsal eken. Ýöne ýagşy ata bir gamçy, ýaman ata müň gamçy diýilen zadam bar. Atyň ýüzüne urma-da diýilýär. Eşegiň gerşinden myh geçirseňem eşekligini üýtgetmez, ýöne at eşek däl - at ýokuş görýär. Men ulamaň arkasyny aljak bolamok, ýöne onuň agyrysyny duýýän, sizem duýýansyňyz. Eşegiň yzyna tirkelenini düýe-de ýokuş görüpdir.

Sorag: Taňry öldümi?25 Sentýabr, 2022

Düşünmedim

Geldi: salawmaleýkim Hydyr aga Ogulsenem Taňňyýewam=nyň eserlerini nirden nädip tapyp bolarkan internetden tapmadym25 Sentýabr, 2022

Bilmedim.Adamsyna Çary Geldimyradow diýýäler olam pensiýada öýdýän. Dünýä edebiýaty jurnalyna terjime zada eltýän ýaly,şolar bilen habarlaşyp göräýmeseň.

Biri: Bir patyşanyñ hiç çagasy bolmaýan eken. Ol bolsa tagtyna eýe çykjak oglunyñ bolmagyny şeyle bir isläpdir. Ençeme ýyllar geçip onun bir ogly dünýä inipdir. Emma onuñ oglunyñ bir gulagy ýok bolup doglupdyr. Patyşa bu yagdaya gynanypdyr we bir güni wezir wekillerini yanyna cagyryp maslahat edipdir. Eger men garrran çagym ogluma tagtymy goysam nahili bolar. Wezir wekiller hana "Ogluñyzy goymagyñyz gowy bolar yone size garşy gitjekler kop bolar,sebabi patyşalyk uly jogapkärçilikli wezipe, bir gulak bilen yurdy dolandyrmak kyn bolar" diyipdirler. Patyşa pikirlenip bu meseläniñ cykalgasyny tapypdyr. Yurtda ähli çagalaryñ, mundan soñ doguljaklaryñ hem bir gulagyny kesmeli diyip perman cykarypdyr. Bu yagday yurtda adata owrulipdir. Aradan ep esli wagt gecenden soñ yurtda nesil tazelenipdir. Ýurtda iki gulakly adam galmandyr. Gunlerde bir gun başga ýurtdan biri şol yere gocup gelipdir. Ol gelen adamy gorenler onuñ ustunden gülmäge başlapdyrlar. Ilkibada gocup gelen olara üns bermändir. Yöne soñlugy bilen ustunden gulmeleri onun yuregine dushmage başlapdyr, kemsinipdir, adamlaryñ arasynda arkayyn yaşap bilmandir. Ol hem bir guni bir gulagynyñ kesilmegine razy bolupdyr... Kopculigiñ edyan zatlary hemishe-de dogry bolmaya. Durmuşda arkayyn yaşajak bolup, beylekilere gora yaşajak bolup, Biz hem kop yerlerde bizi doly manyda adam edip saklayan hasiyetlerimizden, hakykatdan gecyan yerlerimiz bar şoña gynanyan. 22 Sentýabr, 2022

Dogry aýdýaň. Biz ýigitkäk gyzlar ýüzüne reňk çalsa ýa-da başy ýaglyksyz gezse geň görülerdi, halanmazdy. Indi tersine kimiň ýüzi arassa, tämiz bolsa, hiç zat çyrşalmadyk bolsa, şol geň görüljek ýaly.

YULDUZ: Cagasy bolmayanlara name sohbet beryaniz durmusyny cagasyz gecirip yasap bolyamy21 Sentýabr, 2022

Bilmedim, näme diýjegimi? Bu bir bitmeýän ýara ýaly. Biri çaga diýip aglaýar, başga biri dogman geçseň bolmaýamy diýip aglaýar. Alla ikisiniňem ýüreginne giňlik bersin. Guwanç Oraz diýip bütin ömrüni Sossializm kolhozynyň başlygy bolup geçiren adam, şoňam çagasy ýokdy. Emma bütin obalar (bir oba-da däl) ony şeýle sylaýardy. Olam halka çörek berýärdi, birem aty gowy görýärdi. Men-ä oglan, onuň bilen oturyp-turuşardan kiçidim. Ýöne kakam dagy ol adamy öwerdi. Allaň edýänleriniň hemmesine biziň aklymyz ýetmeýär. Bize şükür etmek, kaýyl bolmak, berenine begenmek galýar. Gurbannazar şahyram näçe ýyl ogul diläp, oglunyň dogmagyna 42 gün galanda, ony görmän öldi. Elbet bir hikmeti bardyr. Alla ýüregimize giňlik bersin.

Hydyr samsyk: Morožno iýmäni halaýaňmy?18 Sentýabr, 2022

Hawa, ýöne morožno däl, mažorno.

Abdelazym: Es_salam aleykim agam yazyan zatlarniz meni özüne çekdi hemem gzyklydy işiniz ugruna bolsun.18 Sentýabr, 2022

Waleýkimsalam! Sag bol, aýdanyň gelsin.

Myrat : Seks barada aydyp beray we gyzyn nomerini berayda 16 Sentýabr, 2022

Adresiňi ýalňyşypsyň

Juma: Es-salamaleykim Hydyr aga! Saglygynyzyn onat bolmagyny dileg edyan. Soragym yok. Sizin oz saytynynyzyn bardygyny, kitaplarynyzy alyp bolyandygyny, sohbetdesh bolup bolyandygyny juda gic bilipdirin. Juda kop wagty dushumdan geciripdirin. Hicden gic yagshy diylenine eyerip hazir sohbetleshdikdaki soraglary we jogaplarynyzy okap otyryn. Juda gyzykly. Janynyz sag bolsun. 14 Sentýabr, 2022

Waleýkim-es-salam! Hoş sözleriň üçin sag bol. Juma atly köp bolansoň, haýsy Jumadygyňy, tanap-tanamaýandygymy bilip bilmedim.

Berdi Annaweli: Türkmen dili baýmy ýa türk dili? Rus dili nähili?12 Sentýabr, 2022

Dilleň hemmesem baý, ýöne biz garyp. Dilimizde ulanylmaýan, ýerini başga dillerden getirilen sözler kän. Bir mysal getireýin, rus dili türkmen dilinden baý hasaplanyp biliner, ýöne ruslarda "wolos" saç, tüý, zülp, çokul ýaly sözlerimiziň ýerine ulanylýar. Olar tüýe-de saça-da wolos diýýäler. Rus dilinde alynma sözler gaty köp. Olam ýewropaň täsiri, soň mongollaryň, araplaryň täsiri bilen köp sözler giripdir. Türkmen diline-de arap, pars diliniň täsiri uly bolupdyr. Hat-da ruslarda Tolstoýyň döwründe fransuzça gürlemek gaty ýoň bolýar. SSSR döwründe, hasam gazaklarda, rus dili ýoň boldy. Ýöne rus dili türkmenleriň arasyna ýaňy ornaberende SSSR-iň ýykylmagy ýagdaýy gowlady. Her niçigem bolsa, näçe köp dil bilseň şonça gowydygyny hemmämizem bilýändiris.

Gandym Abaly: Türkmen edebiýatyndan okamagy maslahat berjek eserleriňiz.12 Sentýabr, 2022

Magtymuly, Görogly, dessanlarymyzZZeliliden mätäjä çenli kllassyklarymyzyň ýazanlary, Gurbannazar Eziz, Kerim aga, Berdinazar agaň goşgulary, Gumlulary, Ýazmyrat Mämmedi Şapak, başga-da kändir. KItaphana diýen ýaly saýtlar bar, anyk atlary ýadyma düşenok, internetde bardyr. Şolaň köpüsi gowy eserler.

Ýalkap Çary: Çagalarda kitap okamaga höwesi nädip ösdürip bolar?09 Sentýabr, 2022

Öňler ene-atalaň özleri okap berer ekenler. Bize okadardylar. Göroglyny aýal doganlarymyza okap bererdik. Olaram diňläp tikin tikerdiler. Biz bolaýsak 6-7 ýaşymyzdadyk. Öýde hemme kişi kitap okaýardy. Bizem şolara görä okadyk. Gowy ertekili, suratly kitap alyp berip oka diýeniň bilen bolmaýa. Hany bir ertekisini okap ber menem diňläýin diýmeli, diňlemeli. Özüň alyp okap bermeli. Çagany kiçijikkä kitaba höwrükdirmek, soň okamajak oglana pul baryny berip okuwa salanyňdan kän gowy. Okuwa girsin, girmesin, kitap okap ulalan düşünjeli bolýar, esasy zadam şol. Düşünjeli adam hor bolmaz, bolaýsa-da biderek zat üçin horlanmaz. Mysal üçin, urşup maňlaýyny ýardyryp ýörmez.

eyyup: agam gowmy yagdaylanz men bir gyz bn 4yyl bari soysup yorun 2yyldan yalnyslyk etdm sondan bari ynamsyzlyk baslADY SOL GYZA YONE GATAM GOW GORYAN GECP BLMK OZEM INDI KAN ISLEMAN BASLAdy meni menem eden gunami yuwjak bolyan alladan gorkyan name etjegmi blmk sizden bir maslahatynyzy alayyn dydm hayst08 Sentýabr, 2022

Aý, bilmedim. Menem bu işlerde kän tejribäm ýok. Näme diýsem ýalňyş bolaýjak ýaly. Sen bu işlerden tejribeliräk ýigitlerden sora.

: Görmegeý adamlar akylly we jogapkärćilikli hasaplanýar08 Sentýabr, 2022

Aý, edil beýle däldir. Gaýta erkek kişi birneme gödeňsiräk bolsa gowy görýän. Asylam biz kürt sypat adamlara görmegeý diýýäs, gözleri uly saçlary buýra, ýüzi ýylmanak adamlary görmegeý hasaplaýas. Men-ä gazak ýüzem däl, mölegözem däl, türkmen sypat adamlar has syratlymyka diýýän. Iş bitirenligi, edenliligi känbir görmegeýlikde ýa-da görmegeý däldiginnde bildirmeýärmikä diýýän. Ýöne daş sypatda buýra saçly adamlar saza ukyply bolýar, saçy seýrek adamlar hasaba ökde bolýar diýen ýaly düşünjeler, hat-da muny ýörite iş edinip öwrenen alymlaram bolupdyr.

Seyit gazak: "Gyzyl kürte" türkmen çeper filmini gordüňizmi. Täze kino.07 Sentýabr, 2022

Hawa, gördüm. Döwri geçen kino meňzeýär. Öň kän alardylar, türkmenfilmde, şeýleräk mazmunly kinolary. Ýöne umuman halk köpçüligine ýarajak kino.

: Bir gunde nace sekunt bar06 Sentýabr, 2022

bilmedim

Sewinç : Salamaleykum Hydyr aga men gosgy düzmegi gowy gòryan yone duzyan gosgularymy hic kime okatmayan size ugratsam gorup berersinizmi yada sahyrlardan birini maslahat berersinizmi01 Sentýabr, 2022

Men kän goşgy goşýan adam däl. Ýöne Kakamyrat Rejebi gowy görýän. Umuman gazýetleň edebiýat bölümine barsaň, okap baha bererler.

Merjen : Men 1988nji yyl indiki yyl okuwa synag tabsyrsam okuwa alarlarmyka 35 yasasamam gijem bolsa okamak isleyan 28 Awgust, 2022

Okuw edaralaryndan sorap göräýmeseň

Mahri-Wepa: Ata Gowşudowyň eserleri baradaky pikirleriňiz, garaýyşlaryňyz.28 Awgust, 2022

Üýtgeşik pikirim ýok. Mekdep ýaşlarynda 5-7 klaslarda okapdym esasan ýazanlaryny. Döwrüniň ýazyjysy, gowy ýazyjysy.

Garahan: Ogulsenem Taññyýewa hakynda bilýan maglumadyñyzy ýazaýyñ27 Awgust, 2022

Öň ýazypdym.

Didar: Salawmaleykim Hydyr aga sizden bir zat sorasym gelyar.koplenc agsamlygyna yatamda name ucindir bilemok jynlyya ruhly ahwalatlary(duysleri)kop goryakam.Menin hem bar pikirim solar barada .ol zatlary uytgedip golmazmyka23 Awgust, 2022

Bilmedim.

Soragcy: Salam Hydyr aga. Eger hazir siz oylenmedik yas oglan bolan bolsanyz bir gyz bilen ytanyssanyz, son owrenisip ol gyza durmus gurmagy teklip etseniz, olam men on bir oglan tarapyndan aldandym, boljak isler bolan (garaz oziniz dusunyansiniz) diyse, indem sol yagdaya kayyl bolsan men razy diyse sol gyza oylenerdinizmi? Ol gyzyn aldamayanyna, akylly bolup gezenine, dine bir gezek yalnysanyna nadip ynanardynyz? Bir gezek yalnys hereket eedenini ya kop edenini nadip anyklardynyz. Sonam gelin bolansonam sol gyzyn yas wagtyndaky yalnysyny gaytalamajagyna ynanarmydynyz ya hemise ynamsyz seredermidiniz? Yene bir sorag siz oylenmedik bolsanyz bir gowy yone durmusa cykyp ayyrlysan gelini halasanyz sol geline oylenip bilerdiniz? Yene bir sorag durmus guryanlaryn arasyndaky yas tapawutlary nahili bolmaly diyip pikir etyaniz? Eger siz bir gyza oylenseniz. Son onun sizi aldandygyny, yas wagty akylly bolup gezmandigini bilseniz nahili hereket ederdiniz? Soraglarymyn hemmesi barada oz pikirlerinizi aydayyn.20 Awgust, 2022

Kyn soraglar berýäň. Hemmesem eger şeýle bolan bolsa, beýle bolan bolsa. Bilmedim. Bolan bolsa, ýüregime ikilik etmezdim. Özüme zor salmazdym ýagny, eger öýlenip soňam müňkürlik etjek bolsam öýlenmezdim. Ikilik etmezdim diýýänim şu. Adam özüni gowy tanaýar. Öz öňüňde ýalan sözlemejek bolmaly. Kyn ýagdaýlar. Özüm bolsam özüm bilen gaty berk oturyp, gözüme göni bakyp gürleşerdim. Han ogul bu etjek bolýanyňy soňuna çenli alyp gitmäge gaýratyň barmy? diýip özümden sorardym. Bar diýse-de, ýok diýse-de şoňa görä bolardym. Aý bilmedim soň nätjegimi diýse, onda-da ýok diýdigim diýip kabul ederdim. Adam özüni aldamajak bolmaly, bir sözli, bir lebizli öz öňünde bigaýrat bolmajak bolmaly. Men-ä şeýleräk pikir edýän. Gysgajyk aýtsam özüň bil, meň näme etjegim, näme edemde-de meňki saňa peýdasam ýok, saňa tutarygam däl.

Re: Agam Gurbannazarry yakyndan tanayan bolsanyz ol hakda telewizerde berilyan geplesiklerem goryansin. Sol geplesiklerde dine gyzlary cykys edyar. Name ucin ogluny gorkezenoklar. Onun ogly hazir nirede isleyar? Umuman onun cagalary barada yazayyn olar nirelerde isleyar. Nury halmammedin. Bapba goklenin nesilleri baradada gurrun berayin. Sizin oziniz name ucin telewizerde, radioda cykys edenizok?19 Awgust, 2022

Gurbannazaryň ogly ulurak wezipede, gümrük ugrundan işleýär öýdýän. Şonuň üçin ol kän göze ilmejek bolýan bolaýmasa. Özem kiçilikden ýygra oglandy. Häzirem şeýle. dogrusy, köpden bäri, ençme ýyl bäri gürleşip oturdym diýsemem ýalançy. Ol goşgy zad-a ýazanok. Edara işlerem meni gyzyklandyranok. Kä wagt sadaka etseler şoňa barylýa, gabat gelsek salamlaşýas. Ýöne gaty arassa, uly gyz ýaly ogul. Gurbannazaryň agtyklary kän. Hemmesem ýaş ýetginjek ýa-da çaga bolansoňlar, ýek-ýarym uluraklaram bar welin, olary tanamok. Bapbaňam iki ogly bir gyzy bardy, ýalňyşmasam. Olar kän okuwsyzrak ulaldylar. Hersi bir işde işleşip ýörler. Edebiýat bilen goşgy bilen işleri ýok. Nury Halmämmediňkileri tanamok.

Myhman: Salam Hydyr aga. Size soragym bardy. Yokary bilimsiz, Asgabat prapiskasyz gazetlerin redaksiyalarynda, radioda, telewidniyede islap bolyarmyka? Redaksiyalarda, radio hem telewidniyede nahili is orunlary bolyar? Yene bir sorag ozalky yazyjylar bilelesigi yaly yazyjylaryn oz guramasy barmy?17 Awgust, 2022

Myhman dost, soraglaryň hiçisinem bilemok. Radioda, TW-de, gazetlerde propiskasyz işleýenler-ä däl propiskalylaryňam gaty köpüsini tanamok. Beýle bir zat bolýamy onam bilemok. Muny redaksiýalara ýazyp soraýmasaň.Ýazyjylar bilenem kän gatnaşygym ýok. Öňki birleşmäň ýapylanyny bilýän, açylypdyr diýibem eşdemok. Aý, indi öýden çykýasmy biz.

Bu dünýe: "O dünýe" baradaky pikir-garaýyşlaryňyz, göz öňüne getirişiňiz.16 Awgust, 2022

O dünýe hakda mollalardan sorasaň ýa-da internetden gözleseň (hasam türk dilinde) köp maglumat alyp bilersiň. Özüm dowzaham, jennetem, öleňden soňky durmuşam göz öňüme getirjek bolup ýöremok. Göwnüme bolmasa olar häzirki akylymyz ýeterden has başga ýaly. Olar hakda fantastiki kinolaram görýän, käte wagyzam diňleýän juma günleri mesjitde welin, şonda-da birhili o gürrüňlerden has tapawutly ýaly bolup dur. Asla olary düşündirmegem, düşünmegem mümkin däl bolaýmasa. Edil dagyň aňyrsyny görüp bolmaýşy ýalymyka diýýän. Ýöne pygamberimiz bize düşnükli bolsun diýip deňeşdirme mysallar getiripdir. Hakykatda has başgamyka diýýän.

Aýna: Salam Hydyr aga häzirki döwürin ýaşlarynyn söýgüsine nähili düşünmeli aslynda söýgi mukaddes bolmaly ýada olam döwre görä üýtgeýämikä häzir hakyky söýgi barmyka sizin pikiriniz13 Awgust, 2022

Bardyr, bolupdyram, bolaram. Ýöne olaryň hakykydygyny ýa-da ýalandygyny seljermek kyn. Men söýüşmän, görüşmän öýlenip, soňam biri-birini janyndan eziz gören adamlary köp gördüm. Häzir söýüşmek ýoň bolupdyr, şoňa gynanýan. Alla gowsuny etsin. Nika ýokarda gyýylýar diýilýäne-de ynanýan. Alla gowsuny ýazan bolsun her kime. Siz Halnabat gelnejäň Gurbannazara söýgüsini görsediňiz. Özem görüşmän öýlenen, durmuşa çykan. Beý diýdigim men söýgä garşy diýdigim däl.

Mekan: Agam sayta gowy dusunyan pragramislara isin dusen wagty pozdurjak bolup goray hayys sizden.07 Awgust, 2022

bolýa

Mekan: Agamjan yene bir gezek Tanyr yalkasyn. Janyn sag bolsun. Eger ayyryp bolyan bolsa indi ayyrayyn nomeri. Ayyrdyp bilseniz gowy bolardy. Wagtynyzy alanym ucin bagyslarsynyz.05 Awgust, 2022

pozulanok, sebäbini bilemok

Mekan: Hatyja 861661609 nomere aylap Mekan diyseniz meni tapyp bilersiniz. Hokman habarlasyn. Hydyr aga Tanyr yalkasyn. Mana dusinjeginize ynanyadym. Islerinizde ustinlik agamjan.04 Awgust, 2022

Hatyja 861661609 nomere aylap Mekan diyseniz meni tapyp bilersiniz. Mekandan

Akmyrat: Hydyr aga saytynyz gyzykly eken. Soraglary jogaplary okap gordim. Aytjak zadymam bardy. Saytynyza sorag yazan Mekan atly oglan niyeti arassa oglana menzeyar. Mumkinciliginiz bar wagty ona komek etseniz gowy bolardy. Saytynyz doredijilik hakda bolsada bir gezeklik mumkincilek doretseniz belki gowylyga sebapkar bolardynyz. Nomerini goyaysada son ayyraymaly bolarda. Bu yerdaky soraglaryn kabirinden Mekan diyilyanin hayyshy gowyrak eken. Bu oglana komek etseniz beyleki okyjylaram dogry dusiner diyip pikir edyan.03 Awgust, 2022

bolýa, goý diýeniňiz bolsun

Mekan: Agam hayys komek edayin. Men ak yurek bilen yalbaryan size dine sogap geler. Basga yoly bolan bolsa men sizin wagtynyzy almazdym agamjan. Hatyja bilen habarlasmagyn basga nahili yoly bolup biler maslahat berayin. Men elimden gelse ona komek etjek bolyan. Agamjan nomer goyup beray sizin saytynyzyn abrayyna hic zyyan gelmez ynanay. Gayrat eday agam nomer berip habarlasayyn son beyle hayys bolmaz arkayyn bolun.03 Awgust, 2022

Bolýa iber, ýöne iň soňky gezek.

Mekan: Agam gowumy yagdaylarynyz? Komeginiz ucin Alla yalkasyn. Sizden yene yekeje hayysym bar. Nomer yazsam saytda goyup berayin. Bilyan bu yer tanyslyk sayty dal. Basga mumkincilik yok bagyslarsynyz inde beyle hayys bolmaz. Gayrat edin. Bu yerde hic erbet niyet yok dine yagsylyk edeniniz bolar hayys edyan. Yenede bir soragym bar nomer goyan son islendik wagt saytdan pozduryp bolyamy ya bolanok? Bu soragymada jogap yazayyn agam. Allajandan size saglyk dileyan.02 Awgust, 2022

Ýok, başga ýol gözle

A: Okar ýaly bir zat goýaýyň-da.29 Iýul, 2022

Inşalla. Ýarawsyzlyk bn garaşdyrdym. Bagyşlaň.

Rustam: Saz ritm terbiyesi name 25 Iýul, 2022

Bilmedim. Men bu ugurdan spessialist däl. Beýle bir terbiýäni ulanybam görmedim.

Rr: «Пассажи́ры» (англ. Passengers) — американская научно-фантастическая драма режиссёра Мортена Тильдума. Hydyr aga, şu filmi gordüňizmi? Görmedik bolsaňyz hökman görmegi maslahat berýärin. Soňam film barada öz pikiriňizi aýtmagy haýyş edýärin.18 Iýul, 2022

Bolar,inşalla. Kän fantastiki kinolary halamok ýöne. Tarkowskiň kinolary bolaýmasa. Solýaris bn Stalkeri köp gezek gördüm ýogsa. KInony gowy alypdyrlar. Ýöne sýužeti, wakalary şol bir wakalar, kosmos, spes.effektler üýtgedýär. Orginal däl diýjek bolýan. Garaşýan zatlaň bolup geçýär. Tarrantinoň ilki kinolarynyň biri "Kriminalnoýe çtiwony" gaýtadan gördüm ýakynda. Orginal wakalar, orginal garaşmaýan häsiýetleň, öwrümler, aňkardyp goýýar. Edil düýn köçäň gyrasynda reklam şşite gyzym öldürildi, henizem hiç hili netije ýok diýip bir aýal dünýäň puluny töläp ýazdyrýar. Gaty gowy edipdirler. Garaşmaýan wakalaryň, garaşmaýan öwrümleriň, kinoň başyndaky gahryman soňunda düýbünden başga adama öwrülýär. Ýöne Passazirlerem erbet däl. Bir gezek görseň bolýar.Ussatlar ýasamany oňarýar-da.

kakajan: garadaslylar ahaldan haysy dowirler dasoguza gaydypdyr we name sebapli gaydypdyrlar 18 Iýul, 2022

Aý, bir zatlara gürrüň berýädiler, ýöne ýadymdan çykypdyr. Huşum öňküsi ýaly däl.

Hatyja: Şu saýtyn okyjysy Mekana ýüzlenýän Mekan men elektroon pocta acyp bilemok Men hakda rdýän aladanyza minnetdar 13 Iýul, 2022

Hatyjaň hatyny goýýan. Boldy. Indi menden şu meselede haýyş etme. Etseňem peýdasy bolmaz

Mekan: Dusunyan agamjan yone basga alajyny tapman size yazdym. Basga habarlasar yaly giryan yerini bilemokda. Sonun ucin yekeje gezek gayrat edin. Ol bu saytlara giryadi. Eger Hatyja menin yazanlarymy gorip jogap yazsa sayta cykarayyn. Menin bu hayysymyn saytynyza dogry gelmeyanine dusunyan sonun ucin yeke gezeklik mumkincilik doredayin. Yazanlarymy cykaranynyz we jogaplanynyz ucin Tanyr yalkasyn agam.01 Iýul, 2022

Bolýa, Hatyjadan hat gelse çykararyn.

Mekan: Agam salam. Men Hatyja atly biri bilen tanysypdym su saytda. Mumkin bolsa sizin saytynyzda habarlasar yaly oz nomerimi goyayjakdym. Eger alajy bolsa 2/3 aydan son pozayarsynyz oziniz. Gayrat edin agam sogap gazanarsynyz. Yalnys dusunman belki ona menin komegim gerekdir. Durmusda kyncylyk goryan bolmagy mumkin. Hatyja eger entegem bu sayta giryan bolsanyz elektron pocda acdyryp bu yere posta salgysyny goyayyn. Men poctanyza ozim hat ugratjak bolaryn. Hydyr aga menin hayysym saytynyza gabat gelmeyanem bolsa hokman bitirayin. Oninden minnetdarlyk bildiryan.26 Iýun, 2022

Oglum, bu saýt duşuşyk, tanyşlyk açylýan saýt däl-dä. Eger saňa bolýa diýsem bu haýyşlaryň yzy üzülmez. Onsoňam Hatyja diýip bir gyz meň saýtyma girmedik ýaly. Men duş gelmedim.

Serdar: Hydyr aga men kino bilen şeýle gyzyklanyan kino hakda kop zatlary bilesim gelya artistler hakda men dine artistlerin durmuşy hakynda bilesim gelya garaz hemmezatdan beter şol kino sungaty gyzyklandyrya meni aktyor bolasym gelyadi cagakamam kino hakda pikir etmayin bul bir hyyaly zat diysemem yene shol kino anymda oz geljegimi goz onume getirsemem kino sungatynda goryan ozumi yone bilyanem welin men ol yerlere yetip bilmejegimi durmush yagdayyma seretsem yone şondada shol pikirler menin anymdada siz pikrinizi aydaysanyz siz kino sungatyndan duşunyaniza bize hemishe sizyaly maslahatcy tapylyp hem duranok bul bir anardan berilen zatmyka kino meni ozone gaty cekya jadylayan yalyda ozum yas bolsamam 60 70 80 nji yyllaryn turkmen kinolarynyn aktyorlarynyn hemmesini diýenýaly režisyorlarynyn kopisni bilyan tanayan sizin sahypanyzada totanden gabat geldim Heserli filmin senaryasy birzada diyip yazyk dur ekeni shony okayyn diyibem girdim24 Iýun, 2022

Meňem kino režissýor bolasym gelýädi. Mende kino höwesiniň döremegine Tarkowskiý hem Şukşin diýen iki sany rus režissýorlary sebäp boldy. Ekzamene-de girdim. Moskwa gidip okamalydy. Ýöne kakam indi giç, öýlenmänkäň gitseň bolardy, çagalaňňy bärde goýup gitseň bolmaz diýdi. Şo wagt bir oglum bardy, bäbejik. Şeýdip gidip bilmedim. Seň diýşiň ýaly, artistleň, režissýorlaň atlaryny bilýärdim. Türkmenlerden tanaýanlarymam bardy. Ýöne köp ýyldan soň, dogrusy garramsoň ssenariý ýazyp başladym. Bu ugurdan kän kitap okadym, kän kino gördüüm. Tarkowskiň Stalker diýip bir kinosyny 9 gezek gördüm. Öwrendim. Edil Moskwada okan ýaly bolmasa-da, gowja zähmet çekendirin. Kino-da edil hudožniklik, ýazyjylyk ýaly bir özbaşyna sungat. Alla tarapyn berlen üşügem gerek, ýöne zähmetem köp talap edýä. Sen häzir näçe ýaşyňda? Rusça bilýäňmi? Dünýä belli kinolary görýäňmi? Häzir medeniýet institutynda režissýorlygam, ssenariçligem, aktýorlygam okadýalar. Eger gijä galmadyk, ýaşyň geçmedik bolsa,okuwa gir. Aşgabatda ýaşaýan bolsaň, kinostudiýa işe girip bilersiň. Aýlygy azyrakdyr ýöne köp zat öwrenip bilersiň. Garaz, aňsat düşmez. Islendik kärde-de gowy netijelere ýetjek bolsaň azap çekmeli. Kinoda-da şoň ýaly. Arzuwyňa ýetmegiňi dileg edýän.

Serdar: Men Heserli filmini Juda gowy Gordum filmin sonragynda oglanjyk Oz dostuny saz çalyp ozone getiryan yeri bara yzyndanam aglaya şol yeri hasam tasirli duyguly bolupdyr gozume yaş dolanny bilman galdym yenede şularyaly filmler çykarmy jogap berayseniz kyn gorman 24 Iýun, 2022

Ýa nesip

Serdar: Salam agam Heserli filminin senaryasyny siz yazdynyzmy 24 Iýun, 2022

Ylýas bn bile ýazdyk

Asgabada: Agam welayatdan baryp Asgabatda ansadyrak is tapyp bolarmyka? Nadip tapyp bolar?22 Iýun, 2022

Bilmedim

ilden biri: Essalawmaleýkim Hydyr, Ylýas agalar! Nury Halmämmedow Bäherdeniň Daýna obasyndan eken. Şol obaň ýaşaýjylary nohur diýip eşitdim. Tire taýpa dawasyny etjek bolamok, bilmek üçin soraýaryn. Gurbannazar, Nury Halmämmet bilen köp tirkeşensiňiz. Nury Halmämmet nohurmyka? 19 Iýun, 2022

Waleýkimsalam. Bilmedim. Daýna baryp görmedim. Özünden soramagam asla kelläme-de gelmändir.

Revo: Salawmaleýkim agam, türkmen edebiýatynyň häzirki günümizde, adaty durmuşymyzda ýerine ýetirýän orny we onuň maksady hakda gysga aýdyp beräýseňiz. Ýagny şu günki gün türkmen edebiýaty näme üçin gerek we eger bir zat üçin gerek bolsa ol öz wezipesini, borjuny ýerine ýetirip bilýärmi.05 Iýun, 2022

Edebiýat diýilýän zat tutuş ýer ýüzüniň adamlaryna nähili hem näme üçin gerek bolsa, türkmene-de edil şoň ýaly we şoň üçin gerek. Edebiýatyň, sungatyň çöken ýerinde ösüş, ruhy ösüş bolmaýar. Kim edebiýatyň, sungatyň öňüne böwet basýan bolsa, ol halkyň ösüşiniň öňüne-de böwet basýandyr. Bu etmişi üçin halkyň öňünde-de jogapkärdir. Ýöne ýeser ýeri hakyky edebiýat we sungat diýip her kim bir zada düşünýär. Gitlerem Maýn Kamfdan ýokary derejede kitap ýok hasaplandyr. Edebiýat borjuny ýerine ýetirýämi diýip sorandan biz edebiýatyň öňünde borjumyzy ýerine ýetirýärismi diýip soralsa dogry bolarmyka diýýän. Şol kyn mesele. Bir çaganyň aňynyň, dünýägaraýşynyň, ruhunyň ösüşini saklajak bolsaň, elinden edebi kitabyny alaýmaly. Bu ýagdaý halk bilenem şeýle. Bir halky ýok etjek bolanlarynda onuň mekdebini hem sungatyny (muň içine edebiýatam girýär) ýok edýärler. Bu öwezini dolmasy gaty kyn ýitgi. Üns berseňiz dünýäde gaty yzagalak halklar bar. Munuň ilkinji sebäpleriniň biri diňe ykdysady garyplyk däl, ruhy garyplykmya-da diýýän.

G: Agam kitapcyda iki sany hekaya goylupdyr. Biri Serdar Atayewin Dagy hijran hekayasy, beylekisem Hydyr Amangeldin Uzulen kiris hekayasy. Ikisem so bir zat dalmi. Uzulen kiris ondan nace yyl onki yazylan bolsa ony gaytalayanynky ogurlyk bolanokmy. Bu hatymyn jogabyna garasyan.11 Maý, 2022

Bılemok. Serdar Ataýewiň proza ýazýanyny bilsemem, heniz hiç zadyny okap görmedim. üzülen kirişem ondan ogurlamadym. Nähili meňzeş bolupdyr bilemok. Kimiň öň ýazanynam bilemok. Ilki badalar hekaýalarym Şukşiniň hekaýalaryny ýatladýardy, Olam Şukşiniň hekaýalaryny köp okaýadym, gowy görýädim. Aslynda başlangyçda biraz öýkünmek bolmalymyka diýýän. Ýöne şonda-da Şukşiniň bir hekaýasyny okap, şuňa meňzedip ýazaýyn-la diýmedim. Serdar Ataýewiň özem,ýazýan eserlerem maňa tanyş däl.

Garayolly: Hydyr aga, essalawmaleykim. Ertiriñiz hayyr. Hydyr aga, meni gyzyklandyryan bir sowalym bar. Ynha, Gorogly kitapynyñ durli yyllarda cykarylan kitaplary. Olar asly bir syujet bolsa-da, neshirler biri-birinden goze ilerli parh edyar. Uytgewsiz bir yordumuny neshir ediji alymlar saklap bilenaklar. Meselem, 58-nji yylda cykan neshirinde yok shahalar 90-njy yylda cykan neshire goshulupdyr. Emma, ol goshulan shahalar ozumiñ-a gownumden turmady. Gorogly yaly adamy gapa sarap, suwda akdyrypyorler. Owez we Gyrat shahasynda bir goshgy-da yok. Shol shahanyñ mazmunam erteki pisint. 80-ÿylda cykan neshirinde Ajdarhanyñ agzyna doga oklap, ony bir uyshmek agaja owurup, Gorogly Agayunusyñ huzuruna gecip gidyar. Hany bu yerde Goroglynyñ obrazyna mahsus gahrymancylyk. Hydyr aga, shular, yagny neshirleriñ biri birinden parhy barada siziñ pikiriñiz nahili. 10 Maý, 2022

Bolýýa-da şeýle zatlar. Magtymgulyň goşgularynyň içinde-de özüniňki dälleri bar diýýäler. Gynandyrýan zat, ýöne nätjek şeýle edýäler-dä. Oňa garşy ýene alymlar göreşmese, derňewler geçirip, tankydy zatlar ýazmasalar. Biziň-ä ol neşiri taýýarlaýan edebiýaty öwrenjilere öwredere ýýagdaýymyz ýok, halk köpçüüligi bilen deň diýen ýaly.

Suray: Ekizler haysy yagdaya dusende duybunden uytgeya09 Maý, 2022

Adam düýbüünden üýtgeýämikä? Şu gaty kyn bolaýmasa. Ýöne özüm-ä gaty gaharym gelse, öz bolşumy saklap bilemok. Gaty gaharym gelýän wagtam adamyň nadanlygyny göremde.

G: Agam biz Magtymgulynyn nirede jaylananyny bilyas. Ozinem baryp gorensin. Beyleki meshur sahyrlarymyz, yazyjylarymyz nirede jaylanan. Meselem Kemine, mataji hem beylekiler. Solar barada bilyan zatlaryny yazay. Onki yazan hatymyn jogabyna garasyan.14 Mart, 2022

Mätäji Köşüň ilersinde Mahmyt işanda jaýlanypdyr. Anyk ýerini bilemok. Beýlekilerem bilmedim.

Re: Ýadyňyza düşýän kitaplardan okamagy maslahat berjek 5-6 sany kitap salgy beräýiň.12 Mart, 2022

Kitaplary köplenç ýaşyňa, gyzyklanýan ugruňa, özüňe göräräk saýlaýarlar. Maňa-da seni tanamamsoň, seň halap okaýjak, ondan peýdalanyp biläýjek kitaplaryňy salgy bermek kyn. Ýöne özümiň halap okan kitaplarım Dostoýewskiň, Tolstoýyň, Hemingueýiň, Bulgakowyň, Çehowyň, Borhesiň, Ekzýuperiň, Kobe Abäň, Akutagawaň... kitaplary. Halamaýan, okamaýan kitaplarym detektiw. Bir döwürler ýörite spisok düzüp şoňa görä okapdym, ýöne bu kän uzaga çekmedi. Başarmadym. Soň "duş gelen" diýen ýaly kitaplary okadym. Ýöne, halamadyk, gowşak gören kitaplaryma wagtymy ýitirmejek boldum. Şonuň üçin, olar köplenç klassyk ýazyjylaryň kitaplary boldy. Kur'any, Hadyslary, Magtymgulyny, Gurbannazary ýazmandyr diýäýme. Olar iň öňde durýar. Aslynda dünýä edebiýatyny okajak bolmalymyka diýýän. Oň üçin hökman rus ýa-da iňlis dilini bilseň gowy. Türkmençä terjime edilen kitaplaram okamak kyn bolýar. Ors diline terjimäni gowy edýäler. Şekspiri Pasternak ýaly güýçli şahyrlar terjime edipdirler. Orginaldan pes däl diýýäler, iňlisçe deňeşdirip bilýänler. Ýöne näçe okasaň az.

Balkan: Agam gowudyra yagdaylar? Asakda oylenmek barada yazylypdyr. Menem su meselede bir sorag berayjekdim. Oylenende basga taypadan gyz almak meselesine nahili garayarsynyz? Meselem yomut tekeden, yada teke nohurdan gyz alsa nahili bolar. Oz taypandan, tiranden oylenmek gowumy yada basga taypadan. Basga taypadan oylensen cagalaryn ejesinin taypadaslaryna menzemezmika? Basga milletden oylenmek barada nahili pikirde.11 Mart, 2022

Meň bäş gelnim bar. Biri Marydan, biri Balkandan (ýomut), üçüsi ahaldan (teke). Men-ä agzybir, süýjülikde ýaşaşylmagynyň tarapdary. Ýöne, haýyş edýän, indi edebiýatdan, sungatdan başga meselelere girmäliň. Men edebiýat adamsy. Ýuristem däl, wrajam däl, ZAGS-da-da işlämok, aşyk-magşuklyk ýaşdanam geçdim. Ýaşuly hökmünde sowal berýän bolsaňyz, töweregiňizde menden kän ýaşuly, köpi gören adamlar bardyr. Dogry düşüniň, siziň hiç biriňiziň göwnüne degesim gelenok, ýöne ýalňyş maslahatam bersim gelenok. Soraň, dünýä edebiýatyndan, kinosyndan, hudožniklerinden, kompozitorlaryndan... bildigimi aýdaryn. Galan sowallaryňyza jogap bermekden çekinýän. Jogap bereňok diýibem öýkelemäň.

G: Agamjan oziniz soyusip gormedinizmi, bolmanda oylenip gorensiniza? Bu meseleler sizde nahili boldy? Belki tanyslarynyzyn durmusyndan mysal getirersiniz. Eger hazir oylenmeli bolsanyz oziniz naderdiniz?10 Mart, 2022

Aý, sagja bol. Özüň öýleniber, maňa azar berme.

G: Agam gurlesyan gyzyn barada basgalardan sorasdyrmak gowumy? Onun terbiyesi, onki durmusy barada ony tanayanlardan sorasdyrmak bolarmy? Yene bir soragym sorasdyryanyny ozi bilse gaty gormezmi? Birhili ynanmazcylyk etyan yaly bolmazmy?09 Mart, 2022

Bilmedim, inim. Şu gaz-oglanly meseleden kän başym çykmansoň näme maslahat berjegimi bilemok.

Babyr: Gyzykly ýazgylar näçe sahypa da bolsa az bolýar. "Gutarmasyn"diýýäñ içiñden... ýone şol gowy ýazgylar bir çummigem bolsa, kä kişini irizip biler. Şol kä kişi üçin ýazgyny gysgaltmak beýleki okyjylaryñ hakyndan iýmek bolanokmy?!06 Mart, 2022

Dogry, ýöne umuman häzir gysga ýazgylar gowy okalýar. Özümem Don Kihoty okap bilmän ýörün. Okasymam gelýä. Kän garaşdyrman ýazgyň yzyny ýazmak has dogry bolaýmasa.

Ezi: Yagys bilen yagynyn tapawydy bamy06 Mart, 2022

Ýagmyr, ýagyn, ygal diýlende, käte gar, doly ýaly ýagynlaram göz öňünde tutulýar, ýalňyşmaýan bolsam.

Sünnet: 1yylda nace sekunt bar 04 Mart, 2022

Bilmedim. Köpdürlaý.

Seýit: Salawmaleýkim Hydyr aga. Hydyr aga, G. Ezizowyň ölmi hakda näme bilýäňiz? Siziň pikiriiňizçe şahyryň ölmi gurnalanmy ýada tötänlik? Näme üçinkä G. Ezizowyň jenaýatkäriniň düşündirişi hakda hiç hili söz açylanok? Şu waka bilen bagly bilýän zadyňyzy aýtsaňyz hoşal bolardym. Sag boluň.03 Mart, 2022

Şu saýtyň kitaplar bölüminde Bakylyk diýip bir ýazgy bardyr. Şonda Gurbannazar hakda ähli bilýänlerimi ýazypdym.

Re: Hmm. Bolupdyr. Başdaky atlary o diýen däl eken. Soňky ady eseri beýgeldipdir. Eseriňiz gyzyklyja bolupdyr.03 Mart, 2022

Sag bol

Re: "Gören kim, görünen kim" eseriňize şol ady nädip saýladyňyz.02 Mart, 2022

Işde Ýunus Emräň diwany bardy. Şonda duş geldim. "Hökümet mollasynyň gündeliği" "Ors mollasynyň gündeligi" diýen ýaly ady bardy başda.

Selim: Meniň dostluga düşünişim 24 Fewral, 2022

Dost, meň düşünşimçe, ikinji özüň ýaly bir zatmyka diýýän. Saňa gowy düşünýän, ýalňyşýan ýeriňde ynjytman aýdýan, garaz, seň gözleýän adamyň. Beýle dostlar oglanlykdan seň bilen ulalýar. Soňky dostlar olarça bolmaýar. Çyn dostlar, näme üçündir bir-ikiden köp bolmaýar.

G: Agam gyzlaryn kopisi mekir bolyan wagty baar. Az wagtlyk ozini akylly edip gorkezip bilyaler. Nadip olaryn hakyky hasiyetini az wagtda bilip bolar? Bu mesele dost saylamakdan kynyrak. Dostlar bilen gatnasygy goyulyan wagty kop bolya. Maslahat beray kyn gorman. Hazir gowy gyza dusmak gaty kyn diyyanler kop.22 Fewral, 2022

Elimden gelse, çyndanam kömek ederdim. Ýöne menem şol meselede edil seň ýalydym. Kitap okanymy gowy görýärdim. Indi-hä garrapdyryn, biziň döwrümiziň gyzlaram başgady. Sen, gowsy, maslahaty ýaşyrak adamlardan sorasaň nädýä.. Biziňki indi "Akylly boluň!" diýmekden aňry geçenok. Özüň pikir edip gör, ýetmişe ýetip barýan garry häzirki döwrüň gyzlaryny näbilsin. Kömegimiň degmeýänine gynanýan welin, nädeýin, bilmeýän zadyňy bilemok diýmek dogry.

G: Re: oz isin bilen bol. Akylyny Ylyas agan saytyndaky yaranjanlara ber. Hydyr aga Re: diyilyan bilen RTV ikisi bir adam oytyan yalnysmasam. RTV Hydyr aga akyl satmaga okde bolsa senem azyrak satyn alyp gor peydasy deger. Hydyr aga size sorag eger yas yegit bolsanyz oylenmage gyz saylamaly bolanda namelerine uns bererdiniz. Kyn gorman doly jogap berayin. Oylenmek ucin gyzy nadip saylamaly, edepli gyzdygyny nadip bilmeli?20 Fewral, 2022

Aý, men-ä bilmedim. Dos saýlaňda nähili saýlaýaň şoň ýalyrak bolaýmasa. Edepli bilen edepsiz gyz-oglan tapawudy ýok bellidir-le. Derrew özüni tanadar. Näçe ulalar düzeler diýseňem, şol bir bolşudyr, samsyklap durandyr. Garaz kyn mesele.

Shemal: Eger gyzyñyz aydymçy bolmak islese, rugsat bererdiñizmi?18 Fewral, 2022

Umuman, dogrymy aýtsam, gyzlaryň iliň öňüne çykmagyny halamok. Ýöne eşek kejirliginem etmezdim. Gyzlarda utanç meselesini enesi kiçilikden öwretmelimikä diýýän. Enesini gör-de gyzyny al diýilýär-ä. Ýöne enesi aýdymçy bolsa kyn. Aslynda, meň gaz-gelinlerimiziň aýdym aýtmagyna, saz çalmagyna garşylygym ýok. Käte dutarçy gelinleň sazyny, dessanlaryny telewizordan diňleýän. Berekella-da diýýän. Sebäbi gyzlar oglanlardan düşünjede, medeniýetde, sowatlylykda pes bolanyny, olaryň diňe hyzmatkär bolanyny dogry hasaplamok. Çagalarymyzyň terbiýesiniň köp bölegi ejelere bagly, öýdäki huzurymyzam. Aslynda, öýmüzi öý edýänem aýallarymyz.

Re: G, siz bir ýyldan soň şu ýazanlaryňyzy okap, ökünersiňiz. Hydyr aganyň "Gürleme" diýip bir goşgusy bar, gaty gowy goşgy.18 Fewral, 2022

Aý...

G: Sizin bu yerinize Kakamyrat mugallym diyen yaranjan bilen Okyjy diyen akmak girmeya. Solaryn girmeyani gowy. Olar dusbije diyyan adamynyzy yoldan cykarjak bolya. Yazylanlara saylap jogap berya diymesen, dusbijeligi dogry zat. Yanky ady tutylan adama menzeslerden seresap bol agam.18 Fewral, 2022

Bolar, inim

RTW: Akyl satmaga okde siz18 Fewral, 2022

Hmm...

G: Agam jan barmynay! Ylyas agan sorag/jogap bolimindakiler aldygyna mana gargap, sogip otyrlarlay. Gargysyn ozlerinede degip bilyandigini, menin gaty erbet zat yazmanymy dusundirsene bu millete. Kemcilikleri gorkezilena Ylyas aga welin, gargynyanlar basgalar. Agam mmenden yaman soz esiden dalsin. Dine oz pikirimi yazyp, jogap soranym ucin bolyan zatlara sereda. Mende yaman niyetin yokdugyny oziniz duyyansynyz. Ylyas aga jogap bermanson sizinem kellanizi agyrtdym bagyslarsynyz. Ylyas agada oz yalnyslaryna dusinendir diyip pikir etyan.15 Fewral, 2022

Düşünendir, inşalla. Ylýas öň-ä düşbüjedi

Re: "Öz arrygyny har eden, kişi arrygyna zar bolar" nakylyň manysy nämekä?12 Fewral, 2022

Öz zadyny, ýakynyny ynjydan, harlan adam, soň başga biriniňkä zar galar. Mysal üçin, piliň-kätmäniň bar diýeli. Sen şolara gowy seretmeseň, olar bahym zaýalanar, döwüler, soň sen goňşularyňdan pil-kätmen dilemeli bolarsyň diýýämikä diýýän.

Babyr: "Söýünhan aga indiki "ösdürimleriň" ady türkmenem bolsa, başga bir millete, başga bir türkmene öwrülendigini gözi bilen görüp oturan ýalydy." Ýadadanok. Akgynly, birhili ýürege ýakyn okalýar.09 Fewral, 2022

Sag bol.

G: Agam Ylyas aganyn sorag boluminde senzura bar diyenimde senzura bary yalan, Ylyasda arassa soraglary saklama hasiyeti baryna ynanamok diyipdiniz. Men iki yazgy ugratdym jogabam bermandir, saytada cykarmandyr. Ozi menden aydyanlaryma subutnama sorapdy menem subut etdim. Menden son yazylan owgili yazgylara eyyam jogap beripdir. Menin yazgylarymdada sogincli sozler yada tohmet yokdy. Dine soraglara jogap bermakdaki kemcilikleri barada yazypdym. Beytmek namartlyk bolya dalmi agam? Men siz bilen gowy dusunisip bilyan, ol bilenem dusunisip bileris diyip pikir etdim. Menin yazgylarym barada ozinden sorap gorayin. Kyn gorman Ylyas aga merdirak bolmagy we beylekilerin pikirine hormat goymagy maslahat berayin. Bizinki aytmak agam galanynam Alla gorip durandyr. Men yaman niyet bilen yazmadym. Indem dusunmese bilenini etsin.08 Fewral, 2022

Aý, şu meseläňden ýadadym. Bagyşla.

G: Meni keypine yazyp oturandyr oydayma. Yazyanlaryma subutnamany innizin ozine yazdym. Yone entek jogap berenok oytyan. Hawwada ol hemmelerden kop iysli, uly yazyjyda. Biz yalylary adam hasabyndada gormeyan bolmagy mumkindir. Belkide dine owseler we ozine degisli bolmadyk, tankytlamayan soraglary halayandyr. Yazanlarymy tassyklayan zatlary sondan sorap gorayin. Men saytynyz barada sorag beripdim. Sol soragymada jogap beray agam.08 Fewral, 2022

Aý, şu gürrüňleri goýaly-la.

Seýit: Hydyr aga, häzir ýigrimi bäş ýaşyňyza dolanma mümkinçiligiňiz bolan bolsa, ýigrimi bäş ýaşly özüňize näme maslahat bererdiňiz ýada näme etmekligi sargardyňyz?07 Fewral, 2022

Ýamandan, şerden, ýalandan, gybatdan daşyrak dur. Esasy maksadyň pikirini et, has çuňurak polir et... Şular ýalyrak maslahat beräýmesem. Ýöne kyn ýeri o meni diňlemez. Sebebi baş ýaş, entek gatyny görmedik. Maňlaýyna ýygyrt düşmedik.

Begmyrat: Dogrudanam, türkmen sazlary gudrat ekeni! Dutar göräýmäge ýönekeý saz guraly ýaly bolsa-da, ondan çykýan owazlar kalbyňy lerzana salýar...06 Fewral, 2022

Hawa, hakykat. Ýöne men bir zat haýran. Biz oglankak Çary Täçmämmet, Tugur Berdiniýaz, Ýagmyr Nurgeldi... garaz sanaýmaly sazanda bolardy. Indi ökde sazandalaram ýaman köp. Hakykatdan gowy sazandalar.

G: Hasiyeti gurasynlay sonun. Hemmade adamcylyk gerek. Menin aydanlarymy aydyp gorensiniza ininize? Name jogap berdi. Derrew samsyk sorag berilyanini aydyp illeri gunakarlap, ozini aklap basladymy? Gowja edip edep sapagyny gecayin. Gaty gaharym gelya kawagtlar bolusyna. Yene bir sorag bardy bu sayty hacana cenli yoretmekci, saytyn sonky ykbaly nahilli bolar? Sayt ucin ayda pul toleyanizmi?04 Fewral, 2022

Inim, Ylýasam edil meň ýaly. Olam ýetmiş ýaşap barýa. Menden 30 min. kiçi. Onsoň men oňa nadir edep sapagyny geçeýin. Ogullaryma, agtyklaryma seň diýýän sapagyňy geçip bilemok. Durmuş-da bi, ýagdaý bilen oňuşmaly bolýa käte.

: Ýazyň güýzüň şahyryna degişli maglumatlar 04 Fewral, 2022

Maglumatlar aýtjakmy? Men-ä ähli bilýänjämi ýazdym.Bşaga-da şü günler üýtgeşik maglumat eşdemok. Türkler tutuş bir žurnalyň bir nomerini Gurbannazara bagyşlapdyrlar. "Edebiýat we sugna" gazetiniň 24.12.2021ý. nomerinde şo hakda makala çykypdyr. Internetden gözleseň taparsyň. Hudaýi Janyň gowy makalasyny terjime edipdir Ysmaýyl Tagan.

Seýit: Hydyr aga, geljegiň edebiýaty nähili bolmaly? Şuňa garaýşyňyzy ýazaýsaňyz.31 Ýanwar, 2022

Geljegiň edebiýaty ýa-da geçmişiň edebiýaty diýilýän zat barmyka? Ýöne ýyllar geçýär, Magtymguly "köne" şahyr, "köne stil" diýen ýaly zatlar aýdylýar. Bilmedim. Bu hakda-da men-ä kän pikir edemok. Her kim öz başaranyny edýär. Ýöne güýçli şahyryň, ýazyjyň, kinorežissýoryň, hudožnigiň dörejegine ynanýan. Döräbersin, ol hiç wagt Nury Halmämmediň sazlaryna, Gurbannazaryň şygyrlaryna... kölege salmaz, öňüni tutmaz. Ýöne şeýle ussatlaryň bahymrak döränini isleýäň. Inşalla dörär. Men görmesem görmerin. Olam gaty möhüm bir zadam däl il gün üçin. Şonda-da olaryň bahymrak gelmegi üçin elimizden gelenini etmelimikä diýýän. Olar tutuş milletimizi bir basgançak, belki 10 basgançak ýokary götererler. Garaz, kän gowluk bolar.

Gül: "Mugallymçylyk käri taňry käridir,bir harp öwredeniň guly bolaýyn"Hz Aly.29 Ýanwar, 2022

Hakykat

Ýagmyr: Gowşak okaýan okuwşy29 Ýanwar, 2022

Näme diýjek bolanyňa anyk düşünmedim welin, okuwçy diýeniň her ýaşda birhiliräk okaýmasam bolýan eken. Bizem (Ylýas ikimiz) 8 klasam gowja okap gutardyk. Soňky iki ýyly welin, kän düzüwli okamadyk. Mugallym diýilýänem gerek-dä. Gowy, hakyky mugallym diýilýän bahasya ýetip bolmaýan baýlyk, bagt eken.

Täze: Ok. Garaşýarys eserleriňize. Ýarawsyzlygyňyz hem emgek bolup geçsin. Täze kino hem garaşybermelimi onda nesip bolsa.28 Ýanwar, 2022

Hawa, ämin. Inşalla.

Täze: Täze eser goýaňzokmy saýtyňyza.27 Ýanwar, 2022

Bir ssenarimiz bardy, şony kabul etdiler. Režissýor bilen işlemeli boldy. Biraz ýarawsyzlygam tapyldy. Inşalla goýarys.

Ggjvfjvt: 30 yumrtgani 7 gune tak sanan imeli naceden yetya25 Ýanwar, 2022

Bilmedim-dä. Kiçijikligimden hesaba duran ýerim

Begmyrat: Salam Hydyr aga.Arman.Ogulsenem Tannyyewa hazir barmyka? Eserlerini juda tasirli yazyar.23 Ýanwar, 2022

Ýogalypdyr diýip eşitdim. Anyk bilemok.

meri: gaz atmosferasynyň çykmagy näme21 Ýanwar, 2022

bilmedim-aý

Ýönekeý biri: Jogap gelenini gelmanini bilemok. @mail.ru yapylypdyr.. maslahat etjek zadyñy bolsa, köpüñ içinde maslahat edip bolanok. Kyn... sizde gmail.ru işleýämi18 Ýanwar, 2022

Bilemok, men ulanamok.

G: agam ininizin sorag jogap bolumine goz aylayyn. Soraglara godek, ulumsyrak jogap berilenini gorersin. Siz ona garanda alcagyrak, adamlary oz ugruna kowup, dil tapysmagy basaryanyz. Siz bilen dusunismek ansadyrak. Hemme zat normalny bolsa men size yazmazdyma?! Bir zat soralsa palandan soramalyda diyip yaltalyk bilen jogap berman oz pikirini yazsada bolara. Internede girjek bolsan, kopcilik bilen pikir alyssan samsyk sorag bilenem, gelisiksiz sorag bilenem, durli yagday bilen owrenismeli. Men akylly, men okde diyip sylasygy yitirmeli dal. Beyleki saytlara seredeninde size yazylyan samsyk soraglar hic zat bolup galyar agam. Yasuly erbet adama dal menin aydanlarymdan netije cykarar diyip umyt etyan. Sizede, onada Talyplar.com Islenen.ru yaly saytlara girip gormegi maslahat beryan. Dogry dusuneniniz ucin minnetdar. Gecip giden taze yylam gutly bollsun agam. Gowja edip garsylansynyza.09 Ýanwar, 2022

Sag bol. Seňem Täze ýylyň gutly bolsun. Düşümli ýyl bolsun. Hawa, aýdýanlaryň bilen razylaşýan, ýöne her kimiň bir häsiýeti bar-da. Ony aňsat-aňsat isleýşiň ýaly düzedip bolmaýar. Alla müşgüllerimizi aňsat etsin. Täze ýylda düşünişmezlikler az bolsun.

G: agam ininiz Ylyas aga adamlar bilen godegirak, biparhyrak geplesyan yyaly gownume bolmasa. Dogry kabir soraglar gaharyny getiryandir yone beyle ulumsy bolman dusunisip bolara. Ilde her hili pikirli, durli yasdaky adam bar. Yene bir zat onun sorag jogap boluminde gaty senzura guycli. Hemme soraglary sayta cykaryp boolmaz ony bilyan. Yone icinde soginc bolmasa jogap bermanem bolsa sayta cykaraymala. Bu menin pikirim. Siz Ylyas agany menden gowurak tanayanyz. Ilki onun sorag jogap bolumini okap gorip son pikirnizi bildirayin. Bu ilin gepini etmek daldir sebabi bullary onun ozinede yazdym. Eger menin aytyanlaryma gosulyan bolsanyz ona adamlar bilen medeniyetlirak, mylayymrak bolmaagy, saytyn senzurasyny azaltmagy maslahat berayin aga hokminde.06 Ýanwar, 2022

Hemmämiz adam, Ylýasam. Ylýasa näme üçindir has samsyk, bihaýa soraglary ýazýanlar bar. Maňa-da kä ýarym gelýä. Olara gaharyň gelmezligi mümkin däl. Elbette, o zatlary ýazýanlaryňam maksady seni adaty ýagdaýyňdan çykarmak. Senzura diýýäniňem ýalňyş bolaýmasa. Ylýasda arassa, gowy ýazgylary saklmak häsiýetiniň bardygyna ynanamok. Öz ýazýan zatlaryny üýtgeşik bir ýazgy hasaplap, onam Ylýasyň saýtynyň üsti bilen ile ýetirmek isleýänlere-de başga ýollar gözlemegi maslahat beräýmesem. Maksat nädibem bolsa at gazanmak bolsa, özüň bilýäň gowy netije bermeýär. Özüňem Ylýasa ýazdym diýýäň, menem aýdaryn. Inşalla hemme zat normallaşar, häzirem normal bolsa gerek.

Babyr: "Adamyñ saglygynyñ meselesi genetika bilen berk baglanşykly. Lukmanlar köp ýagdaýlarda näme üçin käbir adamlar şol şertlerde keselleýärler, beýleki adamlar bolsa şonuñ ýaly, hatda ondanam erbet şertlerde hem kesellemeýärdiýen soragy özlerine berýärler. Bu soragyñ jogabyny adam doglandan tä ölýänçä onuñ saglygyna täsir edýän genlerden gözlemeli. Soñky ýyllarda ýüregiñ we beýniniñ işemiýa keseli, arterial gipertenziýa, ateroskleroz, jahyllyk diabeti, ýaýran skleroz ýaly kesellere we howply çiş keseliniñ käbir görnüşlerine ýykgynlyk edyän genler tapyldy "29 Dekabr, 2021

Bulary näme üçin maňa ýazýanyňa düşünmedim.

Babyr: Poçtañyza ýazydm barypdyrmy agam!29 Dekabr, 2021

Bir salamyňy aldym, soň gelenok

Babyr: Poçtañyza ýazydm barypdyrmy agam!28 Dekabr, 2021

Ýok. h.amangeldi@gmail.com adresim

Babyr: Uly pikir etsem, Hudaý geçirsin-dä. Käte öz ýanymdan, "arassa ganly, arassa añyrdan gelýän hojalyk bolup, indi düzelşip ýören hojalyk, onna da ejelerinde ya kakalarynda(üns berdim, kesel üçinji arkadaky kesel gaýtalanypdyr) kesel ba hojalyk bn beyle gatnaşyklar gerek däl" diyyan. Soñam diýýän:"Namedirin öýdýäñ özüñe, diñe aşa stresiñ özünden rak, diabet, gaanazlyk, ýürek ýetmezçilikleri we.s.m döräp dur, Duzly, şor, agyr, ýada uzak möhletli gaplama zat iýip ýörenlerde de doreya bu keseller diyyan. Garaz hasap edeniñ bnem gaty kynda. Tanyş dogtarlar bar wln, meñ bilimimden uly dälde med.unweri gutaryp, 10 ýyl bari işlap ýörselerem.Genetika dp kitap skaçat etdim ya şony gözden geçirmeli.Düzüwli zat tapsañ igmi gullugynam üçinji dördinji derejede goýulýan zat boldy.(Menä ýaş kiçi 16-17 ýaş döwürlemem oñlamokdym, özüñkiden alyp bermäni, iñ halamaýan zadym)28 Dekabr, 2021

Genetika ylymy iň garaňky, az öwrenilen ylymlaryň biri. Kitaplara seretseň köp zat öwrenersiň, ýöne olaryň hemmesiniň soňy entek ylym üçin näbelli diýip gutarýar. Özüňkiden öýlenesiň gelmeýän bolsa, öýlenmezlik dogry. Ýöne öwlatlar bu meselä gaty üns berýäler. Şolam dogry däl, aslynda. Hojalaryň, şyharyň çagalary gitdigiçe ownaýar, ejizleýär. Emma şonda-da türkmen şol ýapyşan zadyna ýapyşyp durýa-da. Oglum, men saňa daşdan bir zat diýsem dogry bolmazlygy mümkin.

Babyr: Sagbol, agam! Ganyny barlatjak diýseñ, bir bolmasy bir zat diýläýjek ýaly bolup dur...mysal üçin ganazlyk, diabet we.s.m nesilden nesle geçyän keseller, aljak ýeriñ birinde nesle gecyan kesel bolsa çagalarynda da bolyarmyka?!.(soñ öz çagañda bolmak howpam barmyka?) Bolup bilmek howpy yokarymyka?!. Şu zamanda şu zatlar kynam dal ýaly welin öz derdi ozine yetik. Hemme ýerde hemme kişiñ ýanynda gürläbem, maslahat sorabam bolanok.28 Dekabr, 2021

Ýok, kesel hökman gaýtalanýa diýlen zat ýok. Ýakyn garyndaşyňa öýlenmekde diňe ähtimallyk ýokary bolýar. Kesel diýilýän diňe nesilden geçmeýär. Köp kesellere adam soň ýolugýar. Esasy iýmit gowy bolsa, kelle agyrylar, aladalar, daşyndan azar bermeler bulmasa adamyň özünde kesele garşy göreşmek güýji bolýar. Köp keselleri wraçlaram bejerýär. Wagtly-wagtynda iýip içmek, rahat ýatyp ukyňy almak kör dertlere em bolýar. Saňa dogtorlar has köp, gowy, dogry maslahatlary bererdiler. Sen çekinme, eger alada goýýan düýpli bir mesele bar bolsa, git-de şolar bilen maslahatlaş. Alla bardyr. Esasy agzybir, süýjülikde ýaşamak, galanynyň bir zady bolar. Alla haýyrlysyny etsin.

Babyr: Durmuş gurmakda saglyk, endik, girim-çykym meselesine nähili garaýañyz agam!.. Mysal üçin nesilden nesle geçýän keseller, häsýetler bolýar...27 Dekabr, 2021

Bizde bir ýalňyş häsiýet, düşünje bar - dogan-dogan bilen guda bolýalar. Köplenjem iki dogan uýalar çagalaryny alyp-berişýäler. Erkek doganlaň çagalary bolmasa bolýar diýibem delillendirýäler. Şeýle edilse keselleriň nesilden nesle geçmek howpy, olardan kemli çagalaryň dünýä iýnmek ähtimal artýar. Gan täzelenmegi, hat-da oglan bilen gyzyň ýaşan klimatynyň tapawutly bolmagam geljek nesliň sagdynlygyna gowy täsir edýär. Ýene bir gowy tarap eger ýatdan ogluňy öýerseň ýa-da gyzyňy çykarsaň seniň barjak gapyň köpelýär, garyndaşlaryň artýar, "örüň" giňeýär. Elbet-de durmuş gurmak ýazgyt işi. Haýsyny edeňde gowy boljagynam bir Alla bilýär. Ýöne haýwanlarda seleksiýa diýip bir zat bar. Muny alymlar öwrenipdirler. Ýakyn ganlary birleşdirmegiň peýdaly tarapy, mysal için, bir ýyndam atyň taýlaram atasyna has meňzesin diýip ýakyn ganlary (onda-da iki doganyň nesilleri rugsat edilmeýär)çakyşdyrýarlar. Käte gowy netijede bolýar. Ýöne şonda-da seleksioner alymlar muny etmezligi maslahat berýäler. Meni haýran galdyran bir zady aýdasym gelýär. Bedene guşy hiç wagt dogan-doganyna ýakynlaşmaýar diýip alymlar ýazýar. Şonuň üçin bir erkek bedenäň ýanyna 10-12 sany mäkiýan bedenäni goýmaly diýýäler. Bu guşlary biri-birinden tapawutlandyrmak mümkin däl, sebäbi olar biri-birine gaty meňzeş bolýalar, emma olaryň özi dogan-dogany tanaýar diýýär alymlar. Ýene-de bir zady aýdasym gelýär, toýdan öň durmuş gurjak oglan bilen gyzyň ganyny dogtora barlatmak dogry. Bu işde hiç bir aýp zat ýok. Muny barlatmak işem çylşyrymly däl. Eşdişime nika gyýylýan ýerlerde, ýörite wraçlaram bar. Ätiýaçlylykdan zyýan gelmeýär. Iş-işden geçensoň ahmyr çekeniň peýdasy ýok. Alla ýaşlarymyzyň bagtyny açyk etsin, olara sagdyn nesil bersin.

Yusup: 1 Gunde nace sekunt Bar?24 Dekabr, 2021

bilmedim.

Okyjy: Prozada - çeper eseriň atasy sýužet, enesem konflikt. Şu ikisi bolmasa-da çeper eser bolup bilýär. Ýöne, eýýam onuň okalyş koeffisiýenti pese gaçýar. Diýjek bolýanym, ýaňky agzalan žanrlaň hemmesiniň merkezini gyzykly, özüneçekiji suýžet eýeleýär. Ol sýužetiň özenem konfliktden ybarat bolýar. Şol ikisem eseriň dartgynlylygyny, gyzyklylygyny üpjün edýär. Ýazýan adam ýazýan zadynda eräp ýazanda, gowy bolanda (okyjysy duşsa, temasy gyzykdyrsa we ş.m.) onuň başyndan geçirýän duýgusynyň 10%-i okyja ýetip, ony gozgaýar. Onsoň höwessizlik bilen diňe kellesini hem bilimini işledip ýazylan zadyň nämesi okyja ýetmeli? Diýjek bolýanym, höwesiň bolmasa ýazanyň, ýazýanyň, ýazjagyň pagtabent atan ýaly bolýan bolaýmasa. Gohy köp-de, şeýi hiç. Ýöne, jüpüne düşse, pagtabendiňem "şeý"-li bolup çykýan ýeri duşmagy ähtimal. Kim bilýä, belki has züwwetdin haýwanjyk duşup, boş güwlempajyňa "ýüregi ýarylar"? 20 Dekabr, 2021

Hawa, aýdýanlaryň bilen razylaşýan. Şonuň üçin ýazjak bolsaň gaýta ýazylmaýar. Ýöne ýazyberseň, çap ediliberse, kitaba öwrüliberse, boş zatlaram doly ýaly kabul edilýänini gördüm. SSSR döwri olar hasam köpdi. Sebäbi ýazyjyda, şahyrda abraýam bardy. Bähbit arap ýazylan zatlar boş bolup çykýar. Boş däl ýazyjyň ýa-da şahyryň ýekeje setiri eýýäm onuň kimdigini tanadýar. "Bolmajak bolsa bolmaz" diýýä welin, sen ony ýazanyň şahyrdygyny şobada bilýäň. Onsoň her kim ony birhili garşylaýar. Biri başarsa ýykjak, biri dost boljak. Esasanam bahyllar onuň daşyna geçýär. Sebäbi ol abraýa eýe boljak adam. Abraýam, pulam, bähbidem hemmesi talantly adamyň paýy. Gözüň köküni gyryp ýazanlaryň ählisinden onuň "Boljak, boljak bor ýogsa" diýen setiri güýçli. Miweli agaja kesek atylar diýileni gaty dogry, hak söz. Käteler "Alla her kime bir başarnyk derejesini berýär, şondan ýokaryk çykmak ýok" diýip pikir edýän. Her kim diňe elinden gelýänini edýär. Käte-de köýüp giden zehinler, talantlar ýadyma düşýär. Oňa-da etsek alajyň ýok.

Okyjy: Hydyr aga, salawmaleýkim. Köpden bäri ünsümi çekýän zat, näme üçindir biziň edebiýatymyzda, häzirki döwürde dünýäde ýörgünli bolan fantastika, fentezi, horror, detektiw, taryhy detektiw, stim-pank, alternatiw-taryhy eser, laýt-nowella (ranobe), psihodeliki proza, kosmoopera, mistika žanrlary düýbünden işlenilmeýär. Näme üçin şeýlekä? Ýa, okyjyda gyzyklanma ýoklugy üçinmikä? 19 Dekabr, 2021

Ylymymyz ösýär, inşalla bolar. Senem ýaman ylymly ekeniň, belki, özüň ýazarsyň. Ýöne biz düşünermikäk, dogrusy men düşünermikäm? Düşünerler, inşalla, ýazsaň bolýar. Şeýdip täze žanrlarda işleýän türkmen ýazyjylarymyzyňam köpeljek döwri geler. Men muňa köpden bäri garaşýardym. Berekella. žanralary gowy öwrenipsiň, gowy eserlerem ýazarsyň. Men berekellaňy ýetirerin. Bile ýazyşaryn diýmäge het edip bilemok. Garrapdyryn, saglygym ýok. Huşum ýok,zehinimem owalam ýiti däldi welin, häzir-ä kütek palta dönüpdir. Şu günler näme üçin türkmenlerden kosmonawt ýokka diýýän. Olam bolar. Ylymymyz ösýär.

G: Agam cagalarynyz, agtyklarynyz haysy ugurda ishleya? Garyndaslarynyzda sizden basga meshur adamlar barmy? Sonam turma dusen ekeniniz yas wagtynyz eger gizlin bolmasa name ucin? Nace wagt oturdynyz? Yone siz bir kabir adamlar yaly men gunasiz, tohmet atdylar diyayman gayrat edin.16 Dekabr, 2021

Çagalarymyň, esasan gurluşyk firmalary bar, şonda işleýärler. Men özümi meşhur adam hasaplamok. Indi türmeli meselä jogap berjek bolaýyn. Adamyň ömri köp ýalňyşmalardan durýan eken. Dogry edenlerimden ýalňyşan ýerim kän boldy. Türmä düşmegimem şol ýalňyşlarymyň iň ulularynyň biri. 8 ýyl berdiler, 5-sini oturdym. Indi başyma düşen iş barada jikme-jik bilesiň gelýändir - edil şoň ýaly meňem o günlere dolanyp barasym, gürrüň beresim gelenok. Başarsam ýatlamajak bolýan. Eger şeýle zerur, hökman ýatlamaly bolsam, şonda bilmedim. Häzirä ýatlasym gelenok. Belki arhiwlerden ýa-da bilmedim nirede goýýanlaryny, "delomy" gözleseň, belki taparsyň. Arza bilen ýüz tutsaň belki delony eliňe-de bererler. Ýöne teniň ýanar-da ýara bolar, üsti kesmeklär, kesmegini aýyrsaň ganar, awar. Edil şonuň ýaly ýara, ýaralar ýürekde-de bolýar. Olaryň kesmegini aýyryp ganadyp, awadyp oturmak saňa-da ýakymsyzdyr, maňa-da. Bigaýratlykdyr belki, beýle jogap bermek, ýöne geçeni geçdi bilmek meň ýeke-täk çykalgam. Meň dereksiz durmuşym bilen içgin gyzyklananyň üçinem köp sag bol. Ýöne maňa, meň durmuşymy öwrenmäge wagtyňy ýitirme. Wagtyň gaty gymmatly zatdygy hemmämize mälim.

G: Agam adamyn haybandanam ayylganc eden bir isini gordim diyipsiniz. Ol name zat aydayynda.13 Dekabr, 2021

Aý şu wagt ýadyma düşenok, aýplaşmaň

Läle : Salam Hydyr aga durmuşda şeýle adamlar bar sada geýinen adamlara şu wagt şol geýimler geýilýilýmler geýilýämi diýip gülýäler şol adamlan ruhy garyp diýip düşünýän her kim ýagdaýyna görä bolara bu hakda sizin pikiriniz 10 Dekabr, 2021

Dogrusy, meň üçin-ä täze eşik öwrenişýänçäm iş bolýa. Sada, kän göze ilmeýän eşikleri gowy görýän. Ýaşkam belki, biraz alabederräk geýinerdim. Oglanlyk-da. Eşige aklymy aldyran wagtym bolmandy. Eşikden akylyň öňdedigi her kim üçinem düşnüklidir-le.

D:: Hydyr aga, dostluk saytda shuny goyupdyrlar.Okap gorunsene: Hiç zat hakda hiç zat Hiç zat hakda hiç zat ýazasy geldi. Ýaman erbet! Edil ýöne, şeýlebir ýazasy geldi welin, içi byjyk-byjykdan dolup, ölüp barýar... Ýöne, hiç zat hakda nädip hiç zady ýazjak?! “Hiç zat” hiç zat bolar-da. O hakda, ýekeje harp-a beýle-de dursun, hatda dyngy belgi ýazdygyňam, ol eýýäm, hiç zat hakdaky hiç zat bolmagyny bes edýär-de, nämedir bir zat hakdaky nämedir bir zada öwrülýär. Asla, adamzadyň müňlerçe ýyllaň dowamynda toplan tutuş edebiýaty, ylmy, sungaty, pelsepesi... nämedir bir zat hakda nämedir bir zat dämi nä?! Hiç zat hakdaky hiç zady hiç haçan, hiç kimem ýazyp bilmändir. Iň bolmanda, iki aýagynda ýöreýänleň arasyndan kimdir biri. Oň sebäbem başda aýdyldy. Ýekeje belgi goýuldygy hiç zat hiç zat bolmagyny tamamlaýar. Oň welin, şo barada şony ýazasy gelip ölüp barýar. Goý muňa: “syrtyň açykka ilden üýtgeşik boljak bolan bolmak” diýen tagma ýelmesinler! Goý muňa, diliniň awusyny nirä nämetjeklerini bilmän ýörenler: “Guýa ýeňle-de at gazan!” diýşen bolup, dodak çöwürsinler! Goý muňa, eýlekileň düşünmedik jümlesine özleriniň düşünendigine ýa-da düşünýändiris öýdýändigine heýjanelek bolup, erkek gyýan deýin birnäçe sapar yzba-yz aýyş pursatyny başyndan geçirýänler: “Brawissimo!” diýip, gürrüldili bimany çarpyldy eýlesinler! Goý muňa... Barybir, nämedip nämetseler-de, oň ýazasy gelýär. Şo barada! Hut şo görnüşde! Çünki, hiç zat hakda hiç zat, adamzat döräp, entege bu güne çenli ýazylmadyk zat! Nämedir bir zatlar barada nämedir bir zatlardan dünýe doly! Emma, hiç zat hakda hiç zat welin, edil şagalaňly toýa çagyrylman gelip, indem, bezemen, mes myhmanlaň hümerinden çeträge çekilip, “gel, geç” diýip mürehet edilmeg-ä baýaky, hatda: “bamysyňam” diýilmedik misgin deý, gelenine ökünip, utanyp, horaşaja geýminde ýüzüni sallap dur! Dünýe – nämedir bir zatlaň dünýesi! Hiç zatlaň orny bolsa, bu ýalamçy-da – köwüş bazaram däl! Toý-meýlisiň bolýan howlusyndan daşrakdanam daşrakda gezmeli! Özüniň mazlum sypaty bilen, pakyr-bende roýy bilen döwre gurap bezm kylýan nämedir bir zatlaň gözüne görnüp, olaň keýpini gap bilinden döwmez ýaly! Şoň üçinem hiç zat hakda hiç kim hiç zat ýazmaýar. Sebäbi birinjiden-ä bu mümkin däl. Üçünjidenem, hiç zat hakda hiç zat ýazanyň üçin hiç kim hiç zat nemetmez. Ikinji sebäbine-de her kesiň özi düşünsin! Belki, şo – hiç zat hakda hiç zatdyr?!...05 Dekabr, 2021

Bu-da bir stil. Edilmedik stilem däl. Munuň ýaly edip suratkeşler köp surat çekýäler. Arasynda dünýä meşhuram bar. Tanalmaýanam, kabul edilmeýänem bar. Ýazan hezil edip ýazýar. Senem okasyň gelse oka, okasyň gelmese olam öz işiň.

Dogruçyl: Käbir soraglar ýazyjylara, şahyrlara,, men şeýle adamlaryň arasynda ýaşaýarkam name üçin ýazýakam, kim üçin ýazýan,, diýip oýlanmaga mümkinçilik döredip biler. Men käteler kä ýerde duşýan adamlarym barada oýlanyp gumda çölde ýeke otlap ýörän düýe bolasym gelýär. Hydyr aga bu barada siziň pikirňizi diňläsim gelýär.. 05 Dekabr, 2021

Hawa, şeýle bolýan wagtam bolýar. Ýaşkaň, bir zatlar etjek bolýarkaň diňe saňa düşünmezlik däl, seni duşmany ýaly görýänlerem bardy. Ýöne sabyr etmeli bolýar. Şol ýyllarda her üýren güjüge kesek atjak bolsaň, barjak bolýan ýeriňe ýetmersiň diýen bir pähimi köp gaýtalardym. Menasla-da ýekeligi köpçülikden gowy görýän. Ýöne gowy görsemem mydam adamlaň arasynda ýaşamaly boldum.

D: Şo maksadyňy bilmekde iş bar-da... Öňüňde belli bir maksat goýup bilmeseň näme etmeli? Bimaksat ýaşap bolarmy? Ýa maksatlaram durmuşyň akymyna görä özi dörär ýörer-dä diýip ýaşabermelimi "Bir günüm-şat günüm" diýip.03 Dekabr, 2021

Her adamyň özüne görä maksady bolýan bolaýmasa. Öýlenmegi ýa-da durmuşa çykmagy ömrüniň maksady hasaplaýanlaram bar. Çagaň maksady dükandan doňdurma almak. Maksatlar adam ösdügiçe kämilleşýär. Özümiziň kämilligimizi, kimdigimizi maksadymyza seredibem aýtsa bolar. Alla dogry ýoldan azaşdyrmasyn, şeýtan ters maksatlara gyzygdyrmasyn, gümra etmesin.

arslan: turkun 1 lirasy bizde nç manatka 02 Dekabr, 2021

bilmedim, internetden gözläý

D: Durmusda oz maksadyňy nadip tapmaly.02 Dekabr, 2021

Men-ä ilki bilen şol maksadyňy bilmelimikä diýýän. Prezident bolmalymy ýa-da prezidentleriňem gözi gider ýaly ýaşamalymy?

Tumar: Arini nadip dogalamaly ozune bendi etmeli30 Noýabr, 2021

Bilmedim

samir: maşyny kim çykardy22 Noýabr, 2021

bilmedim

AaBb: Hudaý diýip nämä düşünýärsiňiz?18 Noýabr, 2021

Uly il Hudaý diýip nämä düşünýän bolsa, menem şonuň ýaly düşünýän bolsam gerek. Özümde Ýaradandan başga bir Hudaý bardyr öýdemok. Ýöne Allany tanasyň, Alla ýakynlaşasyň gelýän bolsa, Kur'any, Pygamberimiziň hadyslaryny, welileriň ýazanlaryny oka. Men-ä Kur'anyň türkçe terjimesini okapdym. Indi-hä türkmençe-de, türkçe-de, rusça-da, iňlisçe-de... ähli dillerde diýen ýaly tapdyrýar.

: Pikirdes 15 Noýabr, 2021

düşünmedim

Gülzargöwün: O'Genriñ ,, soñky ýapragyny,, haýsy dilden terjime etdiňiz? 11 Noýabr, 2021

Orsçadan.

Dogruçyl: Hydyr aga salam! Mangoň bärik gelenine ýaman begendim. Şeýle adamlar azlyk edýämi nämemi muny diňe okasymyz gelýär ýazan zatlaryny. Bärde paýlaşsa has şat bolarys.)) 11 Noýabr, 2021

Hawa, ýazan zadyň bolsa paýlaşaly-ha diýdim. Inşalla.

Mango: Hydyr aga. ýekeje bellik etmekçi. Siziň eserleriňizi kitapçyda goýjak diýenler, ýalňyşmasam ol saýtyň admini Wepa (Haweran) bolmaly. Men diňe ulanyjy, başga hiç hili baglanyşygym ýok. Kä wagt sizde bolşy ýaly aýratyn halanja zatlarymy paýlaşmam bar. Ýöne, her näme-de bolsa paýlaşmaga beren rugsadyňyza sag boluň... Begenjimden bu günem sizden bir eser paýlaşaýyn. :-) Minnetdar. Ýazsaňyz okaýandyrys. Okaýan az diýmän ýazyp duraweriň...10 Noýabr, 2021

Sag bol hoş sözleriňe. Sen gaýta meni begendirdiň. Özüň ýaz-poz edeňokmy? Aý bolýa, azar bermäýin. Sag-aman gezip ýörseňiz, gowy zatlaram ýazýansyňyz. Alla işleriňizi ugruna etsin.

Mango: Salamaleýkum Hydyr aga. Söhbetdeşligiň arasynda “dogruçyl” diýen dostumyz adymyzy agzapdyr. Men Mango, “galamdaşdaky” we “kitapçydaky. Kitapçyda hem suziň goşguňyzy paýlaşdym. Ol goşgyny hem siziň şu saýtyňyzdan aldym. Hemem sizden rugsat almanym üçin ol ýerde ötünç sorapdym. Häzirem ötünjimi gaýtalaýan. Eger ters iş eden bolsam bagyşlaň. Goşgy hakykatdanam uly gyzyklanma bilen halandy. Siziň “gören kimiňizi….”, “ok”, “garamurat”…. we beýleki eserleriňiziň haýranydyryn. Jan saglygyny dileýän. Sizden ýene-de gowy eserler garaşýan. Ýene bir gezek ötünç soraýan (nämeden, bilemok…. bir sebäpden sizden soraşman eseriňizi başga ýerlerde gaýtaladym)… razy boluň.10 Noýabr, 2021

Waleýkimsalam. Ýazýan adam ýazan zadyny il-gün haýyrlansyn diýip ýazýandyr-la. Men-ä şeýle. Şonuň üçin, meň ýazan zatlarymy islenjek, okaljak ýere goýanyň üçin, gaýta köp sag bolsun aýdýan. Geljekde-de göwnüňe ýarany bolsa arkaýyn alyber. Indi, huşam galmandyr, öňem bir rugsat sorap hekaýamy goýjak bir saýtda diýeniň ýadyma düşýä. Ýöne onda Margo däl-de kitapçy diýip giripdiň öýdýän. Tapawudy ýok, oglum arkaýyn okaýan bar bolsa goýuber. Habarlaşyp dur. Öz ýazýan zatlaryňdan, oglanlaň gowja zatlaryndan iber. Ekizlere-de goýup bolar. Gatnaşygy näçe giňeltsek begenýän. Men pikirimi ýazyp kelläňizi agyrtmaryn, diňe okasym gelýä. Ertirlere goýma diýseňiz, olam siziň ygtyýaryňyz. Öňler ýazýan oglanlar bolup her gün diýen ýaly üýşerdik, oturardyk, okaşardyk. Dawa etmezdik, ýöne jedelleşerdik. Indi o zatlar galdy welin, gulagym kesilen ýaly. Töweregim gum-gukluk, boşluk. Döredijilik adamlaryny görüp bilmeýänimi aýtjak bolýan. Bolýa, habar tutanyň üçin sag bol. Tanyş-bilişlere, ýazýan oglanlara, gyzlara kö-köp salam aýt. Döredijiligiňizde üstünlikler dileýän.

Karz gerekmi?: Salam, biznes karzy, şahsy karz, öý karzy we ş.m. gözleýärsiňizmi? Häzirki wagtda Şahsy we Isleg bildirýän islendik adama karz 1 ýyldan 30 ýyla çenli 2% göterim bilen. Ady: Doglan gün : Jyns: Maşgala ýagdaýy: Salgysy: Şäher: : Urt: Telefon: Karzyň mukdary: Karzyň dowamlylygy: Arassa aýlyk girdejisi. Bize e-poçta iberiň: pcully.loanoffer01@gmail.com07 Noýabr, 2021

Sag boluň.Allaha şükür şu wagta karza mätäçligim ýok.

Kömekçi: Ilki bilen sowalymy jogaplanyňyz üçin minnetdar. Soňam ünsiňizi çekmek isleýän zadym: Bir wagtky fantaziýa, erteki hasap edilen zatlar bu günki günimizde hakykada öwrüldi. Meselem: ertekilerdäki uçýan halylar şu günimizdäki uçarlardyr dikuçarlara hakynda dälmikä? Ýa-da hemmämize belli "Görogly" dessanyny alyp görsegem, Agaýunus ýeňňemiz dyrnagyna seredip, dünýädäki işlerden habarly bolup otyr. Bulam belli bir derejede bolsada şu günimizdäki aragatnaşyk serişdelerini ýatlatmaýarmy eýsem? (Günbatar edebiýatyna seretsegä bular ýaly mysallary hasam köp getirip bolardy.)07 Noýabr, 2021

Hawa, gaty dogry aýdýaň.

Kömekçi: Salawmalekim Hydyr aga! Oňatmy ýagdaýlaryňyz?! Hydyr aga, fantastiki eserlere garaýşyňyz nähili? Näme üçin bizde fantastiki žanrda ýazylan eserler "ýok" diýerlikli derejede azka?! 06 Noýabr, 2021

Fantastikany oglankam halamazdym. Biriniň toslamasy diýýädim. Tarkowskiň Solýarisinden, Stalkerinden soň ýörite fantastiki kitaplary ürç edip okadym. Kän däl, meşhurlary okadym. Lem, Stalkeri ýazan doganlar Strugasskiler, Çapekdi öýdýän robotlar hakda ilki bolup ýazan (gaty güýçli ýazyjy)ýene birki awtor bardyr, bolaýsa. Gyzykly, erkin ýazyp bolýar, ýöne bu žanrda ýazmak üçin biraz bilimiň bolmaly, ösen ylymlardan habaryň bolmaly, üstesine-de güýçli fantaziýa gerek. Garaz, alyp goňşyň hakda hekaýa otaran ýaly däl. Şondan bolaýmasa. Hudaýberdi Diwangulyýew pahyr bir wagtlar ýazardy. Ýöne üýtgeşik zat diýmediler. Menem okap görmedim. Kitap görnüşinde elime düşmedi.

Re: Maňa duşan bir alymyň (sosiologiýa ylymlarynyň doktory) aýtmagyna görä, "maşgala" diýen institut gitdigiçe gowşaýar we geljekde ýitmek ähtimallygy bar. Siziň pikiriňiz.06 Noýabr, 2021

Aý, edil beýle däldir-le. Öňkülerden gowşaýan bolmagy mümkin. Serhetler açyldygyça, tehnika ösdügiçe, adam gatnaşyklaryna isleseň-islemeseň täsir edýär, ýöne entejikler ýitmez-le. Ýitmesin-dä.

Re: Şeýdaýynyň "Arap dili boldy dilleň güýesi" diýen setirlerine garaýşyňyz. Gözel 25 çyndanam boldumyka.06 Noýabr, 2021

Hawa, gözel ýigrimi bäş bolupdyr. O hakda türkmen dilçi alymlaryň ylmy işleri hem bar. Ýöne men dilçi, dil-edebiýatçy bolmamsoň ýörite okadylmadym. Gynansamam, bilýän zadym ýok diýsemem bolýar.

Re: Pars dili türki dillere nädip ornaşdyka.06 Noýabr, 2021

Pars dili edebiýat dili hasaplanypdyr. Jelaletdin parsça ýazypdyr. Türkçe ýa-da türkiçe ýekeje setirem ýok. Dogulan ýeri Balh, ölen ýeri Koniýa. Pars dili gaty owazly, şirin dil hasaplanýandygyny bilýänsiňiz. Türki halklar bilen goňşy oturansoň, dil beýlede dursun, parslaryň ganam gatyşyp gidendir.

Re: Iň gowy görýän naharyňyz.06 Noýabr, 2021

Nahar meselesinde men kän bir ynjyk adam däl. Duzly bolmasa, ýa-da tersine ýuwan bolmasa, gaty ajy bolmasa hiç bir naharam erbet göremok. Ýöne ýaponlaryň restoranlarynyň birinde (Kuala-Lumpurda) birnäçe gezek bir nahar iýdim, şoň tagamy ýadymdan çykanok. Çorbasyny getirýäler, ýany bilen ýukajyk kesilen sygyr etinem. Ortada-da kiçijik gaz plitajyk özüň bişirnmeli. Gaty tagamly bolýar. Çorbasyna bir ot goşýandyrlar-da bilmedim. etem ýuwaşja ota gaýnap, derrew bişýä. Birem Aýderede käkiligiň etini közüň üstünde goýup, bişirip berdi bir awçy, şolam gaty tagamly bolýan eken. Aý, "Tagam iýseň agyzda ýok, ýüpek geýseň eginde" diýilýär-ä, geçip gidýä.

Re: Arapça bilýäňizmi. Arap edebiýatynyň eserlerinden okamagy maslahat berjekleriňiz barmy.06 Noýabr, 2021

Gynansamam, arapça bilemok. Arap ýazyjylarynyň orsça terjime edilen hekaýalar kitabyny okap görüpdim. Gowylary bardy. Arap ýazyjylarynyň arasynda dünýä meşhurlaram kän. Ýöne atlaryny unudypdyryn.

Re: Her bir adamyň içinde ýyrtyjy haýwan otyr diýip bir zat okapdym. Siziň pikiriňiz.06 Noýabr, 2021

Adamyň haýwandanam aýylganç bir eden işini görüpdim. Özüňizem muňa mysal bilýänsiňiz. Onsoň adamyň içinde nämeleriň oturanyny özüňiz göz öňüne getiriberiň.

Re: Ylalaşýaryn, meniň üçinem Karnegä garanyňda gündogar pähimleri has ýakyn, yssy görünýär. 06 Noýabr, 2021

Bizde ýasamalyk ýok. Olarda "bagyşlaň" "sag boluň", "minnetddar" diýen ýaly sözler has köp aýdylýar, ýasama sypaýylyk has ösen. Elbetde, hemmesi däl. Gündogarda-da, Günbatarda-da çyn ýürekdeş adamlar kändir.

Re: Hydyr aga, Deýl Karneginiň eserlerini okap gördüňizmi. Okan bolsaňyz haladyňyzmy.05 Noýabr, 2021

Käbirlerini okadym. Gyzykly. Ýöne adamlar bilen öz bähbidiňi gazanmak,maksadyňa ýetmek üçin gowy gatnaşyk gurmak - munda birhili ýasamalygyň, ikiýüzlüligiň ysy bar ýaly boldy durdy. Şol ýyllar sahabalaryň ömri hakyndaky kitaplaram elime düşdi. Onsoň olaryň arassa niýet bile, çyn ýürekden adamlary gowy görüşleri, gatnaşyk guruşlary has özüme ýakyn göründi. Şeýdibem Karnegi galyberdi. Ýöne gowy, gerekli kitap.

Msbrtk: Tirkiş Jumageldiniň hem govy yazgylary bar eken04 Noýabr, 2021

Okap göremok.

Okyýjy: Hydyr aga, shu wagtyn turkmen yazyjylaryndan haysyny okamagy maslahat beryaniz.04 Noýabr, 2021

Häzirki türkmen ýazyjylarynyň ýazýan zatlary maňa tanyş däl. Gazet-žurnallary elime alyp görmänime esli ýyl bolandyr. Internetde saýtlary bardyr, ýöne menem olaryň adreslerini bilemok. Özümi gowakda ýeke ýaşaýan adam ýaly duýýan. Ahmet Halmyrat, Kömek Kuly, Juma Hudaýguly... ýene-de bardyr olara hormatym uly. Ýöne ne men olaryň ýazan, ýazýan zatlaryny okap bilýän, ne olar meňkini. Hemmesiniň günäkärem garrylyk, keselçilik, ýarawsyzlyk. Öýden çykamok. Sen barmasaň olaram gelenoklar. Bäşim Maksat, Umyt Küle, Ahmet Mele diýen ýaly soňky ýetişen ýazyjylaryň zatlarynam okap bilemok. Öň Galamdaşda seýregem bolsa duşýardym. Indi oňa-da giremok. Olaram tüýi ýeten ýigitler biz ýaly garrylary wagty geçen hasaplaýandyrlar-da, görüşip bilemok. Garaz, men näme maslahat berjegimi bilemok.

Gül : Ylym bir başga okamak öwrenmek bilmek başga diýýäler .size nähili pikir edýäňiz. Hydyr aga?02 Noýabr, 2021

Aý, bilmedim. Men-ä kän düşünjegem bolamok käbir bulam-bujar söz oýnatmalaryna. Şolary ýörite etjegem bolamok. Kä wagt jüpüne düşse düşäýýä. Çörek bir başga, mesge bir başga. Hawa, başga bolmagam mümkin, başga däl bolmagma mümkin. Ýöne üýtgeýän zat ýok.

Dogruçyl: Hydyr aga, şü "Gören kim görnen kim" gaty üýtgeşik ýazylan. Her ýerde gürrüňem edýärler. Eger-de, şu Hudaýi Jan, şol Hudaýi Jan bolsa, onda ol Hydyr agaň (Hydyr Amangeldi) "Gören kim görünen kim" powestiniň Türkiýede neşir edilmegine ýardam berip, türkmen edebiýatyny başga ýurtlara-da ýaýmak babatda uly goldaw, kömek, juda sogaply iş eden bolmaly. Bu powest öz döwrüniň keşbini görkezýän, iňňän ussatlyk hem çeperçilik bilen ýazylan, örän güýçli powest. Din, durmuş, ylahy ýoly agtarmak we ýasamalyk, köre-körlük we ylahy yşk bilen ynsana bolan mähiriň utgaşmagy, soraglar we gözleg, bu powestiň özenini düzýär. Serdar Atayew. serdar daýy, şol "Gören kim görünen kim"-i menem okapdym. soň näçe wagtlap özüme gelip bilmedim.... her kim albert ýaly, her molla şammat ýaly boldy durdy..... şeýle täsirli eser juda seýrek ýazylýar. kinosyny alaýsaň. wakalaryndan, ýazylyş dilinden, manysyndan, hemme zadyndan ajaýyp eser. okamadyklara maslahat - okaň. Mango02 Noýabr, 2021

Sag bol.Hoş sözleriňe minnetdar.

: "Öwrenmegi öwretmeli" - jaýdar aýdylan söz!02 Noýabr, 2021

sag bol

Babyr: Howwa. Harama bulaşaýmasynlar diyyan bolmaklaram ahmal. Bizem-ä ejemize-kakamyza aýtman gazanç edip, bolar bolgusyz işler etjek bolmadyk. Ine şu haram şu halal dp owretseñ birem zanny halal bolsa çagalar azmazmyka diyýan mena name iş edende de. Onnañam ile gune çykybam öwrenilyada kop zat(öz geýjegmiziñ daşyndan üýşirip öýe beren bolýan wagtlarmyzam bardy ep-eslije pul. näçe gazansañ çykdaýjy köpelýa ya-da adamyñ gözini hakykam diñe gum doldurýa) kakam Hatam Taýyñ "Baýlyk näme diýseler kanagatdyr dp jogap beriñ" diyen sozini gaytalamany gowy gorya... yone gazanmany owrenip bolsa da kanagaty owrenmek kynrak dusya...01 Noýabr, 2021

Kanagaty näme öwredýä? Meň düşünşimçe sowat. Nadan, bisowat adamlar nebsine buýrmalydyram öýtmeýär. Nadan bilen malyň arasynda tapawut az bolýar. Durmuşam adama köp zat öwredýär, ýöne kitabam ondan yza galmaly däl. Ýekeje kitabam başdan soňuna çenli okamadyk epeý ýaşdaky adamlara kän duşýan. Ynanyp bilemok, ýöne bu hakykat. Onsoň olaryň ogly okamasa geňem däl. Gazanjam etmelidir, iýibem-içmelidir, geýinmelidir, ulag edinmeidir, jaý salynmalydyr, öýermelidir... munuň soňy ýok, ýöne ýany bilen hökman okamalydyrys. Näme okajak? Nireden tapyp okajak? Bu-da uly mesele. Ýöne okamasak, okatmasak mal bolarys. Kanagatyň nämedigini bilmeýän mal bolarys.

Babyr: Baý bizem işländirsow gaçgaklap bukdaklap, eje-kakamyzdan... şeýdip-şeýdip töwekgel bolmany öwrendik. Ýuwaş ýuwaş öwredenem bolduk...çagasyna kosençik görkezmejek bolup kösençlige(tejribesiz yaşamaga) itekleya biziñ ene-atalaarmyz.31 Oktýabr, 2021

Kösenç, gara zähmet gowy terbiýeçi, ýöne çagalara, ýaş ýetginjeklere, ýigit çykanlarymyza-da öwrenmegi öwretmeli. Biz özümizden näçe närazy bolsak, ilem şonça razydyr, razy diýýä Gurbannazar. Özünden närazy bolup, hemişe ösjek bolup, şoň ugrunda horlanyp ýaşamaly. Belki, pagta ýygyp horlanandan bu has peýdalydyr.

Gül : Çyndanam türkmen çagasyna Gaty hamrak.dözimsiz bolýa.käte dözäýsede soňundan ýüregi awan bolýa.soň netijesi gowşaklyk.31 Oktýabr, 2021

Ýogssa çaga eziz, edebi ondanam eziz diýýäsem welin. Megerem alamançylyk, çarwaçylyk döwri beýle bolan däldir. Şertlerem adamlaryň häsiýetlerine gaty täsir edýär.

G: Bolya agam ashakdaky siz bilen pikir alyshyan Gaygyly men daldirin.29 Oktýabr, 2021

Wagtyňy söhbetdeşlikde güýmenip geçireniňden gündelikleri, kitaplary, hekaýalary okap geçirseň özüňe has peýdaly bolardy. Ýöne sen, megerem, peýdaňy-zyýanyňy bilmeýän ýaşyňdasyň

G: Agam name ucin aydasynyz gelenok. Ynha men Gayjyly atdan yazypdym. Siz haysy Gaygylynyn hakykydygyny bilip bilyanizmi? Men bashga gaygyly agam. Soragyma jogap berayinda yaltanman.28 Oktýabr, 2021

Biljegem bolamok. Sen adyňy aýdasyň gelse aýt, aýtmasaňam öz işiň. Men diňe pikir alyşýan, eger pikir alyşara adam tapsam.

Gaygyly: Agam aydayyn ssony gaty bilesim gelya. Asakda Gaygyly atly bar eken gormandirin. Gaygyly bagyslan. Sohbetdeslikden cykman. Ind i basga at yazaryn otinc sorayan Gaygyly27 Oktýabr, 2021

Aý, bor-la

Gaýgyly: Gaygyly dost, «ý» ýerine «y» ýazypsyň, men söhbetdeşlikden çykýan, sen dowam edäý..27 Oktýabr, 2021

Näme edip ýörsüňiz?

Gaygyly: Salam agam. Size haysy telefondan kimden sorag gelyanini bilip bilyanizmi? Eger bir adam saytynyza iki at bilen sorag yazyan bolsa sony anyklap bilyanizmi?27 Oktýabr, 2021

Ony näme etjek?

Shemal: Umyt bilen gorkynyñ deñagramlygyny nadip sazlamaly?26 Oktýabr, 2021

Bilmedim

Atsyzatly: Salawmaleýkim Hydyr aga! Hydyr aga, öz döreden eserleriňizden iň gowy görýän eseriňiz haýsy we näme üçin gowy görýäňiz? Ýene-de bir sorag. Döretmek islän eseriňizi döredip bildiňizmi?26 Oktýabr, 2021

Aý, aýratyn gowy görýänim ýok. Göwün isleýänini isleýşiň ýaly ýazyp bilmek mümkin däl bolaýmasa. Men-ä başarmadym.

: «YNSAN DOGRYNY DIŇE ÝÜREGI BILEN GÖRER». Alla kalbymyzy kör etmesin25 Oktýabr, 2021

Ämin

Mergen: Belki-de dogry goýlan kiçi maksatlar, edilýän gündelik aladalar, edim-gylymlar uly maksada ýetmek üçin basgançak bolup hyzmat edýändir 25 Oktýabr, 2021

Hawa. Käte ýalňyşlarymyzam şol basgançaklaryň biri ýaly görünýär, eger olardan dogry sapak alyp bilsek.

Gaýgyly: Köpçülikde «Adamlar ownapdyrlar, biz ownadyk, goňşy goňşa barmaga zar, aralara diwar çekildi...» ýaly ýakymsyz düşünjeler bar. Siz bir köpi gören adam. Biz - ýaşlara sargytlaryňyz25 Oktýabr, 2021

Gaýgyly dost, sen maňa sowal berme, maslahatam sorama. Seň ýazýanlaryňa men jogap tapamok. Belki, has akylly, paýhasly, durmuş tejribeli tanaýan ýaşulylaryň bardyr. Şolardan nesihat soramagy maslahat berýän.

Gaýgyly: Salam, Hydyr aga, minnetdar jogabyňyz üçin! Ynsan akyl-aň bilen ýaradylan, ýene bir ýoldaşy duýgy. Duýgyňa artykmaçlyk berseň, aklyň kemterlik edýän ýaly, aklyňa bil baglasaňam duýgusyz ýaly bolýaň. Nädenimde bu ikisini sazlaşdyryp bilerin24 Oktýabr, 2021

Bilmedim-dä inim. Aýdyşyň ýaly her kimde birhili. Duýgy bilen akyly durmuş tejribesi, ömrüň öwrümli ýollary sazlamagy öwredýän bolaýmasa. Adam maşyn däl-dä, nurbatlaryny towlap, sazlaşdyryp bolmaýar.

Zenan: Salam Hydyr aga size bir soragym bar men çekinjeňlikden,ýygralykdan,utanjaňlykdan ejir çekýärin hawa zenan maşgala üçin örän gowy häsiyetler ýöne mende artygrak barda siziň maslahatyňyza garaşýan Ylýas agadanam sorapdym gaýrat edäýiň?24 Oktýabr, 2021

Waleýkimsalam. Men-ä utanjaňlykdan ejir çekýän diýen gyz maşgala utançsyz bol diýesim gelenok. Sende gyzyldan gymmatly häsiýet bar, gadyryny biliber. Bagt diýlen zady urşup alyp bolmaýar, utançsyzlyk edeniň bilenem bagtly bolmarsyň. Allaň elindäki zatlar bu zatlar. Alla gowsuny ýazan bolsun.

Gaýgyly: Minnetdar, Hydyr aga! Käbir ýagdaýlarda edep-ekram taýdanam, bilim-terbiýe taýdanam dogabitdi-guýmagursaklar bolýar, ýagny gowy tarapdan. Beýleki tarapdan bolsa, ýaradylyş tarapdan, tersine, jemgyýetiň «garagol» diýip kabul edenleri bolýar. Ýöne mekdepde bolsun, beýleki köpçülik ýerlerinde bolsun, aglaba «gowular» ýa-da «garagollar» diýip, kalkalaşdyrma derejesine ýetirilýär. Çözgüt maslahat berseňiz minnetdar bolardyk. BELLIK: Hydyr aga, eger üýtgetmeli ýeri bolsa, köpçüligiň dykgatyna başgarak görnüşde ýetirilse gowy bolar ýa-da köpçülige ýetirmeli däl diýen pikirde bolsaňyz Siziň ygtyýaryňyzda, hormatlamak bilen Gaýgyly 22 Oktýabr, 2021

Soragyňa, aýtjak bolýanyňa gowy düşünmedim, ýöne düşünşimçe pikirlerimi ýazaýyn. Adamlary iki topara bölmek, hat-da birnäçe toparlara-da bölmek her ynsanyň zandynda barmyka diýýän. Men ömrümde gaty kän adamlar, gaty köp dürli häsiýetler bilen garşylaşdym, ýöne şolaryň içinden gaty azajygyna üns berdim, özüme ýakynlaşdyrdym, özüm ýakynlaşdym. Häzir men şeýle ýaşanyma gynanýan. Birhili men bu dünýede ýetişibilmän geçäýdim. Howlugyp, yzymdan ýagy gelýän ýaly ýaşamaly boldum. Irden turýadym günüň nädip ýaşanyny bilmän galýardym. Dynç almany, gezelenje gitmäni bilmändirin. Ýogsa biziň döwrümiz ýol, myhmanhana, kireýine jaýlar arzandy. Kawkaza, Sibire, Pribaltika ýurtlaryna gidesim gelýärdi. Tiblisini göresim gelýärdi. Hiçisinem edip bilmedim. Adamlar bilen gatnaşygymam şonuň ýaly boldy. Ýöne Allaha şükür, Gurbannazar Ezizi kän gördüm. Esasan gatnaşan adamlarym okuwly adamlar boldy. Menem adamlary terbiýeli, terbiýe görmedik, okuwly, sowatsyz diýip böldüm. Elbetde, pikirdeş adamlarym meň üçin sowatlydy, pikirdeş dälem bolsa düşünjesi pesdi. Aslynda welin, her adamyň giden bir dünýädigini bilýädim. Bilýärdim diýýänim okaýan kitaplarym maňa şony aýdýady. Menem munuň şeýledigini kabul edýärdim. Emma ýaşaýşymda welin, adam saýladym. Adamlaram meni saýlandyrlar. Ýöne bir zadam aýdyp biljek, ömrümde gaty az adamy ýigrenendirin. Halamadyklarym kän, ýöne olary ýigrenmeýärdim. Başarsam görüşmejek bolýardym. Gepi uzaltmaýyn, dünýe hakykatdanam bäş gün eken. Bu dünýede birini gowy görüp başga birini halaman, ber başagaý bolup ýörmelem däl eken. Hemmesi deňiňden geçip gidýä. Käbir adamlar bolmasa dünýe düzeler öýdýärdim, ol adamlar ölüp gitdiler, emma dünýe känbir üýtgemedi. Bu dünýede başarsaň adamlary "gowy", "erbet" diýip bölüşdirmän, hemmesini gowy görüp ýaşamaly eken. Goý, biri seni halamasyn, ýigrensin, ýa-da gowy görsün sen hemmesini gowy görüp, hemmesi bilen ýaşamaly ekeniň. Hiç kimi durmuşyňdan iteklemeli däl ekeniň ýa-da başga birini durmuşyňa ýakylaşdyrjak bolmaly däl ekeniň. Bilýän gaty düşnüksiz zatlary ýazýan. Megerem, ýazmalam däldim.

Gaýgyly: Salam, Hydyr aga, bereketli günler! Oňat iş etmek sogaplymy, edilýän ýaramaz işi taşlamak?22 Oktýabr, 2021

Waleýkimsalam. Sag bol, saňa-da şeýle bolsun. Ikisem sogaply. Ikisinem etjek bolmaly. Megerem, bularyň birini etmek, beýlekisine päsgel bermeýär, şonuň üçin olary saýlajak bolman ikisinem etmäge çalyşmalymyka diýýän. DIliňde aňsat diýseňem hakyň bar.

: Gabanjanlyk name 19 Oktýabr, 2021

Gabanjaňlyk Alla tarapyn ynsana berlen duýgularyň biri bolaýmasa, gaharjaňlyk, göwniaçyklyk, görüplik diýen ýaly. Ýöne käbir adam aşa gabanjaň, aşa müňkür bolýa. Özümde şo häsiýet ýok. Men aýalyň biwepalyk etmegini asla bolup biljek bir zadam hasaplamaýardym. Erkek kişide bolup biler, hemem kän ähmiýet berip, şoň üçin äriňden aýrylyşyp ýörmegem nädogry hasaplaýardym. Elbetde, bu adalatsyzlyk, egoistlik bolýa. Ýöne ýaş ýigitkä adamda egoistligem, ýeňil kelleligem güýçli. Aslynda aýal bilen erkegiň ýaradylyşy dürli, biri-birine meňzeş däl, şonuň üçin käbir zatlarda aýallara geçirimlilik edilşi ýaly (aşa bezenmek diýen ýaly)erkeğe-de kynam bolsa azajyk geçirimlilik etmek bolarmyka diýýän. Düşünýän bu juda jedelli mesele. Ýöne erkek bolsun, aýal bolsun birek-biregi kemsitmek, diňe öz keýpiňi bilmek, äsgermezçilik etmek diýen ýaly häsiýetler ynsany bezemeýär. Ýaşlykda akylsyzlyk kän, garrylykda ökünç.

Gunca: Salam Hydyr aga men özüm degişden alçak emma käbirleri bu häsiýetmi ýazgarýalar başgaca düşünýäler bu barada suzin pikiriniz14 Oktýabr, 2021

Waleýkimsalam. Degişgenligem, agraslygam öz ýerinde, öz çäginde laýyk bolsa gowydygyny hemmämiz bilýändiris. Degişgenlik aşa geçiberse, kelpeňlige öwrüler, agraslygam aşa geçse tutuklyga. Ýöne ýaradylyşyňa göräräk bolubermelimikä diýýän. Belkide gyz maşgala, erkek oglana görä biraz ýygrarak, saýhallyrak bolsa gelşer. Ýaşulular gyz maşgala jak-jaklap gülüberse-de halamazdylar. Aýalyň sesinde şeýtanyň sesi bar diýerdiler. Käte ynsan özi bilmän ýaramzlyklara-da sebäp bolup bilýär. Ýalňyşmasam Çehow bolsa gerek "Gapyň agzynda ýatan itdenem utanýan, haýa edýän" diýipdir. Sen ýöne bu ýazanlarymy özüňe çekme, umuman aýdaýdym. Belki, gerekli adamam okar, azajygam bolsa derman bolar diýdim. Özüm-ä tutuk adamlardan, göwniaçyk adamlary gowy görýän. Megerem, hemme kişem şeýledir.

Melek : Salam Gydyr aga zenan bn erkegin arasynda dostkuk boluo bilermi10 Oktýabr, 2021

Aý, bilmedim. Aňsad-a däldir. Ýöne ilçilikdir her hili adam bolup biler. Aslynda biz zenanlar bilen hormatda, dostlukla ýaşaýarys. Hiçisine-de duşmançylygymyz ýok. Hemmesinem gowy görýäs, sylaýas. Olaryň abraýyny, mertebesini saklamagy dogry hasaplaýas. Şonuň üçin, bularyň aňyrsynda birbaşga "dostlugy" gözläp ýörmek geregem dälmikä diýýän. Olary aýal doganlarymyzy gowy görüşimiz ýaly gowy görübermelimikä diýýän.

Şaýatlyk "" Karz teklibi ulanylýar: Şaýatlyk "" Karz teklibi ulanylýar Şaýatlyk "" Bu mümkinçiligi elden gidirmeli däl [Meniň adym hanym Jessika Lewis. Kanadada ýaşaýaryn we şu gün bagtly aýalmy? we öz-özüme aýtdym, maşgalamy garyp ýagdaýymyzdan halas edýän islendik karz beriji, karz gözleýän islendik adama ýüz tutaryn, ol maňa we maşgalamyza bagt berdi. Maňa 70,000.00 dollar karz gerekdi 3 çagaly ýeke aýal bolanym üçin durmuşymy täzeden başlaň. Soňky iki aýyň dowamynda bergilerimi üzmek üçin karz gözledim, aldawçylyga duş geldim we ahyrsoňy Taňrynyň Karz berijisi bilen duşuşýançam pulumy aldym. Internetde henizem hakyky karz berýänler bar diýip pikir etmedim, ýöne iň geň galdyryjy zat, köp wagt ýitirmän karzymy aldym. 70 000.00 dollar Kanada karzy bilen maňa kömek edýän adam karz berýäninden gorkýan bu dogruçyl we ALLAH bilen tanyşdym. Meseleleriňizi çözmek üçin karza mätäç bolsaňyz we karzy yzyna gaýtaryp berseňiz, Hudaýdan gorkýan adam onuň bilen habarlaşyň, size ýüzlenýän hanym Jessika Lewis. E-poçta arkaly jenapPinto Jolanda bilen habarlaşyň: (pintojolanda.microloan@outlook.com)09 Oktýabr, 2021

Aý, men-ä hiç zat düşünen däldirin. Kim-kimden karz soraýar, kim-kime karz berýä?!

Gül : Ôwgi dälle.adamda gowy häsýetleñ kemala gelmegi üçin ýyllar gerekda onda09 Oktýabr, 2021

Hawa, ajyly-süýjüli ýyllar gerek. Ýöne "Guýma gursak bolmasa, dürtme dursak neýlesiinem" diýilýär. Alla tarapyn berilmeli, nesilden geçmeli häsiýetlerem bolaýýa. Käte "Adam çykýan ýerlerdir" diýiler. Ýöne syrgynynyň, ata-babasynyň ýüzüni gara edäýýänem bolýa. Alla şolardan etmesin. Biabraýçylygam durmuşda sähel ýerde bolasa bolup durberýä eken. Ömür diýleniň gyldan inçelýän wagtlaram bolýan eken. Alla ile-güne haýyrly, abraýly ömür bersin hemmämize.

Gül: Sagboluñ Hydyr aga soraglary jogapsyz goýmaýañ.Adamçylyk tarapdan öz häsýetiñizmi garaz bir pespälik bar.09 Oktýabr, 2021

Senem sag bol, hoş sözleriň üçin. Ýöne öwüberseler gorkýan. Baý bir wagtlar özüme göwnüm ýeter-dow... Ýalňyşylýa-da... Çynymy aýtsam häsiýetlerim häzirem per berenok. Ýöne adamy Allaň özi ugrukdyrýan, gönügdirýän eken. Esasy iş şony duýmakda. Ony duýmak üçinem alňasamaly däl eken. Mende gaty erbet dar gursaklyk bar. Gaharjaňlygym-a az-owlak buýrýandyryn-a öýdýän. Mydam özümizi ýonup ýörmeli diýýär-ä, şo-da.

Gül: Dogry ,saýdyñ barlygny giç bilen ekenim09 Oktýabr, 2021

Hiçden giç ýagşy

Gül: Haýsy ýaşa ýetsede yzyna seredende ökünmeýän adam barmyka?09 Oktýabr, 2021

Aý, ýokdur. Ýöne ökünçden sapak almakda iş bar. Ökünç adamy ýalňyşdyrybam bilýä. Gahara, öýkä ýol açýa. Ýöne ökünç oýlandyrsa, şol işi gaýtalatdyrmasa başga gep. Olam aňsatmy?! Ynsan köplenç ýalňyşyp öwrenýä-dä. Esasy iş ýalňyşdan sapak allmakda. Şol kyn.

Gül: Salam:şu käbir saýytlarda goýulýan hekýa yene goşgy diýdimi hemmesini diýemok käbirini diýýán okanyñdan bara şulañ söhbetdeşligini okanyñ gowy.08 Oktýabr, 2021

TW-de okalýan käbir goşgular, käbir aýdymlar ýadyma düşüberýä. Ýogsa men kän saýtlara-da girmäni oňaramok. Hemme kişiden Gurbannazar, Kerim aga ýaly şahyrlygy talap etmegem bolmaýar. Talap etseňem netije bolmaýa, öwseňem, arşa çykarsaňam bolmaýa. Bolmaýan zat bolmaýa. Bapba neresse "Boljok,boljok bor ýogsa/Bolmojok bolsa bolmoz" diýerdi. Özem näme üçindir "o" harpyna bat berip, süýndürip okardy. Şeýle-dä.

Re: Adamyň ömri gysgamy?05 Oktýabr, 2021

Aý, eýesine bagly. Kä adamlar 150 ýaşasa-da az. Ýok, 75-80-ne ýetseň ýeterlik. Garrylyk 100 ýaşdan soň başlasa, 60-da, 70-de-de 40 ýaşly ýaly sagdyn bolsaň, onda başga gep. Ýöne özüňi zordan süýräp, töweregiňe dert bolup, 80-90 ýaşamagyň manysyny bilemok. Ýöne dünýeden doýan-a ýok diýýäler.

Dogruçyl: Ykbalyň küle çökende, Külleriň günäsi ne? Arman etme öten güne, Günleriň günäsi ne? Guba-gaz gonmasa köle, Kölleriň günäsi ne? Ar-namys satylsa pula, Pullaryň günäsi ne? Ýazygym köp, ýalňyz başym, Illeriň günäsi ne? Ýaralydyr göwün guşum, Nilleriň günäsi ne? Bükülipdir inçe biller, Billeriň günäsi ne? Göwün sözün diýer diller, Dilleriň günäsi ne? Ömür geçer, geçer ýyllar, Ýyllaryň günäsi ne? Gubura güm sürer piller Pilleriň günäsi ne? Şu goşgyňyzy kitapçy.сom saytda Mango diýip biri paylaşypdyr. Halapdyrlar. Öň galamdaşdaky oglanlaryň biri öýdýän şo Mango. 05 Oktýabr, 2021

Hawa, Mango diýip bir-ä bar. Mümkin birem däldir. Galdamdaşdady. Häzir nirede bilemok. Oňa nädip goşgymyň düşeninem bilemok. Dogrusy, gizläp, gysganybam ýöremok. Ýöne goşgy hiç ýerde çap edilmedi. Dogrusy, özüm hiç ýere hödürlemedim. Näme üçin, bilemok. Mango dos, sag bolsun.

Mekan: salam agam. Aydym/saz gunami dine dini aydymlary dinlemelimi? Hatda Mollanepes, Mataji yaly shahyrlaryn goshgularynda gelinlerin synalary barada utancly setirler bar. Beyle zatlar dinde guna dalmi? Medrese okan adamlara olar. Ors dowrindakilerinka dushnukli. Birinin gelini yada gyzy hakda yazmak birhilegirak dalmi? Dogry atlar uytgedilendir yone kop setirler utancly. Bu yagday dessanlardada bar. Shular barada pikirinizi aydayyn.04 Oktýabr, 2021

Hawa, türkmenler dini düzgünlere biraz erkin seredipdirler. Özbekler, täjikler ýüzleri ýapyk, perenjeli gezipdirler. Ýöne soň men 1976-njy ýylda Taşkentde iki aý boldum. Şonda ýekejede özbek eşikli gyza duşmadym. Hemmesem ýüzerine reňk çalýardy. Şol ýyllar Aşgabatda-da başy ýaglyksyz gyz ýokdy. Stol-stully toýlar ýaňy başlapdy. Aýdym günämi-dälmi - o meselede fetwany dini alymlar, mollalar,müftüler bersin. Ýöne türkmen edebiýatynda hakykatdanam aýp setirlere duş gelýäň. Şonda-da halk ony kän bir aýbam görenok. Megerem o setrleri ýazan adamlar ahlak taýdan gaty arssa bolan bolsalar gerek. Ýogsa beýle zatlary ýazdyrmazdylar. Olary dilden-dile geçirip saklamazdylar. Soňky ors döwrüniň aýdymlary hakda gürrüň edesimem gelenok. Ýuwan-suwjuk aýdymlar. Ol aýdymlar ýyl geçip ýatdan çykybam gitdi, köpüsi. Ýaramazlyk diýlen bir sil. Muň öňüni böwet basyp alyp bolmaýar. Gadaganlyk bilenem bu ýagdaýyň öňüni alyp bolmaz. Diňe seň öz ahlaklylygyň, düşündirmeleriň, töweregiňe gowy göreldäň bilen ýeňip bolar. Türkmen bihaýa millet däl. Ony utandyryp bolýar. Gaty gowy dini aýdymlarymyz bar, Magtymgulyda, agzan şahyrlaryň Mollanepesde-de, Keminede-de, Mätäjide-de gowy arassa goşgular bar. Şolary aýdym edibem bolar.Ýöne daş görünüşde musulman bolup görünmäge çalyşmagyň soňy ýaňky perenje ýaly bolýar.Häzirki ýaşlarda-da daş görnüşe aşa üns berme, diniň içine çuňlaşmak az ýaly görýän. Belki, men ýalňyşýan bolaýyn. Özümem sakal goýbertdim, don-telpegem geýýän, ýöne din bu zatlardan has çuňurakdaky bir zat.Iman, Alla söýgüsi ýaly ruhy dünýäň hakynda köpüräk oýlanmalymyka diýýän.

Gülzargöwün: Hydyr aga salam! Oňatmysyňyz?! Bäh,, Gürlemäni,, ýazalyňyz agzalaram gürlänok. Ýoýsa berilen soraglaryň jogaplaryny okamagy gaty halaýan. Ýene-de bir gyzykly ýazga garaşýaryn algym bar ýaly)) 03 Oktýabr, 2021

Algyň bardyr, inşalla üzjek bolaryn. Bir gürrüň ýadyma düşdi. Sary Garry diýip bir artist bardy, Aýgytly ädimde-de Gandym aga bolup oýnaýandyr. Şony Mollanepes teatryndan işden çykarypdyrlar, işläňok diýip. Olam teatryňyz başyňyza ýumrulsyn diýip, öýkeläp çykyp gidýär. Ertesem ýer yranýar. Sary Garram "Men diňe teatryňyz başyňyza ýumrulsyn diýdim-ä, sen nädäýdiň. Edil beýt diýmedim-ä" diýýämiş. Şoňky ýaly men özüme gürleme diýdim-ä.

Re: Daş edipsiň agam. ("Gürleme" barada)27 Sentýabr, 2021

Sag bol. Gatyrak kesek diýäýeli

Gülzargöwün: Gowy goşgy bolupdyr, tüweleme. Gurlejek bolsaň şo zatlaryň dilinde gürle diýilen ýerini has haladym26 Sentýabr, 2021

Sag bol. Gowşagrakdygyny bilýän, ýöne birki setir bolsa-da.

Dogruçyl: «Mukamyň syry» kinofilminiň gizlin syrlary Haýran galaýmaly ýagdaý – 1929-njy ýylda kompozitor Wiktor Uspenskiý «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolýar. Biz Uspenskiniň bu ada mynasyp bolmagynda bitiren hyzmatlary barada gürrüň bermekçi. Kaluga şäherinde doglan Wiktor Aleksandrowiç Uspenskiý harby kadetler korpusyny tamamlap, Kawkazda gulluk edýär. Ýöne ýigidi şowlaýan harby işi kanagatlandyrmandyr, köňlünde möwç urýan aýdym-saz oňa gije-gündiz rahatlyk bermändir. Galyberse-de, ol gaýry medeniýet adamlaryna hoşamaý garaýan saýhally adamlaryň hilinden ekeni. Wiktor Aleksandrowiç harby gullugy taşlap, kompozisiýa hünäri boýunça Sankt-Peterburg konserwatoriýasyny tamamlaýar. 1918-nji ýylda ykbal ony Orta Aziýa getirýär, rus kompozitory bu ýerde ömrüni Orta Aziýa halklarynyň baý aýdym-saz medeniýetini saklap galmaga bagyşlaýar. Ol ülkämizde ilkini etnografik işine başlaýar. 1925-nji ýyldan başlap Türkmenistan boýunça folklor saparlarynyň üçüsini geçirýär. Dört ýyl, käte agyr we howply saparlarda suw ýetmezсшligine garamazdan ýolbeletler bilen iň alys obalara çenli barypdyr. Beýle gujur-gaýrat Wiktor Alkesandrowiç ýaly yhlasyna wepaly adamlara mahsus. Galyberse-de, onuň hoşamaýlygy we aýdym-saza höwesi ýerli bagşy-sazandalary özüne bendi edipdir, olar hem Uspenskä elden gelen kömegini gaýgyrmandyrlar. 4 ýyla çeken güzaply işiň netijesinde halk aýdymlarynyň we sazlarynyň 350-den gowragy nota geçirilýär. Olaryň esasy bölegi W.A.Uspenskiniň W. Belýaýew bilen bilelikde ýazan «Türkmen sazy» atly monografiýasyna girizilýär. Bu ajaýyp monografiýanyň çapdan çykanyna 100 ýyl geçen bolsa-da, ol häli-häzire çenli sazçylyk ýörite orta hünär mekdepleriniň we konserwatoriýanyň talyplarynyň ýankitabyna öwrüldi. Türkmen halk saz älemindäki bu zähmetsöýerligi hatyralap, SSSR-iň halk artisti Alty Garlyýew «Mukamyň syry» filmini surata düşürýär. Bagşyçylyk sungatynyň aşygy Hudaýberdi Durdyýewiň taýýarlan ssenarisinde, geçen asyryň 20-nji ýyllarynda Türkmenistana halk aýdym-sazlaryny ýazga geçirmäge rus alymy Wiktor Uspenskiý gelýär. Çetki obalaryň birinde goja sazanda Didar bagşy bilen tanyşýar, ol gonak alyma öz ejesi, ilkinji türkmen zenan bagşy Karkara barada gürrüň berýär. Ol kakasyndan gizlinlikde zehinli ýaş sazanda Döwrandan sapak alýar. Tizara Karkaranyň ady ile dolýar. Bir gezek onuň aýdymyny eşiden Daşberdi han oňa öýlenmekçi bolýar. Gyz hanyň teklibini ret edýär, ýöne yzarlanmadan çekinip Döwran bilen gaçyp gidýär. Daşberdi hanyň hyzmatkäri hojaýynynyň buýrugy bilen Döwrany atyp öldürýär. Ýaryndan jyda düşen Karkara ençeme ýyldan soň dogduk iline dolanýar. Onuň at-owazasy ildeşlerine-de ýetýär, olar han bagşysy Gojaly kör bilen Karkaranyň bäsleşigini guraýarlar. Onda Karkara üstün çykýar! Biz «Mukamyň syry» filminde režisýoryň assitenti bolup işlän Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow bilen duşuşanymyzda ol şeýle gürrüň berdi: ---Film surata düşürilende gyzykly wakalar köp bolupdy. Uspenskiniň keşbini döretmäge A. S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň artisti Wladimir Krasnopolskiý çagyryldy. Syratly, salyhatly, görmegeý artist daş keşbi bilenem gashrymanyna meňzeşdi, bu bolsa kinematografiýada esasy ýagdaýdyr. Galyberse-de, olaryň ykbalynda meňzeşlikler kändi: ikisem Russiýada doglan, ykbal «oýny» bilen Orta Aziýa düşendi, şonuň üçinem oňa Uspenskä düşünip, onuň keşbine girmek aňsatdy. Ýöne film surata düşürilen wagty üýtgeşik ýagdaýlar hem bolýardy. Obadan oba aşýan gahryman çölde harasada duşýar. Harasat döretmek üçin wagtlaýyn reaktiw uçar ulanyldy, onuň hereketlendirijisi harasat döredýärdi. Şol wagt Krasnopolskiý düýeli geçip gitmelidi. Harasady gören Wladimir Matweýewiç bu epizodda surata düşmekden kes-kelläm ýüz öwürdi. Tehnikadyr surata düşürýän topar boş durdy, Alty Garlyýew kyn güne düşüpdi. Şonda men : ---Wladimir Matweýewiçe derek meni düşüriň – diýdim. Alty Garlyýew: ---Ýöne sen Krasnopolskiden boý-iniň pesräk hemem oňa meňzeşem däl –diýdi. Tapan çykalgama begenen operator Anatoliý Karpuhin: ---Galanyny özüm oňarýan, men şeýle bir düşürerin welin, tomaşaçy ony aňmazam---diýdi. Meni düýä atardylar, hereketlendijini işletdiler welin, edil dowzaha düşen ýaly boldum. Gaýtadan düşürmeli bolmawersin diýip dileýärdim. Şeýdibem filmiň iň täsirli epizodlarynyň biri düşürildi. Karkaranyň keşbini döreden Liza Garaýewa bilen hem mesele döräpdi. Liza Garaýewa kameranyň öňünde özüni erkana alyp barýardy, döredýän keşbini ussatlarça ýerine ýetirýärdi. Ýöne ol dutar çalyp bilmeýärdi, filmde bolsa onuň saz çalýan ellerini uly planda görkezmelidi. Eger film häzirki döwürde düşürilen bolsa beýle mesele aňsat çözülerdi, sebäbi häzir bagşy-sazanda zenanlar kän. Kimdir biri sazçylyk ýörüte orta hünär mekdebiniň talyp gyzlaryndan biriniň dutar çalmaga ökdedigini aýtdy. Şeýdibem şol gyzyň eli surata düşürildi. *** «Mukamyň syry» filmi tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. Ol Türkmenistanyň kinematografiýasynyň altyn hazynasyna girdi. Şunda Nury Halmämmedowyň ýazan sazy hem uly ähmiýetli bolupdy. Belki-de, şol saz sebäpli we Karkaranyň göreldesine eýerip türkmen gyzlarynyň ençemesi eline dutar alandyr. W. Uspenskiý bilen W. Belýaýewiň «Türkmen sazy» kitaby iki jiltde çap edilensoň-a, onuň meşhurlygy has-da artdy. Gowy zatlary siz bilen paýlaşmagy endik edip barýan23 Sentýabr, 2021

Sag bol. Gowy maglumatlar bar eken. Uspenskiý (ýalňyşmasam şol iki tomlukda ýazýar öýdýän) şol syýahatynda Magtymgulyň obasynyňam deňinden geçýär. Emma oňa muny aýtmaýarlar. Bäherdene gelende Sary bagşylarda eşdip, gaty gynanypdyr. Mazaryna barardym diýipdir. Magtymgulyň neberesem atalarynyň guburyny dini başga adama görkezmejek bolup aýtmadyk bolarly. Ýene bir haýran galdyran zat häzirki meşhur "Kepderi" sazynyň hakyky ady "Porhan heňi" eken. Bu şol iki tomlukda bar. Öňki döwürde porhançylyk meşhur eken. Ýeldirgän adamyň daşyndan aýdyma hiňlenen ýaly hiňlenip porhanlar aýlanýar eken (Küşt depdä meňzeş bolmagam mümkin). Şonda porhanlar "Kepderi" sazynyň heňini ulanan bolmaly. Bu saza "Kepderi" adyny soň radiostudiýalarda sazandalar göni efire, ýazgylara çykyp ugranda dakýarlar. "Göroglynyň at oýnadyşy" diýen adam sazyň hakyky öz ady däl diýip gürrüň berdiler. Saza "Göroglynyň at oýnadyşy" diýen ady Ata Gowşudow dakypdyr. Orginal, hakyky adyny bilýän ýok. Şu wagtky aýatda diri gezip ýören sazandalarymyz bilenok. Eger bilýän bar bolsa, eşitsem begenerdim. Sebäbi saz şeýle bir üýtgeşik, çuň welin, "at oýnatma" syganok. Sazyň gaty täsin ady barmyka diýip durun. Ýene bir gezek sag bol, iş edinip iberen makalaň üçin.

Biri: Gapy-gapy ömür ýoly, soñky gapyda galmaly, Şol gapyda gülmek üçin her gapyda aglamaly. NEJIP FAZYL. Ahyretiñizi gaygy edip aglap duryanyzmy?17 Sentýabr, 2021

Käşgä aglansady. Bir küpletjigim ýadyma düşýä: Agym tutýar öz gülküme, Aglasamam aýp ýaly. Mazarstanda mülküm meň, Agdarylan gaýk ýaly. Elbetde, Nejip Fazyl klassyk. Ýalňyşmasam "Her gapyda müň aglap, soň gapyda ýylgyrsam" diýen ýaly görnüşem bar öýdýän. Ýadymda şeýleräk galypdyr.

Re: Sorag: Sizi ýaşamaga höweslendirýän zat?16 Sentýabr, 2021

Diriligim, çagalarym, enem-atamyň abraýy... ýene-de bardyr sanasaň. Höwslenjege zat kän, ýöne özümiz "sussypessimist".

Re: "Bir zatlar" goşgyňyzyň many, duýgy ýüki ýetik eken. Özboluşly stil. Biziň entek gaty öwrenişmedik stilimiz. Ýene 50-60 ýyldan goşgulary robotlaryň ýazmagy hem mümkin.16 Sentýabr, 2021

Robotlarmy? Aý, olaň etmejek zady ýokmuka diýýän. Bir çaga dogurypdyrlar diýip eşdemok.

Re: "Bir zatlar" diýen goşgyňyz rep aýdymyň sözlerine gaty gelişjek ekeni. Hiňlenip gördüm, çynymy aýdýan. Tüweleme, garry gaýrat bilen repe başlaşaňyz, begeneris )) Goşgyňyzyň manysyna düşünişim barada aýtsam, onyňyz şü dünýäň panylygy, ýalançylygy barada bolaýmasa.16 Sentýabr, 2021

Sag bol, hoş sözleriňe. Rep aýdymam moda öýdýän ýaşlaň arasynda? Men-ä diňledim, diňleýän diýsem ýalançy. Başda birki aýdymyny orslaň erbet görmändim. Soň gabadam gelemok. Goşga-da duýgymy geçiräýdim, ullakan many berjegem bolmadym, ýöne manysyz diýsemem ýalan sözledigim bolar. Hawa, dünýäň panylygam barmyka diýýän içinde.

Babyr: Howwala dagam ahyretiñi gazanmakdyr... ýöne ahyrete barýan ýol gaty köp zatlañ üstinden geçýar. Çagalardyr maşgala ene ata dogan dost olañ esasy bölegi bolaýmasa. Ybraýym Edhemligem bir kyn zat. Orta ýoly oñarsañam su dowurde Edhemlik bilaýmeli...... "Garry gaýrat"... bäh... bizde de ýok däldi şeýle adamlar tak-tukam bolsa bardy...belkem ýene barsa bardyram.. 16 Sentýabr, 2021

Hawa. Bardyr, ilçilik, uludyr.

Babyr: Ömrüñ manysyny basga namedir diyip bolar.... halal iydirip icirip ilden kem etmejek bolup yörülýa...şonda da edeniñ ters bolýar.....16 Sentýabr, 2021

Men-ä ömrüň esasy manysy ahyretiňi gazanmakmyka diýýän. Ýöne maşgala, perzent... bulara-da biparh bolsaň bolmaýar. Olaram saňa ahyretiňi gazandyrýa. Çaga ýetişdirmekde iýdirip-içirip, gurjak ýaly geýindirmegiň gaty bir öňde durýan, esasy zatlar däldigini hemmämizem bilýändiris.

Babyr: Içindäki bendäň derdi Bu zatlarda däl, Elinde galam. Gaýta-gaýta ýazýany  "Maşgalam..." ahh... maşgala... adamy öldürýänem, ölmez-gülmez edýänem... uzak ýaşadýanam şol....15 Sentýabr, 2021

Hawa. Dünýäň iň uly oýnawaçlaryndan biri. Käte ömrüň manysymyka diýdirýä

Shemal: "Ýagty" goshgyñyz gowy bolupdyr. Kapyyasyz, bogun sany dogry gelmeyan goshgularam bolyara, ak goshgy diyyalermi name. Şeyle goşgular gaýtam has gowy, cynlakay cykya hem dowrebap.14 Sentýabr, 2021

Hawa, ak goşgy diýip bir goşgy formasy bar. Aslynda häzirki biziň klassyk formamyzda daşary ýurt şahyrlary ýazanok diýen ýaly. Ýöne türkmen şahyrlarynyň arasynda ýek-ýarym ak goşgy ýazypdyrlar. Häzir nähili bilemok Men muny ak goşgy etjek bolmadym. Ýöne kapiýa saljak bolsam "hindi kinolaryna" meňzejek boluberdi. Ýasama, ýuwan bolýan ýaly göründi. Onsoň başardygymdan bir zatlar etjek boldum. Sag boluň, halan bolsaňyz bolýar.

Dogruçyl: hiç kim maňa erbet adam diýmedi we bir zatlar mowzugyňyzy okadym. Hydyr aga, goşgy bir hillijek syrly. Umuman haladym. 14 Sentýabr, 2021

sag bol

: hiç kim maňa erbet adam diýmedi we bir zatlar mowzugyňyzy okadym. Hydyr aga, goşgy bir hillijek syrly. Umuman haladym. 14 Sentýabr, 2021

Sag bol.

Gosgy: Agam, dogrymy sözläýin, senin köne-küşüliňde ýazan goşgularyň Gurbannazaryň goşgularyndan müň esse oňat!11 Sentýabr, 2021

Aý, ýok. Gurbannazaryňky bilen deňeşdirmäge-de utanýan. Mämmet Seýit Gurbanazara "Gelniň ýuwar köýnegiň/Men dolagňy ýuwaryn" diýen iki setiriňe bütin ömrüme ýazanlarymy çalşardym diýipdir. Ýöne, käte goşgy ýazmakdan çekinenime gynanmanam duramok. Kapiýalam gowşak, setirlem göni ýaly göründi Oglanlaram şol wagt o goşgulara "primitiwizm" diýip bir zat tapdylar. Dogrusy, olar erbet diýmediler, gowam gördüler. Şahyrçylygyň bir zady gowy iki setirde ýüregiňi ezýä. Prozada şo ýagdaýa getirmek üçin gaty köp söz-sözlem ýazmaly, suratlandyrmaly... bolýaň.

Gülzargöwün: Hydyr aga, şeýle bir adamlar bar. Içi gaty pis. Bir wagt ölüp gidenleriň aýbyny agtarýar. Olaryň häzir ýaşap ýörenleriň arasynda nä derejede ýaşap ýörendiklerine haýran galýaryn. Baran ýerlerinde iliň kemi bilen gürrüň başlaýan namart adamlar göz öňüme gelýär. Aslynda şerigatda dagy ölen adamyň nähilli, ýagny şu ölenleriň kemini dörjeläp ýören pis adamlar ýaly erbedem bolsa ,, Gowy adamdy,, diýip Alladan onuň günäsiniň geçilmegini soralar eken11 Sentýabr, 2021

Ynsan-da agam bar, garasam. Dünýäni bolşy ýaly kabul etmeli. Bir wagt hytaýlylar serçeler şalymyzy iýýä diýip gyryp tüketdiler. Soň gurçuklar serçäňem çeni bolmansoň, ýene serçe satyn aldylar. Bu dünýede agam gerek, gara-da.

Gosgy: Ýöne siziň Kerim Gurbannepesowy näme üçin "ýigrenýändigiňize" düşünip bilemok. Ol bir çyn şahyr ahyry!11 Sentýabr, 2021

Ýok, men Kerim agaň özünem, goşgularynam ýigrenemok. Oň gaty ýiti şahyrdygyna-da ynanýan. Kerim aga at dakýanlar, oň ýeke setirini ýazsynlar, onsoň näme diýseler hakly. Ýöne hany oň ýaly şahyr?! Ýöne adam-da käte Gurbannazar bn deňeşdirläýýä. Şony etmlei däl. Olaň hersi özboluşly şahyr. Maňa Gurbannazar has ýakyn bolup biler. Ýöne bu meň Kerim agany halamadygymy aňlatmaýar.

Gosgy: Eý, agam, Gurbannazaryň pikirleri bir ýetginjek oglanyň pikiri ýalylaý. Çaga ýaly. Ýöne boýun alaýyn- käbir goşgulary gaty oňat ýazylan.11 Sentýabr, 2021

Gurbannazaryň özem ýetginjek oglan ýalydy. Sada,ynanjaň, türkana, päk, ýagty, şähdiaçyk... tüýs tirkeşip ýörmeli oglandy. Ýogsa o bizden 12 ýaş uly. Goşgularam şoň ýaly sada, näzik, inçe, dury, päk... Mämmet Seýidow onuň "Gelniň ýuwar köýnegiň/Men dolagňy ýuwaryn diýen setirine ähli ýazanlarymy çalşardym" diýenini aýtdylar. Hakykatdanam Mämmet aga Gurbannazary üýtgeşik gowy görýädi.

Yene gosgy: "GIJEKI MYHMAN" Meň baran ýerimde ýatýar şagalaň, Aýdym aýdylanok, çalnanok dutar. Eger adam bolsa allatagallaň Meni beýle jeza etmezdi duçar.10 Sentýabr, 2021

Gurbannazarda şular ýaly "pikiri jedelli", döwrüne görä ýazylan käbir setirlere, hat-da goşgulara-da gabat gelýäň. Nätjek, käbir zatlara obýektiw baha berjek bolmaly bolaýmasa. Alla şol döwrüň adamlarynyň iň bilmeýän meselesidi (mesele diýmegem dogrumy bilemok). Bilmeýändigiň ýa-da az maglumatyň, umumy, üýzleý düşündirişleriň özüne çekmegi şular ýaly setirleriň ýazylmagyna sebäp bolýamyka diýýän. Bapba neressede "Alla bar bolsa, pylany ýaşka ölüp, pylanam garry halyna ýaşap ýörmezdi" diýýärdi. Bir gezek Mämmet Seýitlerde Annaberdi Agabaýam "Näme üçin Gurbannazar öldi, pylanam (adyny ýazmaýyn) ýaşap ýör diýip, goşgy ýazjak boldumy, bir şoňa meňzeş bir zada etdi. Şonda Mämmet Seýit oňa "Sen Allaň işine goşularça kim?" diýip erbet käýäpdi. Men ýaňy birki hekaýam çıkan oglandym. Gurbannazaryňam ýogalan ýyly. 23 ýaşymda ekenim. Biz lýotçigiň samolýoty nädip uçurýandygy barada gowy bilmämizsoň gürrüňini seresap edýäs, emma Alla, dine gezek gelende käte "batyrlyk" edäýýäs-dä.

Gosgy: Bu ýerde gep bir adamyň pygamberliginde ýa perişdeliginde däl, çap edilip köpçülige ýetirilýän "goşgular" barada.10 Sentýabr, 2021

Näme barada aýtjak bolsaň doly aýtmasaň, çen atyp düşünmek kyn bolýa. Goşgyň şol döwürde çap edilip edilmezligi beýle bir wajyp mesele-de dälmikä diýýän. Ýöne Gurbannazaryň şol "gezelençlerden" soň öýüne dolanyp gelenden soň, öz aýalynyň öňündäki ýagdaýyny goşga geçirmegi geň. Umuman, Gurbannazarda gündelik durmuşyna başga nazar bilen seredip goşgy etmek bar. Bu däşary ýurt, ors şahyrlarynda-da duş gelýä. Ýöne seň aýdýanyňam dogry, SSSR döwründe senzura berkdi, esasanam, dine, ideologiýa degişli goşgulary çykarmazdylar. Sungat elmydam senzura bilen oňuşman geçipdir-dä. Umuman, o ýyllarda sungatyň üsti bilen adamlaryň aňyna, durmuşyna täsir etmek diýilen işe gaty uly ähmiýet berýädiler. Adamlaň arasynda-da "Aý, goşgudyr-da, ýa-da kinodyr-da" diýen garaýyş azdy. Gazetde bir zat ýazylsa, şol hökman çyndyr diýilerdi. "Gazýete çykypdyr-a, şeý diýip ýazylypdyr-a" diýerdiler. Çap edilen zat jedelsiz dogry kabu edilýädi diýseňem boljak. Geň döwri ýaşadyk.

Gosgy: Gije-gündiz gyrmyldap ýör aýalmyz, Bize ýylgyrmaga degenok eli. Biziň weli başga ýerde hyýalmyz. Başy boş dullara gowşurýas güli. Göwnüňe bolmasa şol dul aýalyň, Bu däli göwüne mähri kän ýaly. Unudýaň ýagyşda buýup durýanyň, Unudaýýaň oňatlygy käýarym.10 Sentýabr, 2021

Hawa, durmuşd-a. Gurbannazaram perişde däl, pygamberem däl.

BAGTYYAR: Hakyky telefon cykdy yakynlarmyz bize dusaman boldy.08 Sentýabr, 2021

Aý, bilmedim. Özüm-ä şol el telefonlaryny ulanamok. Ýasda, sadakada, mesjitde otyrkaňam, birhili, seni gelşiksiz ýagdaýda goýaýýar. Onsoňam maňa beýle bir jaň edip duranam ýok. Ylýasa jaň edýäler, eger maňa degişli bir zat bolsa-da Ylýas, tüweleme habaryny ýetirýä.

Gülzargöwün: Hydyr aga şu döwüriň telefonam bir ýüregiňi gyýmak üçin ýörite gaýçy höküminde bir zat. Gowam, uzakdakylaryň bilen habarlaşdyrýar, sesini diňledýär. Erbet tarapy käte dogan garyndaşyňy, tanyşlaryňy ondan hemişelik pozmaly bolýaňda ony bir ömür depderine meňzedýärsiň. Ýaş dökmeden bir adamyň belgisini pozmak bolsa mümkin däl.,, Ýüregiňe ýakyn duýanlaryň hemişe ýanyňdan, töweregiňden gitmeýär,, diýeniňiz bilen ylalaşýaryn. Dirikä günde bir iki ýatlaýanlaryň ýitireňsoň her dem hakydaň içinde mesgen baglaýarlar. Perýadyň goýalmagyna getirýärler. Size hormatym çäksiz. Söhbetdeşlikden aýyrmasyn Biribar. 05 Sentýabr, 2021

Hawa. Edil seň şu ýazýan ýagdaýyňy amerkalylar "Во все тяжкие" diýen seriallarynda gaty gowy ulanypdyrlar. Görmedik bolsaňyz görüň. Gaty üýtgeşik serial. Serialyň her seriýasy bir kino ýaly. Aýraçylyga, ölüme pozitiw seretjek bolaly. Ýaşadygyňça ýitirýän adamlaryň, ýurduny başgalaýanlaryň sanam köpelýä. Bu Allaň ýazgydy. Biz muňa kaýyl bolmaly. Ondan gaýtdyk, Oňa-da barýas. Käbir zatlary görüp bilmeýşimiz ýaly (gözem çäginden aňryny görüp bilmeýär) akylyňam öz düşünýän çägi bar. Ondan aňryň pikirini ediberseň, görjek boluberseň, soňy gowy bolman biler. Bu hakda Jelaletdin Rumuda gowy rowaýat bar. Towugyň düýäni ketegine myhman çagyryşy hakda. Hormatyň üçinem köp sag bol. Bizi sylany Alla sylasyn.

Re: Agam, Keymir kor, tekelerin taryhy barada bilyanlerinizi paylasayyn. Ozuniz haysy tireden bolarsynyz. Aydyslaryna gora, tekeler Taklemekan colune hem surgun edilipdir.05 Sentýabr, 2021

Men tekeler, Keýmir kör hakda ullakan zat bilemok. Mirasgärler diýip ýaşulularyň bir topary bar. Ýalňyşmasam Ahmet Halmyradam şolara käte goşulýan ýaly. Olar şol taryhy şahslaryň guburyna zyýarta gidýäler, oturyp bilýänlerini paýlaşýalar, garaz ýaşulular birek-birek bilen görüşýäler. Şolaryň arasynda şu seň berýän soraglaryňa aňry ýany bilen jogap berjekleri bar. Gyzyklanyp gör. Menem eşitdim welin, garraňsoň ýazyp alaýmasaň ýadyňda galanok. Mirasgärler diýýäler. Duşakdan Nurnazar aga bar, radioda-da köp çykyş edýändir. Öz tirämize Amaşa diýerdi kakam. Ýöne biziň aňrymyzda Töre sopy diýip bir ýaşuly geçimdir. Şoň nesline-de "töreler" diýýäler. Ýalkymda bizi "töreler" diýip tanaýarlar. Töre diýilýän ýaşuly hakda ýazjak bolsam köp ýer aljak. Ol aýry bir gürrüň.

Gülzargöwün: Hydyr aga ýazýan zatlarňizda täsir güýçli. Men Gurbannazar agaň ýşan ýerräginde ýaşaýaryn. Şol köçäde adynam dakdylar. O onki sowetskiý köçeden sowhozny köçä girip bir az ýöräňde bir täze köçe. Gurbannazar Ezizow köçe ýöne on dördünji tapgyram diýäýýäler. Her gezek öýden çykamda Ürkül agany görýän. Derrew arabasyna seredýän. Bir asman gözlije oglan monça bolup otyr. Onuň şatlygna goşulmaly halyma bokurdagym dolýar. Sebäbi şol arabadaky oglanjyk şol gidişine gözümden ýitip gidýär. Adamzadyň başyna düşmeýän, geçmeýän zat barmy. Has ýakynlarmyzy hem ýitirýäris, ýatlaýarys, aglaýarys. Allaha şükür etmegi bilmeýän adamam däl biz. Ýitirmek, töweregmize seredip galybermekden başga alajymyzam ýok04 Sentýabr, 2021

Dogry. Ýakynyň, gaty gowy görýäniň ölüminden ajy zat ýokdur. Ýöne öz ýaşan, başymdan geçiren bir ýagdaýymy aýdyp bereýin. Bir wagt (ýaş ýigitkäm) biri bilen gaty gowy görüp tirkeşýädim. Soň birhili boldy-da biz daşlaşdyk. Soňam ol ýogaldy. Ýogaldy welin, ol meň üçin hasam beter ýitip gitmedi-de tersine, ýanyma dolanyp gelen ýaly bolaýdy. Käteler, (aý, günde-günaşa diýsemem bolýa) naharyň başyna geçemde, täret kylyp durkam, ukyň öň ýany ýa-da aladaňdan... ol ýadyma düşýä. Ýanyma gelýär. Käte gürleşýänem. Daşymdan "Ýok-laý" diýibem goýberýän. Diýjek bolýanym ol adam ölensoň, men ony gaýtadan tapdym. Dogrusy, men ölüme ynanamok. Gurbannazaryň ejesem "Islän wagtym Gurbannazar ýanyma gelýä. "Eje bu ýyla ýagdaýyň gowy. Kurort gowy ýarapdyr" diýip ýanjagazymda oturýa" diýip gürrüň beripdi. Men şo wagt munuň şeýle hakykatdygyna pisindim oturmandy. Garry adam, ýekeje ogluny ýitirensoň, göwnüni aldaýa, özüni köşeşdirýä diýip pikir edipdim. Indi onuň aldama, aldanma bilen hiç hili bagly däldigine düşündim. Adam özüňde ölse erbet. Diri gezip ýörenem bolsa, gaýdyp ýanyňa gelmeýä. Ýanyňa gelse-de gelmedik ýaly. Şol erbet.

Dogruçyl: ,, Hal ýa-da üçünji dünýe,, ni okadym Hydyr aga. Eliňiz, gözüňiz dert görmesin. 04 Sentýabr, 2021

Sag bol

Re: Yok Gulmyrat. O dal. Men Kaka etrabynyn Gowsut obasyndan.03 Sentýabr, 2021

Gulmyrada

Shemal: "Siz nähili bolsañyz, şeýle dolandyrylarsyñyz". Şu jümlä nähili garayanyz, pikiriñizi aýdaýsañyz?03 Sentýabr, 2021

Hawa, meşhur jümle. Gaty dogry,aýdylan söz.

Gulmyrat: Re siz Merdan Baýadowmy? 03 Sentýabr, 2021

Re sowal

Re: Bir döwürde ýaşamadyk hem bolsam, Gurbannazar meniň hem deň-duş "gaýybana dostum". Onuň köpsanly goşgularynda özümiň jogapsyz soraglaryma gabat gelýärin (onuň özüniň hem jogap tapmadyk soraglary). Siz gaty görmäň ýaşuly, Gurbannazar bilen özüm oňuşaryn, gerek bolsa bile oturyp, "şerabam" içerin.02 Sentýabr, 2021

Noş bolsun. Menem "Ýalňyz talyň saýasynda otyryn". Ýeňiljek Mac bilen gowja kofämem ýanymda.

Re: Size bir sorag: Görnüşine görä, siz bir dindar, takwa adam. Aýdaly, ýaşyňyzyň soňunda sizde bir sebäp bilen Hudaýa, pygambere bolan ynam gaçdy we siz ateist ýaly ýagdaýa düşdüňiz diýeli. Şonda siz nähili duýgulary başdan geçirerdiňiz? Özüňiziň ölüp ýokluga öwrüljekdigiňiz baradaky duýgular sizi näderdi?01 Sentýabr, 2021

Aslynda birine öýkünip,biriniň tesiri bilen namaza başlamadym. Hristianlaryň arasynda-da, krişnaitleriň arasynda-da boldum. Olaryň kitaplaryndan türkmençä terjime edenlerimem bar. Ýöne Alla meň musulman bolanymy isledi. Meni namaza duruzdy. Şu wagtam "Aý, kazasyny okaryn-da" diýip ertir namazymy geçirenimi bilemok. Kyrk ýaşymdan bärem namaz okaýan. Başyma gaty agyr kyn günler düşende-de "Alla näme üçin meň başyma düşürdiň?" diýen ýaly ters pikirler göwnüme gelmedi. Indem getirmesin. Hawa iman meselesi gaty inçe, çylşyrymly, howply zat. Iň soňky demiňde imansyz ölüp gidýänlerem bolýamyş diýen gürrüňlerem bar. Alla "Lä ilähä illalla" diýdirsin-dä şol gyssagly pursatda. Özümi seň diýýän ýagaýyňda asla ggz öňüne getirip bilemok. Şoň üçin, näme jogap berjegimem bilemok. Her, adamam demi sogrulany bilen ýokluga öwrülermi? Megerem, sen bu zatlary menden gowy bilýänsiň. Şonda şeýle sorag berip bilşiňe haýran galyp otyryn.

Re: Ýatanda kulhualla okamagyndan ugur alyp, Gurbannazara "molladyr" öýtmek dogry dälmikä diýýän. Onuň üçin kulhualla bilen sanawajyň kän bir tapawudy bolandyr öýdemok.01 Sentýabr, 2021

Gurbannazar "molladyr" öýtmändim. Şeýle bolaýmasyn, diýen ýerimem ýok. Mollaçylyk başga zat. Ýöne Gurbanazar üçin kulhualla sanawaç ýalydyr diýýäniňi nämä esaslanyp diýýäň? Aslynda oňa "alkaşam" diýilenini eşitdim. Şonuň üçin, sen "Gurbannazar asla Alla ynanam däldir" diýseňem meni geň galdyrmaýaň. Gurbannazar "Soňra eşdip gybatym, ýakamy tutdum" diýip ýazan şahyr. Gybatlara-da özüni pida etmedik, şahyrlygyny öldürmedik şahyr. Hawa, içýädem. Gaty serhoş halynam gördüm. Ýöne şonda-da, şol wagtam Gurbannazara erbet göz bilen seretmändim. Ýogsa özüm içemokdym. Içginem halamokdym. Içäýsem diýen hyýalymam ýokdy. Şonda-da Gurbannazar meň gözümde şol bir Gurbannazardy. Şu wagtam şeýle. Bir gezek öýmüzde goşgusyny okap berip otyr. Bizem magnitofona ýazýas. Şonda Gurbannazaryň yzyna düşüp gelen başga biri bahyllygyny, gözügidijiligini saklap bilmän "Näme tutuş kitabyňy okap berjekmi?" diýeni hiç ýadymdan çykanok. Gurbannazaram "Okaly-da, näme?" diýdi. Menem "Goşgyny diňlenýäkä okamajak bolsaň, haçan okajak?" diýdim. Şol wagt mekdebiň soňky klaslaryndadym. Gurbannazaram bir begendi "Dagy näme?" diýdi. Bütin ömrüme şony diýenime begenip, hiç kime bildirmän "gomparyp" ýörün. Kim hakda çen atsaňam olar ýaly adamlar hakynda çen atyp, bir zadyňy diýip goýbermek dogry däl. Gurbannazar molla bolmasa-da sanawaç bilen töwüriň tapawudyny bilýädi. Dogry kulhuallaň Kur'anyň soňky süreleriniň biridigini bilmese bilen däldir. Ony özümizem ýaňy bildik. Sowet ideologiýasy başymyzdan aýrylansoň bildik. Aý, bolýa. Dos, näme diýseň maňa diý, ýöne Gurbannazara beýle zat diýme. Diýseňem maňa eşitdirme.

Re: Garaz, aňkaňyz aşypdyr-da onda )) (üçünji dünýä ýazgyňyza). Degişýän agam, gowy zatlar ýazypsyňyz. Aý ýöne men-ä, biziň ähli duýgularymyz şü çal beýnimizden turýarmyka diýýän. Şondan başga hiç hili dünýe-de ýok bolaýmasa. Gurbannazary hem materialist düşünjeli adam diýip hasap edýän men-ä.31 Awgust, 2021

Aňkamyň aşma kemi galan däldir. Haçan adamyň aňkasy aşan ýaly bolaýýan eken - haçan özüçe dogry, şeýle bolmaly, başgaça bolup bilmeýä diýýän zatlary tersine boluberse, ýa-da tersine bolýan ýaly görnüberse, adam nirä ýörejeginem bilmän, herhili hallara, dünýelere düşüberýämikä diýýän. 30-40 ýaşda bolup duran zat, ýetmişe ýetibereňde bolman dur. Onsoň, aňkaň aşyberýä. Aý, Hudaýa şükür, entegem däldiräp düze çykamyzok, ile gürrüň bolamyzok. Şu halymam ýazmasamam bolardy welin, ýazaýdym-da. Aýyplaşmaň. Ýöne men adamda diňe üç däl, birnäçe dünýeleriň, hallaryň bardygyna ynanýan. Ertir gelip "Biziň däli diýýänimiz doly, doly diýýänimizem däli" diýseler, geň görmerin. Hat-da şeýle ýagdaýy häzirem görüp ýörün. Muňa oturyp-oturyp haýran galýan. Gurbannazar materialistmi ýa-da Alla ynanan, ýöne ynanjyny aýtmadyk birimi - şuňa meňzeş jedeller kän. Gurbannazaryň daşky, görünýän ýaşaýşy, şol döwrüň adamlarynyňky ýalydy. Musulmançylyk bilenem, budda bilenem, krişna bilenem, ateizm, materializm bilenem kän işi ýokdy. Sebäbi olaryň hiç biriniň düşündirişi onuň maňzyna batmaýardymyka diýýän. Yslamy oňa kim düşündirsin? Ateizmi düşündirýänleriň aýdýanlary-ha (ýaşynyň soňky ýyllarynda hasam) maňzyna batandyr öýdemok. Beýleki hristian, buddizm - bu dinler-ä hasam bizden daş. Şoň üçin din, Alla, jennet, dowzah, şeýtan, günä-sogap... bular hakda bilýan zadymyz gaty azdy. Ýöne adamyň asyl ýaradylşy hemem Hümmet mollaň Gurbannazaryň aňyna kiçijikkä guýanlary megerem, boş ýele giden däldir. Halnabat gelneje öz dili bilen maňa uniwersitetde okaýan ýyllaram gije ýatanda üç gezek kulhuallany okaýardy diýip gürrüň berdi. Men "Alla ýok" diýen adamlara-da gabat geldim. Köp däl, üçüsi ýadyma düşýär. Ýöne Gurbannazar Alla ynananokdy diýseler kabul edip bilmeýän. Gurbannazardan hudaýhon birini ýasajak bolamok. Gürrüňi uzaltmaýyn. Garaz, sen maňa düşünensiň.

Babyr: Işletmage derek kitap okatsañ çagalara özleri terbiýelenmezmi diýjek bolupdym... aý.ýöne işýakmaz bolsalar añsat añsat kitabam okadyp bolanokda. Hasam şu döwürde.31 Awgust, 2021

Ýok, öz-özi terbiýelenmeýä. Kitabam, ene-atada, mekdebem, köçe-de... hemme zat terbiýeleýji, terbiýäň kömekçileri. Adamy çüýşä salyp adam edip bolmaýa.

Babyr: "Ýüregim başga ölçegleri küýseýä. "(Hal ýa-da üçünji dünýe) Menem käwagt işdämiñ başga tagamlary küýseýşi ýaly, ýürekden çykan, arassa türkmençe ýazgylary küýseýän. Ýazgylarñyzy ýürekdeş görýän. Bir döwüreler 4-5 ýyl ozal telefonumyñ Blaknodynda "ekizler2" atly bölüm açypdym. Soñ "gundelik.h.amangeldi" açypdyryn... garazam diyjek bolyanym yazanlarñyzy aram-aram okamagy halayan. Bu kimdir bir tanyş adam bn gürrüñdeş bolan yaly yurege yakymmy giñlikmi... beryar... 31 Awgust, 2021

Sag bol. Ýürekdeşlik üçünji dünýäň bir gapysy, oňa girelgeleriň biri ýaly görünýä.

Babyr: Zähmet adamy terbiýeleýä diýýärler. Kitap okamagam zähmet hasaplap bolarmy?!. Ýa-da akyl zähmeti beden zähmeti aýrymy?! (Köne-küşül, makalalarñyzdyr goşgularñyza sabyrsyzlyk bilen garaşýan)30 Awgust, 2021

Kitap okamagy biz-ä zähmet bilmezdik. Indi biraz ýaýdandyrýa. Ýöne elimden gelse, adamlaň elinden gara zähmedi alardym. Akyl zähmeti diýilýän ruhyňy kämilleşdirmek bolsa, şony ediň diýerdim. Ýöne beýtseňem çagalaryňy aç goýarsyň. Erkek kişi üçin-ä asla bolmaýa. Aýal ýene-de öýde nahar arasynda eline köpräk kitap alsa Erkek kişilerem agşammy ýa irdenmi 15 minutjygam bolsa kitap okasa, dünýä garaýşyny giňeltse. Goşgular üçin kitaphana gitmeli. Makalalary göçürip bilerin. Olar bar. Ýöne ulurak. Inşalla goýaryn. Belki tazesini ýazaryn. Inşalla. Garaşdyrasym gelenok.

Shemal: Tanyş-bilisçilik edip iliñ hakyna girme has kopelen ýaly. Tanşyñ usti bilen işiñi calt bitirjek bolup, biz enceme kisini koseyandigimiz, olaryn hakyna giryanimizi bilemzok. Bu yagday sheyle bir yayrapdyr welin, hacan soñy gelerka?! Diñe ozumizipikir edyaris. Kerim agada sheylerak setirler bar Ynha et dukany, satyjy goñşyñ Saylap secip saña bir budy çeker Yzyñdaka bolsa gaty oñurga Şonda name hakda edersiñ pikir Ozùñe edilen hezzet hakdamy Ýa ili çürkeyän ulpet hakdamy?!30 Awgust, 2021

Hawa Adam käte öz bahbidi ara düşende edil kör bolana meňzeýär. Ol öz oturan agajyny kesýa. Bu gün sen tanyşyň üsti bilen biriniň hakyny iýseň, ertesi olam seňkini iýer-dä. Olam gezip ýören mal däl-ä. Aý, ertiri ertir göreris diýýäs. Ertesem görýän zadymyz ýok, zeýrenip ýörüs. Bu ýagdaýyň öňüni diňe sowat, düşünje bilen alyp bolaýmasa. Mekdep ýaşyndaka adama kişi hakyny iýmegiň soňunyň aýlanyp ýene özüne degjekdigini düşündürmeli ýaly. Köp mesele adamyň ýedi ýaşdan on ýedi ýaşa çenli aňyna guýlan düşünjelere baglymyka diýýän. Çagalarymyzy ýatadaky maly ösdürüp-ulaldan ýaly ulaltsak, haýwan bolup ýetişmezmi? Arada Ýaponiýa hakda tele gepleşikler gördüm. Şonda ýapon çagalarynyň düşünjesine, olaň durmuşyna haýran galdym. Düýbünden kabul edip bolmajak zatlaram bar welin, öwreniläýjek zatlaram kän. Ýapon uzak bolsa, türkmeniň özünde gaty gowy ýörelge bar: "Ody özüňe bas, ötmese kesekä." Şuny köp gaýtalamaly. Beýniňe ýazmaly. Kagyza ýazyp, mydam gözüň düşüp duran ýere ýelimlemeli. Ýekeje sözlem, ýekeje talap, ýöne muny haýsy birimiz başarýas? Elbet, başarýan kändir, ýöne bir damja hapa, bir çelek suwy hapalap bilýä-dä. Şonuň üçin, her gün namazy geçirip bilmeýşimiz ýaly, ody ilki özümize basman, kesek uzatmalyň. Onsoňam gul haky diýilýän zat gaty agyr mesele. Oňa Alla-da goşulmaýa. Gepi uzaltmaýyn. Ýarama basylan ýaly boldum-da...

Shemal: Rahat, lyuks yaşayşa ymtylmaga nahili garayañyz? Hazir kopculik şeyle ýaly. Içki dunyamiz köp yagdaylarda unudulayyan yaly.24 Awgust, 2021

Owal, biz oglankak rahatlyk ýumşak diwan, kreslodamyka öýdülerdi. Soň daşary ýurt maşynlryndamyka öýdüldi. Soň daşary ýurt kurortlaryndan gözläp başlandy... Muň soňy ýok. Sebäbi bir zady ýok ýerinden gözleseň, oň soňy gelmeýä. Hakykatdanam, rahatlyk ruhy dünýäňde. Ruhuň rahatlanmasa, teniň hiç rahatlyga kanagatlanmaýa.

Garayolly: Pagtanyñ cigidini bogaz sygyrlara koprak berseñ olar doganda golesiniñ gozleri kor bolup dogyan eken. 23 Awgust, 2021

Bäh. Birinji gezek eşidýän. Aý pagtaň çigdinde, kartoşkaň ýaşynda awy bar diýýäler. Üstesine, pagtaň ýapragyny gaçyrjak bolubam awy sepýäler. Hemmesem çigidine siňýä.Ýöne ýagly bolansoň, mal gowy iýýä-dä, gowam semreýä.

Gylyçmyrat: Bärde bir düşünip-düşünmez ýaly zat ýok. Edebiýat barada söz açylanda, siz: "Men bir zootehnik, selhozy gutardym" diýipsiňiz. Şol sebäpli menem mal-garadan söz açaýdym. "Malym - halym" diýipdirler.23 Awgust, 2021

Hä, sag bol. Sarunam kän berseň, etiniň hilini peseldýändir. Umuman pagta çigidi kän halanmaýa. Ýöne käte malym semrese bolýa edäýýäs-dä. Aý, bolýa. Goldawyň üçin sag bol.

Serdar: Hydyr aga kasi ozune gelisyan gelismeyan zady bilenoklara. Gelisýandir oydip, eger naçe ýenleslik etsede hiç kim seretmese kemsinip aglayanam bolya su dowurde. Bir gezek arçymana bardym naçe yyl mundan on. Bir gelin men su gun sizin otaga çaya barjakdyryn diyaydi. Yurwgim gopdy. Onema ayalym tabsyra tabsyra ugratdy.,, Habardar bolaweri birinin toruna dusama diyip. Iki gun geçdi gaty ir turyp bejergilerimi alyadym. So gelin onumden çykar oydip utanyardym Konsert boldy bezenip beslenip barypdyr. Gozleri aglana menzeyar. Aglap geç diydim. Ozune sallanyp sulmirap asyllyja tamiz durmagyn gelisýandigini bilse beydermi. An kem23 Awgust, 2021

Aý, hawa, türkmeniň edebine döneýin. Şo bir bizden gitmesin. Komerçiskileň harytlary ýaly, ýasamalaşmawersin. Haýamyzy aýal-erkek diýmän berk goramaly. Biziň galamyz - haýamyzmyka diýýän.

Serdar: Shemal dogruçylyn dosty yok diýjek boldumyka? Bir giden yalançylardan yanan birinin yanynda bir gorsedin dogruçylyn gadyr gymmatyny. Depesine taç edesi geler hakykatçyly. Kop adamlar bir zadyn gadyryny soňa zar bolup öwrenyarmika diyyan. Belki ýalnysdym23 Awgust, 2021

Hawa, zar bolsaň gymmaty artýar. Dogruçylyň dosty ýok diýilen zada-da men-ä kän ynanamok. Azdyr, ýöne özi ýaly dogruçyldyr. Şolam ýeterlik. Goý, ýekeje bolsun.Ýalançyňam özi ýaly "dostlary" bardyr. Köpdürem, ýöne şagalam köp. Dostum köp bolsun diýip, şagal boljakmy? Ýöne dogruçyl boljak bolup, özüňi oda oklap ýörmegem akylsyzlykmyka diýýän. Ot otdur-da ýakar göýbär. Akylly-başlylyk türkmeniň iň gowy häsýetleriniň biri. Ýeňleslik bize gelişmez.

Shemal: Hakykatçyl, dogrynyñ tarapdary bolmak kyn yaly. Name ucin sheyle adamlary kan halamayarlarka?23 Awgust, 2021

Näme üçin halanoklar - halaýalar. Senem halaýaň, menem halaýan, olam halaýa. Ýöne seň hakykatyň maňa degmesin. Mysal üçin, men edýän işimi oňaramok. Şony aýtmasaň bolýa. Sen hakykaty aýdyber. Mysal üçin, başga biriniň iş oňarmaýanyny aýt. Ýöne, onam oň özi eşitmesin. Eşdäýse, seni halamaz. Garaz, kyn mesele. Hakykatlaň üçinde iň haýran galýan hakykatym, hakykaty bilmeýän ýok. Hakykaty aýtmasaňam, gizleseňem, ol gizlenip duranok. Şonuň üçin, ony aýtmasaňam bolýan ýaly welin, aýtmasaň bolmaýa. Birhili göwnüme, abraýly hakykatlar bar, abraýsyz, hiç kime gerek däl hakykatlaram bar. Abraýly hakykat mysal üçin... aý, aýtmaýyn, ony bilmeýän ýok. Halanmaýan, abraýsyzam aýtmaýyn, onam hemmämiz bilýäs. Biziň (Ylýas ikimiziň) birinji ýazan pýesamyzyň ady "Her kimiň öz hakykaty bar". Üns berensiňiz, şo bir zada her kim öz hakykaty bilen seredýä. Şeýle bolansoň, käbir hakykatlar hakykatda hakykatam däl. Garaz, bu mesele, gaty kyn mesele. Bu-da bir hakykat. Ýöne hakykaty aýdýanlary ölensoň halaýandyklar-a hakykat, sebäbi indi ondan saňa zyýan geljek gümany ýok. Ýogsa, hakykatdan hiç wagtam zyýan gelmeýä. Şonuň üçin, hakykaty halamazlykdan uly akylsyzlyk ýok. Bu-da bir hakykat.

Suray: ,, Ýeke özüm oturybam bir sazy başdan aýak çalyp bilemok. Sebäbi gulaklarym hakyky sazandalaň hakyky sazlaryndan ganypdyr. Öz çalyşym düýe patanaklança-da bolanok.,, ,, Yalzmalk keseli,, diyen yalzgynyzdan. Yazyp bilyanin yanynda yazup bileyanem seyle duyyar ozuni. 22 Awgust, 2021

Hawa, şeýle bolýa.

Gylyçmyrat: Sarun sygyrlar üçin gaty oňat iýmit. Semredýärem, süýdünem köpeldýär. Sarun bol bolsa, hojalyga uly goldaw.22 Awgust, 2021

Düşünmedim

Garayolly: elimden dushuremak.( 64 )yash. Ozum-a hazirki romanlardan shol romanlary gowy goryan.Tankytcy Jora Allakowyñ aydyshy yaly,ceper syujetli eserler ozbolushly bir jemgiyet.Shol jemgiyet proplemasy we yagshymy-yamanmy,real durmush bilen kan bir bolmadyk halatda tamamlansa-wakalar okyja yarar yaly,ony ka agatlandyrar yaly jemlense oñayly dalmi.Yene bir zat,real durmusha kan bir baglanman,yazylyan romanlaryñ wakalaryna romantiki rowush cayylyp goyberilse has tasirli bolardy.Bu zatlar barada siziñ garayshyñyz nahilidir,Hydyr aga.20 Awgust, 2021

Sizi gynandyraýmasam. Men bir zootehnik, selhozy gutardym. Türkmen edebiýatynam 14-15 ýaşlarymdan soň okamadym diýen ýaly. Beki agaňam, Hydyr Derýa ýaşulyňam romanlaryny okamadym. Tolstoý, Dostoýewskiý, Hemingueý, Akutagawa, Ekzýuperi ýaly dünýä meşhurlaryň kitaplaryny okadym. Woýna i mir, Idiýot, Bratýa Karamazowy ýaly uly romanlary iki gezek gaýtlap okadym. Bulgakowyň Master i Margaritasyny ilki okamda hiç zat düşünmedim diýen ýaly, soň, 50 ýaşlamda gaýtadan okadym Kinoserialyny gördüm, garaz zordan bir zatlar aldym. Türkmen edebiýaty welin, maňa gaty nätanyş. Aýgytly ädimi dilini, Berdi agaň sözlem düzüşini öwrenmek üçin ýötite okadym. Ýöne ýaşuly ýazyjylarymyza hormatym uly. Olaň halkymyzyň aňynyň, düşünjesiniň ösmegine-de ýetiren täsiriniň uludygyny bilýän. Häzirki zaman romanlary diýýäniň-ä asla-da bilemok. Olara duşam gelemok. Öňler gazet-žurnal okardym, indi garrapdyryn, olaram okap bilemok. Garaz, men seň sowalyňa näme jogap berjegimi bilemok. Rus dilini diňe rus dilinde kitap okap öwrendim. Dünýä edebiýatyny juda gowy görýän. Ýaňy ýakynda Tolstoýyň Anna Kareninasyny ikinji gezek okap çykdym, orazada. Garaz, gel, dünýä edebiýatynyň gürrüňini edeli diýseň, biraz düşünenjelerimi paýlaşyp biljek. Ýöne, gynansamam, türkmen edebiýaty maňa nätanyş diýen ýaly. Onsoňam bolmanda dil-edebiýat fakultetinem gutarmadym. Jora Allakowyň aýdanlaryny telim ýola gaýtalap okadym, düşünmedim. Nämäň jemgyýeti, nämäň sýužeti nämäň eseri... Meni bagyşla. Men bir kelläme gelenini ýazyp ýören biri.

Garayolly: Hydyr aga,siz edebi jemgiyete yakyn,dogrysy,onuñ icinde yashap,kemala gelen adam.Yazyjy.Sossialistik realizmi bachdan geciren adam.Onuñ howasyndan dem alyp,eserleriñize shol demden-howadan cayyan kishi.Aytjak bolyanym,sossialistik realizmiñ beren miwelerem gaty datlydy.Aygytly adim,Ykbal,Doganlar giden giñ okyjylar kopculiginiñ gownunden turupdy.Ozum-a hali gune cenli 20 Awgust, 2021

jogabyny soňa goýdum

Garayolly: Hydyr aga,siz edebi jemgiyete yakyn,dogrysy,onuñ icinde yashap,kemala gelen adam.Yazyjy.Sossialistik realizmi bachdan geciren adam.Onuñ howasyndan dem alyp,eserleriñize shol demden-howadan cayyan kishi.Aytjak bolyanym,sossialistik realizmiñ beren miwelerem gaty datlydy.Aygytly adim,Ykbal,Doganlar giden giñ okyjylar kopculiginiñ gownunden turupdy.Ozum-a hali gune cenli 20 Awgust, 2021

Jogabyny soňa goýdum. Hormat goýup sorag bereniňiz üçin sag boluň.

Garayolly: Essalawmaleykim Hydyr aga.Ertiriñiz hayyrly bolcun.20 Awgust, 2021

Waleýkimessalam. Siziňkem haýyrly, bereketli bolsun.

Garayolly: Essalawmaleykim,Hydyr aga.Gijañiz hayyrly bolsun.Siziñ Soyunhan sakal hekayañyzy okadym yañy.Gaty tasirlendim.Sag boluñ.19 Awgust, 2021

Waleykimsalam. Senem sag bol

Suraý: Hmmm, şol aýtgyny aýdan nädogry aýdypdyr. Onuň äýdan-a aýany şony hiç kimden soramanu dogry düşünjek bolup köp oýlandym. Şeýdip köp zatlar ýoýulýarda.19 Awgust, 2021

Hawa, şeýle-de bolaýýa.

Suraý: ,,Bermezek Taňrydan, irmezek awçy ýagşy,, Hydyr aga, Taňry berse bermese beýik, ýagşy welin ondan dynuwsyz, daýanuwsyz, irmän jandarlary gyryp ýören awçy nähilli ýagşy, gowy bolup biler?19 Awgust, 2021

Bilemok welin, "Bermezek Taňrydan irmezek awçy alar" dine ýalyrak bilýärdim şu aýtgyny. Irginsiz bir zada ýapyşsaň Alla bermejegem bolsa, nebsi agyryp berýär diýen ýaly. Ýa men ýalňyşýamykam?

Suraý: Gyzykly jogap üçin we ähli zat üçin Allajan sizden razy bolsun17 Awgust, 2021

Hemmämizden. Ämin.

Suraý: Ölüp, barlygyñy subut etmeseñ, Bolanok!!! Baba aga bagyşlanyp ýazylan goşgydan iki setir. täzeräk okadym. Ah adamzat beýdip barlygyny bildirmelimi diýsene. Şü diri wagtyň talantyňy duýmazlyk başga milletlerde-de şeýlemyka Hydyr aga. 16 Awgust, 2021

Aý, ýok. Gurbanazary dirikä-de gaty gowy görýädiler. Ýöne türkmen-dä, öwüp dursaň gelşiksiz diýip oňaýýar. Dogram edýär. Öleni bilenem adam meşhur bolmaýar. Biri Gurbannazaryň meşhurlygyny şol ölüm, onda-da tragiki, ýaş wagty öleni bilen baglanyşdyryp gürrüň edipdi. Ýok, beýle däl. Çary Ýegenmyradam tüýs şahyr, ýaşam öldi. Ýöne ony Gurbannazaryň deňinde goýup bolmaýa. Aýdyşlaryna Magtymgulam ýaş ölmändir. Talanta ýol açmak diýilýän zat hakykatdanam biraz kyn mesele. Bu taýda sanaýmaly adamlaryň özara bahylçylygy, görüpligi, birazam daşyndan muň şeýle bolmagyna şert döredilmegi, meçew berilmegi ýaly zatlar uly rol oýnaýa. Ýöne mango, banan, kofe... bizde bitenok. Oň ýerine üzüm bol, gawun-garpyz... Şoň ýaly käbir häsiýetlerimiziň ýokdugyny, pesdigini biljek bolmagam gowy zat. Teplissa gurýaň, peç gurýaň, ot ýakýaň, garaz, şol gyt müwäni sowuk urdurmajak, köpeltjek bolýaň. Şeýleräk bir häsiýet bize gerek. Olam ýogam däl, ýöne gowy häsiýet näçe bolsa az-da. Esasy zat pikir etmeli, oýlnamagy başarmalı. Häsiýetler şondan emele gelýä. Edil topraga kök urup agaçlaryň şaha ýaryberşi ýaly. Oýlanyp, pikirlenip ýaşasak, hereket etsek, karara gelsek şahalar köpeler, öser. Muňa-da wagt gerekdir-dä. Ynsanam plan çekmäni gowy görýä, ýöne Allaňam öz plany bar bolarly.

Re: "...Türmede yzyndan ejesem gelmeýänleri görüpdim..." Şu setirleri aýdyňlaşdyryp bilmersiňizmi.15 Awgust, 2021

Aý, ol uzak gürrüň.

Re: "1991-92 ýyllarda "Ýaş kommunist" gazýetinde bir gezejik goşgularym çykypdy" Ýylyny, aýyny anygrak aýtsaňyz, dynç günleri kitaphana gidip gözlärdik.15 Awgust, 2021

Aýyny, gününi bilemok ýöne 91-nji ýylyň ikinji ýarymy bolsa gerek. Anyk ýadyma düşenok-da.

Suraý: Hydyr aga şol sanan şahyrlaryňyzy menem gaty gowy görüp ökaýan. Göwy bolsalar, ýazyp bilýän bolsalar nahilli gowy görmejek diýsene. Gurbannazlar aga, Çary aga gaty gyýylýaryn. Ah bularyň haýsynyň ykbaly gyýylmazça (( Bir Ahmet aga uzagrak ýaşan bolaýmasa. Ýöne bular ýaşap ýör ahyry. Mämmetnazar aganyň goşgularynyda gaty gowy görýän. ,,Güller deňizi,, diýen kitabynyň gözleginde. Hydyr aga siz bir hilli bagtly adamlar. Bular bilen dagy söhbetdeşem bolan. Bizem özümizi bagtly saýýarys. Biz olar bilen söhbetdeş bolanlar bilen edil häzirem söhbetdeş bolup otyrys.Ýaradana şükürimuz çäksiz. Sagdyn ömrüňiz bolsun!15 Awgust, 2021

Sag bol, aýdanyň gelsin. Hawa, olaryň hersi bir şzbaşyna dünýädi.

Garayolly: Essalawmaleykim,Hydyr aga,hazirki dowurde nahili eseriñ ustunde ishleyarsiñiz.15 Awgust, 2021

Waleýkimsalam. Aý, bir zatlar-a güýmenýän, öz-ä. Pylan eseriň üstünde işleýän diýsem ýalançy bolaryn. Boş oturmajak bolýan, ýaradygymdan. Ýazara zat tapmasam, geçen asyrda ýazanlarymy göçürip ekizler2-ä goýýan.

Re: "Köne-küşüllere" garaşýarys! Goşgularyňyzyň many ýüki ýetik eken, tüweleme.14 Awgust, 2021

Sag bol. 1991-92 ýyllarda "Ýaş kommunist" gazýetinde bir gezejik goşgularym çykypdy. Känem däl bolaýsa 7-8 goşgudyr. Mümkin ondanam azdyr. Ýöne şol goşgularymyň golýazmasy ýitipdir. Araňyzda kitaphanada işleýäniňiz bar bolsa podşiwkalara seretse, tapyp bilerdi. Tapsa, maňa-da göçürme suratyny iberse, begenerdim. Ekizlere-de goýardyk. Olary özümem erbet göremok. Iň saýlanyp çap edilenleri-dä.

Suraý: "Biz entek diri ahyry" ny okadym Hydyr aga. Oýlandyrýar. Hydyr aga şahyrlardan iň ýakyn dostuňyz, pikir alyşýanyňyz goşgularyny söýüp okap ýene täze ýazaryna garaşanyňyz kim bolupdy. Ýeke biriniň adyny tutmak kyndyram şonuň üçin kimlerdi?14 Awgust, 2021

Biz Ylýas ikimiziňem oglanlykadan, 13-15 ýaşlarymyzdan başlap şahyr diýip tananymyz Gurbannazar boldy. Gowam gördük. Olam bizi gowy görýärdi. Meň ýazan zatlarymy okap görüp ýetişmedi. Ylýasyň goşgularyny erbet görenokdy. Häzirem biz Gurbannazary gowy görýäs. Soň Ahmet Gurbannepesow bilen gowy gatnaşdyk. Kän gezek goşgularyny okap bererdi. Soň Bapba Gökleňowy gowy görýärdik. Ol bizden birki ýaş ulurak. Şahyr ýigitdi. Soň Çary Ýegenmyrat bilenem bile işleşdik. Goşgularam gaty gowydy. Näzikden, inçe. Bolany başga känbir şahyrlar bilen oturyp-turuşmadyk.

Ru: Eden erbet isime ökünip sonuna çykyp bilemok13 Awgust, 2021

Mende-de bar şo häsiýet. Ýöne esasy zat ýalňyşmak däl, ýalňyşyňy gaýtalamazlyk. Eger gaýtalamasaň, ýalňyşyň seni beýgeldýä, taplaýa.

Suraý: ,,Men bularyň goşgy däldigini bilýän, şoň üçinem goşgy ýazmak pikirimi goýdum. Meňki birhili kese-küse bolýar. Goşgy diýlen nagyş ýaly bolmaly,, Göwnümize degmäň Hydyr aga, bular-a goşgy eken )) Ejem pahyr ilki elime keşde berende öwrenjäme eden ýakamyň kä ýerlerinde ýalňyş ýerleri bardy. Görüp: ,,Erbet däl, nagyşam bir nagyş, ýalňyşam bir nagyş'' diýipdi. Gündeligiň etrabyna goýulan täze mowzugy haladym we begenjimiň çägi ýok. 12 Awgust, 2021

Hoş sözüňe sag bol.

Suraý: Bir söhbete başlasaňyz goşgy ýaly edip soňlajagyňyza gözümem ýetip dur. Sebäbi her ýazan ýatlamaňyzdan mysal alýaryn. Gündeligiňizi barlap, boýnumy buryp gidibermegi endik edinip barýaryn. Bir zatlar ýazyň-a agalar. Elimizden gelmeýänlermiziň, iki sözüň başyny gowşuryp bilmeýänlermiziň içimiz başly barat gyzykly gürrüňlerden doly durandyr. Beýan edip başarmaýarys hem az bilýäris, belki gyzyklam däl. Ne şahyrlar, ýazyjylar bilen söhbetdeş bolduk, ne kino sungatyna düşünýäris. Siz bir ýazyp bilýärsiňiz, beýan edip bilýärsiňiz. Okyjylarňyz gündelige ýazylan täzeje ýatlama garaşýar...11 Awgust, 2021

Suraý, menem seň ýaly okyjylaryň sanynyň köpelşine seredýän. Sanlardan many çykaryp bilemok. Onuň ýuwaş-ýuwaşdan köpelýändigini görýän, ýöne kän bir manysyny göremok. Aslynda men ýazýanlarymy gaty az sanly adamlar üçin ýazýan. Sebäbi kän bir gülşükli, uruşly, gyzykly ýazyp bilemok. Şonda-da ýazgylarymy gyzyklanyp okaýanlaryň bardygyna begenýän. Köp zatlary ýazmak kyn. Açylyp gidibermek üçinem birhili sebäp gerek. Ýogsa, aýdara zadam ýok däl ýaly welin, çeşmäň çykyşy ýaly bir ýerden yş açylmagy gerekmi, nämemi. Dogrusy, şu yssydanam gowy basyldym. Üstesine wirusyň garşysyna urulýan sanjymlaryň ikinjisi erbet etdi. Bir aýdan gowrak gan basyşym 90-dan ýokary geçmedi. Garaz, bahana kän. Ýöne ötünç soraýmasam. Bu gün giç boldy. Ertir inşalla, bir zatjagaz ýazaryn. Indi howada salkynlap başlady. Saglygymam gowlandy. Siz meni utandyrdyňyz.

Aýsona: Salam Hydyr aga! Türkleriň ,,Lälegül'' diýen bir radiostansiýasynyň "Halyl Ybraýym sofrasy'' diýip bir bölümi bar. Şonuň bir mowzugynda adam dogalamak barada, pal açdyrmak barada gürrüň edilýär. Ýahudiler Muhammet s, a, w hem dogalapdyrlar diýýär. Gaty gyzykly mowzuk. Adam dogalaýanlar jynlary, perileri kömege çagyryp dogalaýarlar diýýär. Pygamberimiziň saçyny, dyrnagyny, dutaryň kirşini oňa hyzmat edýän perişdä aldyryp dogalapdyrlar. Hezretaly felak süresi bilen näz süresini okap ony açypdyr. Aslynda ýahudiler gaty güýçli ylymly bolupdyr diýärler. Pal bilen adam dogalamagy hem ''gizlin ylym'' diýip atlandyrýan ekenler. Hydyr aga şol mowzukda adam dogalana ,weballar olsun'' diýip alyp baryjy gargaýar. Özem dyny adam. Gargamasyny halamadym. Sebäbi özümem bir oglan jigimi dogalap gördüm. Ýaramady, özem ýeter ýetmeziräk ýaşaýardy. Aýalam bir ýokdan bar edip çorbalyja naharlar bişirip ugruna ýoluna seretjek adam däl. Onsoň ,,jigimjan ýigrimi günjik öýde bolaý, gowja aýaga galýançaň özüm arassaja geýindirip, iýdirip içirip ýaşadaýyn diýsem her gün müň iňirdeýärdi. Bir gün hyýalyma geldide gonňşulardan doga berýän molla bilýän ýeriňiz ýokmy diýip soradym. Salgy berdiler gitdim we monça bolup geldim. Naharynda duzjagaz goşup berdim. Indi gidip bolupsyň diýip begenip ýörsem iki gün geçensoň öýüne gaçyp gidip galypdyr. Meň öýüm ýaşamaz ýaly, ýa çekiner ýaly öý däl onda-da oň özi bir gysynjaň Indi men şol ýerde etdiren dogam ýöremedi onda-da günä galdymmykam ? 10 Awgust, 2021

Waleýkimsalam. Günäňiz galdymy ýokmy, ony diňe Alla biler. Ýöne kulauzylary her namazymda diýen ýaly okaýan, onsoň dogalanmak meselesinden özümi goragda hasaplaýan. BU erbet zat. Edýänlerem halamok. Ýöne şoňa gaty bir ünsem beremok. Birine edeýin diýen pikirä asla kelläme-de gelenok. Biz adam ahyryn, arwah-jynlar bilen baş goşuşyp ýörsek nähili bolar? Iň halamaýan zatlarymyň biri ters okuw diýilýäni. Muň içine men palam, doganam, jadynam salýan. Alla mahluklaryň iň gowsudyr, şoňa laýyk, adymyza laýyk ýaşamagyň dogrudygy hemmämize mälim.

be: Salam, Hydyr aga! Pikiriňizçe durmuşda öz ornuňy nädip tapmaly? Nädip durmuşdan lezzet alyp ýaşamaly?09 Awgust, 2021

Waleýkimsalam. Bilmedim, ýöne iň dogrusy şu günki etmeli, edýän işleriňi kemsiz etjek bolmaly. Ertir, birgün, ýene bäş ýyldan diýişdiriberseň bulaşdyrýaň. Ertir, birgün Allaň işi, ertiri gelende görübermeli. Sen şu günüňi ahmal etmejek bol.

Wasly: Meň ýaly bagty getiren ýokdur - ýazasym gelen wagty ýazýan, ýazasym gelmeýän zady ýazamok. Ýüregimi sarsdyryp gitdi, erklidigiňizi owadan ýaňzydypsyňyz. 07 Awgust, 2021

Sag bol. Belki, şeýle bolsun-da.

Re: Bir cukura tuykurmek. Bäh, goni manysynda hem ulanylypdyr diysene. Yurekbulanc zat eken.01 Awgust, 2021

Aý, men-ä erbet görmedim. Agzybirlik gaty uly güýç. Üstesine lebiz, wepa, gaýrat, mertlik... köp gowy häsiýetler bu hereketiň aňyrsynda bar.

Re: Re: Biziňkä meňzeş planeta we bize meňzeş mahluklar barmyka. Ýagny janly zatlar. 17 Iýul, 2021 Men-ä bardyr diýýänlere goşulyşýan. Dindarlar-a siziňki ýaly pikir edenoklarmyka diýýän. Ýöne sizem-ä dindar ýaly.28 Iýul, 2021

Näme üçin, dinde jynlar, şeýtanlar bar diýilýär, şolaram bize meňzeş mahluklar bolaýmasa. Doly biziň kopiýamyz bolmasa-da.

msbrtk: Salowmaleykum. Siz bir yazyn Hydyr aga. Onkulerin yazmadygy ya-da govy yazmadygy ucindir, bir cukura tuykurmek barada suwagt owrenyas. Yaslara-da bir zatlar goyalyn, biz goymasak bagalar goyup baryar28 Iýul, 2021

Waleýkimsalam. Sag bol hoş sözleriňe, ýöne dogry aýdýaň, her kim edilden gelen haýyrly işi etjek bolmaly. Elimizden geldigiçe, inşalla

Mahym.: Salam Hydyr aga.Mahal-mahal saýtyñyzdaky söhbetdeşlikleri okaýan.Size iki sany soragym bar. 1.Ýazyjylaryñ soñky gurultaýynda Nyýazow olaryñ baryny synagdan geçiripdir diýdiñiz.Şol "synag" "synagyñ netijeleri"barada giñişleýin gürrüñ edip bilmezmikäñiz?Okyjy hökmünde bilesigelijiligim oýandy.Galyberse-de ýazyjy şahyrlañ maddy zatlara bolan islegi barada-da ýañzydypsyñyz.Belki bu babatda-da atlaryny atlandyrmazdan gürrüñ berjek wakalaryñyz bardyr. 2.Gurbannazar bilen Halnabat gelnejäñ söýgüsindäki çuñluk barada agzapsyñyz aşakdaky ýazgylarda.Bu babatda giñişleýin gürrüñ berseñiz hoşal bolardym. Sag boluñ!17 Iýul, 2021

Megerem 16-17 ýaşlarymdadym, bir gezek ýazyjy-şahyrlara gonorar üçin ýazýalar diýen manyda "şahyrsumaklar" diýdim. Şonda Gurbannazar birinji gezek (hem iň soňky gezek) maňa sesini gataldyp "Goý!" diýdi, gaty erbet boldum. Men öz aýdýanymyň dogrudygyna ynanýadym. Muny soň Gurbannazaryň özem goşgusynda getirdi. Ýöne olaryň gürrüňini etmek dogry däl eken. Onda-da umumylaşdyryp, hemmesini garyp-goşup aýtmak dogry däl eken. Indi men asla şeýle gürrüňleri etmegiň, hat-da goşgyň, hekaýaň içinde getirmegiňem dogry däldigine düşündim. Ondan özüň bir zatlar başarýan bolsaň, ýaz, görkez. Şonuň üçin, bagyşla, gurultaýyňam, oňa gatnaşanlaryňam gürrüňini edesim gelenok. Gurbannazar bilen Halnabat gelnejem hakynda, olaryň gatnaşyklary, biri-birine bolan duýgulary hakynda başardygymdan "Bakylyk" diýip bir ýatlamajygmda ýazdym. Häzirem üstüne zat goşaryn öýdemok. Ol ýatlama "ekizleň" kitap bölüminde bar. Aýratyn, diňe Halnabat gelenejäň aýdanlaryny okap görseňem haýran galarsyň. Men oň aýdanlaryny üýtgetmän ýazdym. Saýtymyza girýäniň, mahal-mahal söhbetdeşlikleri okaýanyň üçin sag bol. Sorag bereniň üçiniem sag bol. Sorag bermek gaty gowy zat. Megerem, adamy haýwandan tapawutlandyrýan zatlardan biri. Sorag bermek, öz-özüňe sorag bermegem pikirlenmegi oýarýar. Pikirlenmesek biziň haýwandan näme tapawudymyz bar?

Re: Biziňkä meňzeş planeta we bize meňzeş mahluklar barmyka. Ýagny janly zatlar.17 Iýul, 2021

Men-ä bardyr diýýänlere goşulyşýan.

Re: Älem giňişligi (вселенная) baradaky düşünjeleriňiz. Şeýle-de, biz älemde ýekemikäk.16 Iýul, 2021

Älem soňsuz diýen pikiri makul görýän. Soňsuz diýmek, biziň nazarymyz ýeterden juda giň. Özümizi älemde ýekediris diýip hasaplamok. Men munuň beýle däldigine berk ynanýan. Hatda häzir birden parallel durmuşda ýaşaýanlary gorsem, sähel wagtda öwrenşip gidäýjek ýaly. Jynlar we şolara meňzeş mahluklaryň biziň bilen deň ýaşap ýörendiklerine ynanýan. Ýöne olaryň öz dünýesi bar, biziň öz dünýämiz. Olar biziň dünýämize girip bilmeýärler, biz olaryňka. Şeýleräk bir ýaşaýyşyň, ýaşaýyşlaryň bolup biljekdigine şübhäm ýok.

Re: Globallaşma barada pikir-garaýyşlaryňyz.16 Iýul, 2021

Globallaşma gutulgusyz hadysa diýýänler bilen razylaşasym gelýä. Hiç bir halk çüýşäň içinde jan saklap bolmaýşy ýaly, unikal görnüşde saklanyp bilmeýär. Uly kiçini özüne siňdirýä. Ýöne bu ýagdaý näçe haýal geçse gowy. Hiç bir halkyň, milletiň ýitip gitmegini isleýän adam ýokdur. Ýitýän halklara-da nebsiň agyrýar. Ýöne bu durmuşyň kanuny. Emma uly halklar, uly ýurtlar gaty eýmenç bir betbagtçylyk gopaýmasa öz-özünden ýitip gitmez. Belki, milletleriň, ýurtlaryň sany azalar, däp-dessurlar azalar, adamlar başga ölçegler, düşünjelerde ýaşarlar. Kim bilýä, garyplaşarlar(ruhu taýdan), kim bilýär tersine has baýlaşarlar. Parallel ýaşaýyşlaryň bardygyna ynanýan. DIňe biz olary görüp, eşdip bilemizok diýen pikiri makul görýän. Kim bilýär, ylym öser biz olary görüp, olar bizi görüp-eşdip başlarlar. Umuman, fantastika meňzäp barýa, ýöne gowluga ynanýan, haýra ynanýan. Ony biziň görüp biljegimiz-bilmejegimiz juda ähmiýetli däl, esasy zat düýbi düz bolsun.

Berdi: Şoňa şeýle diýilýänini bilýänsiňizä. Şoňa nähili garaýarsyňyz. Mollanepesiň goşgularyny halaýaňyzmy.30 Iýun, 2021

Mollanepes şahyr. Onda-da ussat şahyr. Mollanepesiň setirlerini derrew tanap bolýar. Yşk mülki, şasy diýen ýaly zatlara düşünemok. Hawa gyz-gelinleri ussatlyk bilen taryplapdyr. Ýöne söýgi, yşk bu zatlar gaty çuňmyka diýýän. Ýok, men Mollanepese dil ýetirjek bolamok, ýöne çuňluk hakda aýdýan. Ýöne şasy diýseňem gelişýä. Mollanepes hakyky şirin, inçe ýazýan şahyr.

la: ýazyjylaryň soňky gurultaýynda siz bardyňyzmy? şonda nämeler boldy?29 Iýun, 2021

Ýok, gatnaşmadym. Ullakan bolan zat ýok. Her kim özüniň kimdigini tanadypdyr. Nyýazow olaň baryny şol ýygnakda synagdan geçiripdir. O döwürler 4 otagly jaý ýa-da bir maşynam uly zatdy. Hat-da käbir adamlaryň, ýazyjylaryňam durmuş maksadydy. Häzirem şeýle bolmagy mümkin, öýden çykmamsoň bilemok. Bir zatlar gazanmak, utmak üçin ýazyjylyk edýän, režissýorlyk edýän, umuman sungata ýanaşýan adamlar gaty ýalňyşýalar. Gazanmak isleýän bolsaň, söwda etmelimikä diýýän. Şöhrat geregem bolsa syýsatçy bol. Ýazyň güni gyş köwüşli gezip ýöreniňi duýmajak derejede sungaty söýmeseň o saňa eýgertmeýä. Arman, muňa köp kişi soň düşünýä, düşünmän ölüp gidýänlerem kän, öljeklerem bar ýaly. Durmuş-da.

Berdi: Mollanepes yşk mülküniň şasymy.26 Iýun, 2021

Bilmedim

azat: soygi bolmasa adam bolmazmy.22 Iýun, 2021

Näme üçin adam bolmasyn? Men-ä söýýän diýýänleňem köpüsi öz-özüni aldaýarmyka diýýän. Onsaňam söýgüni adaty ölçegler bilen ölçeýäris -wepadarlyk, ýanýoldaşyň üçin kynçylyklara döz gelmek we ş.m. Dogry bularam ölçegdir, ýöne Lýli-Mejnunyň söýgüsini bular bilen ölçäp bolmaýar. Şonuň üçin Leýli-Mejnunlaram gaty az. Leýli-Mejnun bolaýyn diýibem bolup bolmaýar. Bu-da Alla tarapyn peşgeş bolaýmasa. Men Gurbannazar şahyr bilen Halnabat gelnejäň söýgüsinde şeýle söýgüni duýdum. Belki, adaty ölçegler bilen ölçesek, edil beýle däldir diýjegem tapylar. Ýöne "Birden agyr oýa batdym ölüm hakda, sen hakda" diýip ýazmak üçin, ýa-da "Gurbannazaryň ýatan ýerini arassalap öýe gelsem, çyrmaşyk eşigime ilişipdir "otlar olaň aýagyna çyrmaşar, saklan diýýän ýaly, mähriban adam" diýýän setirleri ýadyma düşüp gitdi diýmek üçin olaryň ikisiniňem ýüreginde şeýle söýgi ýaşamaly. Söýgi gaty çuň, geň, giň, çylşyrymly duýgy, gynandyrýän ýeri käte biz ony oýnawaç edýäs.

Gurban : Düşìnemok indi hiçhili söýgä Bügün söýýän diýip erte taşlap gitýäler Ençe şahyrlarymyz wasp edipdirler söýgini Indi moda bolan ýaly aldap taşlamak Bulañ sebäbi näme aýdyp bersene...10 Iýun, 2021

Nadanlaşýan, sowatsyzlaşýan, ahlaksyzlaşýan... bolaýmasak.

Berdi: Düşünmedim.08 Iýun, 2021

Söýgi hakda anyk bir düşündiriş berip bolanok. Bolýanam bolsa, men başaramok.

Berdi: Söýgi diýip nämä düşünýärsiňiz! Gyz bilen oglanyň söýgüsi07 Iýun, 2021

Bagyşla, ýöne men şoňa düşünemok. Düşünjelerim, pikirlerim biri-birine çapraz gelýär. Şonuň üçin anyk bir zat aýdyp biljek däl

Berdi: Salam. Haýsy dilleri bilýärsiňiz.06 Iýun, 2021

Waleýkim. Orsça, çala-çulak türkçe

la: Salowmalikim. bir saparda iki sorag bersem bolarmyka. 1. A. Taganyň "40 ýylda ýazylan kitap" atly eseri bar eken. gaty gowy eser. näme üçin beýleki türkmen ýazyjylar şolar ýaly gündelik, ýatlama ýaly esse ýazmadylarka. siz näme üçin ýazmaýaňyz. dogry, G. Ezizow barada tapylgysyz eseriňiz bar. ýöne beýleki ýazyjylar barada-da ýatlamalaryňy ýazsaňyz, indiki nesillerem hoşal bolardymyka diýip pikir edýän. siz üçin ýönekeýje görünýän ýatlama, okyýy üçin gymmatly bolup bilýär. 2. Magtymguly we Gylyç Mülli hakyndaky pikirleriňizem meň üçin gyzykly. öňünden minnetdarlyk bildirýän, sag boluň.03 Iýun, 2021

Waleýkimsalam. Hawa, ýatlamalar ýazylsa gowy zat. Menem şolary okamagy gowy görýän. Bir döwürler orslar muny ürç edip ýazypdyrlar. Çehow hakda, Tolstoý hakda, Turgenýew hakda Dostoýewskiý hakda ýatlamalary dostlara, kärdeşleri ýazypdyrlar. Häzir iki-ýeke bolaýmasa orslarda-da beýle ýazga duşmak kyn. Sebäbini bilemok. Özüm näme üçi ýazamok diýsem, esasy sebäbi bu işiň kynlygy. Ýalan-ýaşyryk, toslama zatlar ýazyp bolmaýar. Hakykaty ýazmagam özüň bilýäň döredijilikde iň kyn ýeri. Ýogsa ýazasym gelýän ýazyjylarym, hudožniklerim bar. Nesip işidir, birden ýazylsa ýazylmagam mümkin. Her zada bir zat sebäp bolup bilýär. Gylyç Mülli, Magtymguly hakda meňem artykmaç bilýan zadym ýok. Ýöne ol adam beýle işi etmedik bolsa gowy bolardy.

Hakgy: Oňat ykdysadyýetiňiz bar eken. Siziň ýaşlyk ýyllaryňyz ors döwrüne gabat gelip, o döwürde bazar ykdysadyýeti gadagan eken-ä.02 Iýun, 2021

Hawa, ýöne jygyldyk bardy. Çehiň köwşi, polşaň egin-eşigi we ş.m. zatlar käte "Dom odeždy" diýilýän meşhur egin-eşik satylýan magazine-de azajyk sanda gelerdi. Moskwadan gidip dürli harytlary getirerdiler. Ýöne men-ä dogrusy, okuwyň soňky kursynda bolaýmasa, egin-eşige kän gyzmadym. Köp wagtym kitaphanada geçýädi. Owagtlar kitap gytdy. Şonda-da Ylýas ikimiziň stipendiýämyz kitaba gidýädi. Aý, özboluşly bir durmuşy ýaşaýadyk.

Hakgy: Salawmaleýkim! Siziň pikiriňizçe ykdysadyýet näme?30 Maý, 2021

Ykdysadyýet düşünşimçe çuň ylym. Kän zat şoňa bagly. Kiçijik maşgala dolanşygyndan başlap, döwlet derejesinde ykdysadyýetiň täsiri bar. Onuň nämedigini iki sözlemde aýtmagam kyn. Ýöne meň ilki bilen göz-öňüme getirýän zadym zat-haryt aýlanşygynda, gurluşykda, oba hojalygynda umuman ähli pudaklarda hasap-hesibi, maksady, ugry ýene-de bir giden zatlary kesgitleýän ylymlardan biri. Özümiň bu ugurdan baryp ýatan çöňňedigimi bilýän. Hiç wagt hasaply ýaşap, tygşytlap, ýygnap we ş.m. işleri başarmadym. Häzir-ä aklym çaşypdyr, asla-da başaramok. Kelläme gelenini ediberýän. Hernä oglanlar eýle däl, beýle däl diýip hojalygy ugrukdyrýalar. Menem kän işlerine goşulybam duramok. Pulum gutarsa gutardy diýýän. Bar bolsa berýäler, ýok bolsa azrak berýäler, garaz hor edenoklar. Allaha şükür. Meň ykdyadyýetim-ä şeýleräk.

Re: Baý bolsaň gowumy ýa garyp? Ýa ortaça?30 Maý, 2021

Baýlygyň agyr ýük, garyplygyň kyn synagdygyny bilýänsiň. Orta gürpde ýaşamak iň gowsy. Birazajyk bergiňem bolsa bolsun. Göwnüň kiçi bolsa, päliň pes bolsa baýlygyňam, garyplygyňam seň üçin juda bähbitli bolup biler. Olaryň ikisem ahyrete kän sogaply barmaga sebäp.

T.: Söýünhan sakal diýen hekaýaňyzy okadym. Haladym. Gowy hekaýa. Ýöne hekaýa bir tarapyň pikirlerini öňe sürmän, iki tarapyňda positiw we negatiW taraplaryny deň derejede görkezip, haýsy tarapyň haklydygyny okaýjynyň özüne goýmak üçin gyra çekilse uzak ýaşaýjak ýaly ( meň pikiriçe) saglygyňyz22 Maý, 2021

Razylaşýan. Wekili işlemek, ösdürmek dogry pikir. Bu hasam Söýünhany açardı. Sag bol. Inşalla işlärin.

Babyr: Bäh... "Käriz". Ol adamlañ gönümeldigini. Indärä añsat tapmarsyñ beýle adamlary. Iñ bärkisi Baljanyñam hasiyetini bir tarapdan haladym. Ermeniñ göçüp gelenindenä Baljandan alnany ýagşyrak bolupdyr. Ýöne ýaşulyñ içki dünýäsi gaty bir açylybermedik ýaly. Karz gözleýani, aljyraýany gysgarak gelen ýalyda. (Tapylawersin, naderka diydirmeyan yalyda) irden tursuma oyaly ukulyraga okanymdan bolmagam ahmal. Siziñ ýazan zatlarñyzy ikilenç hatda uculenjem okap bilyan. Kitaplarñyzam. Bu mende sanaymalyja kitapda seyle bolya. Gaty gowy gorenlerimem heniz ikilenç okap bilemok. Özem suzden okanlarmy gürrüñ bermani gowy gorýãn. Buda bir ustinligiñizda agam. Şol döwurler hakda kino alsañyzam okamayanlar uçinem gaty gowy bolardy welin, ol adamlara meñzeş artistem tapmak kyn dusaýmese. Her yazjak yazgyñyza sabyrsyzlyk bilen garaşýas.21 Maý, 2021

Sag bol. Gepi uzaltmaýyn. Dogrusy bular özbaşyna hekaýa däl. Ulurak bir zat ýazjak bolýan-da, şolardan bölekler. Ulugberdi baý bilen Söýünhan esasy gahrymanlaryň biri. Bellikleriň dogry. Gyzyklandyryp, ýazyjy ýazan ýaly edip ýazasym gelenok, şolam biraz okamany kynlaşdyrýar, iki gezek okamaly edýär. Özümem gowy gören kitabymy iki-üç gezek okamagy gowy görýän.

Hudayberdi: Salowmaleýkim, aga. Bu ýyl meýdanda dowarlaryň ýagdaýy nähilikä. Özüňiz mal-gara saklaýaňyzmy.19 Maý, 2021

Waleýkimsalam. Ýok, meýdanda saklaýan malymyz ýok. Ýöne ýyl gurak diýýäler. Alla gowsuny etsin.

Gaygysyz: Salowmaleykim. Men oz yazanja zatlarymy paylasasym gelya. Mana yol gorkezip bilersinizmi. Sagbolun14 Maý, 2021

Waleýkimsalam. Biz kompýuter programist oglanlara haýyş edip (elbetde, töleginem töläp) şu saýty açdyrdyk. Indi eslije ýyl bärem näme ýazsak goýýas. Senem şeýdäýmeseň. Biziň saýtymyzy taýýarlap beren oglanyň häzir bu işleri edýänini etmeýäninem bilemok. Görüşmänimize-de kän ýyl boldy. Ýöne az-kem başy çykýan oglan bolsa biziňki ýaly saýty taýýarlaýan ýaly. Kyn däl diýdiler. Häzirki bahasyny bilemok, öň näüçe berenimizem ýadyma düşenok.

Soltanmyrat: Salawmaleýkim. Düýedaban ösümligi barada bilýänizmi. Şoň orsça adyny (ýa-da ylmy adyny) bilýän bolsaňyz tapyp beräýiň. Gaty derman ösümlik diýip şu gün obada agzaçarda gürrüň etdiler. Immunitetiňi bada-bat güýçlendirýär diýýärler.09 Maý, 2021

Waleýkimsalam. Hawaşeýle bir derman otuň bardygyny menem eşitdim. Hat-da kakam görkezipdem. Ýöne biz o wagt kiçiräkdik, ýadymda galmandyr. Ýazy ýaprakly irimçik otdy öýdýän. Orsça adyny bilemok. Belki Ylýas bilýändir. Institutda ösümlikleri olara kän öwredýädiler. Derman otlary kitapda-da bar bolmagy mümkin.

bagul: Salam, Hydyr agam! Elif Şapagy halamadym diýipsiňiz welin, sebäbi nämede-kä?09 Maý, 2021

Sebäbini düşündirjek bolsam, birhili özümi uly tutan ýaly bolaryn. Türkler, hasam ýaşlary ony gowy görüp okaýana meňzeýär. Uly tiraž bn çap edýärdiler. Esasy halamadyk zadym wejera ýazýar, täze pikir, garaýyş görmedim, okyjyny gygyzykdyrmak esasy maksady ýaly gördüm.

Yaska: Salowmalikim. Nähili biznes edip bolarka. Biznes plan paylaşaýyň.07 Maý, 2021

Waleýkimsalam. Gynansamam, biznesden başym çykanok. Alla ugrukdyrsyn, halalyndan bersin. Gaýrat ediber, gymyldasaň, Alla ýetirer, inşalla.

Babyr: Hydyr aga, režissýor näme iş edýär?! Hem senarýasyny ýazyp, kameranam öziñ alyp, kompýuterde de öziñ işleseñem bolýandyr-a?! (Gysgajyk filmler barada) režisýor barada turk rus dillerinden maglumat gozlap gordim, yone oñly duşinip bilmedimdä.06 Maý, 2021

Gysgajyk film bolsa hemmesinem özüň etseň bolýar. Ýöne uly filmi bir adam edip bilmeýär. Ssenarini özi ýazýan režissýorlar kän. Ýöne operator aýratyn gerek. Soňam uly filmlerde režissýoryň kömekçileri, assistentlerem bolýar. Režissýor ssenarini eline alyp okansoň, ony öz düşünşiçe operatora aldyrýar. Soň montažçy bilen oturyp montaž edýär, Artistlere, kino hudožniginiň, eşik taýýarlaýan kostýumeriň işine-de, kompozitoryň, ses režissýoryň işine-de özi seredýär. Kinoda esasy işi edýän režissýor bolýar. Ol ssenarini gowlabam, zaýalabam bilýär. Ýöne ssenariý gowşak bolsa, režissýoryňam işi gowşak çykýar. Garaz kino köpçülik bolup edilýän iş. Gohy-galmagaly ýetik.

Akýusup: Salawmaleýkim! Adam üçin 70 ýaş bilen 30 ýaşyň näme tapawudy bar?06 Maý, 2021

Näme diýsemkäm? Otuzda "Gaty çynymy etsem, şu dagy ýerinden gozgaryn" diýýäň, ýetmişde oňa hyýalam edeňok. Otuzdan elli ýaş aralyk adamyň iş bitiräýjek wagty, soň peselip başlaýaň. Ýöne ýetmişem elindeň zat gelmejek ýaş dälmikä diýýän. Şu wagtam bir kino alaýsam diýen hyýalym bar-da. Segsene baraňsoň o hyýalam gutaraýmasa. Aý, Allaň beren her gün ömrem gowy. Hemmesem süýji. Ajy günlerimem, süýji günlerimem hiç kime beresim gelenok. Hemmesinde-de bir haýyr tapdym. Allaň edenine şükür.

Babyr: Ýok, Hydyr aga men Daşoguzdan däl-ä. Asgabatdan. Köneki söhbetdeşlikler boýunça diýenim, "Söhbetdeşlik" bölümindäki ýazgylary birwagtlar okapdymda, şol okanlarymdan yadymda galanydy. Men bu bolume birinji gezek aradaky yazyşym. Mundan öñ Ylýas aga bn habarlasýadym. Telefonyñ kabir tehniki nasazlyklarna gora olam galypdy. Kino gymmadam bolsa, meñ hasaplamma gora, ugryny kesgitlap bilseñ ep esli girdeji getirjege meñzeya. Meñ soñky dowur pikirlermi çynyrgatmagmyñ sebabi, diyyan kinomyñ içindaki yagdaýlary 5-6 ýyl bari gowy owrenip yorin... Aý,hany nesibedirdä. National Geographiciñ kinolaryny birwagtlar kop gorerdim. Taryhy yerler-tebigat, tehnika baradaky dokumental kinolardan  gowy gorýänlerñiz barmy?!30 Aprel, 2021

Men onda seni başga biri bn garyşdyrýan. Aşgabatda bolsaň, gelibermel-ä. Biz garrylar mydam öýde. Oraza geçsin, görüşeli. Dokumental kinolary iş edip gözläp göremok, duş gelse görýän. Gowam görýän ýogsa. Tebigat, ylym hakdakylary gowy görýän. Bibisiň alan dokumental filmleriniň toplumynam oglanlaň biri getirip berdi. Köp zatlar bar, elimem degenok. Bal arylary hakda bar eken. Gowy gördüm. Gysga metražly çeper filmleriň arasında-da gaty gowjalary bar. Olaram duş gelse görýän. Seň diýşiň ýaly nesibedir-dä

Babyr: Goñşy obalardan däl. Ýöne orazadan soñ şo töwereklere baryp gaýtmak netim bar. Öñ edebiýaty halaýadym, soñky 3-4 ýyl bäri gysga kinolary gaty gowy görýän. Seriallary halamok. Yada men gowysyna duşamok. Kinolañam nusgawylaryny görmek heniz nesip edenok. Birini tanaýan, Beki Seýtäkowy we ş.m yazyjylary dünýä edebiýatynyñ diregi hasaplap ýör. Men oñ diyyan yazyjylarnyñ gaty kopusini okap görmedim. Okaýyn diysemem okap bilmedim. Nädip sol eserleri okanyna monça bolup bilyaka diysem, kino meselesinde meñkem şoña barýan ýaly bolup dur.Kellämde ýazyp ýören senarim bar.(2-3ýyl bäri kellämde göterip ýörin) Yöne kagyza geçirjek bolsam boluberenok. Geçen ýyl Garaşsyzlyga çenli kino taýyn bolar ýaly edeýin dp, soñam ýaýdandym. (Oñ temasynyñ gaty gowydygyna ynanýan) "Sen nä öz hetdiñ däl ýerik burnyñy sokup ýörsiñ diýiläýjek ýaly. Ýogsam şu ugurdan ökde käbir kişileñ tel nomernem beripdiler. Özüm äkideýin, gürleşip bereýinem diýdiler welin...Siziñ Heserliñizden, Gül açan mirasyñyzdan başga senarya okap göremok. Widýo-surata almany gaty gowy görýän. Alan widýolam ep-esli bar.(Beý diýsem toý widýoçysydyr öýtmäñ) arasynda bir-ki sany göwnime juda ýaraýanlaram bar. Bilim meselesinde menem gaty gijä galdym. "Ýigitligim gülki bilen geçirdim, ýadyma düşende aglasym gelýär" Ýegenmyradowyñ şu setirlerini ýatlasam damagym dolup gidýär. Siz namaza 40dan soñ başlanyñyza ökünýäñiz, ýöne köp kişiñ "şeýle ýönekeý zatlara ökünýänine" köp kişi düşinip bilenok. Şu meselede öziñe teselli bermek kynam bolsa, ökünüp bilýäniñ üçinem özüñe teselli bermelimikà diýän. (Ýanyñyza baryp gaýtmak netim bar. Geljek 2 aýyñ dowamynda, ýaşaýan ýeriñizi şondan sorapdym, garry öýde Ylýas aga bolýamy?)29 Aprel, 2021

Gelseň habarlaş. Ýadyma düşdi, sen Daşhowuzdan diýipdiň. Gel, kofejik içeris, goýun soýaryn diýib-ä biljek däl. Hawa, garry öýde Ylýas bolýa. Gowy seriallaram iki-ýeke bar. Golliwud gowylaryny alýa. "Wo wse týažkiýe"diýip gaty gowy serial bar. Gynansamam, bize o derecelere ýetmäge daş (kiloda-da, edebiýatda-da). Daşary ýurtda bu işlerdenem pul gazanansoňlar gaty üns berýäler. Uly çykdajylar edýäler. Kino sungatam gaty gymmat, özüň bilýänsiň.

Babyr: Nejip Fazyla menem gaty gowy gördüm. "Gezgin"i eşdemok,gözläp görerin. Meñem bir gulagyma ildi, Nesin hakda, ýöne gyzyklanmadym. Meñ haladym diýenim, ýañsylaýşyny halapdym. Satiramy ýumarmy nämemi, şoña meñzes gornişe degişli ekende şo tip ýazylan zatlary göz öñinde tutupdym. Köneki söhbetdeşlikler boýunça Dostaýewskini gowy görýäniñiz ýadymda galypdyr. Türkmençesinden okap bilmedim. Oraza geçse dagy nesip bolsa, orginalyndan okap görmek netimä bar. 29 Aprel, 2021

Hawa, Dostoýewskini gaty güýçli görýän. Bratýa Karamazowysynyň derejesindäki kitap elime düşenok. Şekspiriňkiler - Gamlet, Karol Lir bolaýmasa. Birem Bulgakowyň Master i Margatitasy üýtgeşik eser. Bu kitaplary terjime etmek mümkin däl diýen ýaly. Bilýän bolsaň orsçasyny okamaly. Sen özüň nireden? Ýalkymy soraýaň welin, goňşy obalaň birindenmi? Ýaşyň näçe, nähili bilimiň bar? Eger mümkin bolsa, has içgin tanyşlyk açaly diýjek bolýan.

Babyr: Hydyr aga, täzelikde biri Eziz Nesiniñ hekaýaly kitabyny sowgat berdi. Gaty gowy gördim. Şonuñ ýaly awyorlardan salgy berip bilmersiñizmi?!29 Aprel, 2021

Aý, men-ä halamandym. Soň eşitdim, Hudaýsyzyň biri eken. Bilmedim. Necip Fazyly gowy gördüm. Ýalsyz Uçarlar diýip biriniň Ibn Araby hakda "Gezgin" diýip bir romanyny okadym erbet görmedim. Elif Şapagy halamadym. Umuman türk edebiýaty maňa gaty tanyş däl. Birem dillerini ýuwan görýan. Hiç öwrenşip bilemok. Şonuň üçin eserlerini okamak kyn düşýär.

Aşgabat: "Durmuş, ömür has çuñ, düýpli zat. Munda biliñi berk guşamaly eken. Men biraz gija galdym bu meselede. Onda-da hiçden giç ýagşy." Durmuşda ýalñyşmaýan adam-a ýokdur. Ýalñyşyp dogryny tapýas. Ÿöne bu sozlerñizden bir ýalñyş üçin gaty ökünýän ýaly pikirleri kella getirýa. Belkem, şeýle bolmalydyr. Mümkin, siz bize, durmuşa ýañy gadam basýan ýaşlara ýaşuly maslahatyny berersiñiz?!27 Aprel, 2021

Aý, ýok-laý. Maslahata günüň galmasyn. Ýaşan günleriň, başyňdan geçenler uly maslahatçı. Men özümiň gaty giç namaza başlanyma gynanýan. 40 ýaşyma çenli okamadym. Dinden daş duran gezeklerim boldy. Ýalňyşylýaram, ýöne boljak iş bolansoň ökünçden peýda ýok. Esasy oňa düşünmek, gaýtalamazlyk. Arassa ýaşamakdan uly lezzet ýok eken. Keýpi gözlemegiň özi akylsyzlyk. Allaň her beren güni keýp, lezzet. Hezil edip, diridigňe hezil edip ýaşamaly.

Re: Aý indi her kim internetde içini dökäýýär. Ol bir uly märeke. Internetiňiz öçse birahat bolubirsiňiz. ("Düşnükli zada düşünmek" ýazgyňyza). Özüni beýlekilere ykrar etdirjek bolmaklyk adamyň ganynda bar bolaýmasa. Näçe bildirmejek bolsa-da, adamyň şu islegi ol ýa-da beýleki görnüşde özüni görkezýär. 27 Aprel, 2021

Hawa

serik: salawmaleykim Hydyr aga men sizden birzat soramak isleyan gecen yyl sentyabyr ayynda birden sakawlanyp ugradym kici wagtym mana seretyan pir bady yatan yeri yagty bolsun ayryldy hazir ogly seretya iki gezek bardym liste doga yazyp berdi sondada gowlasamok sizden maslahat sorayan komek edayin Hydyr aga ozunuz bln gysgajyk tanysdyrayyn hazir herikgalada isleyan bagban bolup 27 Aprel, 2021

Waleýkimsalam. Bilmedim-dä, inim. Men nähili kömek edip bilerkäm? Doga-beýleki ýazyp bilemok. Alla şypa bersin. Ýöne sakawlyk Gurbannazar Ezizowda-da bardy. Gürlände sakawlardy, goşgy okanda açylýardy. Gepiňi düşündirip bilýän bolsaň, kän ünsem berme. Inşalla aýrylar gider.

Babyr: "Geň ýeri, görnüp duran zady görmeýändigiň." Howa görmän başagaý bolup ýörüs. Göreñden soñ käte giç bolaýýa ýöne... göryanlermiziñ, elimizdakileriñ gadyryny bilýänlerden etsin da herna... Bestamy hakda ýazjakdym. Hem basagay bolup, hem agza bolup bilman(epocta acynyp bilmedim) barik yazmaly bolyan. Bestamyny yupsiz munen seytan, ertir namazyñy geçjek diýip, turuzupdyram eken... (Yalkymyñ nireraginde yasayañyz agam. Gundogar tarapmy ya gunbatar)27 Aprel, 2021

Garry öýümiz ilersinde, ýaşaýan ýerim täze obasynda. Hawa Bestamy hakdaky şol rowaýatam gowy.

Aşgabat: Salam Hydyr agam. Orazañyz kabul bolsun! Siz taleynama ynanyanyzmy? Pal atma, ýyldyzlara, bije hemem şowlulyk hakdaky pikriñizi ýazaýyñda 26 Aprel, 2021

Waleýkimsalam. Ämin, siziňkem kabul bolsun. Dogrusy, bir döwür gyzyklanyp serederdim. Ýöne şonda-da ynanamokdym. Ýazylýan zatlary derrew ýadymdan çykarýadym. Ýyldyz, pal boljak zady hakykatdanam görkezýän, bilýän bolanda-da peýdasy näme? Boljak işe çäre ýok, öňi-soňy. Şonuň üçin geljegi biljek bolup ýörmegiň manysy ýokmyka diýýän. Bolan, bolup ýören zatlardan baş çykarjak, şolara düşünjek bolmak, sapak almak häs ähmiýetli bolaýmasa. Bije, şowlamak - bu zatlar bar zatlar. Käte begendirýärem. Ýöne wagtlaýyn bir goltgy ýaly bir zatmyka diýýän. Sebäbi şow, bijäň çykmagy goşmaça utuşa meňzeýär. Käte senden bagly däl zat-da şowlaýar. Bu-da Allaň peşgeşi ýaly görýän. Şükür edýän. Şeýle bolman, tersine bolan bolsa näderdim diýýän. Durmuş, ömür has çuň, düýpli zat. Munda biliňi berk guşamaly eken. Men biraz çijä galdym, bu meselede. Onda-da hiçden giç ýagşy.

Re: "...Magtymguly, haýwan bilse balasyn, Ynsan bagryn duzlamaýyn bolarmy?" Şu setirlerde-de ahlak barada gürrüň bar, hatda haýwanlaryň hem. Meňem diýjek bolýanym, ahlak diýilýän zat hem kem-kemden emele gelendir, ösendir, tesendir, özgerendir diýýän. Mundan 10 müň ýyl ozalky ahlak kadalary bilen şu günküler deňdir öýdemok. Şonuň ýalam, her döwrüň öz ahlaklysy-da, ahlaksyzy-da bolandyr.25 Aprel, 2021

Gaty dogry aýdýaň. Doly razylaşýan

Talyp: Jogap ýazanyňyza köp sag boluň. Orazalaryňyz kabul bolsun! Siz ýazyjy bolaňyzsoň has çuňrak jogap ýazarsyňyz öýtdüm dil barada. Siz "Her bir zat adama tanadylypdyr" diýipsiňiz. Ýagny, ilkibaşda ýeke-täk dil bolupdyrmy.25 Aprel, 2021

Aý, ýazyjy bolup, üýtgeşik bilýän zadymyz ýok, gynansamam. Diliň, dilleriň döreýşi, ösüşi juda gyzykly hem öwreneniňe degýän zat. Muny dilçiler has gowy bilýändir. Men bir selhozyň maldarçylyk ugrundan bilim alan adam. Şu bilýänjelerimem daşyndan gyzyklanyp öwrenenjelerim. Halypasyz halypa bolup ýetişdik. Ýöne ýazyjylyk dutar öwrenen ýaly däl, munda biraz şahsyňa-da köp zat bagly. Menden az görmäň, siz häzirki ösen döwrüň, ösen bilimli ýigitleri. Alla müşgülleriňizi aňsat etsin.

Talyp: Bagyşlaň welin, bar getirýän mysalyňyz şumy ("Eý dos", "Äre", "bratok").25 Aprel, 2021

Az görseň goşubermeli

Re: "Değişmeyen tek şey değişimin kendisidir".25 Aprel, 2021

Meň diýjek bolýanym, adamlar üýtgeýä, emma ahlagyň sütünleri, prinsipleri, talaby üýtgemeýär. Biz ahlak üýtgäni üçin ahlaksyzlanamyzok. Ahlagymyzy ýitirýänimiz üçin haýwandanam beterleşýäris.

Re: Dogry aýdýarsyňyz, maglumat elpe-şelpeliginiň hem zyýany degip biljek ekeni. Ösüş diýip, men tebigy ylymlardaky ösüşi göz öňünde tutýaryn. Ony duýmazlyk mümkin däl. Ahlak düşünjämiz kirleýär diýseňiz hä diýeýin. Ýöne ahlak hem üýtgäp duran zat-da.23 Aprel, 2021

Ahlak üýtgänok, megerem adamlar üýtgeýä

Re: Baýezit Bistamynyň ýaşan döwründen bäri kän zat üýtgedi, ylym ösdi, möhüm açyşlar edildi. Özümizi tanamaga-da has ýakynlaşdyk. "Aň", "aňasty", "men" düşünjeleri has aýdyňlaşdy. Köne döwrüň filosofiýasynyň jogap tapmadyk köpsanly soraglaryna häzirkizaman ylmy takyk we subutnamaly jogaplary bermegi başardy.22 Aprel, 2021

Bilmedim, bolup biler. Men şu "öpüş" diýlen zada düşünemok. Aň düşünjämiziň ösendigine-de känbir ynanamok. Gaýta adamyň düşünjesi dürli maglumatlardan ýaňa kirleýän, bulam-bujar bolýan ýaly. Men öz atamyň menden has dury, has dogry düşünjeli bolandygyna ynanýan. Biziň kellämiz musordan doly ýaly.

Talyp: Gadymy ata-babalarymyz oduň başynda üýşüp, ine muny şeýle atlandyralyň, muny bolsa beýle atlandyralyň diýip maslahatlaşyp, öz dillerini döretdilermikä.22 Aprel, 2021

Ýok, men-ä beýle göz öňüme getiremok. Her kim özüne ýakyn bir söz bn bir zady atlandyrýa, köpçüligem ony alyp göterýän bolaýmasa. Bir döwürler "Eý, dos!" diýen bordular, soň "Äre" diýşip başladylar, soň "bratok" diýdiler... şoň ýalyrak bolaýmasa. Aslynda, Alla tarapyn her bir zat adama tanadylypdyr. Her bir mahluk adama tagzym edipdir diýilip düşündirilýär. Menem şony kabul edýän.

serik: ilki bilen salawmaleykim Hydyr aga men sizin yazan makalalarnyzy we beyleki zatlar baranam okap otyn uly howes bilen Hydyr aga sizden haysdym bar sizin makalarnyzy beyleki saytlarda paylassam bolarmy bolar diysem.gaty begenerdim janynyz sag basynyz dik elmidama tutan islerniz rowac bolsun siz bilen yazsanma sat.21 Aprel, 2021

Waleýkimsalam. Bolar, näme üçin bolmasyn, ýöne ekizler2.com diýip ssylka goýsaň bolýar. Hoş sözleriň üçin sag bol.

Babyr: Bestamy hakyndaky şol hekaýaty menem gaty gowy görýän. Näçe gezek aýdyp berselerem, "öñ diñledim, okadym" diýip bilemok... ýöne meñ pikirimçe ol ýoluñ başyndakylara ybratlyk üçin bolup geçen ýaly bolup dur. Bestamy bolañda ýüpsiz münip biljek, siz dagy hasam seresap boluñ diýlen ýaly. Ýöne umytsyzlyk şeýtandandyr diyilya. Name de bolsa umytda bolan ýagsy.18 Aprel, 2021

Hawa. Umyt ähli zadyň diregi, garraňsoň-a hasam. Umyt howadanam zerur.

Re: "Goýsaň, goýsaň köp zat goýsaň Derdiňi enä goýmasaň" Gurbannazar Ezizow (Atageldi Garýagdyýew aýdymyny aýdýar) Nähili güýçli aýdylan sözler!!! Iniňi tikenekledýär.17 Aprel, 2021

Hawa, ýöne goşgy ene hakynda däl, öz ölümi hakynda ýaly. Enesine öz ölümini goýýanyna gynanýan ýaly okalýar. Elbetde, dirikä, biz beýle pikir etmezdik. Goşga ene hakyndadyr öýderdik.

Talyp: Salam. Dünýädäki dürli diller nädip emele geldikä.15 Aprel, 2021

Waleýkimsalam. Biri-birini görmeýän, bilmeýän ýurtlar emele geldigiçe, olaryňam özbaşdak dilleri dörän bolaýmasa. Ýer ýüzüne ýaýran adamlaryň kowumlarynyň hersi özbaşdak dilde düşünşendirler. Megerem, şeýle bolaýmasa. Dagystanda her obaňam beýleki obaňka meňzemeýän dili bar diýip aýdýarlar. Ýöne bir dili garyp beýlekini baý diýmeleri bilen kän ylalalaşasym gelenok. Gaty kiçi, az sably hem öz ýaşaýan ýerlerinden başga zady görmeýän adamlaryň dilleri garybyrak bolup biler. Ýöne, mysal üçin, rus dili türkmen dilinden baý diýseler, kabul edesim gelenok. Muny türkmen dilini kämil bilmeýänler aýdýan bolaýmasa. Öz ene diliňem bolsa ony kämil derejede bilmek gaty kyn. Türkmen dilinde indi kän ulanylmansoň ýitip giden gaty täsin, köp manyly sözlere duş gelip, haýran galyp ýörün. O sözleriň özara sazlaşygy täsin. Şeýle sözlere hasam Magtymgulyda köp duş gelýärsiň.

Mahym.: Hydyr aga,salam.Gowmysyñyz?Entek siziñ eserleriñiz bilen tanyşmak mümkinçiligim bolmady.Dogrusyny aýtmak gerek bolsa oñat kitaplar şeýle bir kän welin haýsysyny ilki okajakdygyñy biler ýaly däl.Ýöne siziñ G.Ezizow baradaky "Diñe bir señ bilen bakylyk bardyr..." atly ýatlamañyzy Garagum žurnalynda okapdym.We gözýaşlarymy saklap bilmändim.Ýürekden ýazylan zat ynsany şeýdýän bora çemeli.Belki sizem ýazanyñyzda şol duýgulary başdan geçirensiñiz. Aýratynam hormatly maşgalasy mähriban käbesi bilen bolan söhbetdeşligiñiz maña täsir etdi.Gurbannazar halypa babatda ýene bir zatlar ýazmak netiñiz barmy?Bolsa begenerdik.Ezizow hakynda näçe kän ýazsañam köplük etjek gümanasy ýok.Aralygynda Annasoltan Kekilowa hakyndada ýazypsyñyz.Bu täsin ykbally zenanyñ ömri bir eserem boljak ýaly.Egerde ýerini bilip beýan edýän ýazyjy tapylsa. Umuman men size bu ýatlama ýazgyñyz üçin okyjy hökmünde tüýs ýüregimden minnetdarlyk bilýärin.13 Aprel, 2021

Sag boluň. Gurbannazar hakda näçe ýazsaňam azdygy dogry. Nesip bolsa, menem ýazyp bildigimçe ýazmaga çalyşaryn. Annasoltan hakda-da ýazyp bolar. Bir türk ýaztjysy "Kebelek" diýip bir kitap ýazdam. Türk dilinde kitabam bolup çykdy. Erbet kitabam däl. Bir hili zenan ýüregi hakynda ýazylan özboluşly eser.

Muhammet: Dargursaklyk,pes düşünjelilik barada nämeler aýdarsyñyz? Gojalyga ýetsede şeýle häsiýetli kišiler köpüñ içinde bar.12 Aprel, 2021

Bar-da, nätjek. Umuman ahal adamlary hasam dargursagrak görünýär, maňa. Daşoguz adamlary kän giň, kän saýhally ýaly. Elbetde, bu bir "dile geldi, bile geldi", deňeşdirme. Olaryň ikisinde-de her hilisiniň bardygyny hemmämiz bilýäs. Özümem dargursaklylykdan kösenýän. Duýgularyma akylymy aldyrýan wagtym kän bolýar.

Re: Hawa,dünýä akylyňa syganok, şonuň üçin senem dünýä sygaňok.12 Aprel, 2021

Dünýä akylymyza sygardan has ulurak bolaýmasa.

Myhman: Gaharyñyz gelse, payyş sözleri ulanyañyzmy? Şeyle sözleri ulanmak günämi? 12 Aprel, 2021

Gynansamam, utansamam gaty gaharym gelende özümi saklap bilemok. Käte, sögünmämem bar. Soň ökünýän. Ýöne diliimi endik etdiremok. Ýaşyň gojalmagy, sakgal, din-iman meselesi özüňi gözegçilikde saklajak bolmaga kömek edýär.

Re: Öýe sygmazlyk, köçä sygmazlyk, oba sygmazlyk, ýurda sygmazlyk, dünýä sygmazlyk, ... Salawmaleýkim. Kellä geldi-de ýazaýdym şu frazeologizmleri.10 Aprel, 2021

Akyla sygmazlygam bar

Sohbet: Salam! Ilki bilen üstünlik dileýän. Saýtda köpräk dinimiz barada ýazgylar döretseňiz gowy bolarmyka diýýän10 Aprel, 2021

Sag bol. Dinem adamyň süňňünde bar zat. Ondan bölek ýaşap bolanok. Belki, ýazmanam bolýan däldir. Ýöne ýörite dini zat ýazaýyn diýip ýazmak üçin, din ylymam gerek. Olam bizde ýok. Molla görmedik. Sapak almadyk.

Tm bet 8: Ikiňizede respect agam! Syladym sizi. Size prosto "Maladis Atabay" diyesim gelýär. Rep aýdymlar barada näme aýdyp bilersiňiz. Türkmen rep sungady barada-da.10 Aprel, 2021

Şükür bagşy kinosyndaky ýaly "Bu sungat maňa tanyş däl" diýäýmesem. Ýöne käbirini orslaňkyny diňledim. Gowy sungat. Bizde-de gowjalary bar diýip eşidýän Ýöne TW-de duşamok.

Dunya: Sarp edilen wagta degýän eken. Olam düşünmediklere giñişleýin mysal bolar10 Aprel, 2021

Hoş sözüňize sag boluň

Dunya: "Ýazyjylar olara adtça "okyjylar" diýýärler. Ýöne meñ olara beýle sowuk ady dakasym gelenok, dostum diýesim gelýa. Ýöne bu söz hem edil "agam" sözi ýaly agyz ugruna aýdyla-aýdyla gadyrdan gaçanyna gynanýan" "Gören kim, görünen kim?..." Aslynda bu sözler esere degişli bolman, ýazyjynyñ okyjysyna aýdasy gelýän içki pikirleri ýaly... Gowy ekeni. Ylhamyñyz egsilmesin!10 Aprel, 2021

Sag boluň. Aslynda Ýunus Emre meň bir giden söz, kagyz wagt harç edip aýtjak bolan zadymy ýeke setirde aýdypdyr. Belki, bu welilere mahsus.

: Oz stili bolmadyk yazyjy yazyjy bolmaz kimin sozleri06 Aprel, 2021

Dogry aýdypdyr, ýöne kimiň aýdanyny bilemok

Osman: Hiçisinede yetenok. Allajan bir ýerden yrysgal berewersin.02 Aprel, 2021

Ämin. Esasy haramdan daş dur. Bu bir synagdyr. Haram baýlykdan, halal ýetde-gütderäk ýaşanyň müň paý gowudyr. Iýeniň tagamyny bil, arkaýyn ýatyp ulyňy al. Şolam az baýlyk däldir.

Osman: Meň baýasym gelýär, örän isleýän. Bolarmyka?01 Aprel, 2021

Alla ryzkyňy açsa, bolar. Näme galyňa ýetenokmy? Ýa-da maşyna toplaýaňmy?

Babyr: Sagboluñ. Eliñiz-göziñiz dert görmesin agam. Eşdesim gelýän (ýa da eşitmäge mätäçlik çekýän) jogabymy berdiñiz. Başgada şu hörpdenräk gopýan jogap eşidipdim. Sizdenem eşitsem onsañ şoña göräräk bolaýmaly diýen ýaly pikirlem bardy. Köp sagboluñ!01 Aprel, 2021

Peýdam degen bolsa bolýa.

Babyr: Muny Ylýas agadanam soradym. Heniz-ä int-e girmäge eli degenok öýdýän... 1 ýyl mundan öñki pikiri hem adamyñ durmuş tejribesiniñ bir ýyl artmagy bn üýtgeýär. Onsañ ýaşlañ pikiri bn ýaşyulylañ pikiri arasynda uly tapawut bolýar... şoñ üçin köp ýerde: "ulyñ diýenini etmedik uwlar" etmeli bolýar. Sizden sorajak zadym: "Asyl görseñ soý sorama" diýilýär, ýöne muña garşylyk: "Owal akan ýerden akarmyş aryk"  hem diýilýär. Siz ýaşulylyga ýeten döwriñizde haýsy nakyly saýlamagy(diñe ikisinden birini saýlamaly bolanda) maslahat bererdiñiz?!31 Mart, 2021

Goýnuň guzularam deň bolmaýar. Owal akan ýerden arygyň akmaýan wagtam bar Bir akylly adamyň o edepsiz çagasy bolup bilýär. Meniň pikirimçe bu aýtgylary, nakyllary gyzyla gaplamaly däl-de, has giňişiräk düşünip, şoň görä bolmaly. Asyl görseň diýýäň. Şol görýän kim, eger paýhasly, düşünjeli, anygyna ýeterlik habarly, maglumatly adam asyl görse, onda asyl diýip bolar. Ýöne joram, dostum ýa-da özüm asyl görenim meseläni doly, dogry çözüp bilmeýär. Durmuşda atyňy ýeke çapmagy, özüňkini gögertjek bolmagy, hökman şeýle bolar diýmegi, kesirligi, özdiýenliligi kän halamok. Sebäbi özüm ýaşlykda şu häsiýetler sebäpli köp ýalňyşdym. Ene-ataň, doganlaryň diýenini diňlemek has paýhaslylyk eken Onsoňam Allaň etjegi bardyr, biz sabyr etmeli, şükür etmeli, Allaň halajak hereketini etmeli. Men-menlik şeýtanyň häsiýetidir.

Yhlas: Hydyr aga Soyunhan sakal baradaky hekayanyzy okadym. Gowy bolupdyr. Alajy bolsa bu eserinizi ulaldyp atanyz we onun yasan dowri barada powest yada kicirak roman doretseniz gowy bolardy. Kakanyzyn yasan dowri hem agyr yyllara gabat gelipdir. Ol hakda hem ulurak eser yazsanyz bolar.20 Mart, 2021

Inşalla, gowy pikir. Menem şoň aladasynda

Babyr: Her goýan zadyñyzy okaýan. Ýazyp bilseñizem kän ýazmaýanyñyza gynanýan. "Söýünhan sakal" şo dowur hakda mazaly pikirlendirdi. Gysgajygam bolsa...18 Mart, 2021

Sag boluň.

Re: "Aslynda bu ulurak bir zadyň bölegi". Ine, munyňyza sag boluň, Hydyr aga! Size döredijilikde üstünlikler arzuw edýän. Entek Sizden köp gowy eserlere garaşýarys. Edil "Gören kim görünen kim" ýaly eserlere hem-de Şammat ýaly gahrymanlara.17 Mart, 2021

Hoş sözleriňe sag bol.

Re: Selbinyýaz, Ezizowyň emri bilen diýen kitaby gaýtadan okap gormeli etdiňiz. Umuman, özüm-ä ýatlama eserleri okamagy gowy görýän. Eger entek okamadyk bolsaňyz, size Atajan Taganyň Kyrk ýylda ýazylan kitabyny okap görmegi maslahat berýärin.16 Mart, 2021

Atajan agaň kitabynyň elektron görnüşi bar. Käbir ýerlerini okadymam. Doly okasymam gelýär. Inşalla, okaryn. Ýöne kitap galyň, hopukdyrýar. Soňam has gowy kitaplar öňüňden çykýar-da, gezek berenok. Öňküler ýaly bir oturşyňa esli sahypany okamagam başardanok.

Re: Hydyr aga, Söýünhan sakgal ataňyzyň keşbimi? Hekaýanyň gahrymanyna ady nädip saýlap aldyňyz? Hekaýany real wakalar esasynda ýazdyňyzmy? Hekaýa barada öz garaýyşlarymy aýtsam, hekaýa maňa-ha guraksy geldi. Gahrymanyň keşbi okyjyny özüne bendi edip bilenok, birhili ynandyryjy däl. Onsoňam, soňky döwrüň modasymy nämemi, hekaýalar bilinden üzülen ýaly bolup gutarýar-da, okyjyň gaharyny getirýär, käşgä awtor gysga setirlerde gaty çuň manyly bir zat aýdyp ýetişen bolsa.16 Mart, 2021

Hawa, aýdýanlaryň dogry. Ýöne özümi aklajak bolýandyr öýtme, häzir ýazylyş stilem Ata Gowşut dagyň döwründen üýtgedi. Häzir köp zady aýtman, okyjyň özi düşünsin, özi pikirlensin diýip goýýarlar. Bu stil maňa-da ýaraýar. Gaty manysyny gönüläberseň, okuw kitabyna, çagalar üçin ýazylana meňzäberýä, göwnüme. Onsoňam her kimiň bir öz ýazyşy bolýa, edil gürleýşiniň bolşy ýaly. Mende mortalyk, ýarpy ýolda kesmek, biraz gep owadanlamazlyk bar. Ony bilýän, bilsemem düzedip bilemok. Hatda Gürgeniň ýoluny görüp duranam bolsam, gahryman bilen baglanşygy bolmasa owadanlamak üçin ýazasym gelenok. Mysal üçin, Günüň doguşy ýa-da ýaşyp baryşy diýen ýaly. Ynandyrjy däl bolsa, anha şol erbet. Ýasama gahryman iň halamaýan zadym. Ony nädip düzedip bolar, bilemok. Hawa, hekaýadaky wakalaryň köpüsi hakyky bolan wakalar - atam Hangeldi sakalyň başyndan geçirenleri. Aslynda, bu ulurak bir zadyň bölegi. Öňüne-soňuna degdim-de hekaýa meňzedip ekizlere goýaýdym. Okanyň üçin, bellikleriň üçin sag bol. Şeýdip biraz okan adamlar pikirlerini aýtsalar, peýdasy köp bolýar. Esasanam ýazmaga höwesiňi, islegiňi artdyrýar.

Ayna: - Kössäni bir gynyndan çykarsam, bu togalak kelläň ýasy ýeňsesi ýolda ýatan daşa deger... Şol wagt ol sähel ýanaşan bolsa, milleti, dili näbelli, niýeti, içi gizlin bu keltejik adamyň ýeňsesi ýasy bolansoň dört bu?ç ýaly görünýän kellesini daşlaň arasyna togalardy Söýünhan Sakal içinden "Dur, garalda" diýdi-de, howlukman namazyny bitirdi. Söýünhan namazyny ymykly bitirip, atyny sähel säpjedip wekiliň duran ýerine geldi. (Iki gaytalanypdyr) Han aga, eliň aýasy ýaly giň düz meýdan, dag ýok, dere ýok, kötel ýok. (Eyrana gitseñem, gaytsañam dagsyz yol yok ahyry. Ÿa ol dowür boldumyka. Yene-de namaz yeke gezek okalmagy, gorkezilmegi az yaly, ol uzak yol ahyry.) belki meniñ kem dushinjam bilen šeyledir Hydyr aga. *** Harp yalnyshlary: Ýüzüne tüýkürlen ýaly bolan Söýünhän/ä/m şeýle halda. Ol özüni eli-goly /ü/ýpsüz baglanan ýaly duýýardy. Ýüzüni sortdurybra/d/a-da Hany diňlän Söýünhan Sakal oňa jogap bermedi *** Hekayany haladym. Myžžyk bolan waka dal, artykmac sozler yok. Diñe aydylaÿmaly zatlar. Sag boluñ, ömrüñiz bolsun! Hydyr aga men Aynadym )) Garšy bir zat yazyp durmaga okyjylardan cekinip ,,Selbinyaz" diyipdim Hydyr aga bulary okap pozup goyberin - yuze cykaryp oturman. Ertirde dagy jañ ederin. 15 Mart, 2021

Sag boluň. Şular ýaly belliklere garaşýardym. Olar bilen ylalaşýan. Ýöne Gyzyletregiň üsti bn Eýrana gidip gördüňizmi? Şo ýolda kän kötel ýok diýen ýaly. Namazy bäş gezek okadyp oturmadym. Beýleki namazlarda problema bolmany üçin. Megerem ilçi garaşandyr, mümkin barjak ýerlerine namaz wagty deň gelendir. Umuman, çeper eser bolansoň, beýle anyk sekuntlajagam bolmadym. Esasan, gala ýarylandan soň, hakykatdanam türkmeniň başyna ahyrzaman gelendigini, erkinligini giderip, bol-elin iýse-de iýeniniň zäher bolanyny aýdasym geldi. Palowam, dutaram, ak öýem bar ýogsa, ýöne Söýünhanyň gylyjyny elinden alýalar. Onda-da şeýle hormat goýýan hany aldyrýar. Bu zatlary çintgäp oturasym gelmedi. Okyjyň özüniň ýetenini isledim. Hemmesini düşündirseň, çagalar üçin ýazylan kitap ýaly bolaýýar. Ýene bir gezek minnetdar. Harp ýalňyş-a kändir. Dil-edebiýaty gutarmadygym bellidir.

Muhammetmyrat: Hydyr aga! Söýün Han Sakgaly okadym.Gyzykly hekaýa.Ilki bilen gözüme ilen zat türkmen ýigidine mahsus ganygyzmalyk,namysjañlyk.Sýužet gowy.Söýün han sakal gulluk wezipesiligine garamazdan öz ýurdunda gaýry ýurtly ilçiniñ özünden ileri tutulmagyna namys edipdir.Soñra hem "Iki goçuñ kellesi bir gazanda gaýnamaz"edip öz erkin durmuşyna dolanypdyr.Eseri haladym.Bu meniñ okyjy hökmünde esere garaýşym,15 Mart, 2021

Sag bol. Okanyň üçin minnetdar.

Selbinyaz: Annaberdi Agabayewin Ezizowyn emri bilen kitabyny okap bilmedim. Gaty ownuk, kop sozlilik, yasamalyk bar. Yazjaklara shol kitaby okap gormekliklerini, we sheyle yazmakdan gaca durmaklaryny hayysh edyarin14 Mart, 2021

Hawa, menem halamadym. Ýöne ilki çykanda içindäki suratlary üçin begenip alypdym. Aslynda Annaberdi agadan beýle ýazga garaşmandym. Menem okap gynandym. Birhilirägem welin, Söýünhan sakal hekaýam hakynda pikiriňizi, bellikleriňizi okasym gelýär.

Muhammetmyrat: Salam Hydyr aga size şeýleräk sorag : "Gül açan miras" bilen "Çöl,çomuç,düýe süýdi" eserleriñizde meñzeşlik bar.Indi Gül açan miras ilki döredimi ýa Çöl çomuç,düýe süýdi ilki döräp şo boýunça ssenariýa ýazdyñyzmy?14 Mart, 2021

Waleýkimsalam. Ilki Çöl, çomujy ýazdym. Soň ssenarisini ýazdym. Ýöne ssenäriniň binäçe wariantyny etmeli boldy. Kinostudiýaň talaplaryna görä. Mirasdaky oglanda rak keseli bardy. Ol çöle gelip gutulýardy. Bile okaýan gyz ondan keselli diýip ýüz öwürýärdi garaz biraz melodrama bardy. Soň keseli aýyrmaly bolduk, bir oglanyň çaşýan ýeri galdy. Söýünhan sakal hekaýamy okamadyňmy? Belligiň bolsa ýazsana.

Re: "Puluň bolmasa sen hiç kim" diýýänlere gaty köp duşýaryn. Magtymgulyda hem bar öýdýän, ýigidiň eli ýuka bolsa kyndygy barada.09 Mart, 2021

Hawa. Pul gaty köp meseläni çözýä. Ýöne puluň hiç çözüp bilmejek meselelerem bar. Pul ynsanyň gözünem gapýar. Hemmesiniň däl diýýäler, ýöne köpüsiniň. Bu diýmek hemmesine golaýynyň diýildigi bolýa. Ýöne pulsuzlygam edil şonuň ýaly erbet. Adama etmejegini etdirip bilýär. Ryzk beren Alla. Pullulygam, pulsuzlygam her kimiň başynda barmyka diýýän. Bu Allanyň synagy. Sen kime bil baglaýaň, pulamy ýa-da Maňa?diýýän ýaly. Pul adamyň kimdiginem bahym tanadýar. Ýöne şu ömrüme puly ýigrenýän diýýäne duşmadym. Pula biparh adamlara duş geldim. Belki, iň dogrusam şudur. Puly ähli zadyň sütüni, diregidir öýtmeg-ä öte ýalňyş düşünje.

SaDMaN: Salam agam! Size döredijilik işiňizde hemişe üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýän.Janyňyz sag bolsun! Işleriňiz rowaç bolsun!04 Mart, 2021

Sag bol, hemmämiziňki bile bolsun.

Re: Hydyr aga, 30-35 ýaşly ýigitlere durmuş barada näme maslahat berip bilersiňiz.02 Mart, 2021

30-35 ýaş eýýäm adamyň akyl käsesiniň doluşýan wagty. Durmuş olary çalarak silterläbem ýetişendir. Ýöne bu ýaşdan soň esasan agyr degýän zat ejeň bilen kakaňy, agalaryňdan käbirini, dostlaryň arasyndan ýitirýäň. Sen ýalňyzlyga tarap ýola düşüp başlaýaň. Ýöne şu ýaşlarda eliňden näme gelýän bolsa şony etjek bolmaly. Ýapyşmaly, goparmaly, aýy kimin aslyşmaly. Aýyň nähili aslyşýanyna bilemok welin. Kyrkdan soň bir işe başlajak bolsaň gaty ýaýdandyrýa. Gijä galaýdym öýdýän diýen duýgyň aklyňdan gitmeýär. Birem şu ýaşda adamyň göwnüne degmejek boluň. Ynsan şu ýaşlarda özüni tüýi ýeten goç ýigit hasaplap, gözi ýer görmän başlaýar. Seresap boluň, edil sähelçe ýyldan aklyňyz has goýalar, kyrkdan soň pyrk geler, şol ynjydan adamlaryňyza gynanarsyňyz. Hasam ejeňizi, kakaňyzy begendirjek boluň, eger gijä galmadyk bolsaňyz.

Ayna: Hydyr aga edil shu günler ÿazÿan zadyńyz barmy? 02 Mart, 2021

Hawa, bir ulurak zada başladym. Ýagşy dilegde boluň. Myhman depderine-de hal-ahwal soraşyp, ýa başga bir zat sorap ýazaýýalar. Men ondan jogap berip bilemok. Kerim diýip biri ýagdaýymy sorapdyr. Kim Kerimdigini bilmedim. Allaha şükür gowy. Aýyplaşma, türkmende Kerim atly seýrek bolmansoň, Kerimleriň haýsysysdygyňy anyk bilip bilmedim. Bri tap bar inim, habar tutanyň üçin sag bol.

Yhlas: Agam bu saytda yazmasanyzam umuman olar barada ulurak yatlama yazayyn. Olar barada yazylan zada mena dusamok. Bizde Kerim aga, Gurbannazar Ezizow hakda kop yazylsada ka bir adamlar hakda juda az maglumat bar.02 Mart, 2021

Dogry aýdýaň. Ýazmaly. Bolmanda indiki ýazjak adam üçin bilýänje maglumatlaryňy goýmaly. Inşalla, bu zatlary planlaşdyryp edip bolanok. Şu gün muny ýazaryn, bäş aýdan muny ýazaryn diýip bolanok. Ýöne ýazmalydygyny bilýän. Nesibämde bar bolsa, ýazjak bolaryn. Aslynda, olar hakda ýazmak, meň ýaly üçin uly abraýam, ýöne abraý diýip ýapyşybermegem aýp bir zatmyka diýýän. Käbir adamlaň uly şahsyýetler hakynda kino ýa powest ýazyp at aljak bolşy ýaly. Görmeli-dä, Yhlas, ýagşy dilegde boluň. Belki, Alla maňa-da güýç gäýrat, ylham bersin. Bu dilegi diňe özüme etdigim däl, ähli ýagşy işleri etmegiň arzuwyndakylara dileýän.

Yhlas: hydyr aga salawmaleykim. Asakda gatnasyk eden adamlarynyz barada yazypsynyz. Olardan Tokar Tugyr barada Gurbannazar hakdaky yatlamalarda okapdym. Bapba Goklenin bolsa dine adyny esidipdim. Eger kyn gormeseniz bular hakda maglumatlary yazaysanyz.28 Fewral, 2021

Waleýkimsalam. Aý bu söhbetdeşlik sahypasynda ýazmak kyn. Tokar hakynda ýazasym gelýä, ýöne ýazmak kyn. Biz Tokar bilen Gurbannazar ýogalandan soň tanyşdyk. Bizdenem 8 ýaş uly. Onda-da başda has köp tirkeşdik. Soň aýraçylyk düşdi. Soňam gowy gatnaşdyk welin, ýaşlaram könelişdi. Durmuşda biraz daşlaşan wagtlarymyz, düşünjelerimiziň deň gelmedik ýyllary boldy. Esasanam dostlarymyz üýtgedi. Ýöne Tokar ýaly sungata, hudožniklige berilen başga birine duş gelmedim. Adamçylygam gaty gowydy. Ýazara zadam kän welin, birhili elim baranok. Ýalňyşaýjak ýaly bolup durun. Bapba Gökleňem gaty mert ýigitdi. Bizi, aýratynam Ylýasy has gowy görerdi. Sözi-sözdi. Gödegrägem bolsa, lebizli, mertebesini bilýän ýigitdi. Garaz, bolmanda bilýänjelerimizi ýazmaly. Ýöne ýaşymyzyam ýetmişe ýetip barýar. Özüm daşyndan hopugýan. Gaty köp görünýä. Indi köp zat hyýalda galaýmasa. Ýöne käte-käte Bapbanam, Tokaram şeýle göresim gelýär. Bir sagatjyk oturyp bolýan bolsa ömrümiň bir ýylyny bererdim diýýän. Wagtynda ol mümkinçilikleriň gadyryny az bildik. Edil bilmedik diýesimem gelenok.

Re: Siziň ölesiňiz gelýärmi?27 Fewral, 2021

Käte gelýä. Ýöne Alla islemese ýaşamaly. Onda-da iň soňkuja sanalgyň gutarýança Alla diýip ýaşamaly. Hakyky dirilik ynsany ynsan edýän. Diridigiňi duýman ýaşadygyň men-ä känbir ýaşadygyňam dälmikä diýýän, Uly söze toba edýän.

Adam: "Eje mukaddesmi?" Yerliksiz sorag Näce ÿaśyndaka soragy beren. Bir yaśly caga ejesi dashary cykyp gidende yzynda aglaÿan bolsa, iki yaśly caga ejesi bir yerden gelyan bolsa " Ana ejem gelya" diyip ylgayan bolsa, ejaniń mukadessligi shol yerden kórlere hasa26 Fewral, 2021

Dogry.

Bagul : Salam Hydyr aga! Ejeler mukaddesmi pikiriňizçe?26 Fewral, 2021

Pygamberimiziň aýdan hadysy bar eşdensiňeizem: "Jennet ejelerimiziň dabanynyň aşagyndadyr" diýýär. Ýöne ynsan ejesinem, kakasynam, başga-da kän ýakynlaryny, gowy gören adamlaryny ýitirenden soň tapýan eken. Ýitmese biz onuň bardygynam unudýan wagtlarymyz kän bolýa.

Re: Barlyk näme üçin barka? Ol bolmanam bilerdimikä?23 Fewral, 2021

Bilmedim. Bimany zad-a ýokdur. Dünýäni manysyz görmegi ýalňyş hasaplaýan. Bu diňe gözi bilen görýänlerine ynanýanlaryň pikiri bolaýmasa.

Re: Ynanç (iman) subutnama talap etmeýärmi?21 Fewral, 2021

Edýä. Dünýe Allaň bardygyna, biridigine şaýatlyk eýär. Başga-da ony subut edýän zat kan. Gyz bn oglanyň dünýäde deň diýen ýaly dogulmagam meni haýran edýän subutnamalaryň biri. Gülde miwäň, miwede tohumuň, tohumda indiki agajyň ýatandygam haýran galdyrýa.

Re: Söhbetdeşlik üçin köp sag boluň, Hydyr aga! Saýtyňyz göwnüme ýaraýar. Ejemiň köp gaýtalaýan sözlerinden: "Eklegeniň gadyryny ekläniňde bilersiň, saklaganyň gadyryny saklanyňda". Şu dogry eken. Eklenç barada birki agyz söhbet etseňiz.17 Fewral, 2021

Ryzk beren Alladyr - şu Kur'anyň aýaty. Ne biz ene-atalarymyzy ekleýäs, ne-de olar bizi. Ýöne Alla ynsana mähir, muhabbet diýen ýaly gaty gowy, täsin duýgularam peşgeş beripdir. Ene-ataň, aýratynam ejäň çagasyny adam etjek bolup her zada döz gelişine aklyň haýran galýar. Hat-da ejäniň şu häsiýetini ýörelge edinmeli diýip düşünýän. Eje ogluny emdirmekden lezzet alýar, ony uklatmakdan lezzet alýar, onuň arlygyny ýuwmakdan lezzet alýar. Özi iýip-içende, ýuwunanda onça däl, ýaryça-da lezzet alyp bilmeýär. Bizem aslynda başga bir ajy doýuran wagtymyz özümiz doýanymyzdan has uly lezzet alýarys. Ýöne soň nebsimize boýun bolup, öz gara garnymyzyň ugrunda bolaýýas. Eklemek, ekleýji bolmak islegi biziň ýardylyşymyzda bar zat. Indi umumy eklenjiň gürrüňini etsem, häzir eklenç biziň ýigitlik döwrümizden kynyrak. Gytçylygam däl, ýogsa. Ömrümizde görmedik zatlarymyz häzir satylyp dur. Ýöne nebsimiz, kanagatsyzlygymyz bizden rüstem. Şonuň üçinem häzir has kynçylykda ýaşaýas. SSSR döwründe zadam ýokdy, bolmansoň oňa islegem ýokdy. Bu diýdigim, türkmeni aç etmeli, garny doýarlygy ýokdur diýdigim däl. Meniň iň ýalňyş hasaplaýan düşünjäm şu düşünje. Türkmen mesligini göternip bilmändir diýip, taryhda duş gelmedim. Dogry, meslik agyr ýük. Hatda birek-biregiň ýadaýy soralanda-da "Mesmiň?" ýa-da "Menden mes ýok" diýilse halanmaýar. Mes adam nadan bolýar. Nadanlyk gaty howply zat. Nadanlygyňam başlangyjy baýlykda däl, sowatsyzlykda, okuwsyzlykda, dünýägaraýşyň darlygynda. Muny eklenç bilen , baýlyk bilen baglanyşdyrmak gaty ýalňyş ýörelge. Garaz, gysgaça şeýleräk.

Re: Arak-şerap içdiňizmi? Çilim çekdiňizmi? Häzirki wagtda 5 wagtyna namaz okaýarsyňyzmy?15 Fewral, 2021

Hawa. Ýöne instutdan soň. Kän içmedik. Içgini halamaýardym. Ýöne satyn almany, çüýşäni açmany gowy görýärdim. Balzam diýen ýaly üýtgeşigräk içgilerem kä wagt duşardy. Olar has gowy görülip içilerdi. Ylýasam, menem kän içgi bilen bolmadyk. Çilimi bäş ýaşymyzda çekip gördük. Erbet bolduk. Başymyz aýlanyp ýüregimiz bulanyp. Şondan soň çekmedik. Namaza 40 ýaşymda başladym. Şondan bärem okaýan. 40 ýaşdan soň okaryn diýen niýetimem ýokdy. Öz-özi şeýle boldy. Sakgal goýberdişimizem şoň ýaly boldy. Bir ýere myhman bolduk. Sakaldan gürrüň çykdy. Soňam Ylýas bn sakaly syrmaly diýdik. Olam planly-pikirli edilmedi. Ýöne sakaly gowy görýädim. Has irräkden goýberesim gelýädi.

Re: A meň diýýänimem şo kino-da. Gaty oňat kino bolupdyr. Hatda 10 ýaşly oglum hem meniň bilen bile hezil edip gördi. 15 Fewral, 2021

Hawa, görkezipdirler. Sag bol.

Re: Hydyr aga Miras'dan kino çykýar. Şol siziň ssenariňiz öýdýän.14 Fewral, 2021

Biziňki däldir. Gül açan mirasdan soň biziň ssenarimizden kino alynanok.

Re: Gowusy, ilki bu ugurda has giňişleýinräk okap, öwrenip göräýiň (eger-de entek hakykaty gözlemäni bes etmedik bolsaňyz). Aýdýan zatlaryňyz bulam-bujarrak bolupdyr. Birnäçe ýalňyş maglumatlar garym-gatym edilipdir.14 Fewral, 2021

Inşalla

Re: Adamyň ewolýusiýa ýoly bilen emele gelmegi barada okap, gyzyklanyp gördüňizmi? Häzirkizaman ylmynyň şu fakty barada siz nähili pikirde?13 Fewral, 2021

Ýörite iş edinip okamadym, ýöne ewolýusiýa, adamyň maýmyndan emele gelenine ynanamok. Ynanasym gelmäni üçinem däl. Muny asla mümkin hasaplamok. Ýer ýüzünde ot-çöpüň, janly-jandaryň hemmesiniň atomynyň meňzeşdigine ynanýan. Olary ýaradan bir Ýaradan. Emma bir partlama esasynda janly organizmleriň öz-özi dörändigine ynanamok. Jany Alladan başga bir zadyň berip biljekdigine ynanamok.

Döwlet Aşyrovv: Salam13 Fewral, 2021

Waleýkimessalam

Matematikaçy: Matematika bilen araňyz nähili.11 Fewral, 2021

8-nji klasdan soň galdy. 9-a edebi kitaplary köp okap başladym. Ýöne gowy görüp matematika okamaýardym. Baýramgulyýew diýip bir gowy mugallymymyz boldy. 7-8 klaslarda okatdy. Şol ýaşulyň gyzykdyrmasy bilen erbet okamokdym. Mekdebiň soňky iki ýyly boşurak geçdi. Az zat öwrendim. Selhozda okamda-da şeýle. Belli-belli sapaklary gyzygyp okaýadym. Rusçam gowy bolan şoň hasabyna baha alýadym.

Adaty adam: Belki-de,bu adamzadyň iň uly soragydyr. Siz bu barada näme aýdyp bilersiňiz? Ölüm näme?10 Fewral, 2021

Ölüm bir ýurtdan başga ýurda göçmek. Ömrüň jemleýji nokady. Ömrüň manysy. Allaň didaryny görmek, nesip etdirse.

Ayna: Hydyr aga salam! Oñatmysyñyz? Ašakda ,,Diňe bir seň bilen bakylyk bardyr…” okadym diÿip men ÿazypdym. Men arada habarlašypdym okyjyñyz Aÿna. "Dälihanada amanadyny tabşyran Annasoltany Hoja mazara eltip jaýlaýarkalar ölüler dirini jaýlaýardylar ahyryn." Gaty makul... 10 Fewral, 2021

Hä, ýadyma düşýär.

Dünýä: Hydyr aga, geljegi nähili göz öňüne getirýärsiňiz? Meselem, ýene 10, 20, 30, 40, 50, 100, 200, 1000, ... ýyldan soň dünýe nähili bolarka? 09 Fewral, 2021

Geljek hakda isleseň-islemeseň pikir edýäň, olary deňeşdirýäň. Hemmämizem görýändiris indiki nesil has ylymly,bilimli bolmak mümkinçilikleriniň giňliginden biziň oglanlygymyzdan has bagtly. Ýöne onu peýdalanyşlary nähili? Az ýaly görünse-de peýdalanylýandyr diýip pikir edýän. Netijede geljekde has ylymly adamlar köp bolar. Adamkärçiligem ylym bilen birlikde össe nähili gowy, ýöne bu-da çylşyrymly mesele. Özi alym, adamçylyk, mähribanlyk, rehimdarlyk we ş.m. gowy häsiýetleri pes adamlara köp duşulaýjak ýaly. Hatda şeýle häsiýeti adamlar känbir geňläbem durmazmyka diýýän. Adamlar has durmuş tejribeli, peýdasyny bilýän, çykdajy-girdejini öwrenýän... bolarmyka öýdüp gorkýan. Sadalyk ýitip barýan ýaly. Ruhy baýlykdan maddy baýlyk has öňe geçjege meňzeýär. Ýöne bu ýagdaý belli bir derejä ýetensoň, ýene-de ruhy baýlyga ýüzlenilse gerek. Dine ýoluň açylmagy adamlarda ynsanperwerligiň ösmegine uly ýol açar öýdýärdim, ýöne bu-da beýle aňsat boljag-a däl. Alla seň dünýäde ýaşaýşyňa göniden-göni goşulyşmaýar. Şonuň üçin dini diňe namazdyr diýip düşünýänler ýa-da onda maddy bähbitleri gözleýänler köp duş gelýär. Garaz, çylşyrymly meseleler. Ynsan birini begendiren wagty çyn begenji duýýandygyny bilmeýär. Ene çagasynyň hyzmatyny edende hakyky lezzet alýar. Enäň elinden çagasyny alyň, ol oda düşer.

Salam!: Tüweleme, Hydyr aga sorag berip bilseñ gowy, gyzykly jogaplar okap bolÿa. Gündeligiñizem dowam edäÿseñiz gowy boljak-da. Śu günler okara zat ÿok diÿsen geñ göràÿjekler ÿaly - aytmaga-da ÿaÿdanÿañ. Okamaga zat kop bolanda näme, öz il güniñ gecmiśiń, śahyrlaryñ, ÿazyjylaryñ barada bilmek bir bašga ahyry. “Diňe bir seň bilen bakylyk bardyr…” muny okap gaty haladyn. Megerem bu Gurbannazar aga barada ÿazylan ÿatlamalaryñ naÿbašysy. Allajan size haÿyrly ömür, haÿyrly išler bersin!09 Fewral, 2021

Sag bol, hoş sözleriňe. Aýdara zat kän. Aýtmagam borjumyz. Hatda aýtman ölsek, aňyrda hasap soraljak ýalam bolup dur. Aýtmagam kyn. Dogry düşünmeseler, gybat ýaly görseler we ş.m. zatlar ýaýdandyrýa. Özüň hakda kelam-agyz ýazsaň, menem begenerdim. Gurbannazar hakda kän zadam ýazylanok. Ýöne has gowy zatlar ýazylsa gerek, geljekde. Meniňki şolara azajygam peýdaly bolmak. Alyp bolsa, gowy kinoda alyp bolardy. Belki, özi hakynda däl-de, umumy, Gurbannazaryň häsiýetleriniň käbiriniň esasynda bir şahyr hakynda gowja kino alyp bolaýjak ýaly görünýär. Garaz, ýazara zat kän. Ýazyp bolsa.

Şol döwrüň: Şol döwrüň gepleşiklerini görüp bolaýsa. Özüňizde bar bolan audio hem wideo ýazgylaryňyzy saýtyňyza goýsaňyz, ýadygärlik galardy.08 Fewral, 2021

Ýok, hiç zat galmady. O wagtlar beýle tehnikalar ýokdy. Gepleşikleň köpüsi göni efire gidýärdi. Ýazgyda gidýäninem ertesi bozýardylar. Ýazgy edýän magnit lentasy gerekdi. Kino sýujetleri 8mm, kinoplenka alýardyk. Kiçijik kino kameradyr welin, şolam ýeterlik däldi. TW özünde proýawka laborotoriýasy bardy. Garaz, gyzyklydy.

TW-de haýsy ýyllar: TW-de haýsy ýyllar işlediňiz, Hydyr aga. Nähili gepleşik alyp barýardyňyz? Gürrüň beräýiň.07 Fewral, 2021

1976-79-njy ýyllar işledim. Ilki Ýaşlar redaksiýasyna redaktor (habarçy) edip aldylar. Soň Edebi-drama gepleşiklre redaksiýasyna geçdim. Ýene-de redaktor. Soň rejissýoruň assistenti bolup işledim. Soň rejissýor etdiler. Ýaşlar redaksiýasynda "Gunça" diýip bir sagatlyk gepleşik taýýarlaýardym. Aýda bir gezek gidýädi öýdýän. "Durmuş hakda söhbet" diýip ýarym sagatlyjak gowja gepleşik edýärdik. Gelin-gaýyn, oglul-ata, maşgala gatnaşyklary hakynda. Baýmuhammet Garryýew ýaly alymlary çagyrýardyk. Edebi-dramada şahyrlar, ýazyjylar bn duşuşyklar, ýaş hudojnikler hakynda uly gepleşikler edýärdik. Bu redaksiýada Poşalak - Atakgaýew, Orazdurdy Hojaýew, Juma Ýazmyrat dagy bilen işleşdim. Allaberdi Mele, Kakajan aga diýip gowy, bilimli, işine ökde rejisýorlar bardy. O döwür ömrümiň täsin ýyllary bolup geçdi. Köp zat öwrendimmikäm diýýän.

Salam!: Salam Hydyr aga, siz beýik şahyr Kerim Gurbannepesow bilen duşuşyp gördüňizmi? Onuň haýsy goşgularyny halaýarsyňyz?06 Fewral, 2021

Hawa, Kerim aga bn birnäçe gezek görüşdim. TW-de işleýärkäm gepleşigime-de çagyrdym. Degişgen gowy adamdy. Ýönekeýligi, halkyň adamydygy berk ýadymda galypdyr. Halk sudunyň öňündäki çynary kesdirmändigini eşdip hasam hormatym artdy. Goşgularynyň agraslaryny gowy görýän. Ýöne Gurbannazar ýaly kän görüşmedim, birki gezek bolaýmasa öýde saçagyň başynda oturmadym. Bir gezek öýümde ýaş şahyrlar bolup oturypdyk, goşgularyny okap beripdi. Şol gün biz şahyrlaryň guburlaryna aýlanyp, töwür galdyrdyk, käbirine gül goýduk. Ýagyşly gündi. Ýazyň güni. Ilki Mahmyt yşana, Mätäjiň guburyna bardyk. Guburynyň haýsydygyny bilmesegem aýat okadyk. Soň Aman Kekiliňkä, Gurbannazaryň guburyna, Halyla, Sahy Jepbaryň ýatan ýerine bardyk. Bilenje aýat-töwürimizi okadyk. Megerem 1976-njy ýyl bolsa gerek. Ahmet Halmyrat, Kömek Kuly, Guldurdy Sähetdurdyýew ýene-de birki oglan bolmaly. Babpba Gökleňiň bardygy-ýokdugy anyk ýadymda däl. Kömek dagy belki anyk kimleň bardygyny bilýändir. Iň soňunda-da meň öýümde oturdyk.

Tach: Salam.Hydyr aga siz nace yashynyzda yazyp bashladynyz? 31 Ýanwar, 2021

23 ýaşymda. 1975-nji ýyl Gurbannazar ýogalandan soň birinji hekaýam gazetde (Edebiýat we sung) çykdy.

msbrtk: kanikula cykdyk, nesip etse shu yakynda didarlasharys 29 Ýanwar, 2021

Inşalla

msbrtk: Essalowmaleykum yashuly27 Ýanwar, 2021

Waleýkimsalam, inim. Ýitip gitdiň-ä?!

Salam: Hydyr aga, salam. Aşakda öžüňize sakgally-sarmykly diýipsiňiz. Siz dogrudanam sakgallymy. Şeýle-de, saýtyňyzda suratly ýatlamalaryňyzy hem ýerleşdirseňiz has-da gyzykly bolardy.26 Ýanwar, 2021

Hawa, sakalam geçen ýyl goýberdik. Ýaşam täze ýyl ýetmiş bolýar. Surat goýmak, suratly ýatlamalary ýerleşdiresimem gelýär. Biraz saýtyň dizaýnyny üýtgedesimem gelýär. Nesip bolsa.

Aÿna: Bir az soragym düšüniksiz bolupdyr. Aslynda gowy ÿatlamalardan bize aÿtmagy unudanlarñyz barada sorapdym...22 Ýanwar, 2021

Düşüşenimize beğendim. Ýok zatlary göwnüme getirenim üçinem aýp-syn etmäň. Habarlaşyp duruň.

Ayna: Hydyr aga, Gurbannazar aga, Annasoltan Kekilowa barada öñ okalmadyk, ešdilmedik gysgajyk hem bolsa bir ÿatlama okasym gelÿär... :-(21 Ýanwar, 2021

Okalmadyk, eşdilmedik bir zat, onda-da Gurbannazar, Annasoltan barada. Kyn mesele. Aýna, belki, beýle kyn ýumuşy buýrmankaň özüňi tanadarsyň. Hawa, olar hakda-da käbir ýazylmaýan, ýazylmagy dogry hasap edilýän zatlar bar. Ýöne olar nämä gerek? Ynsan perişde däl, bärden gaýdýan ýerleri bolýar. Ýöne käbir ownuk hasaplanyp gürrüňi edilmeýänem bar. Sen olary näme etjek? Belki, özüň barada birki agyz aýdarsyň. Gelşiksiz görünmegem mümkin welin, men bir ýetmişe ýetip barýan, sakally-sarmykly ýaşuly, saňa-da "gyzym" diýesim gelip dur. Şonuň üçin gelşiksiz görünse-de ýazaýdym. Onsoňam tanamaýan adamyň bilen gürleşmek bir başga, tanaýan adamyň bilen bir başga.

Mäne-çäçe: Hydyr aga, iňlis edebiýatynyň oňat eserlerinden salgy berseňizläň bizlere. Şolaryň öz dilinde okamaga synanyşmakçy. Eger agyr düşse, rus ýa-da türk dilinde okamaly bolar. Dogrusy, indi ençeme wagtdan bäri kitap gaty açylýan däldir. Ozallar okan bolýardyk esasan türkmen çeper eserleri, soňky wagtlar hiç zat okamok. Okasaň gowumy, okamasaň, şonam bilemok.20 Ýanwar, 2021

Okasaň gowymy, okamasaňmy diýýäniňe özüň jogap bermeli. Kitaby ýazylan dilinde okamak has gowy. Terjime edilende köplenç ýitýän zatlar köpelýä. Esasanam ritm, diliň tagamy, orginallyk gowşaýa. Iňlis okajak bolsaň belki, Hemengueýden başlasaň "Старик и море", "По ком звонит колокол" diýen ýaly. Mümkin Jek Londony halarsyň. Mümkin... kitaplar kän. Ýöne kitaplaň güýji azalýan ýaly, soňky döwür.

Keseki: Okap görüp, soň pikiriňizi aýdyp bilmersiňizmi (A.Taganyň kitabynyň gürrüňi gidýär).19 Ýanwar, 2021

Kitabyň göwrümi uly. Atajan aga halypa ýazyjy. Eseriň gowudygyna şübhäm ýok. Belki, maý tapsam, okabam görerin. Inşalla.

Yhlas: Hydyr aga salawmaleykum. Derya Bayramgulyyewin Gurbannazar Ezizow hakdaky kitabyny golayda menem okapdym. Umuman belli adamlar hakdaky yatlamalary, taryhy sahyslar hakda yada taryhda anyk bolan wakalar barada eserleri we dokumental kinolary halayan. Sizde meshur dowirdesleriniz hakda yatlama yazmak pikiri yokmy.17 Ýanwar, 2021

Gynansamam, meşhur diýilýän sungat adamlary b-n kän tirkeşmedim. Bir Gurbannazar, o hakda-da ýadymda baryny, oňardygymdan ýazdym. Garagumda çapam edildi. Biraz gysgaldylan görnüşde. Doly warianty şu saýtda bar. Başga Ahmet Gurbannepes, Tokar Tugur, Bapba Gökleň dagy bilenem oturyşyldy. Ýöne ýazmak kyn. Kerim Gurbannepes, Alty Garly, Nury Halmämmet dagy bilen kän görüşmedim.

Ayna: Gurbannazaryň saz älemindäki gözýetimi juda giňdi. Hindi, rus, ermeni sazlaryny gowy görerdi. Eline dutar alyp, şolaryň aýdymlaryna hiňlenerdi. Bir gezek dostumyz Baýram Amangeldiýewiň ekiz inileri Hydyr bilen Ylýas Oba hojalyk institutyny tamamlany sebäpli çakylyk etdiler. Hydyr bilen Ylýas şol çakylykda magnitofona Gurbannazaryň goşgularyny ýazdylar. Men şonda Gurbannazaryň sazandasy bolup, oňa bir-iki sany hindi aýdymlarynyň owazyny aýdyp bermegi haýyş edipdim, Gurbannazar goşgy okady, men ýanynda saz çaldym. Baýramgulyýew Derýa.
"Meniň dostum Gurbannazar." Hydyr aga, Ine šu yerden okapdym. Yazgyń galmadygna gynandym. Jogap ÿazanńyza bolsa minnetdar. 17 Ýanwar, 2021

Hawa. Derýa, Baýramguly, Gurbannazar dagy öýe häli-şindi gelýädiler. Menem gynanýan şol ýazgylaryň ýitişine. Ýogsa biz ony iş edinip bir kässeta jemläpdik. Şol kassetany Derýa soň diläp alyp birki hepde öýünde-de saklady. Şondan ýene bir kopiýa etmek hiç aklymyza gelmändir. Aslynda, kassetany arhiwe tabşyrmaly eken. Ýalňyşypdyrys.

Keseki: Hydyr aga, internetde birnäçe eserlerine gabat geldim, gaty süýji, dili ýeňil, akgynly okalýan, çeper ýazylan eserleri bar (iň bolmanda meniň üçin-ä şeýle). "Gonambaşy", "Derdeser" we ş.m. Kakamyrat Ataýew ady. Gaty begendim. Size tanyşmy?15 Ýanwar, 2021

Hawa, Kakamyradyň şol eserleriniň ikisinem okadym. Hasam Gonambaşy ýadymda galypdyr. Soňky döwür, hiç zadyny okap göremok. Duş gelemok. Gowy ýazýar. Men Kakamyrady okuwy gutaran ýyllaryndan tanaýan. Göwnümem ýetýär.

Keseki: Atajan Taganyň ýaňky ady agzalan kitabynda Magtymguly Pyragynyň goşgulary baradaky seljermelerine nähili garaýarsyňyz.15 Ýanwar, 2021

Kitaby doly okamadym. Magtymguly hakda ýazanlarynam okap göremok.

Keseki: Atajan Taganyň "Kyrk ýylda ýazylan kitabyny" okadym. Sizi hem ýatlapdyr.15 Ýanwar, 2021

Hawa, Atajan aga Gören kim, görünen kimi okap berdi. Gaty gowy bellikler etdi. Şony ýatlapdyr.

Ayna: Salam Hydyr aga! Siz yokary okuwy tamamlap diplom toy edenńizde Gurbannazar aga-da bar ekeni. Gośgy okapdyr, saz calypdyr. Shol yazgy sizde saklanyarmy?15 Ýanwar, 2021

Ýok, gynansamam ýitirdim. Şol ýazgylary Gurbannazarlara-da göçürip berdik. Ýöne olaram ýitiripdirler. Biraz-owlak arhiwe düşeni bar. Allaň islegidir-dä. Ol biziň diplom toýumyz däldi. Agalarymyň diplom alanlaryndan soň oturlyşygydy. Tog etmedik. Ýöne agşamlyk Gurbannazar dagy geldiler. Ýöne Ylýas ikimiz diplom alamyzda-da bir şoň ýaly oturanymyz ýadyma düşýär. Ýazgy edenimiz-etmänimiz ýadyma düşenok. Dutarda aýdymam aýdýardy. Bir goşgyny birnäçe gezek okany bardy. Özem 1965-nji ýyldan bäri ýazylyp gelinen. Iki sagatlyk bardyr. O döwürler lentaly ullakan magnitofonlar bolardy. Şol lentaly, iki tarapam doludy. Ýitipdir-dä.

Umyt: Ynha, men ýokary okuw jaýyna girmänkämem, girip, okan döwrümde hem yzygider diýen ýaly goşgy ýazýardym. Özüm edebiýat mugallymy. Okuw döwründe, mugallymlar bolsun, talyp ýoldaşlarym bolsun, garaz, edebiýat howasy bardy. Okuwy tamamlanyma iki ýyl bolup barýar. Şol döwürde hiç zat ýazyp bilmedim. Ýazasym gelýär. Ýogsa, azam okamok, belki, motiwasiýa berer diýip.04 Ýanwar, 2021

Motiwasiýa zerur, bize-de iň ýetmeýän zatlaryň biri. Onsoňam öňki gatnaşýan, goşgy okaşýan dostlaryň bilen aragatnaşygam peýdaly bolýar. Goşgy ýa-da hekaýa bolsun, tapawudy ýok niýet diýilen zadyňam täsiri uly. Niýetiň gazetde bir zadyňy çap etdirmek bolsa, hilem şoňa görä bolýar. Çap etdirmejek bolsam näme üçin ýazaýyn? diýen soragam bar. Bilmedim. Ýöne özüm-ä çap etdirmek niýeti bilen ýazmajak bolýan. Ýöne käbir ýerini düzet, gysgalt, çap edeli diýseler hötjetlik edip duramok. Esasy maňzy zaýalanmasa, ownuk düzedişler belki, gerekdirem. Mugallymçylyk gowy kär. Men ýazyp bilmeýän şahyrdan gowy, güýçli mugallyma has sarpa goýardym. Sebäbi edebiýata söýgi döretmek, adamda okamak höwesini terbiýelemek uly iş. Dünýä edebiýaty, daşary ýurt, rus, iňlis dilinde ýazylan eserleri okuwçylaryňyz okasa, belki, bir tom boşa ýakyn goşgulardan has haýyrlydyr. Alla işiňizi aňsat etsin.

Umyt: Salawmaleýkim, Hydyr aga. Ylýas agaňam, siziňem gowy eserleriňiz bar, höwri ýene kän bolsun! Ömrüňiz uzak bolsun! Ýazýan adam üçin "arakesme" näderejede zyýanly? "Ylham böwşeňligi" diýsegem bolmanam durjak. Ýa-da ýazýan adam üçin edebiýat atmosferasynyň bolmagy howa, suw ýaly zerurlykmy? Men "edebiýat atmosferasy" diýenimde töweregiňi ýazýan-pozýanlaryň gurşap almagyny göz öňünde tutdum.03 Ýanwar, 2021

"Arakesme" kan peýdaly zat däl bolup biler. Yzygiderli, her gün belli bir sagt ýa-da sahypa ýazmagy meşhur ýazyjylar maslahatam berýäler. Ýöne men-ä muny oňaramok. Köp wagtlap ýazjak bolýan zadymy kellämde aýlaýan. Oňa garşy gidip görýän. Başga bir wariýantlaryny gözleýän. Aňsat ýazylsa halamok. Kellämde bişiren zadymy soň bolşy ýaly kagyza-da geçirjek bolamok. Köplenjem başga zatlar ýazylýar. Ýöne şonda-da günde ýazjak bolup ýörüp bilemok. Ýöne her kimiň özüne ýaraýan usuly bolýar. Birine öýküneniň bilen ol bolup bolmaýar. Garaz, gaty kyn mesele. Ýazmanbilmezlik derejesine ýetirip ýazmaga otursam hasam gowy görýän. Umuman şeýleräk. Edebiýat atmosferasy, şertleriň zerurlygy bu-da jedelli mesele. Käte şertiň ýokdugy seni hasam gowy işledýär. Gowy zat ýazmak üçin gowy zadyň aňyrdan gelmegi gerek öýdýän.

Dayanc: Salawmaleykim02 Ýanwar, 2021

Waleýkimsalam, Daýanç. Gowymy ýagdaýlar? Täze ýylyň gutly bolsun, hemmämize begençli, daýançly, haýyrly ýyl bolsun!

Perhat Sabirovv: Täze ýylyňyz gutly bolsun, Hydyr aga!31 Dekabr, 2020

Sag bol. Hemmämiz üçin düşümli ýyl bolsun!

Yhlas: salawmaleykum agam, taze ylynyz gutly bolsun! Taze 2021/nji yl size dine gowulyk getirsin.31 Dekabr, 2020

Aýdanyň gelsin, sag bol. Hemmämiz üçin hakykatdanam täze ýyl bolsun! Haýyr, bereket, şatlyk getirsin!

Perhat Sabirovv: Salam agam! Gowmysyňyz, öý-içerler saglykmyň? Edebiýat teoriýasy, Logika soň hem triller näme pikiriňizçe?30 Dekabr, 2020

Waleýkimsalam. Allaha şükür gowy. Aý, edebiýat teoriýasy, logika diýen ýaly zatlar meni özüne çekmedi. Internetden sorasaň kesgitlemeleri bardyr.

Perhat Sabirovv: Salam, Agam. Gowmy ýagdaýlaryňyz? Ylym we Bilimiň ikisi bir zatmy?23 Dekabr, 2020

Waleýkimsalam. Edil bir zat däl öýdýän. Bilim umumy bilim, gözýetim, sowat ýaly zatlary içine alýar. Ylym haýsam bolsa bir ugra degişlimikä diýýän.

Perhat Sabirovv: Salam, Hydyr aga! Soraglarym bardy eger jogaplasaňyz! Mistiki näme? Fantastika näme? Satirika näme? Detektiw näme?07 Dekabr, 2020

Walevkimsalam Perhat. Mistika realyň tersi, ýagny göze görünmeýän, aň ýeterden aňyrdaky, köp kişiniň toslama, ýalan hasaplaýan zady. Mysal üçin perişdeler, peygamberler, jynlar, Alla... Fantastika adamlaryň oýlap tapan, geljekde bolup biläýjek, emma häzir görülmedik, bolmadyk zatlar. Mysal üçin beýleki planetalardaky swilizasiýalar, olar bilen uruşmak we ş.m. Satira - adamyň aýplarynyň, ýalňyşlyklarynyň üstünden gülüp, olary tankytlamak. Mysal üçin, Arkadiý Raýkiniň sahnalary. Satira gaty gadymy žanr. Edil tragedia, komediýa ýaly. Komediýada güldürmek maksat, satirada tankytlamak maksat. Mysal üçin ýartygulak, Hoja Nasreddiniň hekaýatlary. Detektiw dartgynly, howply hadysalar. Mysal üçin razwedkaçylar, şipionlar baradaky kinolar, romanlar. Ştirlis hakdaky kino. Bagyşla, gysga hem düşnükli ýazjak boldum. Has giňişleýin, anyk kesgitlemeleri internede girseň bardyr. Eger rusça bilýän bolsaň, hasam köpdür. Eger rusça bilmeýän bolsaň öwren. Diňe bir ene diliňi bilmek ýeke göz adam ýaly bolýar. Rusça, iňlisçe, parsça ýaly dilleriň birini öwrenseňem gözüň has açylar.

Perhat Sabirovv: Ogulsenem Taňňyýewanyň oglunyň adyny familýasyny bileňizokmy?28 Noýabr, 2020

Ady Eziz familiýasyny anyk bilemok. Kakasy Çary Geldimyradow bolsa gerek.

Perhat Sabirovv: Ogulsenem Taňňyýewadan habaryňyz ýokmy, Hydyr aga ýada salgysyny bileňizokmy?27 Noýabr, 2020

Tok. Ýöne ýogalypdyr diýip eşitdim. Ýalanam bolsa bilemok.Ogly gazetlerde işleýär öýdýän.

Perhat Sabirovv: Salam, Hydyr aga! Türkmençilikde yrymlar diýen zat çyn zatmy ýada adamlary kontrol etmek üçin oýlanyp tapylan toslamamy, siziň pikiriňizçe?27 Noýabr, 2020

Yrymlarda kabul etmeýän zadym kän. Diňe çarşenbe güni dyrnagymy alamok. Umuman hiç zada piçjjiň atmamak bolmaly. Ynanmasaň, kabul etmeseň kabul etmede geziler, ýöne hany göreýin diýen ýaly äsgermezçilik etmek gerek dälmikä diýýän.

Perhat Sabirovv: "Küýkini gabyr düzeder" - diýen düşünjä nähili garaýaňyz?22 Noýabr, 2020

Käbir adamlar, hakykatdanam, gabyr düzedäýmese diýdirýä. Şonuň üçin oglankaň ýaramaz endiklerden, häsiýetlerden gaça durjak bolmaly-da. Ýaşkaň özüňi näçe elekden geçirdigiňçe garraňsoň şonça peýdasy kän ýaly.

Yhlas: hadyr aga salawmaleykum. Sizin aydym/saza garaysynyz nahili? Men esasan Atabay Carygulyyewin aydymlaryny, Nury Halmammedin sazlaryny halayan. Siz turkmen we dasary yurt aydym/saz ussatlarynyn haysylaryny dinlemegi halayanyzI18 Noýabr, 2020

Türkmen estradasyny kän diňlämok. Oňam sebäbi Sahy Jepbar, Pürli Sary, Mylly aga dagyny kiçilikden diňläp ulalanymdan bolaýmasa. Daşary ýurt estradasyny student ýyllarymyz biraz diňlärdik, Adamo, Matýe, Pugaçewa (ilki aýdymlary), Magamaýew, Wysoskiý, Okujawa... ýene-de uzaldyp bolar. Ýöne ýaşlaň arasynda esasan şular diňlenýärdi. Atabaý Çarygulam gowy aýdýar. Nury Halmämmediň nähili kompozitordygyny tutuş türkmen bilýa. Ýöne meň üçin dutaryň ýerini tutjak saz guraly ýok.

Perhat Sabirovv: "Agaç agaja bakar, Arasyndan suw akar" şu setirlere bolan pikir garaýşyňyz nähili, Hydyr aga?18 Noýabr, 2020

Bu setir halk döredijiliginden, ýalňyşmasam lälerden alynan. Gurbannazar ony ösdürýä. Bu goşgyny Nury Halmämmediň Eýrana geçmäge mejbur bolan doganlary, şol aýraçylyk bilen baglanyşdyrýalar. Bu wersiýa soň çykdy. Gurbannazaram, agamyzam, dostlaram beýle baglanşygyň bardygyny aýtmaýardylar. Bilmedim. Goşgy gowy. Özem köp gezek okap beripdi.

Perhat Sabirovv: Salam, Hydyr aga! Siziň pikiriňizçe internetde söýgi bolup bilermi?17 Noýabr, 2020

Bilmedim, başymdan geçirmedim. Bu dünýede bolmaýan zat barmy näme?!

Sulya: Men özüme deň-duş gyzy söýýän.Näme etmeli14 Noýabr, 2020

Bolupdyr-da, söýýän bolsaň. Begenjiňe diwary süsseňem bolmagy mümkin.

Mahym: Salam Hydyr aga Ylyas aga name ucin yazanlaryma jogap berenok jany sagmy saglygy gowydyra???06 Noýabr, 2020

Gowy, şükür. Ylýasyň kompýuteri işlänok. Ussada. Bejerseler jogap berer, inşalla.

Yhlas: salawmaleykum agam, gowumy yagdaylarynyz? Size nahili soraglary berseler halamayanyz we nahili soraglara howes bilen jogap beryaniz.03 Noýabr, 2020

Akylly, manyly bir zatlar sorasalar gowy. Samsykdan oba bizar diýýäler öýdýän. Umuman, sorag-jogap gowy zat, adamy açýa, soraýanam, jogap berýänem.

Mahym: Salam Hydyr Daýy " Sen gerekmi " hekaýanyz gyzykly eken howes bilen okadym " Gus " hekaýanyzam gowja eken27 Oktýabr, 2020

Sag bol, hoş sözleriňe

Ýelken: Salawmaleýkim Hydyr aga! Siziñ ýagny Ylýas aga ikiñiziñ eserleriñizi okaýan gyzykly mana baý agramly saldamly eserler(öwüp aýdamok). Ilki elime düşen "Gören kim,görünen kim.." kitabyñyz boldy şol kitaby okap kän oýlanyp gezdim durmuş hakda.Soñra Gurruk guýyny okadym gysgada bolsa has çuñ manyly eser şowly çykdy hasaplaýan.Soñra "Heserlini" okadym,galanlarynam okap ýörün. "Gepiñ gysgasy...ýagşy" diýlenni edip esasy soraga geçsem "Şägirt halypadan ozdurmasa kär ýiter" diýlen dana söz bar. Siziñ ýazyjylyk ýoluñuzy ýöretjek şägirdiñiz barmy? Eger bar bolsa ol kim?27 Oktýabr, 2020

Waleýkimsalam. Ýazyjylyk, şahyrlyk, meň düşünşimçe, sazanda-bagşyçylyk ýaly däl. Munda öwretmek gaty kyn, belki käbir zatlary öwredibem bolmaýar.Täzä bir zat ýazylmaly, şoň üçinem täzeçe ýazylmaly. Her gezek bir zat ýazjak bolsaň, özüňi birinji gezek ýazýan ýaly duýýaň. Özümi halypa hasaplamak, gel öwredeýin diýmek duýgusam ýok. Özümi düşen ýolumda uçilişşäni gutaran, ýokary okuw jaýyna-da girip bilmedik ýaly görýän. Käte-de Gurbannazar diri gezip ýörsedi diýýän. Ýöne esasy halypa geçen ägirt ýazyjylaryň, şahyrlaryň kitaplary. Özüm-ä şolardan kän zat öwrendim.

Garadaşly: Salawmaleýkim Hydyr aga! Gowmy ýagdaýlaryňyz? Bu soragy edil şu görnüşde Ylýas agada berdim. Sebäbi diýseň ikiňiziňde "söhbetdeşleriňiziň" arasynda şeýle zatlar ýüze çykyp dur. Bu bolsa meni gyzyklandyrman goýmady. Sorag-jogap bölümine girip öň başdaky soraglary okaýaň welin, azajyk soraglarda many bar, belli bir zada esaslanan soraglar bar. Gynansakda soňky soraglary okaýan welin, ne many bar, ne-de bir gyzyklanma esaslanan soraglar bar. Muňa siz nähili pikirde? Soňam siz bilen hiç-hili baglanşygy ýok soraglary bermeklerine nähili garaýaňyz? Bu sizi tanamazlykdanmy ýa-da tanap durup şeýle baglanşyksyz soraglary bermeklerinde bir sebäbiň barlygyndanmy? Men sizi we Ylaýas agany juda sylaýan we eserleriňizi söýüp okaýan. Sagboluň!21 Oktýabr, 2020

Waleýkimsalam, inim. Dogrusy, menem şu "sohbetdeşlik" meselesi oýlandyrýar. Käbir adamlaryň berýän soragy haýran galdyrýar. Seň diýşiň ýaly, bilgeşleýin edýän bolaýmasyn diýibem ünjä gidýäň. Soňam ölüşiňe görä gömüşim etmeli bolýar. Bu-da biziň bir derejämiz. Ýöne sorag bermeýänleriň, has çuň pikirlenýändigiine, şonuň üçin tassyklap zat edip oturmagy artykmaç hasaplaýnlaryňam bardygyna ynanýan. Sebäbi biziň saýtymyzyň bezeg bilen, güýmemek bilen, gülüşdirmek bilen işi ýok. Muňa pikir gözleýänler yzygiderli girýämikä diýýän. Toýda-tomguda saýtyňyz açyldymy diýip soraýanlar bar. Onsoňam bu bir iç dökme ýaly bir zat. Käteler özümi arkasy kitapdan dolu eşege-de meňzedýän. Şunça ýaşadyk, şunça kitap okaldy, öwrenildi, indem bilenjäňi, düşünenjäňi aýtmasaňam aňyrda hasap soralaýjak ýaly. Aý, garaz, şeýle-dä.

msbrtk: "ujypsyzja erkimiz bar, yone olam uly ishlere..." Siz yazypdynyz oydyan.shojagaz erkin basgancaga tasiri bar bolaymasa13 Oktýabr, 2020

Hawa. Ýogsa şol erkiň, dünýäň manysy ýok. Maksatsyz ýaşamak ýaly bir zat bolýa.

Артур: 12 гунлик чага гижелерине ятанок ятсада горкуп туран яли туря намеденка 19 Sentýabr, 2020

Bilmedim

msbrtk: bäh, Hydyr aga, tuveleme, ajayyp pikirler ceper sozler bilen.sabyr we sadyklyk hakynda yazanynyz kop pikirlendirdi.dowamly bolsun,yone men savyrsyzlyk bilen garasyan19 Sentýabr, 2020

Sag bol hoş sözleriňe

Yhlas: dogry aydyanyz. Kop adam ic gysgync diyip gosgy okamayarlar. Sebabi gosga dusinmek has kynmyka diyan. Emma kabir gosgular bolya, ony sahyram, alymam, dayhanam, copanam garaz hemme halap okaya. Muna Kerim Gurbannepesin gosgylaryny mysal getirmek bolar. Yone dunyade halkyn yuregine girmekde turkmenin Magtymgulysyndan one gecjek sahyr yokmyka diyan. Siz menin Kerim aga hakdaky pikirlerime nahili garayanyz. Onyn doredijiligi size tanysmy.11 Sentýabr, 2020

Hawa, Kerim aga şahyr. Muňa hiç kimem ýok diýmese gerek. Aýdýanlaryň bilen razylaşýan.

Yhlas: agam men gosgy hakynda Ylyas aga bilen hokman maslahatlasaryn. Dogrysy gecen beyik sahyrlaryn gosgylaryny okap gorenson gosgy yazaymak ansadam dal. Agam siz haysy sahyrlaryn gosgularyny okamagy halayanyz, oziniz name uci n kop lenc gosgy yazmayanyz. 10 Sentýabr, 2020

Goşgy ýazmak zergärlik ýaly bir zat, meň düşünşimçe. Onuň inceliğinden, näzikliginden goşgy ýazmakdan çekindim. Prozada hamala, edeniňi edip ýörmeli ýaly. Garaz, meýdan giň. Ýörite goşguly kitaby elime seýrek alýan. Soňky döwür goşgy skamok diýen ýaly, şol öňki okanlarymy ýatlap, setirlerinden ýadyma düşýänjelerini gaýtalap ýörün. Goşgyny okamagyň kynlygam ýazança bolmasa-da bäri ýany bardyr. Indi olam eýgertmeýär.

Yhlas: agam bu setirleri ozim duzipdim. Bu gosgy dine Gurbannazar sahyr hakda dalde guyz hakynda/da. Onun guzi has gowy gorendigini aydyalar. Gurbannazar hakdaky pikirlirinize menem gosulyan. Yone gosgynyn duzilisi hakda pikir bildirseniz hasda hosal bolardym. Dogrusy gaty az yazyandygym ucin hemde cekinjenligim sebapli ozal bu gosgyny ozimin doredendigimi yazmandym. 09 Sentýabr, 2020

Yhlas inim iki setirden goşgy hakda bir zat aýtmak kyn. Aslynda men kän bir goşgam ýazamok. Ylýasdan sorasaň, ol goşgudan menden gowy baş çykarýar. Özem goşgy ýazýar.

Dünýä: "Kim aýdypdyr pany diýip barlyga, Ýaşanyňa juda degýär, bu dünýe". (Bakylyk) Her eseriňiziň özi bir dünýä, okanyňa juda degýä.07 Sentýabr, 2020

Sag bol.

Yhlas: geldi soyyan pasly gurbannazaryn, hemde ony baka akiden pasly. Guyz diyilse gurbannazar yatlanyar, yaz gelende dogla n bolsada asly. hydyr aga su gosgynyn duzil si hakda pikirinizi aydaysanyyz. Kyn ggormeseniz hem duzilisi, h em manysy barada dolyrak pikir bild irseniz. Bu gosgy kimin duzis usulyna menzeyandigini aydaysanyz hosal bolardym.06 Sentýabr, 2020

Dogrymy aýdaýyn, men şü ýazyň şahyry, güýzüň şahyry diýen ýaly at bermelere düşünemok. Gurbannazar diňe güýz ýa-da ýada ýaşap, tomusdan närazy bolup ýörmeýärdi. Ýa-da tomusy halsmok diýmeýärdi. Bilmedim düşünemok. Hoşal edip bilmänime gynanýan.

Yhlas: salawmaaleykum hydyr aga kop wagtdan bari saytynyza girip bolmady. Men kitaphna.net, dostluk.ru, kitapcy.com yaly saytlara giryan. Eger bilyan gyzykly turkmen saytlarynyz bar bolsa yazayyn. Yene bir soragym bardy men radio/telewidniyede sizin cykysynyza dus gelemok ya cykys edenizokmy? Yone ka wagt radioda sizin hem ylyas aganyn eserlerini dinleya.n06 Sentýabr, 2020

Waleýkimsalam, Yhlas! Aý, men kän bir saýtlara yzygiderli giribem bilemok. Aralarda Galamdaş diýip birine girýärdim, oňa-da girip bilemok. Bu saýt meselesi bizde ýaňy döräp başlana meňzeýär. Inşalla, geljekde has gyzykly saýtlaram açylar. Dogrusy, şu wagtam bardyr, ýöne men kän habarly däl.

msbrtk: Seyle seretsen govy yaly. Name jogap berjegimem bilemok03 Sentýabr, 2020

Gowydyr, şükür. Alla ahyretimizi haýyrly etsin.

msbrtk: Essalowmaleykum Hydyr aga 02 Sentýabr, 2020

Waleýkimsalam! Taplar ýagşymydyr?

Myhman: Özüñe ynam bilen men-menligi nähili tapawutlandyrmaly?25 Awgust, 2020

}zxne ynanýan adam öwünmeýär. Men-men adam öwünjeň bolýarmyka diýýän.

Myhman: Türkleriñ "Diriliş Ertuģrul" serialyny gördüñizmi? 21 Awgust, 2020

Başdaky 25-30 seriýasyny gördüm. Soň serialar gaýtalanyp başlady. Ösüş ýok ýaly göründi.Şeýdibem dowamyny görmedim. Görmezçe däl ýöne.

Dünýä: Salam. Mende eserler bölümi açylanok, nämedenkä?20 Awgust, 2020

Şol bizde-de açylanok. Serederis diýdi oglalar

Dünýä: Agza bolmagyň usulynam öwretseňiz hoşal bolardym19 Awgust, 2020

Agza bolupsyňyz öýdýän. Üýtgeşik kynçylygy bolmaly däl. Dogrusy, meňem kän bir başym çykanok.

Dünýä: Salam Hydyr aga, gowmy ýagdaýlaryňyz. Bu gün 68 ýaş doglan günüňiz ekeni. Size ýene-de şonça ýaş, berk jan saglyk, durmuşda diňe gowluk we biz okyjylara hemişe gowy eserleriňizi ýetirip durmagyňyzy arzuw edýän!19 Awgust, 2020

Sag boluň! Size-de Alla has haýyrly, uzak ömür bersin.

Yhlas: kinoda gyzykly sungat. Siz nahili kinolary, haysy yurdyn kinolaryny gormegi halayanyz? Oziniz we ininiz Ylyas aga haysy kinolaryn sinariyasyny yazdynyz?03 Fewral, 2020

Gowy görýän kinolarymy sanasam gaty kän. Halamaýanym hindi kinolary. Tarkowskiň, Felliniň (käbirine düşünmesemem), Bregmanyň, Tarantinoň, Skorsezäň, Jarmuşyň, Farhadynyň, Kaplanyň... kinolaryny gowy görýän. Ylýas bilen ýazan ssenarilerimizden dört sany uly bir gysga metr kinolar aldylar. Olardan ikisini görüp bilersiňiz. "Hesereli" Saşa Jallyýew režissýory, "Gül açan miras" Wepa Işangulyýew režissýory. Olaň ikisiniňem ssenarisi ekizler2 saýtyň kitaplar bölüminde bardyr. Okap bilersiňiz. O diýen däl welin, garaz onda-da.

msbrtk: "Men soyermen gownum ucin" atly esere garayshynyz03 Fewral, 2020

Okamadym

Yhlas: sowet idiyalogiyasy sebapli yalnyslyklar bolsada Beki Seytakowyn eserleri okanyna degyar. Juneyit han hakda bilyan zatlarym kop bolsada Sammy kel, Gocmammet han barada bilyan zadym juda az. Hydyr aga siz name ucin sahslar hakdaky eserleri okamagy halamayanyz. Hazirki turkmen yazyjylarynyn haysynyn eserlerini okadynyz we kimin doredijiligi bilen gyzyklanyanyz.03 Fewral, 2020

Aslynda, bir zada akylym ýetdi. Men ilki ýazyp başlan döwürlerim häzirki zaman türkmen ýazyjylarynyň köpüsine göwnüm ýetmeýärdi. Soň ilki Ahmet Gurbannepesiň Ynam diýip powestini gowy gördüm. Soň Ahmet aga bilen kän görüşdim. Köp ýazyjylar bilen meni tanyşdyrdy. Dogrymy aýtsam olaryň köpüsine, barsyna diýesemem bolar, hormatym bar. Bolmanda zaähmetleri, gözleriniň köküni gyryp ýazanlary üçin hormatym bar. Häzirkilerden Atajan Taganyň, Hudaýberdi Diwangulyň, Ahmet Halmyradyň, Kömek Kulyň... (ýene sanasam kän) eserlerini halaýan. Ýöne meň bir keselim bar. Dünýä edebiýatyny gaty gowy görýän. Olary gaýta-gaýta okaýan. Olaryň ýazyşam tapawutly, manylaram, temalaram güýçli. Netijede, türkmen ýazyjalarynyň eserlerini (şol sanda Beki agaň Doganlarnynam, Osman Ödäň Altynjan hatyn diýen ýaly ady bar, taryhy romanynam) okamaga wagt tapamok. Üstesine kino bilenem gyzykýan. Kino görmegem wagtymy alýar. Men bu halyma, iki daşyň arasynda galanyma gynanýan, ýöne edip bilýän zadym ýok. Indi ýakynda Atajan agaň "Gowşut hanyny" okadym. Göwnümiň isleýänini tapmadym. Ata Gowşudyň 'Permanyny" zordan ýarsyna golaýladyp taşladym. Garaz gepi uzaltmaýyn. Maňa dogry düşünmezlikleri mümkin. Ýöne näçe kem-käsli bolsa-da biziň ýazýanlarymyz, meňem ýazýanlarym ilki bilen şol gowşagrak görýän ýazyjylarymyň üstünde durýar.

Gerçeknazar Amannazarow : Hydyr aga salam .Geçen gezek ýazan soragyma jogap ýazanyňyza minnetdar .Niýetiňize düşünmedim diýipsiňiz.Niýetim adamlaryň gyzyklandyrjak temalardan gyzykly eserleri döretmek .Döredijilik bilen gyzyklanýan döredijilige düşünýän adamlar bilen oturup söhbetdeş bolmagy çynym bilen isleýän.Enşalla siz bilen hem söhbetdeş bolmak miýesser eder .Gizlin bolmasa ýaşaýan ýeriňiz barada maglumat beräýseňiz .02 Fewral, 2020

Ýalkymda. Aşgabatda 10 km töweregi daşlykda. Meniň düşünmedik zadym "gyzykly" "gyzyklandyrmak" diýýäniň. Ogryly-jümrüli eserler birine gyzykly beýlekisi halanok. Ýa-da atly, seýisli eser birine gyzykly beýlekisine gyzyksyz. Gyzykly eser diýýäniň näme?

msbrtk: Gurbannazar Orazgulyyewinki. Kitaphanalarda bardyr,bilemak. Sammy kelin yeke ozunin bir topar yagyny yenendigi esidensiniz?31 Ýanwar, 2020

Ýok, gynansamam, hiç zat bilemok. Ullakan okan zadymam ýok. Orazgulyň kitabynam okamadym. Hiç öňümdenem çykmady. Gowy kitap diýip gürrüňinem eşitmedim. Garrasaň öýdenem çykylanok. Öňki sowet ideologiýasynyň tesirlerem bolmagy mümkin. Beki Seýtegiň "Doganlarynam" okan adam däl men. Şahsyýetler hakynda ýazylanlara şübhe bilen seretmek endigimden saplanyp bilemok.

Yhlas: aslym sol yerden. Atam/enemdagy 60 yyl ozal gocip gaydypdyrlar. Yone hazirem ol yerdaki garyndaslar bilen gatnasyk bar. Bizinkiler Juneyit hanyn obasyndan dal.30 Ýanwar, 2020

Hmm. Tanyşanymyza şat.

Gerceknazar Amannazarow : Hydyr aga salawmalikim .Tüweleme ajaýyp eserleri döredýäňiz .Işiňizde durmuşyňyzda döredijiligizde üslünlik arzuw edýän .Meniň özümem döredijilik bilen gyzyklanýan hemme gowy ýazan goşgylarymy eserler.weebly.com saýtyndan okap bilersiňiz.Ýöne saýt entek google çykanok saýta Chrome programmasyndan girip bilersiniz .Şeýlede plaý marketde goşgyly programmam bar .Hydyr aga esasy gyzyklanýan zadym döredijilikde iň zerur zat näme ,adamlary nädip gyzyklandyryp bolar? 29 Ýanwar, 2020

Bilmedim, kyn sowal. Näme etjek adamlary gyzyklandyryp? Men seň niýetiňe düşünmedim.

msbrtk: Yhlas Gorogludanmy?29 Ýanwar, 2020

Yhlas sen Goroglydanmy?

Yhlas: Sammy kel, Juneyit han, yaly adamlar, olaryn nesilleri barada hakykaty gorkezyan uly eserler doredilse gowy bolardy. Msbrtka yazan jogabyna minnetdar. Hupbulwatan atly eseri esitmandim. Ol eseri nireden tapyp bolarka.29 Ýanwar, 2020

Bilmedim. Men eşitdim. Ýöne özümem okap görmedim. Nirden tapyp boljagynam bilemok. Elbetde, ägirt adamlaryň ady hiç ýitmeýär. Olar hakda hakyky eserlerem dörär. Ýöne biraz wagt gerek bolaýmasa.

Yhlas: Men Juneyt hanyn jaylanan yeri anyk dal diyip esitdim. Ya Owganda ya Yzmyksir owliyasinde diyanlerem bar. Enem pahyr ony gije Ysmamyt ata getirip jaylapdyrlar, ozi meni Ysmamyt atada jaylan eger bolmasa Amyderyadan akdyryp goyberin suw meni yurduma elter diyip wesyet edipdirmisin diyip gurrun beripdi.29 Ýanwar, 2020

Hawa, şeýle gürrüňi menem eşitdim. Ägirt adamlar.

msbrtk: Sammy kelem yatdan cykaryp bolmaz28 Ýanwar, 2020

Dogry

msbrtk: Yhlas menem so pikirde. Hupbulwatan atly eser bar.nesilleri owganda. Germaniyadaky yomut firmasynyn sahamcasynyn baslygy.ozi Ysmamyt atada jaylananmys yorite28 Ýanwar, 2020

msbrtk, näme soň jaň etmediň? Men-ä saňa garaşyp oturandyryn. Yhlas! jogaby msbrtk saňa ýazypdyr.

Yhlas: Men Dasoguzdan, student dal. Soraglara beryan jogaplarynyz ucin minnetdar28 Ýanwar, 2020

Sag bol, hoş sözüňe. Menem okaýanyň üçin minnettar.

Yhlas: Agam hazirki wagtda name bilen meshurlanyanyz, taze eser yazyanyzmy, nahili kitap okayanyz?28 Ýanwar, 2020

Aý, kino ssenariý ýazan bolýas Ylýas bilen. Balzagyň Utraçennyýe illyuzii diýip bir romany bar şony okajak bolýan. Kinirak düşýär. Sen Aşgabatdan ýazýaňmy? Studentmiň?

Yhlas: Siz yazyjy Samyrat Taganyn Juneyit han powestini okadynyzmy? Men sol eser Juneyit han hakdaky dogry yazylan kitap hasap edyan.27 Ýanwar, 2020

Ýok, gynansamam okamadym. Bilmedim. Okamamsoň pylan zat diýip biljek däl.

Yhlas: Salawmaleykum agam kyn gormeseniz Juneyit han barada bilyan zatlarynyzy yazayyn. Men ol hakda kop zatlary okadym we esitdim. Kop adam Juneyit han gaty erbet bolupdyr diyip pikir edya. Yone men ona garsy. Men ony edermen, adam hasaplayaryn. Siz nahili pikirde?26 Ýanwar, 2020

Menem seniň bilen pikirdeş. Eziz hanyňam kinoda görkezilişi ýaly däldigini aýdýalar.

Mmmmm: Salam Hydyr aga meniň bir düśinip bilmedik zadym bar müňkin bolsa aýdaýsaňyz.Il ičinde ,boruň atasy ölmändir'diýilýâ ýagny munuň manysy námeka22 Ýanwar, 2020

Hawa, "Hoşuň atasy ölmändirem" diýýäler. Manysy, meň düşünşimçe "Bor diýäý, her üýren güjüge daş atsaň, barjak ýeriňe barmarsyň". "Boş jedelleşip ýörme, bolýa diý, göwnüňe laýygyny et".

msbrtk: yagsyny gormegem jennetdir. Yalkyma baraymalymy sizi gormek ucin22 Ýanwar, 2020

Hawa. Arkaýyn geliber.IMO ulanýaňmy? Men el telefonyny göteremok. Öý telefonum 327518. Habarlaşda geliber.

Perhat Sabirovv: Bu gün garyp bolsoñ, Ertir baý bolup bilersiñ Bü gün namyssyz bolup, Ertir namysly bolup bilmersiñ Şu hakda pikiriñizi ýazaýsañyz21 Ýanwar, 2020

Gaty dogry aýdylan söz. Käbir zatlary yzyna gaýtaryp almak kyn, kä-te mümkinem däl.

Perhat Sabirovv: Ejelerimize we kakalarymyza doglan gunleri nahili sowgat bersek gownunden turup bileris.21 Ýanwar, 2020

Bilmedim. Ýagdaýyňa, jübüňe bagly bolaýmasa. Ýöne olara iň gowy sowgat seniň ýamanlygyňy görmeseler. Sen ýalňyşmasaň, sen biabraý bolmasaň, sen awunmasaň... olara şundan gowy sowgat ýokdur, megerem.

Perhat Sabirovv: Arzuw etmek bilen adamyñ duýgulary birzatmy?21 Ýanwar, 2020

Gowy düşünmedim. Megerem, bir zat däl bolaýmasa. Ýöne arzuw duýgulardan döreýän bolup biler. Köplenç arzuwçyl adamlar duýguçylam bolýar. Duýgular gödekleşdigiçe, gatadygyça arzuwlaram kütelýärmikä diýýän. Mysal üçin, ölüm jezasyna höküm edilenleriň duýgulary ýitelýär, güýçlenýär. Şonuň ýaly, arzuwlaram ulalýar, çuňlaşýar, giňeýär. Arzuwyň intellekt bilenem baglanşygy barmyka diýýän. Belki, arzuwa ýaşam täsir edýändir. Adam garradygyça arzuwlaram azalýan bolaýmasa. Ýaşkaň arzuwçyl bolýaň. Özümde şeýle bolansoň, köp kişide-de şeýledir diýip ýazaýýan, ýalňyşýan bolmagymam mümkin.

Perhat Sabirovv: Iñ ýakyn ynsanyñ göwnüne degseñ soñ ondan nàdip bagyşlama sorap bolar20 Ýanwar, 2020

Adamyň göwnüni ýykmak Käbäni ýykan ýalydyr diýilýär. Şu sözden çen tutsaň, göwnüne degen adamyňa bagyşla diýeniň bilen aňsat öňki-öňkülik bolmaýar. Ýöne şonda-da munuň ugrunda gezmeli, bagyşlamagyny gazanjak bolmalymyka diýýän. Eger seň göwnüňe degseler Pygamberimiz musulmana üç günden artyk öýke-kine etmäge rugsat bermändir. "Adamçylykdyr bolýandyr" diýip, göwnüňe degeni bagyşlamaly.

Perhat Sabirovv: Bir adamyñ başarýan zadyny, beýleki adamam edip bilermi. Ýada hudaý tarapyndan berilmese peýdasy ýokmy20 Ýanwar, 2020

Adam edenini adam eder diýilýär. Hakykatdanam şeýle. Ýöne näçe dutar çalmany başarýan bar Mylly aga, Pürli aga bular juda az. Diýmek, başarmasyna başarýar welin, has kämilligi Alla tarapyn berilýän bolaýmasa.

Perhat Sabirovv: Durmuşymyzdaky iñ wajyp gün 20 Ýanwar, 2020

Iň soňky demimde läilähäillallah diýip bilsem şondan wajyp zady göremok.

Perhat Sabirovv: 14 ýaşymdakam garnymy doýurmak üçin bir bölek çörek ogurladym, munuñ üçin bolsa meni zyndana atdylar, ýöne 6aýlap mugt çörek berdiler. Durmuşyñ adalaty şoldur Indi Hydyr aga näme many berýärkä. Hiç hili düşünmedim şuña.20 Ýanwar, 2020

Adalat bardyr. Bu-gün bolmasa ertir. Onda bolmasa kyýamat güni her kim edenini çeker, çekýändirem. Ýekeje mysal, 30-njy ýyllarda adam atanlaryň yzy tozap gitdi. Garaw bardyr ýersiz urlan taýakda.

msbrtk: Ayratyn bellapsiniz gozsuz batyrlygy?19 Ýanwar, 2020

Gözsüz batyrlyk gaty aýlganç zat. Käbir wagtlarda gözsüz batyrlyk taryhda uly öwrülşiklikleriň döremegine-de sebäp bolupdyr. Bu aýylganç. Hasam uly meselelerde, uly adamlaryň arasynda. Gözümi ýumup beton diwary süseýin birden açylar diýen ýaly. Beýle hereket bilen beýlekilere beýtmegiň akylsyzlykdygyny görkezäýmeseň. Näme üçindir göz öňüme 30-njy ýyllarda molla bolanlary üçin mollalary atan adamlar göz öňüme gelýär. Hakykatdanam gözsüz batyrlardan Alla gorasyn. Göwnüme bolmasa, Alla adama akyly gözsüzlik etmesin diýip beren ýaly. Ýalňyşýan bolsam Alla geçirsin.

Perhat Sabirovv: Dünýädäki iñ bagtly we iñ betbagt adam kim?18 Ýanwar, 2020

Özüniň bagtlydygyny bilmeýän adam, meger, iň betbagt adamdyr. Bagtly adamam edil şoň ýaly, özüniň bagtlydygyny bilip, şoňa şükür etmegi başarýan adamdyr. Şükür etmegem aňsat iş däl eken. Dünýäde iň kyn işler sabyr bilen şükür bolaýmasa.

Perhat Sabirovv: Öl agaçdan hasyl öner, Gury agaçlar ýanar-söner! Däli döwran kime döner! Geçdim ýana-ýana, begler! Manysyny bilseñiz düşündiräýiñ??18 Ýanwar, 2020

Munyň manysyny men diýen ýazyjylar tom-tom kitap ýazybam gutaryp bilenoklar. Niçigem bolsa öl agaç boljak bol. Azajygam bolsa, eden haýyrly işiň galsyn. Däli döwran diýýäniňem kime dönesi gelse, şoňa dönsün, özi bir däli boljak bolsa. Dönmedi diýibem gynanma, döndi diýibem begenme.

Perhat Sabirovv: Batyr bolmak ucin name etmeli? birini urmalymy, gorkuzmalymy. ya akylly bolmalymy? ugurtapyjy bolmalymy? ozuni nahili alyp barmaly batyr bolmak ucin?18 Ýanwar, 2020

Gorkak, züwwetdin, namart... bolmaly dälmikä diýýän. Ýene biri galdy - gözssüz batyr bolmaly däl.

Perhat Sabirovv: Bagtsyzlyklara we Şowsyzlyklara näme sebäp bolup biler?17 Ýanwar, 2020

Garamaňlaý sebäp bolýan bolaýmasa. Ýazgyt. Seň familiýaň Sabirow - megerem bize düşen paý sabyrlylykdyr. Sabyr et, dost. Allaň her edeni haýyrdyr.

Perhat Sabirovv: Käbir hekaýadyr powestlerde duş gelýärin "ALBASSY" diýen söze. Indi munuñ näme manysy barka17 Ýanwar, 2020

Internetden gözledäýsene.

Perhat Sabirovv: Salam. Gowmysyñyz Internetdäki söýgä ynansa bolarmy. Gyzyñ çyndan söýýänligini nädip bilse bolar. 17 Ýanwar, 2020

Adamyň içini bilmek kyn-da. Haýwan alasy daşynda, adam alasy içinde diýilýär-ä. Ýöne sen howlukma, wagt hemme syrlary açýandyr.

Perhat Sabirovv: Duşmanlaryñdan we göripleriñden nädip goransa bolar?08 Ýanwar, 2020

Päkligiň, arassalygyňam özboluşly ýaragy, goranşy bardyr. Sen päkligiňde, arassa ýaşaber. Olar seni gorar goramalysyndan.

Perhat Sabirovv: Salam Agam. Gowmysyñyz. Sizden bir maslahat soramakçy. Nädip doslaryñ çynmy ya yalandygyny bilmeli. 08 Ýanwar, 2020

Geziber, bildirer. Ýol uzaldygyça, ýol kynlaşdygyça hersi özüni tanadar. Senem özüňi olara tanadarsyň.

Perhat Sabirovv: Salam agam. Gowmysyñyz. Ilki bilen taze ýylyñyz gutly bolsun. Agam söýen gyzyñ üçin janyñdan geçip bolarmy03 Ýanwar, 2020

Walevkimsalam. Sag bol, seniňem täze ýylyň gutly bolsun. Bu mesele çylşyrymly dost. Köp zada bagly. Söýeniň çynmy ýalanmy, janyň degýämi degenokmy, gyz janyňa degýämi degenokmy? Bulaň hemmesini anyklasaň, jogabyny taparsyň. Ýogsa, degýändir diýsem, o gyzam seň şirin janyňa degmeýän bolsa...

Perhat Sabirovv: Salam agam. Gowmy Yagdaylarynyź. Ilki bilen taze yylynyz gutly bolsun. Agam Söýen gyzyñ üçin janyñdan geçip bolarmy. 03 Ýanwar, 2020

Waleýkimsalam. Allaha şükür, bir tap bar. Seniňem täze ýylyň mübärek bolsun. Düşümli ýyl bolsun hemmämize. Janyňdan geçmek hakda öňem bir sorapdyň öýdýän. Bu mesele kyn, köp zada bagly. Ilki bilen gyz janyňa degýämi degenokmy ony bilmeli, soň seň janyň o gyza degýämi degenokmy o-da bir mesele. Janyňy köçeden tapan bolsaň, belki, hiç zada-da degýän däldir. Gezibersene, dost, janyňy orta goýup ýörmesenaý.

ÝEKEJE : salam Hydyr aga täze ýylyňyz bilen düśimli ýyl bolsun28 Dekabr, 2019

Waleýkimsalam, sag bol. Aýdanyň gelsin. Siziňkem gutly bolsun, düşümli ýyl bolsun!

msbrtk: Üç ýüz altmyş gaýyp ötgen- Pyragy?30 Noýabr, 2019

Keramatly ynsanlar.

msbrtk: Emir Antar kimka? 26 Noýabr, 2019

Bilemok.Kimkä? Internetde ýokmy?

Perhat Sabirovv: Hydyr aga iliñ içinde abraýly hormatly bolmak ucin nahili hereket etmeli25 Noýabr, 2019

Abraýyň il içinde däl, Allaň öňünde bolmagy zerur. Şonda il içinde-de biabraý bolmarsyň. Magtymguly "Eýäm söýse bir ýigidi, Göze nur, başa täç görner" diýýär.

Perhat Sabirovv: Salam Hydyr aga ozune gunde taze dost tapynmak ucin name etmeli. 25 Noýabr, 2019

Waleýkimessalam! Dost diýilýän kömelek däl, ony tapyp bolmaýar. Ýitireňsoňam ýerini başga biri doldurup bilmeýär. Seň diýýäniň tanyş bolaýmasyn? Günde bir däl, on adam bilenem tanyşyp bolar. Ýöne olaň haýsy dostuň, haýsy duşmanyň muny ýola çykmasaň, iş salyşmasaň tanamak kyn. Ýalňyşmasam Omar Haýýamyň bir sözem bar. Oňa: "Allahym, meni dostlarymdan gora, duşmanlarymdan özüm goranaryn!" diýdirýäler. Bilmedim. Maňa dostlarymdan zyýan gelendir öýdemok. Ýöne ýitirenlerimiň içinde ene-atamdan soň iň gynanýanym dostlarym. Ýyl geçdigiçe olar azalyp barýar. Ölýänleri az ýaly, ýüzüni öwürýänlerem bar. Dünýe-dä, ynsan hemmesini görmelidir-dä. Alla gowsuny, haýyrlysyny edýändir.

Arslan : B.Kerbabayew "Aygytly Adim" romanynda Mawy Kim?21 Noýabr, 2019

Artygyň dosty. Eliň degse, romany okap göräý, eger okamadyk bolsaň. Zyýana galmarsyň. Günde iki sahypajykdan okasaňam nädip okap gutaranyňy bilmersiň. Gaty gowy, akgynly dilde ýazylan, gyzykly. Eger Mawy bolup geçen şahsyýetmi? Prototipi barmy dip soraýan bolsaň, ony bilmedim. Filologlardan soraýmasaň.

msbrtk: Gorogly ilinde Yzmykshir,Ysmamyt ata, Ore ishan baba diyen yerler bar. Bilyansinizem? 21 Noýabr, 2019

Hawa, zyýarat etmek nesip etdi.

msbrtk: Ybadat edyan jayy? Belki yashan jayydyr20 Noýabr, 2019

Mümkin. Ýaşaýan jaýy diýip bir jaý görmedim. Özi daşarda telärjik edilip ýagyş-gar üstüne ýagmaz ýaly edilen ýerde ýatyr. Gapdalynda mesjit birem gümmez bar. Gümmezi şägirtleri saldyrypdyrlar guburynyň üstünde. Emma ol şägirtleriniň biriniň düýşüne girip "Üstümi ýapmaň" diýipdir. Şeýdibem daşarda galypdyr. Üstünde gümmez ýok. Türkmenler kän zyýarata barýan ekenler.

msbrtk: Umumy adamzady goz onunde tutyan bolaymasa.bize bu dunya barlyk, Magtymguly yaly shahsyyetlere yokluk diyipdi biri. olar ozlerini shygyra goshardan juda dashda bolaymasa20 Noýabr, 2019

Hawa. Olaryň ölçegleri başga. Ol goşgy ýazsa-da, goşgudanam daşdaky adam bolsa gerek. Goşgam bir zergärligem bir ýaly. Häzirkiler ýaly şygyr bilen ýatyp turandyr öýdemok. Bestamyň ybadat edýän jaýyna girip görmek nesip etdi. Iki adama ýanaşyp, dik durup namaz okara ýer bar, penjiresinden zordan kelläň sygjak. Şemiň tüssesine diwary garalypdyr.

msbrtk: Yuzden asha yashyn bar?20 Noýabr, 2019

Hawa, Magtymguly şeý diýýä, ýöne men-ä bu ýerde ol özüniň ýaşynyň ýüzden geçendigini aýtmak isländir öýdemok. Meniň düşünşimçe, megerem, ynsanyň ýaşynyňam, juda gysga däldigini nygtajak bolýan bolaýmasa. Mümkin, ýalňyşýandyryn. Özüň bu setir hakynda nähili pikirde?

msbrtk: Magtymguly,kop sowdaly bashyn bar Omrun uzak,yuzden asha yashyn bar... Name diyjek bolduka ya boldularka?19 Noýabr, 2019

Başyň mydama synag-da, sende-de hyýal köp. Ýaşaýan ýyllaryňam az görünse-de, az däl. Ýa-da ömrüň dowam edýär. Gabyrda, kyýamat gününde, syratda, dowzah bilen jennet arasynda, soň jennetde, Allaň dergähinde - ýaşaljak, başdan geçiriljek pursatlar kän, diňe şu dünýe bilen tamamlanmaýar diýen bolmagam ahmal. Ýöne esasy mesele setiriň birinji böleginde, aýdyljak bolunýan manam şonda bolaýmasa. "Köp söwdaly başyň bar" - söwda, arzuw, hyýal, höwes... Adam näçe dünýä höweslerini, nebsiniň isleglerini terk etdigiçe şonça terki terke ýakynlaşýar. Nebsini doly ýeňýär. Welileriň hataryna goşulýar. Magtymgulyň goşgularynda terki terk köp duş gelýär. Gurbannazarda-da şeýle hal özi bilse bilmese käte görünýärdi. Gurbannazar asla pul götermez eken, aýalyna-da pul bermeýän eken. Işe gidende ejesinden bir manat alyp gidýän eken. Eşiklerini ejesi alyp berýän eken. Ömrüniň soňuna çenli şeýle ýaşapdyr. Bu dindarlykdan däl, ol muňa ähmiýet bermändir. Bu terkidünýäligem däl, bu terkidünýäligem terk etmek. Has ýokary düşünjelerde, ruhy dünýäde ýaşamak. Muňa tarykatda terki terk diýýäler. Sopularyň basgançaklaryndan biri.

msbrtk: Kim Halylulla dek yskynda oda atsalar Ya tutup Jirjis kimin yuz para-para etseler Saglygynyzy dileyan, basardygynyzdan dushundirseniz18 Noýabr, 2019

Jirjis hakda bilýän zadym ýok, eşdenem bolsam ýadymdan çykypdyr. Ybraýym Halylullanyň oda atylyşy hakynda maglumat internetde-de kändir. Özüňem bilýänsiň köpüsini. Onuň Jebraýyl perişdä berýän jogaby gaty täsin. "Maňa Alla ýeterlik" diýýär. Umuman, gaty täsirli waka, çuň manyly, jedelli. Jebraýyly Alla ibermedik bolsa, kömege gelip bilmezdi. Şonda-da Ybraýym "Seň kömegiň gerek däl, Alla maňa ýeterlik" diýen manyda jogap berýär. Şo ýeri biraz böwrüňi diňledýär. Jirjis baba diýip eşdilýär, ýöne gynansamam bilemok. Belki, hakyky ady kitaplarda başgarakdyr. Kän ýyl mundan öň pygamberler, weliler hakda bir galyň kitaby ürç edip okapdym. Belki, şonda bardyr. Häzir o kitabyň niredediginem anyk bilemok. Bular ýaly zatlary, dini meseleleri mesjitlerde wagyz edýän wagyzçylardan, ymamlardan sorasaň, has giňişleýin, çeşmesinem aýdyp düşündirerler. Meň bilýänlerim gaty ýüzleý hem juda az.

Yhlas: agam ininiz Ylyas aganyn sahypasyna nadip girmeli? Bu sayta yakynda girip baslanym ucin gowy dusinemok. Saytynyza agza bolup girenin bilen yone girenin name tapawudy bar? Eger kyn gormeseniz dusindirayin.15 Noýabr, 2019

Sahypa agza bolmak koment. ýazjak bolsaň gerekdir. ekizler2.com gireniňden soň ikimiziňem adymyz çykýar şonda Ylýasyň adyny saýlasaň şoňa-da girersiň.

maysa: Salam hydyr aga menem sizden bor zat sorajakdym men adamymy gaty gabanyan ynanasym gelya yone basharamok gabanjanlygy nadip ayyrmalyka bu gabanjaklyk kesele owrilip barya durmushym yykylyp bar 14 Noýabr, 2019

Waleýkimsalam. Bu meselede menem seň ýüz gezek eşden zadyňy gaýtalaýmasam. Gabanjaňlygyň aňyrsynda ynamsyzlyk ýa-da ynamyň gowşaklygy durýar. Ýöne biraz erkek kişini gabanmagam dogrumyka diýýän. Her zadyň çeni bar-da. Öýüm ýykylyp barýa diýeniňi halamadym. Öýi ýykýanam, saklaýanam, özüň bilýäň, aýal. Gaýrat et. Çagalaryň gaty horlanar. Biabraýçylygam üstüne. "Erkek eşekdir aýlanar, aýlanar ýene dolanar öz gazygyna gelerem" diýilýär. Şu gürrüňem akyl gürrüň. Özüne ynamy bolan aýalyň aýdaýjak akyly. Sabyr et, paýhaslylyk et. Adamyňa-da Alla giňlik bersin, akyl-paýhasyny artdyrsyn. Eger azaşýan bolsa, dogry ýola salsyn.

Yhlas: agam men turkmen edebiyatynyn eserlerinin kopisini okadym. Kitap okamagy halayan. Eger kyn gormeseniz haysy eserleri okandygynyzy we haysy eseri halayandygynyzy aydaysanyz.03 Noýabr, 2019

Menem edil seň ýaly, kitap okamagy çagalykdan gowy görýän. Oglankam Çary Aşyr, Ata Gowşut, Nurmyrat Saryhan ýaly türkmen ýazyjylarymyzyň kitaplaryny okadym. 8-nji klasda elime Hydyr Derýaň "Ykbal" romanynyň iki tomlugy düşdi. Galyň kitap. Okap azaldyp barýarkam doganym Baýramguly "Muňa wagtyňy gidireniňden şuny oka" diýip ýukajyk kitap berdi. Dostoýewskiniň "Unižennyýe i oskorblýennyýe" diýen eseri. Kitap ors dilindedi. Şondan soň men türkmen edebiýatyny okamadym diýen ýaly. Ýöne soň hekaýa zat ýazyp başlamsoň, dilimi gowlamak üçin Berdi Kerbabaň "Aýgytly ädimini", Sapargeldi Annasähediň "Şirejesini" kitaphana gatnap okadym. Bir zada gynanýan şol ýaşlarymda Magtymgulyň goşgularyny ýat tutup başladym. Niýetim barsyny ýat tutmakdy. Doganlaryma ýat tutanlarymdan okap berdim. "Kelläňe agram salarsyň" diýdiler. Şeýdip şol niýetime ýetip bilmedim. Iň gowy görýän kitabym Dostoýewskiň "Bratýa Karamazowy". Tolstoýyň "Woýna i miri". Bu kitaplary üç gezek gaýtalap okadym. Häzirem ýene okasym gelýär. Bulgakowyň "Master i Margaritasynam" gowy görýän. Ekzýuperi, Akutagawa, Hemingueý, Oskar Uaýld, Jelaletdin Rumy... garaz, sanasam ep-eslije bar. Ýöne gowy eserleri bir gezek okumak edil okamadyga ýakyn bolýan eken. Iki gezek okasaň arasyna ýyl salyp has gowy bolýar. Magtymgulynyň ýat tutup giden setirlerinem käte eşdeniňde haýran galyp oturýaň. Onuň çuňlugyna ýetme ýok. "Mukym işini tutan myhmana nazar eýle." Diňe şu ýekeje setiri aýtmak üçin belki tom-tom roman ýazmak gerek bolar. Soňky döwür Kur'an bilen hadyslary haýran galyp okadym. Hakykatdanam Kur'anyň derejesinde kitap ýokdur. Ýöne onyň düşündirişlerini tapyp okamaly. Ynsanyň aklynyň çäginden aňyrdaky kitap.

Yhlas: Salawmaleykum agam! Menin saytynyza birinji gezek girisim. Soraglara beryan jogaplarynyz yarady. Doredijiliginizde ustinlikleri arzuw edyan.01 Noýabr, 2019

Sag bol. Senem Alla Öz penasynda saklasyn!

şemsiýe şarifjanowa: çyndan ynanyan adamyň ynamdan gaçsa 31 Oktýabr, 2019

Ýaşaýyş dowam edýär.

Perhat Sabirovv: Keýpsizligi nàdip ýeñip bolar30 Oktýabr, 2019

Sabyr edip köp zady ýeňip bolýar.

msbrtk: Mana sizi beryan jogaplarynyz dal, eserleriniz bireyyam tanatdy28 Oktýabr, 2019

Hmm. "Maňa-da tanatsana" diýesim geldi-de, gorkýan. Gurbannazar bir gezek "Käbir adamlary ýakydan däl-de, daşrakdan tananyňdan gowsy ýokdur" diýen manyda aýdypdy. Şo wagt gürrüňiň kim hakda bolanynam, sebäbinem ýadymdan çykarypdyryn. "Özüni bilen weli" diýen sözem bar. Bir zatlar aýtjak bolup iliň öňüne çykmagyň özem eýýäm özüňi tanamazlygy aňladýan bolsa gerek. Niçigem bolsa, başardygymdan köpüň biri boljak bolýan. Ynsan-da, şonda-da käte özüňe göwnüň ýetýär. Şondan soň köp wagtlap utanyp gezýän. Hiç kime sebäbinem aýdyp bilemok. Allaň öňünde ýüzigara bolmakdan gaty gorkýan. Şonuň üçin çekinjeň, diýäýmeli zady diýip bilmeýän, käte daşyndan gorkak (hakykatdanam gorkak bolmagymam mümkin) görünýän. Şu häsiýetime käte gaty gaharym gelýär. Gep çekmejeklerimden gep çeken ýerimem boldy. Garaz, Alla ýalkanlarynyň arasyna goşsun-da.

msbrtk: Ynan, yone bilini berk gusa diyen aytga nahili garayarsynyz?28 Oktýabr, 2019

Şunuň ýaly aýata men duş gelmedim. Ýöne köp mysal getirýäler. Köre-kör, fanatik ynanmak dogry däl, düşünjek bol diýen many-da düşünýän özüm-ä. Yslamda kän köre-körlük ýok. Kur'ana düşündirişler kän. Hadyslaram alymlar işläpdirler. Mesjitlerde ymamlar söhbet edýär. Ýöne "monjuk" gözleseň, başga gep. Her adama akil berilipdir, senem akylyňa görä boluber. Kakam pahyryň bir aýdýan zady bardy, ol: "Öwüde günüň galmasyn" diýerdi. Özüňde bolmasa, öwüt bilen birki meseläni çözüp bolar, ýöne uzak gitmek kyn bolýar. Käbir adamy tanajak bolup, gepletjek bolup sorag berilýän ýagdaýam bolýar. Ýöne ikimiz köp sorag-jogap alyşdyk, meni tanarça bolansyň diýip pikir edýän. Beý diýsem maňa ýalňyş düşünme, näme sorasyň gelse, soraber, bilenjämi paýlaşaryn. Düşünşüme görä jogap bererin.

şemsiýe şarifjanowa: salam! name uçi adamlar biri birini aldayarlarka siz nahili dusunyaniz22 Oktýabr, 2019

Kämil däldigi üçin bolaýmasa. Ýalan bilen çyn ynsanyň kimdigini tanadýar. Dünýäň gurluşy, synag dünýäsi, şeýtanyň aly bularam ýalanyň bolmagyna zerurlyk döredýär. Ahyrete ynanjyň bolmasa dünýä düşünmek hasam kyn.

Perhat Sabirovv: Bagyślañ. Ýalñyś giden. Islendik adamy hünàr öwrenmekde halypa edip bolarmy?22 Oktýabr, 2019

Halypalyga ýetişen bolsa bolar. Ussa ökde bolsa, öz-özi halypa bolup gider. Elinden iş gelmeýändenem hiç kim hiç zat öwrenmez. Halypaň arassalygy, halallygy, dogruçyllygy, ahlak päkligi we şuňa meňzeş gowy taraplaram bolmaly. Çem geleni halypa tutunsaň, kim bilýär sen ondan dürslük öwrenermiň, terslik? Gawun gawundan reňk alar diýilýär-ä.

Perhat Sabirovv: Deś gelen adamy halypa edip bolarmy?21 Oktýabr, 2019

Düşünmedim. Deş näme?

Perhat Sabirovv: Gorkaklygy, Ruhupesligi nadip yeñip bolar20 Oktýabr, 2019

Ruhybelentlik, ruhypeslik diýýäler welin, men-ä şolara kän düşünemok. Gorky meselesinde-de iki gorky barmyka diýýän. Biri Alla gorkusy, beýlekem gorkaklyk. Alladan gorkan adam başga hiç zatdan gormaz diýipdir, Dörtçaryýarlardan biri. Olary nädip ýeňip bolýanynam bilemok. Belli bir dermany ýok bolaýmasa. Bu meseleler şahsy zatlar, her kimde birhili çözülýärmikä diýýän.

Perhat Sabirovv: Salamaleýkum agam! Utanjañlygy nàdip ýeñip bolar. Śol barad giñiśleýin maslahat bermegiñizi haýys edýàrin20 Oktýabr, 2019

Waleýkim es-salam! Adamyň häsiýetlerinden iň gowy görýänlerimiň biri utanç. Adamy haýwandan tapawutlandyrýanam şol häsiýet bolaýmasa. Bir işi etmäge utanýan bolsaň, aňyrsynda köplenç bir ters ýeri, halanmajak tarapy bardyr. Bir işi her näme bolsa-da hökman ederin diýip hötjetlik etmek käte ýalňyşdyrýar, "Etmesem gowy boljak eken" diýdirip ökündirýär. Durmuşyň öz akymy köplenç seni dogry ýolda alyp barýar. Käte biz durmuşy, durmuşyň manysyny bir zatda görýäs, köplenjem bir gyzda. Emma durmuş bir gyzda ýa-da gyzlarda jemlenerden has giň, has çuň. Şonuň üçin, çuňurak pikirlenmek, giňiräk oýlanmak has dogry. Ýöne daşyndan akyl satmak aňsat. Alla saňa dogry ýoly salgy bersin.

Perhat Sabirovv: Mysal ucin mana soygulim donuklik etdi. yada meni in yakyn dostum satdy. Indi śolary yadyma salsam dunyam daralya. indi nadip yatdan cykaryp bolar17 Oktýabr, 2019

Käbir wakalar ynsanyň ýadyndan çykmaýar. Olary unutmak haýwana mahsus bir häsiýetmikä diýýän. Wagt geçer gowy wakalaryňam daşlaşyp gidişi ýaly ýaramazlaram uzaklaşar. Ýüzi kesmeklär. Bu dünýe synag dünýesi. Her bir hadysa boş ýere bolup geçmeýär. Biz olardan sapak almaly, özümizi päklemeli, geljege, Allaň her edeniniň bize diňe haýyrdygyna ynanmaly. Şükür etmeli, ýagşy umytlarda ýaşamaly. Bu häsiýetler ynsany ynsan durkunda saklaýar.

Perhat Sabirovv: Iñ ýakyn adamyñdan aýrylansoñ. Indi śony nàdip ýadyñdan çykaryp bolar, 16 Oktýabr, 2019

Nämetjek iň ýakyn adamyňy ýadyňdan çykarjak bolup? Gaýrat et-de ýaşaber.

Perhat Sabirovv: Hydyr Aga Öñüm gelenden, Soñum gelsin diýýàrler. Su barada name aydyp bilersiñiz15 Oktýabr, 2019

Soňuň bolmasa, öňüň boş diýmekdir. Adam islendik biri işi başlasa, öňi, başlaýşy gowy bolsa-da soňy bolmasa, netijesi ters bolsa bary puç bolýar. Başda kyn, soň ugruna düşüp giden işiňem başdaky kynçylyklary ýadyňa düşenok. Adam Alla diýip ýaşap, iň soňky deminde-de şeýtana aldansa ýene tutuş ömri biderek bolýar. Garaz, näçe diýseň mysal getirip bilersiň. Agaç ekseň, ençeme ýyl garaşsaň, olam iň soňunda miwe bermese nähili bolar? Alla ahyretimizi haýyrly etsin, soňumyz gowy bolsun.

Perhat Sabirovv: Salam Hydyr aga. Söýgi nàme. Bir ýürege iki gyz girip bilermi??14 Oktýabr, 2019

Aý, bilmedim, oglum. Ýüregiň ulurak bolsa, gyzlaram kiçiräk bolsa, gysylyşsalar, sygsa-da sygar. Ýöne men-ä synanşyp, barlap görmedim. Söýgüň nämedigine-de düşünip baramok. Ýazyjy-şahyrlaram şony beýan etjek bolup tom-tom kitaplar ýazýalar. Ýöne iki agyzda anyk düşündirip bilýän ýok öýdýän.

şemsiýe şarifjanowa: salam dunyädeki in kyn ajy dert nämekä siz näme diýip jogap bererdiňiz05 Oktýabr, 2019

Özüňi, ýaradanyňy tanamazlyk bolaýmasa. Başga ajylar geçýär. Wagt geçip ýeňleýär. Aýralyk, ýekelik dertlerini ýeňip bolýar. Emma adam derdini bilmese, kimdigini bilmese, Allasyny tanamasa, boş gelip, boş gitse. Onam ölenden soň ýa-da öljek bolup ýatyrka bilip galsa. Agyr ýagdaýmyka diýýän. Alla gorasyn.

Bägül: Salam Hydyr aga size soragym bar kyn gormeseñiz jogap beräýiñ . Zehini nadip beýgeldip ýagny güslendirip bolar?02 Oktýabr, 2019

Bilişimçe zehin nesil yzarlaýar. Ýöne zähmet, yhlas köp zady ösdürýär. Ýörite maşkmy ýa-da ş.m. bir zatlar edilýän bolmagam mümkin, ýöne men bilemok. Kelle bilen iş salyşýan wraçlar biläýmese.

Saparjan: Salawmaleykim Hydyr aga siz barada mekdep okuwçy wagtlam partadaşym gürrüñ bererdi. Siz naçe yyldan bäri ýazyjylyk bilen meşgul bolýañyz ?29 Sentýabr, 2019

1975-nji ýylyň ahyrylarynda Edebiýat we sungat gazetinde hekaýam cykypdy. 23 ýaşymdadym. Ýöne şondan bari işim-pişäm ýazjak bolmak bolmady. Ýazmakdan okamagy gowy görýän. Çagalykdan kitaba höweslendiripdirler. Rus dilini orsça kitap okap öwrendim. Häzirem kitap okamadyk günüm bir zadym kem ýaly. Internet hezil berýä. Öň kitaphanada oturyp okaýan kitaplarymyzy indi arkaýyn öýde okabermeli. Indiki ýaşlara gözüm gidýär. Gadyry bilinmeli ullakan mümkinçilik, has dogrusy hezillik.

Bägül: Salam Hydyr aga meni bir gyzyklandyrýan sorag bar olam siziñ ýazýan hekaýalarñyz eserleriñiz bilen durmusuņyzyñ bagly ýerleri barmy ?25 Sentýabr, 2019

Aleýiksalam. Esasynda bar, ýöne toslama, owadanlama-da bar. Başyndan geçýänleri bolşy ýaly ýazsaň kän gyzykly bolmaýar. Käte gybata-da meňzäberýär. Onsoň aýtjak bolýan zadyňy çeperleşdirmeli, gyzykdyrmaly, toslamaly, üstüni doldurmaly, ösdürmeli bolýar. Fantastiki kitaplary ýazýanlaram bar. Şoňa ýakyn bolýan ýagdaýlaram bolýar. Çeper edebiýatyň çägi ýok. Gaty geň ýazylan eserler bar. Nädip kellesine geldikä diýdirýär. Juda ýönekeý, ýöne şonça-da çuň eserlerem bar.

Gulowser: programmany oran gowy gordum 24 Sentýabr, 2019

sag bol

Gulowser: slm men bir zada dusunemok Email adres nahili duzulyakan acar soz diyya hic birine dusunemokkk bilyaniniz bar bolsa owredayyn hayyst24 Sentýabr, 2019

Öwredere ýagdaýym ýok, gynansamam

Gulowser: dunyade in ansat zat name24 Sentýabr, 2019

Bilmedim. Bilsemem ony etmezdim. Aňsat zadyň netijesem az bolýa. Aňsat zadyň azaşdyraýmasam bar. Başarsaň aňsady gözlemejek bolmalymyka diýýän. Jennete barýan ýol demirtikenlerden, kynçylyklardan doludyr, dowzaha barýan ýola gül düşelendir, özüne çekijidir diýen manyda aýdylan sözem bar.

msbrtk: Gozler mydam gormedignin zarydyr. Sizin zarynyz name?20 Sentýabr, 2019

Meňem atamy göresim gelýä. Biz bir ýaşymyzdakak dünýeden ötüpdir. Ondan aňryk gitsem Pygamberimiz, soňäm ahli musulmanyň görsem diýýäni, Allanyň Jemaly.

msbrtk: Hasapsyz zat yok diydiler.a siz?durmushda hasaplasyp bilmedik zatlarynyz barmy? 19 Sentýabr, 2019

Bilmedim. Durmuşdan hasap sorara ýagdaýym ýok. Öz bermeli hasabymdan habar ber. Alla hasabymyzy ýeňil etsin, hasap soramasyn.

Dursun: Salam Hydyr aga gowymy ýagdaýlaññyz. Hydyr aga size bir soragym bar eger müñkin bolsa aýdaýyñ nädip semiremeli?10 Sentýabr, 2019

Bilmedim.

Baýramberdi Geldimyradow: Salam, Hydyr aga, gowumy ýagdaýlaryñyz? Sizden bir zat sorajakdym, eger mümkin bolsa jogap beräýin. Häzirki çagtda tehnelogiýanyñ ösmegi bilen köp ýazyjylar kompýuteriñ kömegi bilen eser döredýärler, eýsem, kompýuterde hat ýazmak, eser döretmek asanmy, kompyuteriñ basynda kagyz-galam bilen ýazanyñ-a garañda pikirler bölünmeýärmi(men-ä telefonyñ ýa-da kompyuterin basyna geçip bir zat çyrsasam pikirlerim bölek-büçek bolýar), onsañam, kompyuteriñ basynda uçursyz köp otursañ gözüñem zaýalaýandyr. Umuman, kagyz bilen galamyñ ornuny tutup bilýàrmi kompyuter? Sular barada aýdaýsañyz.08 Sentýabr, 2019

Waleýkim salam, Baýramgeldi. Hawa, kompýuterde işlemek birbada kyn. Ünsüň bölünýär, harplary gözleýäň. Ýöne soňa-baka ökdeleýäň. Biz kompyuterde işleýäs, Ylýasam, menem. Ruçka kagyz bilen ýazmak indi bize kyn, gaýta. Kompýuterde düzedişler edeňde bulam-bujar bolmaýar, daşyň kagyzlardan dolmaýar, kopýalap orginaly saklap bolýar. Garaz, kompýuterde işlemek kän ýeňil düşýär. Muňa wagt gerek. On barmakda ýazmagy öwrenmeli.

Sabyr: Hydyr aga agşamyňyz haýyrly bolsun!Bimaza edenim üçin bagyşlaň!Men 9-njy synpda okaýaryn.Özümem edebiýaty gowy görýärin.Emma maňa saňa entek edebiýaty okamaga ir.Haçanda okuwy gutarandan soň okasaň has amatly bolar diýýärler.Eger kyn görmeseňiz maslahat beräýiň siz näme pikir edýärsiňiz(Emma meniň ugrum biologiýa dersi,edebiýaty gyzyklanma üçin okaýan06 Sentýabr, 2019

Edebiýat okamaga ir diýilen pikiri birinji gezek eşidýän. Elin degdiginden okaber. Wagtyňy boş geçirme, kompýuterde we ş.m.-de oýun oýnama. Rusça, iňlisçe öwren. Çala bilýänem bolsaň orginal dilde oka. Men rusçany diňe rus edebiýatyny okap öwrenipdim. Seň ýaşlaryňdadym şol wagt. Näçe köp okasaňam azdyr. Aslynda çaga kiçijikkä oňa ertekileri okap berip, kitaba öwrenişdirmeli. Soň giç bolmaz ýaly. Ýöne kitaby saýlap okasaň gowy bolar. Öz ýaşyňa laýyk kitaplary okasaň gowy düşünersiň. Edebiýat mugallymyňa saýlap ber diý. Kitaphanadan, internetden alyp oka. Hökman, daşary ýurt dillerini öwren. Çynyň bilen öwren, bolmasa dil kurslaryna gatna. Alla zehiniňi açsyn.

Sabyr: Salam Hydyr aga.Soraglaryma gymmatly wagtyňyzy sarp edip jogap bereniňiz üçin minnetdar! Size ýene bir soragym bardy:"Ykbal"romanynyň 3-nji tomyny nireden tapyp bilerkäm. Jogabyňyza sabyrsyzlyk b/n garaşýan 06 Sentýabr, 2019

Kitaphanalarda bardyr. Köne kitaplary satýanlarda-da duş gelseň.

Sabyr: Hydyr aga men bu saýta täze goşuldym. Onsoň sizi ýakyndan tanajak bolup,ähli beren gyzykly jogaplaryňyzy okadym.Bu saýtda soraglara manyly jogaplary alyp bolýan eken.Janyňyz sag bolsun(Ylýas aganyňda)05 Sentýabr, 2019

Hoş sözleriňe minnetdar. Senem sag bol, okanyň üçin.

Sabyr: Hydyr aga saýtyňyz maňa ýarady. Elbetde,siz ýaly adamlar köpeliberse ýurdumyzyň internet ulgamynyň ýokary derejelere ýetjekdigi belli zat.Işiňize rowaç!05 Sentýabr, 2019

Internet uly güýç. Ondan peýdalanmaýan ýa-da peýdalanyp bilmeýän adamlar köp zady ýitirýäler. Entegem türkmen elipbisini okap bilmeýän deň-duşlaryma gynanýan. Öwrenmeli, krilam, latynam. Bizde başga alaç ýok. Bilmedigimizçe, öwrenmedigimizçe nadanlaşýas. Nadanlyk ýaly betbagtlyk ýok bolsa gerek. Nadanlyk gaty eýmenç kesel.

Sabyr: Bu saytda pdf formatdaky kitaplary yuklap bolmazmyka05 Sentýabr, 2019

Meň kän bir başym çykanok. Programist oglanlar taýýarlap berdi. Men diňe knopkalary basýan.Onam doly oňaryp baramok

Perhat Sabirovv: Hudaý berse guluna getirip berer ýoluna, diýśi dogrumy31 Awgust, 2019

"...getirip goýar ýoluna" diýilýär bärlerdä

Muhammet: Salam Sizde kuran kerim turkmence kitaby yokmy31 Awgust, 2019

Ýok-da.

mahrijemal : soygi bu name 31 Awgust, 2019

Bilmedim, gyzym. Ýeke agyzda jogap bermek kyn. Ýazyjylar bu barada romanlar ýazypdyrlar. Magtymguly söýgüden, yşk dagyndan "guşlar eňrär, gurt aglar" diýýär. Ýöne bu megerem, biziň düşünýän söýgümizden başgarak bolaýmasa.

msbrtk: Saglygyngyzy dileyan! Sa Pelen diyip esidip gordunizmi? Belki rowayatam bardyr?26 Awgust, 2019

Sag bol, saňa-da saglyk. Ýok, eşitmedim. Eşdenem bolsam unudandyryn. Kän bir rowaýatçy däl-dä men. Ahmet Halmyrat bilse bilýändir.

msbrtk: Ýazgyt name diyip sorasalar, name jogap bererdiniz? 19 Awgust, 2019

Ýazgyt iň çylşyrymly mesele. Oňa düşünjek bolman, ynanmak dogry bolaýmasa. Boljak işe çäre ýokdugyny, ýazgytdan gutulma ýokdugyny, ynsanyň hasap edýänini, ýazgydyň muňa ýylgyrýanyny kän gördüm. Belki-de ýazgyt Allaň bardygynyň ygtybarly şaýatlarynyň biridir. Ýöne ýazgydyň gutulgysyzdygy ynsandan jogapkärçiligi aýyrmaýar. Sebäbi ynsana kiçijgem bolsa erk berilipdir. Aslynda ol erke kiçijik diýmegem islämok. Ýazgyt bilen deňeşdirip kiçi diýilýän bolaýmasa. Ol kiçijik erkiň gaty uly zatlara sebäpdigi äşgär.

msbrtk: Dilimizdaki jahyl sozi arap dilindaki jehil sozunden gozbashyny alyp, samsyk,ederini bilmeyan diymegi anladyan bolmaly, kellesi dumanly 20 yashlaryndaky oglanlara shonun ucin jahyl diyilyan bolmaly17 Awgust, 2019

Hawa şeýleräk bir söz bar. Esasan bisowat, nadan diýilen ýalyrak öýdýän, samsyk däl-de.

Wagt: Salam Hydyr aga Ebu Jehil kim?Ýaman gyzyklandym näme üçin ilki bilen ol aklyñyza geldi,näme sebäpden beý diýdiñiz.Eger müñkin bolsa aýdaýyñ haýyş etýän siziñ jogabyñyza sabyrsyzlyk bilen garašýan!16 Awgust, 2019

Ebu Jehil yslam dinini kabul etmedik, men barkam näme üçin Muhammet pygamber (s.a.w.) bolmaly diýip men-menligini ýeňip bilmedik, pygamberimiziň ýakyn garyndaşlarynyň biri. Mekgede onuň ýaşan öýi häzir hajathana. Has giňişleýin bilesiň gelse Pygamberimiziň ömrüne degişli kitaplary okap göräý.

msbrtk: Görogludan. 20 yashajak guyzde.Magtymguluda okayan(edil hukukda dal)fransuz dili we edebiyaty. Edebiyat gyzykly, gyzyklandyryar,gyzyklanyan.16 Awgust, 2019

Berekella. Türkmen ogullarynyň sowatly ýetişýänine begenýän. Alla penasynda saklasyn, gowy niýetleriňe ýetirsin.

msbrtk: Cagalarynyz yazyan zatlarynyzy doly okayarlarmy?15 Awgust, 2019

Doly okaýalarmyka? Bilmedim. Ýöne okaýalar. Sag bolam aýdan ýerleri boldy. Çagalarymam özüm ýalyrak. Men olar bilen dos ýaly gatnaşýan. Olaram meni doslary ýaly gowy görýäler, kaka derejesinde-de sylaýarlar. Kä halat düşünişmezligiň bolýan wagtam bolýar. Ýöne ýazýan zatlarymyň üstünde däl. Aslynda, men öňräkden bari ýazmagy ömrümiň maksady hasaplamok. Ynsanyň maksady Allany razy etmek diýip düşünýän. Begmyrat diýilýäniň dili bilen aýtsam "Alla ýelmeşip" gidesim gelýär. Oglum, sen maňa özüňi tanatsana. Soraglaryň boş däl, megerem özüňem boş dälsiň. Ýa men seni tanaýarmykam? Ogullarymyň birem meň bilen şeýleräk oýun edipdi bir wagt, ertir comçularyň sahypasyndady öýdýän. Niçigem bolsa, sen boş oglan-a däl. Alla päliňi, niýetiňi bozmasyn.

Wagt: Salam Hydyr aga gowymy ýagdaýlaññyz. Hydyr aga size bir soragym bar eger müñkin bolsa aýdaýyñ. Dünýäde iñ betwagt adam kim?15 Awgust, 2019

Waleýkimsalam. Allaha şükür, gowy. Iň betbagt adam kimkä diýemde ilki kelläme Ebu Jehil geldi. Bilmedim. Biläýjek adamlara duş gelsem soraýyn. Bilsem habar ederin. Eger sen öň bilseň habardar edersiň-dä.

msbrtk: Yadyngyza dushyan bolsa Begmyrat atly ildeshimiz(TTM-lary halanok, yalngyshmasam) ozuni Marlene, Resul takypcyny Abdy molla,sizi hem Sammada denapdir. Marlenam,Sammadam hakykatyn gozleginde, olaryn haysy biri ona golaylashypdyr? Hemem Sammadyn Size denelmegi totanlikmika, ya oz gahrymanynyzda ozunize yakynlyk duyyarsynyzmy?)) 15 Awgust, 2019

Iki sany Begmyrat bardy. Biri "Men o Begmyrat däl" diýip ýazypdy. Beýleki Begmyrat özüniň kimdigini ýaşyryp ýör. Men onuň kimdigini bilemok. Menem tanaýandyryn öýdýär. Umuman onuň "öýdýän" zady köp. Oň meni Şammada deňemegem geň galdyranok. Hawa, Şammady ýazamda özüm hakda köp pikirlendim. Özüm bolan bolsam näderdim diýen ýerim köp boldy. Öz başymdan geçiren wakalary ulanan ýerim boldy. Mysal üçin suwuň başynda oturan Şammat (onuň başga sebäbi bolupdy), ogluna sport formasyny alyp bermegi ahmal edenem men. Maňa şol edaraň işgäridir diýenler başga-da bar. Ahmet Halmyrat ony okap "Saňa şol edaraň işgäri diýerler" diýdi. Ony türk diline geçiren Hudaýi Janam bir interwýusynda muny kakdyryp sorady. Hudaýa şükür, men Şammat däl. Şeýle bir edarada-da işlemedim. Ýöne Şammat ynandyryjy bolupdyr, adamlar şeýle pikir edýän bolsa diýip begenýän. Resul takypçy kim? Onam tanamok. Ýöne her kimi gyzyklandyrýan zat men şol meşhur edaraň işgärimi dälmi diýen mesele. Ýene bir gezek aýdaýyn, ýok işlemedim. Işgärlerinden tanaýanlarym bar. Olaram biz ýaly adamlar. Öz etmeli işlerini edýäler.

msbrtk: 20 yashlaryndaky jahyla durmush barada berip biljek maslahatynyz?, koprak namelere uns bersin?13 Awgust, 2019

Oglum, näme maslahat bersin, meň ýaly çaşan garry? Durmuşyň özi iň gowy maslahatçy. Kitaplar, akylly adamlaryň ýazanlary gowy maslahatçy. Men-ä aljyran wagtym, Alla diýdim, Alla ýapyşdym. Alla-da elimden çekdi. Köp meseleleri pälimiň düzüwligi, arassalygy çözdümikä diýýän. Dürs adama Alla-da, bendesem kömek edýär. Özüňem dogrusyny saýlaýaň. Päliň niýetiň bozuk bolsa, ýoluňam, ýodaňam, durmuşyňam bozuk bolýar. Özüňi maňa has içgin tanatsaň belki, peýdam has gowy deger. h.amangeldi@gmail.com meň adresim. Has giňiräk hatlaram ýazyp bilersiň. Menem belki, giňiräk jogap bererin. Öýe gelseň, Aşgabadyň ýakynda Ýalkym diýen obada ýaşaýan. Oturarys, derdinşeris.

msbrtk: Adamyn durmusdan sowashmagyna name sebap bolyarka we olara maslahatynuz 13 Awgust, 2019

Durmuşdan sowaşmak gaty ýalňyş. Ugruňy-ýoluňy ýitirmek ýaly görýan, men-ä şeýle haly. Özüm üç gezek şeýle ýagdaýy ýaşadym. Birinjisinde 15 ýaşlarymdadym. Şammat ýaly pojarnikleň howuzynyň başynda gara suwa seredip köp oturdym. Alla sowdy. Ganatynyň aşagyna aldy perişdeler. Men mundan diňe Alla ýapyşyp, Alla diýip, Alla şükür edip halas boldum. Ömrümde agyr günler her kimde bolşy ýaly mende-de boldy. Ýöne gowy günlerimem kän boldy. Olaryň ýekejesi üçinem "Ýaşanyňa juda degýär bu dünýe". Alla goltugyndan götersin. 9 ýyl mundan öň rak keseline ýolugamda ölümiň bäri ýanyndan gaýtdym. Şonda ölsemem razy, ölmesemem düýdim. Ölsem atamyň, kakamyň, ejemiň, agamyň, Gurbannazaryň... beýleki dünýeden öten eziz adamlaryň ýanyna bararyn, olar bilen görüşerin diýdim. Ölmesem, agtyklarymy, çowluklarymy, olaryň toýlaryny, begençlerini görerin diýdim. Hakykatdanam maňa şeýledi. Garaz, meniň arkaýynlygyma haýran galanlaram boldy. Aslynda munda haýran galar ýaly hiç zat ýok. Alla berk ýapyşmaly. Mydama Onuň edýäniniň biziň haýrymyzadygyna ynanmaly. Biz haýrymyzy, zyýanymyzy bilmeris.

msbrtk: Durmushdaky "Albertlere" garaysh?ynyz nahili12 Awgust, 2019

Dogrusy, olar bolupdyr, bolaram. Ýöne biriniň meni görüplikdenmi, bahyllykdanmy başga birine, şol sanda hökümede-de satanından, bir Albertiň çyny bilen meni öwrenip, tanap habardar edenini gowy görýän. Ýöne häzir Albertler meselesi şeýle bir güýjäpdir, biz biri-birimize, öňden tirkeşip ýören dostlarymyza çenli, "Şulam Albert bolaýmasyn?" diýip gorkýas. Bu gaty erbet zat. Ynamsyzlyk, müňkürlik adamy içinden çüýredýär. Rumy diýýär-ä "Kim bolsaň gel" diýip. Belki, kösenseňem ýene-de "gel" diýmek dogrymyka diýýän.

msbrtk: Ynsana mahsus zat-hereketde bolmak,gazanmak,doretmek,gurmak(kanagatlulygy inkar etmezden) dalmika?! 11 Awgust, 2019

Hawa, halal bolsun, ýöne.

msbrtk: Kanagatlylygam gowy hasiyedir welin, yeke ozunde sport esigi bolmany ucin kemsinip, dädesinden(kakasyndan) narazy bolan caga nadip kanagatly bolmalydygyny nadip dushundirjek11 Awgust, 2019

Durmuş diýen bir gowy mugallym bar, diňläp, oýlanyp bilseň, gaty gowy düşündirýär. Hat-da kanagatlylygyň nähili gowy zatdygyna, kakasyndanam beter düşünýär. Muny gözüm bilen gördüm.

Muhammet: Salam Hydyr aga Gurban bayramynyz gutly bolsun. Sizde Gurhanyn elektron warianty barmy11 Awgust, 2019

Waleýkim salam. Yok, Gurhanyň el. warianty mende ýok.

msbrtk: Baýlyga kowalašmak, baýajak bolmak duýgusy size tanyšmy? Bašynyzdan gecirip gordunizmi?10 Awgust, 2019

Hawa, bir döwür boldy. Baýlyga kowalaşmak däl. Normalno ýaşajak boldum. Soň bahym muny başarmajagymy bildim. Barym bilen bazar etdim. Kanagatiň hakyky baýlykdygyna düşünip başladym. Ömürdä, ynsan her hili ýola düşýär. Alla seni şol ýollarda synap görýär.

Perhat Sabirovv: Esasy mesele özüň nahili ýaşaýaň? Onuñ ýaly baýam dàl. Guwanar ýaly zadymam ýok. Śonam adamlar görüp bilenok29 Iýul, 2019

Ýok, men baýlygy-garyplygy göz öňünde tutmandym. Özüň görip, bahyl, başgalaryň aýbyny gözläp ýörmän, öz kemçilikleriňi düzetjek bolmak diýen ýaly zatlara üns berip ýaşamak hakynda aýtjak boldum. Kä wagt başga birini garalasak, özümiz aklanýandyrys öýdýäs. Garaz, mesele baý-garyplykdan kynrak.

Wagt: Salam Hydyr aga gowymy ýagdaýlaññyz.Hydyr aga dûnýãde ýakynlaryñy ýitirmekden kyn zat barmyka?29 Iýul, 2019

Ýakynlaň göwnüňi ynjytsa. Dirikäler olary ýok ýaly görmek, belki, has agyrdyr.

Perhat Sabirovv: Hydyr aga Salam Nàme üçin adamlar görip we dönük bolýarlar hiç hili yamanlyk etmesenem23 Iýul, 2019

Dünýäň gurluşy şeýle. Şonuň içi bu dünýä synag dünýesi diýýän bolaýmasalar. Esasy mesele özüň nahili ýaşaýaň?

Perhat Sabirovv: Hydyr Aga ýamanlyga ýagśylyk bilen jogap berip bolarmy??? 19 Iýul, 2019

Özüňe bagly

Perhat Sabirovv: Hydyr aga nirede ýaśaýarka. Nàcenji yyl bolmagy mumkin17 Iýul, 2019

Anyk adresini bilemok. Birki ýyl boldy. Redaksiýalara jaň etseň aýdarlar. Çary Geldimyrat Dünýä edebiýaty žurnalynda işleýrdi öýdýän. Bagyşla, menem şähere çykamok, redaksiýalara barmanyma kän ýyl bolandyr. Ogulsenem gowy, göwni açyk adam. Erbedem ýazanok. Ýöne hiç powestini okap görmedim. Elime düşmedi.

Perhat Sabirovv: Salam Hydyr aga gowmy yagdaylarynyz. Hydyr Aga Ogulsenem Taññyýewa barada nàme bilýàn bolsañyz jogap bermegiñizi haýyśt edýàrin. Men śol ýazyjynyñ muśdagy. Powestlerini gije gundiz diyman okayan. Sol ýazyjy hazir barmy???17 Iýul, 2019

Ogulsenem Taňňyýewa ýaranok, ysmaz bolupdyr diýip eşitdim. Häzir ýagdaýyny bilemok. Ol Çary Geldimyradyň aýaly. Gazetde "Ýaş kommunistde" bile işläpdik.

Wagt: Salam Hydyr aga soragyñ jogabyny bildim sizede aýtmagy makul bildim jogap:at16 Iýul, 2019

Aý, sag bol. Genial zatlar sada, ýönekeý bolýar diýilýäni çyn-da.

Wagt: Salam Hydyr aga sorag janly we jansyz zatlara hem degişli meniñ pikirimçe baśgarak zat bolmaly bilseniz ýazaýyñda Hydyr aga haýyš ýaman bu sorag maña gerek 15 Iýul, 2019

belki, howadyr.

Gűlşat02: Salam Hydyr aga acar sozi namai? Sayta girjek bolanda soralya velin bilyan bolsanyz aydayynda?12 Iýul, 2019

bilemok

Wagt: Salam Hydyr aga gowymy ýagdaýlaññyz Garrgala ýolagçy ekeniñiz sag-aman gidip geliñ .Hydyr aga men õzim hakda aýtsam Mary welaýatymyzyñ Murgap etrabyndan ýašym 21 uly okuwa nesibãm ýok eken ýõne welaýatda ýerlešýän Mary Nebitgaz orta hûnãr okuw mekdebinde okadym inem iş gõzleýän,ýazyp pozmama ýok ýõne boş wagtlam gyzykly soraglar bilen meşgul bolýan siziñ eserkerinizi hem okap çykdym gowy eken eliñize saglyk yagny şeýleräk ýene gyzyklandyrýan soraglarñyz bar bolsa sorap bilersiñiz.Hydyr aga size meniñ ýene bir soragym bar eger jogabyny bilseñiz ýazaýyñda .Sorag hemme zada gerek zat?07 Iýul, 2019

Waleýkimsalam. Garrygaladan öten agşam geldik. Parhaý diýip bir gowy suwly ýeri bar. Şonda bolduk Ylýas bilen. Bogun agyrylarara, böwrege zada gowy peýda edýär. Mary gapdalyndanam gelýänler bar eken. Soragyňy öň eşitmändim. Anyk jogabynam bilemok. Ýöne aklyma saglyk gelýär. Her bir zada saglyk gerek. Belki-de imandyr. Bilseň habar et. Gowy käriň bar eken, iş taparsyň inşalla.

Wagt: Salam Hydyr aga saýdyñyza girip bilemmok bu ýerde ýazyp bilýän näme soragyñyz bolsa aýdyberiñ Hydyr aga06 Iýul, 2019

Nireden? Näme kär edýäň? Ya okaýaňmy? Özüň ýaz-poz edýäňmi? Şular ýaly tanyşlyk açjakdym. Men beren adresime girip bolanok, diňe hat ýazyp oklasaň gelýär. Suratam iberip bolýar. Eger IMO ulanýan bolsan telefon nomeriňi ýazyp iberseň oňa-da girip bilerin. Ýöne häzir Garrygala gidip barýan, nesip bolsa ertir irden ugrmakçy. Bir hepdeden gelerin, inşalla. Oňa çenli internetim bolmaz. Habarlaşyp duraly.

Perhat Sabirovv: Salam agam yene sizin komeginiz gerek aýdyśyñyz ýaly ozume web sayt açdym yene bir maslahat beriñ Men bir gyzy soyyan ol gyza nace gezek soygumi aytdym yone jogap berenok men sol gyz bolmasa oñup bilemok ol gyzyñ yzynxan 1.5 yyl bar ylgap yorun yone meni basgada bir gyz soyyar yone ol gyzy men soyemok indi name etsem bolar06 Iýul, 2019

Bilmmedim, oglum. Men indi goja kişi. Bu soraglaryňa ýaşyrak adamlar gowy jogap berer. Bizden indi ahyreti sora.

WhiteWolf: Bu nakyly siziñ eserlerleriñizi göz öñüne tutmadym. Ýöne bu nakyla dü$ünmämsoñ siz bilýärmikäñiz diýip soradym. Ýene-de bu nakylyñ birhili ýere ýokmyka diýýän eger bar bolsa dünýä belli ýazyjylar bu nakyly ulanmazdy. Ahmal siz öz ýazanlaryñyzy eser hasap etýän dälsiñiz ýöne menä siziñ ýazanlaryñyzy eser hasap edýän. Magtymguly Ezizow ýaly ägirtlerden indi jogap alyp bolmajagy belli zat. 04 Iýul, 2019

Hawa, ýasama ýazyba bolanok. Ýöne morta hakykaty aýdanyň bilenem edebiýat bolanok. Dili çeper adamlar gürrüň berýän zatlaryny çeperleşdirýäler. Kakam başyndan geçeni gürrüň berende senem ýanynda ýaly edip bilýärdi. Bu ýasamaga degişli bir zat. Ýöne "Synlap ýapraklaryň ýüzünde derin, onda seniň gözýaşyňy görerin" - bu Alla tarapyn berlen ylham bolaýmasa. Ýöne ylham her kime-de gelýärmikä diýýän. Megerem, mesele şol ylhamyň derejesinde bolaýmasa. Magtymgulyda "Gelen gider, giden gelmez" diýip setir bar. "G" harpynyň sazlaşygy. Men muny ýazmak üçin, şeýle laýyk harp sazlaşygyny emele getirmek üçin şahyr köp pikir edendirmikä diýýän. Söz baryny hatarlap, ahyry muny düzdimikä diýýän. Ýöne muňa ýasama diýip bolmaýar. Bu ussatlyk.

WhiteWolf: "eserler ýasalmaýar eserler dogulýarlar" diýen nakyla siziñ garaý$yñyz nähili?04 Iýul, 2019

"Dogulýar" "ene süýdi" diýen ýaly haýbatly sözleri kän halamok. "Meň eserim", "döredijiligim" diýen sözlere-de garaýşym şoň ýaly. Başardygymy ýazan bolýan. Olary eserem hasaplamok, döreýär ýa dogulýar diýmäge-de dilim baranok. Eser dogurýanlar ýa-da ony ýaşaýanlar jogap beräýmeseler, näme diýjegimi bilemok. Belki, Gurbannazar Eizden, Magtymgulydan, Tolstoýdan, Dostoýewskiden sorasaň anyk jogap bererdiler. Bagyşla.

Wagt: Salam agam jogap ùçin kõp-kõp sagboluñ ýaman gowy kõmegi degdi ýene bir gezek sagboluñ agam04 Iýul, 2019

Haýry degen bolsa bolýar. Soragyňy ýeser gördüm. Has içginräk tanyşyp bolmazmy seň bilen. h.amangeldi@gmail.com adresim.

Wagt: Salam agam kyn gõrmeseñiz meniñ soragymy jogaplap beräýiñdä.soragym:9-yñ 3-e ýetýämi bu ýerde nämäni gõzegine tutulyp diýilýär?kyn gõrmeseñiz aýdaýyñ agam.02 Iýul, 2019

Eşdipdim. Ýöne anyk bilemok. Bilseň maňa-da ýazsana. Menem biläýjek adama duşsam sorap görerin. Dostum, Ahmet Halmyratdan soradym. 9 aý ýygnanyň 3 aý gyşdan çykmaga ýetermi diýen manyny berýär diýdi. Men-ä jogaby makul gördüm.

Kerim: Salamwaleýkim Hydyr aga! Gowymy ýagdaýlaryñyz? Siziñ ýazan eserleriñizi haladym. Elleriñize saglyk dileýän. Hydyr aga men sizden maslahat sorap bilerinmi? Ýagny käbir adamlar bar olara ýüz berip dostlarça gürle$jek bolsaña ýüzün dü$üp seni äsgermän ýamanlyk edip ba$laýalar. Gaharlanyp ýüzüni alsañam ýaldakylap adam ýaly gürle$ip ba$laýarlar. $eýle adamlar bilen gaharly gürle$mek dogrymyka? 30 Iýun, 2019

Hökman gaharly gürleşmelimikä? Bir bolşuna boluberseň nädýärkä? Dostlarça gürleşjek geler ýa sen bararsyň doslarça gürleşersiň, islemeýän gürleşmez. Biri ýaranjaňdyr, ýene biri kemiňi ýüzüňe aýdar. Senem bir bolşuňa boluberseň, özüňi ondan oňa oklap ýörmeseň nähili bolarka? Müň dürli adam bar, öňi-soňy müň dürli öwsüp bolmaýar. Özbolşuňa bolubermek iň dogrusymyka diýýän. "Ne birne ýaranmak hyýaly bardy" "Ol diňe öz diýjek sözün diýýärdi" Gurbannazaryň şeýle bolasy gelipdir. Öwren, kämilleş, akyl-düşünjäňi artdyr şonda birine gaharlanjak, ýene biriniň ýüzüni aljak, ýene biri bilen dost boljak bolup ýörmeýäň. Rumy "Bolşuň ýaly görün ýa-da görnüşiň ýaly bol" diýýä.

Gűlşat02: Sizin maslahatynyza nace sagat bari garasyp otyryn men derdimi paylasara adamym yok arada yalnyslyk bilen sizin saydynyza girdim govy maslahatlar beripsiniz velim su gun yadyma dusup seylebir bir.begennim kynam bolsa agyram bolsa siz bilen derdimi paylasasym gelli bu meselede yakynlarymdan kakam bolanda maslahat soradym yone gynansakda yok so sebapden sizden maslahat sorayan oz dusunjanizi yazyp mana dogry yol gorkezayyin kynam bolsa hayyş men agyr yagdaya dusdim30 Iýun, 2019

Siziň ýagdaýyňyza gynanýan, ýöne näme maslahatberjegimi bilemok. Pikirimi öňki hatymda ýazdym.

Gűlşat02: Salam Hydyr aga men siz bilen derdimi paylasmak isleyan men bir oglan bilen gurlesyadim bir birimizi seylebir soyyadik yone mana yalan tohmet atdylar etmedik zadymyzy etdi diydiler namyssyz diydiler bizi sogusdirmek ucn mana yalan tohmet atdylar men her nace ozumi akladygymca ynamdan gacdym ol oglan hem yalan gurrune ynanyar men nace yalbaryp aglap so zatlaryn yalandygyny aytsamam mana ynanmady ? Men bar zady subut etmek ucn jan edyan onnada ynanok men sabyr edip hic zady subut etman garasyp gorsem bar zady boyun aldygym bolyamy? Mana sizin maslahatynyz gerek men hic hili derdimi paylasara dossum dognm joram hic kimim yok siz bilen paylasaymasam gayrat edin mana maslahatynyz gerek 30 Iýun, 2019

Bu meselede daşyndan bir zat aýtmak kyn, ýöne şu wagtdan töweregiň gepine gidip, saňa müňkürlik edýän oglan soň gabanyp, seni yzarlap, azar berse nädersiň? Bir-birege ynanmazçylyk dörese, söýgi diýilýän döwülýär, soňam aňsat seýiklenmeýär. Ýöne başda diýenim, bu meselede has ýakynlaryňdan maslahat sora. Men ne seni tanaýan ne seniň diýýän oglanyňy.

Perhat Sabirovv: Salam ekizler.com saytynyn admini men hem su sayda hekayadyr powest goyjak bolyan nadip goyup bilerin17 Iýun, 2019

Waleýkimsalam, Perhat. O diýýäniň kin bolar. Bu şahsy saýt. Sen Galamdaş diýen ýaly umumy saýtlara goşulyşyp bilersiň. Bu saýtda adminem ýok. Özümiz ýazanjalarymyzy goýýas. Soňam, komentler, söhbetdeşlik diýen ýaly ownuk zatlar goýýas. Bolmasa, özüňe şahsy saýt açdyr. Dizaýn beýleki ýasap berýän oglanlary tapsaň, oňaryp bererler.

Hydyr: Salamwaleýkim Hydyr aga ýagdaýlaryñyz gowymy? Hydyr aga atda$ diýip ýüzlenip meni gaty begindirdiñiz. Siz ýaly talantly edebiýatçy bilen atda$ bolmak meñ nesibämde bar eken. Özüm edebiýaty gowy görýän käýarym hekaýada çyr$an bolýan ýöne ol hekaýalar çapa hödürlär ýaly derejede gowy dälmikä diýýän. Biziñ obamyzda Hydyr aga atly 100 ýa$y arka atan sylagly ýa$uly bar. Ogullary agtyk çowluklaram gaty abyraýly ederini bilýän ilhalar adamlar. Özi sadyn adam tüweleme henizem mallara ot döküp ýör. Hydyr aga size obamyzyñ ýa$ulysy Hydyr aganyñ ýa$yny 100den geçisi ýaly siziñ ömrüñiziñ uzak bolmagyny dileýän galamyñyz ýiti bolsun bizem siziñ ýazan eserleriñizi okap Hydyr agamyzyñ bardygyna buýsanyp gezeli.16 Iýun, 2019

Sag bol, hoş sözleriňe. Alla hemmämize gowy günleri, imanly ömri nesip etdirsin. Uzagam, gysgasam şolmuka diýýän. Ahyrky barjak ýerimizde bizi gowy garşylasynlar. Ýüzigaralardan etmesinler. Ýazan, ýazýan zatlaryňy h.amangeldi@gmail.com adresime iber, okap göreýin. Höwes bilen okaýyn. Sylagyň üçin ýene bir gezek sag bol.

Hydyr: Salam Hydyr aga gowymy ýagdaýlaryñyz? Men siziñ we Ylýas agamyñ ýazan eserleriniñ köpüsini okadym. Öwgi sözleri diýip kabul etmäñ hakykatymy aýtýan siziñ eserleriñizi men hasam gowy gördüm. Ýöne Hydyr aga mende bir sorag ýüze çykdy göwnüme bolmasa siziñ pikir ur$yñyz Ylýas agamyñka düýbünden meñzemeýän ýaly siziñ eserleriñizde takyklyk anyklyk duýulýar Ylýas agamyñ eserlerinde bolsa ýum$aklyk duýulýar. Ekizlerde nädip beýle uly tapawut bolup bilýär? (soragym birhili bolan bolsa ötünç soraýan)15 Iýun, 2019

Waleýkimsalam, atdaş. Hawa, Alla adamyny ekiz etse-de, köp tarapdan meňzeş etse-de tapawutly ýerem goýýar eken. Ýazyşymyz şoň ýaly tapawutly. Ýöne bile ssenariý ýazýas. Kän problema çykanok. Aslynda edebiýatçy, şahyr bolmaga Ylýas oglanlykdan mekdep ýaşyndan höwes edýärdi. Goşgy ýazýardy. Men bu pişäni ugursyz-dereksiz wagt geçirmek hasaplaýardym. Ýogsa, Gurbannazaram, dünýä edebiýatynam aýratynam prozalary köp okýardym. Soň zootehnikligi gutaramsoň şol ugurdan işläbem başladym. Ylýas gazýet-žurnala girdi, agranom bolmady. Men Ylýasa bir iki hekaýa ýazar ýaly waka gürrüň berdim. Ylýasam birini ýazdy. Ýöne oň ýazyşy meni kanagatlandyrmady. Ylýasam özüň ýaz diýdi. Menem ýazdym. Ylýasam äkitdi Edebiýat we sungat gazetine. Şeýdip menem hekaýaçy boldum gidiberdim. Garaz, tapawut bardyr. Alla tarapyn ýagdaý.

: Nowça Alyyewa bn siz tanyşmy. Şonuň hekayalary hem meniň.pikirimçe gyzykly15 Iýun, 2019

Ýok, tanyş däl. Duşsam höwes bilen okaryn.

Gülnäz: Şayat bolmak aňsat iş däl hekasy kimiňkikä13 Iýun, 2019

Bilmedim. Mende beýle atly hekaýa ýokmuka diýýän.

jurkjurk: Hydyr aga salawmkm Begencgeldi Orazow diyp sagirdiniz bar eken son gosgylaryny nireden tapıp bileris . sahyr barada hem oz garaysynyz aydayynda kin gormeseniz 12 Iýun, 2019

Şägirt bolup, halypa bolup Begenje öwreden zadym ýok. Goşgulary mende ýok. Köpden bärem göremok. Bäş-üç sany goşgusyny diňledim. Gowja, özboluşly ýazýar. Oglanlygam hiç neneň däl. Has giňişleýin bilesiň gelse deň-duşlaryny tapıp soraşdyraýmasaň.

Muhammet: Hydyr aga salam, siz ozal ýaş wagtyňyz türmä düşüpdir diýip eşitdim, şu dogrymyka? Eger dogry bolsa sebäbi nämekä? Ýalan töhmediň pidasy bolduňyzmy? Kanunçylyk, kanuna boýun bolmak bilen araňyz nähili? 10 Iýun, 2019

Waleýkimessalam. Hawa, şeýle ýagdaý başymyzdan geçdi. O döwri dörjeläsim gelenok. Bagyşla. Ýöne onuň biziň üçin juda haýyrly bolanyny aýdaýyn. Ýazýan, ýazan zatlarymy arkaýyn ondan öňki we soňky diýip bölüp bolar. Eger şeýle gyzyklandyrýan bolsa, öýe gel, çaý başynda gürleşeli. Bir ýurduň ösmegi üçin berk kanun hökman gerek. Kanun ýurtda işlemese, adamlary, halky zaýalanýar. Kanuna mydama boýun, häzirem. Ýurdy ösüşden yza alyp galjak bolsaň, kanuny ysmaz etseň, aňryýany bilen ýeterlikmika diýýän. Kanun bilen ylym ýurduň sütünleri, diregleri bolsa gerek.

Kerim: Fantastiki eserlere nähili garaýañyz. Ýagny käbir adamlar fantastiki eserlere "bidereklik bolmajak zat" hökmünde garaýalar. Käbirleri bolsa "fantastikasyz ösü$ ýokdur. Adamzat ilki fantastikany göz öñüne getirýär. $eýle zatlar bolaýsa biziñ durmu$ymyz ýeñille$erdi diýýär. Soñ fantastikany hakykata öwürýärler diýýär ( häsirki döwürdäki tehnikalary orta asyrda bolmajak fantastika hökmünde garandyklaryny göz öñüne tutýarlar). Hydyr aga hakykatdanam fantastiki eserler adam üçin peýdalymyka?09 Iýun, 2019

Fantastiki eserleriň juda peýdalydygyna şübhäm ýok. Ýöne boýun alaýyn, öňler, entek bir zatlar ýazjak bolarynam öýtmeýärkäm, Dostoýewskini, Tolstoýy, Şukşini ürç edip okaýarkam, fantastiki eserleri okamaýardym. Dogrusy, olar maňa duşanokdam. Soň robotlar hakynda Karel Çapegiň bir eserini okadym, haýran galdym. Soň Strugaskiler, Lem, Tarkowskiň Stlakeri, Solýarisi fantistika garaýşymy düýpgöter üýtgetdi. Ýöne soňky döwür ýene fantastiki kitap elime düşenok. Esasy zat fantastikaň hatyrasyna fantastiki eser ýamak dogry dälmikä diýýän. Çuňluk, düýpli, köptaraply garaýyş bolmasa, fantastika-da, edil satira ýaly gowşak, ýuwan bolýar. Adamzadyň ösüşine-de täsiriniň uludygy görnüp duran zatmyka diýýän.

Aýçiçek : Salam.Meniñ bir soragym bar eger bilýän bilsañyz haýyş jogabyny aýdaýyñda.Sorag:30 sany ýumurtgany täk-täkden 1hepdäniñ ýagny 7 güniñ içinde iýmeli ýõne hõkman täk-täkden iýmeli06 Iýun, 2019

Salam. Bilmedim. Hasap diýilse duran ýerim. Bagyşla.

Ysmaýyl: Salam agam meniñ aýtjak bolýanym maña öýdäkileriñ näçe sõýsemmem alyp bermejek gyzlary hakda .men bir gyzy sõýdim ýõne öýdäkiler ony maña mynasyp gõrenoklar .Ol seniñ sõýmeli adamyñ däl diýýäler ýõne men ony unudyp bilemmok inni men näme etsemkam 04 Iýun, 2019

Waleýkim salam, inim. Şu söýgi diýlen çylşyrymly mesele-dä. Her kimiňem başynda bar. Niçigem bolsa, söýgi bolan ýerden synagam aýrylanok. Eneň, ataňa garşy gidip söýýäniňe öýlen diýesim gelenok. Sebäbi wagt geçer, söýen gyzyň kemçiliklerini görüp başlarsyň. Kemçiliksiz adam ýok, şonda enem-atamy diňlemedim diýip kösenersiň. Hany, biraz sabyr et. Allaň özi dogrusyny salgy berer. Özüňi diňle, eneň-ataňy diňle. Olaram boş ýere bir zat aýdýan dädirler. Alla müşgiliňi aňsat etsin.

Ysmaýyl: Salam Hydyr aga .Meniñ soragym sõýmeli däl adamyñy sõýseñ näme etmeli 01 Iýun, 2019

Söýmeli däl adamyň kimler? Nika düşmeýänlermi?Ejeň, aýal doganyň we ş.m. Eger şeýle bolsa, onda nika düşmeýäne kese göz bilen seretmegem juda aýypdyr. Muny özüňem bilýänsiň.

!: Agam salam! chaga terbiyesi hakda nameler aydyp bilersiniz10 Aprel, 2019

Uly mesele, tom-tom kitaplar bar bu hakda. Senem megerem, bu mesele b-n gyzyklanýan bolsaň olardan az-köp habaryň bardyr. Ýöne iki agyz aýtsam, çaga edep bermelidigini hiç unutma, bu işde ýaltalyk etme, "Aý, bor-laý" diýme. Çagaňy gowy gör, ýöne ony çagaň kan bilmese gowy. Her kimiň öz çagasy özüne üýtgeşik görünýär. Bu ýalňyş pikir. Şonuň üçin, senem öz çagaňy başga çagalardan üýtgeşikdir öýtme. Azapsyz zat bermejek bol. Çaga süýtden aýrylýar-a, edil şoň ýaly senem oň üçin hemme zady üpjin etjek bolma. Çaga näçe ir zahmete bişse şonça gowy. Lälik diňe çaga bolmaýar. Uly adamlaram lalik bolýar. Garaz, gürrüň köp.

!: Salam, Hydyr agam! Durmushda her hili yagdaylar bolyar we islesek islemesek gaharlanyas. Koplenjem ozumuze.. Baskalaryna gaharlanan yagdayymda edil ozuma gaharyny icine atyanlardan, bu belki yalnysh hem bolup biler. Sizden nadip gaharlanmaly dal diyip sorabam biljek dal. Yone so yagdayda nameler edip bolar, gahardan nadip saplanyp bolar. Ynsanyn ozune gahar etmesi hatta gowy zatdyram..al yone is baskalaryna gelende, gowy bolman biler. Minnetdar!11 Fewral, 2019

Başga, töweregiňdäki adamlara gaharlanmak esasan özüňe aşa ýokary baha bermegiňden döreýän bir zatmyka diýýän. "Özüm bolsam şeýtmezdim" diýip gaharlanýas. Ýöne özümizem hiç kimden üýtgeşik däl. Ýöne Alla adamlary dürli-dürli häsiýetler berip ýaradypdyr. Joşgunlyrak, hasam joşgunly görünjek bolýanlaram, gahary hakykatdanam şeýle güýçli gelmese-de, özlerini saklap bilmeýänlerden bolýarlar. Munda artistligem bar. Umuman, özüňem bilýänsiň Jelaletddin Rumyň ynsana ýörelge bolup biljek bir aýdan zady bar "Bolşuň ýaly görün ýa-da görünşiň ýaly bol" diýýär. Şuny başarmak kyn. Gaharlysyramak adama käte galkanam bolýar. Ýalňyşyny gahary bilen goraýar, gaharynyň üstüne atyp aklaýar. Akylly, paýhasly adamlar durnukly, sähel zada girrerlip, sähel zada ýyrşarlyp oturmaýar. Elbet, muny diýmek aňsat, etmek kyn. Onsoňam gahar şeýtanyň işi. Şeýtana özüni oýnatdyrýanlaram ýa ýaranjaň ýa gaharjaň ýa nebisjeň... bolýarlar. Alla hemmämizi şeýtana nöker bolmakdan gorasyn.

1: Salam Hydyr aga, gyza oz duygularyny bildirmek ucin name maslahat berip bilersiniz?28 Ýanwar, 2019

Deň-duşlaryňdan sorasaň dogry bolaýmasa

l: Salam, Hydyr aga! Yagdaylarynyz gowudyr diyip umyt edyan. Menin bilesim gelen zat bu yakyn gelejekde siz ekizlerden taze eser okap bilerismi? Saglyklarynyz!(Ylyas aganyn hem)14 Ýanwar, 2019

Waleýkimessalam. Inşalla. Boş ýatmajak bolýas. Ýöne ýazmakdan has bähbitli görünýän zatlar päsgel beräýýär. Mysal üçin, towşan saklamak, limon ýetişdirmek, bedene saklamak diýen ýaly. Dogrusy, ýaşyň köneldigiçe täze zatlaram azalýan ýaly. Hemme zat indi seň üçin köne görnüp barýar. Owalky joşduran käbir zatlara indi geň galýan. Megerem, meň üçin könelmejek zat kino meňzeýär. Täze zatlar kinoda köp. Bilmeýän zadyma "täze" diýäýýän. Ýogsa olaram täze däl. Kynçylyklary bahana edinesim gelenok. Tarkowskiý "Dünýe kämil bolmansoň sungat döreýär" diýýär. Hemme zat, adamlaram biri-birinden kämil bolsalar onda supgatam gerek bolmazdy. Bu gaty dogry pikir. Şonuň üçin, käbir nadanlyklara, ters zatlara dogry baha bermeli. Ýoly ýörän ýeňer. Gürrüň Tarkowskiden çykdy. Ol adam bütin ömrüne ýedi sany kino alypdyr. Diýmek, sanyň köp bolmagam hiç zady çözenok. Şonda-da az ýazýanyma utanýan, bolmanda utanmaga çalyşýan

Aýna: Gaharjañlyk bir keselmi04 Ýanwar, 2019

Yok, men-ä keseldir öýdemok. Käbir zatlara, esasanam özüme gaharymyň gelýändigine begenýän. O gahar meni taplaýar, düzedýär. Ýöne girrikligi, myrryhlygy halamok. Sähel zada gyzarlyşyp duranlar bilen asla bir ýerde oturybam bilemok. Olam häsiýet-dä. Etjek alajyň ýok. Her kimde bir häsiýet kemterräk bolýar, oňuşyklylyk gowy. Mysal üçin, ýaranjaňlygam kesel däl, häsiýet. Häsiýeti üýtgetmegem gaty kyn. Keseli bejerip bolýar. Ýeri geldi bir okan zadymy aýdyp bereýin. Ysa pygamber gaçyp barýarmyş. Birem öňünden çykyp saklajak bolýar. Ysa pygambere "Sen ölüni direldýäň, agsagy sagaldýaň. Şeýle keramatyň barka nämeden gaçýaň? Sen dälinem açýaň ahyryn" diýýär. Ysa pygamber "Däliligem, agsaklygam, ölmegem Allaň ýazgydy, ony dileg bilen üýtgedip bolýar. Men akmakdan gaçýan. Akmaklyk Allaň gargyşy, muny düzedip, bejerip bolmaýar" diýýär. Samsyklyk, akylsyzlyk, akmaklyk - bu Allaň gargyşy, ony düzedip bolmaýar. Magtymgulam "Akylsyza akyl bermek hebesdir" diýýär. Garaz, meň düşünşime görä şeýle. Ýalňyşýan bolsam aýplaşmaň.

yazkulyyewa leyli: Günüň dogşy barada nireden hekaýa yada tekst alyp bolýar.25 Dekabr, 2018

Leýli, gynansamam bilmedim. Bir wagt Heserliň ssenarisi üçin çagaň dünýä inmesini Günüň doguşy bilen baglanyşdyryp bir zatlar ýazypdym. Derdiňe ýarajagyny ýaramajagynam bilemok.

Арслан: Salam Ekiz agamlar. Size sorag bardy imo gelayin +99364503558 hic bolmanda biriniz gelayin. Onden sps24 Dekabr, 2018

Arslan, soragyňy şuňa ýazsaň bolanokmy?

:-): Hydyr aga, salam. Gowumy yagdaylarynyz? "Kalır dudaklarda şarkımız bizim" diyip kitap bardy wln shoň elektron gornushini nireden tapyp bolarka? Ylyas agankydy oydyan yalnyshmasam.20 Awgust, 2018

Bilmedim, Ylýasda-da ýok bolaýmasa. Sorap görerin. + habar bolsa ýazaryn.

Nesibe: Yone shu mesele de bar. Her dogry her yerde aydylmaz diyilyarda. Ona nahili garayanyz? #Minnetdar!04 Iýun, 2018

Dogryny aýtmagyňam ýoly, usuly bar. Dogrusyny aýdýan diýip birini köpçülikde biabraý etseň, gaş bejerjek bolup, göz çykardygyň bolýar. Megerem, bu işde paýhaslylyk gerek bolaýmasa.

Nesibe: Hydyr aga, Salam! Meniñ size durmuş bilen baglanyşykly soragym bardy. Ine bir publikan içinde otyrsynyz. We ýalñyş düşünjeli bir kişi başgalarynam ozi bilen alyp gidyar. Şonun diyyan zatlarynyn ya hereketlerinin yalnyşdygynam bilyan. Indi geleli soraga, şol ýerde dymmak yagşymy ya dogruny aytmak? Yone şu tarapy hem bar, sen naçe dogry aytsanam, olaryn seni dinlemezlik ahtimallygy hem bar. Eyyam olar ynanjagyna ynanypdyr. 04 Iýun, 2018

Şu mesele gaty çylşyrymly. Dymsaň, senem ýalňyş işi makulladygyň bolýar, aýdanyňam diňlenmejek bolsa, onda nätmeli? Men şu sowalyň jogabyny ömürboýy tapmadym.

nukdaynazar: Hydyr aga, Men boş wagtlarym iňlis dilinde gürrüňdeşlik gurnaklaryny geçirmegi halaýaryn. Iňlis soragy terjime edip ýakynlaryma-da sorap görýän. We her gezeginde-de garaşylmadyk, ýa-da "wow" diýdirýän jogaplara şaýat bolup çykýaryn. Sizdenem soramak pikiri kellämi erkine goýanok. Muny hakykatdanam şeýle hökmünde göz öňüne getirip jogap bermegiňiz möhümdir. Soragym : Eger-de siziň 24 sagatlyk ömrüňiz galan bolsady, ol güni nähili geçirerdiňiz?28 Maý, 2018

Megerem öňki bolşum ýaly. Ýöne atam pahyr ömrüniň soňky iki ýylyny namazlykdan turman geçiripdir. Indi iň dogrusy. Aslynda işlemek, çaga eklemek, töweregiňe peýdaly bolup ýaşamagam bir ybadata girýär. Şonuň üçi, öňküňdenem has peýdalyrak ýaşap, soňkuja 24 sagadam "bulaşdyrman" geçirip bolsa, abraýly ölüp bolsa megerem Allaň ýalkadygydyr. Alla uzak ömür bersin, amanadyny tabşyrmaga-da gaýrat, güýç-kuwwat.

nukdaynazar: Hydyr aga! Virginia Wolf- yň bellemegine görä " Otuz ýaşyňyzy doldurman, eserleriňiziň birinem çap etdirmäň. Eger çap etdirseňiz, erkiňizi ýitirersiňiz, töwerekdäkileriň aýdan zatlaryna gulak gabardyp başlarsyňyz". Bolýar, ýaşdyr, tejribesizdir, özi ýazyp özi okar goýar, soo 40 ýaşlarynda barsyny üýşürip çykardar diýseňizem ösüş bolarmydy? Beýle diýsegem, dünýä ýüzünde 20-ä ýetmeýän ýa çala agan ençeme ýaş roman,çeper eser, ylmy makala ýazyjylarymyz hem bar-a! Siziň nukdaýnazaryňyz muňa näme diýýär agam? 27 Maý, 2018

Fransuaza Sagan dip bir gyz, ýalňyşmasam, 18 ýaşynda bir roman ýazyp dünýä meşhur bolýar. Hakykatdanam, gaty gowy ýazýar. Bir zatlar ýazyp, onam 40 ýaşyňa ýetýänçäň hiç kime okatman saklap oturmak üçinem, uly güýç gerekmikä diýýän. Ýöne öz ýazan zadynyň hilini, ýazan adamyň özi gaty gowy bilýär. Megerem, somokritiçnost, özüňe talapkär bolmak esasy zat bolaýmasa. "Öwgülerden humar bolmak" bu gutulgysyz bir zat, ýöne onuň uzaga çekmegi - gaty erbet ýagdaý. "Sen özüňden näçe närazy bolsaň..." diýýär-ä Gurbannazar. Özüňden hakykatdanam närazy bolup bilseň aňsat-aňsat başga birine ýazan zadyňy ýazan badyňa okadasyň gelmeýär. Başga birine ýazanyňy okatmagyň ýa-da ony çap etdirjek bolup çapalanmagyň aňyrsynda (kimde azajyk, kimde aşa köp) şöhratparazlygam bar. Ýangibarow "Şöhratparazlyk meni gowy hereketlere, işlere itekleýän bolsa, onda onuň bolanynyň zyýany ýok" diýýär. Men-ä munuň bilen kän razylaşamok. Kafka ýazan zadyny neşirýata äkitmäge-de utanýan eken, onsoň dostlary, onuň özüne aýtman, ýazanlaryny çapa äkidýän ekenler diýibem aýdýarlar. Edil beýle dereje-de aňsat başartmaýar.

nukdaynazar: Salam Hydyr aga! "Çomuç"y okadym ýakynda welin, maňa "Gül açan miras"y ýatlatdy. Gahrymanlary, çölüstanlyk, Hatyja, atagurbanyň syrly goşgujygy... Emma öň aýdyşyňyz ýaly, köp ýerleri üýtgedilipdir. Size soragym bardy, Ärsary ilinde "çomuç" sözi "nahar susak" diýip bilinýär. Ýagny alýumin çemçedä. Ýöne siziň belleýşiňize görä bir ösümligiň görnüşi eken. Şol barada gysgaça aýdyp bilermisiňiz? Sag boluň! 26 Maý, 2018

Çomuç her ýyl ýaz, martyň aýaklarynda çykýar. Ol köp ýyllyk ösümlük. 7-8 ýyldan soň adamlaryň dermanlyk diýip iýýän baldagyny çykarýar. Eger oňa degmeseň 10-15 günden te;pek ýaly, sary güller bilen gülleýär. Iýilýän şol baldak çägäň aşagyndan 10-15 sm gazylyp alynýär. Köp kesellere derman hasaplanýar. Ýöne wraçlar tarapyndan doly öwrenilmedik ösümlik. Men aşgazanyma derman diýip her ýyl gidýän. Dogrusy 5 ýyl gitdim. Diňe şu ýyl gidip bilmedim. Aşgazana gaty gowy ýaraýar. Ýaşajyk wagty kän ýiti ysy bolmaýar. Biraz ulalansoň ysy hem ajysy artýar. Şonuň üçin ony wagtyny geçirmän iýmeli. Ulalyp ugransoň gumlular ondan mürepbe, toşap gaýnadýarlar. Onam bütin ýylyň dowamynda çaýyň ýanynda, ertirlik edineňde iýip bolýar. Gaty derman ösümlik.

Garadaşly: Salawmaleýkim Hydyr aga, ýagdaýlaryňyz gowymy? Söhbetdeşleriňizden biri meniň adresimi sorapdyr. atayev.perman00@gmail.com26 Maý, 2018

Hawa, özüni tanatman ýazypdyr. Gyzyklanyp durmadym. Ony sen gyzyklandyrýaň. Menem bialaç araçy bolmaly boldum. Inşalla, eýgilikdir. Menem şükür gowy.

:-): Garadaşly, salam! Eger sizi ýakyndan tanamak mümkin bolsa sizi tapar ýaly g-mail adresiňizi aýdaýyň şu ýerde? Meňem sizden sorajak käbir soraglarym bardy. Hydyr aga, sizede salam! Orazalaryňyz kabul bolsun! 24 Maý, 2018

Waleýkimessalam. Ämin, siziňkem kabul bolsun.

Garadaşly: Özümiň her-bir harp ýalňyşymy düýpli göýberilen ýalňyş hökmünde garaýaryn. Onda-da sözlemi düzýän esasy harplardan biri bolsa-ha, özümi bagyşlamak kyn meselä öwrülýär. Ýaňky hatymdaky ýalňyş üçin ötünç soraýaryn.14 Maý, 2018

Dil-edebiýaty gutarmamsoň, harp ýalňyş diýlen zat mende kän. Düşmek-düşmezlik kadasy diýen ýaly, otury öňündenmi, soňundan goýmaly diýen ýaly zatlara asla düşünemok. Onsoň redaktorlar düzedýär, okaýanlaram bagyşlasynda. Indiden soň türkmen diliniň gramatikasyny öwrenmegem kyn boljak. Senem arkaýyn ýazyber. Düşnükli bolsa bolýar.

Garadaşly: Salawmaleýkim, Hydyr aga. Ýagdaýlaryňyz nähili? Ýetip gelýän Oraza baýramlaryňyz bilen! Niýet edip agzyny bekleýän bütin musulman halkyna sabyr-takat bilen bir hatarda dilegleriniň Allahyň dergähinde kabul bolmagyny dileýärin. Geleliň berjek soragyma, soňky döwür sizi ýaltalyk basmarlaýanyna meňzeýär. Ýaltalyk bilen ýazyjylyk bir arada durup bilmejegi hemmä belli zat. Ýa siz uly göwrümli eser ýazýarsyňyz, ýa-da ýaltalygyň ýazyjylykdan üstün çykmagyna ýol berjek bolýaňyz. Ýaş bir çene bardy diýseňiz oňa-da düşünýän. "Ýaltalyk bilen Ýazyjylyk. Ikisäm "Ý" harpdan başlaýar, "L" harp bilen tamamlanýar. Ikisi bir arada bolsa kemem däl" diýseňiz başga gep. Degişýän.14 Maý, 2018

Sen ýalňyzlyk hakda agzaman ekeniň. Men ýazyjylyk sözüni ýalňyzlyk diýip okapdyryn. Ýazyjylyk nirde, men nirde. Ýazyjy diýýänleriň, Tolstoýdyr, Dostoýewskidir, Ekzýuperidir, Agahan Durdydyr, Ata Gowşutdyr... Men hiç wagt özümi ýazyjydyrn öýtmedim, indem beýle hyýaly aklyma getirmesin. Pälipeslik etjek bolýandyr öýtme. Gazetde bir makalamyň aşagyna zor edip ýazyjy sözüni goşjak bolsalaram göwnemändim. Men özüme ýazyjy diýsem, ýazyjylar maňa näme diýer.

Garadaşly: Salawmaleýkim, Hydyr aga. Ýagdaýlaryňyz nähili? Ýetip gelýän Oraza baýramlaryňyz bilen! Niýet edip agzyny bekleýän bütin musulman halkyna sabyr-takat bilen bir hatarda dilegleriniň Allahyň dergähinde kabul bolmagyny dileýärin. Geleliň berjek soragyma, soňky döwür sizi ýaltalyk basmarlaýanyna meňzeýär. Ýaltalyk bilen ýazyjylyk bir arada durup bilmejegi hemmä belli zat. Ýa siz uly göwrümli eser ýazýarsyňyz, ýa-da ýaltalygyň ýazyjylykdan üstün çykmagyna ýol berjek bolýaňyz. Ýaş bir çene bardy diýseňiz oňa-da düşünýän. "Ýaltalyk bilen Ýazyjylyk. Ikisäm "Ý" harpdan başlaýar, "L" harp bilen tamamlanýar. Ikisi bir arada bolsa kemem däl" diýseňiz başga gep. Degişýän.14 Maý, 2018

Waleýkimessalam. Ämin, barça musulmanyňkam kabul bolsun. Ýaltalyk alyp ýatýar, sen sorama. Ýaşyň garraşanyny şolam bilýär. Sen ekizlere az ýazýanymdan çen tutýansyň. Dogrusy, gysga bir zat ýazmak uly zat ýazandanam kyn. Boş zatlar bilenem okaýan adamyň kellesini agyrdyp, wagtyny alasyň gelenok. Garaz, şeýdip, başardygymdan ýazjak bolan bolýan. Ulurak bir zadam ýazjak bolýan. Kinossenariý. Olam şu günler eýgerdenok. Soňky ýarsyny bir zada meňzetdim, öňi kän eýgertmejek bolýar. Belki, orazada Alla kelläme durulyk berer. Ýagşy dilegde boluň-da. Ýalňyzlyk meselesi gaty çuň, inçe mesele. Ony gysga hatda ýazmak kyn. Ýöne ähli ynsan jennetden çykandan soň, hemişe ýalňyz. Muny käte duýýaň, käte seriň dumanda duýaňok. Habarlaşyp dur. Belki, indiki hatyňda özüňi has tanadarsyň. Harp ýalňyşdan gorkma, ýazyber.

Garadaşly: Şuwagt-ky ýaşlaryň "söýgisi" nähili derejede dogrydygy barada gürrüň gozgamak maňa galypmy ýa-da size galypmy, dünýä meselesi hökmünde bütindünýä jemgyýetine galypmy onsyny bilemok welin, siz belli bir derejede mamla. Bu gepi uzadyp oturmak maňa-da kän bir ýaranok, size hem şeýle ekeni. Geliň, bu meseläni wagta, döwre galdyralyň. Wagt, döwür hemme zady ýerbe-ýer goýmaga ukyplymyka diýýärin. Geleliň başga soraga, "Garadaşly bolsaň bilmeli bu zatlary" diýipsiňiz. Şu sözlemiňizde biraz pikirlenmeli boldum. Ýaňsylamamy ýa-da garadaşlylar barada başga pikiriňiz barmy ony bilemok. Elbetde bu barada sizden aýratyn jogap garaşýaryn. Garadaşlylar barada nämeler bilýäňiz? Gowy pikirleriňiz bilen bir hatarda başga-da bar bolan pikirleriňizi dogryçyllyk bilen beýan etmegiňizi sizden haýyş edýärin. Hiç bir garadaşlyly siziň pikirleriňizi ýaramaz niýetli pikirler hökmünde görmejegine ynanýaryn.09 Maý, 2018

Garadaşlylar meselesinde kän bir bilýän zadym ýok. Ýöne garrylarymyzdan eşdenjelerim. Olaram taryhçy ýa-da tire-taýpa meselesini ymykly düýpli öwrenjek bolan adamlar däl. Şonuň üçin meniň bilýänjelerimiň, dogrusy eşdenjelerimizň kän bir gymmatam ýok. Ýöne garadaşlylaryň ederini bilýän, zehinli, dogumly, hatda biri "Degirmeniň suwunyň o başyndan girip bu başyndan gury çykmagy başarýan adamlar" diýibem häsiýetlendiripdi. Gepiň gerdişine görä aýtsam, gelinlerimiň biri garadaşly. Halaşyp almady, özüm öýerdim. Gelnimdenem, olaryň içersindenem gaty razy. Başga-da garadaşly tanyş-dostlar bar. Hiçisindenem ýamanlyk göremok. Men saňa "garadaşly bolsaň, öz okuwyň, bilimiňem ýeterlikdir, menden soramagyň geregem däldir" diýen manyda ýazypdym. Munuň şeýledigine häzirem ynanýan. Ýöne mesele garadaşlylykda, akdaşlylykda däl, mesele türkmende. Biziň kimligimizde. Şu mesele oýlandyrýar. Gaty oýlandyrýar. Türkmende asla ýok häsiýetleri ermeniler getirdi diýerdiler, indi kimi bahana edinmeli bilmedim.

Garadaşly: Salawmaleýkim, Hydyr aga. Ýagdaýlaryňyz nähili? Sözümiň başynda men siziň muşdagyňyzdygymy aýdyp geçmek isleýärin. Bu soragy Ylýas aga-da soradym, size-de soramak isleýärin. Soňky döwür ýaşlarynyň (elbetde öňki döwür ýaşlarynda-da bardy. Ýöne bu derejede däldimikä diýýän) keýpe kowalaşyp, "söýgi" lakamly oýuny oýnap, birek-birege seni söýýän, ol seni söýýär, ol oglan ony taşlady, bu gyz muny taşlady we ş.m boş gürrüňler edip wagtlaryny biderek sarp etmeklerine näme sebäp boldy-ka? Elbetde, söýgi gerek. Söýgi dünýäniň daýanjy. Alla söýgi, Watana söýgi, ata-enä söýgi, maşgalaňa söýgi, söwer ýaryňa söýgi... Ýöne söýýän diýip birek-birek bilen türkmençilige gelişmeýän haýasyz hereketler etmäge ýaşlary näme mejbur etýär? Bilimsizlikmi? Medeniýetsizlikmi? Kerim aganyň goşgusynda "Ýeke bir posa üçin, dagdan aşar bürgütler" diýmegi ýaşlaryň many çykarmagyna sebäp bolup bilmezmi? Ýa-da ýaşlar "bürgüt" bolmakdan geçip, "garga" bolmagy özüne maksat edindimikä?05 Maý, 2018

Waleykimessalam. Garadaşlylygyň çyn bolsa, bu zatlary sen menden gowy bilmeli, aslynda. Bilýänsiňem diýip çaklaýan. (Indiki ösdürimleň bilmeýän zady barmy?!) Niçigem bolsa, menem sowalyňy jogapsyz goýmajak bolaýyn, bolşuna görä. Ilki bilen-ä garga, bürgütli mesel-ä sowalyň başynda jogap beripsiň. Şonuň üçin, bu meselä giresim gelenok. Bizde ýaşlykdan, çagalykdan edep berjek bolmak endigimiz bar. Her kim muny özüçe edýär. Mesele şonda. Çagany gadaganlyklaryň içinde ulaltman, düşündirmegiň üsti bilen terbiýelemelimikä diýýän. Gadagan etmek aňsat, düşündirmek kyn. Gadagan edileni etmezlik aňsat, düşünjek bolmak kyn. Ine şu aňsatlar soň "aňsat söýgülere" sebäp bolýar. Haýa näme, utanç näme, söýgi näme - biz bu zatlary çagalykdan, ýetginjeklikden düşündirjek bolmaly. Radio, TW, internet we ş.m. söýgi diýip joşup dursa, bizem muny çagalarymyza dürli mysallar bilen mydama, yzygiderli düşündirip durmasak bolmaýar. Aty at edýänçäň eýesi it bolar diýilýär. Biz şol it bolmaly. Ýöne jabjynyp, dalap duran it däl, perzendiň daşyny gorap duran wepaly it bolmaly. Şoňa ýadamaly, ýaltanmaly dälmikä diýýän. Aňsat ýoluň gowusyny görmedim. Kyn işleriň soňunyň rehnetlidigini köp gördüm. Ýewropa medeniýetinde ulalan adamlaryň içinde-de haýa meselesine juda çuň düşünýänlere duş geldim. Bu ýerde mesele diňe egin-eşik bilen çäklenmeýär. Ilki bilen düşünjämiz egin-eşikli bolmalymyka diýýän. Düşünjesi, küý-pikiri bihaýa bolana pürenjek geýdirseňem, ýaşmak ýaşyndyrsaňam peýdasynyň degmejegi bellidir. Ýok, men çagalarymyzy ýewropalylar ýaly geýindirmegiň tarapdary däl. Her halka öz eşigi gowy gelişýär. Ýöne meselä has düýpli seretmek hakda aýtjak bolýan. Çaga zor bilen däl, öz islegi bilen dar, gysga eşikleri geýmekden utansa has makul dälmi?!Ýöne bu kyn. Kynam bolsa biz kyny saýlamaly. Bizem Zöhre Tahyry okap ulaldyk. Emma bihaýalyk ýadymyza-da düşmezdi. Gepi uzatmaýyn.

Utopian: Hydyr aga, salam. Siziń özüńizi görüp, ýüzbe-ýüz duşuşmak mümkinmi? (Muny köpden bäri arzuw edip ýördüm, saýtyñyza duşsam hökman sorarn diýip) 06 Aprel, 2018

Waleýkimsalam. Näme üçin mümkin bolmasyn. Ýöne men häzir Malaziýada, agtyklarymyň ýanynda. Eger senem şu töwereklerde bolsaň, höwes bn duşuşardym. Öňem bir şahyr "Men adam gözledim" diýipdir. Menem adamlardan gaçamajak bolýan. Ýöne isleseň poçta adresime hatam ýazyp bilersiň. h.amangeldi@gmail.com

Kitaphana: Salam Hydyr aga. Sizden soraman bir iş etdik welin, garşy dälsiňizä? Ýagny elektron kitaplaryňyzy www.kitaphana.net websahypasyna goýduk, sizden rugsat alman. Eger garşy bolmasaňyz täze kitaplaryňyzy hem şol websahypa ýükläp bilernmi? Eger garşy çyksaňyz goýan kitaplarymyzy hem aýyryp bilers29 Mart, 2018

Girip gördüm sahypaňyza. Alla razy bolsun. Çynym bilen begendim. Gözleýän kitaplarymyň üstündenem bardym. Sag boluň, döwletli iş edýäňiz. Özüňiz bilen tanyşdyrsaňyz begenerdim.

DöwletR: Salam, Hydyr aga. Kitaplar bölümiňizde goýan kitaplaryňyzy android görnüşli telefonlarda okamak üçin amatly bolar ýaly edip aýratyn programma-kitap görnüşinde köpçülige paýlaşsam bolarmyka? Mundan öň "Baty han", O.Taňňyýewanyň "Saýlanan eserleri", Anna Paýtygyň "Uruş döwrüniň oglany" ýaly eserleri şeýle görnüşde taýýarlap köpçülige ýetirdik - haladylar. Eger android görnüşli telefon ulanýan bolsaňyz Google Play Marketden eserleriň adyny gözledip tapyp bilersiňiz, bolmasa "statetm@gmail.com" e-poçtasyna hat ugratsaňyz mysal hökmünde birnäçe taýýarlan kitaplarymyzy ugradyp bileris. Galamyňyzyň ujy ýiti bolsun, saglykda habarlaşalyň.27 Mart, 2018

Aý, bolar, oglanlar. Ekizlerden alyňdaediberiň. Köpçülige ýetirseňiz bolýar. Taňryýalkasyn.

Kafka Kenarda: —Siziň şygyrlaryňyz gowy däl. —Siz näme okap gördüňizmi meň şygyrlarymy? —Ýok, ýöne men başgalaryň şygyrlaryny okap gördüm. Bezdomny bilen Ussadyň dialogyndan. Türkmen ýazyjylarynyň nähili ýazýandygyna düşinmek üçin birjejigini okasaň ýeterlik....21 Mart, 2018

Mende şygyr ýog-a. Adresiňi ýalňyşan bolaýma. Bulgakowyň käte şeýdäýmesem bardyr.

azat: Ýupek yolyna degişli goşgy21 Fewral, 2018

Azat, goşgy. iberipsiň öýdýän, ýöne goşgy goyulmandyr

Gercheknazar: Salam Hydyr aga. "Elhenç ýagdaý"şular ýaly gowy saýtda "gynansagam goşgy bolmazlygy"meni geñ galdyrýar. Hydyr aga men çagalykdan bâri goşgy (hekaýa,gündelik)ýazmagy döredijilik bilen meşgullanýan adamlar bilen tanyşmagy kitap okamagy gowy görýân. (Şu wagt özimem goşgyly kitap ýazmagyñ arzuwunda)Hydyr aga eger mümkin bolsa meniñem azajyk saýta goşandym bolar maksady bilen öz ýazan goşgylarymy ýetirmek isleýân. "Owarram diýeliñ ownukçyllyga Biz beýik işlerden baş çykarmaly Gowy günler gulluk edip gowluga Bozgaklañ işini boş çykarmaly "Owarram "diýeliñ ownukçyllyga Ownuk işe ownujaklar ýapyşýar "Gawun hem gawundan reñk alarmyş Ownuklardan ownukçyllyk ýokuşýar Aldanmalyñ aýdylan her alkyşa Öwgâ öwsip göterilýâr köp kişi Alkyşlary paýlamalyñ her kişâ Gerek ýerde gysganmalyñ alkyşy Gerçeknazar bildir bilenje zadyn Ýagşy niýet ýetir bizi gowluga Beýiklere beýik işler garaşýar "Owarram "diýeliñ ownukçyllyga Ine goşgylaryñdan biri. Halansyñ diýip umut edýân. (Bellik bolsa peýdaly maslahatlaryñy alsam hoşal bolardym.aýdyşym ýaly Hydyr aga men günde dört bâr bent (kupter)goşgy ýazmasam oñup bilemok.Elbetde gowy zatlar möçberde dâlde hildedigini bilýânle. Şondada halkyma gowydan-gowy goşgylary ýetiresim gelýâr. Aslynda men bu saýda ilkinji gezek gelip durşum. Bu ýeri mende uly tâsir galdyrdy.Gymmatly wagtyñyzy ýitirip bize ýerlikli maslahatlary berýâniñiz üçin Alla ýalkasyn.Hydyr aga şu sahypada öziñiziñ ýaşaýan ýeriñizi we tel nom belgiñizi ýazypdyñyz. Bizem şol nom jañ edip (elbetde ýüregiñe düşüp durmarys)ýada öýiñize barsak bolarmy siziñ maslahatyñyzy almana. Bagyşlañ özim barada ýazmandyryn .Adym Gerçeknazar ýyl 96 Ahal welaýat Gökdepe etrap Isbirden (Telman)oba. (Ýoluñ düşse gölâý Hydyr aga hemişe gapy açykdyr)tel nom 865 22 89 52 Ýazanlarymy wagt ýitirip soñyna çenli okanyñ üçin Tañryýalkasyn.Sag boluñ. 20 Ýanwar, 2018

Waleýkimsalam Gerçeknazar. Dogrusy goşgy meselesinde özümi gaty gowşak görýän. Şonuň için goşga Baha bermekdenem çekinýän. Özüm hazir daşary ýurtda, agtyklarymyň ýanynda. Türkmenistana barsam haber tutsak bolaryn inşalla. Hoş sözleriň üçinem köp sag bol

Durdy: Hydyr aga, şu wagta çenli ssenariyanyz esasynda cykan kinolarynyzyn atlaryny yazaýyñ! Tapyp göresim gelyä11 Dekabr, 2017

"Heserl"i, "Gul acan miras", "Yerlap ucyan lacynlar", "Seyis".

Ayna: Ômrûñiz bolsun ÿaśuly! Gowy yazgylarynyzy hezil edipler okadym...25 Noýabr, 2017

Sizem sag bolun

Aşgabat: Jogap bereniňiz üçin sag boluň. Sag boldan başlap Salam bermegem unudypdyryn. Salowmaleýkim Hydyr aga. Iki ekizleriňem jogaplaryny höwes bilen okadym. Ikiňiziň bir-biriňize goýýan hormatyňyza haýran boldum. Molodesler diýesim gelýär, iki agama-da. Ýene bir sowal mümkinmi? Döredijiligiňizde ekizler temasyndan ýazan zatlaryňyz barmy/ Kinoda ýazsaňyz ýa ýazan bolsaňyz gyzyklydyr. Şu sowaly Ylýasa aga-da bererdim, ýöne oňa başga bir sorag bersem bir okda iki towşan boljak. Ýok beýtmäýin, size näçe sorag bersemem jogap bermegi kyn görmersiňiz ahyryn. Şonuň üçin Ikiňizdenem şol bir sowala iki dürli jogap alsam has gyzykly. Köp ýazanym üçin bagyşlaň. 25 Noýabr, 2017

Waleykim! Yok men ekizler twmasından zat yazmadım. Yöne Ylyasda bardyr.

Aşgabat: Hydyr aga salowmaleýkim. Siziň maşgala agzalaryňyz hakynda kakaňyz, ataňyz,agalaryňyz hakynda ýazanlaryňyzy uly gyzyklanma bilen okadym. Emma näme üçindir öz ekiztaýyňyz hakynda kän ýazmaýarsyňyz. Şol ýazgylar has gyzykly hem gymmatly bolarmyka diýýän. Bu siziň iniňiziň heniz ýaşap ýöreni sebäpli bolsa, onda ýalňyşýaňyz diýjek bolýan. Garaz, gönüjämi aýtsam, siziň Ylýas aganyň döredijiligi hakynda pikirleriňizi bilmek isleýän. Siziň kinolaryňyzyň edebi esasyny ýazanlar diýip ikiňiziňem adyňyz bilen çykýa. Ony kimiň ýazýanyny bilesim gelýär. Belki Ylýas aga-da siz hakynda gowy bir zat ýazyp biler. Gowy diýýänim taryhda galjak ýazgylar ýazar diýip garaşýan. Bu haýyşymy oňa-da ýetirmekçi. 23 Noýabr, 2017

Waleýkimsalam! Maşgalamyz hakynda entek ýazmaly, ýazasym gelýän zatlarym kän. Ony öz neberämiz, Amangeldiýewlerüçin (esasan) ýazamsoň, biraz arkaýynrak ýazýan. Ylýas hakda-da ýazmakçy. Obýektiw ýazjak bolýan, ýöne şonda-da subýektiw boljakdygy belli. Mesele onda-da dälmikä diýýän. Käbir meselelerde ýalan ýazmakdan gorkýan. Çeper, gyzykly bolsun diýip, kakam gürrüň berende owadanlaşdyraýýardy. Men şony edip bilemok. Ýalan sözläniňden bazarda oturyp sogan satanyňam gowymyka diýýän. Aýytjak bolýanym, sogan satmak aýp diýdigim däl, oňarýan işiňi edeniň gowy diýesim gelýär. Indi sorapsyň, häzirlikçe, Ylýas hakda kelam agyz. Ekiz bolup dünýä inmek, dünýä inmekdenem aňyrda bir adamlyk ýeri, ene garnynda paýlaşyp, dokuz aý ýaşamak juda täsin. Ylýas ikimiziň şol paýlaşyp ýörşümiz. Kyn günlerem, gowy günlerem, edebiýatam, döredijiligem, (esasan kinossenarileri) paýalaşyp ýörüs. Kinolaryň edebi esasyny men ýazýan diýsemem, Ylýas ýazýar diýsemem ýalňyş bolar. Belki, ýaşym ulusyrap (15-30 min) biraz gepimimi gögerdýän ýerlerim bolýar. Ýöne esasan bile ýazýas. Ylýasyň ýazýanlaryny gowy görýän. Inçeligini, şahyranalygyny halaýan. Meniň ýazýanlarym, gödegräk, agyrrak, düşnüksizräk bolup çykýar. Şonuň üçin Ylýasyň okyjysy känmikä diýýän. Ylýas durmuşda has praktik. Iki aýagynam ýere berk diräp pikirlenip bilýar. Men biraz hyýalyrak. Mysal üçin, bir gezek, Rumyň milleti hakynda jedel çykdy. Ol parsmy, türkmi, türkmenmi diýen ýaly. Men Rumy ol jedellerden beýikde durýar diýdim. Ylýas razylaşmady. Biziň myhmanymyzam razylaşmady. Gürrüň Ylýaslarda boldy. Soň myhman gaýdansoň, Ylýas meniň aýdaýanlarymyň dogrydygyny, ýöne myhmanyň göwni üçin onuň tarapyny tutanyny aýtdy. Men şeýle “diplomatiýany” oňaramok. Durmuşda aljyrasam Ylýasdan maslahat soraýan. Köplenjem onuň maslahatyny diňleýän, makullaýan. Biz bäş erkek dogan. Ylýas meniň ýeke jigim bolýar. Eger altmyşy ortalaňsoňam jigi diýmek dogry bolsa. Aýtjak bolýanym, Ylýas bilen beýleki agalarymdan has köp görüşýän. Ylýas bilen has ýakyn gatnaşýan. Taryha girmek diýen ýaly bir zatlar ýazypsyň welin, halamadym. Biz nire taryh nire?! Gurbannazar, Nury Halmämmet taryha giren adamlar. Taryha süri bolup girilmeýärmikä diýýän. Göwnüňe alma, ýöne bu şeýle. Kiçigöwünlilik edýändirem öýtme. Ylýas bilen baglanşykly köp ýakymly ýatlamalarym bar. Olary soňa goýup ýörün. Biz diňe ene garnyny däl, bir döwüm gara çöregem iki paýlaşmaly bolupdyk. Inşalla, jigim hakda entek ýazaryn diýen umytda. Sag bol, sowalyň bilen ekiz taýym bilen ýene bir gezek ýakynlyk duýgusyny başymdan geçirdiň. Elimden gelse, bir halat serpaý bererdim.

Arazgeldi: Salam Hydyr aga. Yagdaylarynyz gowumy. Men bu sahypada hali taze. Kitaplarynyzyn yazylyshy diysen yarayar. Heserli kinosyny gorende ozumde bashga duygyny bashdan gechirdim. Dogrusy, dutarda aydym aytmak elimden geleni ucindirmi namemi eser mana juda yakdy 02 Sentýabr, 2017

Waleýkim salam, Arazgeldi. Hoş sözleriň üçin sag bol. Gijä galyp jogap berýänim üçin bagyşla. Dogrusy, köpden bäri şu saýta giremokdym. Indi nesip bolsa, giri duraryn.Ýene Bir geek ötünç soraýaryn.

Alyshir: gowy yazgylar bar, indi goylanokmy?04 Iýul, 2017

Sag bol. Indi bene goýup başlamakçy, nesip bolsa.

Lacyn: Salam Hydyr aga!Sizin-de Ylyas aganynda doredijiligine hayran.On ata-babanyzda hem barmy yazyjy-sahyr?30 Iýun, 2017

Salam Laçyn! Ýok, ata-baba ýok. Ýöne Çary Aşyrow, Aman Kekilow, Annasoltan Kekilowa dagy ejemiň garyndaşlary, daýy tarap bolýar. Ýöne ejemiň erkek dogany bolmandyr. Çary Aşyr Dogan oglany.

Aÿna:: Salam Hydyr aga! Men siziñ Ylÿas aganyñam eserlerini, terjimelerinizi uly hôwes bilen okayaryn. Ÿône saÿdyñyza baglanyp bilemok! Maslahat berseniz hośal bolardym!27 Iýun, 2017

Salam Aýna! Baglanmak meselesini menem bilemok. Megerem baglanyp bolmaýan bolaýmasa.

baky : salam gaty gowy23 Iýun, 2017

Salam Baby. Sag bol, hoş sözleriň üçin.

Maksat Seýitliýew: Essalawmaleýkim,Hydyr aga!Size öňi bilen döredijiligiňizde uly üstünlik,durmuşyňyzda berk jan saglyk arzuwlaýan.Hydyr aga,men ýaşymyň kiçiligine garamazdan goşgy,poema,hekaýa we powest ýazýan.Emma şolary çap etdirmek üçin nirelere ýüz tutmalydygyny bilemok.Eger mümkin bolsa öz goşgymdan bir parçajygyny size görkezmekçi: Dilegim bar beýik Taňrym adyňa, Ýamanyň ýoluna atmagyl meni! Ýalňyz wagtym ýetiş meniň dadyma, Diri çagym oda ýakmagyl meni! Bir göwünden başga göwün suw içer, Kaýys Leýlisiniň zaryny çeker, Eý Allahym, söýen ýaryma ýetir, Söýgüsiz bir ömre çatmagyl meni! Ynsanyň bolarmyş garasy,agy, Käsi kalbyň kiri, käsi çyragy, Mizanda hasabym deňlenen çagy, Ýagşylyga tarap aklagyl meni!.... Halypa ,eger kyn görmeseňiz goşga öz bahaňyzy beräýseňiz!11 Iýun, 2017

Waleýkimsalam, Maksat! Bagyşla, köpden bäri şu saýta girmedim. Jogabymam şonuň üçin gijigýändir. Goşgyňy haladym. Ýöne özüm kän goşgy ýazmamsoň, baha beribem bilemok. Döredijiligiňde üstünlik arzuw edýän. Çap etdirmek üçin, gazet-jurnallara baraýmasaň.

Sapa: Essalowmaleykim Hydyr aga men sizden gabanjanlyk duygusy barada sorayjakdym ol duygy meni gaty birahat edyar men dogrymy aytsam su duygyn sonundan gorkyaryn mana maslahat berseniz sizden hosal bolardym!26 Maý, 2017

Waleýkimsalam Sapa! Mende şu duýgy bolmady. Ynam söýgüň bir sütünimikä diýýän. Ýöne özüňe buýrmagam, düşünýän, kyndyr. Gaýrat edäýmeseň. Men-ä başga name diýjegimi bilemok. Alla kömek etsin.

Serdar: Hydyr aga, gep kiçigöwünli bolmakda ýa-da "siremekde" däl, sözüň hakyky manysyndaky döredijiligiň kömegi bilen döwrüne hem adamlaryň käbir wawwaly meselelerine baha kesmegiň hötdesinden gelmegiň hötdesinden gelen adam özüne çenden aşa artyk baha bermezligiň hem hötdesinden gelermikä diýýärin. Edebiýat boýunça ýörite bilimlilik barada aýdylanda bolsa... Elbetde türkmende "serçänem gassaba soýduraýsaň" diýen söz bar, ýöne edebiýatyň beýleki ylymlardan tapawudy, onda köplenç nazary kadalaryň eser ýazylmazyndan öň däl-de soň döreýänligindemikä diýýärin. Galyberse-de her "täze" döredilen kada hem diňe özüniň döremegine sebäp bolan eseriň ajaýyplygynyň "aşagyny çyzyp" görkezmeklige ýaraýarmyka diýýärin. Sebäbi indiki eser şol täze kada nähili ajaýyp eseriň täsiriniň esasynda döredilen bolsa-da, kada laýyk ýazyldygy eýýäm ajaýyp, üýtgeşik bolmak derejesine ýetip bilmän, gaýtalamak we öýkünmek derejesinde galýarmyka diýip pikir edýärin... Zootehnik bolup edebiýata baha kesmek barada aýdylanda bolsa, hünäri boýunça Çehow lukman bolupdyr, Çingiz Aýtmatow hem zootehnikumy tamamlap, soňam oba hojalyk institutynda okapdyr, Kafka hukukçy we ş.m. 12 Maý, 2017

Pikirleriň bilen razylaşýan. Ýöne bir zat ünjä goýýar. Magtymgulam, Keminede şol bir kada daýanyp goşgular ýazypdyrlar. Olara öýkünjeň diýesim gelenok. Ýöne özboluşlylyk hökman, gutulgusyz bolaýmasa.

Serdar: Hydyr aga, çakylygyňyz üçin sag boluň, taňryýalkasyn! Elbetde nesibäm çekse bararyn. Maddy dünýäniň ser-sepili bolunýandygy hakynda bolsa...Atajan aga "Kyrk ýylda ýazylan kitap"-da "edebiýatyň wezipesi güýmemekmi?" diýen sowaly goýýar... L.Tolstoý bolsa hemme ahlak kadalaryny sünnäläp beýan edýän ýöne hiç kimiň okamajak eserini ýazmaga birje pursadynam sarp etmän, ýigrimi ýylyň dowamynda okaljak başdan geçirmeli güýmenje-eseri ýazmaga ömrüni sarp etmäge taýyndygyny ýazypdyr... Meniň pikirimç-ä edebiýat, asla sungatyň islendik görnüşi hem ilki bilen "güýmäp", ýagny gyzykdyryp, özüne çekip öwreden ýagdaýynda sungat bolýarmyka diýýärin... Edil Dostoýewskiýniň eserleriniň. Kafkanyň, Zolýanyň, Sweýgiň, O.Annaýewiň, Kömek aganyň, Osman aganyň eserleriniň öz ýeriniň bolşy ýaly, Žýul Werniň, Bussenaryň, Jek Londonyň, Dýumanyň, Mark Tweniň, O.Genriniň, Kaýum Taňrygulyýewiň, Esen Ataýewiň, W.Ýanyň, Edgar Berrouzyň, R.Kiplingiň hem eserleriniň adama we jemgyýetçilik aň ýetirişine täsir etmekde öz orny we ähmiýeti barmyka diýýärin...Ýöne dogrusy, "Jenaýat we Jezany", "Doganlar Karamazowlary", "Anna Kareninany", "Ussat we Margaritany", "Prosessi", şol sanda "Gören kim, görünen kim?"-i ýa-da Agageldi aganyň "Ojak" romanyny hem kimdir biriniň "güýmenmek" üçin okaýandygyny göz öňüme getirip bilemok... Tehnologiýanyň ösüşiniň kitap "okalmagyna" täsiri hakda aýdylanda bolsa, kompýuter oýunlarynyň, kinofilmleriň speseffektleriniň ösen bu zamanasynda ak kagyzyň ýüzüne geçirilen gara reňkli şekillere haýran galdyryjy kinolar bilen bäsleşmek kyn düşýän ýaly...10 Maý, 2017

Dogrusy, edebiýatyň wezipesi" diýen ýaly meselelerde bir zat diýmäge ejiz. Men bir zootehnik. Oba hojalyk inst. gutaran adam. Birhililik bilen edebiýata düşdüm. Beýle okumyşam däl. Türkmen edebiýatyny asla bilemok diýen ýaly. Mysal üçin Hydyr Derýaň Ykbalynam, Beki Seýtegiň Doganlarynam, O. Annaýewiň, Kaýum Taňrygulyýewiň, Esen Ataýewiň eserlerinem okamak nesip etmedi. Meniň adymy tanymal ýazyjylaryň atlarynyň arasynda goýanyňa birhili boldum. Özümiň olardan näderejede daşdadygymy şübhesiz bilýän. Şonda-da sag bol, hoş sözüň üçin.Kiçigöwünlisireýär diýibem pikir etme. Ýene bir gezek sag bol.

Serdar: Salawmaleýkim, Hydyr aga! "Gören kim, görünen kim?" eseriňizi üç-dört ýyl mundan ozal okapdym. Şonda size bijaý ýerine düşen zähmetiňiz üçin taňryýalkasyn aýtmak isläpdim welin,... Elbetde minnetdarlyk bildirmek nesibesi şu güne getirilip goýlandyr-da...Biçak täsir etdi. Şol bir wagtda-da Kömek aganyň, Agageldi aganyň, Atajan aganyň, Orazguly aganyň, Osman aganyň, Nobatguly aganyň, Nurmyrat aganyň eserleri bilen bir hatarda şeýle täsirli eserleriň henizem topragymyzda döreýändigi ynjaldyrdy... Ýöne bir içiňi ýakýan zat, häzirki döwürde ýaşlaryň Ahmet Gurbannepesowyň aýdyşy ýaly: "adamlary özgerdýän" eserleri okamaýandyklary...Äý asla, soňkular özgerdýän-özgertmeýän hiç hili eserem okamaýanlar ýaly... "Aýfon eýýamynyň perzentleri"... Berjek bolan sowalym bolsa Hydyr aga...dogrusy sowalam däl-de, köpden bäri gorjalap ýören pikir paýlaşmak ýaly bir zat-la... Hydyr aga, tehnologiýalaryň ösmegi bilen ýazylan sözüň bahasy gara şaýa düşen ýalymy?!20 Aprel, 2017

Bilmedim. Men_ä häzirki döwrüň adamlaryny dünýä has berk baglanan ýaly göryärin. Öňki adamar dünýäni topuklaryndan ýokary galdyrmaýardylar. Indikiler onda gark bolup barýana meňzeýär. Tehnologiýabyň täsirem elbetde gaty uludyr. Minnetdarlygyň üçin sag bol. Aşgabat töwereklerinde bolsaň oba gel Ýalkym obasy Kemine köç. 11 jaú. tel 327518

Mahym: Salam Hydyr aga! Náhilli baglanyp bolarka?!07 Aprel, 2017

Waleýkim salam, jigim. Men Ýalkym obasynda Kemine köçesi 11 jaýda ýaşaýan Aşgabadyň alkymynda. Mail adresim h.amangeldi@gmail.com.

Nowça: Bardede mowzuk goýyp bolýarmy we line akkawundyňyza goşylypdyr bolmazmy19 Fewral, 2017

Bolyandyr. Ýöne nadip girmeli. goýmaly şony bilemok.

nur: Maňa iň gowy terjime saýtyny maslahat bermegiňizi haýyş edýärin!17 Dekabr, 2016

Bilemok, gynansamam

Batyr: Salam, Hydyr aga! Gowumy ýagdaýlaryñyz? Köp wagtdan bäri sahypañyza hiçzat ýazañyzok eýgelikdirdä?! Her gezek sahypañyza girenimde şu gezeg-ä täze birzatlar okaryn diýip girýän welin, bolanok. Ylýas aga-ha sizdenem öñ sahypasyna yazmagy goýdy. Täze ýazgylaryñyza garaşýan öz-ä! Nesip bolsa ýakynda yene sahypa birzatlar ýazarsyñyz diyip umyt edyän!28 Noýabr, 2016

Inşalla

Hajymyrar: Salowmaleýkim Hydyr aga gowmy taplaryňyz? Dogrusy arada men bir zatlar ýazyp ugratdym jogap gelmedi.Ýenede bir ýazaýyn diýdim hatyň jogaby gelende size aýtjak zatlam bar 19 Oktýabr, 2016

Poçtamda görmedim. Kyn görmesen gaytadan ugratsana. Allaha şükür gowy.

Hajymrat: Salawmaleýkim Hydyr aga gowmy taplaryňyz? Men siziň ýazan eserleriňizi şu gün okap başladym nesip bolsa hemmesini okars ilki bn siz bn salamlaşaýyn we hal ahwal soraşaýyn bolsa tanyşlyk açaýyn diýdim belki bir-birimize pikir alyşyp maslahatlaşmak bolar men dogrysy entege çenli eser ýa kitap ýazyp göremok nesibämde bolsa belki ýazaryn ýöne goşgy ýazmam bar umuman aýdanyňda siziň ýazanlaryňyzy okap mümkin bolsa öz pikirimi ýazaýarn 07 Oktýabr, 2016

Tanyşsam begenerin. Bilenjami gysganman aydarin. Öye geosen kofe berberin

Sapargeldi.: Salam Hydyr aga gowmy yagdaylarnyz siz kakanyz hakdaky gurrin berenlernizin hacan dowamyny yazarsynyz??? Sylagynyz un sagbolun!!!15 Iýul, 2016

Alla şükür, gowy. Bilmedim-dä. Täzeden elden geçiresim,köp zatlar goşasym gelýär, ýöne ýaltalykdan saplanyp bilemok.

lukman tm : Salam Hydyr aga,men siziň "Gurruk guýy" diýen kitabyňyzy okadym.Okan pursatymda siziň galama zor salyp yazan ýerleriniňi we uly joşguna beslenip galama erk eden ýerleriňizi duýdum.Kitabyňyz üçin sagboluň!04 Iýul, 2016

Salam! Zor salyp diýen ýerleriňizi bilesim gelýär. Beýle bir süteme galandyryn-a öýdemok. Okap çykanyň üçin sag bol!

Merdan: Hydyr aga "Heserli" kino bolup cykypdyr.Tv gorkezenoklarmy?07 Ýanwar, 2016

Hawa, geçen ýyl taýýar boldy, ýöne enteg-ä TW-de görkezenoklar. Nesibeli gününe garaşýas. Esasy zat kino alyndy. Görkezilmek meslesi bize bagly däl. Ýöne ssenariden köp zatlaryn almadylar, şol gynandyrýar. Olam başda filmi gysga göwrümli diýip plana goşupdyrlar, pulam şoňa görä, wagtam şoňa görä aýrylýar. Saşa Jally soň ökündi welin, peýdasy az boldy-da.

Eneş: Salam,Hydyr aga! Yagdaylarynyz ganymatmy? Men gmail üsti bilen size esse ugradypdym yöne yzyna hat ggelmanson, size şu yerden yazdym.Mümkin bolsa maslahatlarynyza garaşyaryn! Hormatlamak bilen: Eneş 31 Dekabr, 2015

Salam, Eneş! Men essäňizi almadym. Sebäbini bilemok. Adresim öňki h.amangeldi@gmail.com Kyn görmeseňiz, gaýtadan ugradyň. Allaha şükür ýagdaýlarymam gowy. Sylagyňyz üçin sag boluň!

Reska: Salam Hydyr aga men sizin dine bir kitabynyzy okap gordum. Ol hem. turkca terjime edilen "Kor kuyu" kitaby. Sizin saytynyz badygny bilmeyardim. Men sol kitabyn turkmencesini hem okamak isleyarin. Eger sizde elektronik gornusinde ba bolsa ibermegnizi hayyst edyarin.02 Dekabr, 2015

Waleýkim essalam! "Gurruk guýy" ady bilen türkmençesi bar. Ýöne biraz gözlemeli boljak. Täze ýyldan soň ibersem näder? Sen meň poçtama bir hat ýaz menem göni seň poçtaňa oklaýaýyn. h.amangeldi@gmail.com meň adresim.

Altyn: Salam hormatly Hydyr aga. Men siziň saýtyňyza ilkinji gezek girdim. Dogrusyny aýtsam, kän saýtlarda oturamok. Emma nämeüçindir siz bilen söhbetdeş bolmak hyýalyma geldi. Adamlar ýazuw ýazmagy öwreneli bäri kitap ýazyp gelýär. Gün saýyn hem olaryň sany köpelýär. Kitabyň esasy wezipesi adamynyň gözýetimini giňeltmek. Kä kitaplary okanyňdan soň öňki düşünjeleriň puja çykýar, käsi bolsa, gözüňe çöp atýar,emma käsi welin, beýniň suwuny düýpgöter täzeleýär. Meni gyzyklandyrýan zat, häzirki wagta çenli okan kitaplaryňyzyň arasynda siziň dünýagaraýşyňyzy düýpgöter üýtgeden, ýa bolmasa, okap başlan pursatyňyzdan soňuna çenli söweşen kitaplaryňyz barmy? Mümkin bolsa, olary sanap geçäýseňiz size minnetdar bolardym. Jogabyňyza garaşaryn.07 Iýul, 2015

Salam, Altyn! Meň iň agyrly ýerim kitap. Kitaby köp akadym. Men muny öwünip aýdamok. Bu meniň kemçiligim bolmagam mümkin. Ýöne ugur-dereksiz, halypasyz diýen ýaly okadym. Gowy görüp, köp oýlanyp okan kitaplarym esasan ilki Dostoýewskiniň kitaplary boldy. Mysal üçin, "Idiot" 3 gezek, "Bratýa Karamazowyny" 2 gezek okadym. Dürli ýaşlarda. Olaryň kinolaryny gördüm, spektaklynam gňrdüm. Emma iň gaty täsir eden Kur"anyň düşündirişli terjimesi boldy. Yzygiderli täsir edýän, hemişe täsirinde ýaşaýanym Magtymgulyň, Gurbannazaryň goşgulary. Ýöne men ol ikisini deňeşdirjek bolamok. Olaryň hersiniň öz orny bar. Jedelleşip, söweşip kitap okamadym. Käte böwrüňi diňledýän ýerlerine duşsam, deňinden geçip gidýän. Tolstoýy, Hemingueýi,Bulgakowy gowy görýän. Görüşiň ýaly meniň okan kitaplarymam iliňkiden, köp kişiňkiden üýtgeşik däl. Başda gowy görüp, soň halamadyk ýazyjylarymam bar. Mysal üçin Akutagawa, O Genri, Edgar Po. Şekspiri gowy görýän. Garaz şeýleräk. Başly-barat ýazdym, bagyşlarsyň-da. Eden bellikleriň (ýazanja zatlaryma) bilen razylaşýan. Azara galyp okanyňyz üçin sag boluň.

Durdy: Salawmaleykim! Hydyr aga, çagalar üçin döreden eserleriñiz ýokmy? Men hiç gabat gelip görmedim21 Iýun, 2015

Gynansamam ýokdur.

YSLAM: Salam Hydyr Aga Gowmy taplarynyz? Men sizin Sahypanyzda taze. Köp zatlar ögrenmek umydy bilen... 06 Fewral, 2015

Waleýkimessalam! Allaha şükür ýagşy. Hoş geldiň. Belki umydyň puç bolmasyn-da.

Guwanç: Hydyr aga, diňe položitel sorag bolsa jogap beräýýaňiz öýüdýän? Aý howwala, hiç kimem özi barada ýaramaz zatlary eşidesi gelenoga,Siz dogry edýäňiz, menem şeýle hereket ederdim, göwnüňize degen bolsam bagyşlaň. 25 Dekabr, 2014

Soragyňa, belligiňe wagty bilen ekizler2-ä girip blmämsoň jogap bermedim. Hawa, ýaramaz zady eşitmek (özüň hakda hasam) kyn. Ýöne ýaramaz hasaplaýan zadyň nämedigine-de kňp zat bagly. Seň belligiňi men özüm hakynda aýdylan ýaramaz zat hasaplamadym. Biraz ýalňyş düşünipsiň maňa, ýogsa-da ýazylan zada, aýdylan zada, görýän zadyna her kim özüçe düşünýär. Bu tebigy zat.

Guwanç: Hydyr aga salam, sahypaňyzy ýarym-ýalta okap gördüm. Göwnüme bolmasa Siz Gurbannazar Ezizowy ýakyndan tanaýanlygyňyzy nygtap, özüňize utuk gazanjak bolýana meňzeýäňiz, göwnüňize degmek islemedim, ýöne pikirim18 Dekabr, 2014

Pikiriň üçin sag bol. Göwne alar ýaly zat ýok. Hakykatdanam men Gurbannazary ýatlap, ýöne tanaýandygymy nygtap däl, utuş (utuşdanam has ulurak bir zat) gazanmak isleýän. Magtymguly diýipdir "Gören göz jort atar eşden gulaga" diýip. Ýöne jort atmak niýetim ýok. Hatda bir döwür seniň pikir edişiň ýaly etmesinler diýip Gurbannazar hakda ýazan bir zadymy Aman Goşaň adyndanam gazete beripdim. Bir gezegem Gurbannazaryň doglan günleriniň birinde 29-njy mekdepde ýatlama geçirenlerinde TW-den surata düşürýärdiler. Menem zor edip gürletdiler, şonda TW-çilere surata düşürtmändim. Şonda-da şeýle pikir edilýär. Men onuň alajyny bilemok.

Gara Ahmet: Gowy kitaplary ýúklápsińiz, Alla razy bolsun sizden:-)14 Noýabr, 2014

Sizdenem razy bolsun!

Şirmyrat Akmyradow: Hydyr aga! Meseläni bir näçe ýyl öň başga bir platforumda Ylýas aga hem pikrimi beýan edipdim. Türkmen şygryýet tehnikalary barada ýazyp bilersinizmi? ýada maslahat berip biljek Türkmen dilindäki eser barmydyr? Emma, pikirimçe ýaşulylarymyz bu babatda bize bir gowy mysal bolup bilejek, şahyrlaryň günibirin gollanmasy bolup biljek bir eser ýazsalar, biziň täze nesile uly bir sowgat bolordy. 22 Oktýabr, 2014

Bagyşla welin, özüm kän şygyr ýazmamsoň, indi-ha asla ýazmamsoň, bu meselede bir zatlar aýdyp, öwredip biljek zadym ýok. Ýöne men şygyr bar, tehnika onuň barlygyna ullakan täsir edip bilmeýän ýaly görýän. Tehnika seniň göwün söýen usulyň, ýoluň. Bu megerem diňe şygyr däl, döredijiligiň beýleki ugurlaryna-da degişli ýaly görýärin.

hekim: Hydyr aga, "Heserli" kopculige hodurlenmedimi entegem? Sabyrsyzlyk bilen garashyas!04 Iýul, 2014

Ýok, enteg-ä görkezenoklar. Sabyr edeli.

Merdan: Salam, Hydyr aga! Öñem aýdypdym, men mugallym. Mugallymcylyga täzeräk ba$ladym, entek 1ýyl hem bolmady. Sizden soramak isleýän sheyleräk bir mesele bar. Arada bir synpa sapak okatmaga bardym. Her edebiyat sapagynyñ bashynda Magtymgulynyñ goshgusyny diñledýän. Shol gün hem diñletjekdim welin, shol goshgynyñ gapdalyndaky sazy dutarda calynan sazdy. Dutaryñ sesi e$idilip ba$lapdam welin, okuwcylar birhili görüp, mugallym, dutardan ba$ga saz ýokmaý? Pionina, skripka zadyñ sazy ýokmy diýdiler. Bu sözlerine tisginip gitdim. Milli sazymyza garaýyshlary $eýleräkdi. Menem milliligimiz barada dü$ündirjek boldum, yöne dü$ündirenim hic ýeterlik däl. Okuwcylarymyzyñ añyna milliligimizi, milli saz gurallarymyza söýgini nädip guýup bileris? Shu barada nähili maslahat berip bilersiñiz?10 Maý, 2014

Maslahat berere, ýagny şeýle etseň daş bolar diýer ýaly maslahatym ýok. Bu ýagdaý menem gynandyrýar. Ýöne dutar sazyny diňlemek, oňa düşünmek hakykatdanam agyr. Ony ençeme ýyllaryň dowamynda, hemişe diňläp özüňe siňdirmeli. Sebäbi estrada ýa-da häzirbegjan sazlary ýaly ol ynsanda nebisden gaýdýan duýgulary oýnamaýar, oýarmaýar. Gaýta tersine, adamy ruhy dünýä, çuňluga alyp gidýär. Muny bolsa köp kişi islemeýär. Bethowein, Bahy diňlemegiň kyn bolşy ýaly bir zat. Megerem, ýöne ýere Mylly aga täret kylman dutaryny eline almadyk bolarly. Türkmen sazy gaty üýtgeşik bir zat. Başga bir dünýä. Oňa aňsatlyk bilen girip bolmaýan ýaly görünýär. Onda türkmeniň edebem, saýhallylygam, çuňlugam, güýjem... ýene-de köp zat bar. Muňa aňsat düşünibem, ony düşündiribem bolmaýar. Ony diňe hemişe diňläp gezmeli. Akylyň goýaldygyça-da oňa düşünişiň kämilleşýar.

Ahally: Salam! Heserlini okadym. Gowja eken, erbet däl. Kinosy haçan görkezilerkä? Seýitnazaryñ bol$uny görüp bir okan zadym ýadyma düsdi. Ynha, su yerde: Синестезия — Википедия http://ru.m.wikipedia.org/wiki/%D0%A1%D0%B8%D0%BD%D0%B5%D1%81%D1%82%D0%B5%D0%B7%D0%B8%D1%8F09 Maý, 2014

Waleýkim essalam! Kinosam taýýar boldy. Şu wagt ýokardaky komissiýa görýär. Bahym halka-da görkeziler. Hakykatdanam seniň sinteziýa diýişiň ýaly. Ýöne kinoda bu doly açylmaýar. Sag bol ssenarini okanyň üçin. Köp kişi, (belki, özümem) kinosyny görerin-dä diýip garaşýar. Emma, kino bilen ssenariniň arasynda kän tapawut bolýar. Onda-da Türkmenistanyň şertlerinde.

Jorataga: Adamlar bilen mylakatly aragatnashyk alyp barmagy ozune ending etmegin ansat usullary, ya-da tilsimlerini oz durmushynyzdan mysallar getirip aydyp berayseniz, .men her kim ozuni biraz buysancly duymalymyka diyyan, sheyle duymasy ucin siz garshydashynyza nahilirak sozleri, sypatlary ulanyanyz we ulanmagy maslahat beryarsiniz?20 Aprel, 2014

Mylakatlylyk umuman ýaşuly adamlarda köp duş gelýän ýaly. Ýöne ýaşlykdan mylakatly adamlar dogabitdi, ene-atadan geçen mylakatly adamlar bolýar. "Gahar imandan aýyrar" diýilýär. Eger musulmanlygyň, imanyň seniň üçin gymmatly bolsa, gaharjaňlygyňy, girrikligiňi ýeňip, mylakatly boljak bolmaly bolýar. Bu ýaş wagtyň has kyn düşýär. Özümde şeýledi. Garraşyp ugraňsoň, jigim, oglum diýien ýaly sözleri köp ulanmaga başlaýaň. Emma, mylakatly adamlara gözüm giderdi. Hasam Gurbannazaryň mylakatlylygyna. Megerem, terbie, özüňe üns berip, edil bedeniň myşsalaryny sportsmenleriň ösdürişi ýaly şu häsiýetiňem terbiýeläp, ösdürjek bolmaly. Ýöne ýasama mylakatlylyk, elbetde, gaty ýigrenji bir häsiýet.

Merdan: Sagboluñ! Menem sheyle pikirdedim. Özüm direktor däl. Yöne sheyleräk zada dush geldim welin, belki oñam edyän ishi dogry bolmagam mümkin diyip oylapdym. Shondan soraýdym. Sagboluñ köp-köp!21 Mart, 2014

Saglygyň!

Merdan: Meselem men bir mekdepde müdir diyeli. Men öz mugallymlarymyñ hemmesini doly tanap bilmegim mümkin däl. Belki icinde mekdebimiziñ abraýyny oylaman, i$ine sowuksala seredyänleri bardyr, belki hakykatdanam gowy ishini edyändirlerem, yöne men doly tanap bilmeyän-dä. Men sholary tanamak maksady bilen, hem-de icinde erbet niyetli(mekdebimizin abraýyny bulashdyrjak bolyanlar) mugallymlar bar bolsa, sholaryñ etjek bolyan erbet ishleriniñ öñüni almak maksady bilen arasyndan ynanyan adamyma hemme mugallymlañ arasynda gezip, sholar baradaky üytgeshmeleri, gürrüñleri maña yetirip durmagyny tabshyrsam. Mugallymlañ nämeler edip nämeler goyyanyny shondan eshidip dursam. Meniñ edyän ishim dogry bolarmy yada nädogrumy?17 Mart, 2014

Men-ä bolsam beýle etmezdim. Birinjiden biri hakynda biriniň üsti bilen bir zatlar anyk, dogry bilmek mümkin däl. Ikinjiden sen adam satmak işini tabşyrýan adamyň hakynda-da pikir edip gör. Kakam "Eger işgärleriňden bir garyş öňi görüp bilmejek bolsaň, başlyklykda körüň ýok" diýerdi. Beýdip direktor boljak bolup ýörme-de, mugallymçylygyňy ediber diýjek men-ä. Senem pikirlen-dä, dos.

...: Heserliniñ kino bolup cykany bilen GUTLAÝAN! Köp wagtdan bari garashyadym. Satuwa cykaryldymyka? Nirden tapyp bolarka kinony?22 Fewral, 2014

Sag bol. Ol entek ministrlkde görülenok. Ýene 1-2 aýdan ýaýraýmasa.

Clay: Bir kitaby türkmença terjime edip şony çap edip satyp güzeranyny aylap bolarmyka? Nahili kynçylyklar çykyar çap etmekde? Her bir kitaby naça satyp bolar? Dünya edebiyaty jurnalynyn net sayty bolsady kaşka. Sag bolun! 16 Dekabr, 2013

Dünýä praktikasynda umuman bar, ýazyjylykdan eklenip bilýänler. Hatda SSSR döwründe Kerbabaew, Gurbansähedow ýaly dürli derejedäki ýazyjylaram muny başarýardy. Ýöne häzir bizde kynyrak. Hutma-hut çykmagyň mümkin diýýärler. Meseläniň iň kyn ýeri hökümet edarasynydan rugsat almak däl, ýazyjy öz kitabyny çap etdirmek, ony satmak bilen meşgullansa indiki ýazjaklaryna gaty uly zyýan edýär. Umuman ýazyjy kitabynyň çap edilmegini ýa-da edilmezligini dert edinse kän bir dogry bolmaýan ýaly hasaplaýan. Elbetde, bu kyn mesele. Belli bir ýyllardan soň, ýazan zadyň çap edilmezligi seni kän bir gynandyrmaýar, eger şondan eklenmeýän, eklenmegem islemeýän bolsaň. Sebäbi esasy okadysyň gelýän adamlaryň ony okaýar. Indi-hä internet bu işi hasam aňsatlaşdyrdy. Arada bir ýazýan oglanlaryň biri gelip "Internede ýazýan kitaplaryňy goýup, şondan millionlap gazanyp bolarmy?" diýiň sorady. Men "Seni kim tanaýar? Kim saňa pul töläp kitabyňy alyp okasyn?" diýsem,"Men özüm bilýän özümiň uly ýazyjydygymy" diýýär, menem"Seň bileniň ýeterlik däl" diýdim. Şeýdip gülüşdik. Gynandyrýan ýeri kitabyňy çap etdirmegiň kynlygy biraz höwesiňi gaçyrýar, indiki ýazylaýjak ýaly görünýän zatlaryň öňüne böwet bolýar. Saýtlar köprer, jurnallaryňam, ýazyjylaryňam saýty açylar. Biraz sabyr etmeli bolaýmasa. Tudana wagtynda bişer diýip bir ýowuz nakyl bar.Hemme zat şoňa boýun, edebiýadam.

Clay: Salam! Yazmak üçin köp okamaly. Hemme yazyjylaram diyyar muny hatda yörite surat katalogy görüpdim ussat yazyjylaryn okap oturan pursatlaryny görkezyar. Stifan Kingam kitap yazjak bolamok dine okayan öz özünden yazylyar diyyar welin kim bilya dogrymy yöne ünsüni çekjek bolyan yeri okamakda Siz günde naçe sahypa okayanyz, haysy kitaplar in halayanynyz, in sonky okan kitabynyz, okanlannyzyn içinde kaşka şu kitap türkmen diline de gazandyrylsady diyen kitaplannyz barmy, dünya edebiyaty zurnalda çap edilyan terjimeleri name üçin bir bütün kitap edip çap edemizok? Sag bolun!15 Dekabr, 2013

Ýakynda WGIK-iň ssenariý kafedrasynyň müdiri Ýu. Arabowyň "Mehanika sudeb" diýien kitabyny okadym. Şu wagtam ssenariý ýazmak hakynda bir daşary ýurtly ssenariçiniň kitabyny okaýan. Blek Sneýder "Nädip pişigi halas etmeli" kitabynyň ady. Ýöne entegem az okaýandygymy bilýän. Owal has köp okaýardym. Ýöne çem gelenini okaýan ekenim. Terjime edilmeli kitap juda kän. Dünýä edebiýaty jurnalynyň döredilmegi, olaryňam gowy işleýändigi begendirýär. Owal türkmenler Çary Aşyrowy okaýardylar welin, köp okaýardylar. Diýmek, ýene-de okalar. Gurbannazar dagynyň okan kitaplary ummasyzdyr. Ýöne ýene-de şol bir aýdylýan zady gaýtalasym gelýär, köp okamakdan beter näme okaýandygyňy, okamalydygyňy bilmeli.

Clay: Salam! Dayanç Londonyn yazany ünsümi çekdi, menem bir zatlar yazayyn diydim. Bizin niyetimiz kitaphanany söydürmek dalde kitaby söydürmek balmaly. Kitaby söyen kitaphanadan çykmaz. İspanyadakam halkyn kitaphan dalde kitap dukanlaryna gidyanini gördüm. Olaryn dukanlaram köp kitaphanalardan uly yanyndanam mugt kofe alyp, aljak kitabyny almazdan ozal okap bolyar kofejik bln. Türkmen halky kitaby sömeli söymek üçinem köp kitap görmeli, kitapda peyda bardygyny anmaly. Rönesans terjimeçilen sayasynda geldi. Terjimeçiler dünyadaki gizlin gahrymanlar. Köp döwletde gadry az bilinyar. İn azyndan Türkde şeyle. Bizde de terjimeçiler köpelmeli. Terjimeçiler taze terjimeçilere goldaw bermeli zat zat zat. 15 Dekabr, 2013

Türkmen kitaby gowy gňrýärdi. Kitaphanada ýer-jaý ýokdy student ýyllarymyz. Diýmek, bu häsiýet bizde ýok zat däl. Wagt geler, kitaphanalar dolar. Men-ä gara çynym bilen gowulyga ynanýaryn. Häzirem ýagdaýlarymyzyň günbe-gün gowlanýandygyny duýýan. Biziň dermanymyz wagt.

brave: salam Hydyr aga! Ylýas aga näme üçin görünenok? Sahypasyna hiç zat ýazanogam? Saglyklary, ýagdaýlary oňatdyrda hernä?13 Noýabr, 2013

Waleýkim-es-salam! Ylýasam gowy. Sahypasyna zat ýazasy gelenok öýdýän şu günler. Elem degip baranok. Kä wagt şeýle-de bolaýýar. Ýazar inşalla. Aladaň üçin sag bol.

Merdan: Heserli kino bolup cykanokmy entek?23 Sentýabr, 2013

Ýok.

Merdan: Opera aýdymlaryny diñlemegi halaýañyzmy? Opera sungatyna garaýshyñyz nähili?21 Sentýabr, 2013

Teatra gidip, başdan-aýak opera diňläp görmedim. Nesip etmedi. Özümem iş edinmedim. Ýöne radioda "Şasenem-Garyp operasyndan pylanynyň ariýasy" diýip goýberenlerinde höwes bilen diňleýän. Bir gezek Gurbannazardan "Göroglyny opera etmän, pýesa, kinossenariý edip ýazan bolsaň gowy bolmazmydy?" diýip sorapdyk. Gurbannazar: "Häzir opera kän barylanok, ýöne wagty geler, adamlar opera köp bararlar" diýipdi. Dogrymy aýtsam, sungatyň bu görnüşi maňa ýat. Klassyk sazlar ýaly täsir etmeýär. Bu meniň medeniýetimiň pesligindendigine akylym ýetýär, operaň uly sungatdygyna-da düşünýän.

Toyly: Seks sözi hem ulanylyp basladymy turkmen edebi dilinde?12 Sentýabr, 2013

Türkmen edebi dilinde has beterrägem bardyr, hasam klassik şahyrlarymyzda.

Toyly: Tans sungaty bilen gyzyklanyp gördüñizmi? Özüñiz tans bilen mesgullanypmydyñyz? Meñ özüm-ä bu ugurda tejribäm bolansoñ toylarda dürli tanslar bilen cykys edyaris.06 Sentýabr, 2013

Ýok, tans edip bilemok. Ökdeleri göremde gözüm gidýär. Ýöne tans etmegi seks. hereketler etmek ýaly görünýän ýerleri bar. Emma bir gezek 1972_nji ýylda Moskwada bir 10-12 ýaşly gürzin oglanjygyň sahna çykamnka taýýarlanyp, repetisiýa edişini synlap agzymy açyp, aňkaryp galypdym. Tans diýip şoňa diýseň, aýagynyň aşagyndan ot çykýar. Guýruk bilamakdan tans bolmaýar. Ýöne şonda-da eger tans bilen sazy deňeşdirsem, saz kän öňde görünýär. Saz has çuň, has manyly ýaly. Elbetde, her kim öz düşünýän zadyny has manyly hasaplaýar. Sen tansy öňde goýup bilersiň. Bu tebigy zat. Kim gaýkyny, kim küýküni.

Toyly: Hydyr aga, geçmisde we su gün türkmen toý däp-dessurlary, toýlaryñ geçirilisi barada garaýyslaryñyzy, pikirleriñizi, teklipleriñizi paýlasaýsañyz.30 Awgust, 2013

Türkmen toýlaryndan nämeler galdy? Öňler at çapdyrlardy, keçe-keçe oýnalardy, göreş tutdurylardy we ş.m. Häzir palatkalarda hem restoranlarda geçýär toýlarymyz. Munuň bolmalysy şeýle bolaýmasa. Özüm köne toýlarymyzyň gaýdyp gelerini isleýän, emma munuň bolmajak boş hyýaldygyna-da düşünýän. Gelinlerimiziň bir gün öň ýanynda eginlerini açyp, fataly gaýnyna görneninden soň ertesi kürtä bürenmesini geň görýän, emma, edip bilýän zadym ýok. Umuman, toýlarymyz gowy. Adamlaryň biri-birine ýüzi düşýär. Utanmalysyndan utanýar, sylamalysyny sylaýar. Ilki başda "Komsomol toýy" diýip atlandyrylýan häzirki toýlarymyzy, KGB, komsomol, partiýa edaralary ýörite iş edinip halka ornaşdyrypdyrlar 60-70_nji ýyllarda. Indi ony üýtgetmek üçin gaty iş edinmek gerek. Üýtget diýlende nädip üýtgetjek? Nähili, nämä görä, nämä esaslanyp üýtgetjek? Bu düýpli mesele. Umumy halkyň düşünjesiniň ösmegi gerek. Onsoňam, toý bir günlük ýylpyldy, mesele toýdan soň başlaýar. Bu mesele has düýpli bolsa gerek.

azat: Salam. Mümkin bolsa, dine (dinlere) garaýsyñyz barada gysgaça öz düsünjeleriñizi paýlasaýsañyz?08 Awgust, 2013

Dine garaýşym gowy. Elahmdulilla musulman. 40 ýaşymdan bäri namazymy okaýan. Birki ýyl bäri ýaramamsoň oraza tutup bilemok. Has giňiräk bilesiň gelse, "Gören kim, görünen kim?" diýip bir zadym bar, okap bilersiň. Şu saýtyň kitaplar bölüminden alyp bolýar.

Serdar: Hydyr aga Salamu aleykum, gowymy yagdaylarynyz? Men gownume bolmasa, biz sonky dowurler turkleshyan yaly, siz bu barada nahili pikirde?03 Awgust, 2013

Bolup biler, käbir sözleri türkçe ýazanymy bimän galýan. Bilip, bilgeşleýin edemok. Ýöne käbir türk sözleriniň, türk söz öwrümleriniň türkmen diline girmegini uly bir zyýanam hasaplamok. Göwnüme olar owal biziňki ýaly-da, soň rus sözleri bilen çalşylyp ýa-da başga bir sebäp bilen ulanyşdan galan ýaly. Umuman mende çeper dil ýokdur. Pikirlenşim ýaly ýazaýýan. Bilýän edebiýat çeper dili talap edýär, ýöne men kän hötdesinden gelip bilemok. Ýöne pikir edişim türkçeleşýändir öýdemok. Dil täsire düşüegen bolýan boldugy-da. Aýplaşmaweriň. Gerek ýerinde düzedip goýberiň, habar beriň, eger habarlaşyp bilseňiz. Men dilimiziň arassalygynyň tarapdary. Ony ýörite türkçeleşdirýänlerem, rusçalaşdyrýanlaram, iňlisçeleşdirýänlerem halamok. Ýöne özüm türk dili bilen köpräk işlämsoň, birden duýman ýalňyşaýýan.

Serdar: Hydyr aga siz tankyda nahili garayanyz?02 Awgust, 2013

Tankyt akylly-başly, niýeti düzüw bolanda gaty peýdaly, gerek zat. Şeýle tankydy gowy görýän, Ýöne tankyt etjek bolup, tankyt edýänler ýüregiňi bulaýar. Onuň peýdasyndan zyýany kän

Begench: Siz aýdym diñlemegi halaýañyzmy? Nähili aýdymlary diñlemegi halaýañyz? Häzirki ýash aýdymçylaryñ aýdymlaryna nähili garaýañyz?14 Iýul, 2013

Aýdym hakynda pikirlerimi ertir.com ýazypdym. Gysgajyk aýtsam. Gowy gňrýän. Esasan, türkme halk aýdym-sazlaryny diňleýän. Dünýä klassyk kompozitorlarynyň sazlarynam gowy görýän. Häzirki dik durma diýilýän estradaçylarymyzy halamok, diňlämok, mejbur bolaýmasam. Näme üçin? Uzak gürrüň. Kyn görmeseň ertir com girip gör, Hydyrguly Amangeldiýewiň bloklary.

gulman: Hydyr aga, howa maýyl, yssy bolsa-da galyñ geýnene tomus öýlenen gul ýaly diýilýär. Şu aýtgyñ gelip çykyşy bilen baglanyşykly il arasynda aýdylýan nähilidir bir hekaýat barmyka? Bilýän bolsañyz paýlaşaýyñ?08 Iýul, 2013

Anyk bilmedim, ýöne öýlenen oglany guşak çözdürmek üçin don, ädik geýdirýärler. Megerem, türkmeniň çölünde yssyda bu eşikler geň görülýändir. Şonuň üçin "Tomus öýlenen gul ýaly geýinipsiň" diýen manyda aýdylýan bolaýmasa. Başga düşündirişini bilýän bolsaň ýazyp maňa-da bildirseň begenerdim.

Gulman: Hydyr aga, doglan gün belleýäñizmi?07 Iýul, 2013

Ýok. Umuman manysyz üýşüp-çaşmagy halamok. Bolmanda sazanda oglaň birini çagyryp otursaň. Emma, boş, dereksiz oturlyşyklary halamok. Beý diýdigim olara baramok diýdigim däl.

Gulman: Söhbetdeslik üçin köp-köp sag boluñ, Hydyr aga! Adamzat biri-birini ýigrenmän ýaşap bilermikä? Dünýädäki dawa-jenjelleriñ düýbünde-de biri-biriñe bolan ýigrenç ýatyrmyka? Adamlar näme üçin topar-topar bolup, biri-biri bilen uruşýarlarka? Ýa adamyñam olja üstünde uruşýan itden tapawudy ýokmuka? Aslynda adama näme gerekkä?01 Iýul, 2013

Her adama bir zat gerek. Mysal üçin, bilýänsiň, Pygamberimiz "Ymmatym! Ymmatym!" diýipdir. Oňa adamlaryň dowzaha düşmezligi gerek. Başga biri üçin dünýä gerek. Dünýäň lezzetleri, baýlygy gerek. Bize ýakyn garyndaşlardan, tutuş tire özüne ata diýip ýüzlenýän adamy Ugurly diýip biri ýaşapdyr. Ol atam Hangeldä "Hangeldi, bolşewigiň geleni gowy boldy. Ýogsa men Köşi bilen Ýalkym obasynyň arasyndaky ýeri tutuşlygyna özüm alaýsam diýýärdim" diýipdir. Baý-kulak diýilip basylýan döwür ol ähli ýerini özi, entek basa-bas başlap-başlamanka garyp-gasara paýlap halas bolupdyr. Şol ýyllar näme üçin uruş bolupdyr? Biri ähli ýeri özüne aljak bolupdyr, beýlekem edil şoň ýaly, men aljak diýipdir. Habil-Kabil wakasyndan bäri bu dawa dowam edýär.Ýöne bu şeýle bolmaly. Dünýäň gije-gündizden ybarat bolşy ýaly, haýyr-şerem onuň bir hökmany zady. Ynsan olardan birini saýlamaly, synagdan geçmeli. Eger diňe haýyr galsa, onda Ýer ýüzünde synag tamamlanýar. Bu bolsa ahyrete çenli gitmeli. Indi bize düşen paý näme? Eger haýyr-şer dawasyny düzedip bolmaýan bolsa onda näme etmeli? Ýadyňa düşýärmi Ybraýym pygamberi oda atanlarynda suwlugan agzy bilen çöp getirýär, garlawajam çüňkjagazynda bir damja suw. Ybraýymyň ody suwluganyň çöpi bilen güýçlenmeýär, garalawajyň suwy bilen sönmeýär. Emma olar özlerini tanadýarlar. Alla razylygy üçin ýaşaýandygyňy her hereketiň bilen, edýän işiň bilen bildirmeli. Oduň öçüp-öçmejegi seniň ýüregiňden gaýdýan amalyňa, durmuşyňa täsir etmeli däl. "Balyk bilmese, Halyk biler" - şuňa ynanmaly. Sen mydama haýryň tarapynda boljak bolmaly. Elbetde, diýmek aňsat, etmek kyn. Eger tersine etmek aňsat bolan bolsa, belki, ol ediljek işiň gadyram bolmazdy. Biraz bulam-bujarrak aýtdym welin, düşünşim-ä şeýle.

gulman: Mümkin bolsa, iñ yakyn dostuñyz (eger bar bolsa) barada gürrüñ beräýiñ? Ady hökman däl, elbetde. Dost yakynmy dogan? Sizde hasam basgaca! Ekiz bolup ýaşamak nähili zat? Dost ilerimi ya ekiztaýyñ? Doganyñ bilen dost bolup bolarmy? Mysal üçin men bolup bilemok. Iki dogan bir howluda ýaşasa gowumy ýa aýry ýaşasa? 30 Iýun, 2013

Iň gowy dostum hem jigim Ylýas. Başga mekdepde bile okan dostlarym bar. Soň bile işleşen, edebiýatçy dostlarym boldy. Ýöne olaň arasynda aýratyn Bapbany gowy görýärdim. Oglanlykdan gowy gören adamym, şonuň ýaly bolup bolaýsa diýenimem Gurbannazar Eziz. Bapba hasam Ylýasy gowy görýärdi. Men onuň gaýratlydygyny, dostuna wepalydygyny, edip bilse adama ýagşylyk edesi gelýänini, mertligini gowy görýärdim. Aslynda Bapba hakynda ýatlama ýazmaly. Ylýas ýazar diýip garaşyp ýörün. Ýazmagam kyn. Gurbannazar hakynda näme-de bolsa bir zatlar ýazdym. Belki, nesipdir, Babpa hakynda-da ýazaryn. Ýöne hakyky syr alyp, syr berişen, köp kyn günlerimde bile bolan Ylýas ekiztaýym. Allaň gudraty bilen Ylýas ekiztaýym bolansoň, hem dostuň, hem jigiň ýerini tutýar. Ol hakynda entek şu köne suratlar bilen baglanşykly köp zatlar ýazarmykam diýýän. Ekiztaýym maňa has ýakyn. Iki dogan bir howluda ýaşasa gowymy diýipsiň. Kim üçin gowumy? Belki, aýalyň üçin gowy däl bolup biler. Emma, ejeň üçin, kakaň üçin gowudyr. Özüň üçinem gowy däl bolup biler, emma doganyň üçin gowudyr. Bu ýerde doganlyk bagyna goýýan gymmatyňa bagly. Eger ony çüýrýk bag ýaly görýän bolsaň, onda kyn. Menem doganlarymdan aýry ýaşaýan. Ýüregiň birligini saklamak üçin käte özüňe dözüp aýry ýaşamaly bolýar. Ýogsa kakam bizi bir howluda saklady. Bir howluda ýaşamak üçin gaty köp sebäpleriň birigmegi gerek. Esasanam bu meselede daşyndan gelýän geliniň roly uly bolýar. Iman meselesem, nebis, şeýtan meselesem bar. Aslynda direg, ynsanyň her eden işini, her hereketini, her sözüni Allaň razylygy üçin etmegi gerek. Şuny edip bilseň, howly, gapy, dogan, dost bularyň bary hem kiçelýär hem ikinji üçünjiplanda yz-yza durýar. Biz nämäniň gadyryny bilmelidigimizi bilmeýris. Biziň üçin iň gymmatly zadyň nämedigini bilemeýäris. Onsoň meselelerimizem şol bilmezlikden gelip çykýar. Muny bildigimizçe meselelerimiz başgalaşýar. Ýöne başgalaşmagam aňsatlaşmak, rahatlaşmak diýen manyny aňlatmaýar. Eýle-beýle diýen boldum, bilimlisiräp, bagyşla. Bilýänjämi aýtdym, özüň geregini alarsyň-da.

Erkin: Hydyr aga, Görogly eposynda Göroglyñ obrazyna nähili garaýarsyñyz? Soranymyñ sebäbi- eposy (has dogrusy eserdäki Göroglyñ keşbini) halamaýanlaram bar eken. Men bu eposy 6-njy klas wagtlarym höwes bilen okapdym.30 Iýun, 2013

Menem Görogly bilen ulaldym. Hatda ogullarymyň biri entek mekdebe gitmänkä Göroglyň birnäçe şahasyny ýatdan bilýärdi. Göroglyda mertlik, dosta wepadarlyk, ejiziň arkasynda durmak we ýene birnäçe ynsanyň gowy häsiýetleri gaty gowy, çeper berilipdir. Emma, belki, munda sowet ideologiýasynyň eli bardyr, Görogluda din-iman meselesi biraz gowşadylypdyr. Biz muny çaga akylymyz bilen seljerip bilmeýärdik. Göroglynyň käbir hereketlerine tankydy göz bilen seretmändiris. Emma Görogly biziň gahrymanymyz, gahrymanymyzlygyna-da galar. Ony gowy gňrmeýänlerem bar, ýöne her bir edebi eserem gowy görýän, görmeýän bar. Gurbannazar "Owal Magymgulyň goşgulary ýürekgysgynç, göwnüçökgün, ruhyňy peseldiji" diýýärdim. Indi MAgtymgula düşünip başladym diýerdi. Adam ulaldygyça garaýşam üýtgeýär. Ýöne meniň üçin Görogly ajaýyp eser.

ahally: Kino görýän diýipsiñiz. Titanik kinosyny halaýañyzmy? Gaty gynançly. Meñ pikirimçe kinoda köp temalañ başy agyrdylypdyr. Ussatlyk bilen düşürilen film.30 Iýun, 2013

Titanigi menem gowy görýän. Hakyky eser. Ussatlyk iň ýokary derejede. Ýöne kino-da edebiýat ýaly, köp janrly zat. Kim "Monte Kristony" gowy görýär, kim "Doganlar Karamazowlary." Ýogsa olaryň ikisem gowy. Men özüm Tarkowskiň kinolaryny gaty gowy görýän. Käbir kinolaryny näçe gezek görenimem bilemok. Emma Tarkowskini halaýan adam az. Felliniň "Daroga", "Noçi Kabirii" diýip gaty gowy kinolary bar. Eýrany rejissýorlaryňan gowy kinolary bar. "Razwod Nadir i Semin" diýip gaty gowy Eýran kinosy bar. Mejid Mejidiň kinolaram biri-birinden güýçli. Ýakynda "Lýubow" diýip bir kino gördüm, iki sany garryň biri-birine söýgüsi hakynda. Gaty çuň manyly zat.

haknazar : nurnazar bilen habarlasyp bilyanizmi30 Iýun, 2013

Bilemizok.

Dayanch London : S.a Hydyr aga. Gowmysynyz? Türkmen halkyna nadip kitaphanalary söydirip bolar esasanam yashlara.Yewropada kitaphanlarda kawagt yer tapylanok gynansakda bizde yagdaylar beyle däl. 25 Iýun, 2013

Daýan jan ýarama basýaň. Meniň ýaşlygym tutuş diýen ýaly kitaphanada geçdi, indikilere ne jyn urdy bilmedim. Mobilka bolsa, tarelka bolsa, wideo bolsa bolany. Alla jan özi gowsuny etsin. Bu barada bir zatlar ýazjak bolaýyn. Öz ýagdaýlaň nähili? Düýnjik Kemalyň köne suratlarynyň arasyndan seniňkä-de duş geldik. Men häzir Wetnamda Kemalyň ýanynda iki aý bolup barýar. 16_syna çenli bärde, habarlaşyp duraly.

begmyrat: Salawmaleýkim ýasulylar! Begmyrat bimaza edýär ýene-de. Ilki bilen sorajak zadym- saýtyñyza girip pikirimizi paýlasmagymyz size ýaraýarmyka? Onsoñ teswirleri saýlap goýýarsyñyzmy ýa saýlamak mümkinçiligiñiz ýokmy? Isläniñizi goýup, isläniñizi hem aýryp bilýärsiñizmi? Diýjek bolýanym- ony-muny ýazan bolup, siziñ isiñize päsgel berýän-ä däldiris-dä hernä? Myhmana-da uýat ýagsy diýipdirler. "Öý eýelerine" artykmaç hossa bolup ýörmäli birden? Hemmämiz sol bir pikirde bolsagam bir gowy zat däldir diýýän men-ä. Oglanlyk eden bolsak giñräk bolaweriñ. Türkmende ulyny diñlemän bolýarmy näme? Ulynyñ aýdany kiçi üçin kanun. Sag boluñ (ýagny, kesellemejek boluñ)!17 Mart, 2013

Waleýkim salam! Begmyrat, edeplilik edip, hat ýazanyňyz üçin sag boluň. Saýta girip, pikirleriňizi ýazýanyňyz üçin bizi darykýandyryn öýdýän bolsaňyz ýalňyşýaňyz. Ýöne siziň aýdýanlaryňyzy 1990-njy ýyllarda ýaşadyk. Indi garrapdyrys. Bulawaçagajylykdanam, bulawaçagajyndanam keýp alamyzok. Teswirleri saýlap bilýäris, ýöne özüm-ä henize çenli bu hukukdan peýdalanmadym. Aç-açan sögünç bolmasa, her kim pikirini aýdyp biler. Ýöne soňky ýazanlaryňyzy şahsy, özüme degişli ýazgylar ýaly görüp, köpçülge ýaýratmadym. Eger, goýanymy isleseňiz goýup bilerin, olary pozamok. Özüňize-de bu barada ýazaýyn diýip ýördüm, ugruny tapmadym. Pikirleriň dürlüligem gynandyranok. Uly-kiçi meselesinde-de, özümi uly hasaplamok, megerem, bu ýaş bilen kesgitlenmeýän ýaly. Sylap hat ýazanyňyz üçin sag boluň (ýagny, diňe kesellemezligi göz öňünde tutamok).

begmyrat: Gurbannazary nädäýipsiñ?17 Mart, 2013

Gurbannazary nädenimi bilemok. Megerem Gurbannazar biziň ýalylara bir zat etdirmezem. Ýöne bu ýazgylarymy 1991-nji ýylda ýazypdym. Käbir ýerlerini giňeldesim,kä ýerlerine degesim gelýär. Ýöne ýalan sözlemedim, ýasajak bolmadym. Din meselesinde, men o wagtlar namaz okamokdym, Gurbannazardanam siziň diýýän dindaryňyzy ýasajak bolmadym. Bu bir Gurbannazar bilen iç döküşme, ýazan wagtym okyjy ýadyma düşmedi. Arada onuň ýakynlary kitap etseňiz gowy bolar diýdiler, göwnemedim.

Turkmen Portal: Salam, Hormatly Ekizler! Sizi www.turtkmenportal.com salgysynda yerlesyan proyektimize cagyryarys. Sizin web-saytinizi portalymyzyn "website catalog" bolumine gosmagy teklip edyaris. Gyzyklanma bildiren halatynyzda, ashakdaky mail adresine yazip bilersiniz : turkmenportal@mail.ru info@turkmenportal.com Hormatlar, Admin 01 Mart, 2013

Txrkmen Portal, salam! Çakylygyňyz üçin sag boluň. Eger biziň ýazgylarymyz derdiňize ýaraýan bolsa, arkaýyn peýdalanyberiň. Hormatyňyz üçin sag boluň.

muhammet: Salam, uzur otunc soramak b/n siz ekizlerden shu sayty acmakdaky maksadynyzy soramak isleyan. Kabir saytlarda maksady acyk yazylyar, kabirlerinde yazylmasa-da sayt bilen tansyp ugranynda belli bolyar. Gownume bolmasa siz salgyma kowalashyan yalyla. Resul myhmanynyza-da kopculigin adyndan gurlemezligini duyduryandygymy aytsanyz oran shat bolardym. Hormatlamak b/n Muhammet. 23 Fewral, 2013

Muhammet dost, biziň üýtgeşik maksadymyz ýok. Gözwnümizdäkini göwündeşlerimiz bilen paýlaşýarys. Salgym diýseňem hakyň bar, beýle däl bolaýmasyn diýseňem öz erkiň.Resully meseleňem Resulyň özi bilen düşünşämeseň, biz oňa gürle diýmedik, indem gürleme diýer ýaly. Hormatlamak bilen Hydyr.

Jan: Penjirä aýna salmak, öýde tapylmaýan çüý we şm-ler.... bu meseleler, öz döwrüňiziň meseleleri. häzirki derleri, häzrirki temalaryň üsti bilen, häzirki usulda «gaşap» bermegiňize garaşýan. döwülen aýna, ýassyk dykylan penjire.... ýüregimi gysdyýar. minnetdar.10 Ýanwar, 2013

Dogry aýdýaň, mysallaryň häzirki günümize laýyk gelmegi gaty gowy zat, ýöne Gurbannazarda şeýle gowy setir bar "Aýnamyza çeker nagyş" diýýär. Häzirki howa geçirmeýän, mydam ýüzüni bug tutup duran aýnalarymyzda şol nagyşy görmek kyn, emma, Gurbannazaryň setiri şol täsirliligini saklaýar. Ýene-de ýekeje mysal getireýin Nurmyrat Saryhanowyň "Şükür bagşysy". Indi halygam ýok, ýesiriňi saz bilen halas etmegem ýok. Ýöne eser gymmatyny ýitirenok. Meniň ýazgymyň gerek täsirini bermändiginde aýna, çüý... günäkär däl, ýazgymyň gowşaklygy mysallaryň has täzesini isledýän ýaly duýgy oýarýan bolmaly. Gynanýan, ýöne başarnjamy etjek boldum diýäýmesem, başga aýdara zadym ýok. Ýene-de sabyr bilen okap çykanyň üçin minnetdar, ýüregiňi gysdyranym üçinem bagyşla, men muny bilgeşleýin etmedim.

: Salam Hydyr aga 05.11.2012 yazgynyzda: kop zat yazasym gelyar,yöne dogru düşünülmejek yaly bolup dur.Panylyk,bakylyk meselelerı kesa çekaymek ansat yaly dıyıpsınız.Döredıljılıkde:'yaz-da goyber wagty geler'dıyen sözı goldamadygnyz yazynyzdan bellı bolyar.Yöne ussat waşımız Nuryşkada kabır çykyşlarynda:'men köp zat aytmak ısleyan emma halk entak,o zatlara tayın dal' dıyıpdı we aytjak zatlarnyn köpusını aydyp bılman aramyzdan gıtdı.Bızde Nuryşkanyn kabır aytjak peydaly zatlarny bılman galdyk.Indı sızden soramak ısleyan sız o yazgylarnyzy yazmasanyz halk uçın hasmy gowy boljagny düşünyanız?/öte geçen bolsam bagyşlan/07 Noýabr, 2012

"Kesä çekmek" Nuryşkaň aýdyp bilmedik zatlary däl. Hakykatdanam, özüňizem başdan geçirýänsiňiz, käbir ýerde, käbir zady aýtsaň, saňa düşünjek däller, ýa-da ters many çykarjaklar, eger, ýübe-ýüz bolunsa, seniň aýdanyňa-da dogry düşünjek bolsalar, onda köp zatlary aýdasyň gelýär. Sazanda saza düşünýänleriň arasynda çalanda has gowy, has yhlasly, has çyny bilen, has güýçli, agyr sazlary çalýar. Meniň aýtjak bolýanymam şol. Maňa düşünmezler diýer ýaly mende beýle çuň pikir ýok. Gaýta, pikirlerimiň çuň däldigi, gaty sagdyn däldigi, hemem sakawyňky ýaly, sakawlaýandygy üçin käbir zatlary aýdyp bilmeýärin. Indi senzura hakda aýtmaly bolsa, senzura öňem-soňam bolupdyr, bolaram. Biz guýudan suw çekip alýas, emma, ol ajy suwam bolup biler. Edil şonuň ýaly senzuranyň bolmagy halk üçin zyýanly däl, ýazyjy üçinem peýdaly. Oýunda hemişe oýunçynyň özünkini dogry hasaplaýşy ýaly, ýazyjam özüniňkini kemsiz hasaplaýar. Sen ýaz, galany hiç. Gowudygy çyn bolsa, wagty geler. Dür ýerde uzak ýatmaz. Ýataýanda-da dür gymmatyny ýitirmez.

Gochyigit: salam kopden bari yazanlarynyzy okayan tuweleme galamynyz yiti bolsun bir hayishim bardy koprajik durmush yatlamalarynyzdan yazaysanyz hoshal bolardym sag bolun. 02 Oktýabr, 2012

Sag bol, inşaallah.Adyňa döneýin.Şeýle bir goç ýigitleri küýseýän, sen bir bilsediň.

resul: dowlet agzanyn aydyan pikirini menem golayan.yaşlar üçin kabir saytlar baram welin o saytlaryn köpüsinde bolar bolgusuz zatlar yazylyar.onson köp yaşlar o saytlar girmek islemeyar.eger siz bu saytta "HÜDAYİ CANYN" saytyndaky yaly yaşlar üçin paylaşym bölümü açsanyz yaşlaryn ünsünü çeker öydyan.Hemde yaşlar sizinem(EKİZLERİN)yazgylarnyzy okap hasda kamilleşerler diyip umut edeyan.sizden hemme yaşlaryn adyndan hayyş edyarin eger mümkünçiligniz bolsa şeyle bir bölüm öz saytynyzdan bize ayyrsanyz.öte geçen bolsak bagyşlan.24 Awgust, 2012

GAdyrdan Agajan Hezretguly! Gaýrat edip, şeýle bölüm açsana!!! Öňünden taňryýalkasyn aýdýaryn!

Dowlet: Ýaş galamlar üçin bir bölüm açsaňyz we olara ýazgylaryny şo bölümde paýlaşmaklaryna mümkinçilik bolsa, bu ýeri bir mekdep ýaly, ýada bir jurnal ýaly hyzmat edip biler diýp pikir etýän. Hem (ekizleriň) tejribesinden peýdalanmaklaryna, we täze nesil içinde has düýpli we inçe, dertli galamlaryň ösmegine, edebiýatymyzyň has hem ösmegine uly goşant bolup biler. Dünýäde adam terbiýelemek, nesil terbiýelemekden has möhüm bir iş ýokdur. Ýazgylaryňyzdan siziň hem bu meselede şeýle pikir etýäniňizi görmek mümkin. Ýaş adam, köp pikir adamlarynyň, ýazyjylaryň iň esasy temasy bolupdyr. We döwrümiz iň köp şeýle ýaşlara mätäç. Kitaplarda ýazylan ideal adamyň waspyny jemgyýetiň içinde ýaşap görkezjek ýaşlar gerek. Ýaşlar diýlende, fiziki ýaş dälde, işim başym aşym maşym diýmeýän ýaşlyk ruhyny nazarda tutýan. Biriniň ýaşy 80 e golaýlan wagtynda, at üstinde dyýarlary gezdirýän ruh. Bu soragy sorag yşaratsyz gutarmaly boldym. Hormatsyzlyk eden bolsam meni bagyşlaweriň!17 Awgust, 2012

Döwlet! Bu meseläni makullap, haçandan bäri oglanlara adyp ýörün, emma netije alyp bilemok. Agajan megerem, şu saýta girýän bolmaly, şondan haýyş etsek, şeýle bir bölüm açyp bermezmikä? Agajan jan, gaýrat etsene.

resul: gurbannazar ezizow hakynda yatlamalarynyz bar bolsa bizin bilen paylaşsanyz08 Iýul, 2012

Gurbannazar hakynda "Ýatlamalar" bölüminde "Diňe bir seň bilen bakylyk bardyr" diýen ýazgym bardyr. Ýöne ýene ýazasym gelýär. Belki ýa nesip. Birhili häzirki döwrümiz şeýle adamlaryň durmuşyny bilmäge mätäç ýaly. Biz hemişe otrisatel gahrymanlary ýazmagy aňsat gňrýäris-dä...

brave: Salawmaleýkim! Armañ! Ýene bir go$gymy ugradaýyn $onuñ kemçiliklerini tapyp go$gy barada aýdyp beräyseñiz? # Seni maña ýatlamalam baglaýar Aýralyk derdinden kalbym aglaýar Pelek eden i$in añmaýan ýaly Öz i$i, öz derdi, keýpin çaglaýar | Ýok, ýok pelek, asla aýyp ýok sende Bilmän günä atdym bagy$la meni Biz ynsanlar hemi$e hem $eýle-dä Özüñ gowy bilyäñ çig süýt emeni | Ba$ymyza bir kynçylyk dü$äýse Derrew bu dünýäni gapy$dyraýýas Durmu$y, dünýäni ýazgaryplar köp Günäleñ baryny ýapy$dyraýýas | Bu durmu$da belañ asyl körügi Dünýä yeñil bakýan adam dälmidir?! Durmu$a dü$ünmän oña $ek atmak Erbet gylyk däl-de, ýag$y pälmidir?! | Ynsan dälmi ynamsyzlyk döredýän, Bir-biregiñ ynamyny ogurlap. Ynsan dälmi nebsin öñden ýöredýän, Asyl hakykaty aýtsak dogrulap. | Erbet günde ýazgarmaýyn durmu$y Durmu$da günä ýok, ýokdur birje kem Aslynda ha durmu$ erbet diýýäniñ Özünde günädir, $oldur ýerçeken. 26 Maý, 2012

Dostum, goşgyňy ibereniň üçin sag bol. Erbedem görmedim. Ýöne ony derňäre men ejiz. Şahyrçylykdan kän başym çykanok. Ýöne mende goşgy diýseler ilki bilen pikir däl-de nagyş, owaz göz öňüme gelýär. Şol nagşy, owazy az gördüm. Pikir şygyryň hagyşynyň bezeginde, owazynyň sazlaşygynda gelende hakyky şygyr bolýan ýaly görýän. Magtymgulyda muny has gowy görüp bolýar. Onda şhyranalyk bilen pikir şeýle gowy sazlaşýar. Elbetde, bu ussatlyk, ussatlyga bolsa ýuwaş-ýuwaşdan ýetilýär. Öwrenilip, derňelip ýetilýär. "Bolýar" "Gelýär" ýaly setirler, kapiýalar bilen goşgy ýazmak, oňa goşgy diýdirmek kyn. Şahyrçylygam gara zähmeti talap edýär, edil beýleki kärlerdäki ýaly diýsem bärden gaýdaryn, beýleki kärlerden has agyr gara zähmeti talap edýär diýsem ýene-de bärden gaýdaryn.

brave: salawmaleykim! işleriňiz bilen armaň! men talyp. siziň döredijiligiňiz bilen gaty gyzyklanýan, ýazýan zatlaryňyzy, eserleriňizi gyzyklanyp okaýan. bize ýetirýän eserleriňiz üçin çuňňur minnetdarlygymy bildiresim gelýär. meniň özüm hem döredijilik bilen gyzyklanýan. ýakynrakda goşgy ýazmaga başladym. eger mümkin bolsa şu ugurda maslahat berseňiz, kömek etseňiz gaty hoşal bolardym. size bir goşgymy ýazaýyn kemçiliklerini aýdyp maslahat beräýseňiz? eger ýazan goşgym biderek bolup siziň gymmatly wagtyňyzy alsam öňünden bagyşlamagyňyzy haýyş edýän!! Öz ýolum Öz söýýän ugruma ugrukdym a:rman, Öz saýlan ýolumda tesmedim yza. Baýlyk ýa-da uly wezipe küýsäp, Nebsimiň öňünde çökmedim dyza. Ýok, ýok käwagtlar çöküpdim dyza, Ýöne ýene gaýta aýaga galdym. Oň ýanyndan derrew öwrülip yza, Ýene özüm saýlan ýoluma saldym. Ýaňsylandym, ýazgaryldym köp sapar, Men olara diňe ýylgyryp bakdym. Diýdiler bu oglan bir bela tapar, Men şonda-da barýan akymma akdym. Belki ýolum özgäň ýolundan pesdir, Men-ä durkum bilen şol ýola uýdum. Boldy, meniň ýolum ýazgarmaň, besdir, Men özümi şonda bagtly duýdum. Men özümiň şu halymdan minnetdar, Arzuwlamok şa tagtyny ýa-da täç. Bagt – bu köp zada eýe bolmak däl, Juda az zatlara bolmaklyk mätäç. 05 Maý, 2012

Berekella! Goşgyňy gowy gördüm. Çynymy aýtsam goşgudan kän başym çakanok. Goşgy diýer ýaly, ýazan zadymam ýok. Ýöne Ylýas oglanlykdan goşga gyzygdy, näme üçin, onam bilemok. Ýöne, maslahaty Ylýas has gowy berer. Bir zady welin, aýdyp biljek, Gurbannazar "Hak şahyrlar iliň derdini ýüregine çekip, soňra ýürek agyrsyndan ölýarler" diýýär. Şol il derdi sende ýok bolsa, şahyr bolup bilmersiň. Bar bolsa-da bolarsyň. Goşgy ýazmagyň tärini öwrenip bolýar, ýöne il derdini çekmek herkesiň elinden gelmeýär. Gijelerine halkynyň, ýurdunyň derdini çekip, dileg etmeýänden şahyra asla çykmaz welin, ondan kän bir uly işe-de garaşyp ýörme. Bagyşla, gaýa ýok, gopuz ýok, tutduryberdim. Saňa-da, her kime-de belli, fundamentiň güürüňini etdim. Başga-da goşgularyň bar bolsa iber. Begenerin. Ýazyber!!!

gara: Salawmaleykim! Maña $eýleräk meselede maslahat beräýseñiz? Köp ki$i bilen tirke$yän, durmu$da köp ki$ilere du$ gelmeli bolýan. Tirke$ýänlerimiñem köpüsi özüm ýaly ýa$kiciler. Häzirki wagtda sögünçler $eýle bir köpeldi welin agzyna hapa söz almaýan adam göräýmek gaty kyn. Hatda sögünçler köp ki$iler üçin endige öwrüldi diýsemem ýalñy$mazmykam diýýän. Esasan hem ýa$lar, meniñ deñ-du$larym hapa sözi ulanmakda örän ökde. $eýle ki$ileriñ arasynda gezip diliñi hapa söz ulanmakdan saklamak $eýle bir kyn. Hatda käwagt hapa söz ulansam, menem deñ du$larym ýaly bolsam näme ýitirýän zadym bar-aý diýip meniñem arkaýyn $olary ulanasymam gelip gidýä(bu $eytanyñ oynumyka diyyän) Men Hudaýa$ükür köp hapa sözlerden özümi gorap bilýän, yöne käwagtlar, käbir hapa söz islesem islemesem maña ýoka$ýar. Hapa sözleriñ ulanyly$y köpelip gitmesi adaty hasaplap boljak zatmy ýa-da onuñ köpelmesi biziñ ücin düýpli meselemi? Özümizi, deñ du$larymyzy hapa sözlerden nähili gorap bileris?04 Maý, 2012

Dostum bu bize, meniň düşünşimçe daşyndan ýokuşan kesel. Orslaryň sögünmän aýal-erkek gürleşip bilmeýändigini bilýänsiň. Kesel ýokuşmagy üçin, bedeniň ejizligi gerek. Üns berseň az okaýan, az oýlanýan, edep görmeýän, köçede ulalýanlar sögünegendir. Emma, bu belki, başymyzdan öz-özi sowulyp gitjek dert däl. Muny bejermeli. Bejergisem okamak, sowadyňy artdyrmak, düşünjäňi giňeltmek. Seniň sögünip gepläsiň gelmeýänem eýýäm, düşünjäňden, terbiýäňden habar berýär. Edil eliňe ýara çyksa, derman etmeseň ulalyp gidişi ýaly munuňam aýyryp bolmaýan endige öwrülmegi mümkin. Men şeýle adamlary köp gördüm. Emma, dermanyny gözleseň, ünsli bolsaň, dynyp bolmaýan derdem däl. Esasy zat sögünmegiň aýp zatdygyna düşünemizok, agzymyzdan çykýany gulagymyz eşidenok.

TurkmeN: tuweleme, yaltanman yazyan ekenin!07 Mart, 2012

Men-ä özüme ýalta diýip ýörün.

Mylayym: Halamadym diysem yalanchy boldugum bolar21 Fewral, 2012

Sag boluň! Pikirleriňizi, düşünjeleriňizi paýlaşsaňyz, belki, peýdamyz deger. El-eli ýuwar. Pikir hemişe pikiri oýarýar.

ykbal: Salam Halypalarym öňi bilen täze ojagyňyzy gutlayaryn! Döwletli,bereketli bolsyn.Biz mähir-muhabbete,sözler hazynasynyň hünjilerine mätäç yaşlary hem myhman alanyňyz üçin minnetdar.Allajan galamyňyzyň aklyňyzdaky dürdäneleri gözellikler bilen bezelen bir şekilde yazga geçirip,biziň teşne göwünlerimizede ornaşmasyny nesip etsin.Siz halypalarymyň döwletli soprasynda oturyp,ruhy dünyämi doyuryp biljegimimden şat boldym.Yazmak,yazlary yaşamak,okamak dünyäni keşt etmekdir diyip oylanyaryn.Her iki nygmatdan-da paýymyzy alypbilmek dogasy bilen... sahypaňyza hoş geldik:)21 Fewral, 2012

Halypa meselesinde kiçigöwünlilik edýär diýmäň, aslynda ähli kişi biri-biriniň halypasy. Eger, sazandalyk ýaly bir kär bolsa, şägirdiňem öňüňde otursa onda başga gep. Ynsan soraşa-soraşa diňe biri-birini tananoň, köp zatlary öwrenýärem dälmi? Ýaşlar hakynda-da garaýşym siz bizden has sowatly. Köp ýurt gezýäňiz, köp dil bilýäňiz. Biz kompýuteri zordan öwrendik. Akyl ýaşda bolmaz, başda diýilýär-ä. Hoş geldiňiz. Esasy mesele birek-birek bilen Bapbaň dili bilen aýtsam "iskrennyý" çyn ýürekdeş bolmak. Sag boluň, hoş sözleriňiz üçin.